18:36 Sadranç kitaby: Gadymy küştleriň görnüşi | |
GADYMY KÜŞTLERIŇ GÖRNÜŞI
Sport we turizm
Bu küştüň şekili her tarapdan on öý bolup, 100 öýden ybaratdyr: Dabbabanyň gymmaty at bilen ruhuň arasyndadyr we ol dirhemiň bäşden ikisine barabardyr. Onuň göçüşi şanyň göçüşi ýaly, ýöne mertebesi şanyňky ýaly däl. Küştüň beýleki mallary ýaly ol hem alýar ýa-da alynýar. Şa bolsa alýar, ýöne alynmaýar. Oýnuň şertleriniň käbiri: küşt tagtasynyň üstünde perzi barka, pyýadany perzi çykarmak bolmaýar, şanyň ýanynda ýekeje mal galmasa-da, ol oýnaýar. Bu şertler sogdylaryň küştüniň şertleridir. Ýokardaky küşt düzümi bolsa, hindileriň we sogdylaryň küştünden alnyp düzülendir: Bu Rum küşti. Rum küşti öý we mallarynyň göçümleri we atlary babatda hindi küştüniňki ýaly. Ýöne hindi küştünde pyýada perzi çykýar. Sebäbi tagtanyň soňy bar, rumlularyňkyda bolsa, ol perzi çykmaýar. Sebäbi rumlularyň küşt tagtasynyň soňy ýok. Rum ruhunyň öýleri hindi ruhunyňkydan köp. Hindi atynyň öýleri rum atynyňkydan köp. Hindi döwleri rumlularyňkydan has uzak dowam edýär. Aralarynda onçakly parhy ýok. Diňe hindi küşti inedördül, rum küşti tegelekdir. Rumlularda piller duşýar, hindileriňkide bolsa piller duşmaýar. Aýdylşyna görä, rumlularyň küşti hindileriňkiden alnandyr. Adamlaryň umumy kabul eden düýp küşti hindileriňkidir. Rumlularyň küştüniň ýene bir düzgüni oýunçylaryň birinde iki pyýadasy duşsa, beýleki oýunçy olaryň ikisini-de mugt alyp bilýär. • Göniburçluk şekilli küşt tagtasy Düzülişi. Bu küşt hindi küştünden nusga edilip çykarylandyr we ol boýy 16 öý, ini hem 4 öý edilip üýtgedilipdir. Bu küşt nardyň oýun çöpi bilen oýnalýar. Onuň bir şerti, küştüň çöpleri her oýunçynyň sagynda ýerleşmeli, piller hem çüňkde bolmaly. Ýöne bu küştde nardyň oýun çöplerindäki 6-lyk şa, 5-lik perzä, 4-lük pile, 3-lük ata, 2-lik ruha, 1-lik pyýada gabat gelýär. Eger şalaryň birine küşt düşüp, ol ýöremeli bolsa, oýun çöpi 6 belgi bermese ol göçüm edip bilmeýär. Käbiri du şekilli küştüň iki tarapyny hem ulanypdyr, bir tarapy küşt, arka tarapy bolsa nard, islese küşt oýnaýar, islese beýlesine öwrüp, nard oýnaýar. _____________________________________ 1. Adaty harplar bilen gara mallar bellenildi. Goýy gara harplar bilen gyzyl mallar bellenildi. 2. Dabbaba — 1) küştüň maly; 2) gadymy harby gabaw guraly. Oňa «pyşdyl» hem diýlipdir. 3. Rum diýlip Wizantiýa göz öňünde tutulýar. 4. Çünki Rum küşti şol döwürlerde tegelek tagtanyň üstünde oýnalypdyr. Arap dilinden terjime eden we çapa taýýarlan Şaman BAÝRAMMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |