16:11 Sadranç kitaby: Başlangyçlar | |
BAŞLANGYÇLAR
Sport we turizm
Şu küşt başlangyçlaryny Adly we Suly ikisi ýatlap geçipdir. Gyzyllaryň başlangyjynyň adyna «Watid Amr» diýilýär («Amryň myhy»). Garalaryň başlangyjynyň adyna «muraddad», ýagny «gaýtalanan» ýa-da «goşalanan» diýilýär. Bu başlangyç bilen Jabyr, soň Zabzap başlar eken. Bu başlangyç gowy başlangyçdyr. Beýle usul bilen başlamak üçin ökdelik gerek we ony berk ýat tutmaly. Bu başlangyç garşydaşyň her oýnuna görä çala üýtgäp biler. Gyzyllaryň bu başlangyjynyň ady «as-Sif» («Kenar») atlandyrylýar. Beýle başlangyç bilen Nagym al-Hadym başlaýan eken. Garalaryň bu başlangyjy «al-Ajaýyz» («Garrylar») atlandyrylýar. Beýle başlangyç bilen Ukda başlaýan eken. Garalaryň bu başlangyjy «Mahih» («Kelle») atlandyrylýar. Onuň bilen Şaky başlar eken. Gyzyllaryň bu başlangyjy «Saýýala» («Akym») atlandyrylýar. Onuň bilen Abu Sarara Ekber başlar eken. Suly şeýle diýýär: «Adlynyň ýatlap geçýän başlangyçlarynyň içinde şu görkezilen iki başlangyçdan — «Mahihden» we «Saýýaladan» dogrusy ýok». Garalaryň bu başlangyjy «Maşaýyhy» («Köne») atlandyrylýar. Onuň bilen Nagym başlar eken. Gyzyllar «Mugakrap» («Gyşyk») başlangyjy bilen başlaýar. Biziň bu ýerde ýatlamadyk başlangyçlarymyzy Adly kitabynda berýär. Aşakdaky başlangyçlar Sulynyň ýatlap geçen başlangyçlary bolup, olary Adly ýatlamaýar. Garalaryň bu başlangyjy «Husaý Pyrgawn» atlandyrylýar. Onuň bilen Abu Ýemin oýnapdyr. Gyzyllar «Band Hadam» başlangyjy bilen başlaýar. Garalar «Jeýş» göçümi bilen başlaýar. Gyzyllaryň başlangyjynyň ady «Ruku», şeýdip Jadaf başlar eken. Garalaryň şu başlangyjy «Muwaşşah» diýlip atlandyrylýar. Men gyzyllaryň başlangyjyny saýlaýaryn we ony «Mutalahyk» diýip atlandyrýaryn. «Mutalahyk» sözi «biri-biriniň yzyndan barmaklyk» diýmekdir. Sebäbi mallar biri-biriniň yzynda ýerleşýär we bir ýere toplanýarlar. Mallary düzgüne salmak gerek. Beýle başlaýan oýunçy özüniň çep tarapyny äsgermezçilik etmeli däl, çep tarapy barlap durmaly we oýny şol tarapdan açmajak bolmaly. Suly şeýle diýýär: «Biz ýokarda käbir başlangyçlary görkezip geçdik. Olar ýeterlikdir. Şol başlangyçlaryň suratynyň çekilmeginiň sebäbi köplenç küştde döwi başlaýan öz garşydaşynyň oýun başlaýşyna üns bermeýär we öz göçümlerine gözüni dikip, garşydaşynyň oýny alyp barşyny göz öňünden gidirip utulýar. Sebäbi başda öz bähbidine ulanyp boljak zatlary taşlap gidýär, oýun bolsa giňeýär. Aşakda Adlynyň ýatlap geçen we Sulynyň ýatlamadyk başlangyjyny berýäris. Garalaryň başlangyjynyň ady «Ibt» («Goltuk»). Bu düzümi Abu Şarara Asgar oýnapdyr. Gyzyllaryň başlangyjynyň ady «Karmaý», ony Amr Tagun oýnapdyr. Arap dilinden terjime edip çapa taýýarlan Şaman BAÝRAMMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |