16:18 Şäherli köpegiñ gumly köpege ýollan salamnamasy | |
ŞÄHERLI KÖPEGIÑ GUMLY KÖPEGE ÝOLLAN SALAMNAMASY
Goşgular
Ýadyñdamy, bir enedi enemiz?! Ýadyñdamy, bir emmeden emenmiz?! Nädýärsiñ ol ýerde möjekler bilen, Goýun-guzyñyzy iýjekler bilen?! Meniñ hojaýynym garryja baba, Olar girdi diýýär "Gyzyl kitaba"! Küti-küti kitaplary kän onuñ, Ýadyna düşenok çaýdyr-nan onuñ, Haçan görseñ, okap otyr büküdip, Temmäkili müşdügini küküdip! Diýýärler ol bir wagt meşhur bolanmyş, Professorlyk derejesin alanmyş! Henizem höwesek okap-ýazmaga, Her gün ony alyp çykýan gezmäge. Men onuñ yzynda ýalñyz mirasdar, Garaz baýamaga umytjygym bar! Şu umydym başa baraýsa eger, Seni hem ýanyma alaryn, meger. Ine şeýdip birleşeris ýene biz! ...Ýadyñdamy, bir enedi enemiz?! ■ MEDALLY KÖPEK Ýalpyldadyp medallaryn, Geçip barýar epeý köpek. "Gahryman it! Gahryman it!" Çagajyklar çalýar çapak. Ulular sortmakly süñkdür Kolbasajyk gowşurýarlar. "Şu köpek deý bolmak gerek!" Itlerine tabşyrýarlar. Bile surata düşýärler, Köne tanyş deýin durup. "Penjäñizi basaýyñ-da?!" Soraýarlar awtograf. Rugsat berse tüýündenem Gyrkyl alýarlar edaly. - Aýtsañyzlañ, nädip alyp Bildiñiz munça medaly?! - Diýip, gahryman köpekden Sordym saklap hormatyn. Çawuş çakdy gulagyma: - Dogrujamy diýsem saña, Ählisini aldym satyn! ■ ŞOWSUZLYGA UÇRAN MÖJEGIÑ OÝ-PIKIRLERI Görýän welin, üýrüşip, Itler hezil berjek däl. Men ol akmaklar bilen Gemrişibem ýörjek däl. Girip başga dersine, Üýtgedäýjek keşbimi. Muny biläýer ýaly Itler beýle düşbümi?! Goýun bolaýsammykam?! Bolaýsammykam geçi?! Bolanyna görä, men, Bolaýyn süriñ goçy! "Serkerdäñiz men!" diýip, Öñden gider ýörerin. Ýene-de guýruk iýip, Hezil eder ýörerin. Hemra ŞIR. | |
|
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Ýatlama / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Obama geliñ / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ «Sa» harpy / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |