10:30 Sahyh Buhary: Azan kitaby | |
بِسْــــــــــــــــــــــــــــــــــــمِ اللهِ الرَّحْمـَنِ الرَّحـِيم • Azan kitaby 358 Azan aýtmagyň ýola goýluşy hakda Abdylla ibn Omar (Alla olaryň ikisindenem razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Muhajir bolup, Medinä gelen döwürlerinde, musulmanlar bir ýere toplanyp, namaz wagtyny anyklamaga çalşardylar. Namaza çagyrylmazdy. Bir gün bu mesele barada maslahat etdiler. Käbirleri hristianlaryň jaňy ýaly jaň ulanmagy makul bildiler, başga birleri bolsa ýehudylaryň surnaýy ýaly surnaý ulanmagy maslahat berdiler. Omar (r.a): «Näme üçin bir adam ugradyp, halky namaza çagyrtmaýarsyňyz?» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) şondan soň: «Bilal, ýeriňden tur-da, namaza çagyr (ýagny azan aýt)» diýip seselendi». 359 Azanyň we kamatyň sözleriniň näçe gezekden aýdylmalydygy hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «„Bilala azanyň sözlerini iki gezekden, kamatyň sözlerini-de ýeke gezekden aýtmak buýruldy. Diňe «„kadkametissalätü» söz düzümi tapawutlandyrylyp, ony iki gezek aýtmak emr edildi». 360 Şeýtanyň azandan ürküp gaçmagy we onuň sebäpleri hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: „«Allanyň Resuly (s.a.w.): «„Namaza çagyrylan wagty şeýtan azan sesini eşitmezlik üçin, yzyna öwrülip, onuň eşidilmejek ýerine çenli ýel goýbere-goýbere gaçar. Çagyryş tamamlanandan soň ýene dolanyp geler. Namaz üçin kamat aýdylanda, ýene yzyna öwrülip gaçar. Kamat tamamlanandan soň ýene gelip, ynsan bilen nefsiniň (kalbynyň) arasyna sokular-da: „«Pylan zady ýatla, pylan zady ýatla» diýip, namazdan öň adamyň kellesinde asla bolmadyk zatlary ýatladar durar. Iň soňunda adam näçe rekagat namaz okandygyny bilmez ýaly derejä barar» diýdi». 361 Azan aýtmagyň artykmaç tarapy hakda Abu Sagyt Sagt ibn Mälik Ensary Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: „«Allanyň Resulynyň (s.a.w.): „«Azançynyň sesiniň ýetýän ýerine çenli aralykda azan sesini eşidibem kyýamat gününde azançy üçin şaýatlyk etmejek yns, jyn, garaz hiç bir zat ýokdur» diýendigini eşitdim». 362 Azan yslam dininiň şygarydyr. Şäherden çykan azan sesini eşiden Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ol şäheriň ilaty bilen söweş etmändigi hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: „«Allanyň Resuly (s.a.w.) bizi bir kowumyň üstüne söweşe äkiden wagtynda, daň atýança hüjüme geçmegimize rugsat bermezdi. Garaşardy. Azan sesini eşitse, söweşden ýüz öwrerdi. Azan sesini eşitmese, üstlerine çozardy». 363 Azan sesini eşiden kişiniň nähili hereket etmelidigi hakda Abu Sagyt Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): „«Azançynyň sesini eşiden mahalyňyz, sizem onuň diýenlerini gaýtalaň» diýdi»„. 364 Azançy azan aýdanda onuň yzy bilen azanyň sözlerini gaýtalamak hakda Mugawyýa ibn Abu Sufýan (r.a.) bir gün azan aýdylyp durka, azançynyň sözlerini: „«Eşhedu enne Muhammeden rasulyllah» diýýänçä gaýtalapdyr. Azançy: „«Haýýe alessaläh» diýen wagty bolsa ol: „«Lä hawle welä küwwete illä billähi» diýipdir we: „«Pygamberimiziň (s.a.w.), ine, şeýle diýendigini eşitdim»3 diýip, sözüniň üstüne goşupdyr. 365 Azan aýdylandan soň okalmaly doga we Allanyň Resulynyň (s.a.w.) şepagaty hakda Jabyr ibn Abdylla Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: „«Allanyň Resuly (s.a.w.): «Her kim azan sesini eşiden wagty: „«Allahümme Rabbe hazihid-da’wetit-tämmeti wes-salätil-kaimeti, äti Muhammeden el-wesiýlete wel-fazyýlete web’ashu Makamen Mahmuwden ellezi waattehu» diýse, kyýamat gününde men oňa şepagatymy bol eçilerin» diýdi». 366 Azan aýtmagyň, birinji sapda durmagyň, namazlaryň wagty giräende okalýan jemagat namazlaryna gatnaşmagyň, ýassy we ertir namazlaryny jemagat bilen okamagyň artykmaç taraplary hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: „«Allanyň Resuly (s.a.w.): „«Eger adamlar azan okamakda we birinji hatarda durmakda nähili sogaplaryň bardygyny bilsediler, onda olara mynasyp bolmak üçin gurra atmakdan başga çäre tapmasalar, gurra atardylar. Eger olar her namazy jemagat bolup, şol namazyň wagty giren badyna okamagyň sogabyny bilsediler, onda ol namazlara wagty girmezinden öň barjak bolup ýaryşardylar. Ýassy we ertir namazlaryny jemagat bolup okamagyň sogabyny bilsediler, onda emedekläbem (ýa-da süýrenibem) bolsa, olara giderdiler» diýdi». 367 Remezan aýynda Bilalyň (r.a.) azan aýdan wagty Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «„Allanyň Resuly (s.a.w.): „«Bilal azany gije aýdýar. Ibn Ümm Mektum azan aýdýança, iýip, içiň» diýdi». Ibn Omar (r.a.) ýa-da aradaky rowaýatçylaryň biri: «„Ibn Ümm Mektum bir kör adamdy. Özüne: „«Daň atýar» diýilýänçä, azan aýtmazdy» diýipdir. 368 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) daň atyp, ertir namazynyň azany aýdylandan soň azan bilen kamatyň aralygynda iki rekagat namaz okandygy hakda Musulmanlaryň enesi Hafsa binti Omar ibn Hattap (r.a.) şeýle diýipdir: «Azançy ertir namazyna çagyryp bolup, töwerek agaryp başlanda, Allanyň Resuly (s.a.w.) parz namazyny üçin kamat getirilmezinden öň, ýeňiljek iki rekagat namaz okardy». 369 Daň atmazyndan ozal azan aýdylyp bilinjekdigi hakda Abdylla ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: „«Allanyň Resuly (s.a.w.): «Bilalyň aýdan azany sebäpli hiç biriňiz iýip oturan seläliginden el çekmesin. Çünki ol namaz okaýanyňyzyň şondan soň ara maý salmagy, ukuda bolanyňyzyňam oýanmagy üçin azany gije tamamlanmanka aýdýar. Bu ertir namazynyň wagty däldir. Tä şeýle bolýança, daň atmaz» diýdi». Rowaýatçy sözüni dowam edip şeýle diýýär: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Bu ertir namazynyň wagty däldir» diýip, mübärek barmakylaryny ýokary galdyryp, soňam aşak indirdi. Ol: «Tä şeýle bolýança, daň atmaz» diýibem süem barmagyny ortam barmagynyň üstünde goýup, sagdan çepe ýöretdi». 370 Azan bilen kamatyň aralygyndaky meýletin okalýan bir namazyň bardygy hakda. Azan bilen kamatyň arasyna salynmaly wagt hakda Abdylla ibn Mugaffel Müzeni (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) üç gezek: «Her iki azanyň (ýagny azan bilen kamatyň) arasynda meýletin okalýan bir namaz bar» diýdi». Ýene Abdylla ibn Mugaffelden gaýdan başga bir rowaýatda-da Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Her iki azanyň arasynda bir namaz bar, her iki azanyň arasynda bir namaz bar» diýenden soňra üçünjisinde: «Isleýän üçin„» diýip, sözüniň üstüne goşandygy aýdylýar. 371 Oturymly ýeriňde we saparda mahalyň namazyň wagty girende azan aýtmalydygy, kamat getirmelidigi we iň uly ýaşlynyň ymamlyk etmelidigi hakda Mälik ibn Hüweýris ibn Eşýem Leýsi (r.a.) şeýle diýipdir: «Kowumumdan bäş-on kişi bilen birlikde Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelipdim. Onuň ýanynda ýigrimi gün galdyk. Allanyň Resuly (s.a.w.) möminlere rehimlidi. Onda dogabitdi ýumşakylyk bardy. Çagalarymyzy we aýalymyzy göresimiziň gelýändigini bileninden soň, ol bize: «Derrew öz maşgalalaryňyzyň arasyna dolanyň. Ýanlarynda boluň. Olara yslam dinini öwrediň. Meniň okaýşym ýaly edip, olara namaz okadyň. Namaz wagty girende, araňyzdan biri siziň üçin azan aýtsyn. Iň ulyňyzam size ymam bolsun» diýdi». 372 Sapara çykan iki adamyň ýoldakalar namaz wagty girende azan we kamat aýtmalydyklary, ýaşy ulusynyňam ymam bolmalydygy hakda Ýene Mälik ibn Hüweýris ibn Eşýem Leýsi başga bir rowaýatynda şeýle diýipdir: «Iki adam sapara gitmegi niýet edinip, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna hoşlaşmaga geldiler. Allanyň Resuly (s.a.w.) olara: «Bu ýerden çykanyňyzdan soň her namazyň wagty girende, azan aýdyň. Soňra kamat getiriň. Soňra iň ulyňyz ymam bolsun» diýdi». 373 Sowuk we ýagmyrly zamanlarda her kimiň duran-duran ýerinde namaz okap biljekdigi hakda Abdylla ibn Omar (Alla olaryň ikisindenem razy bolsun) şeýle diýipdir: «„Allanyň Resuly (s.a.w.) saparda wagty sowuk ýa-da ýagyşly gijelerde azança azan aýtmagy we yzyndanam: «„Habardar boluň, namaz¬laryňyzy duran-duran ýerleriňizde okaň» diýip, yglan etmegi buýruk bererdi». 374 Jemagat namazyna ýetişmek üçin howlugyp ýöremän, agras we salykatly ýöremelidigi hakda. Jemagat namazynyň başyna wagtynda ýetişmedik kişileriň ýagdaýy Abu Katada Harys ibn Ryb’iýý Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek biz Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde namaz okaýardyk. Allanyň Resuly (s.a.w.) birtopar adamyň howsalaly seslerini eşitdi. Ol namaz okadyp bolandan soň, olardan: «Size näme boldy?» diýip sorady. Olar: «Namaza ýetişjek bolup, howlukdyk» diýdiler. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Beýle etmäň. Namaza gelýärkäňiz salyhatlylygyñyzy we rahatlygyňyzy ýitirmäň. Howlukman ýöräň. Namaza ýetişen ýeriňizden başlap, ymam bilen birlikde okarsyňyz. Okap ýetişmedik ýeriňizi-de (rekatlaryňyzy-da) özbaşdak tamam edersiňiz» diýdi». 375 Kamat getirilip, ymam aýaga galkmazdan öň jemagatyň aýak üstüne galkmaly däldigi hakda Ýene Abu Katada Harys ibn Rybgyý Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Namaz okamak üçin kamat getirilende, meniň öz hüjrämden çykandygymy görýänçäňiz, ýeriňizden turmaň, rahat oturyň» diýdi». 376 Kamat bilen tekbiriň aralygynda gürleşmek hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek ýassy namazyny okamak üçin kamat aýdylyp durka, Allanyň Resuly (s.a.w.) metjidiň bir böwründe biri bilen ýuwaşja gürleşýärdi. Ol jemagatyň bir topary uklaýança, gürrüňiniň arasyny kesmedi we namaza durmady». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |