01:22 Sahyhy Buhary: Teýemmüm kitaby | |
بِسْــــــــــــــــــــــــــــــــــــمِ اللهِ الرَّحْمـَنِ الرَّحـِيمِ TEÝEMMÜM KITABY 222 Teýemmüm aýatynyň inişi hakda Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) sapara giden gezekleriniň birinde onuň ýany bilen ýola çykypdyk. Ýa Beýda, ýa-da Zatul-Çeýş diýen ýere baran wagtymyz monjugym üzülip ýere gaçdy. Ony gözläp taparym ýaly Allanyň Resuly (s.a.w.) şol ýerde gijäni geçirmek üçin düşledi. Beýleki adamlaram onuň yzyna eýerdiler. Ýöne düşlän ýerimiz suwuň başy däldi. Adamlar Abu Bekriň (r.a.) ýanyna gelip: «Ýa, Eba Bekr, Äşäniň eden işini gördüňmi? Ol Allanyň Resulyny-da (s.a.w.), beýlekileri-de ýolundan goýdy. Bu ýeri suwuň başy hem däl, ýanymyzda-da suw ýok» diýdiler. Abu Bekr (r.a.) ýanyma geldi. Allanyň Resuly mübärek başyny dyzymyň üstüne goýup, uk¬lap ýatyrdy. Abu Bekr: «Sen Allanyň Resulyny-da (s.a.w.), beýlekileri-de ýolundan goýduň. Bu ýeri suwuň başy hem däl, hiç kimiň ýanynda suwam ýok» diýdi. Soňra ol maňa gahar edip, köp wagtlap hüňňürdedi, eli bilenem böwrüme hymsyklamaga başlady. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) mübärek başy dyzymyň üstünde bolany üçin men birjigem gymyldamaýardym. Daň atandan soň Allanyň Resuly (s.a.w.) ýerinden turdy. Asla suw ýokdy. Şol pursat Eziz we Beýik Alla teýemmüm aýatyny inderdi («Maide» süresiniň 6-njy aýaty). Hemmeler teýemmüm etdiler. Üseýd ibn Hudaýr (r.a.): «Eý, Abu Bekriň maşgalasy, bu siziň ilkinji bereketiňiz däldir» diýdi. Soňra ugramak üçin münüp oturan düýämi ýerinden turuzdyk. Ýitiren monjugymy şonuň aşagyndan tapdyk». 223 Öňki pygamberleriň hiç birine berilmedik zatlaryň Muhammet alaýhyssalama berlişi hakda Jabyr ibn Abdylla Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Maňa menden ozal hiç bir kişä berilmedik bäş sany ukyp berildi, ýagny bir aýlyk ýoldan duşmanlary gorkuzyp bilmegim üçin ýardam berildi. Meniň üçin Ýer ýüzi metjit edildi we täret kylmaga sebäp edildi. Şonuň üçinem ymmatymdan islendik kişi namaz wagtynyň niredekä girendigine garamazdan, namazyny okabersin. Menden öň hiç bir kişä halal edilmedik harby olja maňa halal edildi. Maňa şepagat etmek hukugy berildi. Şeýle-de, adatça, pygamber öz kowumuna iberilýän bolsa, men bütin adamzada iberildim». 224 Biriniň salamyny almak üçin Allanyň Resulynyň (Alla ony şöhratlandyrysyn we salamata gowuşdyrsyn) eden teýemmümi Abu Jüheým ibn Harys ibn Symma Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) Biri-Jemel tarapyndan gelýärdi. Bir kişi onuň öňünden çykyp, salam berdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) şol ýerdäki bir diwara tarap ýönelip we şol diwara ellerini degrip ýüzüne we ellerine mesh edýänçä ol kişiniň salamyny almady. Diňe şondan soň onuň salamyny aldy». 225 Allanyň Resuly (Alla ony şöhratlandyrysyn we salamata gowuşdyrsyn) teýemmüm almagy öwredýär Ammar ibn Ýasyryň (r.a.) aýtmagyna görä, ol Omar ibn Hattaba (r.a.) şeýle diýipdir: «Ýadyňa düşýärmi? Bir gezek ikimiz sapara çykypdyk. Sen namaz okamadyň. Men bolsa ýerde togalananymdan soň namazymy okadym. Bu eden işimi soňra Allanyň Resulyna (s.a.w.) gürrüň beremde, ol: «Sen şeýle etseňem ýeterlik bolar» diýip, ellerini ýere urupdy we ellerine ýokaşan topragy üfländen soňra iki owujy bilen ýüzüne we iki eline mesh edipdi». 226 Suw tapylýança namaz okamak üçin teýemmüm etmek ýeterlikdir Ymran ibn Hüseýin ibn Ubeýt Huzaýy (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde ýola çykypdyk. Öňümiz gijelikdi. Gije ahyrlaberende düşläp, ýolagçy üçin şondan süýji bolup bilmejek bir uka gitdik. Şeýle bir gaty ýatypdyrys welin, bizi günüň şöhlesinden başga hiç zat oýaryp bilmedi. Ukusyndan ilki pylany, soňra pylany, ondan soňam pylany oýandy. Dördünji bolup Omar ibn Hattap (r.a.) oýandy. Allanyň Resulyny (s.a.w.) bolsa, uka gidensoň, özi oýanýança oýarmazdyk. Sebäbi biz ol ukuda wagty başyndan nämeleriň geçýändigini bilmeýärdik. Omar (r.a.) (ol örän batyrgaý adamdy) oýanyp, adamlaryň nä güne duçar bolandygyny görenden soň, gaty sesi bilen tekbir aýtdy. Ol Allanyň Resuly (s.a.w.) onuň sesine oýanýança, gaty sesi bilen tekbir aýtmagyny dowam etdi. Ol oýanandan soň hormatly sahabalar başlaryndan inen gaflaty oňa mälim etdiler. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Zyýany ýok, bu ýerden ugralyň» diýdi. Ýola çykyldy. Allanyň Resuly (s.a.w.) biraz ýöränden soň düşläp, täret almak üçin suw sorady. Ol täret alandan soň namaz okamak üçin azan aýdyldy. Soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) adamlara ymam bolup, namaz okatdy. Ol namaz okap bolup, jemagata tarap öwrülende, gyra çekilip, ol ýerdäki adamlar bilen namaz okamadyk bir adama gözi düşdi. Ol: «Ýa, pylany, seni bular bilen birlikde namaz okamakdan saýlan zat näme?» diýip sorady. Olam: «Gusul täretini almaly boldum, suwum bolsa ýok» diýdi. Hezreti pygamber (s.a.w.): «Topraga baksana, toprak saňa ýeterlik bolar» diýdi. Ondan soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) ýola rowana boldy. Ýöne bu gezegem adamlar suwsuzlykdan zeýrenmäge başladylar. Pygamber (s.a.w.) ýene düşledi we Alyny (keremallahu wejheh) hem-de ýene bir adamy ýanyna çagyryp: «Gidiň-de suw gözläň» diýip, buýruk berdi. Ol ikisi suw gözlemäge gitdiler. Olar düýä ýüklenen iki sany suwly tulumyň arasynda oturan bir aýala gabat geldiler. Olar aýaldan: «Nirede suw bar?» diýip soradylar. Aýal: «Düýn şu wagtlar suwuň başyndadym. Adamlarymyz häzirem suw almak üçin ol ýerde durandyrlar» diýip jogap berdi. Bularam: «Onuň ýaly bolsa ýöre» diýdiler. «Nirä?» diýip, aýal sorady. «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna» diýdiler. Aýal: «Şol dinden çykan diýýänleriniň ýanynamy?» diýip sorady. Olar: «Gürrüňini eden adamyň ýanyna baka tiz ýöre» diýdiler. Bular aýaly Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna alyp gelip, onuň bilen aralarynda bolup geçen gürrüňi aýdyp berdiler. Aýaly düeden düşürdiler. Hormatlylaryň hormatlysy bolan Pygamber (s.a.w.) bir gap getirmeklerini haýyş etdi. Ol düýäň üstündäki tulumlaryň esasy agyzlaryny açyp, olardan ýaňky gaba biraz suw alyp, ýene agyzlaryny daňyp goýdy. Soňra tulumlaryň aşak tarapyndaky agyzlaryny çöşüp: «Geliň mallaryňyzy suwa ýakyň, özüňiz üçinem suw alyň» diýip, adamlara ýüzlendi. Islän maly üçin, islänem özi üçin suw aldy. Iň soňunda-da Allanyň Resuly (s.a.w.) gusul täretini almaly bolan kişä bir gap suw berip: «Tiz git-de, üstüňe dök» diýdi. Hälki aýal aýak üstünde duran ýerinden suwundan peýdalanyşlaryna syn edýärdi. Alladan ant içýärin: tulumlardan suw almakylaryny bes edenlerinden soň tulumlar biziň gözümize öňkülerindenem has doly görünýärdi. Hormatlylaryňam hormatlysy bolan Pygamber (s.a.w.) ondan soň: «Bu aýala bermek üçin öz araňyzdan bir zatlar toplaň» diýip, sahabalaryna buýruk berdi. Oňa bermek üçin Medine hurmasyny, ep-esli gowrulan bugdaý we hurma ununy, ep-esli hem bugdaý topladylar. Olaryň hemmesini çuwalyň matasynyň hilinden tikilen bir gaba salyp, ol aýaly düýesine mündürdiler-de, içi zatly gaby gujagyna berdiler. Soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) oňa ýüzlenip: «Görýärmiň, seniň suwuňdan birjigem egismedik. Bizi suwdan gandyran Allatagaladyr» diýdi. Aýal öz kowumunyň we tiresiniň arasyna gijä galyp geldi. Olar: «Ýa, pylany, seniň ýoluňdan galmagyňa näme sebäp boldy?» diýip soradylar. Ol: «Ynanar ýaly hem däl. Maňa iki adam gabat geldi. Olar meni «dinden çykan» diýlip, gürrüňi edilýän adamyň ýanyna alyp bardylar. Olam şeýle-şeýle işler etdi. Alladan ant içýärin: ol adam (aýal bu sözleri aýdýan wagty orta we süem barmaklary bilen ýeri görkezip, soňam olary ýokary galdyryp, asmana tarap ümledi) ýa şunuň bilen munuň arasyndaky adamlaryň iň bir dinden çykanydyr, ýa bolmasa-da, Allanyň resulydyr» diýdi. Mundan soňra musulmanlar ol aýalyň ýaşaýan etrabynyň töwereginde ýaşaýan müşrikleriň üstüne gijelerine çozan wagtlarynda, onuň degişli bolan az sanly tiresine zat diýmeýärdiler. Bir gün ol aýal öz kowumuna: «Meniň aňyşyma görä, bu adamlar size bir niýet bilen zat diýmeýärler. Musulman bolalyň diýsem, näme jogap berersiňiz?» diýdi. Kowumy onuň sözüni kabul edip, yslam ýoluna girdi». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |