10:36 Sahyh Buhary: Jemagat namazy we namaza durmak kitaby | |
بِسْــــــــــــــــــــــــــــــــــــمِ اللهِ الرَّحْمـَنِ الرَّحـِيمِ JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY 377 Azan aýdylmagyna garamazdan, jemagat namazyna gelmeýänler hakda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) aýdan haýbatly sözleri Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Içimden: «Bir üýşmek odun ýygnamakylyga buýruk bereýin, soňra namaz üçin azan aýtdyraýyn-da, birine jemagata ymamlyk etmegi tabşyraýyn. Soňra ol jemagaty bu ýerde galdyryp, namaza gelmeýän kişileriň üstlerine gidip, olaryň öýlerini içindekäler otlabereýin» diýip pikir edendigime janym gudratly elinde bolan Alladan ant içýärin. Bu jemagatdan bölünenleriň her biri bu ýerde ýagly eti bolan bir süňk bölegini ýa-da iki sany ullakan goýun injigini tapjaklaryny bilseler, olaryň derrew ýassy namazyna geljekdiklerine janym gudratly elinde bolan Alladan ant içýärin» diýdi». 378 Jemagat bilen okalan namazyň sogabynyň ýeke bolup okalan namazyň sogabyndan ýigrimi ýedi esse köpdügi hakda Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: „«Allanyň Resuly (s.a.w.): «Jemagat bilen okalan namaz ýalňyz okalan namazdan ýigrimi ýedi esse sogaplydyr» diýdi». 379 Jemagat bilen okalan namazyň sogabynyň ýeke bolup okalan namazyň sogabyndan ýigrimi bäş esse köpdügi hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «„Allanyň Resulynyň (s.a.w.): „«Jemagat bilen okalan namaz biriňiziň ýeke özüňiziň okan namazyňyzdan ýigrimi bäş esse sogaplydyr. Gije perişdeleri bilen gündiz perişdeleri-de ertir namazynda tapyşarlar» diýendigini eşitdim». Soňra Abu Hüreýre (r.a.) bu rowaýatyny düşündirmek üçin: „«Isleseňiz: «„Gurhany-fejriň şaýatlydygy şübhesizdir» («Isra» süresiniň 78-nji aýaty) aýatyny okaň» diýipdir. 380 Uzak ýerden jemagat namazyna gelmegiň we namaza garaşyp oturmagyň artykmaç tarapy hakda Abu Musa Abdylla ibn Kaýs Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: „«Allanyň Resuly (s.a.w.): «Adamlaryň namaz okany üçin iň uly sogaba mynasyp bolanlary uzakdan ýuwaş-ýuwaş ýöräp, metjide gelenleridir. Ymam bilen namaz okamak üçin namaza garaşan adamam namaz okap, ýatyberenden has uly sogaba mynasyp bolar» diýdi». 381 Ýoluň üstünde ýatan we ynsanlara ezýet berýän zady galdyrmagyň artykmaç tarapy we şehitleriň toparlary hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Bir gezek biri ýol bilen barýarka, ýoluň üstünde ýatan bir tiken şahasynyň üstünden bardy. Ol şahany alyp, ýoluň gyrasyna taşlady. Allatagala onuň bu eden işini gowy gördi we günälerini bagyşlady» diýdi. Soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) sözüni dowam etdirip: «Şehitler bäş hilidir: mergiden ölen, garyn keselinden wepat bolan, suwa gark bolan, üstünden zat gaçyp ölen we Allanyň ýolunda şehit bolan, ýagny öldürilen» diýdi». Hadysyň galan bölegi öňde beýan edilipdi. 382 Namaz okamak üçin ädiljek artyk ädimlere beriljek sogap hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Ensardan selime tiresi Metjidi-Şeripden uzakda ýerleşýän öýlerini terk edip, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) öýüniň ýakynynda ýerleşýän bir ýere göçüp gelmekçi boldular. Allanyň Resuly (s.a.w.) Medinäniň çet taraplarynyň goragsyz galmagyny islemän, olara: «Äden ädimleriňiziň sogabyny hasaba almaýarsyňyzmy?» diýdi». 383 Ertir we ýassy namazlaryny jemagat bilen okamagyň artykmaç tarapy Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Mynapyklara jemagat bolup okalýan ertir we ýassy namazlaryndan has agyr düşýän bir namazam ýokdur. Eger bu iki namazy jemagat bilen okamagyň nähili sogabynyň bardygyny bilseler, süýrene-süýrene gelmelem bolsa, ol namazlara gelerdiler» diýdi». 384 Kyýamat güni Allanyň kölegesi astynda boljak ýedi topar ynsan hakda Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Allatagalanyň öz kölegesinden başga kölege bolmaýan kyýamat gününde Ol ýedi adamy öz saýasynyň astyna aljakdyr. Olaryň birinjisi — adyl ymam, ikinjisi — Rebbine tagat we ybadat edip, ýetişen ýetginjek, üçünjisi — köňli metjitlere bagly bolan kişi, dördünjisi — Allanyň razylygy üçin biri-birini gowy gören, Allanyň razylygy üçin tapyşan we aýrylyşan iki adamyň ikisi-de, bäşinjisi — derejeli we owadan zenanyň özüni zyna etmäge çagyrmagyna garamazdan: «Men Alladan gorkýaryn» diýip, haram işe ulaşmadyk erkek adam, altynjysy — sag eliniň berenini sol eliniň hem bilmejek derejesinde gizlin sadaka beren we ýedinjisi bolsa ýekelikde daşyndan ýa-da içinden Allatagalany ýatlap, gözleri ýaşdan dolan adamdyr» diýdi». 385 Namaz okamak üçin metjide gidip gelmegiň artykmaç tarapy hakda Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Kimde kim namaz okamak üçin metjide gidip gelse, ol her gezek gidip gelende, Allatagala onuň üçin jennetde ýer taýýarlaýar» diýdi». 386 Ertir namazy üçin kamat getirilenden soň ertir namazynyň iki rekagat sünnetini okan adamy Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýazgarmagy hakda Ezd tiresinden bolan Abdylla ibn Mälik ibn Buhaýne (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gün säher wagty namaza kamat getirilip başlananda, biriniň iki rekagat sünnet namazyny okandygyny gördi. Allanyň Resuly (s.a.w.) namazdan çykandan soň, ol ýerdäkiler daşyny gurşap aldylar. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ertir namazyny-da dört rekagat edip okaýarsyňmy?» diýip, oňa igendi». 387 Hassalygyna garamazdan, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) jemagat bilen namaz okamaga metjide çykmagy hakda Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) öz ölümine sebäp bolan kesel bilen kesellän döwründe, bir gezek namaz wagty girip, azanam aýdylypdy. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Abu Bekre aýdyň, goý, adamlara namaz okatsyn» diýdi. Oňa: «Ýa Allanyň Resuly, Abu Bekr örän ýuka ýürekli adamdyr. Seniň ornuňda durup, halka namaz okatmaz diýdiler». Allanyň Resuly (s.a.w.) öňki buýrugyny gaýtalady. Ýene oňa ýaňky sözleri aýtdylar. Ol üçünji gezegem öňki emrini gaýtalap: «Siziň Ýusup alaýhyssalamyň döwründäki aýallar ýaly hereket edýändigiňiz şübhesizdir. Abu Bekre aýdyň, namazy şol okatsyn» diýdi. Şondan soň Abu Bekr mihraba geçip, namaz okatdy. Şol döwürde okalan namazlaryň biriniň wagty girende, Allanyň Resuly (s.a.w.) mübärek göwresinde ýeňillik duýup, iki adama daýanybrak namaza çykdy. Kuwwatsyzlygy sebäpli ýöräp barýarka aýaklaryny ýerde süýreýşi häzirem gözümiň öňünden gidenok. Abu Bekr yza çekilmek isledi. Allanyň Resuly (s.a.w.): „«Ýeriňde dur» diýip, oňa yşarat etdi. Soňra ony öňe alyp baryp, Abu Bekriň ýanynda oturtdylar». Bu hadysy gürrüň beren Ameşden: «Namazy Allanyň Resuly (s.a.w.) okadyp, Abu Bekr onuň namazyna, jemagatam Abu Bekriň namazyna uýup, namaz okaýarmydy?» diýip soranlarynda, ol: «Hawa» diýen manyda başyny atypdyr. Başga bir rowaýatda-da: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Abu Bekriň çepinde oturdy. Abu Bekrem aýakda durup, namaz okaýardy» diýlipdir. 388 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) keseli agyrlaşandan soň özüne Hezreti Äşäniň (r.a.) öýünde seretdirmek üçin beýleki aýallaryndan rugsat soramagy hakda Ýene Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) keseli agyrlaşyp, agyrysy artan döwründe, ol meniň öýümde özüne seretdirmek üçin öz nikaly aýallaryndan rugsat diledi. Olaram rugsat berdiler». Bu hadysyň galan bölegi ýap-ýaňy beýan edilipdi. 389 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) göreldesine eýerip, Ibn Apbasyň (r.a.) bir batgaly günde adamlaryň juma namazyny öýlerinde okmalydyklaryny aýdyp, jar çekdirmegi Ibn Apbas (r.a.) batgaly bir günde adamlara ýüzlenip, juma namazynyň hutbasyny okamakçy bolanda, azança: «Namaz öýlerde okaljak!» diýip, yglan etmäge buýruk beripdir. Onuň aýdany adamlaryň göwünlerine ýakman, biri-birleriniň ýüzlerine seredişipdirler. Şonda Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Görýän welin, siz aýdanymy halamadyňyz. Ýöne menden has haýyrly bolan bir adam (Allanyň Resuly (s.a.w.) göz öňünde tutulýar) hem şeýle edipdi. Bu (ýagny juma namazy) gerekli we wajypdyr. Men bolsa sizi öýleriňizden çykarmak islemedim». 390 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) guşluk (duha) namazyny okaýşy hakda Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Ensardan biri: «Ýa Allanyň Resuly, men seniň bilen namaz okamaga gelip bilmeýärin» diýdi. Ol semiz bir adamdy. Ol Allanyň Resuly (s.a.w.) üçin nahar bişirdip, ony öýüne çagyrdy. Ol bir boýra ýazyp, onuň töweregine suw sepdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) şol düşegiň üstüne geçip, iki rekagat namaz okatdy». Enesiň (r.a.) bu aýdanlaryny eşidip, Järudyň öwlatlaryndan biri ondan: «Allanyň Resuly (s.a.w.) guşluk (duhä) namazyny okaýarmydy?» diýip sorapdyr. Ol hem: «Şol günden başga wagt okanyny görmedim» diýip jogap beripdir. 391 Agşamlyk nahary taýýar mahaly namazdan öň nahar iýilmelidigi hakda Ýene Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Agşam naharyny öňüňizde goýan wagtlary agşam namazyny okamaň, nahar iýmäge başlaň. Howlugybam naharyňyzy iýmän goýmaň» diýdi». 392 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) öz öýünde maşgala agzalaryna hyzmat etmek bilen meşgul bolup, namaz wagty gelende-de namaza çykandygy hakda Musulmanlaryň enesi Äşeden (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Bagtyýar Öýünde näme bilen meşgul bolandygyny sorapdyrlar. Ol: «Maşgalasynyň hyzmatynda bolardy, namaz wagty gelenden soňam namaza çykardy» diýip jogap beripdir. 393 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okadyşy hakda Mälik ibn Huweýris Leýsi (r.a.) şeýle diýipdir: «Namaz okamak islemeýänem bolsam, size namaz okatjak. Allanyň Resuly (s.a.w.) nähili edip namaz okan bolsa, edil şonuň ýaly edip namaz okatjak». 394 Hassalan wagtynda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ymamlyk etmäge Abu Bekri (r.a.) bellemegi hakda Bu hadys 387-nji hadysyň başga bir nusgasy bolup, onda musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýýär: «Ýa Allanyň Resuly, Abu Bekr seniň ornuňda (ýagny, namaz okadan mährabynda) dursa, aglamakdan ýaňa, namazda okan aýatlaryny adamlara eşitdirmez. Omara buýruk ber, adamlara namazy şol okatsyn» diýdim. Hafsadanam (r.a.): «Abu Bekr seniň ornuňda dursa, aglamakdan ýaňa okan aýatlaryny adamlara eşitdirmez. Omara perman ber, adamlara namazy şol okatsyn diý» diýip, haýyş etdim. Hafsa aýdyşym ýaly etdi. Ondan soň Allanyň Resuly (s.a.w.): «Goý, gepleme, siziň Ýusup alaýhyssalamyň döwründäki aýallar ýalydygyňyz şübhesizdir. Abu Bekre aýdyň, namazy şol okatsyn» diýdi». Şondan soň Hafsa (r.a.) Äşä (r.a.) ýüzlenip: «Hiç haçanam senden maňa haýyr gelmändi» diýip, öz ynjysyny mälim edipdir. 395 Allanyň Resuly (s.a.w.) öz wepat bolmagyna sebäp bolan kesel bilen kesellände, aýak üstüne galyp, otagynyň tutusyny galdyrybrak, metjitde sahabalarynyň namaz okaşlaryny synlap, ýylgyryşy hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) öz ölümine sebäp bolan kesel bilen kesellän döwründe, bize Abu Bekr (r.a.) namaz okadardy. Ýekşenbe gününde ertir namazyny okamak üçin sap baglap duran wagtymyz Allanyň Resuly (s.a.w.) öz hüjresiniň tutusyny galdyryp, bizi synlamaga başlady. Ol dik durdy we parlak didary Mushabyň (Gurhanyň) sahypalary ýaly nur saçýardy. Soňra ol ýylgyrybrak güldi. Allanyň Resulyny (s.a.w.) görýändigimize begenmekden ýaňa, namazymyzyň bozulmagyna az galýardy. Abu Bekr (r.a.) Allanyň Resuly (s.a.w.) namaza çykjakmyka öýdüp, birinji hatara geçmek üçin yza süýşmäge başlady. Onýança Allanyň Resuly (s.a.w.) bize namazymyzy tamamlamagy yşarat edip, tutyny aşak inderdi. Ine, şol gün onuň mübärek ruhy jennete tarap uçup gitdi». 396 Namaz okap duran erkek adamlaryň ymama bir zady duýdurmak üçin el çarpmakylarynyň gadagandygy, beýle ýagdaýda erkek adamlaryň tesbih aýtmalydygy, el çarpmagyň bolsa zenanlara mahsusdygy hakda Sehl ibn Sagt Sagyt Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gezek Amr ibn Awf tiresiniň adamlaryny ýaraşdyrmak üçin, olaryň ýaşaýan mekanyna gitdi. Namaz wagty geldi. Azançy Bilal (r.a.) Abu Bekriň (r.a.) ýanyna gelip: «Adamlara namaz okatjakmy? Namaz üçin kamat getireýinmi?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa» diýdi we namaz okatmaga başlady. Allanyň Resuly (s.a.w.) adamlar namaz okap durka dolanyp geldi. Ol saplary ikä böle-böle birinji sapa bardy. Ony gören jemagat el çarpdy. Abu Bekr (r.a.) namaz okaýarka ýüzüni hiç bir tarapa öwürmezdi. Yzynda duran jemagat el çarpmasyny köpeldenden soň, ol ýüzüni öwrüp, yzyna bakdy we Allanyň Resulyny (s.a.w.) gördi. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ýeriňde dur» diýip, oňa yşarat etdi. Abu Bekr (r.a.) ellerini galdyryp, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) özüne beren bu buýrugy üçin, Alla hamdu-sena etdi. Soňra Abu Bekr (r.a.) birinji hatar bilen deňleşýänçä, yzlygyna ýöredi. Allanyň Resuly-da (s.a.w.) öňe geçip, namaz okatdy. Namaz tamamlanandan soň, ol Abu Bekrden: «Ýa Abu Bekr, saňa emr eden wagtym ýeriňde galdyrmadyk zat nämedi?» diýip sorady. Abu Bekrem: «Ibn Abu Kuhafe üçin Allanyň Resulynyň (s.a.w.) öňünde durup, namaz okamak laýyk bolmaz» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) ondan soň jemagata tarap öwrülip: «Size näme boldy? Näme üçin el çarpmagy beýle köpeltdiňiz? Her kim namazda wagty bir zat bolanyny görse, tesbih aýtsyn. Tesbih aýdan wagty, elbetde, ymam oňa üns berer. El çarpmak aýallara mahsusdyr» diýdi». 397 Iň soňky gezek hassalanda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) jemagata namaz okatmak üçin metjide çykmak islemegi, ýöne özünden gidip, beýle etmäge mümkinçiligi bolmansoň, namazy Abu Bekriň (r.a.) okatmalydygy barada buýruk bermegi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýagdaýy agyrlaşan wagty, ol: «Adamlar namaz okadylarmy?» diýip sorady. «Ýok, ýa Allanyň Resuly, Saňa garaşýarlar» diýdik. Ol: «Meniň üçin legene suw guýuň» diýip, buýruk berdi. Suw guýduk. Ol ýuwundy. Soňam ýerinden turmakçy bolanda, özünden gitdi. Özüne gelenden soň ýene: «Adamlar namaz okadylarmy?» diýip sorady. «Ýok, ýa Allanyň Resuly, Saňa garaşýarlar» diýdik. Ol ýene: «Meniň üçin legene suw guýuň» diýdi we legeniň içinde oturyp ýuwundy. Soňra ýerinden turmakçy bolanda, ýene özünden gitdi. Soňam özüne gelip: «Adamlar namaz okadylarmy?» diýip sorady. «Ýok, ýa Allanyň Resuly, Saňa garaşýarlar» diýdik. Ol ýene: «Meniň üçin legene suw guýuň» diýdi we legeniň içinde oturyp, ýuwnandan soň, ýerinden turmaga synanyşanda, ýene özünden gitdi. Soňam özüne gelip: «Adamlar namaz okadylarmy?» diýip sorady. «Ýok, ýa Allanyň Resuly, Saňa garaşýarlar» diýdik. Adamlar Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýassy namazyna çykmagyna garaşýardylar. Ondan soň Allanyň Resuly (s.a.w.) adamlara namaz okatdyrmagy üçin Abu Bekre habar ýollady. Habar bermäge giden adam Abu Bekriň ýanyna baryp: «Allanyň Resuly (s.a.w.) saňa adamlara namaz okatmagy buýurýar» diýdi. Abu Bekr ýüregi ýuka bir adamdy. Ol Omara ýüzlenip: «Ýa Omar, adamlara sen namaz okat» diýdi. Omaram oňa: «Sen muňa has mynasypsyň» diýip jogap berdi. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýaramadyk ol günlerinde, namazy Abu Bekr okatdy». Bu hadysyň soňy 387-nji hadysda beýan edilipdi. 398 Hassalan döwründe Allanyň Resulynyň (s.a.w.) oturyp jemagata ymamlyk etmegi we namazy nähili okamalydygyny jemagata düşündirmegi Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: „«Allanyň Resuly (s.a.w.) keselli halynda öz Bagtyýar Öýünde bir gezek namaz okadypdy. Bu namazy ol oturyp, birtopar adamlaram yzynda aýak üstünde durup okadylar. Allanyň Resuly (s.a.w.) olara: «Oturyň» diýip, yşarat etdi we namazyny tamamlandan soňam: «Oňa uýulsyn diýip, ymam bellener. Şeýle bolany üçin, ol rukuwa giden wagty rukuwa baryň, başyny galdyranda-da, başyňyzy galdyryň. «Semiallahu limen hamideh» diýen wagty: «Rabbenä lekel hamd» diýiň. Oturyp namaz okan ýagdaýynda hem oturyp namaz okaň» diýdi». 399 Namazda ymama tabyn bolmak hakda Bera ibn Azyp (r.a.) şeýle diýipdir: «„Allanyň Resuly (s.a.w.): «Semiallahu limen hamideh» diýip, seždä gidýänçä, hiç birimiz seždä gitmek üçin öňe egilmezdik. Biz ondan soňra seždä giderdik». 400 Ymamdan öňürti başyňy seždeden galdyrmagyň halanmaýandygy (kerahetdigi) hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ymamdan öňürti başyny seždeden galdyrýanlaryňyz, kellelerini eşegiň kellesine (ýa-da keşplerini eşegiň keşbine) öwüräýmesin diýip, Allatagaladan heý bir gorkmaýarlarmyka?» diýdi». 401 «Gury (gara) üzüm dänesi ýaly başly bir hebeşi gul üstüňize amyl edilip bellense-de, ony diňläň we oňa boýun egiň» hadysy Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «„Gury (gara) üzüm dänesi ýaly başly bir hebeşi gul üstüňize amyl edilip bellense-de, ony diňläň we oňa boýun egiň» diýdi». 402 «Ymamlar siziň üçin namaz okarlar. Olar isabet etseler, hem size, hem olara namaz sogaby bar. Eger ýalňyşyp, isabet etmeseler, siziň üçin sogap, olar üçin azap bar» hadysy Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ymamlar siziň üçin namaz okarlar. Olar isabet etseler, hem size, hem olara namaz sogaby bar. Eger ýalňyşyp, isabet etmeseler, siziň üçin sogap, olar üçin azap bar» diýdi». 403 Ymama uýup namaz okaýan kişiniň ymamyň niresinde durmalydygy hakda Bu hadys öň Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysyň, ýagny onuň musulmanlaryň enelerinden biri bolan daýzasy Meýmuwne binti Harys Hilaliýýäniň öýünde gijesini geçirişi hakyndaky hadysyň başga bir nusgasydyr. Bu rowaýata soňy öňküden biraz tapawutlanyp, onda Ibn Apbas (r.a.): «Allanyň Resuly (s.a.w.) soňra dem alyşy eşidilýänçä uklady. Aslynda, uklandan soň sesli dem almak onuň adatydy. Soňra azançy Bilal gelip, oňa namaz okamagyň wagtynyň girendigini habar berdi. Soňra ol çykyp, namaz okatdy. Onuň üçin ol ýörite täret almady» diýýär. 404 Namazda kyragaty has uzaldan Mugazy (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýazgarmagy Jabyr ibn Abdylla (r.a.) şeýle diýipdir: «Mugaz ibn Jebel (r.a.) her gezek Allanyň Resulynyň (s.a.w.) yzynda durup, ýassy namazyny okandan soň kowumunyň arasyna, ýagny selime tiresiniň arasyna baryp, ymamlyk ederdi. Bir gezegem ol şonuň ýaly edip, ýassy namazyny okatdy. Ol Gurhanyň aýatlaryny okamaly ýerde «Bakara» süresinden başlap, okamaga başlady. Jemagatdakylaryň biri köpçülikden aýrylyp, namazy özbaşdak okady. Mugaz (r.a.) ol hakda erbet sözleri aýdan ýaly boldy. Bu waka Allanyň Resulyna (s.a.w.) mälim bolandan soň, ol Mugaza ýüzlenip: «Fettansyň, fettansyň, fettansyň» ýa-da: «Fatin bolduň, fatin bolduň fatin bolduň» diýip, üç gezek gaýtalady we oňa mufassalyň ewsatyndan iki süre okamak bilen namaz okatmagy emr etdi». 405 Jemagaty irizip biljek derejede namazy uzaltmagyň dogry däldigi hakda Abu Mesgut Bediri Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna biri gelip: «Ýa Allanyň Resuly, pylany bize namaz okadanda, ony şeýle bir uzaldýar welin, walla, ertir namazyna gelip bilmeýärin» diýdi. Wagyz edende Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ol günki ýaly gaharlananyny görmedim. Soňra ol: «Araňyzdaky käbir adamlarda jemagaty irizmek häsiýeti bar. Kimde kim namaz okatmakçy bolsa, gysga okatsyn. Çünki jemagatyň içinde maýyby bar, uly ýaşlysy bar, işlisi bar» diýdi». 406 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Mugaz ibn Jebele (r.a.) jemagata namaz okadanda haýsy süreleri okamalydygy hakda beren nesihaty Bu Jabyryň (r.a.) Mugaz ibn Jebel hakynda aýdanlaryny özünde jemleýän 404-nji hadysyň bir nusgasydyr. Bu nusga görä, Allanyň Resuly (s.a.w.) Mugaze: «Sebbihisme Rabbikel aglä», «Weşşemsi we zuhahä», «Welleýli iz’ä ýegşe» süreleri ýaly süreleri okaýmaly dälmidiň?» diýipdir. 407 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazlary gysga we kämil görnüşde okadyşy hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) namazy hem gysga, hemem kämil görnüşde okadardy». 408 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) çagasy aglaýan ene üçin kynçylyk döretmäýin diýip namazyny gysgaldyşy hakda Abu Katada Harys ibn Rybgyý Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Köp gezekler men namaza duramda kyragaty uzaltmak niýeti bilen durýaryn-da, yzdan bir çaganyň aglaýan sesini eşidenimden soň, onuň ejesine kynçylyk döretmäýin diýip, ýene namazymy gysgaldýaryn» diýdi». 409 Namazda saplaryň göni we syk bolmalydygy hakda Nugman ibn Beşir Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ýa saplaryňyzy düzeldersiňiz, bolmasa-da Allatagalanyň ýüzleriňizi aýry-aýry taraplara öwrüşiniň hökman şaýady bolarsyňyz» diýdi». 410 Namazda saplary dogrulap, gyslyşmak barada Allanyň Resulynyň (s.a.w.) aýdany Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.): «Namaz saplaryňyzy dogrulaň we biri-biriňize gyslyşyp, araňyzda boşluk goýmaň. Sebäbi men sizi ýeňsäm bilenem görýärin» diýdi». 411 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gije namazyny okaýşy hakda Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «„Allanyň Resuly (s.a.w.) gijelerine öz hüjresinde namaz okardy. Hüjräniň diwarlarynyň pessejikdigi sebäpli, bir gezek adamlar onuň göwresiniň suduryny gördüler we olaryň birtopary namaza durup, oňa uýdular. Olar daň atandan soň bu eden işlerini beýlekilere habar berdiler. Allanyň Resuly (s.a.w.) ertesi gije ýene gije namazyny okamak üçin, ýerinden turdy. Ýene birnäçe adamlar oňa uýup, namaza durdular. Olar şeýdip, iki ýa-da üç gije bu işi gaýtaladylar. Ondan soňky gijede Allanyň Resuly (s.a.w.) öýünde oturdy we ol ýere çykmady. Daň atandan soň käbir kişiler onuň beýle etmeginiň sebäbini bilmek üçin, oňa ýüz tutdular. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Gije namazy size parz bolarmyka öýdüp gorkdum» diýip jogap berdi». 412 Nepil namazyny öýde okamagyň artykmaç tarapy hakda 411-nji hadysyň Zeýt ibn Sabydyň (r.a.) adyndan gelip ýeten ýene bir nusgasynda Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Şu eden işiňizi görüp, begendim. Ýöne, adamlar, bu nepil namazyny öýleriňizde okaň. Sebäbi, namazyň gowusy her kimiň öz öýünde okan namazydyr. Diňe parz namazlaryny metjitde jemagat bilen okamak has sogaplydyr» diýen sözleri öňki nusgadakylaryň üstüne goşulypdyr. 413 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okanda iftitah (başlangyç) tekbirini alşy, rükuwa gidişi we sežde edişi hakda Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) namaza başlan wagty mübärek ellerini eginleriniň deňine çenli galdyryp, tekbir alardy. Rukuwa gitmek üçin tekbir alanda we rukuwdan mübärek başyny galdyranda, ýene ellerini şonuň ýaly ýokary galdyryp: «Semiallahu limen hamideh. Rabbenä we lekel hamd» diýerdi. Seždä gidende bolsa, ol beýle etmezdi». 414 Namaz okap, kyýamda duran wagtyň elleriňi nirede goýmalydygy hakda Sehl ibn Sagt Sagydy (r.a.) şeýle diýipdir: «Adamlar namaz okanlarynda, olara sag ellerini çep bilekleriniň üstüne goýmak emr edilerdi». 415 Namaza «Fatyha» süresini okamakdan başlanandygy hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.), Abu Bekr we Omar dagy (Alla olardan razy bolsun) namaza mydama: „«„Elhamdülillähi Rabbil-älemin» bilen başlardylar». 416 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) tekbir bilen kyragatyň aralygynda okan dogasy hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) namazyň başynda iftitah (başlangyç) tekbiri bilen kyragatyň aralygynda azajyk dymardy. Men ondan: «Ýa Allanyň Resuly, ejem, kakam saňa gurban bolsun, tekbir bilen kyragatyň aralygynda näme üçin dymýarsyň? Şonda näme diýýärsiň?» diýip soradym. Ol: «Allahym, gündogar bilen günbataryň arasyny açyşyň ýaly, meni günälerimden daş et! Allahym, ak mata kirden, posdan nähili arassalanýan bolsa, meni şonuň ýaly edip, günälerimden arassala! Allahym, öňki eden günälerimi-de suw bilen, gar bilen, doly bilen ýuw!» diýýärin„» diýip jogap berdi». 417 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Gün tutulanda okalýan namazy okadyşy we namaz okap durka jennet bilen jähennemiň özüne ýakynlaşandygyny gürrüň bermegi. Bir pişigi aç goýup, onuň ölümine sebäp bolan bir zenanyň jähennemde çekýän azaby Hezreti Abu Bekriň (r.a.) gyzy Esma (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Gün tutulanda okalýan namazy okadypdy. Ol kyýamda uzak wagtlap durdy. Soňra rukuwa gidip, ony-da esli uzaltdy. Soňra başyny galdyryp, köp wagtlap kyýamda durdy. Soňra ýene rukuwa gidip, köp wagtlap şeýle ýagdaýda durdy. Soňra başyny galdyrdy. Soňra seždä gidip, seždäni köp uzaltdy. Soňra başyny galdyrdy. Soňra ýene seždä gidip, seždäni köp uzaltdy. Soňra aýak üstüne galyp, köp wagtlap kyýamda durdy. Soňra rukuwa gidip, köp wagtlap şol ýagdaýda durdy. Soňra başyny galdyryp, esli wagtlap kyýamda durdy. Soňra ýene rukuwa gidip, şol ýagdaýda köp wagtlap durdy. Soňra başyny galdyrdy. Soňra seždä gidip, ony köp uzaltdy. Soňra başyny galdyrdy. Soňra ýene seždä gidip, seždäni köp uzaltdy. Soňra namazdan çykdy. Soňra Allanyň Resuly (s.a.w.): «Jennet maňa şeýle bir ýakynlaşdy welin, het eden bolsam, jennet salkymlarynyň birini size getirip biljekdim. Jähennemem maňa şeýle bir ýakynlaşdy welin: «Ýa Rebbim, menem olaryň ýanyndamy?» diýiberdim. Ol ýerde bir aýaly gördüm. Ony bir pişik dyrnaçakylap durdy. «Ýa Rebbim, munuň günäsi näme?» diýip soradym we: «Bu aýal bu pişigi ölýänçä gulp astynda saklap, ne iýjegini berdi, ne-de ýer ýüzündäki mör-möjeklerden iýip bilmegi üçin daşary goýberdi» diýen jogaby aldym» diýdi». 418 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) öýle we ikindi namazlarynda Gurhan okandygy hakda Ygtybarly bir hadysda beýan edilişine görä, Habbap ibn Eretden (r.a.): «Allanyň Resuly (s.a.w.) öýle we ikindi namazlarynda Gurhan okaýarmydy?» diýip sorapdyrlar. Ol: „«Hawa» diýip, jogap beripdir. Ondan: «Muny nämeden aňlardyňyz?» diýip sor-anlarynda bolsa, ol: «Mübärek sakgalynyň gymyldap durmagyndan» diýipdir. 419 Namaz okap durkaň gözleriňi asmana dikmegiň gadagandygy hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gezek namaz okadyp, ýüzüni sahabalara tarap öwrenden soňra: «Käbir adamlara näme bolýar? Olar namaz okanlarynda gözlerini asmana dikýärler-le?» diýdi. Soňam bu babatda gaharly sözleri aýdyp, iň soňunda-da: «Bular ýa beýle etmekden ýüz öwrerler, ýa gözleri kör bolar» diýdi». 420 Namaz okap durkaň kelläňi saga, sola öwürmegiň gadagandygy hakda Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulyndan (s.a.w.) namazda başyňy saga, sola öwürmegiň hökümini soradym. Ol: «Guluň namazyndan şeýtanyň alyp gaçan bir zadydyr» diýdi». 421 Hezreti Omaryň (r.a.) Sagty işinden boşatmagy we onuň sebäpleri hakda. Sagtyň öz şikaýatçysy Üsäme ibn Katädä eden betdogasy we ol doganyň kabul bolmagy Jabyr ibn Semüre Amiriý Süwäýi (r.a.) şeýle diýipdir: «Kufe şäheriniň ýaşaýjylarynyň käbiri Omaryň (r.a.) ýanynda Sagty ýamanladylar. Hezreti Omar (r.a.) ony işinden boşadyp, onuň ýerine Ammar ibn Ýasiri (r.a.) bu şäheriň amyllygyna (hökümdarlygyna) belledi. Kufeliler Sagty şeýle bir ýamanlamak ýamanlap, hatda onuň namaz okamagy hem bilmeýändigini aýtdylar. Hezreti Omar (r.a.) onuň yzyndan adam ýollap, çagyrtdy-da: «Ýa Abu Yshak, bu adamlar seniň namaz okap bilmeýäniňi tassyklaýarlar. Sen namazy nähili edip okaýardyň?» diýip sorady. Sagt: «Alladan ant içýärin, men olara Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazyna meňzeş namaz okadyp, hiç bir zady gysgaltmaýardym. Ýassy namazyny (ýa-da öýle we ikindi namazlaryny) okadan mahalym ilkinji iki rekagatda köp durardym, soňky iki rekagatlary-da gysgaldardym» diýdi. Hezreti Omar (r.a.): «Sen hakda edýän çakymyzam şeýledi» diýenden soň bu meseläni anyklamak üçin bir adamy (ýa-da birnäçe adamy) onuň bilen birlikde Kufe şäherine ýollapdyr. Bu iş tabşyrylan adam Kufäniň ýaşaýjylaryndan Sagt barada sorapdyr. Onuň barmadyk ýeke metjidi hem galmandyr. Baran ýerinde-de Sagtyň ýagdaýyny sorapdyr. Soralan adamlaryň hemmesi hem ol hakda gowy sözleri aýdypdyrlar. Iň soňunda benu abs tiresine degişli bir metjide girip, ol ýerdäkileri Allanyň razylygy üçin bilýän zatlaryny aýtmaga ant içirip, olardan Sagt barada sorapdyr. Şonda Abu Sagte künýesi bilen tanalýan Üsäme ibn Katada diýen biri ýerinden turup: «Bize ant içireniň üçin aýdaýaýyn. Sagt esgerleriň başyny çekip, söweşe gitmez. Pul paýlanda-da deň paýlamaz. Höküm çykaranda-da adalatlylyk etmez» diýipdir. Şondan soň Sagt: «Sen-ä men hakda bu sözleri aýtdyň, menem Allanyň adyndan ant içip, sen hakda üç sany doga etjek, diňle: «Ýa Alla, seniň bu guluň ýalançy bolsa, bu sözi görünmek üçin aýdan bolsa, onda onuň ömrüni uzalt, garyplygyny artdyr, pitnelere duçar et» diýipdir. Soň-soňlar ol adamdan ýagdaýyny soranlarynda: «Men bir garrap, sandan galan, pitnä duçar bolan, betbagt gojadyryn. Sagtyň eden dogasy kabul boldy» diýer eken. Bu hadysy Jabyryň (r.a.) adyndan gürrüň beren Abdylmelik ibn Umeýr şeýle diýýär: «Soň-soňlar ony menem gördüm. Garramakdan ýaňa gaşlary gözleriniň üstüni örtüp duran halynda, öňünden çykan gyzlary çümmükleýärdi». 422 „«Fatyhany» okamaýanyň namazy ýokdur» hadysy Ubäde ibn Samyt (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Fatyhany» okamaýanyň namazy ýokdur» diýdi». 423 Namazyny bolmalysy ýaly edip okamaýan bir çarwa araba Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okamagy öwredişi Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: „«Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) Metjidi-Şeribe girdi. Şol wagt başga biri-de metjide girip, namaz okady. Soňra ol Allanyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna gelip, salam berdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) onuň salamyny alandan soňra: «Dön-de başdan oka. Çünki namazyň bolmady» diýdi. Ol adam yzyna dönüp, öňki namaz okaýşy ýaly edip, gaýtadan namaz okady. Soňam gelip, Allanyň Resuly (s.a.w.) salam berdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) ýene: «Dön-de başdan oka. Çünki namazyň bolmady» diýdi. Bu ýagdaý, şeýdip, üç gezek gaýtalandy. Iň soňunda ol adam: «Seni hakykat bilen iberenden kasam edýärin: mundan başga hili namaz okalyşyny bilmeýärin. Maňa dogrusyny öwret» diýdi. Ondan soňra Allanyň Resuly (s.a.w.): «Namaza duran wagtyňda yhram (başlangyç) tekbirini al. Soňra Gurhany ň aýatlarynden ýat tutanlaryňdan özüňe iň aňsat düşýänini oka. Soňra rukuwa gidip, beden agzalaryň ýerli-ýerine baryp, sarsman durýança dur. Soňra başyňy galdyryp, aýak üstünde doly dikelýänçäň dur. Soňra seždä gidip, beden agzalaryň ýerli-ýerine baryp, sarsman durýança dur. Soňra başyňy galdyryp, bedeniň agzalary barmaly ýerine baryp, sarsman durýança otur. Tutuş namazda-da şeýle et» diýdi». 424 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) öýle, ikindi we ertir namazlaryndaky kyragaty hakda Abu Katada Harys ibn Rybyý (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) öýle namazynyň ilkinji iki rekagatynda «„Fatyha» süresi bilen ýene bir süre okardy. Ol ilkinji rekagatda uzyn süre, ikinjisinde gysga süre okardy, içinden okan aýatyny-de käte bize eşitdirerdi. Ol ikindi namazynyň ilkinji iki rekagatynda «Fatyha» bilen bir süre okardy we birinji rekagatda uzyn süre, ikinjisinde gysga süre okardy. Ertir namazynyň bolsa birinji rekagatynda kyragaty uzaldyp, ikinjisinde gysgal¬dardy». 425 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda okan bir süresi hakda Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «„Bir gezek ejem Ümmi Fazl «Welmurseläti urfen» («Murselät» süresiniň 1-nji aýaty) süresini okandygymy eşitdi. Ol maňa ýüzlenip: «Oguljygym, Alladan ant içýärin, bu süräni okamak bilen köne derdimi täzelediň. Bu süre Allanyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda okanyny eşiden iň soňky sürämdir» diýdi». 426 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda okan uzyn süreleri hakda Zeýt ibn Sabyt ibn Dahhak Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulyndan (s.a.w.) eşitdim. Ol agşam namazynda iň uzyn iki süräniň uzynyny okaýardy». 427 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda okan bir süresi hakda Jübeýr ibn Mutgym (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda «Wettur» («Tur» süresi) süresini okandygyny eşitdim». 428 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýassy namazynda okan süresi we sežde aýatyny okanda sežde edişi hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Abu Kasym Muhammet Mustapa (s.a.w.) uýup, ýassy namazyny okadym. Ol: «Izýessemääääün şakkat» («Inşikak» süresiniň 1-nji aýaty) süresini okap, sežde ýerinde sežde etdi. Men hem o dünýäde Oňa duşýançam, bu süre okalan wagtynda mydama sežde edip durjak». 429 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýassy namazynda okan süresi we sesiniň ýakymlylygy hakda Bera ibn Azyp Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: „«Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) sapardady. Ol ýassy namazynda iki rekagatyň birinde: «Wettiýni Wezzeýtüwni» («Tiýn» süresiniň 1-nji aýaty) süresini okady». Başga bir rowaýatda-da Bera’ (r.a.): «Ondan owadan sesli ýa-da kyragatli hiç bir kişini diňlän däldirin» diýýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |