01:16 Sahyhy Buhary: Gusul kitaby | |
بِسْــــــــــــــــــــــــــــــــــــمِ اللهِ الرَّحْمـَنِ الرَّحـِيمِ GUSUL KITABY 184 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gusul täretini alşy hakda Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) gusul almagy zerurlyga öwren hapadan arassalanmak üçin ýuwnanda, bu işi ellerini ýuwmakdan başlardy. Soňra namaz üçin täret alşy ýaly edip, täret alardy. Soňra barmakylaryny suwa batyryp çykaryp, saçlarynyň düýbüni öllärdi. Soňra üç goşawuç suwy depesinden akdyryp, ondan soňra tutuş bedenine suw akydardy». 185 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gusul täretini alşy hakda Musulmanlaryň enesi Meýmüwne (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) diňe aýaklaryny ýuwman goýup, namaz üçin täret alşy ýaly edip, täret aldy. Uýat ýerini ýuw¬dy we ol ýerdäki hapa zatlary ýuwup aýyrdy. Soňra öz üstünden suw akytdy. Soňra aýaklaryny öňe uzadyp ýuwdy. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gusuly zerurlyga öwren hapadan arassalanmak üçin gusul täretini alşy şunuň ýalydyr». 186 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gusul täretini alanda ulanan gaby hakda Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) ikimiz bir gapdaky suwdan gusul täretini alardyk. Ol gabyň adyna ferak diýilýärdi». 187 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gusul täretini alşy hakda Ýene şeýle rowaýat edilýär: musulmanlaryň enesi Äşeden (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gusul täretini nädip alýandygyny sorapdyrlar. Äşe (r.a.) bir sa mukdardaky suw sygýan bir gaby getirmeklerini haýyş edipdir. Soňra ol suw bilen ýuwnupdyr. Soňam de-pesinden suw akydypdyr. Şonda onuň bedeniniň aşak bölegi görünmez ýaly, sorag berenler bilen arasyna tuty tutulgy eken. 188 Gusul täretini almak üçin zerur bolan suwuň mukdary Şeýle rowaýat edilýär: biri Jabyr ibn Abdylladan gusul täretiniň nähili edip alynýandygyny sorapdyr. Olam: «Saňa bir sa mukdardaky suw ýeter» diýip, jogap beripdir. Başga biri: «Maňa onça suw ýetmeýär» diýip seslenipdir. Onda Jabyr: «Saçy seniňkiden has gür, göwresi-de seniňkiden iri bolan adama şonça mukdardaky suw ýetýärdi» diýip, jogap beripdir. Soňra Jabyr (r.a.) bir köýnekli halyna ol ýerdäki jemagata ymam bolupdyr. 189 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) öz depesinden suw akydyşyny görkezmegi Jübeýr ibn Mutgym (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Depämden üç gezek suw akydýaryn» diýip, iki eli bilen yşarat edip, suw akydyşyny görkezdi». 190 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gusul täretini alandaky käbir hereketleri Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) gusul täretini zerurlyga öwren hapadan arassalanmak üçin ýuwnan mahaly golça ýaly bir zat getirmegi haýyş ederdi. Soňra iki owujy bilen suw alyp, kellesiniň sag tarapyndan başlap, çep tarapyny hem ýuwandan soňra, ýene iki owujy bilen depesinden suw akydardy». 191 Yhrama girmezden ozal Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gowy ysly zatlary sepinmegi Ýene Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Men Allanyň Resulynyň (s.a.w.) üstüne atyr seperdim. Ol hem gije aýallarynyň bolýan öýlerine aýlanyp çykandan soň, ir bilen üstünden atyryň ysy kükäp duran ýagdaýynda yhrama girerdi». 192 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) erkeklik kuwwaty hakynda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) gijäniň ýa-da gündiziň bir sagadynda nikaly aýallarynyň hemmesiniň ýanyna aýlanyp çykardy. Olar hem on bir (başga bir rowaýata görä, dokuz) aýal¬dy». «Şoňa güýji ýetýärmidi?» diýip soran rawy Katada Enes (r.a.): «Biz öz aramyzda oňa (ýagny Allanyň Resuly (s.a.w.)) otuz erkegiň kuwwaty berlendir diýşerdik» diýip, jogap beripdir. 193 Yhramda wagty Allanyň Resulynyň (s.a.w.) saçyna atyr sepmegi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) yhramda wagty mübärek başynda atyryň ýalpyldap durşy, şu günki ýaly gözü¬miň öňündedir». 194 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gusul täretini alşy hakda Ýene Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) gusul täretini zerurlyga öwren hapadan arassalanmak üçin ýuwnanda, ilki bilen ellerini ýuwup, namaz okamak üçin täret alşy ýaly edip, täret alardy. Soňra gusul täretini almaga başlardy. Ol saçyny elleri bilen öllärdi. Iň soňunda bolsa endamynyň gowy öllenendigine gözüni ýetirýänçä, üç gezek suw akydyp, mukaddes göwresiniň hemme ýerini ýuwardy». 195 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gusul täretini almagy unudyp, bu säwligi düzedişi Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek namaz okamak üçin kamat getirildi. Aýak üstüne galan adamlar hatarlaryny düzetdiler. Şondan soň Allanyň Resuly (s.a.w.) hüjresinden çykyp, ýanymyza geldi. Namaz okaýan ýerinde durandan soň ininiň hapadygy ýadyna düşdi. Ol bize: «Ýeriňizde duruň!» diýip, yşarat etdi. Soňra yzyna dolanyp ýuwundy. Ol başyndan damja-damja suw dökülip duran ýagdaýynda ýanymyza çykdy we tekbir aldy. Bizem onuň bilen birlikde namaz okadyk». 196 Hezreti Musanyň öz köýnegini alyp gaçan daşy yzyna çagyrmagy bilen baglanyşykly mugjyzasy hakda Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ysraýyl ogullary ýalaňaç we biri-birlerine baka-baka ýuwnardylar. Musa alaýhyssalatu wessalam bolsa haýasynyň kämildigi sebäpli, ýeke ýuwnardy. Ysraýyl ogullary: «Walla Musany biziň bilen ýuwunmakdan mahrum edýän zat gürrüňsiz gasygynyň daşyna çykyp durmagydyr» diýip, bu diýdimgaçdy bilen bu beýik adama azar bererdiler. Musa alaýhyssalam bir gezek ýuwunmaga gitdi. Ol köýnegini çykaryp, bir daşyň üstünde goýdy. Daş onuň köýnegini alyp gaçdy. Musa alaýhyssalam: «Daş, köýnegimi ber! Daş, köýnegimi ber!» diýip, ony almak üçin gaty-gaty ýöräp, daşyň yzyna düşdi. Ysraýyl ogullary ony bu halda görüp: «Walla, Musada birem maýyplyk ýok eken» diýýänçäler, ol daşyň yzyna düşdi ýördi. Ondan soň Musa alaýhyssalam köýnegini alyp, daşy döwmäge başlady» diýdi». Abu Hüreýre (r.a.) aýdýar: «Walla, ol daşda urulmakdan ýaňa alty ýa-da ýedi sany yz galypdyr». 197 Allanyň bereketinden doýmadyk Hezreti Eýýup bilen baglanyşykly kyssa Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Al¬lanyň Resuly (s.a.w.): «Eýýup alaýhyssalam ýalaňaçlanyp, ýuwnup duran mahaly ýanyna altyn çekirtgeler üýşdi. Eýýup alaýhyssalam owuçlaryny dolduryp, olary köýneginiň içine atmaga başlady. Merhemetli Ýaradan: «Eýýup, şu görýän zadyňdan ýeterlik paýyňy bermänmidim» diýip seslenenden soň, ol: «Hawa, ýa Ýaradan, seniň beýikligiňden we gudratyňdan ant içýärin, meniň ýeterlik paýymy beripdiň. Ýöne seniň bereketiňden doýjak gü¬manym ýok» diýip, jogap beripdir» diýdi». 198 Ýuwnan mahalyň daşyň perdeli bolmalydygy hakda Ümmi Hany binti Abutalyp (r.a.) şeýle diýipdir: «Mekgäniň boýun egdirilen ýylynda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gitdim. Barsam, ol ýuwnup duran eken. Patma-da perde tutup, ony görer gözden gizleýärdi. Men salam berdim. Ol: «Bu aýal kim bolar?» diýip sorady. Men: «Bu men — Ümmi Hany» diýip jogap berdim». 199 Musulman hiç haçan hapa bolmaz Abu Hüreýräniň aýtmagyna görä, ini hapa mahaly Medinäniň köçeleriniň birinde oňa Allanyň Resuly (s.a.w.) sataşypdyr. Abu Hüreýre aýdýar: «Men biraz ol ýerde durup, soň onuň ýanyndan aýrylyp, gusul täretini alyp geldim. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Eý, Aba Hüreýre, sen nirede bolduň?» diýip sorady. Men: «Inim hapady. Täretsiz seniň ýanyňda oturmak islemedim» diýdim. Şondan soň ol: «Subhanalla! Musulman hiç haçan hapa bolmaz» diýdi». 200 Jübütleşeniňden soň kiçi täret alyp, uklamagyň bolýandygy hakda Ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Omar ibn Hattap (r.a.) Allanyň Resulyndan (s.a.w.): «Inimiz hapa wagtynda uka gidip bilerismi?» diýip sorady. Ol: «Hawa, iniňiz hapa wagtynda, kiçi täret alanyňyzdan soň, isleseňiz, ýatyp bilersiňiz» diýdi». 201 Döl gelmedik ýagdaýynda hem jynsy gatnaşygyň gusul täretini almagy zerurlyga öwürýändigi hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Erkek aýalyň dört böleginiň arasynda oturyp, oňa ýanaşdymy, onda ikisine-de gusul wajyp bolar» diýdi». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |