10:27 Sahyh Buhary: Namaz kitaby / dowamy | |
269 Gabyrlaryň üstünde metjit galdyrmagyň, metjitleriň içine jandarlaryň suratyny çekmegiň gadagandygy hakda Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek musulmanlaryň eneleri Ümmi Habyba bilen Ümmi Seleme (r.a.) özleriniň Hebişistanda gören we içine suratlar çekilen kiliseleri barada gürrüň edip, soňra bu barada Allanyň Resulynana (s.a.w.) hem habar berdiler. Allanyň Resuly (s.a.w.) şonda: «Olar öz aralarynda ýaşap ýören bir gowy adam ýogalanda, onuň gabrynyň üstüne bir metjit galdyryp, onuň içine şonuň ýaly suratlar çekerdiler. Ine olar kyýamat güni mahluklaryň iň erbetleridir» diýdi». 270 Hijret etmäge rugsat alan Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Medinä göç etmegi Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) hijret etmäge rugsat berilmegi bilen sapara çykyp, Medinäniň ýokary tarapyndaky Amr ibn Awf ogullarynyň ýaşaýan ýerinde düşledi. Allanyň Resuly (s.a.w.) olaryň arasynda on dört gün ýaşady. Soňra öz daýylary bolan Neçjar ogullaryna habar ýollady. Olaram gylyçlaryny boýunlaryndan asyp, ýetip geldiler. Allanyň Resuly (s.a.w.) Kaswa atly düesiniň üstünde, Abu Bekr (r.a.) onuň düesiniň syrtynda oturyp, Neçjar ogullarynyň adamlary hem daş-töweregini gurşap alyp, ýola çykyşlary häzirem gözümiň öňünde. Iň soňunda ol Abu Eýýup Hamyt ibn Zeýt Ensarynyň howlusynda düesini çökerdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) nirede namaz wagty girse, şol ýerde hem namaz okamagy halardy. Onuň namazyny dowarlaryň agyllarynda okan gezekleri hem bolupdy. Soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) metjit gurmaga buýruk berdi. Ol Neçjar ogullarynyň adamlarynyň ýanyna birini ýollap, oňa öz adyndan: «Eý, Neçjar ogullary, gurluşyk ediljek ýeriň bahasyny aýdyň, ony töläýin» diýmegi tabşyrdy. Olar bolsa: «Alla bar, bu bolmaz. Biz onuň öwezini diňe Alladan almak isleýäris» diýdiler. Metjit gurmak üçin bölünip alnan ýerde birnäçe müşrigiň mazary, haraba öwrülip giden öýler we hurma agaçlary bardy. Allanyň Resulynyň buýurmagy bilen ol mazarlardan müşrikleriň süňkleri köwlenip alnyp, başga bir ýerde jaýlandy, harabalar tekizlenildi, hurma agaçlary düýbünden kesildi. Pürdelen hurma agaçlaryny direg hökmünde metjidiň kybla tarapynda hatarlap goýdular we gapynyň ýan söelerini daşdan ördüler. Sahabalar rejezler okap, daş daşamaga başladylar. Allanyň Resuly (s.a.w.) olar bilen bilelikde rejez okap: «Allahym, ahyrýet haýryndan başga haýyr ýokdur. Şeýle bolsa, ensar bilen muhajiriň günäsini öt» diýýärdi». 271 Namaz okaňda haýwanyň süträniň ornuny tutýandygy hakda Ibn Omaryň (r.a.) düesini kyblasynda goýup, namaz okap bolandan soň: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) şeýle edendigini gördüm» diýendigi gürrüň berilýär. 272 Allanyň Resuly (s.a.w.) namaz okap durka, oňa jähennemiň görkezilmegi Enes ibn Mälik (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Namaz okap durkam, maňa dowzahyň ody görkezildi» diýendigini gürrüň beripdir. 273 Namazlaryň bir bölegini öýüňde okamalydygy hakda Abdylla ibn Omar (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Namazyňyzyň bir bölegini öýüňizde okaň. Öýleriňizi mazara öwürmäň» diýendigini gürrüň beripdir. 274 Pygamberleriň gabyrlarynyň üstünde metjit galdyrmagyň gadagandygy hakda Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) bilen Abdylla ibn Apbas (r.a.) ikisi şeýle diýipdirler: «Allanyň Resuly (s.a.w.) iň soňky gezek hassalanda (çekýän ejiri sebäpli) öz ýanyndaky bir hamisa bilen ýüzüni örter durardy. Hamisa yssyladyberse, ýene ony bir gapdala aýryp, ýüzüni açardy. Ine, şeýle ýagdaýda ýatyrka: «Ýehudylaryň we hristianlaryň başyndan Allatagalanyň lagnaty insin. Olar pygamberleriniň gabyrlaryny metjide öwürdiler» diýýärdi. Beýle diýmek bilen ol bularyň eden işlerinden ymmaty sakylamak isleýärdi». 275 Bir gara çorynyň yslam dinine girişi we metjitde ýaşap başlamagy Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Arap tireleriniň birinde bir gara çory bardy. Ol azat edilenden soňam şol tiräniň arasynda ýaşamagyny dowam edýärdi. Ana şol şeýle gürrüň berdi: «Bir gezek bu tiräniň çagalaryndan bir gyz daşary çykdy. Onuň egninde gyrmyzy gaýyş böleklerinden edilip, dür bilen bezelen wişah bardy. Ol wişahyny çykardy ýa-da onuň özi üzülip ýere düşdi. Wişahyň ýatan ýerine bir çaý-çaňňalak geldi-de, ony bir et bölegidir öýdüp, gapyp aldy. Ony men alandyryn öýdüp, ogrulykda aýypladylar». Äşe sözüni dowam edip, şeýle diýýär: «Onuň hemme ýerini barlapdyrlar, hat-da etegini hem galdyryp görüpdirler. Çory soňra şeýle diýdi: «Alladan ant içýärin, olar meni ara alyp durkalar, çaý-çaňňalak dolanyp gelip, wişahy aşak taşlady. Olam edil ortalaryna gaçdy. Menem: «Günäm ýokka maňa günä ýükläp, men alandyr öýden zadyňyz, ine, şu ýerde» diýdim». Äşe (r.a.) gürrüňini dowam edip, şeýle diýýär: «Ol zenan Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip, yslam dinini kabul etdi. Onuň metjitde bir otagy ýa-da bir ýüň çadyry bardy. Ol meniň ýanyma gelip, gürleşip oturardy, her gezek gelende-de: «Wişahly wakanyň ýüze çykan güni Rebbimiziň ýaradan täsin günüdir. Onuň meni kapyrlaryň ýurdundan halas edeni şübhesizdir» diýmän gitmezdi. Men oňa: «Saňa näme bolýar? Her gezek meniň bilen oturaňda bu sözleri gaýtalaýarsyň-la» diýdim. Şondan soň ýaňky wakany gürrüň berdi». 276 Metjitde ýatmaga rugsat berilýändigi hakda Sehl ibn Sagt Sagydy (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gün gyzy Patmanyň (r.a.) öýüne bardy. Ol ýerde Alyny (r.a.) tapman, gyzyndan: «Doganoglanym nirede?» diýip sorady. Patma-da (r.a.): «Aramyza bir tow düşdi. Biri-birimizden öýkeledik. Olam gündizki ukusyny meniň ýanymda almady» diýen jogaby berdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) birine: «Seret, ol niredekä?» diýdi. Ol adam gelip: «Ýa Allanyň Resuly, ol metjitde ýatyr» diýip habar berdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) metjide bardy. Görse, Aly bir gapdalyna agdarylyp, uklap ýatyr. Ýapynjasy bir gapdalyndan syrylyp, göwresi topraga bulaşypdyr. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Abu Turap, tur, Abu Turap, tur» diýip, gaýtalap durşuna, onuň bedenine ýelmeşen topragy silkip aýyrmaga başlady». 277 Metjide giren wagtyňda, oturmazyňdan ozal iki rekagat namaz okamalydygy hakda Abu Katada Harys ibn Rybyý Selemiň (r.a.) adyndan beýan edilen bir rowaýatda Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Bir adam metjide giren wagtynda, oturmazyndan ozal iki rekagat namaz okasyn» diýendigi gürrüň berilýär. 278 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) metjidiniň başky görnüşi Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Metjit (Metjidi-Nebewi) Allanyň Resulynyň zamanynda çig kerpiçden bina edilip, üçegi hurma agajynyň şahalaryndan, sütünleri hem hurma agajynyň ýogyn böleklerindendi. Abu Bekr (r.a.) öz döwründe ony üýtgetmän sakylady. Omar (r.a.) ony ulaldyp, inini, boýuny giňeltmek üçin Allanyň Resulynyň (s.a.w.) bagtyýar zamanynda edilişi ýaly, kerpiç we hurma şahalaryny ulandy. Soňra Osman (r.a.) Metjidiň jaýyny üýtgedip gurup, ony has giňeltdi, diwarlaryny kerpiç bilen däl-de, nagyşly daşlardan we hek daşyndan bina etdi. Onuň sütünlerini nagyşly daşlardan galdyryp, üçegini bolsa saj agajy bilen ýapdy». 279 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Ammar (r.a.) bilen baglanyşykly bir mugjyzasy Ygtybarly bir rowaýatda aýdylyşyna görä, Abu Sagyt Hudry (r.a.) hadyslary gürrüň berip oturan wagty Metjidi-Şeribiň bina edilişi hakdaky gürrüňe geçip: «Biz kerpiji ýeke-ýekeden daşaýardyk. Ammar bolsa iki-ikiden daşaýardy. Allanyň Resuly (s.a.w.) onuň beýdýänini görenden soň, onuň üstündäki gumy kakyşdyryp: «Wah, Ammar! Wah, Ammar! Ony azgyn bir tire öldürjekdir. Ammar olary jennete çagyrar, olar bolsa ony dowzaha çagyrarlar» diýdi» diýipdir. Abu Sagyt (r.a.) soňra: «Ammar bu sözleri eşiden mahaly: «Pitnelerden gaçyp, Alla sygynýaryn» diýerdi» diýýär. 280 Hezreti Osmanyň Metjidi-Nebewini täzeden bina eden wagty halkyň bu işi oňlamazlygy we halypanyň olara beren jogaby Ygtybarly bir rowaýatda aýdylyşyna görä, Osman ibn Affan (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Metjidini täzeden bina eden wagty halkyň bu işi oňlaman, her hili myş-myş gürrüňleri ýaýradandygy üçin: «Siz gepiňizi köpeltdiňiz. Men Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Her kim Allanyň razylygyny gazanmak üçin bir metjit bina etse, Allatagala-da onuň üçin jennetde edil şonuň ýaly bir öý bina eder» diýendigini eşitdim» diýipdir. 281 Metjide ýaragly girmegiň gadagandygy hakda Jabyr ibn Abdylla (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek biri Pygamberimiziň (s.a.w.) metjidiniň içinden geçdi. Onuň ýanynda uçlary çykyşyp duran peýkamlar bardy. Allanyň Resuly (s.a.w.) oňa: «Uçlaryny tut» diýdi. 282 Metjitleriň, bazarlaryň içinden ýany peýkamly geçen adam, musulmanlar ýaralanmaz ýaly, eli bilen peýkamlaryň uçlaryny tutmaly Abu Musa Abdylla ibn Kaýs Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Kim-de kim ýany peýkamly metjitlerimiziň, ýa bolmasa, bazarlarymyzyň içinden geçse, musulmanlar ýaralanmaz ýaly, eli bilen peýkamlarynyň uçlaryny tutsun» diýdi». 283 Metjitde şygyr okamaga rugsat berilmegi Hassan ibn Sabytyň (r.a.) metjitde şygyr okamak bolýandygyny aňlatmak üçin Abu Hüreýräni (r.a.) şaýat tutunyp, ondan: «Allanyň ady bilen haýyş edýärin, Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Hassan! Allanyň Resulynyň (s.a.w.) adyndan kuraýyş kapyrlaryna jogap ber. Allahym, oňa Jebraýyly ýardamçy et!» diýendigini eşitdiňmi?» diýip sorandygy, onuňam: «Hawa (eşitdim)» diýendigi ygtybarly rowaýatda beýan edilýär. 284 Söweşjeňlik ukybyňy artdyrýan oýny oýnamagyň mubah hasap edilmegi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gün Allanyň Resuly (s.a.w.) hüjrämiň gapysynyň agzynda durdy, hebeşiler bolsa metjitde oýun oýnaýardylar. Allanyň Resuly hem (s.a.w.) meniň olaryň oýunlaryny synlap bilmegim üçin, öz ýapynjasy bilen meni perdeleýärdi». Bir rowaýatda: «Gysga naýzalaryny oýnadýardylar» diýlipdir. 285 Algy-bergi dawasynyň çözülişi Ygtybarly bir hadysda şeýle diýilýär: «Kagp ibn Mälik Ensary(r.a.) diýen sahaba Abdylla ibn Abu Hadret Eslemiden (r.a.) algysyny talap edip, Metjidi-Şeripde onuň synyndan ýapyşypdyr. Olar öz bagtyýar öýünde oturan Allanyň Resuly (s.a.w.) eşidäýjek derejede seslerini gataldypdyrlar. Allanyň Resuly (s.a.w.) olaryň ýanyna barmak niýeti bilen öz otagynyň perdesini açyp: «Eý, Kagp!» diýip seslenipdir. Kagp: «Lebbeýk, ýa Allanyň Resuly» diýenden soň, ol elleri bilen yşarat edibräk: «Şunçasyny, ýagny algyň ýarsyny geç» diýipdir. Kagp şobada: «Alla bar, geçdim, ýa Allanyň Resuly» diýip seslenipdir. Şondan soň Allanyň Resuly (s.a.w.) Ibn Abu Hadrede: «Indi tiz ýeriňden tur-da, bergiňi ber» diýip buýruk beripdir». 286 Metjidi tämizlemegiň artykmaçlygy Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir negr adam ýa-da aýal Metjidi-Şeribi syryp-süpürýärdi. Ol bir gün ýogaldy. Allanyň Resuly (s.a.w.) onuň niredeligini sorady. «Ýogaldy» diýdiler. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Maňa onuň ýogalanyny habar bermeli dälmi näme? Maňa onuň mazaryny görkeziň» diýdi. Soňra onuň mazarynyň başyna baryp, onuň üçin jynaza namazyny okady». 287 Riba (süýthorlygy gadagan edýän) aýaty-kerimeleriniň inmegi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Bakara» süresiniň ahyrraklaryndaky riba (süýthorluk gadagan edilýän) aýatlary («Bakara» süresiniň 275-279-njy aýatlary) inen wagty Allanyň Resuly (s.a.w.) Metjidi-Şeribe bardy we bu aýatlary halka okap berip, soňra hamr söwdasyny (ýagny hamr almagy we satmagy) gadagan etdi». 288 Jynlardan bolan bir al-arwahyň Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazyny bozdurmak üçin, onuň üstüne hüjüm etmegi Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gün: «Jynlardan bir al-arwah geçen gije namazymy bozdurmak üçin duýman durkam üstüme hüjüm etdi. Ýöne Allatagala ondan üstün çykmaga maňa güýç berdi. Daň atandan soň hemmäňiziň synlamagyňyz üçin ony metjidiň sütünleriniň birine daňmak isledim, emma gardaşym Süleýman ibn Dawut alaýhyssalamyň: «Ýa Reb, meni bagyşla we maňa menden soňra hiç kime nesip etmejek bir mülki ber» diýendigi ýadyma düşüp, al-arwahy köpek kowan ýaly edip kowdum» diýdi». 289 Hendek söweşinde ýaralanan Sagt ibn Mugazyň (r.a.) wepat bolmagy 289 Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Sagt ibn Mugaz (r.a.) Hendek söweşiniň bolan gününde elinden ýaralanypdy. Allanyň Resuly (s.a.w.), ony soramak aňsat bolar ýaly, metjitde onuň üçin ýörite çadyr gurdurdy. Metjitde gyfar tiresinden bolan birnäçe adama degişli hem bir çadyr bardy. Olar öz çadyrlarynda arkaýyn otyrkalar, özlerine tarap akyp gelýän gany görüpdirler. Olar: «Siz tarapdan biziň ýanymyza akyp gelen gan nämäniň alamaty?» diýip seslendiler. Görsek, Sagtyň ýarasy ganapdyr. Ine, Sagt şondanam ýogaldy». 290 Haj wagtynda näsaglan Ümmi Selemä (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) adamlaryň yzy bilen düýä münüp, Käbä togap etmegi maslahat bermegi Musulmanlaryň enesi Ümmi Seleme (r.a.) şeýle diýipdir: «Haj wagtynda Allanyň Resulyna (s.a.w.) näsaglandygymy habar berdim. Ol: «Adamlaryň yzy bilen düýä münüp, togap et» diýdi. Aýdyşy ýaly edip, togap etdim. Allanyň Resuly-da (s.a.w.) Käbäniň ýanynda namaza durup: «We’t-Tuwri we Kitäbin mestuwr...» diýen aýatler bilen başlanýan «Tur» süresini okaýardy». 291 Garaňky bir gijede Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyndan aýrylan iki adamyň öňlerini çyra meňzeş bir zadyň ýagtylandyrmagy Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalaryndan iki adam bir garaňky gijede çyra meňzeş iki sany şöhle saçyp duran zat öňlerinde bolan ýagdaýda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýany bilen çykdylar. Olar biri-birlerinden aýrylyşan wagtlarynda ol çyralar hem olar bilen birlikde aýrylyşyp, tä öýlerine barýançalar olaryň ýoluny ýagtyltdylar». 292 Soňky gezek hassalanda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) metjitde okan hutbasynda ýogaljagyny habar bermegi. Bu hutbasynda onuň Abu Bekri (r.a.) öwmegi Abu Sagyt Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) soňky gezek hassalanda hutba okamaga çykyp: «Allatagala bir gulunyň bu dünýä bilen öz ýanyndaky dünýäniň haýsy hem bolsa birini seçmegini isledi. Olam Allanyň ýanyndakyny seçip aldy» diýdi. Bu sözi eşidip, Abu Bekr (r.a.) aglamaga başlady2. Men öz ýanymdan: «Allatagalanyň bir guluň bu dünýä bilen öz ýanyndaky dünýäniň haýsy hem bolsa birini seçip almagyny islemeginde we onuňam Allanyň ýanyndaky dünýäni seçip almagynda bu gojany agladar ýaly näme barka?» diýip oýlandym. Bu ýerde gep şol guluň Allanyň Resulynyň (s.a.w.) özi bolanlygynda eken! Abu Bekr (r.a.) biziň hemmämizden köp bilýärdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) Abu Bekriň aglap oturanyny görenden soň: «Ýa Abu Bekr, aglama. Dostluk babatynda-da, öz baýlygyny gaýgyrmazlyk babatynda-da adamlardan maňa iň kän jomartlyk eden Abu Bekrdir3. Eger adamlaryň arasyndan kimdir birini iň ýakyn dost (halyl) tutunmaly bolsam, Abu Bekri saýlap alardym. Ýöne yslam arkadaşlygy we söýgüsi şahsy dostlukdan ýokarydyr. Metjitde Abu Bekriň gapysyndan başga baglanmadyk bir gapy hem galmasyn» diýdi». 293 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Abu Bekri (r.a.) öwmegi Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Wepat bolmagyna sebäp bolan hassalygy wagtynda Allanyň Resuly (s.a.w.) mübärek başyny bir mata bölegi bilen daňyp, metjide bardy-da, münbere çykyp oturdy. Ol Alla hamdu-sena edenden soň: «Adamlaryň arasynda jany we baýlygy babatda meniň üçin Abu Bekr ibn Abu Kuhafeden artyk jomartlyk edeni ýokdur. Eger adamlaryň arasynda ýakyn dost (halil) tutunmaly bolsadym, onda Abu Bekri ýakyn dost tutunardym. Ýöne yslam dostlugy has üstündir. Menden soň bu metjitdäki gapylaryň Abu Bekriň gapysyndan başgas¬ynyň baryny ýapyň» diýdi». 294 Mekgäniň boýun egdirilen döwründe Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Käbede namaz okamagy Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Mekgä aýak basyp, Osman ibn Talhany ýanyna çagyrdy. Olam Käbäniň gapysyny açdy. Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde Bilal, Üsame ibn Zeýt we Osman ibn Talha (r.a.) içeri girdiler. Soňra gapy baglandy. Allanyň Resuly (s.a.w.) ol ýerde birnäçe wagtlap bolup, daşary çykdy. Men derrew atylyp baryp, Bilaldan onuň näme edenini soradym. Ol: «Namaz okady» diýip jogap berdi. Men: «Niresinde?» diýip soradym. Olam: «Iki diregiň arasynda» diýdi. Näçe rekagat namaz okanyny soramak kelläme gelmändir». 295 Allanyň Resuly (s.a.w.) gije namazy barada Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gün hutba okamak üçin münbere çykanda, biri: «Ýa Allanyň Resuly, gije namazyny nädip okamaly?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Iki ikiden. Ýöne gije (tehejjüt) namazyny okaýan adam ertir namazynyň wagty girendir öýdüp şübhelense, öňki okan iki rekagat namazynyň soňundan bir rekagat namaz okar. Bu bir rekagat öňki okan namazyny witir, ýagny täk eder» diýdi». Ibn Omar (r.a.) sözüni dowam etdirip, şeýle diýýär: «Gijelerine soňky namazyňyz witir (ýagny täk rekagatly namaz) namazy bolsun. Çünki muny Allanyň Resuly (s.a.w.) emr edipdi». 296 Metjitde uzanyp ýatmaga rugsat berilýändigi hakda Abdylla ibn Zeýt ibn Asym Mazini Ensarynyň (r.a.) Allanyň Resulyny (s.a.w.) Metjidi-Şeripde arkan ýatyp, bir aýagyny beýlekisiniň üstüne atan ýagdaýynda gören¬digi ygtybarly deliller bilen gürrüň berilýär. 297 Metjitde okalan namazyň artykmaçlygy Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Adamyň jemagat bilen okan namazynyň sogaby öýünde we alyş-beriş edýän ýeri bolan bazarda ýeke bolup okan namazynyň sogabyndan ýigrimi bäş esse uludyr. Araňyzda biri täret almagy niýet edip, ony doly alandan soň we namaz okamakdan başga niýeti bolmazdan, metjide ugran wagty, metjide barýança äden her bir ädimi üçin Allatagala ony bir dereje beýgelder we bir günäsini kemelder. Metjide girenden soňam ol ýerde näçe wagtlap galsa, şonça wagtlap okalan namazyň sogaby ýaly sogap gazanar. Ol namaz okan ýerinden aýrylman näçe dursa, täreti bozulýança perişdeler: «Allahym, muny bagyşla, Allahym oňa rehmetiňi eçil» diýip, onuň üçin doga we dileg ederler» diýdi». 298 Möminleriň özara baglanyşygynyň berkligi hakda Abu Musa Abdylla ibn Kaýs Eşgarynyň (r.a.) adyndan aýdylýan ygtybarly rowaýatda Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Möminler biri-birleri bilen diwaryň bölekleri ýaly baglanyşarlar» diýendigi we bu sözleri aýdýarka barmakylaryny biri-biriniň içinden geçirip baglandygy gürrüň berilýär. 299 Sehiw seždesi hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gezek bize öýle ýa-da ikindi namazlarynyň haýsy hem bolsa birini okadanda, iki rekagatdan soň salam berdi. Ondan soňra ýerinden turup, metjidiň içinde keseligine ýatan tagta böleginiň ýanyna baryp, bir zada gahary gelýän ýaly, oňa ýaplandy. Soňra sag elini çep eliniň üstünde goýup, barmakylaryny biri-biri bilen çilşirip, sag ýaňagyny çep eliniň arkasyna diredi. Adamlaryň howlukmajraklary metjidiň gapylaryndan daşary çykyp baryşlaryna: «Namaz gysgaldy» diýişýärdiler. Jemagatyň içinde Abu Bekr (r.a.) bilen Omaram (r.a.) bardy. Bular Allanyň Resulyna (s.a.w.) bir zat diýmekden çekindiler. Şol jemagatyň arasynda gollary uzyn bolany üçin Zül-ýedeýn lakamyny alan bir adamam bardy. Ol: «Ýa Allanyň Resuly, unutdyňmy ýa-da namaz gysgaldymy?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Unut¬ma¬dymam, namazam gysgalmady» diýdi. Soňra: «Zül-ýedeýniň aýdyşy ýalymy?» diýip sorady. «Hawa» diýlenden soň öňe çykyp, namazyň okalman galan bölegini okatdyrdy. Soňra salam berdi. Soňra tekbir alyp, seždä gitdi. Adatça edişi ýaly edip ýa-da ondanam uzagrak seždede boldy. Soňra başyny galdyryp, tekbir aldy. Soňra tekbir alyp, ýene seždä gitdi. Soňra ýene başyny galdyryp, tekbir aldy». Bu hadysy beýan edenlerden biri bolan Ibn Sirinden: «Soňra salam berdimi?» diýip sorapdyrlar. Ol hem: «Ymran ibn Hüseýiniň: «Soňra salam berdi» (diýendigini maňa habar berdiler)» diýipdir. 300 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okan ýerlerinde teperrik üçin namaz okamaga rugsat berilmegi Abdylla ibn Omar ibn Hattabyň (r.a.) Mekge bilen Medinäni birleşdirýän ýoluň käbir ýerlerinde namaz okap: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) bu ýerlerde namaz okandygyny gördüm» diýendigi ygtybarly rowaýatda beýan edilýär. 301 Hoşlaşyk hajyna gidende Allanyň Resulynyň (s.a.w.) düşlän we namaz okan ýerleri hakda Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) umra hajyna giden wagtlarynda we soňky gezek haja gidende Zül-Huleýfede sakylanyp, ol ýerde soňra gurlan metjidiň ýerleşýän ýerinde ösüp oturan agajyň aşagynda düşläpdi. Ol umradan, hajdan ýa-da bu ýoluň ugrunda bolup geçen söweşden yzyna dolananda, jülgäniň (ýagny Akik jülgesiniň) iç ýüzünden aşak inerdi. Ol ýerden ýokarlygyna galandan soň bolsa jülgäniň gündogar çetinde ýerleşen ýalaň hem daşlyk ýerde düesini çökererdi hem-de ol ýerde ertire çenli dynç alardy. Onuň dynç alýan bu ýeri daşlyk ýerde salnan metjidiň ýanynda-da, şol metjidiň ýerleşen daşly depesinde-de ýerleşmeýärdi». Abdylla ibn Omaryň adyndan bu hadysy beýan eden rowaýatçy şeýle diýýär: «Abdylla bu jülgäniň dilkawlarynyň biriniň golaýynda namaz okardy. Ol jülgäniň düýbünde köp mukdardaky gum üýşmekleri bolan çuň oý bardy. Allanyň Resuly-da (s.a.w.) öňler şol ýerde namaz okar eken. Siller gum getire-getire, ol oýdaky gum üýşmeklerini tekizläpdir we Abdylla ibn Omaryň namaz okan ýeri gumuň aşagynda galypdyr. Ýene Abdylla ibn Omar Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Şerebi-Rewhadaky metjidiň bäri tarapynda ýerleşýän kiçijik metjidiň ýanynda namaz okandygyny aýdardy. Ol Allanyň Resulynyň (s.a.w.) nirede namaz okandygyny bilýärdi we: «Ol ýer metjitde namaza duran wagtyň sagyňda galýar» diýýärdi. Onuň diýýän metjidi hem dogry Mekge tarapa gideňde ýoluň sag tarapynda bolup çykýar. Onuň bilen uly metjidiň aralygy bir daş atymlyk ýa-da şoňa golaý aralykdyr. Ýene Abdylla ibn Omar Rewha jülgesinden çykylýan ýeriň golaýyndaky depejige bakyp, namaz okardy. Mekge tarapa gideňde bu depejigiň soňy onuň özi bilen Rewha jülgesiniň serhediniň aralygynda ýerleşýän metjidiň golaýyndan geçýän ýola baryp direýär. Ol ýerde bir metjit salnan bolsa-da, Abdylla ibn Omar ol metjitde namaz okamazdy. Ol bu metjidi ýa çepinde, ýa-da arka tarapynda galdyryp, metjidiň kybla tarapyndaky depejige bakyp, namaz okardy. Abdylla Rewha jülgesinden günorta mahalyndan soňra çykanda, öýle namazyny şol ýere gelýänçä okaman, şol ýerde okardy. Mekgeden yzyna dönende-de, daň atmazyndan birnäçe wagtlap öň ýa-da daň atmazynyň öňýany ol ýere gelip ýetse, ertir namazyny okaýança şol ýerde gijeläp, düşläp geçerdi». Ýene-de Abdylla ibn Omar şeýle diýýär: «Allanyň Resuly (s.a.w.) adatça Rüweýsäniň öň tarapyndaky tekiz daşlyk ýerden geçýän ýoluň sag tarapynda ösüp oturan ullakan agajyň aşagynda düşlärdi. Ol agaç Rüweýsede çaparlaryň düşleýän ýerinden takmynan iki mil (mil — bir kilometre golaý uzaklyk) uzakda ýerleşen depäniň aňyrsynda ösüp otyrdy. Onuň ýokarky şahalary omrulyp, içi köwlüpdir. Onuň sütüni häzirlikçe somalyp dur. Düýbüne bolsa gum üýşmekleri toplanypdyr». Ýene Abdylla ibn Omar şeýle diýýär: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Araj obasyndan çykyp, uly bolmadyk daga tarap gideňde, ol obanyň aňyrsynda galýan kiçeňräk gury deräniň gyrasyndaky depä tarap garap, namaz okady. Ol ýerde soňky döwürde gurlan metjidiň golaýynda iki ýa-da üç sany mazar ýerleşip, olaryň üstünde ullakan daşlar goýlupdyr. Bu mazarlar ol ýerde ösüp oturan agaçlaryň arasyndan geçýän ýoluň sag tarapynda ýerleşýär». Şu ýerde söz gezegini rowaýatçy alyp şeýle diýýär: «Abdylla gün ortadan agansoň Araç obasyndan çykyp, öýle namazyny şol namazgähde okardy». Ýene Abdylla ibn Omar aýdýar: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Herşa dagynyň ilersindäki inişden geçýän ýoluň çep tarapyndaky beýik agaçlaryň ýanynda düşlärdi. Bu iniş Herşa dagynyň etegine baryp direýär. Onuň bilen ýoluň arasynyň uzaklygy peýkam atymlyk aralykdyr». Şu ýerde söz gezegini rowaýatçynyň özi alyp, şeýle diýýär: «Abdylla bu agaçlaryň iň uzynyna we ýola iň ýakynyna bakyp, namaz okardy». Ýene Abdylla ibn Omar aýdýar: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Merr Zyhran diýilýän ýere Medine tarapyndan iň ýakyn bolan inişde düşlärdi. Eger ýolagçy Safrawatdan çykyp, Mekgä tarap gitse, onda ol ýoluň çepinde ýerleşýän bu inişiň üstünden barar. Ýol bilen Allanyň Resulynyň (s.a.w.) düşlän ýeriniň arasyndaky uzaklyk babatda aýdylanda bolsa, ol daş atymlyk aralykdan uzak däldir». Ýene Abdylla ibn Omar aýdýar: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Mekgä gelende ilki Zu-Tuwada düşläp, daň atýança gijesini bu ýerde geçirerdi we ertir namazyny bu ýerde okardy. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okan ýeri bu ýerde gurlan metjidiň ýerleşýän ýerinde däl-de, ondan aşagrakda ýerleşen beýik depäniň üstündedir». Ýene Abdylla ibn Omar şeýle diýerdi: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Käbe tarapyndaky beýik dag bilen öz arasynda ýerleşýän iki sany dag geçelgesine tarap seredip, namaz okady». Şu ýerde söz gezegini ýene rowaýatçy alyp, şeýle diýýär: «Abdylla ibn Omar bu ýerde namaz okanda, şol iki dag geçelgesini kyblasyna alyp, şol döwürde salnan metjidi daş depäniň gyrasyndaky namazgähiň çep tarapyna alardy. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazgähi bu metjitden aşakda ýerleşýän gara depäniň üstündedi. Şol depä çykmak üçin oňa tarap takmynan on arşyn ýokary galmaly. Şondan soň Käbe bilen öz araňa düşen iki dag geçelgesine tarap bakyp, namaz okarsyň». 302 Baýram namazlarynda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) öz öňüne bir gysga naýzany dikmegi Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) baýram güni namaz okamaga çykanda, bir gysga naýza getirmeklerini buýrardy. Bu naýza onuň öňünde dikilip, şoňa bakyp namaz okardy, adamlaram onuň yzynda namaza durardylar. Allanyň Resuly (s.a.w.) sapar wagtynda-da şeýle ederdi». Şu ýerde bu hadysy beýan eden rowaýatçy şeýle diýýär: «Hökümdarlaryň baýram namazlarynda öňlerinde gysga naýza dikdirmekleri şondan gaýdýar». 303 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) öz öňüne bir gysga naýza dikip, namaz okadyp durka öňünden eşek we zenan geçse-de, namazyny dowam edendigi hakda Abu Juhaýfe Wehb ibn Abdylla Süwäýi (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Bathada öz öňünde gysga naýza dikilgi ýagdaýda öýle we ikindi namazlaryny iki rekagat, iki rekagat edip okadandygyny, şol wagt onuň öňünden bir aýal bilen bir eşegiň geçendigini ygtybarly rowaýatda habar berýär. 304 Namaz okaýan kişi bilen diwaryň arasyndaky uzakylyk Sehl ibn Sagt Sagydy (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okaýan ýeri bilen diwaryň arasynda bir goýun geçip biläýjek ýer bardy». 305 Allanyň Resuly (s.a.w.) hajatyny bitirmek üçin çykanda, ýanyna bir hasa ýa-da gysga naýza, birem suw mytarasyny alandygy hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) hajat kylmak üçin çykan wagty bir çaga bilen birlikde ýanymyza ujuna gysga naýza berkidilen taýak ýa-da bir hasa, ýa bolmasa gysga bir naýza, şonuň ýaly-da suwly mytahara (gap) alyp, yzyna düşerdik. Işini bitirenden soň mytaharyny eline tutdurardyk. 306 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) adatça Gurhan goýulýan ýeriň ýanyndaky direge bakyp namaz okamaga çalşandygy hakda Seleme ibn Ekwa Esleminiň (r.a.) adatça Mushafy (Gurhan) goýulýan ýeriň ýanyndaky direge bakyp, namaz okandygy, kimdir biriniňem oňa: «Seniň mydama şu diregiň ýanynda namaz okamaga çalyşýandygyňy görýärin» diýende: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) hem şu diregiň ýanynda namaz okamaga çalşandygyny gördüm» diýip, jogap berendigi ygtybarly rowaýatda habar berilýär. 307 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Käbäniň niresinde namaz okandygy hakda Abdylla ibn Omaryň (r.a.) adyndan Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Käbä girişi hakyndaky hadys, aýdyjylaryň üznüksiz zynjyry arkaly rowaýat edilýär. Ol şeýle diýýär: «Bilal Käbeden çykan wagty ondan: «Allanyň Resuly (s.a.w.) näme etdi?» diýip soradym. Ol: «Bir diregi sag, bir diregi çep, üç diregi-de arka tarapyna aldy» diýdi. Käbäniň ol döwürde alty diregi bardy». Başga bir rowaýatda: «Iki diregi sag tarapyna...» diýlipdir. 308 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) düýäni ýa-da onuň howudyny sütre edinip, namaz okandygy hakda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) öz münüş düesini garşysynda çökerip, oňa garşy durup namaz okandygy Ibn Omaryň adyndan (r.a.) beýan edilen ygtybarly bir hadysda gürrüň berilýär. Ibn Omaryň adyndan bu hadysy beýan eden Nafiden: «Düeler aýaga galkaýsalar, näme edersiň?» diýip sorapdyrlar. Olam: «Beýle ýagdaý ýüze çykanda, Allanyň Resuly (s.a.w.) düýäniň howudyny öňünde goýardy we onuň yzky gaşyny nazarlap, namaz okamagyny dowam ederdi. Ibn Omaram şeýle ederdi» diýip, jogap beripdir. 309 Uzanyp ýatan adama tarap seredip namaz okamaga rugsat berilýändigi hakda Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Siz bizi itdir eşek bilen deňeşdirýärsiňizmi? Kasam edýärin, men düşegiň bir tarapynda ýanyn ýatan wagtymda, Hezreti Allanyň Resuly (s.a.w.) gelip, düşegiň ortarasynda namaza durardy. Men bir zerurlyk üçin ýerimden turmaly bolsam, onuň kyblasyna gabat gelmäýin diýip, düşegiň aşak tarapyndan syrylyp çykardym». 310 Öňünde sütre goýup, namaz okap duran Abu Sagyt Hudrynyň (r.a.) öz öňünden geçmek islän ýetginjek bilen garpyşmagy we bu babatda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) adyndan gürrüň beren hadysy Ygtybarly bir rowaýatda beýan edilişine görä, Abu Sagyt Hudry (r.a.) juma günleriniň birinde öňünden geçmezleri ýaly, bir zady sütre edinip, namaz okap durka, Abu Muaýtyň nebere¬sinden bir ýetginjek onuň öňünden geçmek isläpdir. Abu Sagyt (r.a.) onuň döşüne bir ýumruk urup, yzyna gaýtarypdyr. Ol ýetginjek daş-töweregine seretse, şol ýerden başga geçere ýol ýokmuş. Ol ýene Abu Sagydyň öňünden geçmekçi bolupdyr. Abu Sagyt bu gezek oňa has ýowuz darap, yzyna gaýtarypdyr. Ol ýetginjek Abu Sagyda sögünipdir-de, soňra Medinäniň hökümdary Merwan ibn Hakemiň ýanyna gidip, Abu Sagydyň özüni alyp barşyndan şikaýat edipdir. Onuň yzy bilen Abu Sagyt hem Merwanyň ýanyna giripdir. Merwan oňa ýüzlenip: «Ýa Abu Sagyt, doganyň ogly bilen araňyzda näme bar?» diýipdir. Ol hem: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Araňyzdan biri gelen-geçenden gorajak bir süträ bakyp namaza duran wagty, başga biri onuň öňünden geçmäge synanyşsa, ony yzyna dolasyn. Diňlemese, onuň bilen uruşsyn. Çünki ol diňe şeýtan bolup biler» diýendigini eşitdim» diýip, jogap beripdir. 311 Namaz okap duran adamyň öňünden geçmegiň ýigrenilýän zatdygy hakda Abu Jüheým Harys ibn Symma Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly : «Namaz okaýanyň öňünden geçen adam öz üstüne näçe günä alýandygyny bilse, onuň öňünden geçmekden kyrk ........... durmagy has haýyrly biler» diýdi». Rowaýatçy: «Kyrk gün diýdimi, kyrk aý ýa-da kyrk ýyl diýdimi — bilmeýärin» diýýär. 312 Kyblaňda zenan ýatan wagty namaz okamagyň bolýandygy hakda Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Men düşeginde öňüni gabatlap uklap ýatan wagtym, Allanyň Resuly (s.a.w.) maňa garşy durup namaz okardy we witir namazyny okajak bolanda, meni-de oýarardy. Witir namazyny onuň bilen bile okardym». 313 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) bir çagany elinde göterip namaz okandygy hakda Abu Katada Harys ibn Rybyý Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Öz gyzy Zeýnebiň Abu As ibn Raby ibn Abdyşemsden (r.a.) bolan gyzy Ümämäni götermek bilen bir wagtda Allanyň Resuly (s.a.w.) namaz okardy we sežde etmeli bolanda ony ýerde goýup, ýerinden turanda gaýtadan götererdi». 314 Namaz okap duran wagty arkasyna malyň eşeni atylan Allanyň Resulynyň (s.a.w.) bu işiň sebäpkärlerine eden betdogasy we ol doganyň Bedir söweşinde amala aşmagy Allanyň Resuly (s.a.w.) namaz okap duran wagty kuraýyş kapyrlarynyň onuň arkasyna öldürilen malyň eşenini atandyklary üçin, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) olara bet doga edişi barada Abdylla ibn Mesgudyň (r.a.) adyndan beýan edilen 177-nji hadysda gürrüň edilipdi. Bu ýerde bu hadysyň ahyrynda Abdylla ibn Mesgut şeýle diýýär: «Soňra olary (Umare ibn Welitden beýlekilerini) Kalyba, ýagny Bedir guýusyna gapgardylar. Soňra Allanyň Resuly (s.a.w.): «Kalybyň eýeleriniň yzyndan derrew lagnat gönderildi!» diýdi». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |