01:21 Sahyhy Buhary: Aýbaşy kitaby | |
بِسْــــــــــــــــــــــــــــــــــــمِ اللهِ الرَّحْمـَنِ الرَّحـِيمِ AÝBAŞY KITABY 202 Aýbaşy gelýän zenan Käbä togap etmez Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Haj etmekden başga zady niýet etmän Medineden çykypdyk. Serife gelenimizden soň aýbaşymyň gelip başlandygyny duýdum. Allanyň Resuly (s.a.w.) ýanyma girdi. Men haj ybadatlaryny ýerine ýetirip bilmejegim üçin aglaýardym. Ol: «Näme boldy? Hapalandyňmy?» diýip sorady. Men: «Hawa» diýdim. Ol: «Bu Allanyň Adamyň gyzlarynyň maňlaýyna ýazan zadydyr. Hajylaryň ýerine ýetirýän ybadatlaryny sen hem ýerine ýetir, diňe Käbä togap etme» diýdi». Soňra Äşe (r.a.): «Birem Allanyň Resuly (s.a.w.) nikaly aýallarynyň adyndan sygyr gurban etdi» diýýär. 203 Aýbaşy gelip duran zenana äriniň saçyny daramaga rugsat berilýär Ýene Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) mübärek başyny aýbaşym gelip durka-da darardym». 204 Ýene şol mesele hakda Ýene Äşäniň (r.a.) adyndan aýdylýan başga bir rowaýatda onuň aýbaşy gelip durka we öz hüjresinde otyrka, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Metjidi-şerifde ýeke oturan ýerinden öz mübärek başyny oňa tarap uzadandygy we onuňam darandygy aýdylýar. 205 Aýbaşy gelip duran zenanyň gujagyna başyňy goýup, ýatdan Gurhan okamak bolýandygy hakda Ýene Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Aýbaşym gelip duran wagty Allanyň Resuly (s.a.w.) mübärek başyny gujagymda goýardy, soňra bolsa Gurhan okardy». 206 Aýbaşy gelýän zenanyň gapdalynda ýatmagyň zyýanynyň ýokdugy hakda Musulmanlaryň enesi Ümmi Seleme (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen bir ýüň matany ýapynyp ýatyrdyk. Birden aýbaşymyň gelip başlandygyny duýdum. Ýuwaşlyk bilen onuň ýanyndan çykyp, aýbaşym gelende geýýän köýnegimi geýip geldim. Ol: «Aýbaşyň geldimi?» diýip sorady. «Hawa» diýdim. Şondan soň ol meni ýanyna çagyrdy. Men seçekli mahmalyň astynda onuň bilen bile ýatdym». 207 Aýbaşy gelýän zenanyň tenine teniňi degirmekde, oňa kelläňi ýuwdurmakda zyýan ýokdur Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde ikimiziňem inimiz hapa wagtynda bir gapdan ýuwnardyk. Aýbaşym gelende onuň emri bilen öňlük dakynardym. Ol meniň aýbaşym gelip duran wagty tenini tenime degrerdi. Şonuň ýaly-da ol metjitde ýeke oturan wagty, meniňem aýbaşym gelýärkä, kellesini oturan ýerinden çykarardy, menem ony ýuwardym». 208 Aýbaşy gelýän zenanyň äriniň ýanyna öňlük dakynyp barmagynyň artykmaçlygy hakda Ýene Äşe (r.a.) başga bir rowaýatda şeýle diýipdir: «Aramyzdan (ýagny musulmanlaryň enelerinden) birimiziň aýbaşymyz gelip durka, Allanyň Resuly (s.a.w.) oňa ýakynlaşmak islese, oňa aýbaşy gelip ugrandan öňlük dakynmagy emr ederdi we şondan soň oňa ýakynlaşardy. Siziň haýsyňyz nebsiňize Allanyň Resulynyň (s.a.w.) nebsine buýruşy ýaly derejede buýrup bilersiňiz?». 209 Zenanlaryň din we akyl babatda erkeklerden pesdigi barada Abu Seýit Sagt ibn Mälik ibn Synan Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Gurban ýa-da remezan baýramlarynyň haýsy hem bolsa birinde Allanyň Resuly (s.a.w.) ýanymyza — namaz okalýan ýere çykdy. Ol aýallaryň deňinden geçip barýarka, aýallara ýüzlenip: «Aýallar, sadaka beriň, sebäbi maňa jähennemiň ýaşaýjylary görkezildi. Olaryň köpüsi aýallardy» diýdi. Aýallar: «Ýa Allanyň Resuly, näme üçin beýle?» diýip soradylar. Ol: «Sebäbi siz ötene-geçeni köp näletleýärsiňiz, ärleriňiziň edeniniň gadryny bileňzok. Men kemakyl we din işlerinde bikämil adamlaryň arasynda paýhasly adamy şeýle derejede paýhasyndan mahrum edip bilýän başga birlerini görmedim» diýdi. Aýallar: «Näme sebäpli biziň akylymyzam, dinimizem kem bolýar, ýa Allanyň Resuly!» diýdiler. Ol aýtdy: «Aýalyň şaýatlygy erkegiň şaýatlygynyň ýarsyna deň dälmi?». Aýallar: «Hawa» diýdiler. Ol: «Ine, bu akylyňyzyň kemligi sebäplidir. Aýal aýbaşy gelende namaz okanok, oraza tutanok dälmi?» diýdi. Olar: «Hawa» diýdiler. Ol: «Ine, bu hem diniňiziň bikämilliginiň sebäbidir» diýip jogap berdi». 210 Aýbaşy gelmegi kesilmeli wagtyndan soňam gany durmaýan zenanyň itikaf etmegine rugsat berilýändigi hakda Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde onuň nikaly aýallarynyň biri mustehaza halyndaka we gany akyp durka itikaf etdi. Ganynyň akyp durandygy sebäpli, onuň aşagyna legen goýýan halatlary-da bolýardy». 211 Zenanlaryň ýogalan ärleriniň ýasyny dört aý on gün tutmalydyklary, aýbaşynyň ganyndan ýuwunmak islänlerinde olara ysly zatlary sepinmäge rugsat berilýändigi, olaryň tabydyň yzyndan gitmekleriniň gadagandygy hakda Ümmi Atyýýa (r.a.) şeýle diýipdir: «Ýakynymyz (aýalyň ärinden başgasy) ýogalanda üç günden artyk ýas tutmak bize gadagan edilerdi. Adamymyz üçin dört aý on gün ýas tutardyk. Ýas tutan mahalymyz gözümize sürme çekmezdik, Ýemende öndürilýän asb diýip atlan¬dyrylýan matadan tikilen köýnekden başga bezenmek niýeti bilen açyk reňkli köýnek geýmezdik. Aýbaşymyzyň gelmegi kesilen mahaly aýbaşydan arassalanmak islänimizde azajyk kusty-azhar ulanmaga rugsat edilerdi. Birem gölegçileriň yzyndan ýöremek bize gadagan edilerdi». 212 Gusul täretini almagyň usulyny soran zenana Allanyň Resulynyň (Alla ony şöhratlandyrysyn we salamata gowuşdyrsyn) beren jogaby Äşe Syddyka (r.a.) şeýle diýipdir: «Ensardan bir aýal Allanyň Resulyndan (s.a.w.) aýbaşydan soňra gusul täretini almagyň düzgünlerini sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.) oňa nähili ýuwunmalydygyny aýdyp: «Soňra bir bölek misk al-da, onuň kömegi bilen arassalan» diýdi. Ol aýal: «Onuň bilen nädip arassalanaýyn?» diýip sorandan soň Allanyň Resuly (s.a.w.): «Subhanalla! Tämizleniber-dä» diýdi. Men şondan soň ol aýaly özüme tarap çekip: «Onuň bilen ganyň galyndylaryny süpürip aýyr» diýdim». 213 Yhramda wagty aýbaşy gelen zenanyň ýagdaýy Ýene Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Hoşlaşyk hajynda (Hajjetül-Weda) Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde yhrama girip, gaty sesim bilen telbiýe (lebbeýk, Allahümme, lebbeýk) aýtdym. Men mütemetti hökmünde ýany bilen hedý, ýagny gurbanlyk mal getirmeýänleriň biridim». Äşe (r.a.) aýbaşy gelip, Arafat gijesine çenli tämizlenmändigini ýaňzydyp bir söz aýtdy. Ol gije ýetip gelende Äşe (r.a.): «Ýa Allanyň Resuly, ine, Arafat gijesi hem ýetip geldi. Men bolsa umra hajy bolmagy hem arzuw edipdim» diýipdir. Allanyň Resu-ly-da (s.a.w.) oňa: «Ýuwunmak üçin saçlaryňy çöz, daran we umrany soňa goý» diýip ýüzlenipdir. Äşe (r.a.) aýdýar: «Men şeýle hem etdim. Ha¬jyň ybadatlaryny ýerine ýetirenimden soň Muhassabdan bolan gijämiz Allanyň Resuly (s.a.w.) doganym Abdyrahmana maňa ýoldaş bolmagy buýrup, öň başlan umra hajymyň ýerine Tenimden başlap, ýene bir umrany ýerine ýetirtdi». 214 Aýbaşy gelen zenanyň öz niýet eden umrasyny bozmagy Ýene Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Zilhiçjäniň aýyny asmandan gözläbräk Medineden çykdyk. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Kim umra niýeti bilen yhrama girmek islese, giribersin. Menem ýanym bilen gurbanlyk mal getirmedik bolsadym, onda umra niýeti bilen yhra¬ma girerdim» diýdi. Şondan soň kim umra niýeti bilen, kimem haj niýeti bilen yhrama girdi». Äşe (r.a.) bu sözleri aýdandan soň öňki hadysdaky sözleri gaýtalap, aýbaşydan söz açypdyr we: «Allanyň Resuly (s.a.w.) doganym Abdyrahmany meniň bilen birlikde Tenime ýollady. Menem ol ýerde umra niýeti bilen yhrama girdim» diýipdir. Ilki niýet eden umrasyny bozandygy üçin ne gurban bermek, ne oraza tutmak, ne-de sadaka bermek buýrulypdyr. 215 Aýbaşy gelen zenanyň aýbaşy gelen döwründe terk eden namazlaryny kaza etmeli däldigi hakda Ýene Äşäniň (r.a.) adyndan beýan edilen bir rowaýata görä, aýallaryň biri ondan: «Zenan maşgala tämizlenenden soňra aýbaşy gelen döwründe terk eden namazlarynyň kazasyny almalymy?» diýip sorapdyr. Äşe (r.a.) oňa: «Sen beýle diýýärsiň welin harurylardan-a dälsiň? Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanynda wagtymyzam aýbaşymyz gelerdi, ýöne soň beýle etmelidigini aýtmazdy» diýip, jogap beripdir. Başga bir rowaýatda bolsa: «Beýle etmezdik» diýendigi aýdylýar. 216 Posanyň orazany bozmajakdygy hakda Bu hadys musulmanlaryň enesi Ümmi Selemäniň (r.a.) adyndan aýdylýar. Ümmi Seleme ýokardaky 206-njy hadysdaky ýaly, Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde ýüň ýorganyň aşagynda ýatyrka aýbaşynyň gelip başlandygyny aýdýar. Şeýle-de ol bu rowaýatda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) agzy bekli halynda özüni öpendigini hadysyň rawysy Zeýnep binti Abu Selemä gürrüň berýär. 217 Aýbaşy gelýän zenanlar namaz okalýan ýerlerden daşrakda durmaly Ümmi Atyýýa Nüseýbe binti Harys ýa-da binti Kagp (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Ýetişen gyzlar, perdäniň aňyrsyndaky aýallar we aýbaşy gelýän zenanlar çykyp, haýyrly mejlislere we musulman¬laryň doga okaýan ýerlerine barsynlar, ýöne aýbaşy gelýän zenanlar namaz okalýan ýerden daşrakda dursunlar» diýendigini eşitdim». Şulary gürrüň berýärkä biri Ümmi Atyýýadan: «Aýbaşy gelýän zenanlarammy?» diýip sorapdyr. Ol jogap hökmünde: «Olar Arafata, pylan we pylan ýerlere barmaýarlarmy?» diýipdir. 218 Aýbaşy ganynyň reňki hakda Ýene Ümmi Atyýýa (r.a.) şeýle diýipdir: «Biz bulanyk we sary reňkli ganyň gelmegini aýbaşy hasap etmezdik». 219 Aýbaşy gelýän zenan Käbäni togap etmez Bu hadys musulmanlaryň enesi Äşäniň (r.a.) adyndan gürrüň berilýär. Ol Allanyň Resuly (s.a.w.) Safiýýe binti Huýeýýiň (r.a.) aýbaşysynyň gelip başlandygyny habar beripdir. «Şonda Allanyň Resuly (s.a.w.): «Bizi ýolumyzdan alyp galmasa-da biridir. Ol siziň bilen birlikde togap edipmidi?» diýdi. Bizem: «Hawa» diýip jogap berdik. Ol: «Onuň ýaly bolsa, ýola çykyň» diýdi». 220 Zenanyň jynaza namazyny okajagyň durmaly ýeri hakda Semüwre ibn Jündep (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir aýal çaga üstünde aradan çykdy. Allanyň Resuly (s.a.w.) onuň jynaza namazyny okady. Şonda göwresiniň dogry gap bilini gabatlap durdy». 221 Aýbaşynyň hapa däldigi hakda Musulmanlaryň enesi Meýmüwne binti Harys Hiläliýýe (r.a.) şeýle diýipdir: «Käte aýbaşym geleni sebäpli namaz okamazdym-da, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okaýan ýeriniň gapdalynda oturardym. Ol adatça namazyny namazlygyň üstünde okardy. Ol sežde eden mahaly köýneginiň käbir ýerleri maňa galtaşardy». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |