10:38 Sahyh Buhary: Jemagat namazy we namaza durmak kitaby | |
430 Namazda kyragatyň wajypdygy hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Her namazda Gurhan okalar. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) bize eşitdirenlerini bizem size eşitdirýäris. Bizden gizlin okanlaryny bizem sizden gizlin okaýarys. Ümmil-Gurhandan (ýagny «Fatyhadan») başga hiç zat okamasaňam saňa ýeter. Ýöne ondan artyk okasaň, özüňe has haýyrly bolar». 431 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ertir namazynda Gurhany daşyndan okandygy we onuň okan aýatlaryny şeýtanlaryň eşidendigi «Jyn» süresiniň Gurhany diňlän jynlaryň kowumlarynyň arasyna dolanyp baryp, olary yslam dinine girmäge çagyrmakylary barada habar berýän aýatlary Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: „«Allanyň Resuly (s.a.w.) sahabalaryndan birnäçe adam bilen birlikde Suky-Ukaza tarap barýardy. Şol wagt şeýtanlaryň asmandan habar almakylarynyň öňi alnyp, olar habar almak üçin ýokary galanlarynda üstlerine ot sowrulmaga başlaýardy. Asmandan kowlan şeýtanlar öz kowumlarynyň ýanyna dolanyp gelenlerinde, olardan: «Size näme boldy?» diýip soradylar. Olaram: «Biz näme edeli? Asmandan habar almakdan çetleşdirildik. Üstümize ot zyňyldy» diýdiler. Olara: «Siziň habar almagyňyza päsgel beren näme-de bolsa täze peýda bolan bir zatdyr. Ýer ýüzüniň gündogaryny, günbataryny aýlanyň-da, asmandan habar almagyňyza päsgel beren bu täze zadyň nämedigini biliň» diýildi. Ine, bularyň arasyndan Tihame tarapyna ugran bir topar Suky-Ukaza gitmek üçin Nahlede düşlän Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna bardylar. Şol wagt Allanyň Resuly (s.a.w.) ol ýerde sahabalaryna ertir namazyny okadýardy. Şeýtanlar Gurhany eşidip, oňa gulak saldylar-da, biri-birlerine: «Asmandan habar almakdan bizi çetleşdiren, wallahi, ine şudur» diýişdiler. Soňam bu habarçylar kowumlarynyň arasyna dolanyp baryp: „«Eý kowumdaşlar! Biz ajaýyp Gurhany diňledik. Ol dogry ýoly salgy berýär. Biz oňa iman getirdik we hiç kimi Rebbimize şärik etmekçi däldiris» diýdiler. Şondan soň Allatagala-da resulyna (s.a.w.): «Kul uwhiýe ileýýe ennehüstemaga neferün minel-jinni» («Jyn» süresiniň 1-nji aýaty) süresini inderdi we şeýdip bu sürede oňa jynlaryň gürrüňlerini habar berdi». 432 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) möminler üçin iň gözel nusgadygy hakda Ýene Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) özüne emr edilen ýerde okady. Şonuň ýaly-da, özüne emr edilen ýerde dymdy. «Seniň Rebbiň unudyjy däldir». Allanyň Resuly-da (s.a.w.) siziň üçin gözel nusgadyr». 433 Iki ýa-da ondanam kän süreleriň bir rekagatda birleşdirilip okalyşy hakda Bir gün Abdylla ibn Mesgudyň (r.a.) ýanyna biri gelip: «Bu gije men tutuş mufassaly bir rekagatda okadym» diýdi. Ibn Mesgudam (r.a.) oňa: «Şygyr okan ýaly çalt-çalt okadyňmy? Wallahu men Allanyň Resulynyň (s.a.w.) haýsy süreleri biri-birleri bilen birleşdirip okandygyny bilýärin» diýip, her rekagatda iki-ikiden okalan süreler hökmünde mufassaldan ýigrimi sany süre sanady. 434 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) öýle namazynda Gurhanyň aýatlaryny içinden okandygy, ilkinji iki rekagatda «Fatyha» süresi bilen bir gysga süre okandygy, ilkinji rekagatda has uzyn süreleri okandygy, soňky iki rekagatda diňe «Fatyha» süresini okandygy, ikindi we ertir namazlarynda-da şeýle edendigi hakda Abu Katada Harys ibn Rybyý (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) öýle namazynyň ilkinji iki rekagatynda Ümmil-Kitaby (ýagny «Fatyha» süresini) we ýene bir süre okardy. Soňky iki rekagatda-da diňe Ümmil-Kitaby okardy. Ol käte içinden okaýan aýatyny-de bize eşitdirerdi. Birinji rekagatda aýatlary ikinji rekagatdaka garanda uzyn okardy. Ikindi namazynda-da, ertir namazynda-da şeýle ederdi». 435 Ymam «Fatyha» süresini okandan soň: «Ämin» diýende, onuň yzy bilen: «Ämin» diýmelidigi, kimiň: «Ämin» diýmegi perişdeleriň: «Ämin» diýmegine gabat gelse, onuň eden günäleriniň bagyşlanjakdygy hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Ymam «Fatyhadan» soň: «Ämin» diýende, sizem onuň yzy bilen: «Ämin» diýiň. Sebäbi her kimiň: «Ämin» diýmesi perişdeleriň: «Ämin» diýmesine gabat gelse, öňki eden günäleri bagyşlanar». Rawy Ibn Şyhap Zühri: «Allanyň Resuly-da (s.a.w.): «Ämin» diýerdi» diýýär. 436 «Siziň biriňiz «Fatyhadan„» soňra: «Ämin» diýse¹, perişdelerem asmanda: «Ämin» diýip, bu aýdylanlaryň ikisi biri-birine gabat gelse, ol kişiniň öňki eden günäleri geçiler» hadysy Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Siziň biriňiz «Fatyhadan» soňra: «Ämin» diýse, perişdelerem asmanda: «Ämin» diýip, bu aýdylanlaryň ikisi biri-birine gabat gelse, ol kişiniň öňki eden günäleri geçiler» diýdi». 437 Sapdan aýry durup namaz okamagyň, jemagat namazyna ýetişmek üçin gaty-gaty ýöremegiň gadagandygy hakda Abu Bekre Nufeý ibn Harys ibn Kelede (r.a.) bir gezek gaty-gaty ýöräp, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Metjidi-Şeribine bardy. Şol wagt Allanyň Resuly (s.a.w.) rukuwdady. Ol hem hatara duranlara goşulmazdan, aýak çeken ýerinde derrew rukuwa gitdi we soňra bu hereketini Allanyň Resuly (s.a.w.) habar berdi. Ol hem: «Alla yhlasyňy artdyrsyn. Ýöne gaýdyp muny beýle etme» diýdi. 438 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazda her galkanda we egilende «Allahu Ekber» diýendigi hakda Jemel wakasyndan soňra bir gezek Ymran ibn Hüseýin Huzaýy (r.a.) Basrada Aly ibn Abutalybyň (r.a.) yzynda durup, namaz okapdyr. Ol namazdan soň rawy Mutarryf ibn Abdylla ýüzlenip: «Wallahu, bu adam Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde okan namazlarymyzy ýatlatdy» diýip, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) her galkyp, her egilende: «Allahu Ekber» diýendigini ýatlapdyr. 439 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň nirelerinde tekbir alandygy hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) namaza duranda aýak üstündekä tekbir alardy. Soňra rukuwdan dikelip barýarka: «Semiallahu limen hamideh„», soňra dikelenden soň: «Rabbenä we lekel hamd» diýerdi. (Soňra seždä inip barýarka tekbir alardy. Soňra seždeden başyny galdyranda tekbir alardy. Soňra ikinji seždä gidende tekbir alardy. Soňra başyny galdyranda tekbir alardy. Soňra namazyny tamamlaýança, namazyň tutuş dowamynda şeýle ederdi. Ikinji rekagaty tamamlap, oturyp, soňra aýaga galkanda-da tekbir alardy»). 440 Rükuwda iki aýaňy biri-birine degrip, uýlugyň arasyna goýmagyň gadagan edilmegi hakda Sagt Abu Wakgasyň (r.a.) adyndan beýan edilen ygtybarly bir hadysy-şeripde onuň öz ogly Abu Züräre Musgap ibn Sagt bilen namaz okandygy aýdylýar. Şonda ýüze çykan waka barada Musgap şeýle diýipdir: «Bir gezek kakamyň ýanynda namaz okadym. Rukuw mahalynda iki aýamy biri-birine degrip, soňra ellerimi iki uýlugymyň arasyna goýdum. Kakam maňa beýle etmegi gadagan etdi we: «Bizem öň şeýle ederdik, ýöne soňra bu bize gadagan edildi. Bize ellerimizi dyzlarymyzyň üstünde goýmak emr edildi» diýdi». 441 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) rükuw, sežde, iki seždäniň aralygyndaky oturyş (jelse), rükuwdan soň dikelip durmak üçin sarp edýän wagtlarynyň takmynan deň bolandygy hakda Bera ibn Azyp Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) kyragat okamak üçin (kyýam) dik durýan hem-de aralyk we soňky oturyşlara (ka’delere) sarp edýän wagtyny hasaba almanyňda, rukuw, sežde, iki sežde arasyndaky oturyş, rukuwdan baş galdyryp durmak üçin sarp edýän wagtlary takmynan birmeňzeşdi». 442 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) rükuwda we seždede mahaly okan dogalary Musulmanlaryň enesi Hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) rukuwdaka we seždedekä: „«„Sübhanekellahümme Rabbenä we bihamdik. Allahümmegfirli» diýerdi». 443 „Allanyň Resulynyň (s.a.w.) «Sübhanekellahümme Rabbenä we bihamdik. Allahümmegfirli» diýmek bilen Gurhana eýerendigi hakda Başga bir ýoldan gelip ýeten hadysda ýene Hezreti Äşäniň (r.a.): «Allanyň Resuly (s.a.w.) muny diýmek bilen Gurhana eýerýärdi» diýendigi habar berilýär. 444 Ymam: «Semiallahu limen hamideh» diýende: «Allahümme Rabbenä lekel hamd» diýmelidigi, kimiň şeýle diýmegi perişdeleriň şol sözleri aýtmagyna gabat gelse, onuň öňki eden günäleriniň geçiljekdigi hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ymam: «Semiallahu limen hamideh» diýdimi, sizem: «Allahümme Rabbenä lekel hamd» diýiň. Sebäbi kimiň şeýle diýmegi perişdeleriň şeýle diýmegine gabat gelse, öňki eden günäleri bagyşlanylar» diýdi». 445 Kunut dogasy hakda Bir ygtybarly hadysda şeýle diýilýär: «Abu Hüreýre (r.a.): «Size Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazyna ýakyn bolan namazy okatjak» diýip, namaz okatdy. Abu Hüreýre (r.a.) öýle, ýassy we ertir namazlarynyň soňky rekagatlarynda: «Semiallahu limen hamideh» diýenden soň, kunut okap, bu kunutynda möminlere doga we kapyrlara lagnat ederdi». 446 Kunut dogasynyň agşam we ertir namazlarynda okalandygy hakda Enes ibn Mäligiň (r.a.): «Öz wagtynda kunut dogasy agşam we ertir namazlarynda okalardy» diýendigi ygtybarly rowaýatda beýan edilýär. 447 Allanyň Resuly (s.a.w.) «Semiallahu limen hamideh» we «Allahümme Rabbenä lekel hamd» jümleleri (tesmi we tahmid) hakda Ryfaga ibn Rafy Ensary Zurakyý (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gün Allanyň Resulynyň (s.a.w.) yzynda durup, namaz okaýardyk. Ol rukuwdan mübärek başyny galdyranda: «Semiallahu limen hamideh» diýdi. Onuň yzynda durup namaz okaýanyň biri: «Rabbenä we lekel hamdü. Hamden keseýran taýýiben mübäreken fiýhi» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) namazyny tamamlandan soň: «Ýaňy dillenen kimdi?» diýip sorady. Ol hem: «Ýa Allanyň Resuly, mendim» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) ondan soň»: «Wallahi: «Bu sözi haýsymyz öňürti ýazyp, Hakyň huzuryna çykararkak» diýip, otuza ýakyn perişdäniň ýaryş edýändiklerini gördüm» diýip seslendi». 448 Enes ibn Mäligiň Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okaýşy barada aýdanlary Sabyt ibn Eslem Bünäni şeýle diýipdir: «Enes (r.a.) bize Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okaýşyny düşündirerdi. Ol namaz okap, başyny rukuwdan galdyrandan soň, aýak üstünde şeýle bir köp wagtlap durardy welin: «Seždä barmagy unutdymyka?» diýdirerdi». 449 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazda tesmi’ we tahmid we tekbir aýdyşy, rükuwdan dikelende-de möminler we müşrikler barada eden dogasy hakda Bir ygtybarly hadysda şeýle diýilýär: «Abu Hüreýre (r.a.) parz bolsa-da, bolmasa-da, şonuň ýaly-da remezan aýynda bolsa-da, bolmasa-da, her namazda tekbir alardy. Ol namaza duran badyna tekbir alardy. Soňra rukuwa gidende tekbir alardy. Soňra: «Semiallahu limen hamideh» diýerdi, soňam seždä inmezden ozal: «Rabbenä we lekel-hamd» diýerdi. Soňra seždä inende: «Allahu ekber» diýip, soňra başyny seždeden galdyranda tekbir alardy. Soňra ikinji seždä baranda tekbir alardy. Soňra seždeden başyny galdyranda tekbir alardy. Soňra ikinji rekagatyň yzyndan (ka’deýi-uladan) aýaga galanda tekbir alardy. Ol namazy tamamlaýança, her rekagatda şeýle ederdi. Soňra namazyny tamamlap: «Janym gudratly ellerinde bolan Allatagaladan kasam edýärin: araňyzda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazyna iň köp meňzeýän namazy men okatdym. Ol dünýäden ötýänçä namaz okaýşy, wallahy, ine, şeýledi„» diýerdi». Şonuň ýaly-da, rawylar Abu Bekr ibn Abdyrahman bilen Abu Seleme ibn Abdyrahman tarapyndan gürrüň berlen bir hadysy-şeripde Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýýär: «Allanyň Resuly (s.a.w.) mübärek başyny rukuwdan galdyranda: «Semiallahu limen hamideh. Rabbenä we lekel hamd» diýerdi-de, atlaryny tutup, birtopar adamlar üçin doga ederdi we: «Allahym, Welit ibn Weliti, Seleme ibn Hişämi, Aýýaş ibn Abi Rabygany, kapyrlaryň elinde horluk çekip, güýçsüz we ejiz saýylan beýleki möminleri halas et! Allahym, mudar tiresine has beter azap ber, olaryň ýaşaýan bu ýyllaryny Ýusup alaýhyssalamyň azaply ýyllaryna meňzet» diýerdi. Ol döwürlerde mudar tiresiniň gündogar tarapdaky bölegi heniz Allanyň Resulyna (s.a.w.) uýmaýardy». 450 Kyýamat gününde möminleriň Allatagalany görjekdikleri hakda. Kyýamat hakyndaky käbir habarlar Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek adamlar: «Ýa Allanyň Resuly, kyýamat gününde biz Rebbimizi görerismi?» diýip soradylar. Allanyň Resuly-da (s.a.w.): «Aýyň on dördi gijesi, synlamaga päsgel berýän hiç hili bulut ýok mahaly, Aýy görüp boljagy babatda ynamsyzlyk we jedel edermisiňiz?» diýip, soraga sorag bilen jogap berdi. Adamlar: «Ýok, Allanyň Resuly, bu barada jedel etmeris» diýenlerinden soň, Allanyň Resuly (s.a.w.) olara ýene bir sorag berdi: «Ýa bolmasa, görmäge päsgel berip biljek hiç hili bulut ýok mahaly, Güni görüp boljagy babatda ynamsyzlyk we jedel edermisiňiz?» Adamlaram ýene: «Ýok, ýa Allanyň Resuly, bu barada-da jedel etmeris» diýenlerinden soň, Allanyň Resuly (s.a.w.) şeýle diýdi: «Ine, siz Ony şeýle aýdyň görjeksiňiz. Kyýamat gününde adamlar bir ýere toplanar, Rebbimiz bolan Allatagala Hezretleri: «Her kim haýsy zada çokunýan bolsa, şonuň yzyna düşsün» diýer. (Ýa-da Hakyň emri bilen muny başga biri diýer). Şondan soň kim Günüň, kim Aýyň, kimem tagutlaryň yzyna düşüp gider. Diňe bu ymmat aralaryndaky mynapyklary bilen birlikde duran ýerinde galar. Allatagala olaryň ýanyna öňki görenlerinden başga bir sypatda gelip: «Men siziň Rebbiňizdirin» diýer. Olar Beýik Reblerini o sypatda görmänleri üçin: «Senden gaçyp, Alla sygynýarys. Rebbimiz biziň ýanymyza gelýänçä, bu ýerden gymyldamarys. Rebbimiz ýanymyza gelende, Ony tanarys» diýerler. Allatagala Hezretleri bu gezek olaryň ýanyna öňki gören sypatlarynda gelip: «Men Rebbiňizdirin» diýer. Olaram: «Hakykatdan hem, Sen biziň Rebbimizsiň» diýerler we Allatagalanyň çagyrmagy bilen Oňa tabyn bolarlar. Jähennemiňem edil ortarasynda Syrat, ýagny köpri gurlandyr. Onuň üstünden ymmatyny ilki bolup geçirjek men bolaryn. Ol gün gorky we aljyraňňylyk sebäpli pygamberlerden başga hiç kim gepläp bilmez. Pygamberleriňem ol günki bar aýtjakylary: «Allahümme sellim, sellim» («Allahym, salamatlyk ber, salamatlyk ber») diýen sözlerden ybarat bolar. Jähennemde sadan tikenlerine meňzeş gaňyrçaklar bar. Sadan tikenlerini göreniňiz barmy?» Sahabalar: «Hawa, bar» diýdiler. Allanyň Resuly (s.a.w.) sözüni dowam etdi: «Ine, şol gaňyrçakylar edil sadan tikenlerine meňzäp durandyr. Ýöne olaryň uzynlyk ölçegini Alladan başgasy bilmez. Ine, şol gaňyrçakylar ýaramaz iş eden adamlary şol eden işi üçin gapyp alarlar. Kim ýaramaz işleri sebäpli heläk bolar. Kim hardal (gorçisa) kimin ezim-ezim ezilenden soňra halas bolar. Iň soňunda Allatagala jähennemdäkileriň ýalbarmalaryna rehim edip, perişdelere: «Alla ybadat edenleri çykaryň» diýip emr eder. Perişdelerem olary dowzahdan çykarar. Perişdeler olary seždeleriň yzlaryndan tanarlar we şonuň esasynda dowzahdan çykararlar. Allatagala seždeleriň yzlaryny ýok etmegi jähennemiň oduna haram edendir. Şonuň üçinem adam oglunyň hemme ýerini jähennemiň ody ýakyp-gowursa-da, diňe seždeleriň yzyny ýok etmez. Bular ataşda gowrulyp, gap-gara halda çykarylarlar. Soňra üstlerinden Aby-haýat (dirilik suwy) guýular-da, reýhan tohumlary nähili çalt gögerýän bolsalar, täzeden şonuň ýaly bolup gögerjekler. Soňra Allatagala Hezretleri gullarynyň işine seretmegi tamamlar. Şonda jennet bilen jähennemiň arasynda ýüzi ataşa tarap bakýan bir kişi galar. Ol kişi jähennemiň ýaşaýjylaryndan jennete girjekleriň iň soňkusy bolar. Ol kişi: «Ýa Reb, ýüzümi şu ataşdan öwür. Onuň ysy meni zäherläp öldürdi, ýalny ýakyp-gowurdy» diýer. Ol adam doga-dileg etmeginiň arasyny birem kesmez. Iň soňunda Allatagala oňa aýdar: «Seniň bu diýeniň edilse, ondan başga hiç zat dilemejekmi?». Olam: «Şöhratyňdan ant içýärin, dilemerin!» diýip, Allatagalanyň talap etmegi boýunça, Oňa söz berer. Ondan soňra Allatagala onuň ýüzüni jähennemiň ýerleşýän ýerinden jennetiň ýerleşýän ýerine tarap öwrer. Ol ýüzüni jennete tarap öwrüp, onuň gözelligini görer, ýöne başky talapdan haýa edip, Allanyň isläniçe wagtlap dymandan soňra: «Ýa Reb, meni jennetiň gapysyna golaýlaşdyr!» diýer. Allatagala-da: «Başky islegiňden başga hiç zat islemejekdigiňe söz bermänmidiň?» diýip, ony sözünde tutar. Ol hem: «Ýa Reb, ýaradan mahluklaryňyň iň betbagty men bolmaýyn» diýip, jogap berer. Şondan soň Allatagala: «Bu dilegiňi hem ýerine ýetirsem, başga hiç zat dilemezmiň?» diýer. Ol hem: «Şöhratyňdan ant içýärin, mundan başga hiç zat dilemerin» diýip jogap berip, Allatagalanyň talap etmegi boýunça, oňa söz berer. Soňra Allatagala Hezretleri ony jennetiň gapysyna golaýlaşdyrar. Ol kişi jennetiň gapysyna baryp, onuň ajaýyplygyny we gözelligini, jennetiň içindäki şadyýanlygy we keýpi-sapany görenden soň, ýene beren sözünden utanyp, Allanyň isläniçe wagtlap dymandan soňra: «Ýa Reb, meni jennete sal» diýer. Allatagala-da: «Waý seniň günüňe, eý adam ogly, sen şeýle bir sözüňde tapylmaýan kişisiň! Sen berenimden başga hiç bir zady dilemejegiňe mundan birnäçe wagt ozal söz bermänmidiň?» diýip sorajak. Ol hem: «Ýa Reb, diýmek, ýaradan mahluklaryňyň arasynda iň betbagty men boljak-da» diýer. Ol bu sözleri aýdyp, yzyndanam dogadyr dilegini kän gezek gaýtalandan soň, Allatagala onuň bolşuna güler we jennete girmegine rugsat berer hem-de şol bir wagtyň özünde-de: «Näme dilegiň bolsa, aýt» diýer. Ol hem kän-kän dilegler edip, ahyry dilegleri gutarandan soň, Allatagala: «Bulardan başga şuny-da al, şuny-da al» diýip, islenip bilnäýjek zatlary oňa ýatladar. Iň soňunda bu dilegleriňem hemmesini aýdyp gutarandan soň, Allatagala: «Bularyň hemmesi we ýene şonça bir essesi hem seniňki bolsun» diýer». Bu hadysy Abu Hüreýräniň (r.a.) adyndan gürrüň berenleriň biri bolan Ata ibn Ýezit Leýsi şeýle diýýär: «Abu Hüreýre muny gürrüň berip otyrka, Abu Sagyt Hudry hem şol ýerde eken. Ol Abu Hüreýräniň aýdanlaryndan hiç bir zada düzediş girizmegi zerur hasaplamaýardy. Diňe Abu Hüreýre: «Bularyň hemmesi we ýene şonça bir essesi hem seniňki bolsun» diýende, Abu Sagyt Hudry (r.a.) oňa ýüzlenip: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Allatagala: «Bularyň hemmesi we ýene şonça on essesi seniňki bolsun» diýer» diýipdi» diýip seslenipdir. Abu Hüreýre-de (r.a.): «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Bularyň hemmesi we ýene şonça bir essesi hem seniňki bolsun» diýen sözlerden başga bir sözi aýdanyny eşitmändim» diýipdir. Abu Sagyt (r.a.) hem: «Men onuň: «Bularyň hemmesi we ýene şonça on essesi seniňki bolsun» diýendigini eşitdim» diýipdir. 451 Allanyň Resulyna (s.a.w.) ýedi sany beden agzasynyň üstüne sežde etmegiň buýrulandygy we namaz okap durka köýnegi we saçy bilen meşgul bolmagyň gadagan edilendigi hakda Rowaýatlaryň birine görä, Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Biri maňlaý (mübärek maňlaýyny görkezende, mübärek eli bilen burnuna-da yşarat etdi), ikisi eller, beýleki ikisi dyzlar, ýene bir ikisi aýak uçlary bolmak bilen ýedi süňk (ýagny agza) üstüne sežde etmek maňa emr edildi. Namaz okanymyzda köýnegimiziň we saçymyzyň durky bozulmasyn diýip, olary toplamagam maňa gadagan edildi» diýdi». 452 Enesiň (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okadyşy ýaly edip namaz okatmakdan ýüz öwürmejekdigi barada aýdan sözi Enesiň (r.a.): «Allanyň Resuly (s.a.w.) bize nähili edip namaz okadan bolsa, size-de şonuň ýaly edip namaz okatmakdan ýüz öwürjek däl...» diýendigi gürrüň berilýär. Hadysyň yzy ýokarda beýan edilipdi. 453 «Sežde edeňizde deňagramly bir halda boluň. Hiç biriňizem sežde wagtynda goluny haýwanlaryň öň aýaklaryny ýere berip ýatyşy ýaly edip, uzatmasyn» hadysy Ýene Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Sežde edeniňizde aralyk bir halda boluň. Hiç biriňizem sežde wagtynda goluny haýwan¬laryň öň aýaklaryny ýere berip ýatyşy ýaly uzatmasyn» diýdi». 454 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň täk rekagatlaryndan soň oturyp, dynç alandygy (jelseýi-istirahat edendigi) hakda Mälik ibn Hüweýris Leýsi (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulyny (s.a.w.) namaz okap durka gördüm. Ol namazynyň birinji we üçünji rekagatlaryny tamamlap, bir pursat oturmazdan, soňky rekagat üçin ýerinden turmazdy». 455 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) seždä gidende, birinji seždeden dikelende we ikinji seždeden galkanda tekbirleri daşyndan aýdandygy hakda Abu Sagyt Hudry (r.a.) bir gezek namaz okadypdyr we bu namazda seždeden başyny galdyranda, ikinji seždä gidende, bu seždeden başyny galdyranda, ikinji rekagatdan ýa-da ikinji seždeden soň aýaga galanda tekbirleri daşyndan (sesli) aýdypdyr we: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazy şeýdip okanyny gördüm» diýipdir. 456 Namazlarda sag aýagyňy dikip, çep aýagyňy epmegiň sünnetdigi hakda Abdylla ibn Omar (r.a.) namaz okanda, soňky oturyşda aýbogdaşyny gurup oturardy. Bir gün ol oglunyň-da şeýle edendigini gördi-de, beýdip oturmagy oňa gadagan etdi we: «Namazdaky sünnet diňe sag aýagyňy ýere dikip, çep aýagyňy bükmekdir» diýdi. Ogly: «Seniň özüň-ä şeýdýärsiň» diýenden soň: «Hawa, şeýdýärin. Çünki aýaklarym meni götermeýär» diýip jogap berdi. 457 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) iftitah (başlangyç) tekbirinde, rükuwdan soň dogrulanda, sežde wagtynda we teşehhüt üçin oturanda beden agzalarynyň nähili ýagdaýda bolandyklary hakda Abu Humeýt Ensary Sagydy (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okaýşyny iň gowy belläniňiz mendim. Men başlangyç (iftitah) tekbirini alanda, onuň öz ellerini omuzlarynyň deňine getirýändigini, rukuwa baranda-da elleri bilen dyzlaryny tutýandygyny görerdim. Soňra ol bilini bükerdi. Başyny galdyranda bolsa, oňurga süňkleriniň her biri ýerli-ýerine barýança dikelerdi. Ol sežde edende, gollaryny ýere ýazmazdan we biri-birine galtaşdyrmazdan ýere goýup, aýaklarynyň barmakylarynyň uçlaryny Kybla garşy bakar ýaly ederdi, ikinji rekagatdan soň oturanda, çep aýagynyň üstünde oturyp, sag aýagyny ýere dikerdi, soňky rekagatda oturanda bolsa, çep aýagyny öňe uzadyp we sag aýagyny ýere dikip, oturýeriniň üstüne çökerdi». 458 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) sehiw seždesini edişi hakda Ygtybarly bir rowaýatda özi ezdi-şenuwe tiresinden bolup, abdymenäf tiresiniň dosty bolan Abdylla ibn Buhaýnäniň (r.a.) (ol Allanyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalaryndandy) aýtmagyna görä, bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) olara öýle namazyny okadypdyr. Ol bu namazda ilkinji iki rekagatdan soňra teşehhüde oturmazdan, seždeden üçünji rekagata galkypdyr. Adamlaram oňa eýerip, birlikde aýaga galypdyrlar. Allanyň Resuly (s.a.w.) namazyny tamamlandan soň (adamlaryň onuň eginlerine salam bermegine garaşyp oturan wagty), oturan ýerinden tekbir alyp, salam bermezden, iki gezek sehiw seždesini edipdir we soňra salam beripdir. 459 Teşehhüt hakynda Abdylla ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) yzynda durup, namaz okan wagtymyzda: «Esselämü alallah, esselämü ala Jibriýle we Mikaiýle, esselamü alä fülanin we fülanin» diýerdik. Allanyň Resuly (s.a.w.) bize tarap öwrülip: «Salam Allatagala Hezretleriniň özüdir. Haýsyňyz namaz okasaňyz «Ettehiýýätü lillähi, we’ssalewätü we’ttaýýibätü esselämü aleýke eýýühe’nnebiýýü we rahmetullähi we berekätuhuw esselämü aleýnä we alä ybädillähissälihiýn» diýsin. Sebäbi siz: «Ybädillähissälihiýn» diýeňizde, bu diýeniňiz Allanyň gökdäki we ýerdäki ähli salyh gullaryny öz içine alar. Soňra hem: «Eşhedü enlä ilähe illalläh we eşhedü enne Muhammeden abduhu we rasuwlühü» diýsin» diýdi». 460 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň soňunda okan dogasy Hezreti Äşe Syddyka (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) namazda: «Allahümme inni aguwzü bike min azäbil-kabri. We aguwzü bike min fitnetil-mesiýhid-Deçjäl. We aguwzu bike min fitnetil-Mahýä wel-memäti. Allahümme inni aguwzü bike minel-Me’semi wel-Magremi» diýip, doga ederdi. Biri ondan: «Magremden (ýagny bergiden) gaçyp, Alla şeýle köp sygynmagyň sebäbi näme?» diýip sorady. Şonda Allanyň Resuly (s.a.w.): «Adam bergä batanda, ýalan sözlär, söz berer-de, sözünde durmaz» diýdi». 461 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň soňunda okamak üçin öwreden dogasy Abdylla ibn Amr ibn As (r.a.) Abu Bekr Syddykyň (r.a.) adyndan şeýle bir rowaýaty gürrüň beripdir: «Bir gezek Hezreti Abu Bekr (r.a.) Allanyň Resulyna (s.a.w.) ýüzlenip: «Ýa Allanyň Resuly (s.a.w.), namazymyň ahyrynda okar ýaly maňa bir doga öwret» diýip haýyş edipdir. Allanyň Resuly-da (s.a.w.): «Allahümme inni zalemtü nefsi zulmen kesiýran welä ýagfiruz-zunuwbe illä ente. Fagfirliý magfiraten min yndike wer’hamniý inneke entel-Gafuwrur-Rahiým» diý» diýipdir. 462 Namazyň soňunda iň gowy görýän dogaňy saýlap alyp, şonuň bilen dileg etmek hakda Bu Mesgudyň (r.a.) adyndan beýan edilen 459-njy hadysdyr. Bu rowaýatda diňe: «We eşhedu enne Muhammeden abduhu we rasuwlühü» diýer» diýen jümleden soň: «Soňra-da iň gowy görýän dogasyny saýlap alyp, onuň bilen dileg etsin» diýen goşmaça bar. 463 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazynyň ahyrynda eginlerine salam berenden soň ýerinden turman biraz garaşandygy hakda Musulmanlaryň enesi Ümmi Seleme (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) namazda salam berip, salamyny tamam edip etmänkä, zenanlar derrew aýak üstüne galardylar. Allanyň Resuly-da (s.a.w.) aýak üstüne galmazdan öňürti azajyk garaşyp oturardy». 464 Ymama uýup namaz okan kişiniň ymam salam berenden soň salam bermelidigi hakda Ytban ibn Mälik Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde namaz okadyk. Ol salam beren wagty bizem salam berdik». 465 Parz namazyndan çykylanda gaty ses bilen zikr etmegiň Allanyň Resulynyň (s.a.w.) zamanynda bolandygy hakda Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Jemagat parz namazyny tamamlandan soň gaty ses bilen zikr aýtmak Allanyň Resulynyň (s.a.w.) zamanynda bardy. Men bu sesi eşidemde, şunuň bilen (ýagny zikr sesleriniň ýokary göterilmegi bilen) namazy tamamlandyklaryny aňardym». 466 Her namazdan soňra otuz üç gezek tesbih, tahmid we tekbir almagyň artykmaç tarapy hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna muhajiriň pukaralary gelip: «Ýa Allanyň Resuly, baýlar iň ýokary derejä eýe bolarlar we baky eşrete gowşarlar. Olar biz ýaly namaz okaýarlar, biz ýaly agyzlaryny bekleýärler. Ondan başga-da olaryň özlerinden artyk baýlyklary bolup, şol baýlyklarynyň arkasyndan haja gidýärler, umra hajyny ýerine ýetirýärler, Allanyň ýolunda jihat edýärler, sadaka berýärler» diýip, oňa ýüzlendiler. Onda Allanyň Resuly (s.a.w.): «Size bir zady habar bereýinmi? Siz şu aýdanymy etseňiz, sizden soňa galanlaryňam hiç biri yzyňyzdan ýetip bilmez. Şeýdibem siziň degişli jemagatyňyzyň içinde size maslahat berjek amalym ýaly amaly ýerine ýetirjek biri tapylaýmasa, şol jemagatyň içinde iň haýyrly ymmat siz bolarsyňyz. Her gezek parz namazyny okap bolanyňyzdan soň otuz üç gezekden «Subhanallah», «Elhamdulilläh» we «Allahu ekber» diýiň» diýdi». Bu hadysyň rawysy: «Biziň aramyzda jedel ýüze çykdy. Aramyzda biri: «Biziň otuz üç gezek «Subhanallah», otuz üç gezek «Elhamdulilläh» we otuz dört gezek «Allahu ekber» diýmegimiz gerek» diýenden soň, oňa ýüz tutdum. Ol: «Subhanallahyň» hem, «Elhamdulillähiň» hem, «Allahu ekberiň-de» hersini otuz üç gezek aýt» diýdi» diýýär. 467 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazlardan soňky tehlili we dogasy Mugyra ibn Şugba (r.a.) şeýle diýipdir: «Hezreti Allanyň Resuly (s.a.w.) her bir parz namazyndan soňra: «Lä ilähe illallähu wahdehü lä şeriýke lehü. Lehül-mülkü we lehül-hamdü we hüwe alä külli şe’in kadiýr. Allahümme lä mänia limä e’taýte welä mu’tiýe limä mena’te welä ýenfeu ze’l-Jeddi minke’l-Jedd» diýerdi». 468 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazdan soňra ýüzüni jemagata tarap öwürmegi hakda Semüre ibn Jündep (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir namazy okap bolup, salam berenden soň, mübärek ýüzüni bize tarap öwrerdi». 469 Ýagyşyň ýagmagynyň haýsydyr bir ýyldyzyň batyp, dogmagy bilen baglanyşyklydygyna ynanan adamyň Alla iman etmän, ýyldyza iman edýän adam boljakdygy hakda Zeýt ibn Halyt Jüheni (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Hudeýbiýede gije ýagan ýagmyrdan soňra bize ertir namazyny okatdy. Ol namaz okap bolandan soň mübärek ýüzüni jemagata tarap öwrüp: «Rebbiňiz Azze we Jelle Hezretleriniň näme diýenini bilýärmisiňiz?» diýip sorady. Ol ýerdäkiler: «Ony Alla we resuly has gowy biler» diýdiler. Onda Allanyň Resuly (s.a.w.) aýtdy: «Allatagala: «Gullarymyň kimi mömin, kimi kapyr bolup, daňdana ýetdi. Kim: «Allanyň haýyr we merhemeti bilen üstümize ýagmyr ýagdy» diýen bolsa, ine, şol kişi maňa iman edendir, ýyldyza iman eden däldir. Kimem: «Pylan we pylan ýyldyzyň newi, ýagny batyp-dogmagy bilen üstümize ýagmyr ýagdy» diýen bolsa, ine, şol kişi maňa iman eden däldir, ýyldyza iman edendir» diýdi». 470 Namaz okanda mömini dünýä degişli hiç bir zadyň meşgul etmeli däldigi hakda Ukba ibn Harys (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Medinede Allanyň Resulynyň (s.a.w.) yzynda durup, ikindi namazyny okapdym. Allanyň Resuly (s.a.w.) salam berdi. Soňra ýerinden galkyp, howluga-howluga we jemagatyň eginleriniň üstünden aşybrak öz nikaly aýallaryna degişli hüjreleriň birine girip gitdi. Adamlar onuň bu bolşundan gorkdular. Biraz wagtdan soň ol jemagatyň ýanyna çykdy we öz bolşuna adamlaryň aňk-taňk bolanlaryny görenden soň: «Namaz okap durkam bizde biraz altyn bardygy ýadyma düşdi. Onuň maňa päsgel bermegini islemedim-de, dagytmaklaryny emr etmäge gitdim» diýdi». 471 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) namazdan çykandan soň çep tarapa-da öwrülendigi hakda Abdylla ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Hiç biriňiz namaz okap bolanyňyzdan soňra hökman sag tarapyňa dönüp gitmelidir öýdüp, şeýtana paý bölüp bermäň. Wallahi, men Allanyň Resulynyň (s.a.w.) çep tarapa dönendigini kän gezek görüpdim». 472 Sarymsak iýip, metjitlere we adamlaryň ýanyna gelmegi Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gadagan etmegi Jabyr ibn Abdylla (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) sarymsagy göz öňünde tutubrak: «Kimde kim bu gökden iýen bolsa, metjitlerimize, ýanymyza gelmesin» diýdi». Rawy Ata ibn Abu Rabah: «Jabyrdan (ýa-da Abdylmelik ibn Jüreýj: «Atadan): «Eýsem ol nähili sarymsagy göz öňünde tutýar?» diýip soradym. Ol: «Çak edişime görä, diňe çig sarymsagy, bir rowaýata görä, onuň ysyny göz öňünde tutýardy» diýip jogap berdi» diýýär. 473 Sarymsak iýen adamyň metjitlere we jemagata gelmeli däldigi hakda. Sarymsagyň ysynyň perişdelere yza bermegi Ene Jabyr ibn Abdylla (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Kimde kim sarymsak, sogan iýen bolsa, bizden (ýa-da metjidimizden) daşda durup, öýünde otursyn» diýdi». Ene şol ýoldan şeýle rowaýat edilýär: «Bir gezek Allanyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna içinde ýaňy ýyglan gök otlar bolan golça getirildi. Allanyň Resuly (s.a.w.) ondan bir ýakymsyz ysyň gelýändigini duýdy. Ol munuň nämedigini sorandan soň gök otlaryň nähili ösümliklerdigi oňa habar berildi. Şondan soň ol ýanyndaky sahabalaryň birine yşarat edip: «Beýläk aýryň» diýdi. Ol sahaba hem Allanyň Resulynyň (s.a.w.) beýle edenini görenden soň, gökden iýmek islemedi. Şondan soň Allanyň Resuly (s.a.w.) oňa ýüzlenip: «Sen mundan iý. Sebäbi men seniň bilelikde mynajat etmedikleriň bilen birlikde mynajat edýärin» diýdi». Ene bir rowaýatda-da rawy, ýagny Buharynyň şyhy Ahmet ibn Salyh: «Içinde gök otlar bolan golça getirildi» diýmegiň ýerine: «Içinde gök otlar bolan bir tabak getirildi» diýipdir. 474 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) bir mazaryň başynda namaz okandygy hakda Bir gezek Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýoly beýleki gabyrlardan aýry duran bir gabryň (ýa-da taşlanan çaganyň gabrynyň) üstünden düşüp we ony görenden soň özlerine ymam bolup, meýdiň ýanynda namaz okandygy hem-de özleriniňem onuň yzynda sap baglandyklary Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan gürrüň berlen bir ygtybarly rowaýatda beýan edilipdir. 475 «Juma gününiň gusuly her bir kämillik ýaşyna ýeten kişä wajyp hökmündedir» hadysy Abu Sagyt Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Juma gününiň gusuly her bir kämillik ýaşyna ýeten kişä wajyp hökmündedir» diýdi». 476 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) okan baýram namazy hakda Bir adamyň Ibn Apbasa (r.a.) ýüzlenip: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde baýram namazlarynyň okalýan ýerlerine çykylanda, olaryň arasynda bolup görmänmidiň?» diýendigi, onuňam: «Hawa, bolup görüpdim. Oňa bolan ýakynlygym bolmasady, ol ýerde bolup bilmejekdim» diýip, jogap berendigi bir ygtybarly rowaýatda gürrüň berilýär. Rowaýatyň şu ýerine ýeteninde, rawy Ibn Apbasyň (r.a.) soňky aýdanlaryny: «Ýaşynyň kiçiligi sebäpli ol ýerde bolmajakdygyny aýtmak isledi» diýip düşündiripdir. Rowaýatyň dowamynda Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýýär: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Küseýýir ibn Salt ibn Magdy Kerb Kindiniň öýüniň golaýyndaky sütüniň ýanyna geldi. Soňra ol ýerde hutba okady. Soňra zenanlaryň duran ýerine gelip, olara wagyz etdi, dini borçlaryny ýatlatdy we sadaka bermeklerini emr etdi. Şondan soň zenanlaryň her biri eline dakynan ýüzüklerine we şoňa meňzeş halkalaryna ýa-da boýunlaryndaky bezege uzadyp, olary Bilalyň (r.a.) etegine atmaga başlady. Soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) Bilal bilen birlikde öýüne dolandy». 477 «Zenanlaryňyz sizden gijesine metjide gidip ybadat etmäge rugsat soranlarynda, olara rugsat beriň» hadysy Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Zenanlaryňyz sizden gijesine metjide gidip ybadat etmäge rugsat soranlarynda, olara rugsat beriň» diýdi». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |