01:11 Sahyhy Buhary: Namaz täreti kitaby | |
بِسْــــــــــــــــــــــــــــــــــــمِ اللهِ الرَّحْمـَنِ الرَّحـِيمِ NAMAZ TÄRETI KITABY 110 Ýel çykarmak täreti bozar Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Täreti bozulan adam täret almasa, namazy kabul bolmaz» diýdi». Şol wagt Hadramewtiň ilatyndan biri Abu Hüreýräniň sözüni bölüp: «Ýa Abu Hüreýre, täret nädeňde bozular?» diýip sorapdyr. Ol hem: «Sessiz ýa-da sesli ýel çykaraňda» diýip, jogap beripdir. 111 Täretiň artykmaçlygy hakda Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Meniň ymmatym kyýamat gününde bedenlerindäki täret almakdan galan nyşanlar sebäpli: «Ýüzi, eli we aýaklary nurlular!» diýlip, mizanyň başyna çagyryljakdyr» diýendigini eşitdim. Siziň haýsyňyz nuruny artdyryp bilse, artdyrybersin». 112 Täreti bozulandyr öýdüp gorkan adamyň ýagdaýy Abdylla ibn Zeýt Ensarynyň (r.a.) aýtmagyna görä, ol namaz okap durka täretini bozan bir zat ýüze çykaýdymyka diýip, çak edýän adamyň ýagdaýyny Allanyň Resuly (s.a.w.) habar beripdir. Allanyň Resuly-da (s.a.w.): «Bir ses eşitmedik bolsa ýa-da bir ys almadyk bolsa, namazdan çykmasyn» diýipdir. 113 Uklap turandan soň Allanyň Resulynyň (s.a.w.) täret almazdan namaz okamagy Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gije uklady, hatda horruldysy hem eşidildi. Ondan soňra täret almazdan, namaz okady». Bu sözi Ibn Apbasyň (r.a.): «Uzyn düşüp, horlaýança uklady. Ondan soňra ýerinden turup, namaz okady» görnüşinde aýdandygy hem gürrüň berilýär. 114 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) agşam we ýassy namazlaryny Müzdelifede bir wagtda okamagy Usame ibn Zeýt ibn Haryse (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Arafadan düeli yzyna döndi. Dag ýoluna çykandan soň düýeden aşak inip, kiçi täret etdi. Ondan soň täret aldy. Ýöne täretini ýeňiljek aldy. Men: «Namaz okajakmy, ýa Allanyň Resuly?» diýip soradym. Ol: «Namaz soňrak okaljak» diýdi. Ol ýene düesine mündi. Müzdelifä gelenden soň aşak inip, täret aldy. Emma bu sapar täreti howlukman, gowy edip aldy. Soňra ol kamat aýtdy-da, agşam namazyny okatdy. Ondan soňra her kim düesini öz ýatagynda çökerdi. Soňra ýassy namazynyň kamaty aýdyldy. Ýene namaz okatdy. Ol iki namazyň aralygynda hiç bir namaz okamady». 115 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) täret alşy Abdylla ibn Apbasyň (r.a.) aýtmagyna görä, ol bir gezek täret alyp, ýüzüni ýuwupdyr. Ol täreti şeýle tertipde alypdyr: bir owuç suw alyp, agzyny çaýkapdyr we burnuna suw çekipdir. Soňra bir owuç suw alyp, onuň bilen (ýagny sag owujyny çep owujy bilen birleşdirip, ýüzüni ýuwupdyr. Ýene bir owuç suw alyp, sag elini ýuwupdyr. Ýene bir owuç suw alyp, çep elini ýuwupdyr. Soňra başyny mesh edipdir. Soňra bir owuç suw alyp, sag aýagy ýuwulýança, az-azdan oňa suw akydypdyr. Ýene bir owuç suw alyp, çep aýagyny hem edil şonuň ýaly edip ýuwupdyr. Ondan soňra: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) şeýdip täret alandygyny gördüm» diýipdir. 116 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) hajathana girjek bolanda okan dogasy Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) hajathana girmek islände: «Ýa Alla, hapadan we hapysalyklardan gaçyp, saňa sygynýaryn» diýip, doga ederdi». 117 Täret suwuny taýýarlap berýän Ibn Apbas barada Allanyň Resulynyň (s.a.w.) eden dogasy Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gezek hajathana girdi. Oňa ýuwnar ýaly we täret alar ýaly suw getirip goýdum. Ol: «Muny bu ýerde kim goýdy?» diýip sorady. Oňa habar berdiler. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ýa Alla, onuň dindäki düşünjesini artdyr» diýip, doga etdi». 118 Hajatyny bitirmek isleýän kişi kybla tarap ýüzüni hem, arkasyny hem öwürmeli däl Abu Eýýup Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Biriňiz hajatyny bitirmek üçin oturmak islän wagtynda kybla tarapa ne ýüzüni öwürsin, ne-de arkasyny. Medinäniň gündogaryna ýa-da günbataryna tarap seretsin» diýdi». 119 Hajatyňy bitiren mahalyň Beýtil-Mukaddese tarap garap oturmagyň bolýandygy hakda Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Birtopar adamlar: «Hajatyňyzy bitirmek üçin oturanyňyzda kybla tarapa hem seretmäň, Beýtil-Mukaddes tarapa hem» diýýärler. Men bolsa bir gün öz öýümiziň üçegine çykypdym. Şonda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Beýtil-Mukaddese tarap seredip, iki kerpijiň üstünde hajat üçin oturandygyny gözüm bilen gördüm». 120 Hyjap aýatynyň inmeginiň sebäbi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) nikaly aýallary gijelerine aýak ýoluna çykanlarynda Medinäniň bir çetinde ýerleşýän Menasy diýip atlandyrylýan ýere tarap giderdiler. Menasy diýilýän ýer bolsa açyk bir ýerdir. Omar (r.a.): «Aýallaryňy gizle (ýagny öýden daşary çykmagy olara gadagan et)» diýse-de, Allanyň Resuly (s.a.w.) muny tassyklaýan wahyýa garaşýany üçin, onuň aýdanyny etmeýärdi. Iň soňunda musulmanlaryň eneleriniň biri bolan Sewde (r.a.) bir gije ýassy namazynyň wagtynda daş çykdy. Ol uzyn boýly bir zenandy. Omar Hyjap emriniň inmegini şeýle bir isleýärdi welin, ol: «Ýa Sewde, biz seni tanadyk» diýip gygyrdy. Mundan soň Allatagala Hyjap aýatyny inderdi». 121 Suw bilen synja almak hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) aýak ýoluna çykanda bir çaga bilen birlikde ýanymyza içi suwly gap alyp, oňa hyzmat etmek üçin gelerdik». Enesiň (r.a.): «...Ýanymyza içi suwly gap bilen bir hanjar alyp...» diýip, beýan eden¬digi-de aýdylyp, suw bilen synja alyndygy bolýar. 122 Bir zat içeňde suwuklyk guýlan gabyň içine üflemezlik we synjany çep eliň bilen almak hakda Abu Katada (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Araňyzdan biri bir zat içende, gabyň içine üflemesin, hajathana gidende, erkeklik agzasyna sag elini degirmesin, sag eli bilen synja kylmasyn» diýdi». 123 Ýöräp barýarka Allanyň Resulynyň (s.a.w.) yzyna gaňrylyp bakmandygy we onuň daş bilen synja kylandygy barada Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) aýak ýoluna gitmek üçin çykanda, yzyna düşdüm. Onuň ýöräp barýarka yzyna gaňrylyp bakmak endigi ýokdy. Oňa golaý bardym. Ol: «Istinja üçin maňa daş gözle» diýdi ýa-da şoňa meňzeş bir söz aýtdy. Soňam: «Maňa süňkem, tezegem getirme» diýdi. Etegime birnäçe daş salyp gelip, ýanynda goýdum we ol ýerden gyra çekildim. Ol işini bitirenden soň şol daşlardan peýdalandy». 124 Synjanyň üç sany daş bilen kylynmalydygy hakda Abdylla ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gezek aýak ýoluna gitdi. Ol: «Üç sany daş getir!» diýip, maňa emr etdi. Iki sany daş tapdym. Näçe gözlesemem üçünji daşy tapyp bilmedim. Oňa derek bir guran tezegi alyp, hemmesini birlikde getirip berdim. Ol iki daşy aldy-da, tezegi zyňyp goýberdi we: «Bu pisdir» diýdi». 125 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) täret alşy Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) agzalaryny bir gezek ýuwmak arkaly täret aldy». 126 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) täret alşy Abdylla ibn Zeýt Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gezek agzalaryny iki gezekden ýuwup täret aldy». 127 Hezreti Osman (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) täret alşyny görkezýär we şeýdip täret alyp, namazdan başga zada üns bermänem iki rekagat namaz okan adamyň şondan öňki eden günäleriniň hemmesiniň geçiljekdigi hakdaky sözlerini aýdyp berýär Osman ibn Affanyň (r.a.) aýtmagyna görä, ol bir gezek bir gabyň içinde suw tapyp, täret alypdyr. Ol ellerine üç gezek suw akydyp ýuwupdyr. Soňra gabyň içinden eli bilen suw alyp agzyny çaýkapdyr. Burnuna suw alybam ony arassalapdyr. Soňra ýüzüni, ondan soňam ellerini tirseklerine çenli üç gezek ýuwupdyr. Soňra başyna mesh edipdir. Soňra iki aýagyny üç gezekden topuklaryna çenli ýuwupdyr. Iň soňunda-da Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Her kim meniň şu täret alşym ýaly edip täret alyp, iki rekagat namaz okasa we şu iki rekagat namazyň dowamynda namaz bilen baglanyşygy bolmadyk hiç bir zat hakynda pikir etmese, geçmişde eden ähli günäleri geçiler» diýendigini aýdypdyr. 128 Täretiň we namazyň kiçi günäleri ýuwýandygy hakda Osman ibn Affanyň (r.a.) başga bir sebäbe görä aýdan bir rowaýatynda şeýle diýilýär: «Size bir hadysy aýdyp bereýin. Allanyň kitabynyň içinde bir aýat bolmadyk bolsady, onda ony size gürrüň bermezdim. Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Gowy edip täret alandan soň parz bolan namazy okan adamyň şol namazy bilen indiki okajak namazyna çenli geçen wagtyň dowamynda eden günäleriniň geçilmejek gümany ýokdur» diýendigini eşitdim». Rawynyň aýtmagyna görä, Hezreti Osmanyň ýatlan şol aýaty: «Delil hökmünde inderen aýatlarymyz bilen nädip imanly bolmalydygyny Kitabymyzda düşündirenimizden soň olary gizlänlere eden günäleri üçin Alla-da lagnat eder, lagnat edijilerem (ýagny perişdeler bilen musulmanlaram)» aýaty-kerimesidir («Bakara» süresiniň 159-njy aýaty). 129 Täret we synja almagyň edebi Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Her kim täret alanda, burnuny arassalasyn, her kim synja alanda, daş ulansa, onuň sanyny täk etsin (ýagny üç daş ulansyn)» diýendigini Abu Hüreýräniň (r.a.) beýan edendigini rowaýat edýärler. 130 Ukudan oýanan adamyň elini ýuwmalydygy hakda Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Araňyzdan biri täret kyljak bolanda, burnuna suw alsyn, soňra yzyna döksün. Her kim synja almak üçin daş ulansa, sanyny täk etsin (hiç bolmasa, üç daş ulansyn). Araňyzdan biri ukudan oýananda, täret suwunyň içine elini sokmanka ony ýuwsun. Sebäbi hiç biriňiz ukynyň arasynda eliňiziň bedeniňiziň niresine degendigini bilmersiňiz» diýdi». 131 Abdylla ibn Omaryň Allanyň Resulynyň (s.a.w.) sünnetine laýyk hereketleri Şeýle bir rowaýat bar. Abdylla ibn Omaryň (r.a.) ýanyna biri gelip: «Käbäniň sütünlerinden Hajaryl-Eswet bilen ýemen sütünlerinden başgasyna eliňi degirmeýändigiňi görýärin. Eýlenen deriden tikilen aýakgap geýýäniňi görýärin. Sary boýagy ulanýanyňy görýärin. Mekgede bolan wagtyň adamlar zilhiçjäniň aýyny görüp-görmezden, ihlala, ýagny belent ses bilen: «Lebbeýk Allahümme, lebbeýk!» diýip gygyrmaga başlan wagtlary seniň ýewmi-terwiýe (ýagny arafa gü-nünden öňki gün, zilhiçjäniň sekizinji güni) girmezden öň ihlala başlamaýandygyňy görýärin» diýipdir. Olam şeýle jogap beripdir: «Men Allanyň Resulynyň Käbäniň sütünleriniň ýanyna gelenden soň (s.a.w.) Hajaryl-Eswet bilen ýemen sütünlerinden başgasyna elini sürtenini görmedim. Eýlenen deriden tikilen aýakgap babatda aýdylanda bolsa, men Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gylsyz deriden tikilen aýakgap geýip, şony aýagyndan çykarmanam täret alandygyny gördüm. Şonuň üçinem men ony geýmegi halaýaryn. Sary boýag barada aýdylanda bolsa, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) sary boýag bilen köýnegini ýa-da mübärek sakgalyny boýandygyny gördüm. Menem şonuň üçin şol boýagy ulanmagy gowy görýärin. Ihlal babatda aýdylanda bolsa, düesi hereket etmek üçin ýerinden turýança, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ihlal aýdanyny görmedim!» 132 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gowy işleri sagdan başlamagy gowy görmegi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) aýakgap geýende, saçyny, sakgalyny daranda, täret alanda, beýleki ähli işlerinde sagdan başlamagy gowy görerdi» 133 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) mübärek barmakylaryndan suw çogup çykmak mugjyzasy Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resulyny (s.a.w.) şeýle ýagdaýda gördüm. Ikindi namazy ýakynlaşypdy. Adamlar täret alar ýaly suw gözläp, tapmadylar. Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gaba salyp, biraz suw getirip berdiler. Ol mübärek elini gabyň içine sokdy we halka ondan täret almagy emr etdi». Enes sözüni dowam edip, şeýle diýýär: «Ine, şol wagt ol ýerdäki adamlaryň iň soňkusy täret alyp bolýança, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) barmaklarynyň astyndan suw çogup çykandygyny gördüm». 134 Sahabalaryň teperrük hökmünde Allanyň Resulynyň (s.a.w.) saçyny ýygnap goýmakylary Ýene Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) iň soňky gezek haja gidende saçyny syrdyran wagty saçyndan iň öňürti alan Abu Talha boldy». 135 Itiň agzyny sokan gabyny ýedi gezek ýuwmak hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Araňyzdan biriniň gabyndan it agzyny sokup bir zat içse, ol gaby ýedi gezek ýuwsun» diýdi». 136 Itleriň gireni üçin metjidiň ýuwulmandygy hakda Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) zamanynda itler metjidiň içine girer-çykar durardylar we şol sebäpli metjidiň içini ýuwmak üçin hiç suw serpmezdiler». 137 Namaz wagtyndan öň metjide gitmegiň artykmaçlygy hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Bir gul namaz okamak üçin täretli ýagdaýda metjitde näçe wagt bolsa (täreti bozulaýmasa), namazyň içinde boldugy bolar» diýdi». 138 Döl dökülmezden jübütleşmek gusul täretini almagy zerur etmez Zeýt ibn Halyt (r.a.) şeýle diýipdir: «Osman ibn Affandan (r.a.): «Bir adam jübütleşse we döli dökülmese, näme etmegi maslahat berersiň?» diýip soradym. Osman (r.a.): «Ol namaz üçin täret alnyşy ýaly täret alar, satanlarynyň arasyny ýuwar» diýip jogap berdi. Ol sözüni dowam edip: «Muny men Allanyň Resulyndan (s.a.w.) eşitdim» diýdi. Bu mesele barada Alydan, Zübeýrden, Talhadan, Übeýý ibn Kagpdan (Alla olardan razy bolsun) hem soradym. Hemmesi-de maňa şeýle diýdiler». 139 Bir işe howlugýan bolsaň ýa-da dölüň gelmedik bolsa, diňe namaz täretini almagyň ýeterlikdigi hakda Abu Seýit Sagt Mälik Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) ensardan bir adamy ýanyna çagyrdy. Ol adam gelende, başyndan suw damyp durdy. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Seni howlukdyraýdyk öýdýän?» diýdi. Olam: «Hawa» diýip jogap berdi. Ondan soň Allanyň Resuly (s.a.w.): «Eger howlukýan bolsaň ýa-da dölüň gelmedik bolsa, saňa diňe namaz täreti ýeterlik bolar» diýdi». 140 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) mesileriniň üstüne mesh edişi Mugyra ibn Şübäniň (r.a.) gürrüň bermegine görä, ol Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde, bir saparda bolupdyr. Şonda bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) aýak ýoluna gidipdir. Soň ol täret alanda, Mugyra suw akydyp beripdir. Ine, şonda Allanyň Resuly (s.a.w.) ýüzüni we ellerini ýuwupdyr hem-de başyna we mesisiniň üstüne mesh edipdir. 141 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gije ybadaty Abdylla ibn Apbasyň (r.a.) gürrüň bermegine görä, ol bir gije Allanyň Resulynyň (s.a.w.) nikaly aýallarynyň biri bolan daý¬zasy Meýmüwnäniň (r.a.) öýüne myhman bolupdyr. Şol güni ýatlap, Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Men başymy ýassyga goýup süýndüm. Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen ýanýoldaşy-da ýassyga başlaryny goýdular. Allanyň Resuly (s.a.w.) uka gitdi. Gijäniň ýary bolanda ýa-da biraz wagt ondan öň ýa soň ol oýandy. Ukudan açylmak üçin eli bilen ýüzüni sylmaga başlady. Ondan soňra «Äli-Ymran» süresiniň soňky on aýatyny okady. Soňra ýerinden turup, asylgy duran kiçiräk meşige elini uzatdy. Ondaky suwdan bolmalysy ýaly edip, täret aldy. Soňra namaza durdy. Menem ýerimden turdum. Onuň edişi ýaly etdim. Soňra onuň ýanyna baryp, çep gapdalynda durdum. Ol sag elini kellämiň üstüne goýdy-da, sag tarapky gulagymy tutup, burdy. Soňra iki rekagat, ýene iki rekagat, ýene iki rekagat, ýene iki rekagat, ýene iki rekagat, ýene iki rekagat namaz okap, ondan soňra ýeke rekagatly bir namaz okady. Soňra azançy azana gygyrýança ýene süýndi. Soňra ýene ýerinden galkdy, ýeňiljek iki rekagat namaz okap, Mukaddes Hüjresinden çykyp, ertir namazyny okatdy». 142 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) täret alşyna degişli bir rowaýat Abdylla ibn Zeýtiň (r.a.) ýanyna biri gelip: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) nähili edip täret alýandygyny maňa görkezip bilersiňmi?» diýip sorapdyr. Olam: «Hawa» diýipdir. Soňam biraz suw getirmegini haýyş edipdir. Ol ellerine suw akydyp, iki gezek ýuwupdyr. Soňra üç gezek agzyny çaýkap, burnuna suw sorup, döküpdir. Soňra ýüzüni üç gezek ýuwupdyr. Soňra ellerini tirseklerine çenli iki gezekden ýuwupdyr. Soňra iki eli bilen tutuş kellesini mesh edipdir, ýagny maňlaýyndan başlap, ellerini ýeňsesine tarap ýöredipdir, ol ýerdenem yzyna ýöredip, maňlaýyna getiripdir. Ondan soňra aýaklaryny ýuwupdyr. 143 Namazda sütre ulanmak hakda Abu Juhaýfa Wehp ibn Abdylla Sawaýy (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek sapar wagtynda Allanyň Resuly (s.a.w.) öýläniň yssysynda ýanymyza çykdy. Oňa täret alar ýaly suw getirip berdiler. Ol täret aldy. Adamlar ondan artan suwy alyp, üstlerine, başlaryna sepip ugradylar. Allanyň Resuly (s.a.w.) öňünde bir ýaragy dikip, öýle we ikindi namazlaryny iki rekagat-iki rekagatdan okatdy». 144 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) hassa üçin eden dogasy Saýyp ibn Ýezit (r.a.) şeýle diýipdir: «Çagakam daýzam meni Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna getirip: «Ýa Allanyň Resuly , şu ýegenimiň aýagynda agyrysy bar» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) eli bilen başymy sypap, bereket dogasyny okady. Soňra ol täret aldy. Men onuň täret suwundan içdim. Soňra onuň yzynda durdum we iki omzunyň aralygynda ýaş çatynjalaryň otagynyň ullakan düwmeleri (ýa-da käkiligiň ýumurtgasy) ýaly meň (hal) gördüm». 145 Hyjap aýaty inmezden öň erkeklerdir aýallaryň bir gapdan täret alandyklary hakda Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) zamanynda Hyjap aýaty inmezinden ozal erkeklerdir aýallar bir gapdan täret alardylar» 146 Feräiz aýatynyň inmeginiň sebäbi Jabyr ibn Abdylla (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) meni soramaga geldi. Men keselläp, özümi bilmän ýatyrdym. Ol täret alyp, täret suwundan üstüme sepeledi. Gözümi açdym. Men: «Ýa Allanyň Resuly, mirasym kime galjak? Meniň mirasdüşerlerim ejiz (ýagny elinden zat gelmeýän) kişilerdir» diýdim. Şondan soň feräiz aýaty indi» 147 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) täret suwy bilen baglanyşykly bir mugjyzasy Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek namaz wagty girdi. Öýleri metjide ýakyn bolanlar täret almaga gitdiler. Täretleri bolmadyk birtopar adamam ol ýerde galdy. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna içinde örän az suw bolan bir daşdan ýasalan legeni getirdiler. Ol legen içinde aýaň ýerleşmejek derejede kiçidi. Ol ýerdäkileriň hemmesi şol daş legendäki suwdan täret aldylar». Rawy Enes ibn Mälikden (r.a.): «Näçe adamdyňyz» diýip sorapdyr. Olam: «Segsen, belki, ondanam köpdük» diýipdir. 148 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) täret alan suwy hem derman Abu Musa Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) içi suwly bir gap alyp gelmeklerini haýyş etdi. Ol ellerini, ýüzüni gabyň içinde ýuwandan soň agzyna suw alyp, onuň içine dökdi». Buharynyň kitabynyň başga bir ýerinde bu hadys 143-nji hadysyň soňky bölegi görnüşinde beýan edilip, ol ýerde: «Soňra olara: «Bu suwdan içiň we ýüzüňize, döşüňize sepiň» diýdi» diýen goşmaça-da bardyr. 149 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) soňky hassalygy bilen baglanyşykly rowaýat Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýagdaýy agyrlaşyp, agyrysy güýçlenen wagtynda, ol meniň öýümde özüne seretdirmäge beýleki aýallaryndan rugsat sorady. Olar rugsat berdiler. Ondan soňra Allanyň Resulynyň (s.a.w.) çep goltugyna Apbas (r.a.), sag goltugyna-da ýene bir adam girip, şolaryň kömegi bilen metjide çykdy. Şonda onuň aýagy ýerden süýrenip barýardy». Äşe (r.a.) sözüni dowam edip şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) öýüne girenden soň agyrysy güýçlenip: «Üstüme bagy çözülmedik, ýagny suwdan doly ýedi tulum suw döküň, belki, adamlaryň arasyna çykyp, wesýet edip bilerin» diýdi. Ondan soňra Allanyň Resulyny (s.a.w.) aýaly Hafsa (r.a.) degişli bolan bir mis ýa-da agaç legeniň içinde oturtdylar. Soňra tulumlardaky suwy üstünden akydyp ugradyk. Iň soňunda ol: «Besdir, isleşim ýaly boldy» diýdi. Ol şondan soň adamlaryň arasyna çykdy». 150 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) barmaklarynyň arasyndan suwuň çogup çykmagy bilen baglanyşykly mugjyzasy Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly bir gezek bir gap suw getirmeklerini haýyş etdi. Içinde biraz suw bolan agzy giň, düýbi dar bir gaby alyp geldiler. Ol barmakylaryny gabyň içine sokdy. Men onuň barmakylarynyň arasyndan suwuň çogup çykyşyny synladym. Ol suwdan täret alanlaryň sany ýetmiş bilen segseniň arasyndadyr diýip, çak etdim» 151 Gusul täretinde we namaz täretinde ulanylmaly suwuň mukdary Ýene Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir sa ýa-da bäş müd1 mukdaryndaky suw bilen gusul edip, bir müd mukdaryndaky suw bilen täret alardy». 1 Sa’ diýip, Bagdady rytlyndan bäş rytl bilen bir rytlyň üçden biri ýerleşýän gaba aýdylýar. Bir müdd hem bir sanyň dörtden biri mukdarydyr. Bu şapygy mezhebinden Newewiniň hasaby boýunçadyr. Ýöne bu ölçegiň örän jedellidigi sebäpli ol jedelleriň derejesini aňmak isleýänler sözlüklerdäki müdd, sa', mekkuk, rytl sözlerine seredip bilerler. Hezreti Muhammediň (s.a.w.) her dürli mukdardaky suw bilen täret kylyp, näçe zerur bolsa, şonça ýuwnandygy hakynda başga-da örän kän sanly rowaýatlar bardyr. Bu ýerdäki sanlar orta boýly bir adamyň ýuwjak agzasynyň üstünden akjak suwuň iň az mukdaryny görkezýärler. Beden agzalary öllenip, üstünden suw akydylandan soň bu mukdardanam az suw bilen täret alnyp bilner. Isrip hasap edilmejek artygrak suw bilen täret alynsa-da laýyk bolar. Nurly Medinede ulanylan müd (musulman kanunçylarynyň arasynda Müddi-Nebewi ady bilen tanalýar) 1 bitin 1/3 rytl mukdardaky suw sygýan ölçeg birligidir. Dört müd bir sa'dyr. Ýöne müd bilen sa'nyň mukdarynyň nähilidigini bilmek üçin ölçeg birligi hökmünde alnan rytlyň mukdarynyň näçedigini bilmek gerekdir. Rytlyň bolsa bagdat rytly, şam rytly ýaly görnüşleri bar. Ýagny olaryň biri Eýranda ulanylýan ölçeg birligi, beýlekisi Rumda ulanylýan ölçeg birligi bolup, takmynan bir mukdary görkezýän iki sany ölçeg birligidir. Bagdat rytly 130, has dogrusy (ymam Newewiniň takyklamagyna görä) 128 bitin 4/7 dirhemdir. Bu has dogry diýip kesgitlenen san bolsa-da, bitin san bolmany üçin onuň üstüne 1 bitin 3/7 dirhem, beýleki bir aňlatma görä-de, bir mysgal töweregi goşulyp, 130 dirhem hasap edilipdir diýýärler. 1 bitin 3/7 dirheme deň bolan nebewi ritli bu hasaba görä, 171 bitin 3/7 ýa-da 130 dirhem hasabyndan 173 bitin 1/3 dirheme deň bolar. Iň dogry hasap-hesibe görä, bir dirhemiň 3,0898 grama deňdigi üçin, bu mukdardaky suw 0,530 litr, ýagny ýarym litrden biraz köp ýeri tutar. Bu mukdar şu günki suw satýanlaryň suw gaplaryndan (ýagny stakanlardan) üçüsiniň alýan suwundanam azdyr. Bu Ymam Şapygy bilen Hijazyň musulman kanunçylarynyň hasaby bolup, Abu Hanypa bilen Yragyň musulman kanunçylaryna görä bolsa müd iki rytla deň hasap edilip, täret suwunyň mukdary 1,06 litre deň bolup, bäş käse suwdan biraz köpräkdir. Şam rytlyny («Kamus» kitabynyň terjimesiniň «rytl» sözüne düşündiriş berýän böleginde beýan edilişine görä) 12 ukiýýä we her ukiýýe 40 dirheme deň bolany üçin, bu hasaba görä, 480 dirheme, şonuň ýaly-da bir müdi 620 dirheme deň hasaplamak dogry bolsa-da, ýene şol «Kamus» kitabynyň «mekkuk» sözüni düşündirýän böleginde beýan edilişine görä, bir ukiýýe 1 bitin 2/3 estar, bir estar 4 ½ mysgal, bir mysgalam 1 bitin 3/7 dirhem bolýandygy üçin, bir rytl (Ymam Newewiniň aýdyşy ýaly) 128 bitin 4/7 dirhem we bir müd 171 bitin 3/7 dirheme deň bolup çykar. Bu hasaba görä, ukiýýe «Kamus» kitabynyň «rytl» sözüni düşündirýän bölegindäki ýaly 40 dirhem däl-de, hijazlylaryň hasabyna görä, 10 bitin 5/7 dirheme, yraklylaryň hasabyna görä bolsa 21 bitin 3/7 dirheme deň bolar. Belki, ol bölekdäki dirhem diýilýän ölçeg başga bir ölçegdir. 152 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) mesileriniň üstüne mesh edişi hakda Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) mesisiniň üstüne mesh edendigini Sagt ibn Abu Wakgas (r.a.) maňa aýtdy. Muny kakam Omardan (r.a.) soran mahalym ol: «Hawa, mesh ederdi. Eger Sagt (r.a.) Allanyň Resulyndan (s.a.w.) söz açyp, saňa bir zat aýtsa, ony başga bir adamdan sorajagam bolma» diýip jogap berdi». 153 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) mesh edişi hakda Amr ibn Ümeýýe Damrynyň (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) mesileriniň üstüne mesh edendigini görendigi gürrüň berilýär. 154 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) mesh edişi hakda Ýene Amr ibn Ümeýýe Damrynyň (r.a.): «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) sargysynyň we mesileriniň üstüne mesh edendigini gördüm» diýendigi aýdylýar. 155 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) mesh edişi hakda Mugyra ibn Şugba (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir sapar wagtynda Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen bir ýerdedim. Ol täret almakçy bolanda, mesilerini çykaryp bermäge höwes bildirdim. Ol: «Zat degme. Sebäbi men aýaklaryma arassa, ýagny täretli mahaly mesilerimi geýdim» diýdi hem-de mesileriniň üstünden mesh etdi». 156 Bişirilen nahary iýmek bilen täret bozulmaz Amr ibn Ümeýýe Damry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) bişirilen goýnuň pilçesinden et kesip iýendigini gördüm. Şol wagt Allanyň Resulyny (s.a.w.) namaza çagyrdylar. Ol elindäki pyçagy, eti bir gapdala süýşürip, täret almazdan, namaza durdy». 157 Gowrulyp, ezilen bugdaýy iýmek bilen täret bozulmaz Süweýt ibn Nugman (r.a.) şeýle diýipdir: «Haýbar ýylynda Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde sapara çykypdyk. Sahba (ol Haýbaryň aşak tarapynda ýerleşýär) barlan wagtynda Allanyň Resuly (s.a.w.) düesinden düşüp, ikindi namazyny okatdy. Soňra bar bolan azyklary getirmegi haýyş etdi. Owradylyp gowrulan bugdaýdan (kawud) başga getirilen zat bolmady. Allanyň Resuly (s.a.w.) ony ezmäge buýruk berdi. Soňra ol nahardan Allanyň Resuly-da (s.a.w.), bizem iýdik. Soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) agşam namazyny okamak üçin ýerinden turup, agzyny çaýkady. Bizem agzymyzy çaýkadyk. Soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) täret almazdan, namaza durdy». 158 Pilçe etini iýmek bilen täret bozulmaz Musulmanlaryň enesi Meýmüne binti Harys Hiläliýýäniň (r.a.) öýünde Allanyň Resulynyň (s.a.w.) pilçe etinden iýenden soň, täret almazdan, namaza durandygy rowaýat edilýär. 159 Süýt içeniňden soň agzyňy çaýkamagyň sünnet bolmagy Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) süýt içip bolandan soň agzyny çaýkady we: «Bu ýaglydyr» diýdi». 160 Ukyň tutup durka namaz okamagyň halanmazlygynyň sebäbi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Namaz okap durka kimiň ukusy tutsa, ukusyny alýança ýatsyn. Sebäbi ol oýaly-ukuly namaz okasa, näme diýýänini aňşyrmaz ýa-da dileg edende, bilmän, betdoga edäýmegi mümkin» diýdi». 161 Namaz okap duranyň ukusy tutsa, ol näme diýýänini aňşyrar ýaly bolýança ýatmaly Enes ibn Mäligiň (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Namaz okap durka kimiň ukusy tutsa, näme diýýänini aňşyrar ýaly derejä barýança, ýatsyn» diýendigini eşidendigi rowaýat edilýär. 162 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) her namaz üçin täzeden täret almak endigi Ýene Enes ibn Mälige (r.a.) salgylanylmak bilen, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) her namaz üçin täret almak endiginiň bolandygy aýdylýar. «A siz näme ederdiňiz?» diýen soraga jogap berip, Enes (r.a.): «Biz bolsa, täretimiz bozulaýmasa, öňki täretimiz ýeterlik hasap ederdik» diýipdir. 163 Siýdigini üstüne syçradýan we başga birine töhmet atýan adamlaryň çekýän gabyr azaby Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) Medinede ýa-da Mekgede bir baglygyň deňinden geçip barýardy. Ol şonda mazarlarynda ejir çekýän iki adamyň sesini eşitdi. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Bular azap çekýärler. Bularyň azap çekmegine sebäp bolan zat uly bir zadam däldir» diýdi-de, ýene sözüni dowam edip: «Hawa, bularyň biri siýdigini üstüne damdyrardy, beýlekisi bolsa töhmet atardy» diýdi. Ondan soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) hurma agajynyň ýaprakylary pürdelen ter şahasyny getirmegi haýyş etdi. Ol şahany ikä bölüp, hersiniň mazarynyň üstünde birini dikdi. Ondan: «Ýa Allanyň Resuly , muny näme üçin beýle etdiň?» diýip soradylar. Ol: «Bu şahalar guraýança, belki azaplary ýeňlär» diýip jogap berdi». 164 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) suw bilen synja kylyşy hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) aýak ýoluna çykan mahaly oňa suw getirip bererdim. Ol hem şol suw bilen ýuwnardy». 165 Dinde kynçylyk döretmän, gaýtam işi ýeňilleşdirmek hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Çarwa araplaryň biri metjidiň bir böwrüne baryp, kiçi täretini bozdy. Ol ýerdäkiler gygyryşmaga başladylar. Allanyň Resuly (s.a.w.) olara ýüzlenip: «Zat degmäň, işini bitirsin..., soňra buşugan ýerine bir gowa suw döküň. Sebäbi siz kynçylyk döretmek üçin däl-de, kyn işi ýeňilleşdirmek üçin iberilensiňiz» diýdi». 166 Süýt emýän çaganyň buşugan ýerine Allanyň Resulynyň (s.a.w.) suw sepmek bilen çäklenmegi Ümmi Kaýs binti Myhsan (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna heniz tagam iýip bilmeýän, ýagny süýt emýän kiçijik oglumy alyp bardym. Allanyň Resuly (s.a.w.) çagany gujagyna aldy. Çaga Allanyň Resulynyň (s.a.w.) eşigine siýäýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) suw getirdip, siýdik degen ýeriň üstüne ýuwaş-ýuwaşdan suw dökdi-de, ol ýeri ýuwmady». 167 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) täretini bozuşy we täret alşy Huzaýfa ibn Ýeman (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gezek ensardan bir kowumyň hapa dökýän ýerine baryp, dik duran ýerinde buşugdy. Soňra suw getirip bermegi haýyş etdi. Biraz suw getirip berdim we ol şonuň bilen täret aldy». 168 Huzaýfa ibn Ýemanyň Allanyň Resulyny (s.a.w.) penalamagy Bu hadysyň başga bir nusgasynda Huzaýfa ibn Ýemanyň: «Allanyň Resulyndan (s.a.w.) daşlaşdym. Ol maňa yşarat etdi. Ol işini bitirýänçä, onuň göwresini ilden gizlemek üçin arka tarapynda durdum» diýendigi hem aýdylýar. 169 Aýbaşynyň gany degen köýnegi nädip arassalamalydygy hakda Esma binti Abu Bekr (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir aýal Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allanyň Resuly, birimiz köýnegine aýbaşynyň ganynyň degendigini görse, näme etsin?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Köýneginiň gan degen ýerini owkalandan soň, ol ýeriň üstüne suw akydyp, syksyn. Soňra ýuwaş-ýuwaşdan suw akytsyn. Ondan soňra şol köýnegi bilen namaz okap biler» diýdi». 170 Aýbaşy gelmesi kesilmeli wagtynda gan gelmesi kesilmese, näme etmelidiginiň hökümi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Patma binti Abu Hubaýş (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allanyň Resuly, meniň aýbaşymyň gelmeginiň arasy kesilenok. Hiç tämizlenip bilemok, namazymy taşlaýynmy?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ýok, bu aýbaşy däldir. Damarlaryň birinden akýan gandyr. Sen hakyky aýbaşyň başlanýan döwri gelende, namaz okamaňy goý. Aýbaşyň kesilmeli wagty gelende-de ganyny ýuwanyňdan we gusul täretini alanyňdan soňra namaz oka. Ondan soňam şol döwür gelýänçä, her namaz üçin täret al» diýdi». 171 Köýnekdäki döl tegmilleriniň ýuwlup aýrylmalydygy hakda Ýene Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyñ şeýtany bolmakdan galan tegmillerini ýuwardym-da, ol köýneginiň kä ýerinde, kä ýerinde ölüň yzy görnüp duran ýagdaýynda namaz okamaga çykardy». 172 Harre wakasy Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Ukl we uraýne tirelerinden bolan käbir adamlar Medinä geldiler. Olar bu ýeriniň howasy ýakman, aşgazanlary agyrany (ýa-da dokumalaryna suw ýygnanandygy) sebäpli Medinede galmak islemediler. Allanyň Resuly (s.a.w.) musulmanlaryň umumy gaznasyna degişli süýtli düeleriň bakylýan ýerine gidip, düeleriň süýdünden we peşewinden içmegi olara emr etdi. Olar diýlen ýere gitdiler. Sagalanlaryndan soňam Allanyň Resulynyň (s.a.w.) çopanyny öldürip we düýelerini öňlerine salyp gitdiler. Bu habar säher bilen gelip ýetip, Allanyň Resuly (s.a.w.) olaryň yzyndan adam ýollady. Gün ýokary galýança näkesleri tutup getirdiler. Allanyň Resuly (s.a.w.) eden işleriniň öwezine ellerini, aýaklaryny kesmägi emr etdi. Bu haramzadalaryň gözleri-de oýulup, olary Harra diýilýän ýere taşladylar. Olar näçe suw dileselerem, olara suw berilmedi. Olar şonlugyna-da öldüler». 173 Goýun agyllarynda okalan namazlar Ene Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) metjit gurulmazdan ozal goýun agyllarynda namaz okadandygyny gürrüň berýärler» (270-271-nji hadyslaryň düşündirişine seret). 174 Içine syçan gaçan doň ýagyň hökümi Musulmanlaryň enesi Meýmüwne binti Harys (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulyndan (s.a.w.) doňan ýagyň içine syçan gaçyp ölse, nätmelidigini soradylar. Ol: «Syçany hem onuň töweregindäki ýagy alyp, olary zyňyň, galan ýagy hem iýiň» diýdi». 175 Allanyň ýolunda söweşmegiň artykmaçlygy Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Musulmanyň Allanyň ýolunda aljak her ýarasyndan kyýamat gününde şol ýaranyň düşen wagtyndaky ýaly gan çüwdürilip, reňki ganyň reňki ýaly bolsa-da, ysy müşküň ysyny ýadyňa salar» diýdi». 176 Ýata suwa buşugmagyň gadagandygy hakda Ene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Hiç biriňiz akman ýatan ýata suwa buşuganyňyzdan soňra, ondan suw alyp, ýuwunmaň» diýdi». 177 Kuraýyş emeldarlarynyň Allanyň Resulyna (s.a.w.) beren yzalary we Allanyň Resulynyň (s.a.w.) eden betdogasy Abdylla ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gezek Käbäniň ýanynda namaz okaýardy. Abu Jehil bilen onuň käbir arkadaşlary-da şol ýerde otyrdylar. Şol wagt olaryň biri beýlekilerine: «Pylanylaryň ýaňy soýan düesiniň döl eşenini haýsyňyz ähli paty-putusy bilen birlikde getirip, başyny seždä goýan wagtynda Muhammediň arkasynda goýup biljek?» diý¬di. Ol ýerdäkileriň iň bir garakçysy gidip, ony alyp geldi. Ol Allanyň Resuly (s.a.w.) başyny seždä goýýança garaşyp durup, soňra onuň arkasyna eşeni taşlady. Men bolsa hiç bir zat edip bilmän, doňan ýaly bolup seredýärdim. Ah, şol zaman elimde güýjüm bolsa bolmaýarmy. Nejisler gülmäge we biri-birlerine ümlemäge başladylar. Allanyň Resuly bolsa seždeden başyny galdyrmaýardy. Iň soňunda Patma (r.a.) gelip, hapa-hupany alyp, zyňyp goýberdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) başyny galdyrdy. Ol namazyny doly okap gutarandan soňra üç gezek: «Ýa Alla, kuraýyşy saňa tabşyrýaryn» diýip, doga etdi. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) özleri hakda beýle doga etmegi olara örän agyr degdi. Sebäbi şol wagt onuň dogasynyň kabul boljagyny aňypdylar. Ondan soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) ýeke-ýekeden atlaryny sanap: «Allahym, Abu Jehili saňa tabşyrýaryn, Utba ibn Rabygany, Şeýbe ibn Rabygany, Welit ibn Utbany, Ümeýýe ibn Halapy, Ukba ibn Abu Mugaýty saňa tabşyrýaryn» diýdi. (Ýedinjisiniňem adyny tutsa-da, bu wakany beýan eden onuň adyny unudypdyr). Allanyň öňünde öz janymdan kasam edýärin: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) bu sananlarynyň köpüsiniň Kalibiň, ýagny Bedir guýusynyň düýbünde serlip ýatandyklaryny gördüm». 178 Tüýküligiň arassalygy hakda Enes ibn Mäligiň (r.a.): «Allanyň Resuly (s.a.w.) namaz okap durka köýneginiň içine tüýkürdi» diýendigi gürrüň berilýär. 179 Uhut söweşinde Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýaralanmagy Sehl ibn Sagt Seýit Ensaryň (r.a.): «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýarasy näme bilen bejerildi?» diýen soraga: «Ony menden gowy bilen adam galmady. Aly ibn Abutalyp (r.a.) galkany bilen suw daşaýardy. Patma-da (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýüzündäki gany ýuwýardy. Soňra bir köne esgi bölegi alnyp ýakyldy we ýarasy şonuň küli bilen dolduryldy» diýip, jogap berendigi rowaýat edilýär. 180 Miswak ulanmagyň artykmaçlygy Abu Musa Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna bardym. Men onuň elindäki bir miswäk (diş arassalanýan agajyň bölegi) bilen dişini arassalaýandygyny gördüm we agzyndaky miswägi aýyrman, ögeýän ýaly edip: «Ö, ö» diýendigini eşitdim». 181 Gije oýananda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) miswäk ulanmagy Huzaýfa ibn Ýemanynyň (r.a.): «Allanyň Resuly (s.a.w.) gije turandan soň, dişlerine miswäk sürterdi» diýendigini gürrüň berýärler. 182 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) miswäk bilen baglanyşykly gören düýşi Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Düýşümde özümi bir miswägi dişlerime sürtüp duran ýagdaýymda gördüm. Ýanyma biri kiçi, biri ondan ulurak iki kişi geldi. Miswägi kiçisine uzatdym. Maňa: «Ulusyna ber» diýildi. Menem ony ulusyna berdim» diýdi». 183 Uklamagyň edebi Bera ibn Azyp (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) maňa: «Gije ýatjak bolaňda, namaz okamak üçin täret alşyň ýaly bir täret al. Soňra sag tarapyňa ýatyp: «Allahümme Eslemtü Wejhi ileýke, we fewwaztü Emri ileýke we Elje’tü Zahri ileýke ragbe-ten we rahbeten ileýke lä menjä minke illä ileýke. Allahümme Amentü bi kitäbikellezi Enzelte we bi Nebiýýikellezi Erselte» diý. Eger şol gije öläýseň, yslam dini üçin öldügiň bolar. Bu sözler dünýäde sözlejek sözleriňiň iň soňkusy bolsun» diýdi. Ol dogany Allanyň Resulynyň (s.a.w.) huzurynda gaýtaladym. Men dogada: «Allahümme Amentü bi kitäbillezi Enzelte» diýenimden soň: «We Rasulike…..» diýdim. Allanyň Resuly (r.a.): Ýok: «We Nebiýýikellezi Erselte» bolmaly diýdi». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |