10:26 Sahyh Buhary: Namaz kitaby | |
بِسْــــــــــــــــــــــــــــــــــــمِ اللهِ الرَّحْمـَنِ الرَّحـِيمِ NAMAZ KITABY 227 Enesiň (razyallahu anh1) Magraç hakdaky kyssasy. Allanyň Resulynyň (sallallahu alaýhy we sellem)2 döşüniň ýarylmagy bilen baglanyşykly kyssa. Bäş wagt namaza elli wagt namazyň sogabynyň berilmegi Bu hadysy-şerip Enes ibn Mälik (r.a.) tarapyndan gürrüň berlipdir. Ol Muhammet alaýhyssalamyň Magraç hakda aýdan sözlerini Abu Zerden (r.a.) eşidendigini aýdypdyr. Abu Zeriň (r.a.) aýtmagyna görä, Muhammet (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Men Mekgede wagtym öýümiň üçegi ýarylyp, Jebraýyl alaýhyssalam aşak indi. Ol döşümi ýaryp, ony Zemzem suwy bilen ýuwandan soň hikmetden we imandan doly bir altyn legeni getirip, onuň içindäkini döşümiň içine boşatdy-da, döşümi ýapdy. Soňra ol elimden tutup, meni göni asmana çykardy. Ýere iň ýakyn duran asmana golaýlan wagtymyzda Jebraýyl alaýhyssalam ol asmanyň sakçysyna: – Aç! – diýdi. – Bu kim? – Jebraýyl. – Ýanyňda adam barmy? – Meniň ýanymda Muhammet sallallahu aleýhi we sellem bar. – Oňa gelsin diýip, habar ýollanypmydy? – Hawa. Gapy açylandan soň iň ýakyn asmanyň üstüne çykdyk. Men ol ýerde bir adamyň oturandygyny gördüm. Onuň sag tarapynda birtopar, sol tarapynda-da birtopar adam otyrdy. Ol adam sag tarapyna bakanda gülýärdi, sol tarapyna bakanda aglaýardy. Ol: – Hoş geldiň salyh pygamber, hoş geldiň salyh oglum – diýdi. Men Jebraýyldan: – Bu kim? – diýip soradym. Ol: – Bu Adam sallallahy alaýhy we sellemdir. Onuň sagyndaky we çepindäki gara-guralaram onuň perzentleriniň ruhlarydyr. Sagynda oturanlar jennetiň ýaşaýjylary, solunda oturanlar bolsa dowzahyň ýaşaýjylarydyr. Sagyna bakyp gülýär, soluna bakybam aglaýar – diýdi. Şol pursat Jebraýyl meni ikinji asmana çykaryp, sakça: – Aç! – diýdi. Sakçy hem öňki aýdan sözlerini gaýtalandan soň, gapyny açdy». Enes (r.a.) gürrüňiniň şu ýerine ýetende: «Abu Zer Allanyň Resulynyň (s.a.w.) asmanlarda Adam, Idris, Musa, Isa, Ybraýym salawatullahy alaýhym Hezretlerine duşandygyny aýtsa-da, olaryň menzilleriniň nirede ýerleşýändigini birin-birin aýtman, diňe Adamyň iň ýakyn asmanda, Ybraýymyňam altynjy asmanda duşandygyny aýtdy» diýip, habar beripdir. Soňra ol sözüni dowam edip, şeýle diýipdir: «Jebraýyl alaýhyssalamdyr Allanyň Resuly (s.a.w.) Idris alaýhyssalaty wessalama duşanlarynda, Idris alaýhyssalam: «Hoş geldiň, salyh pygamber, hoş geldiň, gardaş» diýip seslenipdir». Enes (r.a.) şu sözleri aýdyp, Pygamberimiziň (s.a.w.) öz sözlerini getirýär. Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Men: «Bu kim?» diýip soradym. Jebraýyl: «Bu Idrisdir» diýdi. Soňra Musa duşdum. Olam: «Hoş geldiň salyh pygamber, hoş geldiň salyh gardaş» diýdi. «Bu kim?» diýip soradym. Jebraýyl: «Bu Musadyr?» diýdi. Soňra Isa duşdum. Olam: «Hoş geldiň salyh gardaş. Hoş geldiň salyh pygamber» diýdi. «Bu kim?» diýip, Jebraýyldan soradym. Ol: «Bu Isadyr» diýdi. Soňra Ybraýyma duşdum. Ol: «Hoş geldiň salyh pygamber, hoş geldiň, salyh oglum» diýdi. Men: «Bu kim?» diýip soradym. Jebraýyl: «Bu Ybraýym sallallahy alaýhy we sellemdir» diýdi». Muhammet ibn Şyhap Zühriniň Ibn Nazmyň üsti bilen gelip ýeten rowaýatyna görä, Ibn Apbas bilen Abu Habba Ensary (Alla ikisindenem razy bolsun) Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Soňra Jebraýyl alaý-hyssalam meni ýokary götere-götere iň soňunda şeýle bir ýere çykardy welin, ol ýerde galamlaryň ýazgy ýazýan seslerini eşidýärdim» diýendigini gürrüň beripdirler». Ýene Ibn Nazm bilen Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdirler: «Allanyň Resuly (s.a.w.) aýtdy: «Şol wagt Gudratly we Eziz Alla Hezretleri ymmatyma elli namazy parz etdi. Elli sany parz namaz bilen yzyma döndüm. Şol wagt Musa (s.a.w.) gabat geldim. Ol: «Alla ymmatyňa nämäni parz etdi?» diýip sorady. «Elli namaz parz etdi» diýdim. Ol: «Rebbiň ýanyna dolan, sebäbi ymmatyň muňa güýji ýetmez» diýdi. Men Allatagala ýüz tutdum. Allatagala şatryny aýyrdy. Menem Musanyň ýanyna dolanyp gelip: «Şatryny aýyrdy» diýdim. Ol ýene: «Rebbiňe ýüz tut, sebäbi ymmatyň muňa güýji ýetmez» diýdi. Men täzeden ýüz tutdum. Allatagala galanynyňam şatryny aýyrdy. Musa alaýhyssalamyň ýanyna gaýtadan dolanyp geldim. Ol ýene: «Rebbiň ýanyna dolan, sebäbi ymmatyň oňa güýji ýetmez» diýdi. Ýene-de Allatagala ýüz tutdum. Alla Tebäreke we Tagala: «Olar bäşdir. Şonuň ýaly-da olar ellidir. Meniň sözüm sözdür» diýdi. Musanyň ýanyna dolandym. Ol ýene: «Rebbiň ýanyna dolan» diýdi. Menem: «Mundan artyk Rebbime ýüz tutmakdan utanýaryn» diýdim. Soňra Jebraýyl tä Sidretül-müntehanyň (ol arşyň sag tarapynda ýerleşýän bir agaç bolup, deňinden hiç bir jandar geçip bilmez) deňinden geçýänçäk, ýokary göterdi. Sidretül-müntahany şeýle bir reňkler gaplap alypdyr welin, olaryň nähili reňkdiginem bilmeýärdim. Soňra jennete girizildim. Onuň içinde köp sanly dür habailler bardy, topragy-da müşk yslydy». 1 Bu söz düzümi: «Alla ondan razy bolsun» diýen manyny aňladýar. Ol zenan maşgalalar babatda: «Razyallahu anha» görnüşinde ulanylýar. Sahabalaryň Pygamberimizi (s.a.w.) gözleri bilen görüp, oňa uýan ogullary ýa-da gyzlary babatda gürrüň edilende bolsa: «Razyallahu anhümä», ýagny: «Alla bularyň ikisindenem razy bolsun» diýilýär. Şundan soňra bu¬ söz düzüminiň ýokardaky görnüşleriniň hemmesi (r.a.) diýlip aňladyljakdyr. 2 Bu söz düzümi: «Alla ony şöhratlandyrsyn we salamata gowuşdyrsyn» diýen manyny aňladýar. Şundan soňra bu söz düzümi (s.a.w.) diýlip aňladyljakdyr. 228 Parz namazlarynyň rekagat sany hakda Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allatagala namazy parz eden wagty sapar wagtynda-da, ýaşaýan ýeriňde-de agşam namazyndan başga namazlary iki rekagat edip okamagy parz edipdi. Pygamberimiziň (s.a.w.) hijretin-den soňra sapar namazlary öňküligi ýaly galdyrylyp, ýaşaýan ýeriňde okalýan namazlar iki rekagat artdyryldy». 229 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) bir köýneklikä okan namazy Omar ibn Abu Seleme (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly Hezretleri (s.a.w.) bir gezek egni iki ujy atanakylaýyn baglanan bir köýnekli wagty namaz okapdy». 230 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) okan guşluk (duha) namazy Abutalybyň gyzy Ümmi Hanynyň Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýeňiş gününde namaz okandygy hakda beren gürrüňi ýokarda beýan edilipdi. Bu rowaýatda-da ol şeýle diýýär: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir köýnege dolanan (ýagny egnine atýan köýnegini atanakylaýyn baglan) halynda sekiz rekagat namaz okady. Namaz okap bolandan soň: «Ýa Allanyň Resuly, ejemiň ogly meniň gorag astyna alanym bolan pylanyny, ýagny Ibn Hübeýräni öldürjegini aýdýar» diýdim. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ýa Ümmi Hany, seniň gorag astyna alanyňy bizem gorag astyna aldyk» diýip seslendi. Onuň okan namazy guşluk namazydy». 231 Namazy bir köýnekli okamagyň bolýandygy hakda Abu Hüreýräniň (r.a.) adyndan aýdylýan bir rowaýata görä, biri Allanyň Resulyndan (s.a.w.) bir köýnekli namaz okamagyň dogrudygyny ýa-da dogry däldigini sorapdyr. Allanyň Resuly-da (s.a.w.): «Her biriňizde iki köýnek barmy?» diýipdir 232 Namazy bir köýnekli okaňda üns bermeli zat Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Hiç biriňiz bir köýnekli wagtyňyz, onuň bir bölegini boýnuňyza oraman namaz okamaň» diýdi». 233 Namazy bir köýnekli okaňda üns bermeli zat Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Her kim bir köýnekli halynda namaz okamakçy bolsa, köýneginiň iki ujuny iki egninden atanaky¬laýyn geçirip, boýnuna orasyn» diýendigini eşidendigime şaýatlyk edýärin». 234 Namazy bir köýnekli okaňda örtünmegiň aýratynlygy Jabyr ibn Abdylla Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň saparlarynyň birinde onuň ýanynda menem bardym. Bir gije bir iş bilen onuň ýanyna gitdim. Görsem, ol namaz okaýar eken. Meniň egnimde ýeke köýnegim bardy. Men köýnegime yhrama bürenişleri ýaly bürenip, onuň ýanynda namaza durdum. Ol namaz okap bolandan soň: «Jabyr, gijäniň içinde gelmegiň sebäbi näme?» diýip sorady. Men gelmegimiň sebäbini aýtdym. Ol işimi bitirenden soň: «Bu bürenen zadyň näme?» diýip sorady. «Ol ýeke köýnekdir» diýdim. Ondan soň Allanyň Resuly (s.a.w.): «Giňiş bolsa, oňa büren, dar bolsa, biliňe bagla» diýdi» 235 Namazy bir köýnek bilen okaýan erkek adamlaryň yzynda durup namaz okaýan zenanlara duýduryş Sehl ibn Sagt Sagty (r.a.) şeýle diýipdir: «Käte birtopar adamlar izärle¬rini (bilden aşagyny ýapýan lybas) çagalar¬yň edişi ýaly boýunlaryna baglap, Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde namaz okardylar. Şonda aýallara: «Erkekler oturyp, dikelýänçäler, başlaryňyzy seždeden galdyrmaň» diýlerdi». 236 Kapyrlaryň dokan matasyndan tikilen eşigi geýip, namaz okap bolar Mugyra ibn Şugba (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde sapara çykypdym. Ol maňa: «Mugyra, suwly gaby al» diýdi. Men suwly gaby elime aldym. Allanyň Resuly (s.a.w.) gözümden gaýyp bolýança menden uzaklaşdy-da, hajatyny ýerine ýetirdi. Onuň egninde bir şam jüpbesi bardy. Ol ellerini jüpbäniň ýeňinden çykarmaga synanyşdy, emma jüpbäniň ýeňi dar geldi. Ondan soňra elini jüpbäniň aşagyndan çykardy. Men onuň eline suw akytdym. Ol namaz okamak üçin alynýan täreti aldy we mesileriniň üstüne-de mesh etdi. Soňam namaz okady». 237 Allanyň Resulyna (s.a.w.) çyplak gezmegiň gadagan edilmegi Jabyr ibn Abdylla Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) öz kowumyna degişli adamlar bilen bilelikde Käbäniň binasy üçin daş daşaýardy. Ol diňe öňlüklidi. Allanyň Resulynyň (r.a.) doganoglan agasy Apbas (r.a.): «Gardaşymyň ogly, şu öňlügiňi çözüp, egniň üstüne goýup, daş sypjyrmaz ýaly etsene» diýip, oňa ýüzlendi». Jabyr ýa-da oňa bu wakany beýan eden adam şeýle diýýär: «Allanyň Resuly (s.a.w.) öňlügini çözüp, egniniň üstüne goýan badyna özünden gidip, aşak çökdi. Ine, şol günden soňra hiç wagt ony çyplak ýagdaýda gören bolmady». 238 Ýeke köýnek bilen namaz okalanda ýüze çykyp biljek bir ýagdaýyň Allanyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan gadagan edilmegi Abu Sagyt Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir kişiniň öz izäri bilen (bilden aşagyny ýapýan lybas) gollaryny we göwresiniň hemme ýerini dolap alyp, ellerini izäriň aşagyndan çykarmaga mejbur boljak derejede bürenmegi (ýagny iştimälü-sammany) we bir kişiniň öz uýat ýerlerini örtüp duran bir zady ýok mahaly, diňe ýeke köýnek geýip, otyrýeriniň üstüne çöküp we elleri bilen dyzlaryny gujaklap, olary garnyna tarap çekip oturmagyny gadagan etdi». 239 Limäs we nibäz şeklinde alyş-beriş etmegi, çarwalaryň bürenişleri ýaly bürenmegi, uýat ýeriňi ýapmaýan köýnekli namaz okamagy Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gadagan etmegi Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Hezreti Pygamber (s.a.w.) limäs we nibäz şekilinde alyş-beriş etmegi, bir kişiniň öz izäri bilen (bilden aşagyny ýapýan lybas) gollaryny we göwresiniň hemme ýerini dolap alyp, ellerini izäriň aşagyndan çykarmaga mejbur boljak derejede bürenmegi (ýagny iştimälü-sammany) we bir kişiniň öz uýat ýerlerini örtüp duran bir zady ýok mahaly, diňe ýeke köýnek geýip, otyrýeriniň üstüne çöküp we elleri bilen dyzlaryny gujakylap, olary garnyna tarap çekip oturmagyny gadagan etdi». 240 Käbäni çyplak ýagdaýda togap etmegiň gadagan edilendigi hakda jar çekdirilmegi Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Abu Bekr Syddyk (r.a.) şu haj mahaly gurban baýramy gününde birtopar jarçylar bilen birlikde meni-de Mina dagyna baryp: «Şu ýyldan soňra hiç bir müşrik, hiç bir çyplak Käbäni togap etmesin» diýip, yglan etmek üçin iberdi». Şu hadysy beýan eden Hümeýd ibn Abdyrahman ibn Awf sözüni dowam edip, şeýle diýipdir: «Soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) Abu Bekriň (r.a.) yzyndan Alyny (r.a.) ýollap, «Beräýe» süresini yglan etmegine buýruk beripdir». Soňra ol Abu Hüreýräniň öz sözlerini getirýär. Ol şeýle diýipdir: «Aly-da biziň bilen birlikde gurban baýramy gününde Minadaky adamlaryň arasyna baryp: «Şu ýyldan soň hiç bir müşrik haj etmesin, çyplak adamlaryň hiç biri hem Käbäni togap etmesin» diýip, yglan etdi». 241 Haýbar söweşine çykan Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ertir namazyny heniz töwerek garaňky wagty okatmagy. Haýbar şäherine giren mahaly Allanyň Resulynyň (s.a.w.) öňden görüp aýdan sözleri. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Safiýýäni özüne nikalap almagy. Ýaş çatynjalaryň gerdege salnan gijesiniň ertesi nahar bişirip, hödür-kerem etmegiň sünnet bolmagy Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Haýbar söweşine çykypdy. Ertir namazyny heniz töwerek garaňky wagty onuň bilen bile okadyk. Soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) ulagyna mündi. Abu Talha Zeýt ibn Sehl Ensary hem onuň göreldesine eýerdi. Menem Abu Talhanyň münüp barýan eşeginiň eýeriniň yzyna münüpdim. Pygamber (s.a.w.) eşegini Haýbaryň köçesi bilen öňe sürdi. Käte meniň dyzym Allanyň Resulynyň (s.a.w.) uýlugyna degip gidýärdi. Soňra ol izärini (ýagny öňlügini) uýlugyndan syrdy (ýa-da öňlügi uýlugyndan syryldy). Hatda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) uýlugynyň aklygy häzirem gözümiň öňünden gidenok. Şähere giren wagtynda ol üç gezek: «Allahu Ekber, Haýbar harap boldy (ýa-da harap bolsun). Biz bir kowumyň ýurduna girenimizde ukudan oýarylanlaryň haly ýaman bolar» diýdi. Adamlar işlerine gitmek üçin öýlerinden çykyp, bizi görenlerinden soň: «Eý, waý, Muhammet!» (Abdyleziz ibn Suheýbiň başga birleriniň adyndan habar beren rowaýatyna görä bolsa: «Ine, Muhammet! Ine hamiýe! Ýagny goşun!») diýip gygyryşdylar. Haýbary güýç bilen ele saldyk. Sebu toplandy. Şol wagt Dahýe ibn Halypa Kelbi gelip: «Ýa Allanyň Resuly, maňa ýesirlerden bir çory ber» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) oňa: «Git-de, bir çoryny özüňe al» diýdi. Dihýe özüne Safiýýe binti Huýeý ibn Ahtaby aldy. Bir adam Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allanyň Resuly, Dihýä kureýza hem-de nadir tireleriniň iň bir hormatly zenany bolan Safiýýe binti Huýeýýi berdiň. Ýöne ol senden başga kişä mynasyp bolmaz» diýdi. Allanyň Resuly-da (s.a.w.): «Olaryň ikisini-de çagyryň» diýip seslendi. Allanyň Resuly (s.a.w.) Safiýýäni görenden soň Dihýä: «Ýesirlerden şundan başga bir çoryny özüňe al» diýip, buýruk berdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) Safiýýäni azat etdi we oňa öýlendi hem-de azatlygyny oňa galyň hökmünde berýändigini aýtdy. Soňra ýolda barýarkalar Ümmi Süleým Safiýýäni Allanyň Resuly (s.a.w.) üçin bezäp-besländen soň, ony täze çatynjalar üçin gurlan öe saldy. Şeýlelik bilen Allanyň Resuly (s.a.w.) öýlenipdi. Daň atandan soň ol: «Kimiň ýanynda näme bar bolsa getirsin» diýdi. Kim ýag, kimem başga bir zat getirdi. Bu rowaýaty beýan eden adam: «Enesiň (r.a.) sewiki, ýagny hurma gowurgasyny-da sanap geçendigini çak edýärin» diýipdir. Enes sözüni şeýle tamamlapdyr: «Ol ýere üýşen halaýyk haýs diýen tagamy bişirdiler. Şolam Allanyň Resulynyň (s.a.w.) toý nahary boldy». 242 Zenanlaryň göwreleri we başlary örtülgi halda namaza gidişleri Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) ertir namazyny okardy-da musulman aýallar myrtlary bilen örtünip, taýýar bolanlaryndan soňra öýlerine dolanardylar. Olary hiç kim tanamazdy». 243 Namaz okanyňda ünsüňi Allatagala bolan tabynlykdan sowup biljek eşik geýmegiň keraheti (halanmazlygy) Ýene Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir nagyşlanan hamisany geýip, namaz okap durka, şol nagyşlara gözi düşdi. Ol namazyny okap bolandan soň: «Meniň şu hamisamy Abu Jehme eltip beriň-de, Abu Jehmiň enbijäniýýesini maňa getirip beriň. Sebäbi ýap-ýaňy bu hamisa meniň ünsümi namazymdan sowdy» diýdi». 244 Garşyňda nagyş bilen bezelen tuty bar mahaly, oňa tarap durup namaz okamagyň keraheti (halanmazlygy) Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Äşäniň (r.a.) bir reňkli hem nagyşly tutusy bolup, onuň bilen otagynyň bir tarapyny örtüp goýupdy. Allanyň Resuly (s.a.w.) oňa: «Şu tutyny garşymdan aýyr, sebäbi onuň bezegleri namaz okap duran wagtym gözüme ilýär» diýdi». 245 Erkeklere ýüpek eşik geýmegiň gadagandygy hakda Ukba ibn Amir Jüheni (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulyna (s.a.w.) bir ýüpek ferruj sowgat berlipdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) ony geýip, namaz okady. Namaz okap bolandan soň, bular ýaly zady geýmegi halamadyk adamyň edişi ýaly edip, derrew ony çykardy we: «Muny geýmek müttekine ýaraşmaz» diýdi». 246 Öň tarapynda gysga naýza dikip, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) iki rekagat namaz okatmagy Abu Juhaýfe Wehb ibn Abdylla Süwäýi (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resulyny (s.a.w.) gyzyl reňkli mişiden edilen bir gupbanyň içindekä gördüm. Bilalyň (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) täret suwuny alyp gelendigini gördüm. Adamlaryň ol täret suwundan almaga ylgaşlap gelýändiklerini gördüm. Ol suwdan kimiň eline bir zat düşse, teperrik üçin endamyna, arkadaşlarynyň öl bolan ellerini bolsa ýüz-gözlerine sürtýärdiler. Soňra Bilalyň (r.a.) bir gysga naýzany alyp, gupbanyň daşynda bir ýere dikendigini gördüm. Allanyň Resuly (s.a.w.) gyrmyzy bir hülle geýip we onuň etegini ýokary çekip, daşary çykdy. Ol ýere dikilen gysga naýza tarap ýüzüni öwrüp durşuna ol ýerdäki adamlara iki rekagat namaz okatdy. Ol naýzanyň öňünden ynsanlar bilen haýwanlaryň geçip gidýändiklerini gördüm». 247 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) münberiniň kyssasy Sehl ibn Sagt Saýididen (r.a.) Hezreti Pygamberiň (s.a.w.) Medinedäki münberiniň nämeden ýasalandygyny soranlarynda, ol şeýle diýipdir: «Şu adamlaryň arasynda ony menden gowy bilýän galmady. Münber Gabanyň esl diýen agajyndandyr. Ony Allanyň Resuly (s.a.w.) üçin pylan hatynyň azat eden guly bolan pylany ýasady. Ýasalyp, ýerinde goýlan wagty Allanyň Resuly (s.a.w.) onuň üstüne çykyp we kybla garşy durup, başky tekbirini aldy. Adamlaram onuň yzynda namaza durdular. Allanyň Resuly (s.a.w.) namazda Gurhan okap, rukuwa bardy. Jemagat-da onuň yzy bilen rukuwa gitdi. Soňra rukuwdan başyny galdyryp we kybladan ýüzüni aýyrman, yza çekildi we ýere sežde etdi. Soňra ýene münbere çykdy. Soňra ýene rukuwa gitdi. Soňra ýene rukuwdan başyny galdyryp, sežde etmek üçin, öňküsi ýaly yza çekildi. Ine, münberiň kyssasy». 248 Parz namazlaryna goşmaça okalýan namazlaryň jemagat bilen okalyp bilinjekdigi we zenanlaryň namazda iň yzda durmalydyklary hakda Enes ibn Sagtyň (r.a.) adyndan aýdylýan rowaýatlaryň birinde gürrüň berlişine görä, onuň enesi Müleýke binti Mälik ibn Adiý (r.a.) Allanyň Resulyny (s.a.w.) onuň üçin ýörite taýýarlan tagamyny iýmäge çagyrypdyr. Allanyň Resuly tagamy iýip bolandan soňra: «Derrew ýeriňizden turuň, namaz okadaýyn» diýipdir. Enes şeýle di¬¬ýýär: «Ulanylyp-ulanylyp, garalyp giden bir boýramyz bardy. Şoňa tarap ýönelip, ýumşasyn diýip, üstüne suw sepdim. Allanyň Resuly (s.a.w.) namaza durdy. Ýetim ikimiz onuň yzynda bir sap bolduk. Garry enemem arkamyzda durdy. Allanyň Resuly (s.a.w.) bize iki rekagat namaz okadandan soň bu ýerden gitdi». 249 Hezreti Äşäniň (r.a.) aýaklaryny kybla tarapyna uzadyp ýatan mahaly, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) oňa tarap garap namaz okamagy Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanýoldaşy, musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Men Allanyň Resulynyň (s.a.w.) garşysynda aýaklarymy kyblasyna (ýagny sežde etjek ýerine) goýup ýatardym. Ol sežde etjek bolanda eli bilen meni hürseklärdi-de, aýaklarymy çekip alardym. Ol seždeden turan wagty ýene aýaklarymy uzadardym. O zamanlarda öýlerde yşyk ýokdy». 250 Hezreti Äşe (r.a.) kybla tarapynda ýatan mahaly Allanyň Resulynyň (s.a.w.) oňa tarap garap namaz okamagy Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen onuň kyblasynyň (ýagny sežde etjek ýeri) aralygynda we ikimiziň bile ýatýan düşegimizde jenäze ýaly (sagyndan soluna tarap) uzalyp ýatan wagtym ol namaz okardy». 251 Yssy ýa-da sowuk sebäpli köýnegiň bir ujuny sežde etjek ýeriňe ýazmaga rugsat berilýändigi hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde namaz okardyk. Käbirlerimiz güýçli yssy sebäpli köýneginiň bir ujuny sežde etjek ýerine ýazardy». 252 Aýakgaply namaz okamaga rugsat berilýändigi hakda Enesden (r.a.): «Allanyň Resuly (s.a.w.) aýagy aýakgaply namaz okarmydy?» diýip soranlarynda, onuň: «Hawa» diýip, jogap berendigi rowaýat edilýär. 253 Mesileriň üstüne mesh etmäge rugsat berilýändigi hakda Jerir ibn Abdylla Bejeli (r.a.) bilen baglanyşykly şeýle bir rowaýat edilýär. Ol bir gezek kiçi täretini bozandan soň (buşugandan soň) täret alypdyr we mesisiniň üstüne mesh edipdir. Soňra ýerinden turup, namaz okapdyr. Ondan näme üçin beýle edendigini soranlarynda: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) şeýle edendigini gördüm» diýip, jogap beripdir. Bu hadysy beýan eden rawy: «Bu hadys olaryň örän hoşuna gelerdi. Çünki Jerir (sahabalaryň arasynda) iň soňky musulman bolanlaryň biridir»diýipdir. 254 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) sežde edişi Ibn Buhaýne ady bilenem tanalýan Abdylla ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) namaz okan wagty sežde edende, goltuklarynyň aklygy görünjek derejede elleriniň arasyny açyp, mübärek göwresini ýerden daşda tutardy». 255 Kybla tarapa bakmagyň parzdygy hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Kim biziň okan namazymyzy okasa, kyblamyza tarap dönse, el çeken zadymyzdan el çekse, ol adam Allanyň we Allanyň Resulynyň garamatynda bolan musulmandyr. Garamatymdaky babatda Alla hyýanat etmäň» diýdi». 256 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) umra hajyny ýerine ýetirişi Ibn Omardan (r.a.): «Eger bir adam umra niýeti bilen Käbäni togap edibem Safa bilen Merwäniň aralygynda ylgamadyk ýagdaýynda yhramdan çykyp, aýalyna ýakynlaşyp bilermi?» diýip sorapdyrlar. Ol hem: «Allanyň Resuly (s.a.w.) umra üçin Mekgä baranda, Käbäni ýedi gezek togap etdi we makamy-Ybraýymyň (Käbede sakylanýan bir daş) arka tarapynda durup, iki rekagat namaz okap, Safa bilen Merwäniň aralygynda ylgady. Allanyň Resuly (s.a.w.) siziň üçin ajaýyp bir nusgadyr» diýip jogap beripdir. 257 Käbäniň her bir tarapynyň kybladygy hakda Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Käbä girende hemme tarapyna bakyp, doga okap, ol ýerden çykýança namaz okamady. Daşary çykandan soň Käbäniň öňünde durup, iki rekagat namaz okady we: «Ine, kybla şudur» diýdi». 258 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Medinede birnäçe wagtlap Beýtil-Mukaddes tarapa garap namaz okamagy Bera ibn Azyp (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Medinede on alty ýa-da on ýedi aýlap Beýtil-Mukaddesiň ýerleşýän ýerine tarap bakyp, namaz okandygyny gürrüň berýär. Bu hadys öň gürrüň berlipdi. Rowaýatlaryň ikisiniň aýdylyşynda tapawut bardyr. 259 Sapar wagtynda nepil namazyny münülýän malyň üstünde okamaga rugsat berilýändigi hakda Jabyr ibn Abdylla Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) sapar wagtynda nepil namazyny düýäniň üstünde oturan ýerinde (düýäniň haýsy tarapa barýanlygyna seretmezden) okardy. Parz namazyny okamagy niýet edende bolsa, düeden düşüp, ýüzüni kybla tarap öwrerdi». 260 Sehiw seždesi hakda Abdylla ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) ymam bolup, bize namaz okatdy». Ibn Mesgudyň sözlerini beýan eden Alkame ibn Kaýs Nahaýynyň ýegeni Ybraýym ibn Ýezit Nahaýy onuň aýdanlaryny habar berip, şu ýere ýetende: «Emma namazy artyk okadanyny ýa-da kem okadanyny bilmeýärin» diýenden soň, ýene Ibn Mesgudyň sözlerini dowam edipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) salam berenden soň, biri oňa: «Ýa Allanyň Resuly, namaz hakda täze bir wahy ýa-da şoňa meňzeş bir zat indimi?» diýip ýüzlenipdir. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ýok, ony näme üçin soradyň?» diýenden soň ol adam: «Ýa Allanyň Resuly, namazy şeýle, şeýle kyldyrdyň» diýdi. Ondan soň Pygamberimiz (s.a.w.) derrew namaz okalanda dyzyňa çökülip oturylyşy ýaly edip oturmak üçin dyzyna çökdi we kybla tarap ýönelip, iki gezek sežde edenden soň salam berdi. Ol mübärek ýüzüni bize tarap öwrenden soň: «Namaz hakda täze bir zat gelen bolsady, onda ony size habar bererdim. Ýöne menem siz ýaly bir ynsan. Siziň unudyşyňyz ýaly menem unudyp bilerin. Unudan wagtym ony maňa ýatladyň. Araňyzda biri namaz okanda şübhelense, nähili edende sogaba laýyk bolar öýtse, şonuň ýaly edip namazyny tamamlasyn. Soňra salam berip, ondan soňam iki gezek sežde etsin» diýdi». 261 Hezreti Omaryň (r.a.) Alladan dilän üç zadynyň inişi hakda Enes ibn Mäligiň (r.a.) gürrüň bermegine görä, Omar ibn Hattap şeýle diýipdir: «Men üç zatda Rebbim bilen bir hörpden gopdum. Bir gezek men: «Ýa Allanyň Resuly, makamy-Ybraýymy namazgäh hökmünde kabul etsek» diýdim. Şondan soň: «Makamy-Ybraýymy namazgäh ediniň» («Bakara» süresiniň 125-nji aýaty) aýaty-kerimesi indi. Hyjap aýaty hem şoňa meňzeş ýagdaýda indi. Men: «Ýa Allanyň Resuly, öz nikaly aýallaryňa hyjaba girmäge buýruk beräýseň. Çünki olar bilen gowy adam hem, bozuk adam hem gürleşip biler» diýdim. Şol wagt Hyjap aýaty iniberdi. Şonuň ýaly-da bir gezek Allanyň Resulynyň (s.a.w.) nikaly aýallary gysgançlyk edýär bahanasy bilen oňa garşy çykdylar. Men olara: «Eger Pygamber talagyňyzy berse, Allatagala oňa size derek sizden has ýagşy, ýeke-täk hudaýy ykrar edýän, oňa yhlas edýän, namaz okaýan, toba, ybadat edýän, oraza tutýan dul galan maşgalalardan we durmuşa çykmadyk gyzlardan berip biler» («Tahrim» süresiniň 5-nji aýaty) diýdim. Şol wagt bu aýat indi». 262 Metjitde mahalyň kybla tarapa tüýkürmegiň gadagandygy hakda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gün metjidiň kybla tarapdaky diwarynda tüýküligiň bardygyny gördi. Şol wagt onuň halynyň harap bolandygy üýtgäp giden ýüzündenem bildirip durdy. Ol ýerinden turup, öz mübärek eli bilen diwary tüýkülikden arassalady. Soňra: «Her biriňiziň namaz okan wagtyňyz Rebbiňize mynajat edýändigiňiz şübhesizdir. Her kimiň Rebbi özi bilen kyblasynyň aralygyndadyr. Hiç kim namaz okap duran wagty kyblasyna tüýkürmesin. Mejbur bolanda ýa çep tarapyna, ýa çep aýagynyň aşagyna tüýkürsin» diýdi. Soňam mübärek ýapynjasynyň ýakasyny açyp, içine tüýkürip durşuna: «Ýa-da, ine, şeýle etsin» diýdi. 263 Ýokarky hadysyň bir nusgasy we bir goşmaça 262-nji hadys Abu Hüreýre bilen Abu Sagyt Hudrynyň (r.a.) adyndanam gürrüň berilýär. Diňe bularyň beýan eden nusgasynda: «Sag tarapyna-da tüýkürmesin» diýen sözler artyk gelýär. 264 Metjide tüýkürmek günädir we ol günäni ýuwmagyň ýoly Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Metjide tüýkürmek bir günädir. Onuň hatasyny bolsa üstüni toprak bilen gömmek arkaly ýuwup bolar» diýdi». 265 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýeňsesi bilen görendigi hakda. Jemagat bilen namaz okalanda dykgat etmeli zatlar Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gün Allanyň Resuly (s.a.w.): «Men namaz wagty diňe şu öňümdäki kyblany görýändirin öýdýärmisiňiz? Maňa siziň rukuwyňyzyňam, başyňyzy egişiňiziňem görünmän galmaýandygyna Alladan kasam edýärin. Sizi arkam bilenem görýärin» diýdi». 266 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) at çapyşygyny guramagy Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) seýislenen atlaryň arasynda Hafýadan Weda depesine çenli bolan aralykda, seýislenmedik atlaryň arasynda-da Weda depesinden Beni Zureýk metjidine çenli bolan aralykda çapyşyk gurady. Abdylla hem ýaryşanlaryň arasyndady». 267 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Bahreýnden gelen salgydy paýlamagy Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulyna (s.a.w.) Bahreýnden salgyt hökmünde pul gönderilipdi. Ol: «Metjide döküň» diýdi. Bu pul Allanyň Resuly (s.a.w.) iberilen iň köp puldy. Allanyň Resuly (s.a.w.) namaz okamaga baranda ol pullaryň üýşüp duran tarapyna bakman geçdi. Namaz okap bolandan soň ol gelip, pullaryň ýanynda oturyp, gören adamsyna bir mukdar pul berip başlady. Ol şeýdip pul paýlap otyrka, Apbas (r.a.) onuň ýanyna gelip: «Ýa Allanyň Resuly, maňa-da ber. Çünki men özüm üçinem, Akyl üçinem fidýe beripdim» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) oňa: «Al» diýdi. Apbas (r.a.) owuçlaryny dolduryp-dolduryp köýneginiň içine guýmaga başlady. Soňra alan pullaryny götermekçi boldy, emma galdyryp bilmedi. Ol: «Ýa Allanyň Resuly, birine buýruk ber, goý, ol muny arkama alyp bersin» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Bolmaz» diýdi. «Onuň ýaly bolsa, sen galdyryp, arkama alyp ber». Allanyň Resuly (s.a.w.) ýene: «Bolmaz» diýdi. Apbas (r.a.) şondan soň biraz puly döküp, galanyny ýene ýerden götermäge synanyşyp durşuna: «Ýa Allanyň Resuly, birine buýruk ber, arkama alyp bersin» diýdi. Allanyň Resuly: «Bolmaz» diýdi. «Onda sen arkama alyp ber». Allanyň Resuly ýene: «Bolmaz» diýdi. Apbas (r.a.) ýene biraz puly yzyna dökdi. Soňra alan pullaryny ýerden göterip, arkasyna alyp gitdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) onuň açgözlügine haýran galyp, gözümizden ýitýänçä yzyndan bakyp galdy. Allanyň Resuly (s.a.w.) ol puldan bir dirhem galmaýança, oturan ýerinden turmady». 268 Ensardan bir adamyň haýyş etmegi bilen Allanyň Resulynyň (s.a.w.) onuň öýüne baryp, namaz okatmagy we: «Allatagalanyň razylygyny gazanmak üçin: «Lä ilähe illalla» diýen adama Allatagala jähennemi haram edendir» diýmegi Mahmyt ibn Raby Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalaryndan we Bedir söweşine gatnaşan ensardan bolan Itban ibn Mälik (r.a.) bir gün Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allanyň Resuly, gözlerim halys görenok. Şeýle-de bolsa, namaz okalanda kowumyma men ymamlyk edýärin. Ýagyş ýagdygy olaryň ýaşaýan ýeri bilen meniň öýümiň aralygyndan geçýän dere suwdan dolýar-da, olaryň namaz okaýan metjitlerine gidip, ymamlyk edip bilemok. Ýa Allanyň Resuly, öýüme gelip namaz okap, bize ymamlyk etmegiňi haýyş edýärin. Seniň namaz okan ýeriňi namazgäh edeýin» diýdi». Rowaýatçy Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Itbana: «Inşalla, bu diýeniňi ederin» diýendigini habar berýär. Soňra Itbanyň öz sözi getirilýär: «Ertesi irden Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen Abu Bekr gün dogandan soň öýüme geldiler. Allanyň Resuly (s.a.w.) girmäge rugsat sorady. Men onuň öe girmegine rugsat berdim. Ol öe girip, oturmady-da: «Öýüňiň niresinde namaz okamagymy isleýärsiň?» diýip sorady. Oňa öýüň bir tarapyny görkezdim. Allanyň Resuly (s.a.w.) namaza durup, tekbir aldy. Bizem onuň yzynda hatara durduk. Ol iki rekagat namaz okadyp salam berdi. Özi üçin bişirilen haziräni iýeri ýaly, biz Allanyň Resulyny (s.a.w.) alyp galdyk. Şu golaýda ýaşaýan erkek adamlaryň birnäçesi Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gelendigini bilip, öýümize doldular. Olaryň arasyndan biri: «Mälik ibn Duhaýşin ýa-da Ibn Duhşün nirede?» diýip sorady. Oturanlaryň biri: «Ol Allany we onuň Resulyny söýmeýän bir mynapykdyr» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) oňa: «Beýle diýme. Onuň: «Lä ilähe illalla» diýýänini görmeýärmiň. Ol beýle diýmek bilen Allanyň razylygyny gazanmak isleýär» diýdi. Ýaňky geplän adamam: «Alla we onuň Resuly bu zatlary has gowy bilýändir» diýip seslendi. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) mynapyklar babatda mylaýymlyk edýändigini we gowy niýetdedigini görýärdik. Soňra Allanyň Resuly: «Allatagalanyň razylygyny gazanmak üçin: «Lä ilähe illalla» diýen adama Allatagala jähennemi haram edendir» diýdi». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |