07:15 Sahypkyran Gutulmyş beg -10/ romanyñ dowamy | |
IKINJI KYSSA
Taryhy proza
KELEJAR GALASY Birinji bap Soltan Mahmyt Gaznaly Hindistanyň Guwaliýar we Kelejar welaýatlaryny mundan iki ýyl öň öz tabynlygyna geçiripdi. Kelejar galasynyň diwarlarynyň on iki zirag galyňlykda daşdan örülendigini görüp, bu ýerini agöýlüler saklanýan gala öwürmegi maksat edinipdi. Iki ýylyň içinde gala agöýlülerden dolupdy. Galanyň içinde-de gala bardy, olar uly gala hem kiçi gala diýlip atlandyrylýardy. Uly galada agöýlüler saklanýardy. Uly galanyň içindäki kiçi galada bolsa howatyrlanýan, başbozar hasaplanýan agöýli tussaglar berk gözegçilikde saklanylýardy. Daşky hem içki galanyň beýik küňrelerinde sakçylar gije-gündiz gözegçilik edýärdiler. Birinji gala giňdi, uludy. Onda her dürli milletlerden bolan maşgalalar ýaşaýardy. Bu ýerde ýaşaýanlaryň galabasy agöýlüleriň goragynda, hojalyk işlerinde işläp, gazanç edýärdiler. Galada akar suw, çeşme, guýy suwy ýokdy. Şeýle bolansoň, suw at gaýtarym (3 km) uzaklykdaky bulakdan daşalýardy. Galada on müň adam saklanylýardy. Galada berkden berk gurlan zyndan hem bardy. Soltan Mahmyt mundan iki ýyl öň bu welaýaty basyp alanda galanyň içini, zyndany howlukman gözden geçiripdi. Şondan soň Balhda, Gaznada, Nyşapurda, Hyratda saklanan agöýlüleri, şeýle hem şol şäherleriň zyndanlarynda saklanan tussaglary bu gala gönderipdi. Gutulmyş Kelejara mazduryny ýörite gönderip, bu ýerden kiçeňräk bir külbe satyn alypdy, bu ýer hakda özüne gerekli maglumatlary eşidipdi. Ol galanyň kutwalynyň1, emir-i-harasynyň kimdigi, olaryň nirede doglandyklary, dogan-garyndaşlarynyň nirede, näme iş bilen meşgullanýandyklary, galada näçe adamyň ýaşaýandygy, düzgün-tertibiň, bazarda söwdanyň gidişiniň nähilidigi, bu ýerde haýsy harytlaryň gowy görülýändigi, geçginlidigi, zyndanyň goragynda näçe esgeriň saklanýandygy, gala kethudalarynyň gylyk-häsiýetleriniň, maşgala durmuşlarynyň nähilidigi hakda eýýäm bilýärdi. * * * Gutulmyş ýigrimi düýe ýük bilen Kelejar galasyna baryp girdi. Gala uludy. Onda iki müňden gowrak esger bardy. Olar zyndany hem agöýlüleri goraýardylar. Sakçylyk edýärdiler. Galada iki sany uly bazar, on-on bäş sany dükan bardy. Bu ýerde her bir täze gelen adam berk gözegçilikde saklanýardy. Seniň kimdigiňi, näme maksat bilen gelendigiňi anyklaman, galanyň derwezesinden içerik goýbermeýärdiler. Gutulmyş hem galan ýigrimi düýe ýüküni galadan daşarda goýup, ýanyna gymmatbaha sowgat-engamlar alyp, galanyň kutwalydyr emir-i-harasynyň ýanyna bardy. Olaryň hersine sahylyk bilen hedýe eçildi. Sowgat hojaýynlaryň göwünlerini göterdi. Gutulmyş galada özüniň täjirdigini, öz muzdurynyň bu ýerde bir külbe satyn alandygyny we dükanynyň bardygyny, ýene-de iki sany dükan açyp biljekdigini, eger amatly dükan, amatly öý tapyp beren kişä özüniň ýüz dinar sowgat berjekdigini ýaňzytdy. Ol-a ýüz dinar eken, bir dirhem hem köçede ýatanok. Beýle girdeji günde-günaşa-da bolup duranok. Ýüz dinar üçin, gör, näçe aýlap zähmet çekmeli. Bähram kutwal özüni Muhammet diýip atlandyran Gutulmyşyň öňüne düşüp, iki sany dükan, ýaşar ýaly öý tapyp berdi, şeýdibem ýüz dinar gazandy. Gutulmyş sahylyk etdi: kutwala ýüz dinardan başga-da, «Hatynyň üçin» diýip, bäş geýimlik ýüpek mata, altyn gulakhalka berdi. Ikinji bap Gutulmyş kutwalyň tapyp beren öýünde uly toý tutdy. Juda gowy öý tapyp berendigi üçin oňa öwran-öwran minnetdarlyk bildirdi. Toýuň bekewüli, çakylykçysy, elbetde, kutwal Bähram boldy. — Meniň bu galada entek tanaýan adamym ýok. Şonuň üçin kimi makul bilseňiz, şony hem toýa çagyraly. Kutwal dymma adamdy, ýöne göwni açylanda gürleýärdi aýdym-da aýdýardy. Mor murtuny sypamak edehädi bardy. Oýlanan pursady, köplenç, özi bilmezden zol-zol murtuny sypaýardy. Ähli kişä müňkürlik bilen seredensoň, ol aňsat-aňsat hiç kim bilen ýakyn gatnaşyk saklamaýardy. Gutulmyş bilen welin, nähili ysnyşanyny özi-de duýman galdy. Onsoňam kutwalyň Muhammetden müňkür bolmagyna hiç hili esas ýokdy. Ol «Horezminiň Jürjaniýa şäherinde doglupdyr. Şol ýerde önüp-ösüpdir. Kakasy täjir eken. Muhammediň başga-da bir dogany bar eken. Kakasy aradan çykansoň, dogany ähli zada mirasdar bolupdyr. Muhammede hiç zat bermändir, iki doganyň arasyna dawa düşüpdir. Şondan soň dogany Muhammedi öldürmegiň kül-külüne düşüpdir. Bir gije ýatyrka dogany on iki sany adam bilen Muhammediň öýüne kürsäp giripdir. Muhammet ol gelenleriň köpüsini öldüripdir, ýöne şol darkaşda onuň ähli mirşepleri, hatyny wepat edipdir. Şondan soň Muhammet gara gana dolan howluda ýaşap bilmändir. Bir günem özüne degişli ähli zadyny alyp, Jürjaniýadan çykyp gaýdypdyr. Ondan bäri bir ýyldan gowrak wagt geçipdir. Muhammet ondan-oňa göçüp ýörmekden halys ýadapdyr. Muzdurlary oňa Kelejary wasp edipdirler. Onsoň, ol Kelejara gelip görüpdir. Bu ýeri oňa ýarapdyr. Hyzmatkärlerem oňa Kelejar galasynyň ýaşamak, söwda etmek üçin juda amatly galadygyny aýdypdyrlar. Ana, şondan soň Muhammet Kelejary wagtlaýynça ýurt tutunypdyr. Muhammet Kelejarda ýene üç-dört aý ýaşamakçy. Gala göwnünden tursa galmakçy, ýogsam ol bu ýerden gider». Gutulmyş kutwal üçin peýdaly adamdy. Ol galada tertip-düzgüniň gowulaşmagy, haryt bolçulygynyň döremegi üçin aladalanýardy. Bir gezek Gutulmyş kutwal üçin has peýdaly teklip aýtdy: — Zyndanda işleýän adamlara aşa köp hak töleýärsiňiz. Men size has arzan hak bilen işlejek gullukçy tapyp getirip bereýin. — Ine, munyň biziň üçin has peýdaly bolar. Bir pul2 tygşytlap bilsek, biziň özümiz üçin peýdaly. Şu işi bitirseň, men seniň gadyryňy bilerin. Gutulmyş Kelejaryň kutwalynyň öz gadyryny bilmegi üçin Horasana gitdi. Ol Tus sebitlerinden, Marçakdan iki ýüz ýigit ýygnap, Kelejara dolandy. Olara öz buýrugyna mähetdel bolup işlemelidigini, näme buýruk berse, buýtar-suýtar etmesizden ýerine ýetirmelidigini, şonuň üçin olaryň her aýyna, her ýylyna belli bir mukdarda hak tölejekdigini, bu hakda hiç kimiň bilmeli däldigini nygtady. Şondan soň türkmen ýigitleriniň birnäçesini galada dürli işlerde işletdi. Olaryň birnäçesi odunçy bolup, gala hem zyndana odun çekýärdi. Ýene bir bölegi sakka3 bolup suw çekýärdi. Zyndanda aşpez, sakçy bolup işe duran türkmenlerem az däldi. Gutulmyşyň bu hyzmatyndan soň kutwal Gutulmyşy öz adamy hasaplaýardy. Üçünji bap Bir gün kutwal bilen emir-i-haras Muhammedi kiçi gala, zyndana gezelenje getirdi. Kutwal Muhammediň ýanynda özüniň hökmürowanlygyny görkezmek, öwünmek isleýärdi. Ol zyndandaky ýatan tussaglaryň eden wagşylyklary hakda birin-birin gürrüň berýärdi. — Şalykda iň aýylganç jenaýat eden adamlar şu zyndanda saklanýar — diýip, kutwal zyndanyň özge zyndanlardan parhyny düşündirdi. — Onsoňam daşky gala bilen içki galada köp sebitleriň, etraplaryň begleri, begleriniň garyndaşlary agöýli hökmünde saklanýar. Bu ýerde agöýlüleriň saklanýan ýeri bilen jenaýatçylaryň saklanýan ýeri aýry. Gala gaty uly gurlupdyr. Ol ilkinji gezek gireniňde howuňy basýardy. Mundan gaçyp sypar ýaly däldi. Ähli ýerde sakçylar durdy. Kutwal bilen Gutulmyş deň ýöräp barýardy. Galanyň emiri bolsa dört-bäş ädim öňden kutwal bilen Gutulmyşa ýol açýardy. Sakçylaryna egilip tagzym etmegi buýurýardy. Sakçylar emiriň sözüni sadyklyk bilen bitirýärdiler. Gutulmyş beýle äpet gala, beýle äpet zyndan bardyr diýip pikir etmändigini öwran-öwran nygtaýardy. Kutwal bir agyr işigiň öňünde saklanyp, Gutulmyşa Lihor şäheriniň häkimini görkezdi. Ol soltana garşy baş göteripdir. Otuz-otuz bäş ýaşlaryndaky häkimiň gözleri içiňden parran geçip barýardy. Türmäniň giň dälizi bilen esli ýöränlerinden soň, kutwal Gutulmyşa ýüzlendi: — Abulkasym Ahmet bin Hasan Meýmendi diýip eşidipmidiň?! — Elbetde, ol soltan Mahmydyň iň ýakyn adamy, weziri bolmaly. — Şol kişini görmek isleýärmiň? — Ol bu mahal köşkdedir-ä? — Sen şu ýerini köşk hasaplaýarsyňmy? — Ýok. Ol örän parasatly adam diýip gürrüň edýärdiler. Ol kişi nedimlikden hat-petek diwanynyň başlyklygyna, ondan hem goşunbaşylygyna ýetipdir. Onuň pähim-parasadyna, başarjaňlygyna göwni ýetip, soltan Mahmyt ony özüne wezir belläpdir diýdiler. — Seniň bu aýdan zatlaryň dogry, ýöne durmuş üýtgäp-özgerip dur. — Men Tusda ýaşanymda Ahmet Meýmendi hakda köp gürrüň eşitdim. Meýmendini soltana ýamanlandyklary barada-da eşitdim. Soltan öz weziri hakda aýdylýan töhmetlere ynanyp ugrapdyr. Ana, şonda Tusuň häkimi Ahmet Jazyp soltana nama gönderip, Ahmet Meýmendiniň tapylgysyz akyldardygyna kepil geçenmiş. — Bä, täjirleriňem bilmeýän zady ýog-ow. — Täjirler dünýäni aýlanyp ýörler. Onsoň, köşkde näme bolsa, ilki bilen, şolar bilmeli bolarlar-da! Men şu ýere gelmezimden öň Tusda ýigrimi gün boldum. Şonda maňa bu zatlar hakda gürrüň berdiler. — Meýmendini soltan Mahmydyň näletländigini welin bilmeýän ekeniň. — Dogry, ony bilmeýärin. Ol taýsyz akyldarmyş ahyryn?! — Meýmendiniň hem bar betbagtlygy şonda-da. — Akyllylyk-parasatlylyk betbagtlykmydyr?! — diýip, Gutulmyş geňirgenmesini daşyna çykardy. — Wah, Muhammet, akyllylygyň peýda görä zyýan berýän ýeri has köp bolýar. Meýmendi hem akyllylygy sebäpli zyndanda otyr. — Soltana akyl öwretjek bolupmy? — Ondan-da beter. — Ondan beter näme bar? — Meýmendi akylly, sowatly, köp okan, dana adam. Käbir zatlar babatda soltandan hem köp bilýän bolmagy mümkin. Munuň üstesine-de ymgyr goşun elinde. Ýeke yşarat etse, bir giden adamyň kellesini alýarlar. Adamlar öňünde titreşip dur. Onsoň Ahmediň gursagyna şeýtan giripdir. — Indi düşündim. — Aýt. — Şeýtan Ahmede aýdandyr: «Eý, Ahmet Meýmendi, sen nähili parasatly adam! Munuň üstesine-de sen nähili ökde goşunbaşy! Sen Söbüktegin şalygyny4 soltan Mahmytdan has gowy dolandyryp biljek ahyryn. Soltan Mahmyt indi garrady, özem ol otuz ýyla golaý wagt bäri soltan. Indi oňa soltanlyk besdir. Indi sen soltan bolmaly» diýendir. Soltan Emineddöwle bir türkmen juwanmert gulamyna biçak syny oturýar, ony satyn almakçy bolýar, ýöne soltan oňa «Gulam satyn alma!» diýip açyk aýdýar. Ahmet Meýmendi hem on ýyl wezir bolandan, soň temennasy belent kişä öwrülýär, ol: «Soltan duýmaz» diýen pikir bilen Arameş atly gulamy iki müň dinara satyn alyp, Gazna ogryn getirýär. Ony haremhanasynda ogryn saklaýar. Ýöne soltan ýurt abadançylygynda bir gyly hem gözden salmaýar. Hemişe döwlet işgärleriniň üstünden fiskallaryny hem çawuşlaryny gözegçi goýýar. Adamlaryň iň kiçijik hereketlerine-de gözegçilik edýär. Soltan Ahmet Meýmendiniň gulamy hakda-da takyk bilýär. Bir gün oňa Samarkanda satyn alan gulamyny getirmegini buýurýar. Wezir: «Mende gulam ýok» diýip, gulamynyň barlygyny boýun almaýar. Şonda soltan gulamyň adynyň Arameşdigini, ony bir hojadan iki müň dinara satyn alandygyny, häzir öýüniň haýsy otagynda ýaşaýandygyny, näme hyzmatlary edýändigini takyk aýdýar. Şondan soň wezir hakykaty boýun almaga mejbur bolýar, ötünç soraýar. Bir hepdeläp soltana söwüş edýär, ýüz müň dinar zer harç edýär. Soltan onuň günäsini geçýär, ýöne kinesi ýüreginde galýar. Ana, şol gulamly waka soltanyň Ahmetden el çekmeginiň esasy sebäbi bolýar5. Adamlaryň, wezir-wekilleriň bir esasy goýberýän ýalňyşlygy bar. — Ol ýalňyşlyk «Soltan bilmez-le» diýen pikir bilen soltandan ýaşyryn bir iş etmek. — Dogry, dogry. Sen täjir däl, sen syýasatçy. Sen diwan, köşk emeldaryna meňzeýärsiň. — Ynamyň maňa gaty ýakymly. — Soltanlyk her bir mynasyba berlenok. Soltanlygy diňe Taňrynyň özi çözýär. Bu wezipäni Taňry öz bendesine ynanmaýar. Onsoň käbir kişi: «Men soltan bolmaga mynasyp. Şonuň üçinem men soltan bolmaly» diýip pikir edip ýalňyşýar. Allatagala eçilmese, hernäçe urunsaňam peýdasy ýok. Hawa, hawa, Allatagala goldamasa, pähim-parasatdanam, serkerdelikdenem, pählewanlykdanam peýda ýok. Çar ýanyň ýapyk bolanda-da Hudaý tarapyň açyk bolsun! Hana, seljuk türkmenleriniň ýabgusy Arslan han ýatyr. Aslynda Arslan han hem, Ahmet Meýmendi hem zyndanda oturmaly kişiler däl. Ikisi birleşse, ýedi yklyma hökümini ýöredip, kuwwatly döwlet döredip biljek kişiler. Ýöne Allatagala ýalkamasa, goldamasa, men-men diýen kişileriňem edip biljek işleri ýok. — Seljuklylar soltana göwnüýetmezçilik edýärler diýip eşitdim. Barybir, soltan olary aşa gowy görýärmiş. — Soltanmy? — Soltan olaryň beglerbegini özüne salar edip bellejekmiş diýýärler. — Ynanma, ynanma! Salar bellenjek adam zyndanda oturmaz. Sen şol «Salar bellenjekmiş» diýýän adamyň şu ýerde agöýli hökmünde ýüz elli ýoldaşy bilen ýatandygyny bilýärsiňmi? — Bilemok. — Bilmeseň, bilip goý, şol salar bellenjekmiş diýýän Ysraýyl Arslan ýabguň agöýli-de bolsa, häzir şu zyndanda. Tabşyryk şeýle. — Bä, sen meni geň galdyrdyň. — Onuň nämesine geň galýarsyň? — diýip, kutwal geňirgendi. — Onuňmy? Arslan hany Tusuň bazarynda bäş-on sany kişi öwmek öwdi. Mahmyt soltan Heýtelä baranda Arslan hana ýörite çapar gönderipdir. «Eý, seljuklylar, siz subaşy neberesinden örňän asylly kişiler. Men sizi öz ýanyma gulluga aljak. Arslan han meniň salarym bolsun, ogly meniň wezirim bolsun» diýenmiş. Arslan ýabgunyň Gutulmyş, Resultegin atly iki sany ogly barmyş. — Arslan ýabgunyň oglunyň bardygyny bilemok. Belki ýüz elli esgeriň içinde onuň şol iki oglam bardyr? — diýip, kutwal öz-özüne sowal berdi. Soňam başky pikirine garşy çykdy. — Ýok, olaryň içinde Arslan hanyň ýeke ogly hem ýok, eger bar bolsa, onda ony maňa hökman aýdardylar. — Arslan han garry adammy? Men ol beg hakda köp gürrüň eşitdim. Ol kişi Seljuk ibn Dukakyň uly ogly bolmaly. Özem oňa ýyldyz hem millet ylymlaryndan baş çykarýan örän paýhasly adam diýýärler. Birki ýerde maňa: «Muhammet, sen kynyklaryň ýabgusy Ysraýyl Arslan ýabguwa meňzeýärsiň» diýip hem aýtdylar. «Eger ýabgunyň eşigini geýip, bedew ata atlansaň, seni derrew Arslan beg diýip hatyralarlar» diýdiler. Kutwal meňzeşlik baradaky Gutulmyşyň pikirini oňlamady. Soňam: — Belki, Arslan hana tomaşa edersiň? — diýip sorady. Gutulmyş anyk jogap bermedi: — Gazaply adammy? Sakçy zyndanyň gapysyny açdy. Ondan peşeneli kişini daşary çykardy. Ol Ahmet Meýmendi bolmaly. Ýüz keşbine seredeniňde, onuň ýönekeý adam däldigi görnüp durdy. Gutulmyşyň Ahmet Meýmendä göwni ýetdi. Çünki ol kutwala, Gutulmyşa bakan ýeke gezegem seretmedi. Gutulmyşyň göwnüne, Ahmet Meýmendi hiç bolmanda bir gezek özüne seredäýjek ýalydy. Gurhanda aýdylyşy deýin, Allatagala adamlary bilesigeliji edip ýaradypdyr. Her kimde bilesigelijilik bolmaly! Belki, soltan gelendir?! Ahmet Meýmendini kimiň gelendigi näme üçin gyzyklandyrmadyka? Näme üçin ol ýeke gezegem seretmedikä? Ahmet Meýmendiniň özüne ýeke gezegem nazar salmazlygy Gutulmyşa çökder urgy boldy. Şonda-da Gutulmyş Ahmet Meýmendini hatyralady. Diňe özüne seretmändigi üçin hatyralady! Näme üçin? Be, özüňi hormatlamandygy, sylamandygy üçinem adamy gowy görüp, hatyralap boljak eken. Gör-ä, dünýäniň oýunlaryny! Ahmet Meýmendiniň yzyndan seredip duran Gutulmyş uludan demini aldy. — Nebsiň agyrdymy? — Takdyr hakda oýlanýaryn. Mundan dört-bäş ýyl öň şeýle güne düşjekdigini aýtsalar, kes-kelläm ynanmazdy. Belki, bir ýere gaçyp giderdi. — Takdyrdan gaçyp gutulyp bolmaýar, Muhammet. Ahmet Meýmendiniň juda köp mukdarda baýlygy, mülki bar eken. Baryny döwletiň hasabyna geçirdiler. — Ertirki günüň nähili boljagyny hiç kim bilmeýär. Men hem ertirki günümiň nähili boljagyny bilmeýärin. Belki, menem günleriň bir güni şu zyndanlaryň birinde oturaryn? — Ýok, ýok, beýle sözi degişmekdenem aýtma. Sen hiç wagt bu ýerde oturmarsyň. Bu ýerde patyşalyk üçin iň howply bolan jenaýatçylar saklanýar. Ýatanlaryň içinde kellekeser, ganhor, ogry-jümri ýok. Bu ýerdäki ýatanlar soltana garşy çykanlar, ony öldürjek bolanlar, soltanat agdarylyşygyny etmek islänler. Sen soltan Mahmydy tagtyndan agdarjak bolmarsyň. Kutwal Gutulmyşa köp sanly tussaglary görkezip, olaryň eden etmişleri hakda gürrüň berýärdi, ýöne seljuk tussaglary hakda welin gürlemeýärdi. Şeýle-de bolsa, Gutulmyş kakasynyň haýsy ýerde ýatandygyny takyk bilýärdi. Türmäniň içine girenden soň, ol özüne berlen gürrüňler esasynda bu ýerleri öň hem gören ýalydy. Gutulmyş kakasynyň on dördünji zyndanda saklanýandygyny bilýärdi. Ol bu zyndanyň gapysynyň deňine gelende aýak çekip: — Bu ýerde hiç kim ýokmy? — diýip kutwaldan sorady. — Bar. Bu ýerde topalaňçylaryň serdary ýatyr — diýip, kutwaldan öňürti emir-i-haras dillendi. Aslynda peşeneli emir-i-haras — türmäniň, jellatlaryň baştutany gürläp ýören adam däldi. Ol dogabitdi dymmady. Gürlemegi halamaýanlygy üçinmi, ýa dogabitdi häsiýetindenmi, jandarlaryna buýruk berende-de hereketi-elleri bilen yşarat edip buýruk bererdi. Jandarlar eýýäm onuň haýsy yşaratynyň nämäni alamatlandyrýandygyny, aňladýandygyny birkemsiz özleşdiripdiler. Ol juda rehimsiz adamdy, tussaglary jezalandyrmakdan, öldürmekden çäksiz lezzet alýardy. Tussaglar gamçylap urlanda yza çydap bilmän urunsalar, emir-i-haras hezil edinýärdi. Onuň diňe şeýle pursatda gülýändigi, başga hiç bir zat bilen ony güldürip bolmaýandygy barada gürrüň edýärdiler. Ýöne ol kutwaldan ölen ýaly gorkýardy. Ony görende agyr göwresine gelişmeýän ýeňillik bilen pyrlampaç deýin pyrlanýardy. Ol häzirem diňe kutwalyň hoşuna gelmek üçin yhlas edýärdi. — Näçe ýyl tussag edilipdir? — Ýedi ýyl! — Bu ýerde ýatan Ahmet Meýmendimi? — Wiý, nätdiň-aý sen, Muhammet?! Men saňa Ahmet Meýmendini görkezdim-ä. — Haçan? — Ýaňy. — Ol görenim Ysraýyl ýabgu ahyryn. — Sen-ä oňardyň, Muhammet. Ýaňky göreniň Ahmet Meýmendi-dä! Ol ýaş, Arslan han bolsa gartaşan adam. — Men-ä ony Ysraýyl ýabgudyr öýtdüm. — Ysraýyl ýabgu, ine, şu zyndanda ýatyr. — Onuň pidýesini töläp, azatlyga çykaryp bolarmy? — Muhammet, bulary azat edip däl-de, diňe öldürip bolýar. — Belki, ikiňiz bilen ogryn ylalaşyp bolar?! — Ýok, ýok, onuň ýaly gürrüňi degişibem aýtma! — Kutwalyň gaşlary çytyldy. — Siz ony näme üçin pidýe töläp halas etjek bolýarsyňyz?! — diýip, emiri-i-haras Gutulmyşa şübheli garady. — Men ony halas etjek bolmaýaryn. — Onda näme etjek bolýarsyň? Gutulmyş beg näme jogap berjegini bilýärdi: — Ýeri, goýalyň şu gürrüňi. — Ýok, ýok, aýt! Gutulmyş güldi, gülküsi ýasama çykdy: — Men ony satyn alyp, siziň gözüňiziň alnynda öldürjek. Kutwal ýeňil dem aldy, şelaýyn ýylgyrdy: — Näme üçin? — Onda meniň köýüp ýatan arym bar. — O nähili ar? — Arslan ýabgu meniň daýymy öldürdi. Maňa ony görkeziň! — Ýok, ýok, onuň ýaly bolsa, Arslan ýabguny saňa görkezip bilmeris. Sen ony birden öldürersiň. — Siz ony maňa görkeziň. Mähriban daýymy öldüren adamy tanap goýaýyn. Men size ony öldürmezlige söz berýärin. Kutwalyň emri bilen titreşip duran iki sany sakçy Arslan ýabguny daşaryk çykardy. Gutulmyş kakasynyň gelýändigini aňyp elewredi. Ol hemme zatdan beter syrynyň açylmagyndan gorkdy. Eger Arslan ýabgu: «Oglum! Gutulmyş! Bu senmi?» diýse, ýeri, näme etjek?! Arslan ýabgu, dogrudanam, ogluna seredip boz-ýaz boldy. Megerem, dymmalydygyna düşünen bolarly: hiç zat diýmedi, ikinji gezek Gutulmyşa seretmedem. Gutulmyş kakasyny görüp, sadyklyk bilen baş egenini, dillenenini duýman galdy: — Salawmaleýkim!.. Kutwal Gutulmyşyň bolşuna ör-gökden geldi: — Muhammet, sen nä bu haramzada salam berýärsiň? — Ol haramzada däl! Sen oňa «haramzada!» diýme! — Gutulmyşyň sesi sandyrap çykdy. — Haramzada haramzada diýmeli bolar-da!.. — Bähram, maňa hanjar ber!.. — Köşeş, köşeş! — diýip, emir-i-haras Gutulmyşy saklady. Kutwalyň öndemegi bilen Arslan ýabgu haýdan-haý zyndana salyndy. Esli wagtlap hiç kimden ses çykmady. Gutulmyş özüni demir erkli hasaplaýardy, özüni sowukganly hasaplaýardy ahbetin! Oňa näme boldy?! Gutulmyş nire, hamraklyk nire?! Ol ýalňyşandygyna düşündi, öz ýanyndan çykalga gözledi. Ýalňyşyny nädip düzetjegini, nädip söze başlajagyny bilmän kösendi. — Muhammet, saňa näme bolýar? — Bähram, sen bu ýerde nädip işläp bilýärsiň? Meniň başym aýlanýar. Aňym bulaşýar. Näme diýýänimi bilmäni goýdum, meniň parça-parça edilen daýym ýadyma düşüp, ganym depäme urýar — diýip, Gutulmyş kutwala ýüzlendi. Bu sözler kejebesi daralan kutwala makul göründi, ol mor murtuny sypalap, gözlerini ýaşardyp güldi. — Men ataly-ogul duşuşdy diýip pikir etdim. Ha-ha-ha! — Men babamyň ýanyna barmaýyn entek. — Ýok, ýok, babaň ýanyna barjak bolma. Entek ýaşaly! Ha-ha! Kutwalyň duýgurlygy Gutulmyşy haýrana goýdy. Ol öz aýby açylyp barýan ýaly basga düşdi: — Bähram, eger meniň däliremegimi islemeýän bolsaň, bu ýerden gideli. Bu ganhorlar hakdaky beren gürrüňleriň meniň göz öňümde janlanýar. Öldürilen adamlar göz öňüme gelip, başym aýlanýar. Kerçim-kerçim edilen çagalar, pilleriň aýaklarynyň aşagyna oklanan bigünä adamlar göz öňümden gidenok meniň. Men bu dünýäde wagşylyklary, ganhorlyklary görmedim. Sen bolsa meni wagşyýana dünýä getirip sokduň. Sen menden: «Şu adama çuha tikmek üçin näçeräk mata gerek bolar?» diýip sora. «Ýüpek haýsy şäherde näçeden geçýär?» diýip sora. Onuň ýaly zatlarda men ökde. Bu ýerde sen ökde, emir-i-haras ökde. — Ýör, gideli. Kutwal şol günden soň Gutulmyş bilen mähirli gatnaşygyny kesdi. Ara sowuklyk düşdi. Megerem, kutwalyň göwnüne güman gitdi. Gutulmyş hem howsala düşüp ugrady. Tusdan, Marçakdan getiren iki ýüz türkmeniniň biri bolmasa beýlekisi bir zatlar gürläýmegi mümkin. Kutwalyň gulagyna şübheli habar ýetse, onsoň Gutulmyşyň dat gününe, ony halas etjek adam bolmaz. Herhal, Gutulmyş kutwal bilen duşuşmaga howlukmady. Onuň özüniň dillenerine garaşdy. Dördünji bap Gutulmyş özüniň yzarlanýandygyny, nirä barsa, yzyndan aňtawçynyň galmaýandygyny aňyp, Tus sebitlerinden getiren türkmenleri bilen gatnaşygyny kesdi. Uzynly gününi dükanynda oturyp geçirdi. Kutwalyň, emir-i-harasyň adamlaryna engamy sahylyk bilen berdi. Kutwal bilen emir-i-harasyň öýüne-de her hepdede lomaý eçildi. Baýlykda mähir bar. Baýlyk özüne imrindirýär. Gutulmyşyň üznüksiz eçilmesi, hoş sözi iş bitirdi. Galanyň işini barlamak üçin soltanatdan on iki sany wekil gelipdi. Olar esgerleriň ýaşaýyşlary, olaryň gulluk edişleri, agöýlüleriň, tussaglaryň saklanyşy bilen gyzyklandylar. Bir hepdeläp galada boldular. Olaryň gelen gününiň ertesi kutwal Gutulmyşy myhmançylyga çagyrdy. Ony soltanatdan gelen wekiller bilen tanyşdyrdy. Gutulmyş kutwalyň islegine düşündi: gelen myhmanlaryň ähli çykdajysyny, soňundan olary sowgat-engamly ugratmak wezipesini öz üstüne aldy. Ol bu işi kutwalyň pikir edişindenem kän esse gowy bitirdi. Myhmanlary her gün mes iýdirip-içirdi. Soňundan wekilleriň hersine kutwalyň adyndan serpaý ýapdy. Görgüliler öň Gutulmyşyňky ýaly sahylyk, hedýe görmän ekenler. Soltanatyň wekilleri gideninden soň, şenbe agşamy Bähram Gutulmyşy öýüne myhmançylyga çagyrdy. Bu çakylyk birinji gezek däldi. Ýarym ýylyň içinde kutwal Gutulmyşy bäş-alty gezek myhmançylyga çagyrypdy. Her gezek hem kutwalyň öýi myhmandan doly bolýardy. Ýöne, bu gezek welin, kutwalyň ýeke özüdi. Iýlip-içilip bolnandan soň, kutwal myhmanhanasyna hatyny bilen Sünbüle atly gyzyny çagyrdy. On-on bäş ýaşlaryndaky Demirok atly ogluny bolsa öz ýanynda oturtdy. — Ýakynrak geliň, ýakynrak! — diýip, kutwal kesgitli gürledi. — Gyzym Sünbüle, hany, ýüzüňi aç. Sünbüle ýüzüniň tuwagyny aýyrdy. Onuň mähirden doly tegelek ala gözleri janperwerdi, dilrubady. Gyz utanýardy. Şeýle-de bolsa, Gutulmyşyň göwnünden turmak üçin mähir-muhabbet bilen başyny galdyrdy. Ýöne Gutulmyş Sünbülä bir nazary kaklyşansoň, başyny galdyrmady. — Muhammet, başyňy galdyr! Meniň gyzymy synla. Kutwalyň göwni üçin Gutulmyş başyny galdyryp, Sünbüläni synlady: — Bähram, näme üçin beýdýärsiň? — Meniň gyzymy neneň gördüň? — Gowy, gowy... — Seniň hatynyň bolmaga mynasypmy? Gutulmyş nämä garaşsa-da, kutwaldan beýle sowala garaşmandy. Özem kutwalyň gara çynydy: — Muhammet, men seniň ençe gezek duzuňy iýdim. Her gezek öýüňe baranymda sopbaşlygyňa geň galdym. Sen meniň galamda ýurt tutundyň. Öýüň bar, dükanlaryň bar. Ýaşaýşyň gowy, ýöne maşgalaň ýok. Özüň gürrüň berdiň, başky hatynyňy, çagajyklaryňy doganyň öldüripdir. Ähli zadyň geçdigi bolsun. Meniň saňa kömek edesim gelýär. Özüňem kyrk ýaşa ýetipsiň. Sen menden hiç zat gizleme. Gyzym hyzmatyňy etsin. Ýöne sen çekinme, gyzymy halamasaň, göni aýt, onda men saňa başga gyz taparyn. Garasaý, seni öýerjegim gara çynym. Gyzymyň ady Sünbüle. Sen gyzymy makul görmediňmi? — Makul, makul! — Onda şu gün toýa başlaýarys. — Ýok, ýok, entek howlukmaň! Meniň gaýragoýulmasyz işlerim bar. — Ilki toý toýlaly, ana, şondan soň gaýragoýulmasyz işleriňi bile ederis. Pederlerimiz aýdypdyr: «Ölmegiňe bir gün galan bolsa, hatyn al, iki gün galan bolsa, at al» diýip. Atsyz, herhal, ýaşamak bolar, ýöne hatynsyz ömür ömür däl, ony ömür sanyna goşmak bolmaýar. Gyzyň adynyň Sünbüledigi Gutulmyşda ajy, ýöne ýakymly gussa döretdi. Ilkinji göwün beren gyzy göz atuwynda janlandy. Eý, Hudaý, ol günler ýatdan çykar ýaly boldumy diýsene! Bir gezek Gutulmyş Sünbüläni alyp gaçypdy. Özem gyzyň erk-isleginiň garşysyna alyp gaçypdy. Gyz: «Sen meni syrgynyň içinde masgara etdiň» diýipdi. «O nämäniň masgarasy? Sen meniňki ahyryn. Men ýedi ýady däl, öz halaýan gyzymy alyp gaçdym» diýip, Gutulmyş düşündirmäge çalşypdy. «Sen meni entek nikalap alaňok. Nika gyýlanok, şonuň üçinem entek men seniňki däl». «Men seniňki däl» diýmäge nädip diliň barýar seniň?» diýip, Gutulmyş gaharlandy. Herhal, ol Sünbüläni köşeşdirmegi başarypdy. Olar Jeýhunyň kenarynda atly gezelenç edipdiler. Oba baranlarynda köpler olary görmediksiräpdiler. Gutulmyş kutwalyň gyzy bilen birmahalky Sünbüläni öz ýanyndan deňeşdirip gördi. Göräýmäge, iki Sünbüle meňzeş ýalydy. Gutulmyşyň garşylygyna seretmesizden, toý başlandy. Dogrusy, onuň garşy çykmasyny galanyň kutwaly özüne goýulýan sylag-hormat diýip düşündi. Hakykatdan hem galanyň kutwaly bilen garyndaş bolmak her kese ýetdirmeýän mertebe ahyryn! Gutulmyş Mukur şäherini, şäheriň häkimini, onuň gyzy Şahony — bary-ýogy bir aý ýaşaşan hatynyny ýatlady. Bu ahwalatyň ikinji gezek gaýtalanmagy nämäniň alamatyka?! Galada uly toý tutuldy. Gutulmyş toý üçin çykdajydan gaçmady. Goňşy galalardan hem myhmanlar geldi. Kutwal işe berlen, jür adam, ýöne şonda-da bir hepdeläp toý toýlady, meýlis gurdy. Gyzynyň ýaşaýşyndan hoş bolmagy üçin eçilmek eçildi. Bäşinji bap Gutulmyşa teselli berýän ýekeje bir zat bardy. Ol hem her gün kakasyna owkat, şeýle hem gyşda üşemezligi üçin ýyly egin-eşik iberip bilýänligidi. Ol diňe bir kakasynyň üpjünçiligi däl, eýsem ýüz elli seljukla hem mümkinçilik boldugyndan goldaw berip durýardy. Kutwal agöýlülere, tussaglara hossarlarynyň iýip-içer ýaly, geýer ýaly zat ugratmaklaryna garşy çykyp durmaýardy. Ýöne ol seljukly tussaglara çörekdir gandyň ugradylýandygy hakda eşidip geň galdy. Şonuň üçin hem assyrynlyk bilen sakçylary yzarlap ugrady. Gutulmyş zyndana ugradýan zatlaryny gönüden-göni özi däl-de, köplenç, Şapar atly gapydanynyň üsti bilen ugradýardy. Kutwal bir gije Şapary zyndana atdy. Ondan seljuklylar bilen nähili garyndaşlygynyň bardygyny sorady. Şapar aslynyň buharalydygyny, Kerim atly süýtdeş doganynyň ýüz elli seljuklynyň arasynda bardygyny, bu ýere dogan-garyndaşlarynyň ýörite tabşyrygy bilen gelendigini, özüni Haktagalanyň ýalkandygyny: Muhammet täjiriň özüne uly ynam bildirip ýanyna işe alandygyny, onuň bu ynamyny ödemek üçin yhlas edýändigini, galada Muhammet täjiriň gapydany, şeýle hem dükanynda satyjysy bolup işläp, gazanç edýändigini, gazananlaryndan doganyna, eger mümkinçiligi bolsa, beýleki seljuklylara nan, käte geýim-gejim ugradýandygyny, howandaryna çäksiz minnetdardygyny, onuň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny dileg edýändigini gürrüň berdi. Kutwal Şaparyň gürrüňini diňläp, kanagatlanma bilen demini aldy. — Muhammet täjire hiç zat aýtmagyn — diýip, kutwal Şapara tabşyryk berdi. — Eger aýtsaň, menden eýgilige garaşma! Şapar baş atdy. Altynjy bap Galada esgerleriň sanynyň azalýan pursady örän seýrek bolýardy. Goşun bir ýere ugradylanda-da olar derrew yzyna dolanýardylar. Gutulmyş ýurt tutunyp, dükan açanda galada bary-ýogy müň sany nöker bardy. Ýöne üç-dört aýdan soň olaryň sany iki müňe ýetdi. Bu san soň üýtgemedi. Megerem, Gutulmyş gala gelende bir müň esgeri nirädir bir ýerik ugradan bolsunlar gerek. Tussaglary halas etmek üçin niredendir bir ýerden köp mukdarda azat ediji atly goşun hüjüm eder gorkusy bardy, bu gorky uludy. Bu gorkynyň döremeginiň sebäbi zyndanda ýatan adamlar soltany tagtyndan agdaryp, özleri geçmek islän adamlardy. Beýle adamlar ýeke bolmaýarlar. Beýle adamlaryň meslekdeşlerem az bolmaýar. Şeýle bolansoň howatyrlanma güýçlüdi. Golaý-goltumdaky obalarda-da galanyň kutwalynyň öz adamlary bardy. Olar sähel bir şübheli adam görse, ýa del habar eşitse, dessine habar ýetirmäge borçlanyp, kutwaldan aýma-aý hak alýardylar. Galada ýaşaýan adamlaryň arasynda-da kutwala şugullyk-fiskallyk edip, ondan hak alýan adamlar az däldi. Kutwal galanyň adamlaryny ýygnap, şübheli adam gabat gelse ýa-da soltanata garşy gürrüň edilse, dessine özüne bu barada habar berilmeginiň hökmanydygyny aýdýardy. Aýdylmadyk ýagdaýynda berk jezalandyrjakdygyny hem duýdurýardy. Onuň gara çynydy. Sähel zat üçin rehimsizlik bilen jezalandyrýardy hem. Zyndana atylandygy, sorag edilendigi hakda Şaparyň Gutulmyşa hiç bir zat aýtmandygy Bähramy gaty geň galdyrdy. Ol Nowruz baýramçylygyny Gutulmyşyňkyda geçirdi. Ýygnanyşykda Şapary ýanyna çagyrdy: — Aýtmadyňmy? — Siz aýtma diýdiňiz-ä! Kutwal Şapara ýigrimi dinar berdi. Şapar minnetdarlyk bildirdi. Kutwal gulluk borjuny ähli zatdan ýokarda goýýardy. Özem ol dikdüşdüdi, kejirdi. Onuň hiç bir zatda eglişik etmejegi çynydy. Her bir zadyň kanun esasynda bolmagyny talap edýärdi. Sünbüle gelin kakasynyň bu häsiýetine beletdi. Şonuň üçin ol adamsynyň kakasy bilen ýygy gatnaşyk etmezligini isleýärdi. Kakasy çagyrsa ýa ony Gutulmyşa aýtmaýardy ýa-da bir bahana bilen çakylyga gidilmezligini gazanýardy. Adamsynyň nämedir bir zady kakasyndan haýyş etmeginden gorkýardy. Eger işi bitmese, adamsynyň öýkelejekdigini bilýärdi. Sünbüle kakasy bilen adamsynyň arasynda öýkäniň bolmazlygyny isleýärdi. Ol adamsyny jandan-tenden söýýärdi, mydama ony goraglap gezýärdi. Onuň wagtly-wagtynda iýip-içmegi, dynç almagy üçin aladalanýardy. Hatynynyň yhlasy Gutulmyşa hoş ýakýardy. Öz gezeginde Gutulmyş hem hatynyna hoş ýakjak işleri edýärdi. Käteler Sünbülä ýüregini açýardy. Başdan geçirmelerini gürrüň berýärdi. Ýöne onuň gürrüňleri söwda-satyk, Horezmin, Jürjaniýa, Merw hakda däl-de, haýsydyr bir sähralykdaky söweşler, gylyçlaşyk, göreş tutmak, gahrymançylyk hakda bolýardy. Şeýle bolansoň Sünbüle adamsyna: — Siz täjiriň ogluna meňzemeýärsiňiz — diýerdi. — Onda men kimiň ogluna meňzeýärin? — diýip, Gutulmyş nägile bolardy. Sünbüle: — Siz serkerdäniň ogluna meňzeýärsiňiz — diýýärdi. Sünbüle bu sözi aýdansoň, Gutulmyş ur-tut oňa garşy çykardy. Jürjaniýa bazary, täjirçilik hakda gürlemäge başlardy, ýöne täjirçilik hakdaky gürrüňleri ýasama, gyzyksyz bolýardy. Özem derrew gutarýardy. Sünbüle adamsynyň täjirçilik hakda zoraýakdan gürleýändigini, bu gürrüňden hiç hili joşgun almaýandygyny, ýöne serkerdeçilik, uruş hakda gürlände welin, joşup ugraýandygyny duýýardy. — Siz menden möhüm bir zady gizleýärsiňiz — diýip, Sünbüle adamsyna, köplenç, aýdýardy. Ol bu sözi ýöne ýere aýdanokdy, her gezek esasly aýdýardy. Gutulmyşyň käbir boluşlary Sünbüle üçin juda syrlydy. Hem juda gorkunçdy. Gutulmyş gijelerine zöwwe ýerinden turup gidiberýärdi. Özem onuň zöwwe turup gitmesi her hepdede bir ýa iki gezek gaýtalanýardy. Onsoň Sünbüle adamsynyň nirä gidýändigi bilen gyzyklanyp, birki gezek onuň yzyna düşüpdi. Gutulmyşyň bolşy ýüregine dowul düşen adama meňzeýärdi. Gutulmyş howlynyň töründäki ammara baryp, gorkunç-gorkunç ses edýärdi. Ol her gün sabada gapydany Şapar bilen howlynyň töründäki ammarda gara dere batyp gylyçlaşýardy. Gutulmyş bu gylyçlaşmasyndan lezzet alýardy. Käteler onuň endamy joýa-joýa bolar durardy. Sünbüle ol joýa-joýa bolup duran yzlaryň gamçynyň yzlarydygyny bilýärdi, ýöne ony beýdip rehimsizlik bilen kimiň urup biljekdigine akyl ýetirip bilmeýärdi. — Kim sizi beýdip rehimsiz gamçylady? — diýip, Sünbüle soraýardy, ýöne her sapar Gutulmyş oňa açyk jogap bermeýärdi. — Seniň äriňi urup biljek adam bolmaz? — Onda bu yzlar näme? — Sen olara üns berme. Sünbüle adamsynyň endamyndaky ýolbars dyrnagynyň yzlaryny görüp, başda gorkupdy, ýöne indi ol yzlara öwrenişip gidipdi. Ol Gutulmyşyň haýsy ýerinde nähili yzyň bardygyny takyk bilýärdi. Ýolbarsyň dyrnagynyň yzlary azlyk edýän ýaly, Gutulmyşyň endamynda täze yzlaryň döremegi Sünbüle üçin gaty düşnüksizdi. Sünbüle ol ýaralaryň agyrýandygyny bilýärdi, ýöne Gutulmyş oňa ähmiýet bermeýärdi, onuň bolşy ylla ýaralary agyrmaýan ýalydy. Ol ýaralaryň agyrysyna adamsynyň merdi-merdanalyk bilen çydaýanlygy onuň üçin juda syrlydy. Herhal, ol şeýle adamsynyň bardygyna guwanýardy. Oňa ýaranmaga çalyşýardy. Sünbüläniň yhlasy, ýaranjak bolup kökenek gerşi, elewremegi Gutulmyşyň hoşuna gelýärdi. Şonuň üçinem ol hatynyny gowy görýärdi. Käteler onuň bilen ýazylyp-ýaýrap gürrüň edýärdi. Wagt geçdigisaýyn Gutulmyş Sünbülä imrindi, ony ýüregine ýakyn saýdy, oňa ýüregini açdy. Sebäbi galada Gutulmyşyň ýeke-täk ýürekdeşi Sünbüledi. Onuň bilen islän zadyň hakda gürleşip bolýar. Özem ol diňe äriniň rowaçlygy üçin ýaşaýar. Onsoň oňa näme üçin hakykaty, hakyky adyňy aýtjak däl?! Wah, ýanynda doganlary bolanlygynda ol Sünbülä beýle ysnyşmasa-da ysnyşmazdy. Ýekelik Hudaýa-da ýagşy däldir. Bendesine ýagşy bolmadyk zat nädip Haktagala ýagşy bolsun?! Gurhany kerim, ähli dini kitaplar, pygamberler, akyldarlar Gutulmyşyň hatynyna ýüregini açmak baradaky pikirine kes-kelläm garşydylar. Olaryň ählisi edil dilleşen ýaly, bir pikiri örän takyklyk bilen gaýtalaýarlar: — Hatynlara ynanmaň! Hatynlara ynanmaly däl. Gutulmyş özüni aklamaga çalyşýardy: «Hatynlar hil-hil. Sünbüle içinde syr saklap bilmeýän hatynlardan däl. Sünbüle mähekdaşy, ol syr saklamagy başarýar. Onsoňam ol ärine ýamanlyk, betbagtlyk getirjek işi etmez!» Gutulmyşyň içinde şeýtan oturan ýalydy, onuň böwründen birsyhly hürsekleýärdi: «Sünbülä öz hakyky adyňy aýt. Goý, ol seniň kimdigiňi bilsin. Sen bir bagtyýatan täjiriň ogly däl ahyryn. Seniň kakaň soltan Mahmydy gorkuzan ýabgu. Eger soltan gorkmadyk bolsa, zyýapata çagyryp, soňundan agöýli edip Kelejara ugratmazdy». Gutulmyşyň özem hele-müçük adam däl. Ol ýedi yklyma soltan bolmaly är! Arslan ýabgu: «Menden soň sen seljuk jemagatyna ýabgu bolarsyň» diýýärdi. Sünbüle, goý, özüniň nähili serkerde äriniň bardygyny bilsin, ärine guwansyn. Goý, ol ärim täjir, halky ütüp baý bolan adam diýip pikir etmesin. Onuň äri — yslamyň din gylyjy. Ömrüni yslamyň rowaçlygyna, kapyrlary musulman ýoluna düşmäge mejbur edýän serkerde! Ýedinji bap Her bir işiň öz kynçylyklary bar. Söwdanyň-da öz kynçylyklary bar. Aňsat zat ýok. Aňsat bolsa, şol işi ähli kişi ederdi. Täjirçiligi ähli kişi edenok, diýmek, bu işi ähli kişi başaranok. Kelejarda dükan açyp, söwda etmek Gutulmyşa, dogrusy, aňsat düşmedi. Ol, ilki bilen, galada haýsy harydyň haýsy bahadan satylýandygyny öwrenmeli boldy. Elbetde, ol iki dükanynda işlemek üçin alty sany mazdury işe aldy, özi dükanda oturyp haryt satmady. Onuň işi dükanlaryny haryt bilen üpjün etmekdi. Ol bezirgenler, söwdagärler bilen günde-günaşa iş salyşmaly bolýardy. Söwdagärleriň, bezirgenleriň, täjirleriň öz dünýäsi bardy. Olar Gutulmyş bilen iş salşyp, öz pikirlerini ýaşyrjak bolup durmadylar: — Muhammet, sen täjir däl. Sen bezirgenem däl. Sen söwdagärem däl. Satyjy bolup işlän bolmagyň mümkin, ýöne men-ä seni dükanymda satyjy edip saklamaryn. Bezirgenleriň, söwdagärleriň bu sözleri Gutulmyşy çykgynsyz güne salýardy. Şol bir pikiri üç-dört kişi gaýtalandan soň, Gutulmyş öz goýberýän säwliklerini öwrenmäge çalyşdy. Görüp otursa, bezirgenler, söwdagärler üçin Gutulmyş bilen söwdalaşmak gyzyksyz eken. Gutulmyş haryt aljak bolanda-da, satanda-da baha dawasyny etmeýärdi. Harydyny alan bahasyndan gymmat satjak bolup durmaýardy, alan bahasyndan ep-esli arzan bahadan sorasalaram razylaşardy. Haryt satyn alanda-da aýdylan ilkinji bahadan harydy alyp gaýdybererdi: — Söwdanyň gyzygy baha üçin çekeleşmekde. Bu ýerde her kim öz başarjaňlygyny orta goýýar. Eger satyjy ynandyryjy gürläp, bäş dinarlyk harydy ýigrimi bäş dinara satyp bilse, ine, söwdanyň gyzygy. Şeýle bolansoň, bezirgenler, täjirler, söwdagärler Gutulmyşa pikirlerini, nägileligini açyk aýdýardylar. Gutulmyş aýby açylyp barýan dek, özüniň täjirdigini subut etmäge başlardy. — Siz ýalňyşýarsyňyz. Men täjir. Meniň babam täjirdi. Täjirlik käri maňa babamdan miras galdy. Babam uzak argyşdan gaýdyp gelmedi. Başyna bir külpet düşen bolmaly. Horezminde biz gaty meşhur täjirdik. Biziň elli sany öz bezirgenimiz bardy. Iki ýüz elli sany dükanymyz bardy. Meniň otuz sany dükanym bardy, ýöne babam wepat edeninden soň, doganym ähli mirasa eýe bolmak üçin meni öldürmegiň kül-külüne düşdi. Men öýde ýokkam meniň iki sany çagamy hemem hatynymy wagşylyk bilen öldüripdir. Soňam: «Kimiň öldürenini bilemok» diýýär. Soň meni öldürmek isledi. Gije birgiden hakyna tutulan kellekeserleri bilen üstüme döküldi. Men söweşip agamyň hakyna tutan kellekeserleriniň birnäçesini öldürdim. Doganym: «Saňa kast etjek bolupdyrlar» diýip halymsyraýar. Dili bilen gynanan bolsa-da, içinden meniň ýüregime wehim aralaşandygyna begenýändigi duýulýar. Ol maňa wagtlaýynça Horezminden başga bir şähere göçüp gitmegi maslahat berdi. Men wagtlaýyn däl-de, hemişelik gaýtmagy makul hasapladym. Sebäbi doganymyň birinji synagy şowsuz boldy. Ikinji kast etmek synanyşygynyň amal tapmagy mümkin. Şonuň üçin, men ikinji synaga garaşmak islemedim: doganymy terk edip, öýden çykyp gaýtdym. Öz göbegimi özüm kesmek isleýärin. — Sen bu söwda edişiň bilen uzak gitmersiň, tiz tozarsyň. Sen mydama adamlara hedýe berýärsiň. Bu hedýe berşiň bilen seniň dükanyň uzak saklanmaz — diýip, Hamit atly täjir Gutulmyşa şübheli garaýardy. Hamidiň hasaby bilen Gutulmyşyň dükanlary üç-dört aýdan boşamalydy, tozmalydy, ýöne onuň hasaby dürs çykmady. Ertekidäki kör garganyň saçagy deýin, Gutulmyşyň harytlary näçe hedýe berilse-de, näçe arzan bahadan satylsa-da tozanokdy, gaýtam dükanyň harytlary köpelmese azalanokdy. Gutulmyş bolsa Hamidiň dükanyndaky ýaly harytlary ýarym bahasyndan satýardy. Şeýle bolansoň, hiç kim Hamidiň dükanyna baranokdy. Ähli kişi söwdany Gutulmyşyň dükanlaryndan edýärdi. Hamit çykalga gözledi. Ol arz edip ugrady. Ilki kutwal Bährama arz etdi. — Hamit, sen näme üçin meniň üstümden arz edýärsiň? — diýip, Gutulmyş gaharlandy. — Sen meni tozdurýarsyň. Özem bilgeşleýinden tozdurýarsyň. — Wa-weýla, sen menden ökde täjir dälmi näme? — Men ökde täjir, ýöne sen maňa ýamanlyk edýärsiň. Sen dükanlaryňdan peýda görmeýärsiň. Sebäbi sen harytlaryňy satyn alan bahaň ýarym bahasyna satýarsyň. Sen peýdany, girdejini dükanlaryňdan, täjirligiňden göreňok. Seniň girdejiň başga bir zatdan bolmaly. Täjirlikden peýda görmeýändigiň-ä güwä geçip biljek. Sen meniň aňkamy aşyrýarsyň. Gutulmyş Hamidiň ýakasyndan ebşitläp tutdy: — Sen köp gepleýärsiň, diliň artykmaçlyk edýän bolsa, aýyrmaga kömek edip biljek. *** Şondan iki aýdan soň Gutulmyşyň ýanyna üç sany geýnüwli adam geldi. Olaryň biri ýaşy durugşan, daýaw kişidi. Onuň ýanyndaky iki kişi ýigrimi-ýigrimi bäş ýaşlaryndady. Ikisi bir almany iki bölen deýin meňzeşdi. Inçesagt, garaýagyz ýigitleriň biriniň murty uzyndy, beýlekisiniňki gysgady. Gutulmyş olaryň kimlerdigini soraman — eýgilige gelmändigini welin duýdy, düýrmegi bilen duýdy — gowy garşylady. Olar haýsy ýerde haýsy harydyň geçginlidigini bilmeýändiginden zeýrendiler. — Siz haýsy söwdanyň geçginlidigini, haýsy ýerlerde nämäniň arzan, nämäniň gymmatdygyny, baýamak üçin haýsy zadyň söwdasyny etseň amatly, girdejili boljakdygyny maslahat berip bilmermisiňiz? Eger gowy maslahat berseňiz, biz size ýüz dinar bereli — diýip, gysga murtly ýaş ýigit aýtdy. — Ýüz dinaryňyzy gysganmasaňyz, men sizden maslahatymy gysganmaryn. Meniň maslahatym siziň ýüz dinaryňyzy ýüz müň kurur dinar eder. Iň gowy söwda Amul kükürdini Çyna eltip satmak — diýip, Gutulmyş jogap berdi. — Çynda kükürdiň bahasy biçak ýokary. Sebäbi Amulyň kükürdini Çyna eltip satsaň, bir dinaryň segsen dinar bolýar. Çynda taňsyk jamlar, mejimeler arzan. Çyn tabaklaryny, mejimelerini Rumda kyrk dinardan satyp bolýar. Her jamdan arassa ýigrimi bäş dinar peýda bar. Rumda Çyn ýüpek matalaryna-da ýokary baha kesýärler, ýüz düýä ýük ursaň, her düýe ýüküňden arassa iki müň dinar peýda galýar. Amul, Zemm keteni matalary Rumda, Bagdatda, Hemedandyr Yspyhanda ýokary bahalanýar. Her top matadan altmyş-ýetmiş dinar arassa peýda bar. Keteni matalaryny bulgarlar hem gowy görýärler. Kawkazda-da keteni geçginli. Buharadyr Samarkantda keteni bilen ýüpek matalary iň geçginli matalar hasaplanýar. Ketenini Hindistanda-da gowy bahalaýarlar. Hindistandan Halaba polat daşamak bähbitli. Halabyň suw çilimleri Ýemende gowy alynýar. Ýemen donlary Nişapurda gowy görülýär. Wah, maňa bir ömür az bolýar. Ýogsam etjek işlerim köp. Dünýäň ýüzi durşuna baýlyk, durşuna dinar, çöpläp alybermeli! Maňa wagt ýetenok. Ermenistanda bir dinara ýüz man bal alyp bolýar. Erzen şäherinde bir dinara iki ýüz man6 üzüm alyp bolýar. Üzüm bilen baly Reýde, Hemedanda on esse gymmat bahadan satyn alýarlar. — Söwda ýurtdaky ýagdaýa-da bagly bolýar — diýip, ýaşy durugşan wekil aýtdy. — Örän dogry aýdýarsyňyz. Uruş — täjir üçin betbagtçylyk. Uruş döwründe bir tanap ekin ýeriniň bahasy müň dinardan iki ýüz dirheme çenli aşak düşen ýerleri bar. Ähli ýerlerde geçginli hasaplanan Bagdat aýnasy bir dinardan bäş dirheme çenli aşaklady. Aýna bolçulyk, abadançylyk, parahatçylyk döwrüň harydy. Mekgede dört man nan bir nyşapury dirheme ýetipdir. — Ähli ýerde dirhemleriň, dinarlaryň agramy deň däl — diýip, murty uzyn ýigit gürrüňe goşuldy. — Bir dirhem kyrk sekiz bugdaý dänesine, ýagny hybba deň diýýärler. Ýöne Nyşapury dirhemiň kyrk sekiz hybba deň däl... — An-Nyşapuriýa, al-Harawiýa, al-Magribiýa, al-Mahmydiýa diýilýän dinarlaryň, dirhemleriň ählisiniň agramy birmeňzeşdir. Bir dirhem hökman sekiz daňa7 barabar bolmaly. Eger bu ölçeg bozulýan bolsa, onda döwletiň zikgehanasynda halallygyň ýoklugy. Haýsy dirheme, dinara şübhäňiz bar bolsa barlap, ölçäp görüň — diýip, Gutulmyş aýtdy. — Zikgede nätakyklyk bolsa, onda onuň jezasy gaty ýowuz bolar. Mawerannahrda, Horezminde bir dirhemiň agramy dört daň. Her daň iki ýarym karata8, her karat — dört hybba (dänä) deň. — Hybba diýip, karat diýip, daň diýip birgiden ölçeg daşlary bar. Dogrusy, men-ä hardele, şygara9 näme diýseler, jogap berip biljek däl — diýip, ýene murty uzyn ýigit janykdy. — Bu ýerde bilip-bilmez ýaly üýtgeşik zat ýok. Iki hardele bir bürünje deň. On iki bürünç bir şagyra deň, altmyş şagyra bir hybba deň, üç hybba bir karata deň. Üç ýarym hybba — bir nohuda; ýarym hybbasy kem üç nohut — bir daňa; ýigrimi dört nohut — bir mysgala; ýedi ýarym mysgal — bir ukyýa; bir ýüz segsen mysgal — bir mana; bir ybryk — iki mana; bir istar — dört ýarym mysgala; üç hybba — bir karata; bir ebulat — dokuz karata; bir bakula — ýarym dirheme; bir hurma — dört mysgala; bir harnut — bir karata; bir dürhami — bir mysgala; bir ratl — on iki ukyýa; bir sekrehe — alty istara; bir sög — dört mana; bir sadafa — dokuz ukyýa; bir mysgal — segsen dört hybba; bir kile — üç ýüz dirheme deň... — Siz täjirmi ýa serrah10 — diýip, murty uzyn nätanyş ýylgyrjaklap Gutulmyşyň sözüni böldi. — Bolubilseg-ä täjirdiris. — Täjir Muhammet, söwdaňyz küşatmy? — Küşat. — Hamit atly bezirgeni tanaýarsyňyzmy? — Elbetde, tanaýaryn. — Araňyzda dawa boldumy? — Onuň işi şowuna däl, onsoň ol häzir ýaraly ýolbars ýaly, ýöne ol gowy täjir. Rysky berýän Subhandyr. Onuň berenine şükür etmeli. Ryskyň ýetmezçilik eden wagty bolsa Muhammet alaýhyssalamyň wesýet edişi ýaly, «Istigfar kelemesini» we «Tamjid kelemesini» köp gaýtalamaly. Subhanyň rehmedi hemem wagtyhoşlugynyň nyşany şondadyr. — Düşnükli, gaýdalyň — diýip, ýaşy durugşan kişi ýanyndakylara ýüzlendi. — Gaýdalyň — diýip, uzyn murtly nätanyş hem ýaşy durugşan kişiniň sözüni gaýtalady. — Ine, siziň gazanan ýüz dinaryňyz, beren maslahatyňyz üçin sag boluň — diýip, ýaşy durugşan kişi ýüz dinary Gutulmyşa uzatdy. Gutulmyş dinarly haltajygy minnetdarlyk bildirip aldy. — Siz biziň kimdigimizi soramadyňyz-la? — diýip, murty gysga kişi Gutulmyşa ýüzlendi. — Men ony näme üçin soraýyn? — Siz biziň kimdigimizi tanadyňyzmy? — Men siziň musulman ymmatydygyňyzy tanadym. Maňa şu ýeterlik. — Onuň nämesi ýeterlik?! — Musulman ymmatyndan maňa duşmanlyk gelmez. Galan zatlar o diýen möhüm däl. — Aý, ýok, dogan, bu sözüň dogry däl. Musulman ymmaty saňa töhmet atyp, seniň bagtyň ýatmagyny isleýär. — Beýle kişi bilen hasaplaşmak meniň işim däl, men beýle kişileri Allaga tabşyrýaryn. Meniň işim ilata gerekli harytlaryny nirede bolsa tapyp getirmek hemem arzan bahadan satmak. — Işiňiz rowaç bolsun, mydama sizi Allatagala öz penasynda aman saklasyn. — Agzyňyzdan Hudaý eşitsin! Gutulmyş gelenleriň bihal adamlar däldigini aňypdy. Olar soltanatdan gelipdiler. Hamit soltanata arz edipdi. Üç kişi şol arzy derňemek üçin gelipdi. Gutulmyş gelenleri ýola saldy. Onuň Hamide nebsi agyrdy, ýöne onuň alajy ýokdy. Hamidiň aýdýan zatlary hakdy. Gutulmyş hakykatdan hem bezirgenlik, söwda edip, peýda görenokdy, Hamidiň aýdyşy ýaly, dükanlaryndan diňe zyýan görýärdi. Ýöne onuň baýlygy entek-entekler tükenerli däldi. Ol Kelejarda ýaşasa-da, Gaznada, Horasanda bolýan wakalary wagtly-wagtynda eşidip durýardy. Onuň Gaznada üç, Hyratda iki, Merwde bir adamy bardy. Ol şol adamlaryna hak-heşdek töläp, ýerlerde bolýan wakalardan habar alýardy. Sekizinji bap Dokuz aý dokuz gününi dolduryp, çaga dünýä indi. Çaga dünýä inen güni Gutulmyş galada uly toý tutdy. Çaga Süleýman pygamberiň adyny dakdylar. Ýigit çykyp, hakyky Oguz adyny almak ogluň özüne bagly bolar. Gutulmyş ogly Süleýmanyň sagdyn ulalmagy üçin ýörite eneke tutundy. Çaga Gutulmyşa birmahalky öldürilen hatynyny, iki çagasyny ýatladýardy. Ol çagajyklar hem edil şu çaga meňzeýärdiler. Peýkerleri meňzese-de, ömürleri welin meňzemesin hernä! Aýlar, günler nähilidir möhüm howlukmaçlyk çykan deýin gaty tiz geçýärdi. Süleýman gününi sanap ulalýardy. Onuň her bir hereketinden dogumly, daýaw boljakdygy duýulýardy. Goý, pähim-parasatly bolsun! Goý, batyr beg bolsun! Gutulmyş Süleýmanyň ulalyp, özüne goldaw bolmagyny gije-gündiz dileg edýärdi. Süleýman gaharjaňdy, hötjetdi. Gutulmyş oglunyň gaharjaňlygyny, hötjetligini gowulyga ýorýardy. Üç ýaşyna ýetende bolsa ony ýörite atabege tabşyrdy. Birmahal Gutulmyş hem kakasy bilen gylyçlaşýardy, köplenç, kakasy ondan «ýeňilýärdi». Gutulmyş bolsa kakasyny ýeňendigine begenip, onuň üstüne çykyp oturýardy. Bu gün Gutulmyş kakasynyň bolşuny gaýtalaýardy: ogly bilen basalaşyp, ondan ýeňlen bolýardy. Sünbüle ataly-ogluň harby türgenleşik geçip ýörenini görüp, içki pikirine jylaw saljak bolup duranokdy: — Süleýman, seniň babaň bezirgen däl. Ol serkerde. Seniň ataň hem bezirgen däl-de, serkerde bolandyr. Enesiniň bu sözlerinden soň Süleýman kakasyna ýüzlenýärdi: — Baba, baba, meni atamlaryňka äkit! Men Jürjaniýany görjek! — Alyp giderin, hökman alyp giderin. — Haçan? — Sähetli güni. — Sähetli güni haçan bolýar? Sen ýyldyzlar ylmyny bilýärsiň-ä! — Özüm aýdaryn. — Şu gün agşam aýdarmyň? — Ýok, bu gün agşam däl. Sen meni howlukdyrma. Gutulmyş ogluny söwda gözükdirmekçi boldy, ýöne Süleýmanyň söwda edesi gelmedi. Molla gatnap okasy-da gelmedi. Onuňky mydama uruşdyr-jenjel bilendi. Bir görseň, kimdir birini urup durandyr ýa kimdir birini goramak üçin öz deň-duşlaryny yzyna tirkäp ýörendir. Sekiz ýaşyndaka galanyň ähli deň-duş oglanlary Süleýmanyň serdarlygyndadylar. Süleýman ýaýdan nyşana atmagy gowy görýärdi. Ýaýyny egninden aýyrmaýardy. Ol çapyp barýan atyň üstünde nyşana urmak boýunça galada iň ökdedi. Süleýman jezalandyrmagy gowy görýärdi. Galada jenaýatkärler jezalandyrylanda: gamçylap urlanda, dardan asylanda Süleýman bazara hökman barardy hem jezalandyryşyň geçirilýän ýerinde näçe wagtlap garaşmaly bolsa-da ýaltanman garaşar oturardy. — Eger sen bezirgeniň ogly bolsaň, onda men bu dünýäde hiç zadam bilmeýärin — diýip, Sünbüle adamsyna ýüzlendi. — Bes et şu gürrüňiňi! — diýip, Gutulmyş hatynyna azgyryldy. Elindäki gamçysyny hatynynyň depesinde galgatdy. Ogly ara düşdi, kakasynyň elinden ýapyşdy: — Baba, enemi urma! Ol naçar-a! Eger ursaň, onda soňy erbet bolar. Gutulmyş oglunyň bu sözüne gaharlandy. Ony iki gamçy urdy: — Maňa seniň ýaly, ata-enesini gan agladýan ogul gerek däl! Sünbüläniň adamsynyň bezirgen däldigini tekrarlamagy esaslydy. Öýde täjirçilik bilen baglanyşykly ýekeje zadam ýokdy. Oňa derek öýüň diwarlaryndan üç-dört sany ýatagan, gylyç, gönder, şeşper, şemşer asylgy durdy. Taňrynyň her bir sabasynda Gutulmyş ýaraglarynyň haýsam bolsa birini alyp, howlynyň töründäki ammarda Şapar bilen darkaş türgenleşigini geçmäge başlardy. Özem bu türgenleşik, köplenç, uzaga çekerdi. Gutulmyş her gün saba Şapar bilen gylyçlaşyp öl-myžžyk bolardy, onsoň gelip eşiklerini çalşardy. Sünbüle her gün sabada azan sesine oýanmagy ram edipdi, ýöne indi ony azandan hem öň adamsy bilen gapydanyň ýataganlarynyň şarkyldylary oýarýardy. Sünbüle adamsynyň gylyçlaşmadan çäksiz lezzet alýandygyny duýýardy. Duýmaz ýaly däldi, Gutulmyş her gün daňdan ammardan derini sylyp, ýylgyrjaklap çykýardy. Käteler-ä jak-jaklap gülýärdem. Ol günüň dowamynda sabadakysy deýin şadyýan bolmaýardy. Sünbüle adamsynyň gylyç oýnamasynyň hikmetine teý düşünip bilmeýärdi. — Bezirgene bu ýaraglar nämä gerek? — diýip, Sünbüle öz-özüne sowal berýärdi. Göýä hatynynyň bu sowalyny eşiden ýaly, Gutulmyş oňa jogap berýärdi: — Bezirgen mydama ýolda. Onuň harydy bar. Onsoň onuň harydyna göz gyzdyrýanlar hem az däl. Garakçylar bilmän durkaň üstüňe topulýarlar. Ana, şonda bezirgen goranmagy başarmaly. Goranmagy başarmasaň, seni haýsydyr bir depäniň aňyrsynda öldürip gitmekleri ähtimal! Meniň kerwenlerimiň üstüne şu ömrümde üç gezek garakçy çozdy. Üç gezegem öz adamlarym bilen goranyp, kerwenimi halas etdim. Sünbüle bu söze, näme üçindir, ynanyp bilmeýärdi. Ol ogly Süleýmanda-da adamsynyň gaýtalanmasyny görýärdi. Süleýman kakasynyň ýaraglaryny aşa gowy görýärdi. Oýnagy şol ýaraglardy. Ýogsam şol ýaraglary ellemegi Süleýmana kakasy gadagan edipdi. Ataly-ogulda diňe bir tapawut bardy: Gutulmyş görer gözden çetde — ammarynda gapydany bilen ýasama darkaş gursa, ogly Süleýman köçede çyn darkaş gurýardy. Kakasyndan gamçy iýeni bilen ol üýtgemedi: ýene öňki bolşy ýaly, her bir gününi ir ertirden giç agşama çenli galanyň oglanlary bilen ylgawda, darkaşda geçirdi. Günüň dowamynda bir gezek gelip, eline bir kesemen nan alardy-da, yzyna ýel çalmanka çykyp giderdi. Bir gün ol günortanlar öýe zordan ýöräp geldi. Üst-başy gara gandy. Sünbüle: — Oglum, saňa näme boldy? Kim seni beýle rehimsiz urdy? Derrew babaňy çagyraýyn... — diýip, ot-elek boldy. — Ene, ýalbarýaryn, babama hiç zat aýtma! — diýip, Süleýman zarynlady. — Babam bilmesin. Bilse, onuň gahary geler. — Sende abat ýer galmandyr. Endam-janyň gara gan. Kim seni beýdip urmaga het etdi? Ýok, ýok, munuň anygyna ýetmesem, men rahat oturyp bilmerin. Hamit ýerçekeniň ogly urandyr seni. Süleýman ejesiniň aýagyny gujaklady: — Ene, sen maňa ýamanlyk isleýärsiňmi? — Heý, ene-de ýalňyz perzendine ýamanlyk islärmi? — Eger maňa ýamanlyk islemeýän bolsaň, meni kimiň urandygyny sorama! Babama-da hiç zat aýtma! Meni hiç kim görmesin. Babam hem görmesin. Eger sen aýtmasaň, babam meni idemez. Ol mydama öz aladasy bilen başagaý. Sünbüle ogluny çetki otaglaryň birinde ýerleşdirdi. Lukman çagyryp em etdirdi. Ene görgüli — biçäre. Ol näme etsin! Onuň ýeke-täk hossary — adamsy. Ogluna söz beren-de bolsa, Sünbüle adamsynyň öňünden gözi ýaşly çykdy: — Ýowuz derde sataşdyk. Süleýmany öldir ýaly urupdyrlar. Endamynda möçükmedik ýekeje ýerem ýok, endam-jany durşuna ýara. Ähli ýaralaryndan gan akýar. Bir ýarasyny sarap ganyny duruzdym diýsem, beýleki ýaralaryndanam gan akyp ýatyr. Endam-janyny saramaly boldum, ýogsam gany akyp gutarjak onuň. Men bilýärin, yzasy çydar ýaly däldir. Süleýman welin, aglamalydyr hem öýdenok. — Kim urupdyr ony?! — Kimiň urandygyny anyk aýdanok. Aýtmasa-da, kim urandygyny men bilipjik durun. Hamidiň ogly öz meslekdeşleri bilen üýşüp urandyr ony. — Näme üçin ol maňa aýtmandyr? — Tekepbirlik edýär ol, tekepbirlik. «Babama aýtma — diýýär — kimiň urandygyny sorama — diýýär. — Kimiň urandygyny soradygyň, meniň düşen günümi babama aýtmagyň maňa ýamanlyk etdigiň» diýýär ol. Men-ä gaty gorkýaryn. — Hiç zatdan gorkma. Nirede ol häzir? — Siz ony näme etjek? — Bu ne sowal?! Görjek!.. — Babama aýtma diýip özelendi ol. — Süleýman nirede?! — diýip, Gutulmyş sesine bat berdi. Sünbüle yşarat bilen Süleýmanyň ýatan otagyny görkezdi. — Düýn Hamidiň ogluny urupdyr. Hamit görgüli titräp geldi. «Ýalbarýaryn, bize degmäň?» diýýär ol. — Hamidiň ogluny näme üçin urýarka ol? — Süleýmanyň bilmeýän zady ýok. Ol dünýäden habarly. «Hamit babamy ýok etjek boldy. Ol gowy adam däl. Ol galadan çykyp gitsin, ýogsam men onuň dükanlaryny tozdurjak, çagalaryny öldürjek» diýýärmiş. Sünbüläniň bu sözüni unaýan ýaly, elewräp Hamit geldi. Görgüli bir zatdan-a aşa gorkupdyr. Ol Gutulmyşyň ýanyna gelip, gepläp bilmän dur. — Näme üçin geldiň? — Muhammet, sen meniň günämi öt. Sen meni tozdurma. Sen meni kowma. Men nirä gideýin? — Men seni kowamok. — Men ýalbarýaryn. Meniň günämi öt. Men eden günämi boýun alýaryn. — Hamit, hany, düşnükliräk gürle. Süleýman bir zat diýdimi? Hamit baş atdy: — Süleýman meniň şu gün galadan çykyp gitmegimi talap edýär. Ol on-on bäş sany oglan bilen gelip, ýaňy meniň bir dükanymy tozdurdy. «Ertir has erbet bolar, bu günki eden işimiz bu saňa ilkinji duýduryş» diýýär. Ol ertir meniň ogullarymy dardan asmak isleýär. Süleýman düýn meniň uly oglumy suwa salma ýenjipdir. Ol düýnden bäri ýerinden galyp bilmän ýatyr. Ol meniň neberämi uçdantutma öldürmekçi bolýar. — Beýle zat bolmaz. Özüm Süleýmanyň temmisini bererin. — Süleýman düýn seniň ogluňy uran bolsa, bu gün seniň nanýagylaryň meniň oglumy öldir ýaly edip urupdyrlar — diýip, Sünbüle Hamidiň ýüzüne ýigrenç bilen seretdi. — Meniňkiler diňe goranypdyrlar. Sünbüle başky sözüni gaýtalady: — Seniň nanýagylaryň meniň oglumy urupdyrlar. Onuň ýalam bir goranyş bolarmy?! Geliň, oglumyzyň nähili rehimsizlik bilen urlandygyny bir görüň! Etjegiňizi edip, soňundan halymsyramaňyz näme siziň?! Gutulmyş Hamide ýüzlendi: — Hamit, sen gaýdyber. Oglum bilen özüm düşünişerin. Ol indi siziň ýakynyňyza barmaz. Gutulmyş oglunyň ýatan otagyna girdi. Onuň gapdalynda oturdy, ogluny synlady. Dogrudanyň ähli ýeri saralypdyr. Saralan matalaryň köp ýerinde gan tegmilleri bar. — Babam… — diýip, Süleýman seslendi. Gutulmyş oglunyň sag elini eline aldy-da, biraz gysdy. Ataly-ogul düşünişdi. — Mert bol, oglum! — Men Muhammet Jürjanlynyň ogly. Men hökman mert bolaýmaly. — Çyda. — Çydaryn, babam!.. Gutulmyş boýnundaky bürgüdiň çüňküni çözüp aldy-da, ony oglunyň boýnundan asdy: — Muny maňa babam beripdi, oglum. Menem saňa berýärin. Bu nyşan eýesine rowaçlyk hem batyrlyk berýär. Süleýman kakasynyň sowgadyna begenmek begendi. — Bu nyşan maňa-da rowaçlyk getirer, baba!.. * * * Bir gün Hamit ähli goş-golamyny ýüz on düýä ýükledi. Galadan çykyp gitmezinden öň, Gutulmyşyň ýanyna geldi. — Muhammet, men-ä seniň ýanyňa hoşlaşmaga geldim. — Näme, göçmekçi bolýarsyňmy? — Hawa, göçmegi makul bildim. Oýunçy utulanyny bilse ýagşy. Men utuldym. — Näme üçin göçmekçi bolduň? — Sen maňa uly sapak berdiň. Sen meniň günämi geçdiň, ýöne ogluň günämi geçmedi. Ol meni mugyra getirdi. — Sen meniň oglum sebäpli göçmekçi bolýan bolsaň-a, gaty ýalňyşýarsyň. Men oňa berk tabşyrdym. Ol size tarap seretmezem. — Süleýman saňa beren sözünde durdy. Ol meniň dükanymyň ýanyna barmady, ýöne onuň nökerleri etjegini etdiler. Iň gowusy, men bu ýerden gideýin. Saňa göriplik edip, ýalňyşlyk goýberdim. Onuň üçin jeza-da çekmeli boldum. Sen maňa bir söz aýdypdyň: «Sen öz göwnüňe maňa ýamanlyk edýän ýalysyň. Aslynda bolsa, sen özüňe ýamanlyk edýärsiň. Her kim özi özüne duşman» diýipdiň. Seniň sözüň bu gün hakykata öwrüldi. Seniň bu sözüňi galan ömrüme sapak edinerin. Hoş, sag bol! — Nirede bolsaňam sag-aman bol, Hamit! Men-ä seni özüme duşman hasap edemok. — Men seniň bu sözüňe ynanýaryn. Men seniň üçin kiçi. Sen has uly wezipedäki adamlary-da mugyra getirip biljek adam. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |