13:06 Sahypkyran Gutulmyş beg -11/ romanyñ dowamy | |
Dokuzynjy bap
Taryhy proza
Bäş sanda hikmet bar. Bäş san ýeňşi, rowaçlygy alamatlandyrýar. Her bir musulmanyň bäş parzy bar. Birinji parz: Beýik Perwerdigäriň ýeke-täkligine, Muhammet pygamberiň Onuň ýerdäki wekilidigine sygynmak; Ikinji parz — roza tutmak; Üçünji parz — namaz okamak; Dördünji parz — hüşür-zekat bermek; Bäşinji parz — haja gitmek. Namaz bäş rekagat okalýar. Bäş zat gelmezden burun bäş zadyň gadyry bilinmelidir: garramazdan öň ýaşlygyň; hassa bolmazdan öň saglygyň; mätäç bolmazdan öň baýlygyň; işlere ulaşmazdan öň boş wagtyň; ölmezden öň durmuşyň. Bäş günlük dünýä: doglan günüň; molla berlen günüň; öýlenen günüň; ogluň bolan güni; ýogalan günüň. Bäş günlük ömür — adam ömri ýüz ýaş hasap edilip, ýigrimi-ýigrimiden bäş bölege bölünýär. Şol bäşiň ilkinjisini Seljuk beg ýolbars, ikinjisini gurt, üçünjisini sygyr, dördünjisini towuk, bäşinjisini ýumurtga diýip atlandyrardy. Gurhany kerimi bäş ýaşda öwredip başlaýarlar. Maksada, at-abraýa ýetmek isleýän serkerde bäş sany zatdan daşda durmaly: birinji, gaharjaňlyk; ikinji, gysgançlyk; üçünji, howlukmaçlyk; dördünji, ýalançylyk; bäşinji, kejirlik. Bagtyň bäş hili ýüze çykyşy bar: birinji ýüze çykyşy — ömri uzaklyk, uzak ýaşamak; ikinjisi — baýlyk; üçünjisi — saglyk, (jan saglygy we ruhy rahatlyk); dördünjisi — berk ahlaklylyk; bäşinji — parahat aradan çykmak. Bäş sany agyr ýagdaý bolýar: birinji — zulum zerarly maýyp bolmak; ikinji — kesel; üçünji — garyplyk; dördünji — minnetli durmuş, bäşinji — kemakyllylyk. Adamda bäş içki, bäş daşky duýgy bar. Musulman dünýäsinde «Bäş kişi» diýen rowaýat bar. «Hadys-ýe kesa» (Don hadysy) atly şol rowaýata görä, bir gezek Muhammet alaýhyssalam giýewi Hezreti Aly, gyzy hem iki agtygy bilen bir uly aba (don) ýapynyp ýatýarlar. Ana, şondan soň olar pygamberiň maşgalasy (al-ýe ha-mys) bäş kişi ady bilen meşhur bolupdyrlar. Biri-birini dogan saýýan bäş sany jahyl musulman äleminde bäş kişi diýip däl-de, bäş dogan diýip meşhurlyk gazanmak isleýärdi. Çünki bu bäş dogan ýönekeý doganlar däldi. Olar aňyrsy Oguz handan gaýdýan begiň neberesi. Bu bäş dogan hökümdar neberesinden. Bular mukaddes kişiler. Beýik Taňry bu neberä hökümdarlyk berip, Asmandan Ýere gönderipdir. Beýik Perwerdigär göktürkmenlere: «Gündogar (Baýköl deňzi) deňzinden tä Günbatar (Ortaýer deňzi) deňzine çenli bolan kowumlar saňa boýun sunmalydyr» diýip perman berendir11. Seljuk begiň bäş ogly bolupdyr. Ýöne bu gün bäş oguldan diňe ikisi diri. Olar Ysraýyl ýabgu bilen baýgu Kelan. Arslan hanyň bäş çagasy bolupdy, olaryň üçüsi ýaşlykda ýogalypdy, diňe Gutulmyş bilen Resultegin ýigit çykypdy. Seljuk begiň bäş agtygy jahyl çykdy. Indi olaryň maksady birleşip, uly bir güýje öwrülmek. Bäş dogan birleşigini döretmek üçin esasy janygýan Arslan ýabgunyň ogullary Gutulmyş bilen Resultegin. Bäş doganyň üçünjisi Musa begiň — baýgu Kelanyň uly ogly Ýusup. Galanlary Muhammet bilen Dawut. Resultegin bäş doganyň iň körpesi. Şeýle bolansoň ol bäş doganyň bar otur-kersen getiri. Olar näme ownuk işleri ýüze çyksa, ol işi bitirmegi, ýerine ýetirmegi Resultegine buýurýarlar. Resulteginiň ýogy ýok. Ol beden taýdan güýçli däl, müçesi kiçi. Şonuň üçin güýç babatda ejizdi. Ol özünden alty-ýedi ýaş kiçi Ybraýymdan hem ýeňilýärdi. Doganlara Gutulmyş serdarlyk edýärdi. Arslan ýabgu olaryň her birine ýatagan ýasadyp berdi. Doganlaryň esasy güýmenjesi gylyçlaşmakdy, göreş tutmakdy. Her hili söweş tilsimlerini öwrenmekdi. Arslan ýabgu gönüden-göni bäş dogana atabeglik ederdi, tälim öwrederdi. Çäksiz köp goşuna serkerdelik edip ýören begiň özlerine aşa üns bermesine, uly umyt baglamasyna doganlaryň depeleri gök dirärdi. Arslan ýabgu ýaşlaryň her biri bilen aýratynlykda gylyçlaşyp, güýç synanyşyp görerdi. Käte bäş doganyň bäşisi bilen birbada gylyçlaşardy. Çar tarapyndan edilýän hüjüme gaýtawul bermegi başarardy. Özem bäş dogan bilen tä süllümbaý bolup derleýänçä, ýadaýança gylyçlaşardy. Bäş dogan bilen söweşip durşuna her haýsynyň gylyç tutuşynyň dogrudygy ýa dogry däldigi, nähili gylyçlaşmalydygy, haýsy pursatda nähili tilsimleri ulanmalydygy, haýsy biriniň nämede gowuşgynsyzlyk edýändigi barada aýtmaga-da ýetişerdi. — Siz agzybir boluň! Birek-birege arkadag boluň! Ana, şonda köp iş bitirmegi başararsyňyz — diýip, Arslan ýabgu nesihat ederdi. — Siz mejlislerimize gatnaşyň. Meniň ilçileri, çaparlary, wekilleri kabul edişimi görüň, olar bilen edýän söhbetlerimi diňläň! Özüňize sapak ediniň! Bäş dogan, köplenç, her çarşenbe geçýän mejlislere gatnaşardylar. Mejlise gatnaşýanlaryň sany käte ýüzdenem artyk bolardy. Arslan ýabgu olaryň ählisini tanaýardy, hersine bir görkezme berýärdi. Ýöne bäş doganyň welin, mejlise gelen seljuk begleriniň içinde tanamaýanlary-da köpdi. Bäş dogan mejlisi alyp barýan Arslan ýabguny tanaýandyklaryna guwanýardylar. — Ulalyp, siz uly serkerdeler bolarsyňyz. Gutulmyş ýabgu bolar. Sebäbi ol siziň dördiňizden hem köp bilýär. Ugurtapyjy. Ýusup baş wezir bolsun. Galanlaryňyz wezir bolarsyňyz. Her biriňiziň öz ykta12 ýerleriňiz bolar. Siz ol ýerleriňizde häkim bolarsyňyz. Ähli musulman ymmaty siziň ygtyýaryňyzda bolar — diýip, Arslan ýabgu mejlisden soň bäş dogan bilen duşuşýardy. Arslan ýabgunyň aýdýan pikiri bäş dogan üçin ýakymlydy. Olar eýýäm özlerini Arslan ýabgunyň aýdyşy ýaly, birgiden ülkäniň, birgiden şäherdir kendiň häkimi, yktadary hökmünde göz öňüne getirýärdiler. Arslan ýabgu dogry aýdýardy: Gutulmyşda aýratyn bir başarnyk bardy. Ol ähli kişiniň göwnüni awlamagy, söhbetdeşini özüne tabyn etmegi başarýardy. Ýatkeşdi. Söbükteginiň «Pentnamasyny» ýatdan bilýärdi hem ony täsirli edip aýdyp berýärdi. Iň esasy hem Gutulmyş ýyldyz hemem millet ylymlaryny bilýärdi. Özem ol bu ylymlary dört doganyndan ýaşyryn öwrenipdi. «Ilki özüm gowy öwreneýin, soňundan size-de öwrederin» diýýärdi. Käbir öwrenen zatlaryndan joşup gürrüň berýärdi. Gutulmyş ýönekeý zatlary-da täsirli edip gürrüň bermegi başarýardy. Gijelerine ýatanlarynda bäş doganyň bile ýatýan gezekleri köp bolýardy. Olar käte Arslan ýabgunyň öýünde ýa baýgu Kelanyň öýünde ýatardylar. Iň köp gelinýän öý Seljuk begiň öýüdi. Seljuk beg öz agtyklaryny eý görýärdi. Olara hiç wagt käýemeýärdi. Ýogsam olaryň gaty bezzatlyk edýän gezeklerem bolýardy. Baýgu Kelan ýa Arslan ýabgu bäş dogana käýejek bolsa, Seljuk beg olara garşy çykardy. «Hiç zat diýmäň. Käýeseňiz, soň bir iş etmekçi bolanlarynda bularda: «Şu etjek bolýan işim nädogry bolaýmasyn?» diýen ikirjeňlenme dörär. Ikirjeňlenme bolsa serkerdäniň ganym ýagysydyr. Goý, nädogry iş etseler-de, ynam bilen etsinler. Nädogry edýän işleri ýaşlary ulalyberse kem-kem galar» diýerdi. Agtyklarynyň özlerini bäş dogan diýip atlandyrýandyklaryna Seljuk beg begenýärdi. Bir gün Gutulmyş bäş doganlygy berkitmek kararyna geldi. Her kim goşaryny kesip, ganyny jama akdyrmaly. Soň bäş doganyň ganyny garyp, her kim şol gandan içmeli. Gutulmyş bu pikirini atasy Seljuk bege aýtdy. Seljuk beg bu pikire-de garşy çykmady: — Rast, bäşiňizem şeýle pikir edýän bolsaňyz, onda pikiriňiz dogry bolmaly. Muhammet Dawutdan iki ýaş gowrak kiçi bolsa-da, jahyl çykyp, agasyndan güýç taýdan rüstem geldi. Gylyçlaşmakda-da, güýç synanyşmakda-da Muhammet öňe saýlandy. Hanjary nyşana urmakda-da ökde geldi, dilewarlykda-da, hoşamaýlykda-da ökde geldi. Seljuk beg agtyklarynyň içinde serkerdelik boýunça has tapawutlanan Muhammede özüniň asfury13 hanjaryny beripdi. Dogan okaşmak üçin, ana, şol hanjarda her kim öz goşaryndan kesip, jama ganyny akdyrdy. Resultegin goşaryny has çökder kesdi. Onuň goşarynyň azary bütin ömrüne ýetdi. Gandan doldurylan kiçeňräk jamdan her kim üç gezek owurtlap içdi. Şol hepdäniň çarşenbesinde geçen mejlisde Seljuk beg bäş doganyň maksadyny geňeş agzalaryna aýtdy, soňundanam bäş dogana rowaçlyk patasyny berdi. Seljuk jemagaty ýazlagy Nur ýaýlasynda geçirip, gyşlag üçin Dargan sebitine barýardy. Jeýhun derýanyň suwunyň doňýan ýyllary örän seýrek bolýardy. Bäş dogan, köplenç, derýanyň aňry kenaryna ýüzüp geçip, dynç alman hem yzyňa öwrülmek boýunça bäsdeşlik geçirýärdiler. Suwda çalt ýüzmekde bäş doganyň arasynda Gutulmyşa taý ýokdy. Derýadan balyk awlamakda bolsa, Resultegin ökdedi. Onuňky mydama diýen ýaly şowuna bolardy. Ir ertirden günortana çenli beýleki doganlaryň ýeke balyk tutup bilmedik gezekleri köp bolýardy, Resultegin welin ertirden günortana çenli iň az bolanda bäş balyk tutmagy başarýardy. Onuň bu başarnygyna doganlar haýran galardylar. Suwa girip balyk tutulandan ýa suwa düşülenden soň, gyzyşmak üçin hökman gylyçlaşmaga ýa göreş tutmaga başlardylar. Doganlar tutulan balygy syha düzüp bişirerdiler. Soňam günortanlygyň taýýardygyny birek-birege habar bererdiler. Balykdan bäş doganyň hiç wagtam garynlary doýmaýardy. Şonuň üçin her gün Jeýhunyň kenaryndaky ümürsin jeňňellikden birki sany keýik awlardylar. Owkat etmäge oturanlarynda Gutulmyş ýaşululyk edýärdi. Ol Beýik Taňrydan şu günki eçilen nygmatyna müň keren minnetdardygyny, mundan beýlägem ýalkap durmagyny dileg ederdi. Soň owkat edinmäge başlamalydygyny aýdyp, öňde duran keýigiň kakmajyndan alardy-da, öz öňünde goýardy. Keýik etinden her kime paýlap bererdi. Gutulmyşyň iýmäge başlamagy bilen doganlar owkat edinip ugrardylar. Bir meýdan hiç kimden ses çykmazdy. Her kim aňyrsyna il gondurmak bilen başagaýdyr. Niçik garynlar doýup ugransoň, mesawy gürrüňler başlanardy. Bäş doganyň köp gaýtalaýan sözleri bardy: — Biz hiç wagt biri-birimizden aýrylmaly däldiris. Näme etjek bolsak, biri-birimiz bilen geňeşip etmelidiris. Nirä gitmeli bolsak, şol ýere bile gitmelidiris. Bizi diňe ajal aýry salyp biler. Allatagalanyň öz etsem-petsemi bar. Allatagalanyň etsem-petsemi bilen bendesiniň etsem-petsemi, köplenç, çapraz gelýär. Taňry käbir kişini birowaç edip ýaradýar. Käbir kişiniň basan ýeri gap-çanak bolýar. Käbir kişiniň bitäýmeli ýönekeýje işi-de aňsat-aňsat bitmeýär. Käbir kişiniň edeni tersine bolýar. Seljuk beg şeýle adamlardan gaçarak durmagy ündeýärdi. Sebäbi şeýle ýaramaz sypatlar özgelere-de ýokaşagan bolýar. Betbagtlygyň, edeni tersine bolmagyň saňa ýokaşmazlygy üçin olar ýalylardan gaça durmaly. Bäş doganyň kim bilen ysnyşmalydygyny, kimden gaça durmalydygyny Gutulmyş kesgitleýärdi, onuň sözi kanundy. Ol ertir nähili howanyň boljakdygyny takyk aýdýardy. Käteler kimiň haçan kesellejekdiginem bilýärdi. Ähli seljuklylar Gutulmyş ähli zady bilýändir öýderdi. Hakykatynda bolsa, onuň bilmeýän zatlary juda kändi. Ol köp zatlaryň soňunyň nähili gutarjagyny ýyldyzlara seredip öňünden bilýärdi. Ol aýratynam pälwanlar bilen göreş tutanda nähili emel ulalanda ýeňjekdigini, kimden asgyn geljekdigini öňünden bilýärdi. Özem ýyldyz ylmy esasynda aýdýan zatlary, köplenç, dogry çykýardy. Kimdir birinden asgyn geljegini bilse, şol pälwan bilen billeşmeýärdi. — Ýyldyzlar meniň soltan boljakdygyma güwä geçýärler — diýip, Gutulmyş köp gaýtalaýardy. Onunjy bap OGUZ ADY Tamam oguz ili yslam dinini kabul edip, öňden gelýän köp däbini-edähedini üýtgetmeli boldy. Yslama çenli oguz jemagaty ýigit çykyp, hünär görkezmese, oňa at bermezdi. Musulmançylyk welin, çaga dünýä inen güni at dakylmagyny dessur bilýär. Tamam oguz ili yslamyň din hadymlary bilen ylalaşdy. Goý, siziň diýeniňiz bolsun. Biz çaga dünýä inende siziň ýoluňyzy tutup, at dakarys, ýöne ogullarymyz jahyl çykanda hünär görsetse, oňa hakyky oguz adyny hem dakarys. Şeýle-de edildi: dünýä inen çaga musulman atlaryny dakdylar. Özem ýöne-möne atlary däl, kileň pygamberleriň atlary dakyldy. Oguza ondan aşakdaky atlar kiçi bolýar. Oguz ýigitleri musulman atlary pygamber ady bolmasa utandy. Olary buýsandyrýan at hünär görsedip alynýan at. Hakyky oguz balasy ýigit çykyp, öz adyny özi ediner. Il-güne hünär görkezip, özüne muwapyk at alar, ýogsam hem çagalykdaky musulman ady bilen geçip gider bu dünýäden. Oguz ilinde at almak aňsat däl. Men-men diýen ýigitlerem at aljak bolup diňe metdi-masgara boldular. Seljuk Dukakyň bäş oglunyň diňe ikisi — Ysraýyl bilen Musa ýigit çykyp özüne at alyp bildi. Ýogsam olaryň at almagyna päsgel beren kän boldy. Musa göwresiniň ululygy, güýçlüligi, bileginiň zeberdestligi, agyr-agyr daşlary göterip bilýändigi üçin Kelan — güýçli, daýaw adyny aldy. Ysraýyl gözsüzbatyrlyk görkezdi: garşydaşlaryna arslan kibi darady, arslan kibi darkaş gurdy. Hünär görkezip, Arslan adyny aldy. Seljuk beg Ysraýyl oglunyň ikinji Oguz adyny almagy başarandygyna begenmek begendi. Ýedi gije-gündiz toý berdi. Toýuň ýedinji güni Arslan ogluna ýabgu unwanyny-da berdi. Ysraýyl ýabgu unwanyna mynasyp begdi. Ol Oguz hanyň: «Agzyňyz bir bolsa, iýjegiňiz agzyňyza geler» diýen pähimine uýýardy. Her gün syrgynlaryň, boýlaryň kethudalary bilen ýygnanyşýardy. Her bir zady Seljuk subaşynyň wesýetini tutup maslahatly edýärdi. Baş-başdaklyk, kesirlik etjek bolýanlara juda ýowuz daraşýardy. Arslan hakyky arslandy. Ol gaýduwsyzdy. Ol okgunlydy. Ýeňilmezekdi. Maksady uludy. Juda uludy. Ol ogullary Salyha, Resultegine, inileri Dawut bilen Muhammede: «Şirden derisi galýandyr, adamdan — ady. Bizden hem at galsyn. Biz Derwezata şalygyny dörederis. Ol şalygyň ýabgusy men bolaryn. Siz meniň subaşym bolarsyňyz. Ölenimden soň meniň ýerime oglum Salyh geçer» diýýärdi. Seljuk begleriniň Derwezata şalygy hakdaky gürrüň hyýaly bolsa-da, ol bäş dogan üçin ýakymlydy. Bäş dogan ir kämil çykdy. Sebäp atabegden söweş hem serkerderlik tilsimlerini dört ýaş dört aýlygy dolan gününden öwrenip ugrapdylar. Olara ilki Mykaýyl bin Seljuk, soň atasy Seljuk bin Dukak, Ysraýyl bin Seljuk atabeglik edipdi. Bäş dogan Arslan ýabguwa meňzemek isleýärdi. Olar öküz öldürip ýa göreş tutup, ýa suhangöýlük edip, ussatlyk görkezip at almak islemeýärdiler. Musa begiň göterýän Kelan ady olary kanagatlandyrmaýardy. Olar öz janlaryny howp astyna salyp, şol howpda hem rüstemlik görkezip naýyl bolmak isleýärdiler. Doganlaryň biri-birine çapraz gelýän ýerleri bardy, ýöne ol çaprazlyk olaryň ýeganalygyna, maksat tutmaklaryna päsgel berenokdy. Olaryň biri-birinden aýry zatlary ýokdy. Bir saý-sebäp bilen giden ýerinden, owkat wagtyndan gijä galsa, beýlekisi desserhanyň başyna geçäýenokdy, hernäçe aç hem bolsa, doganynyň gelerine garaşardy. Gijä galyp geleni üçin kinaýatyň aýdylýan gezekleri welin, bolman durmaýardy. Arslan ýabgu doganlary seljuk begleriniň mejlisine ýygnap şeýle diýdi: — Men oglum Salyhyň ýabgu bolmagy başarjakdygyna ynanýaryn. Ol deňi-duşlaryndan güýç babatda-da, sowatlylyk, suhangöýlük babatda-da tapawutlanýar, saýlanýar. Ýöne men hakykaty isleýärin. Men güýçliniň, ökdäniň mirasdüşer bolmagyny isleýärin. Eý, ýaş oguz gerçekleri! Siz oguz dessurymyz boýunça hünär görkeziň. At alyň. Şonuň üçin biz at bermek dessuryna girişmekçi. Ilkinji synagy aw awlamakda geçirýäris. Kim näme awlap bilýär?! Ýabgunyň bu sözünden soň oguz ýigitlerine at bermek üçin synag başlandy. Ýigitleriň bitirýän işlerine baha berjek eminler belli edildi. Synaglar — ýaýdan nyşana urmak, göreş tutmak, at üstünde oýun görkezmek, dilewarlyk, harby tilsimler, aw awlamak. Bu ugurlar boýunça on bäş ýigit seljuk eminleriniň öňlerinde öz başarnyklaryny görkezdiler. At almak üçin on bäş seljukly höwes bildirdi. Gezek iň soňky synaga — aw etmeklige ýetdi. Gyş paslydy. Seljuklylaryň gyşlagy Dargandady. Jeýhunyň jeňňelliklerinde turan gaplaňlary bardy, seljuk ýigitleri şol gaplaňlary awlamak maksadyna mündüler. Bu howply darkaşa girmek üçin aw esbaplaryny edindiler. Soňy bilenem gerek bolar diýen niýet bilen jöwşen ýasatdylar. Bu taýýarlyk işleri üçin ep-esli çykdajy etmeli boldular. Dogrusy, olaryň taýýarlygy gaty düýplüdi. Ýigrimiden gowrak duzak edinipdiler. Doganlar Jeýhunyň sag kenaryndaky Burkan obasy bilen Käs şäheriniň aralygynda ýaşaýan ýerli awçylar, mirşikarlar bilen duşuşyp, olardan turan gaplaňy barada soradylar. Ýöne ýerli awçylaryň, mirşikarlaryň ýekejesem olaryň maksadyny oňlamady. Ol-a awlamaga synanyşmak eken, turan gaplaňlarynyň üç güne çekýän ukusyna ýa pinegine tötänlikde päsgel bermegiň hem hatarlydygyny ýanjap-ýanjap aýtdylar. Awçylaryň bir perdeden gopup, gaplaň awuna garşy çykmasy ýöne ýerden däldi. Burkan obasynyň bir kirwe14 günbatarynda iki sany gaplaň — bir maşgala ýaşaýardy. Mundan üç ýyl owal oba oglanlary, ana, şol gaplaň süreniniň üstünden barypdylar. Sürende bir gaplaň güjügi bar eken, oglanlar ol güjügi oba alyp gaýdypdyrlar. Bu ahwalaty gören oba adamlarynyň haýýaty göçüpdir. Güjügi haýdan-haý süreninde goýup gaýtmak üçin jeňňele ugrapdyrlar. Ýöne olar gijä galan eken: güjügini agtarýan gaplaňlaryň arryldylary jeňňelligi sarsdyryp ugrapdyr. Şonuň üçinem güjügi öldürip derýa oklapdyrlar. Gaplaňlar güjüginiň ýoklugyny oba adamlaryndan görüpdirler, şonuň üçinem ar almaga başlapdyrlar. Şol güjük sebäpli gaplaňlar Burkan obasynyň ýigrimi bir adamyny parçalapdyrlar. Gaplaňlaryň wagşylygyndan elheder alan oba kethudasy bir süri dowary iki gaplaňyň sürenine sary sürüpdir, şeýdibem oba adamlarynyň aman galmagyny isläpdir, dowarlary obanyň öňüne böwet edipdir. Şol waka sebäpli burkanlylar at almak isleýän gerçekleriň töwekgelligine kes-kelläm garşy çykypdylar. Doganlar Burkan awçysynyň öýünde myhman boldular. Awçy olaryň myhmançylygyna şübheli, syrly garady. Ýöne doganlar turan gaplaňynyň gürrüňiniň üstünden barmadylar. Her gün her hili degdim-gaçdym gürrüň boldy, şonda-da turan gaplaňynyň gürrüňi edilmedi. Asyl, doganlar turan gaplaňynyň gürrüňini etmek islemeýän ýalydy. Aslynda welin, doganlaryň maksady osmakladyp awçyny gürletmekdi, ýöne olaryň islegi amal tapmady. Burkan awçysyndan özlerine hemaýatçy bolmajagyny aňan doganlar Säwkin şäherine gitdiler. Şäheriň reýisiniň mirşikarynyň15 ýanynda bir gün bolup, turan gaplaňyny nädip awlap boljakdygy barada maslahatyny diňlediler. Mirşikar hytaýly awçylaryň doňuz gäbine dulanyp, «hork-hork» ses edip gaplaň awlaýyşlary ýaly, özüniň hem şu hile bilen gaplaň awlandygyny joşup-joşup gürrüň berdi. Doganlar bu tilsimi öwrendiler. Şondan soň turan gaplaňlarynyň sürenleriniň haýsy ýerlerde bardygy anyklanyldy. Her kim bir sürene gitmeli. Bäş dogan bolup bir sürene gitmek bolmaz! Salyh öz doganlaryna baş bolup ýörensoň, özi iň uzakdaky gaplaň sürenine gitmegi makul hasaplady. Muhammet bilen Dawudy bir süreniň deňinde goýdy, olara hüşgär bolmagy öwüt edip, özi iň çetki sürene ugrady. * * * Salyh sürene ýakyn baryp egnine jöwşenini, başyna tuwalga geýdi. Sol elinde gaplaňyň üstüne zyňmak üçin tor, sag elinde hanjar bardy. Biline ýatagan hem hanjar dakynypdy. Salyh sürene ýakyn bardygyça horruldy sesini eşitdi. Bu horruldy gaplaňyň horruldysy bolmaly. Ol ýuwaşjadan sürene ýakynlaşdy. Hakykatdan hem sürende erkek gaplaň uklap ýatan eken. Hiç zatdan gorky-ürküsi bolmadyk gaplaňyň ukusy gaty agyrdy. Ol iki-üç günläp uklaýardy. Salyh gaplaňyň derisiniň gaty berk bolýandygyny, aňsat-aňsat hanjar geçmeýändigini, diňe döşüniň derisiniň ýuka bolýandygyny eşidipdi. Ol turan gaplaňy ukudan oýanmanka işini bitirmegi ýüregine düwdi. Bir bökende gaplaňyň ýatan ýerine bardy, bar güýjüni jemläp işe girişdi. Üç-dört gezek hanjar suhlanansoň, turan gaplaňy ukudan açyldy, janhowluna yzky aýagy bilen Salyhyň aýagyna batly depdi. Güýçli urga çydamadyk Salyh honda zyňylyp düşdi. Ol sag aýagynyň döwlen çöp deýin bolup gapdal ýatandygyny gördi. Tekepbirlik edip ýanyna hiç kimi alyp gaýtmandygyna puşeýman etdi. Janhowluna adamboýy ýokary böken gaplaň ýer sarsdyryp arlap jan berdi. Gaplaň jan beren-de bolsa, Salyh sürende ene gaplaňyň gelerine taýýar lukma bolup galdy. Näme etmeli? Agyry çekip-çydar ýaly däldi. Herhal, dyzdan bäş barmak aşakdan döwlen sag aýagyny saramak kararyna geldi. Ol köýnegini ýyrtyp, aýagynyň her tarapynda taýak goýup berk sarady. Yza janyňy alyp barýardy. Megerem, yza sebäpli bolsa gerek, Salyh sürende özünden gitdi. Tüm garaňkylykda özüne geldi. Ol özüniň turan gaplaňynyň süreninde ýatandygyny bildi, ýöne bu ýerde näçe wagt ýatandygyny bilmedi. Ene gaplaňyň entek gelmändigine begendi. Derrew süreniň çar tarapyna yhlas bilen duzak gurmagyň ugruna çykdy. Aýagynyň döwükligi onuň işini agyrlaşdyrypdy, herhal, ol işini bitirip, ganjygyň gelerine garaşmaga başlady. Ganjyk sürenine «myhman» gelendigini aňan bolarly, namazşama çenli dolanmady, uzakly gije-de dolanmady. Ene ýolbars Salyhyň ysyny alan eken, onuň uklaryna garaşypdyr. Gün ýaňy dogup ugranda ganjyk gurlan duzaklaryň ýekesine-de düşmän, Salyhyň üstüne towusdy. Salyh ganjygyň şuwlap gelşine oýandy. Gazaply darkaş başlandy. Turan gaplaňynyň güýji Salyhyň çak edişinden has artyk hem has ýowuz eken. Ömür uşlybynyň üzülmegi üçin dem salymlyk haýal-ýagallyk ýeterlikdi. Ýöne bu darkaş Salyhyň özüni duýup ugranyndan bäri garaşyp, küýseg-telwas edip ýören pursadydy! Salyh ganjygyň ýokardan şuwlap gelşine özüni kellesi bilen kakandygyna-da, öň aýagy bilen kakandygyna-da düşünip ýetişmedi, ýöne ol güýçli urgynyň zarbyna bäş-alty ädim yza atylyp gidendigini biraz salymdan soň özüne gelip duýup galdy. Görse, ganjyk ýene özüne bakan towsup gelýär. Salyh elindäki hanjaryň gaçandygyny duýdy. Şol sebäpli ol sol elindäki tory gaplaňyň üstüne zyňmakçy boldy. Zyňdy asyl, ýöne tor doly açylmady. Tor gaplaňa garalla beren-de bolsa, ony doly saklap bilmedi. Gaplaň Salyhyň üstüne towusdy, ony ýere ýykdy, üstüne münüp, tuwalgasyna, soň jöwşenine agyz saldy. Salyh gyssagarada bilindäki hanjary almakçy boldy. Ol-da aşagynda galypdy, alar ýaly däldi. Ýaragyny tapmajagyny aňan Salyh turan gaplaňynyň boýnundan gysmaga başlady. Birdenem boýnundan agyz saldy. Ýetişibildiginden dişlemäge durdy. Güýç deň gelmedi. Turan gaplaňynyň güýji rüstem geldi. Ol öňki penjeleri bilen Salyhyň jöwşenini iki-üç gezek arlanda üzüp, gapdala zyňyp goýberdi. Soňky bolan zatlary Salyh bilenokdy, çünki ol özünden gidipdi. * * * Seljuklylar Salyhyň gelerine garaşdylar. Salyh welin, iki günde-de dolanmady. Bir ýowuzlygyň gopandygyny aňdylar. Üçünji gün ir bilen Salyhyň jesediniň gözlegine çykdylar. Salyhdan uç-derek ýokdy. Dawut bilen Muhammet ikisi turan gaplaňynyň sürenine barypdylar. Hemem ene gaplaň bilen erkek gaplaňy, bir güjüjigini awlap, syrgyna gelipdiler. Turan gaplaňynyň awlanmagy iki dogany, näme üçindir, o diýen begendirmändi. Sebäbi ýeňiş gara güýje daýanylyp gazanylanda, ol adamy begendirmeýär. Deň bolmadyk söweşde tilsim, aldaw ulanyp, akyl-huşuň kömegi bilen ýeňiş gazanmagyň lezzeti welin, ap-aýry. Öz güýjüňden bäş-on esse artyk garşydaşy tilsim, hile ulanyp ýeňmekde çäksiz datly lezzet bar. Burkanly mirşikar doňuz gäbine dulanyp gaplaň awlaýşyny şeýle bir süýjüdip gürrüň beripdi. Ol gaplaňy ät galdyranlygyndan lezzet alýardy. Mirşikaryň joşup gürlemesi doganlar üçin düşnüklidi. Olaryň mirşikara gözleri gidipdi. Iň datly lezzet — pähimiň ýeňşinde. Doganlaryň hilesi welin, ýol almandy: turan gaplaňy duzaga düşmänsoň, diňe gara güýje bil baglamak galypdy. Guran duzaklarynyň bihuda hossa bolandygy iki doganyň laplaryny keç edipdi. Ýogsam olar guran duzaklaryna gaty uly umyt baglapdylar. Sowutlaryny tasdanam çykarypdylar. Herhal, maksada ýetildi. Mykaýylyň ogullarynyň iki sany turan gaplaňyny awlandygy hakdaky habar sähel salymyň içinde Horezminde gyşlag tutunan kynyk oguzlarynyň gyşlaglaryna ýaýrady. Gyşlagyň ähli syrgynlaryndan, boýlaryndan iki gerçegiň edermenligine buýsanmak hem olara at dakmak dabarasyna gatnaşmak üçin ýygnanyşdylar. Her gelen kynyk kethudasy iki turan gaplaňynyň maslygyny synlaýardy. Turan gaplaňlarynyň göreniňde içiňden parran geçýän, iniňi tikenekledýän hyrsyz garaýyşly gözlerinde, gör, näçe wagşylyk, gör, näçe arman bardy. Kynyk kethudalary ýyrtyjylaryň nädip öldürilendigini synlaýardylar. Olaryň ählisiniň ünsüni ýyrtyjylaryň gerişlerinde hanjaryň suhlanmadyk ýeriniň ýoklugydy. Nädip beýle bolýar? Muhammet bilen Dawut turan gaplaňlarynyň üstüne münüp öldürdilermikän? Awçylar ýyrtyjylara sol goluny albaý berip, sag goly bilen böwrüne hanjar urýarlar. Bu iki ýyrtyjyny öldürmek üçin welin, awçy tejribeleri ulanylmandyr. Turan gaplaňlarynyň üstüne ýyrtyjy guş bolaýmasaň barar ýaly däl, iki dogan welin barypdyr. Bu ýyrtyjylaryň nädip öldürilendigini magat bilmek üçin iki dogana sowal üstüne sowal berýärdiler. Ýöne iki dogan anyk bir jogap bermän, ýylgyryp, eginlerini ýygyraýýardylar: «Dogrusy, yşansaňyz, nähili, nädip bolanyny özümizem doly bilmän galdyk. Bir zad-a belli: ähli zat göz ýumup-açasy salymyň içinde bolup geçdi». Dabara diňe bir seljuk hanedanlygy däl, Burkan obasyndaky, Käs şäherindäki kynyk türkmenleriniň kethudalary-da, awçylary-da geldi. Dawut bilen Muhammedi arzyly, görnümdar sypada oturtdylar. Arslan ýabgu Dawutdyr Muhammediň hormatyna dabaraly sözleri aýtdy. Gelip, ikisini-de gujaklady. Soňundan maslahatyň kethudalaryna ýüzlenip. Dawut bilen Muhammediň görkezen gahrymançylygy üçin at bermegi towakga etdi. Dawutdyr Muhammediň at babatda öz pikirleri bardy. Olaryň öz isleýän, küýseýän atlary bardy. At almak resimine gatnaşýan seljuklylaryň on dördüsi gelipdi. Olaryň diňe biri gelenokdy. Ol — Salyhdy. Ähli kişiniň gözi ýoldady. Arslan ýabgu giňlige salyp, Salyhyň gelerine garaşýardy. Üçünji gün Arslan ýabgu saklanyp bilmedi, ýanyndakylara ýüzlendi: — Hany Salyh? — Salyh: «Men duzagy Burkan obasynyň gündogaryndaky jeňňellikde gurjak» diýip biziň ýanymyzdan gitdi. — diýip, Dawut jogap berdi. Arslan ýabgu on-on bäş kişini Burkan obasynyň gündogaryndaky jeňňellige gönderdi. Gözlege gidenler boş geldiler! — Ähli ýerini görüp çykdyk, hiç ýerden Salyhy tapmadyk. — Dirimikä beri?! — Diri bolsa bu wagta çenli bir uç bererdi. — Wah, ol ýeke gitmeli däl eken. — «Has üýtgeşik hünär görkezmek isleýärin» diýdi ol — diýip, Resultegin aýtdy. Resultegin hak aýdýardy. Salyh kynyk beglerini haýrana goýmak isleýärdi. Şeýdibem, özüniň ýabgulyga mynasyp ýeke-täk begdigini subut etmekçidi. Arslan ýabgu elewreýärdi. Ogly Salyhyň ölem bolsa, direm bolsa tapyp getirilmegini isleýärdi. Şol gün Arslan ýabgunyň özi gözlege çykdy. Jeňňelligiň içi elek elenen ýaly edildi. Dördünji gün daňdan açyk meýdanda iki sany turan gaplaňynyň maslygynyň üstünden bardylar. Erkek gaplaňyň döşünden alty-ýedi hanjar urlupdyr. Ene gaplaňyň bolsa damagy çeýnelipdir. Ene gaplaňyň ýoldaşyny süreninden süýräp alyp gaýtmasynyň, gany köp akandygy sebäpli bu açyk meýdanda özünden gidip ölendiginiň hikmetini hiç bir awçy, hiç bir mirşikar düşündirip bilmedi. Arslan ýabgu bu turan gaplaňlarynyň sürenleriniň uzakda däldigini aňdy. Ýabgu ýalňyşman eken. Sürene ýakyn gelnendigi siňekleriň wazzyldylaryndan hem bellidi. Salyh diridir, çalamydardyr öýder ýaly däldi. Onuň başyndaky tuwulgasy ýemşirilipdir, jöwşen egninden sypyrylypdyr, döşleri gaplaňyň dyrnaklarynyň yzlaryndan ýaňa joýa-joýa bolup durdy. Ganlary gatap galypdyr. Allatagala siňekleri dünýäni porsy ysdan halas etsin, ýaralara gonup, tiz bitmegine hemaýat etsin diýip ýaradypdyr diýýärler. Şu dogry bolsun gerek. Salyhda-da ys ýokdy. Salyhyň syrgyndan çykyp gaýdanyna şu gün dördünji gündi. Ýöne ol bu ýerde näçe wagt bäri ýatyrka?! Ony hiç kim bilenokdy. — Barlap görüň, jany barmy? Muhammet gulagyny Salyhyň döşünde goýdy. Biraz wagtdan ahmyrly seslendi: — Jany ýok. Arslan han saklanyp bilmedi, Muhammediň hereketini gaýtalady. Soňam sandyraýan sag eli bilen Salyhyň ýüzüni sypady. Arslan ýabgu öz ýerine ýabgu bellejek oglunyň ölümine gynanmak gynandy. Ähli kişi ýabguwa gynanç bildirdi. Arslan beg geplemedi. Salyhy göterip zemmere saldylar. Ony oba eltip jaýlamaly bolar. Ýolboýy hiç kimden ses-selem çykmady. Syrgyna ýakynlaşyberenlerinde zemmeri göterip gelýän ýigitleriň biri biygtyýar gygyrdy: — Eý, eý, ol elini gymyldatdy! Ähli kişi saklandy: — Göwnüňe bolaýmasyn? — Ýok, ýok, göwnüme däl. Ol hakyt elini gymyldatdy. — Dogry, dogry! — diýip, zemmeri göterip gelýän ikinji ýigit hem geňirgenmesini aýan etdi. Ölüdir öýdülip zemmere salnyp gelnen Salyh gymyldady. Ähli kişi Allatagalanyň bu gudratyna haýranlar galdy. Haýdan-haý Salyha em etmäge girişdiler. Dodagyna suw çaldylar. Salyhy hiç kim özüne geler, aýaga galar öýtmedi. Ol ömrüni maýyplykda geçirer diýip çakladylar. Sebäp Salyh bir aýlap özüne gelmedi. Ol ellerine, aýaklaryna erk edip bilenokdy. Gepläp-de bilenokdy. Herhal, ol aýsaýyn gowulaşýardy. Üç aý garaşyldy, ýöne Salyh aýaga galmady. Şeýle bolansoň, kynyk ýigitlerine at bermek makul tapyldy. Çünki Mykaýylyň ogullary Muhammet bilen Dawut oguz ada günlerini sanap garaşýardylar. Oguz ýigitlerine at bermek baradaky oguz kethudalarynyň maslahaty uzaga çekdi. «Kethudalar munça wagtlap, walla, nämäniň maslahatyny edýärkäler?» diýip, Muhammetdir Dawut odandy. Kethudalaryň pikir edişi doganlaryň pikir edişinden düýpgöter başga bolup çykdy. Maslahatda Salyhyň gutulmagy dileg edilip, oňa Gutulmyş diýen at berildi. Şeýle hem: Dawuda — Çagry; Muhammede — Togrul — diýlip at berildi. Ýusup bilen Resultegine oguz ady berilmedi. Ybraýyma ynallyk16 ynanyldy. Ýene-de at almak resimine gatnaşan seljuk ýigitleriniň ýedisine at berildi. Galan ýigitler musulman ady bilen oňmaly boldular. Çagry, Togrul — bürgüdi, laçyny ýatladyp duran ýyrtyjy guşlar. Bu guşlar bürgütdir laçyn guşlaryň içinde iň çalasyny, iň namysjaňy, iň batyry hasaplanýar. Bürgüt oguz begleriniň oňony. Bürgüt seljuk ýigitleriniň kalby, hyjuwy. Ikinji müňýyllygyň başy oguz-seljuk halkynyň bürgüt kalbynyň Derwezata dolan eýýamy. Seljuk kethudalarynyň maslahatda Seljuk Dukakyň agtyklaryna beren atlary müň ölçäp, bir kesilip, müneçjimler, ulamalar, bilgiçler, ruhanylar bilen maslahatlaşylyp, ýagşydan-ýagşy dileg-telwaslar birle uludan-uly umyt baglap beren atlarydy. Maslahat kethudalary oguz-seljuk ýigitlerine biragyzdan pata berdiler: — Adyňyzy biz berdik, ýaşyňyzy, röwşen ykbalyňyzy Beýik Perwerdigärimiz bersin! Omyn! * * * Salyh dört aý ýatyp aýaga galdy. Ýaralaryň üstüne çogan17, şeýle hem dehend daşyny ýapdy, Ol indi Salyh däldi, ol indi Gutulmyşdy. Ähli kişi oňa Gutulmyş diýip ýüzlenýärdi. Bir ýyldan Gutulmyş birkemsiz sagaldy. Döwlen aýagy bitişdi gitdi. Arslan han oglunyň döwük-ýenjikleriniň bitişmegi üçin Tissar, Hindiguş, Köýten daglaryndan mumyýa getirdip, ogluna iýdiripdi. Öňki Salyh, bu günki Gutulmyş ata atlanyp, ýowuz-ýowuz darkaş gurmak küýseýärdi. On birinji bap Gutulmyş oglunyň çem gelen ýerde işsiz ygyp ýörmän, söwda-satyga gözükmegi üçin ony Şaparyň ýanynda kömekçi edip goýdy. Süleýman dükanda işlän ikinji güni ähli nogul-nabatlary öz hemşerilerine paýlap beripdir. — Babaň seni öldürer — diýip, Sünbüle oda-köze düşdi. — Babam maňa hiç zat diýmez. — Ony göreris entek! Gutulmyş geldi. Sünbüle dessine arz edip başlady: — Biziň oglumyz ýöne bir ogul däl. Ýok, bu bir ot. Bu bir başa inen towky! Ýok, bu ogul bezirgeniň ogly däl. Bezirgeniň ogly biziň oglumyz ýaly tarhandökerlik etmez. — Näme edipdir? — Munuň eden etmişini Şapar görgüli size aýdyp bilmän, titräp otyr. — Süleýman näme etdi? — Diňe düýn adam şekilli işläpdir. Bu günem dükanda Şapar ýokka ähli hemşerilerini çagyryp, dükanyň ähli nogul-nabadyny olara mura-mugt paýlap goýberipdir. Bu ogul bizi tozdurar. — Süleýman, bu nä etdigiň boldy seniň? Zat berip gowy görnerin öýdýärsiňmi? Zat berip gowy görnüp bolmaýar! Näme üçin beýtdiň? Men senden soraýaryn?! — Olar meniň nökerlerim. — Eşidýärsiňizmi diýýän sözüni?! Munuň bolşy täjiriň oglunyň bolşuna däl-de, kellekeser serkerdäniň oglunyň bolşuna meňzeýär. Sünbüle ogluna: «Bezirgeniň ogly däl!» diýip elewräp durmadyk bolsa, Gutulmyş ony urmasa-urmazdy, ýöne hatynynyň islegi boýunça Süleýmanyň gulaktozuna batly suňşuryp goýberdi. Oglanjyk honda baryp düşdi. «Hykk-hykk» edip seslendi. — Wa-hasrat-a, nädäýdiňiz meniň jigerbendimi? Öldi bul-a. Wa-weýla, meniň oglum öldi — diýip, Sünbüle süýnüp ýatan oglunyň üstüne topuldy. Elewräp gözýaş dökdi. — Süleýman, aý, Süleýman, dirimi sen? Näme boldy saňa? Süleýman görgüli näme jogap bersin?! Näme bolanyny ejesi bilmese, ol nädip bilsin?! Ol diňe kakasynyň uranyny, gözüni açanda bolsa, depesinde ejesiniň hünibirýan aglaýandygyny, elewreýändigini gördi. Bu iki arada näme bolandygyny bilenok, ol. — Wa-weýlata, oglum, dükanymyzyň harytlaryny oglanlara mura-mugtuna paýlasaň, biz garyp düşeris. Sünbüle Süleýmany başga otaga alyp gitdi, soňam kündükde gyzgyn suw taýýarlady. Adamsynyň el-ýüzüni ýuwmagy üçin gyzgyn suw akytdy. Desserhany uludan ýazyp, adamsynyň öňünde tagam goýdy. Gutulmyş begiň işdä bilen nahar iýşini synlap oturan Sünbüle pikirini içinde saklap bilmedi: — Siziň nahar iýşiňiz bezirgeniň nahar iýşine meňzänok. — Näme, näme? — Bezirgen ýuwaşjadan, gowy çeýnäp, çümhöreklik bilen iýýär. — Men başgaça iýýärinmi? — Siziň nahar iýşiňiz howlukmaç. Az-azdan däl-de, uly-uludan agyz urýarsyňyz. Agzyňyzy dolduryp iýýärsiňiz. Özem ýarym çeýnäp-çeýnemänem ýuwudýarsyňyz. Oglumyzyň çörek iýşem edil siziňki ýaly. — Meniň iýşimi synlap oturma-da, bar, öz işiň bilen bol. — Meniň bar işim size hyzmat etmek. — Onda hyzmat et. Maňa hatynyň bilgiçligi derkar däl. — Men muny ýamanlyk üçin aýdamok. Ýazylyp-ýaýrap naharlanan Gutulmyş başyny aşak salyp oturan hatynyna ýüzlendi: — Eý, hatyn, hany aýt, erbet ýaşaýarsyňmy? — Ýok, gowy ýaşaýaryn. — Onda nä sen zol-zol ärim, oglum bezirgen däl diýip ýanjaýarsyň? — Hatynlaryň bilesigelijiligi gursun, ylaýym. Enem maňa: «Seniň bilesigelijiligiňi halamok, men. Köp biljek bolma. Köp bilseň, ol bilýän zatlaryň başyňa bela-beter getirer» diýerdi. Men bu hakda köp oýlanmazlyga çalyşýaryn. Hudaýa şükür, ýaşaýşymyz gowy, kem zadymyz ýok. Özüňiz gürrüň bermeseňiz, sorag berip biynjalyk etmeli däldigimi-de bilýärin. Siz meniň günämi ötüň. Içimde bir ketjal şeýtan bar. Ol: «Adamyň bezirgen däl, adamyň ady Muhammet däl» diýip, maňa teý rahatlyk berenok. Onsoň siz hakdaky hakykaty bilmek isleýärin. Men siziň hakyky adyňyzyň Muhammet däldigini aňýaryn. Çünki size Muhammet diýip ýüzlenenlerinde siz, köplenç, başga birine ýüzlenilýändir öýdüp üns hem bermeýärsiňiz. Gije uklanyňyzda, köplenç, iki sözi gaýtalaýarsyňyz? — Haýsy sözleri? — diýip, Gutulmyş howatyrgandy. — «Baba!», «Baba!» diýip, babaňyza nämedir bir aýbyňyzy düşündirjek bolýarsyňyz. Aşa gynanýarsyňyz. — Başga näme diýýärin? — Ikinji sözüňize oňly düşünip bilmeýärin. Siz: «Wah, wah» diýip, ahmyr çekýärsiňiz. Siziň içiňiz ahmyrdan doly. Men biçäre. Ynanyň, siziň derdiňize derman bolup bilmeýändigine gynanýaryn. Siziň derdiňize nädenimde em boljagymy bilmeýärin, ýogsam men siziň üçin hiç bir kynçylykdan gaçmaryn. Siz, köplenç, içiňizi hümledip oturýarsyňyz. Siz ýeke, hiç kime ýüregiňizi açmaýarsyňyz. Janyňyzy ynanýan ýeke adamyňyzyň ýokdugyna-da men biçak gynanýaryn. — Eh, hatyn, hatyn, sen dogry aýdýarsyň. Men ýeke. Käbir zatlary kimdir birine aýtmak isleýärin, ýöne içiňi dökere ynamdar adamym ýok. Saňa-da aýtsam boljak, ýöne hatynlaryň syr saklap bilmeýändigi üçin käbir zatlary saňa aýtmakdan saklanýaryn. Sen duýgur. Seniň aýdýan käbir zatlaryň dogry, ýöne men hakykaty, käbir syrymy saňa aýan edip bilemok. Gurhanda hem «Hatynlara ynanmaň!» diýilýär. Hadyslarda hem: «Hatynlara ynanmaň!» diýilýär. Onuň üstesine-de Muhammet pygamber: «Maşgalaň görüp durar ýaly gamçyňy asyp goý!» diýýär. Töwratda-da, Injilde-de şol bir söz gaýtalanýar: «Hatynlara ynanmaň!» Budda hem, Zaratuştra hem «Hatynlara ynanmaň!» diýipdir. Mazdagyň18 diýen söz-ä çökder. Ol: «Dünýädäki dawa-jenjelleriň sebäbi aýallardyr — diýýär — Taňry olary erkekleriň ulanmagy üçin ýaratdy. Olara rehimiň agyrmasyn! Olara ynanmaň, ynanmaň!» — Maňa aýdan sözleriňiziň ile peçan bolany barmy? «Sünbüle pylan hili gürrüň edipdir» diýip eşitdiňizmi? Men syr saklap bilýän mähekdaşdyryn. Özüňiz hem meni: «Syr saklaýan mähekdaş ýaly» diýip atlandyrypdyňyz. — Sen gaýdyp maňa «Sen täjire meňzäňok» diýip aýtma! — Wa-weýla, men gara çynymy aýdýaryn. — Sen dogry aýdýarsyň, ýöne ol hiç kimiň bilmeli zady däl. — Hakyt şeýlemi? — diýip, Sünbüle galkyjaklady. — Hakyt şeýle! Ýöne şu gürrüňi bir ýerde agzyňdan sypdyrsaň, soň menden eýgilige garaşma. — Menden gaty arkaýyn boluň! Gutulmyşyň keýpi kökdi, ol biraz salymdan başky pikirini ýene gaýtalady: — Meniň kimdigimi sen hiç kime, hiç haçan aýtmaly dälsiň. Eger birine sähelçe aýtsaň, onda biziň bagtymyzyň ýatdygydyr. — Arkaýyn boluň, hiç kime hiç zat aýtmaryn. Men bile-göre öz bagtymy garaltmaryn ahyryn. Biziň bagtymyz ömürlikdir. — Bagta hiç wagt bil baglamak bolýan däldir. — Näme üçin?! — Bagt hatynlardan hem ygrarsyzdyr. Bagt öýüňe dokuzyň düzüwkä, işiň şowluka, baýlygyň köpkä geler. Başyňa niçik bir iş düşdügi, bagt şol pursat saňa biwepalyk eder, seni terk eder, senden ýüz öwürer. Bagt, megerem, hatynlaryň ikinji adydyr... Gutulmyş sözüni soňlap bilmedi. Sebäbi işikden gapydan geldi. Ol Kermandan kerwen gelendigini aýtdy. Gutulmyş gapydan bilen kerweniň ýanyna — dükanyna gitdi, öýüne ýarygije dolandy, gelse, hatyny çugutdyryp otyr. Onuň bolşuna üns bermän Gutulmyş ýatmak üçin düşegine geçdi. Sünbüle adamsynyň başujuna gelip çökdi. — Sen nä başujumda otyrsyň? — diýip, Gutulmyş güdri güpjeginden başyny galdyrdy. — Bezirgenler gelmänkä başlan gürrüňiňizi eşitmek üçin garaşyp otyryn. — Garaşyp?! — Hawa, garaşyp otyryn. — Ärim gelip soňlanmadyk gürrüňiň yzyny aýdar öýtdüňmi? — Elbetde. — Haý, samsyk, bar, ýat! — Şol gürrüňi eşitmesem, meniň gözüme uky gelmez, babasy. — Allatagalanyň hatynlary edip ýaradaýşyny görsene!.. — Ýadap gelensiňiz, aýagyňyzy owkalap bereýin. Sünbüle gaty yhlaslydy. Ol adamsynyň aýaklaryny owkalamaga başlady. Dogrudanam, Gutulmyş ýadan eken, aýaklary gurşup gidipdir. Hatynynyň yhlasly sypaň-sermeňi, owkalamasy Gutulmyşyň janyna biçak ýarady. Hatynlar göwnäp bir işiň başyna barsa, eden işlerinde köst goýanoklar. Sünbüläniň yhlasy-da Gutulmyşyň göwnüni göterdi. Ol açyldy: özüniň Kelejara haýsy maksat bilen gelendigini, kakasynyň tussaglykdan boşadyljak gününe ýa-da amatly pursada garaşýandygyny gürrüň berdi. Bu gürrüňleri aýdansoň Gutulmyş özünde ýeňillik duýmak isledi. Sebäbi ol, gör, näçe wagtlap galp keşbe dulanyp ýaşady. Ýöne hylwaty gürrüňden soň Gutulmyş özünde ýeňillik däl-de, oňaýsyzlyk duýdy. Göwnüne bolmasa, uly bir günä iş eden ýaly duýuldy durdy. On ikinji bap Soltan Mahmydyň permanynda Gutulmyşyň kakasy bilen onuň ýanyndaky ýüz elli tussag ýedi ýyl agöýli-tussag edilýärdi. Bu möhlet bireýýäm doldy. Soltan Mahmyt ýurduny täzeledi. Tagta ilki Mahmydyň uly ogly Muhammet, soňundan Masut geçdi. Gutulmyş seljuklylaryň azat edilmegine garaşýardy. Kutwal welin, soltanatdan anyk görkezme, perman gelmese, tussaglykda ýatmaly möhletleri dolan agöýli-tussaglary azatlyga goýberip bilmejekdigini nygtaýardy. — Meniň Şapar diýen gapydanym bar. Ol: «Seljuk tussaglarynyň haçan zyndandan boşadyljagyny kutwaldan, emir-i-harasdan sorap ber» diýip, günde kyrk gezek özelenýär. Men Şapara aýdýaryn: «Emir-i-haras diýýän adamyňdan-a ýeke sözem alyp bolmaýar. Onuň çözýän zadam ýok. Näme çözse, näme etse, kutwal çözmeli, kutwal etmeli diýýärin — diýip, Gutulmyş Bähramyň ýanynda gürrüň gozgady. — Muhammet, men seljuklylaryň boşadyljakdygyna ynanmaýaryn. Horasanda soltan Masut seljuklylar bilen urşa başlady. Şol uruş sebäpli hem soltan Masut seljuklylary tussaglykdan goýbermese gerek. Dogry, bu ýerde ýatan seljukly görgülilerde jinnek ýalagam günä ýok, ýöne olar seljuklylar bulagaýlyk edäýmesin diýen ätiýaç bilen agöýli saklanýarlar. Seljuklylaryň öz ýabgularyna, ýüz elli gardaşyna nebsi agyrmaýar. Olar, barybir, bulagaýlyk edýärler. — Belki, goýberer?! Sen soltana teklip gönder. Şuny sorap görmegiň üçin Şapar saňa bäş ýüz dinar hedýe berýär. — Rişwet diýsene! — Ýok, hedýe. Onuň maksady gowulyk. Kutwal birinji gezek oňly jogap bermedi. Soň Gutulmyş bu hakda ikinji gezek gürrüň gozgamaly boldy. Ikinji gezek kutwal Gazna nama göndermäge söz berdi. Rişwet alanyndan soň, ol soltanata seljukly tussaglaryň özlerini tertipli alyp barandyklaryny, tussag edilen möhletleriniň mundan üç-dört ýyl öň dolandygyny, indi olar barada täze permanyň zerurdygyny nygtap nama gönderdi. Ýöne iberilen nama Gaznadan jogap gelmedi. Ikinji gezek nama ýollamaga bolsa kutwal gorkdy. On üçünji bap Emir-i-harasyň dymmalygy dogabitdidi, ýöne Bähram kutwalyňky mejbury dymmalykdy. Ol gürlemekden gorkýandygy, gürländigi sebäpli özüne gep gelmeginden heder edýändigi üçin dymýardy. Aýdan sözüniň başga ýere çykmajagyny bilse, gürrüňdeşine ynansa, onda Bähram gürleýärdi. Özem ol köşk emeldarlary hakda gürlemegi gowy görýärdi. Gutulmyş soňky döwürde Bähramyň içiniň gysýandygyny, razdar isleýändigini aňýardy. Aňmaz ýaly hem däldi. Bähram her gezek Gutulmyş bilen duşuşanda: «Ikiçäk meýlis gurap oturmak isleýärin welin, teý wagtym ýok» diýýärdi. Ol bu sözi hökman aýdýardy. Gutulmyş Gaznadan täze-täze habarlaryň gelýändigini bilýärdi. Ýöne ol habarlaryň haýsynyň dogrudygy, haýsynyň nädogrudygy belli däldi. Ol anyk habary kutwaldan eşidip biljekdi. Gutulmyş meýlis guramak pikiriniň kutwaldan çykmagyny, meýlisi onuň gurnamagyny isleýärdi. Onuň bu islegi ätiýaçlyk sebäplidi. Soňky gün meýlis sebäpli dili gysga bolmakdan saklanýardy. Gutulmyş kutwala çarşenbe güni özüniň awa gitmekçidigini ýaňzytdy. Kutwal bu habara begendi, özüniň hem bile gitjekdigini aýtdy. Aw kutwal üçinem, Gutulmyş üçinem bahanady, Bähramyň içine sygmaýan gürrüňler bardy. Ol özüniň içine sygmaýan şol gürrüňlerini Gutulmyş bilen paýlaşmak isleýärdi. Şeýle-de boldy. Olar bile awa gitdiler. Birnäçe obanyň üstünden geçildi. Ýolda Gutulmyşyň ünsüni çeken zatlaryň biri iki obada metjidiň gurulýandygydy. Gutulmyşyň üns berendigini aňan Bähram metjit gurulmasynyň sebäbini düşündirmäge çalyşdy. — Biziň beýik soltanymyz ýigrimi bäş ýylyň içinde on ýedi gezek şu ýerlere — Hindistana ýöriş edip bu ýeriniň ilatyny musulman etdi. Garry-ýaş diýmän ähli erkek kişileriň elini halalladyp, olara «Lä ilähe illä Allah, Muhammet resul Allah» diýip kelemeýi şahadat aýtdyryp, musulman eýledi. Şeýdip, Hindistanyň, gör, näçe obasyny, näçe etrabyny, näçe şäherini musulman etdi. Gaznanyň medreselerinden hindi halkyna yslam dininiň esaslaryny öwreder ýaly fakyhlary bu ýerlere iberdi. Berk gözegçilik etdi. Öz basyp alan ýerinde yslamyň ornaşmagy üçin soltan harçdan gaçmady. Metjit gurdurdy. Bilýärsiňmi näme, beýik soltanymyz bu ýerde ähli zadyň päk bolmagyny isleýärdi. Şonuň üçinem özüniň musulmanlaşdyran bu ýurduny Päkistan diýip atlandyrypdy. — Beýik soltandy. Onuň beýikligine söz ýok. Men käteler oýlanýaryn. Öz ömrümi soltan Mahmyt bilen bir terezä salyp ölçäp görýärin. Şonda özümiň bu dünýäde musulman ymmatynyň rowaçlygy, parahatlygy, bolçulygy üçin eden işimiň juda azdygyna howpurgaýaryn, soltanyň eden işiniň bolsa juda köpdügine buýsanýaryn. Men: «Eger musulman ymmatynyň ýaşaýşynyň gowulaşmagyna goşant goşup bilmejek bolsaň, onda bu dünýäde näme üçin ýaşaýarsyň?!» diýip, öz-özüme sowal berýärin. Uly-uly işleri bitiresim gelýär. Soltan Mahmydyň ömrüne gözüm gidýär. Taryhda örän az zatlar galýar, köp zatlar bolsa taryhyň çaňynyň aşagynda ýitip gidýär. Men aýdýaryn: «Taryhda näme ýitse ýiter, ýöne soltan Mahmydyň ýigrimi bäş ýylda döreden Päkistan ili we dört ýüz on sekizinji hijri ýylynda döreden urdu19 dili ýitmez. Soltanyň özi ölen-de bolsa, bu bitiren hyzmaty baky ýaşar. Nämä akylym çatmasa-da, şu iki uly işi taryhyň tozanynyň basyp bilmejekdigini bilýärin. Ine, şu iki beýik hyzmaty üçin men Mahmydyň ruhunyň öňünde başymy egýärin. Gutulmyşyň bu sözünden soň gürrüň soltan Masut hakda boldy. Kutwalyň bir sözi Gutulmyşy haýrana goýdy: — Mundan iki aý öň soltan Masut: «Seljuklylaryň ýabgusy Arslan hany meniň ýanyma Balha getiriň» diýip perman berdi. Onsoň iki müň sany nökeri goragynda goýup Arslan hany alyp gitdiler. Gutulmyş bu habar bilen biçak gyzyklandy, ýöne gyzyklanýandygyny bildirmekden ätiýaç edip dymdy. — Soltan Gaznada oturmaýarmy? — Soltan tomsy, köplenç, Balhda geçirýär. Ol ýerde onuň bargähi bar. — Be, galada şeýle bir gybatkeşler bar, olar ýeriň aşagynda ýylan gäwşese-de bilýär diýýärler. Gör, ýeriň aşagynda ýylan gäwşese-de bilýän gybatkeşler Arslan hanyň alnyp gidilendigini bilmändirler. — Galanyň adamlarynyň, zyndanyň sakçylarynyň bilmezligi üçin gaty yhlas etdik. Soltanyň üç ýüzden gowrak adamy gala geldi. Ähli işi şolaryň özleri gurnady. Gerekli ýerlerde özleri sakçy durdular. Soňam ýarygije Arslan hana öz adamlarynyň eşigini geýdirip, ony galadan alyp çykdylar. Ony emir-i-haras ikimizden başga hiç kim bilenokdy. Ine, indem üçünji bolup sen bildiň. Galada gürrüň çyksa, diýmek, gürrüň ýaýradan sen bolarsyň. — Goýsana, onuň gürrüňini ýaýratmakdan maňa bir hepbe peýda barmy? — Bä, Muhammet, sen ähli zady peýda bilen ölçeýärsiň-ow?! — Eýsem näme! — Seniňki dogry. — Gör, soltan bilen soltanyň parhyny. Soltan Mahmyt Ahmet Meýmendini zyndana atdy. Soň ogly Masut tagta geçip, ony özüne wezir edindi. Gör, Masut bu gün Kelejardan soltan Mahmydyň ikinji bir zyndana atan adamyny — Arslan hany öz ýanyna alypdyr. — Kim aýtdy soltan Arslan hany öz ýanyna gulluga alypdyr diýip? — Hiç kim aýdanok, özüm çak edýärin. Rast ony Balha — şöhwet çekýän ýerine çagyran bolsa, diýmek, ony özüne wezir edinmekçidir. — Ýok, Muhammet, ýalňyşýarsyň. Ine, sen şu ýerde öz bezirgenligiňi etdiň. — Hä?! — Soltan Arslan hany seljuk jemagatyna töwellaçy etmek üçin ýanyna çagyrypdyr. — Töwellaçy? Olara töwella näme üçin gerek bolduka? — Haý, Muhammet, sen öz söwdaňdan başga zady bileňok. Özüň-ä: «Bezirgen dünýäden habardar» diýýärsiň. Şalykda bolup ýören zatlaram bileňok. — Eýgilikmi özi? Soltan Arslan hany öldüripmi? — Ýok. — Nirede onda ol?! — Sen seljuklylar barada aşa köp gyzyklanýarsyň. Arada maňa soltanata seljuk tussaglaryny boşatmak hakda nama ýazmagymy towakga etdiň. Menem seniň raýyňy ýykmazlyk üçin soltanata nama ýazdym. Biziň namamyza jogap berilmedi. Jogabyň berilmändiginiň sebäbi indi maňa doly düşnükli boldy. — Ýok, hökman däl, Bähram. Islemeseň, aýtma. Men bu sowaly şeýlekin soraýdym. Hiç zat aýtma. Iň gowusy, aw hakda gürrüň edeli. Meniň täjirçilik hakda-da gürrüň edesim gelenok. Kutwal giýewiniň bu sözüne üns bermän, gürrüňini dowam etdirdi: — Seljuk jemagatlary soltanyň ýüregine ýapyşan sakyrtga bolup döredi. Olaryň bir jemagaty Reýde, ýene bir jemagaty Ýazyrda, ýene bir jemagaty Hyratda, ýene bir jemagaty Nusaýda eden-etdilik, talaňçylyk edip ýörler. Soltanyň goşuny olary Nusaýdan kowsa, olar Abywertden çykýarlar. Olar belli bir ýerde mesgen tutanoklar. Olar edil tüweleý ýaly. Olaryň ertir nireden çykjagyny özlerem bilmeýärmiş. Soltan olardan ellibizar bolup Çagry bege Abywerdi, Togrul bege Nusaýy, Musa bege Parawy ykta beripdi. Ol begleriň hersine «daýhan»20 derejesini-de beripdir. Olar bolsa soltanyň gönderen ykta şahadatnamasyny oda ýakypdyrlar. «Bize Sarahsy, Merwi, Nyşapury ber!» diýip, Horasanyň amydynyň üstüne hemle atýarmyşlar. Soltan Masut gaty geçirimlilik edýär. Ol oguz bilen oguzyň gan döküşmegini islemeýär. Ýöne seljuklylar gaty hetden aşýarlar. Olara Arslan han meçew berýär. — Arslan han zyndanda ýatyr. — Soltan Masut Arslan hany Balha çagyryp, seljuk beglerine nama göndermegini teklip edipdir. Eger seljuk begleri bulagaýlyklaryny bes etseler, onda Zemm21 welaýaty bilen Amur welaýatyny ykta berjekdigini aýdypdyr. Bilýärmiň, Arslan han soltana näme jogap beripdir? Gutulmyş egnini ýygyrdy, kutwal Bähram joşup, gürrüňini dowam etdi: — Ol: «Soltan Mahmyt hakyky soltandy. Ol akyldar patyşady. Men onuň özüme, beglerime eden sütemi üçin ar aljagym hak. Ol Gadyr hanyň alyna gitdi. Soltan Mahmyt meni ýanyna çagyryp, «Men size Zemm, Amul welaýatlaryny ykta berýärin. Baryň, şol ýerde ýaşaň!» diýse, men oňa ynanardym. Jeýhunyň kenaryna gidip öz jemagatym bilen ýaşardym. Soltan Mahmyt meni aldandygyna seretmezden ol öz sözüniň eýesidi, sözünde durýardy. Ýöne seniň sözüňde durjagyňa welin bil baglap bilmerin. Sen tagt üçin öz jan ýaly doganyň gözüne nil çeken adam. Sen häkimligiňi saklamak üçin hiç bir zatdan gaýtmajak adam. Şonuň üçinem men seniň sözüňe bil baglap, öz seljuklylaryma kepil geçip bir sözi aýdyp bilmerin. Eger aýtsam, sen meni ertirki gün hökman ýüzügara edersiň. Çünki seniň üçin mukaddes zat ýok» diýipdir. Soltan bolup öz raýatyňdan bu sözi eşitmegiň nähili agyrdygyny aňýan bolsaň gerek. Men soltany gaty geçirimli, giň hasaplaýaryn. Eger onuň ýerine özüm bolan bolsam, onda men Arslan hany kerçim-kerçim edip öldürerdim. — Soltan Masut Arslan hany öldürmänmi? — Gepem soltanyň ony öldürmänliginde. Wah, soltan oňarmandyr: Arslan hany öldürmeli eken. Ol bolsa Arslan hany ýene-de yzyna — biziň zyndanymyza ýollapdyr. Başbozarlyk edýän seljuklylary näme üçin öldürenoklar. Ody wagtynda söndüren ýagşy, ýogsam ýalnyň ula öwrülmegi mümkin. Haýsy işe sowuk-sala çemeleşip, başdansowma etseň, şonuň zyýany iki esse bolýar. Soltan Masut hem seljuklylar barada aşa geçirimlilik edýär. Soltanyň olardan görýän peýdasy ýok. Seljuklylar şalyk üçin zyýan. Men bolsam-a ähli kynyklary uçdantutma gyrardym. — Bir sebäbi bar bolaýmasyn? — Nähili sebäbi bolanda-da üç sany mukaddeslige: Beýik Perwerdigäre; dünýä inderen, ekläp-saklap, adam edip ýetişdiren ata-eneňe; ýurduň şasyna garşy çykmak bolmaýar. Şu üç mukaddeslik näme etse, bendesi kaýyl gelmeli! Kaýyl bolmaly! — Herki zadyň çägi bar. Çekip-çydap bolýan çäk bar. — Şu üç mukaddeslige çäk ýok. Olar näme etselerem çydamaly! — Seljuklylar üç däl-de, iki mukaddeslige gulluk edýärler. — Sen nireden bilýärsiň? — diýip, kutwal geňirgendi. — Olaryň bolşundan çen tutýaryn. Şunuň bilen düşlegdäki gürrüň soňlandy. Kutwal keýpihondy. Ol edilen söhbetdeşlikden, awdan hoşaldy. Aslynda, uzynly gün selpeselerem olaryň awlan zatlary bolmandy. Munuň üçin kutwal gynanyp duranokdy. Iň esasy göwnüni hoşlady, içinde baslygyp ýatan, gat-gat syrlaryny ýaýdy. Ol göwnühoş halda Gutulmyş bilen gala dolandy. Ýöne galada eşiden habary onuň keýpini gaçyrdy. Onuň gorkusy goşalandy. Gorkynyň üstüne gorky goşan ýat adam däldi, öz agtygy Süleýmandy. Kutwal agtygy babatda Gutulmyşyň öýüne geldi. Ilkagşam Aýyň ýagtysyna degdim-gaçdym gürrüňlerden soň, Bähram esasy gürrüňe geçdi: — Muhammet, agtygym Süleýmanyň käbir aýdýan sözleri, käbir hereketleri meni gaty biynjalyk edýär. — Ol entek çaga ahyryn!.. — Onuň aýdýan sözleri, edýän tutumy çaganyňky däl, Muhammet. — Biziň bu çagamyz, görýän welin, gaty kakabaş boljak. Teý bize baş berenok — Gutulmyş oglunyň bir düýpli hokga çykarandygyny aňyp, öňünden çykalga gözledi. — Maňa berlen habara görä, Süleýmanyň maksady galany basyp alyp, zyndandakylary halas etmek. Şu maksat bilen biziň gulamlarymyzy hem öz tarapyna geçirmek isleýär. Gazna şalygyny iň zalym şalyk hasaplaýar. Süleýman seljuklylary goldaýarmyş. Galadaky ýüz elli seljuklyny halas etmek isleýärmiş. Ol: «Babamda iki ýüz sany gulam bar, gerek wagty men olary-da aýaga galdyraryn» diýýärmiş. Janymyň ýanýan ýeri, seljuklylar bilen hiç hili baglanyşygy, garyndaşlygy ýok halyna Süleýmanyň olara janköýerlik etmegi. — Wa-daryg-a, ol hiç zada düşünmeýär. — Sende iki ýüz gulamyň ýokdugyny bilýärin-ä men. — Bu ýelemýüwlediň dilini sograryn men. Seniň özüň görüp-bilip ýörsüň-ä meniň ýaşaýşymy! Meniň bar maksadym köpräk söwda etmek, baýamak. Şeýdibem Sünbüläni, oglumy hiç bir zada hor-zar etmän ýaşatmak. — Wah, men seni tanaýaryn. Seni gowy görýärin men. Göwnüm ýetensoň, saňa Sünbüläni berdim. — Süleýmany gaýdyp gürlemez ýaly ederin, men! — Sen Süleýmany urma, ýöne onuň bilen egri oturyp, dogry sözleş. — Men onuň gözünde ot ýakaryn. Kutwalyň habary Gutulmyşy iňkise saldy, ähli syry açylyp barýan ýaly howsala düşdi. Duşmany uzakdan gözlemeli däl, ol seniň öz içiňden dörese, ine, iň elhederi şu bolar eken. Gutulmyş özüni dar agajynyň aşagynda bu dünýä bilen hoşlaşyp duran ýaly duýdy. Gutulmyş gapydany ýanyna çagyrdy: — Ýeriň bir deşigine girenem bolsa, Süleýmany tapyp gel! Gapydan Süleýmany tapmasyna gaty bahym tapdy, ýöne Gutulmyş begiň gaharynyň biraz köşeşmegini tama edip, ony biraz bukup saklady. Gutulmyşyň welin, gahary köşeşerli däldi. — Aýdýan zatlaryň näme seniň?! Näme üçin gaznaly şasynyň garşysyna göreşmekçi bolýarsyň? Seljuk ýabgusy seniň nämäň? — Seljuk ýabgusy bilen meniň garyndaşlygym ýok, ýöne ol ýagşylygy zerarly ýanan adam. Soltan ony ýanyna zyýapata çagyryp, aldap, soňundan zyndana taşlaýar. Ysraýyl Arslan ýabgu diýilýän seljuk begi soltan Mahmyda: «Men seniň wepaly hyzmatkäriň bolaýyn» diýýär. Näme üçin wepadarlygyny, yhlasyny hödürläp duran adamy zyndana atmaly? Bu adamçylyk däl. — Näme, näme? Burnuň sümügini oňarmaýan halyňa soltana jort atýarsyňmy? Oglan-oglanjyk halyňa halasgär bolan bolýarsyňmy? Me, saňa! — diýip, Gutulmyş häliden bäri elinde saklap duran gamçysy bilen Süleýmany saýgylap ugrady. Hiç kim ony saklamaga: «Indi urma, öldürersiň» diýmäge gaýrat tapmady. Ýaş beden Gutulmyşyň üznüksiz urgularyny göterip bilmedi. Başda agyra çydap bilmän gygyran-da bolsa, soň Süleýman hernäçe urulsa-da, iňňildemedi. Süleýman gözlerini giň açyp süýnüp ýatyrdy. — Şapar, ýok et muny! Gözüm görmesin! — diýip, Gutulmyş gapydanyna gygyrdy. Şapar Süleýmany gujagyna alyp çykyp gitdi. Süleýman birki günden soň aýaga galdy. Gutulmyş gazaply gygyrdy: — Ýok bol! Seni gaýdyp gözüm görmesin! Gutulmyşyň bar maksady ýakynlaşyp gelýän betbagtçylygy (betbagtçylygyň ýakynlaşyp gelýändigini oňa ýyldyzlar habar beripdi!) saklamakdy. Göwnüne bolmasa, emir-i-haras gelýän ýalydy. Şol gün, şol günüň ertesi Gutulmyş emir-i-harasyň jandarlaryny yzyna tirkäp öz yzyndan gelerine, äkidilmegine garaşdy. Emir-i-haras gelmedi. Bir hepde geçdi. Gutulmyşyň yzyndan hiç kim gelmedi. Şaparyň başy aşakdy, gamgyndy. Sünbüle şol günden bäri agysyny goýanokdy. Ol öýden çykman, hiç zat iýip-içmän gözýaş dökýärdi. Özüniň, adamsynyň eden işine nälet okaýardy. Bir zada, kimdir birine gaty çynyň bilen garaşsaň, Allatagala seniň şol garaşýan zadyňa, garaşýan adamyňa gowşurýan eken. Yhlasa — myrat... Ýok, ýok, Gutulmyş beg emir-i-harasyň gelmegini, özüni tutup äkitmegini islänok! Beýle betbagtçylykdan Hudaý saklasyn! Gutulmyş beg emir-i-harasyň öz yzyndan gelmeginden gorkýar! Gorkmak isleg däl ahyryn!.. Gutulmyş gorky bilen ýola seretdi: emir-i-haras gelýän bolaýmasyn?! Hiç kim görnenok! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |