23:24 Sahypkyran Gutulmyş beg -13/ romanyñ dowamy | |
Ýigrimi ikinji bap
Taryhy proza
Gutulmyş näçe gün ýatanyny bilenokdy. Özüne gelende agyrmaýan ýeri ýokdy, endam-jany edil soka salnyp çykarylan ýalydy. Üst-başy gara gandy. Gaznaly zyndanynda adama jeza bermek boýunça gaty tejribeli hünärmenler bar eken. Jezalandyrylyşyň birnäçe görnüşi-de bar eken. Bu ýerdäki ýörgünli gynamalaryň biri «kahdud» diýlip atlandyrylýardy. Kahdudyň sözme-söz manysy iýiji, ajy tüsse diýmekdi. Bu jezalandyrylyş usuly boýunça jezalandyrylýan kişini bir äpişgesiz otaga salyp, otagyň içinde saman ýakmaga başlaýardylar. Jezalandyrylýan kişi saman ýanyp gutarýança tüssä boglup oturmalydy. Elbetde, tüssäniň gowusy ýok, ýöne ähli tüsseleriň içinde saman tüssesi iň demikdiriji, iň nejisi eken. Gutulmyş çydajak bolup köp çytraşdy. Tüsseden ýaňa asla dem alyp bolanokdy. Otagyň içinde howa gutarýardy. Etjek agajyň ýokdy. Diwarlar berk, gapy demirdendi. Gutulmyş demi tutulyp ýykyldy. Gözüni açsa, ony zyndana getirip taşlapdyrlar. Kahduddan başga «çambarpeç» diýlen jezalandyryş usuly-da bardy. Bu usul boýunça adamy bir agaja berk daňýardylar. Kenepden edilen ýüpi daşyňdan aýlamak aýlaýardylar, soň üstüňe suw guýup başlaýardylar. Ezilen kenep ýüpi çekilip ugraýar. Netijede, ýüp seni gysyp-gowrup, janyňy alara getirýär. Adamda şol pursat ýeke-täk bir pikir bolýar, ol hem gysyp-gowrup janyňy alyp barýan ýüpden tizden-tiz boşamak. Seniň kösenip duran pursadyň patyşanyň jandarlary senden eşitmek isleýän zatlaryny soraýarlar. Eger hakykaty aýtsaň, ýüpi çözjekdiklerini, eger hakykaty aýtmasaň, onda ýüpi çözmejekdiklerini, ýüpüň ýene sanalgyja pursatdan janyňy aljakdygyny tekrarlaýarlar. Bu şata çydap bilmän adamlar aýylganç-aýylganç ses edip gygyrýardylar. Gutulmyş çambarpeç jezalandyryş usulyny gaty ýönekeý görüpdi. Ýöne kenep ýüpüniň gysyp-gowruşyny başdan geçirende welin, çambarpejiň gaty aýylganç jeza usulydygyna düşündi. «Çarmyh etmek» — ýönekeý jezalandyryş usuly. Jeza berilýäni ol hiç hili hereket edip bilmez ýaly, onuň ellerini hem aýaklaryny dört myha berk baglaýarlar, çünki ol çar tarapyndan daňylgy. Soň dürli hili jezalar berip, oňa eşitmek isleýän habaryny aýtdyrýarlar. «Falake» atlandyrylýan başga-da bir jezalandyryş usuly bardy. Bu jezalandyryş guralynyň ortarasynda ýüpden iki sany halkasy bolan uzyn taýak bar. Jezalandyrylýan kişi şol halkalardan aýagyny geçirip ýatmaly. Halkalar taýaga berkidileni üçin sen aýagyňy gozgap bilmeýärsiň. Sen aýagyňy ýokary göterip ýatyrsyň. Jellatlar bolsa çygar çybyk, gamçy bilen seniň dabanyňa urmaga başlaýarlar. Dabanyň urgyny duýmajak ýalydyr. Daban küteklik hasaplanýar. Aslynda welin, onuň urgyny duýşy başga ýeriňe urlandakydan hem juda ýowuz boljak eken. Dabanyňa urlan her gamçynyň, çygar çybygyň awusy göni ýüregiňe urulýar. Dabanyňa urmak — ýüregiňe urmak eken. Ahillesiň gowşak ýeriniň dabany diýilmesi ýöne ýere däl eken. Hakykatdanam, adamyň endamyna ýigrimi gamçy urandan dabanyna bir gamçy uranyň has awuly boljak eken. Şol jezalandyrylyş gurallarynyň ählisi boýunça Gutulmyşy jezalandyrdylar. Ondan soltandan ötünç soramagyny, seljukly ilçileriň ýanynda goýberen ýalňyşyny boýun almagyny hemem öwredilişi ýaly gürlemegini talap etdiler. Diňe bu däl. Edilýän esasy talap Gutulmyş ilçileriň üsti bilen seljuklylara ýüzlenmelidi, olary utandyrmalydy, toba getirmelidi. «Gaýdyp soltanyň garşysyna çykmaň» diýmeli, «Soltan Masuda wepaly raýat boluň» diýmeli. «Soltan Masuda köp-köp salgyt töläň!» diýmeli. «Ähli serkerdeler, begler gelip, soltanyň çapgyýassygynyň aşagyna kellelerini goýsun!» diýmeli. Bu sözleri Gutulmyş diýermi?! Ol diýmedi, gaýtam başgaça gürledi: — Eý, berebekgeý, sen soltanyňa aýt! «Gutulmyş beg, ähli seljuk ýigitleri mertebelerini şirin janlaryndan ileri tutýarlar» diý. «Seljuk ýigitleri ölerler, ýöne mertebesiniň öňünde ikilik etmezler» diý. Gutulmyşy toba getireris diýip arryklaryny nähak gynap oturmasynlar. Gutulmyş ölümden gorkýan, sütemiň öňünde ejizleýän beg däl. Ol öler, ýöne oguz adyna ysnat ýetirmän öler. Oňa hiç bir jebir-sütem kär etmez. Çünki ol Gutulmyş! — diýip, Gutulmyş beg merdi-merdanalygyny saklady. Soltan Masut bir aýlap Gutulmyşa her hili sütem etdi. Onuň edilýän talaba boýun sunmagyna garaşdy. Ýöne Gutulmyş boýun sunmady. — Merhemetli kyblaýy älemim, indi onuň amanadyny tabşyrmagyna sähelçejik galdy. Oňa indi sütem etsek, ol öler! — diýip, şihne soltana habar berdi. Şondan soň soltan Gutulmyşy zyndana gönderdi, iki sany seljuk ilçisini bolsa ýolda — Hindiguş dagynda öldürmegi buýurdy. Soltanyň buýrugy ýerine ýetirildi. Diňe ol ilçileri däl, soltan goşunynda bäş müň seljukla baş bolup ýören Ýagmyr begi-de awy berip öldürtdi. Ýigrimi üçünji bap Zyndan Gutulmyşy gysyp-gowrup barýardy. Onuň her bir güni gaty kyn, haýal geçýärdi. Ol özüniň azatlyga çykjak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Özüni zyndandan nädip çykarjakdygyny welin, anyk bilmeýärdi. Belki, nämedir bir zada güýmenip, ir ertirden giç agşama çenli nämedir bir zat bilen başagaý bolup ýörse, onda ol beýle örtenmese-de örtenmezdi. Edere işiň ýoklugy onuň ýadyna geçen günleri salýardy. Ol işsiz, boş oturmaga öwrenişmändi. Onuň şu güne çenli geçen ömründe şowsuz günleri köp bolupdy. Ýedi-sekiz ýaşlarynda al gyr atyndan ýykylypdy, şonda çep gapyrgasynyň ikisi döwülipdi. Ol şol gezek ýyndam ata münüp Zerewşan derýasynyň kenaryna gezime çykypdy, özüne bakan ok ýaly atylyp gelýän möjegi görüp aljyrapdy. Atyny gyssap gaçmakçy bolupdy, ýöne möjegiň ýetip gelýändigini gören at gaçjak bolmandy. Tebil tapyp, iki ýana aýlanypdy. Möjek şuwlap gelşine atyň yzyndan topulypdy. Ana, şonda atyň näme üçin gaçmandygy belli bolupdy. At möjegi goşa toýnaklap şeýle bir jaýdar depipdi. Şonda möjeg-ä ölüpdi, Gutulmyş hem atdan ýykylyp, iki sany çep gapyrgasynyň döwlenligi sebäpli bir aýlap ýatypdy. Onuň oguz adyny almak üçin eden synanyşygy-da pikir edişi ýaly şowly bolmandy. Togrul bilen Çagrynyň awy şowuna bolupdy. Gutulmyş welin gaplaňyň ýowuz sütemini çekmeli bolupdy, döwlen aýagynyň, gapyrgalarynyň; joýa-joýa bolup duran dyrnak yzlarynyň bitişmegi üçin, gör, ol dört aýlap, ýerinden galyp bilmän ýatypdy. Jahyl çykyp, Buharanyň bir obasynyň reýisiniň biçak owadan gyzyny alyp gaçdy. Uly toý edip ol gyza öýlendi, ondan iki ogul dünýä indi. Çagajyklaryň ulusy iki ýaşapdy, kiçisi bolsa ýaňy üç aýlykdy. Günleriň bir güni gyzyň hossarlary syrgynda erkek kişileriň ýoklugyndan peýdalanyp, dünýä inen iki çagany hem-de öz alnyp gaçylan gyzyny — Gutulmyşyň aýalyny öldürip gidipdiler. Bu Gutulmyş bege biçak agyr urgy bolupdy. Käbir kişiniň eli ýeňil bolýar. Başlan her bir işi aňsat bitýär. Gutulmyşyň başyna baran işi welin, hökman bir şowsuzlyga uçrajak bolup durdy. «Allatagala maňa näme berse, kösäp, birnäçe horluga, süteme sezewar eýläp, soňundan berýär. Ol her bir beren zadynyň gadyryny bilmegimi isleýär. Şuňa-da şükür. Allatagala menden ýalkawyny aýyrmasyn. Goý, Allatagala maňa urýan ýükünem, zulumynam aýyrmasyn. Men ýüküň aşagynda ýegşerilmerin, zuluma-da döz gelerin. Iň esasy zat, men maksadyma ýeteýin. Goý, men maksadyma ýetip bir gün ýaşaýyn, iki gün ýaşaýyn, maňa onuň parhy ýok. Meniň üçin iň esasy zat — maksada ýetmek» diýip, Gutulmyş içini gepledýärdi. Onuň şu güne çenli geçen ömri — ol bu ýyl elli ýaşyny doldurdy. Elli ýaş — ylgawlarda, süýji aladalarda, kakasyny halas etmegiň aladalarynda geçipdi. Günler gaty çalt geçipdi, gaty çalt, ine, indem günler pyşdyl haýallygy bilen geçýär. Wah, geçenok asyl! Ol täze ýaşaýşa öwrenişip bilenok! Kakasynyň ölümi oňa ähli zatdan agyr degipdi. Kakasynyň barlygynda ol özüni güýçli, howandarly duýýardy. Kakasy bu dünýäni terk etdi welin, onuň üçin bu dünýäniň manysy gaçan ýaly boldy. Ol her gün gara dere batyp türgenleşik geçýärdi. Gara dere batyp, türgenleşik geçmedik, agyr-agyr daşlary götermedik güni ol rahat uklap-da bilmeýärdi. Gutulmyş türgenleşik geçende-de, gözüni süzüp uzak wagtlap oturanda-da, gije ýatmakçy bolanda-da, köplenç, ogly Süleýmany ýatlaýardy. Megerem, iki ogly entek çagaka ýogalanlygy üçin bolsa gerek, Süleýmana has hamraklyk edipdi. Şeýle-de bolsa onuň serkerde ýigit bolup ýetişmegi üçin mydama ir bilen ony oýadardy-da, ýany bilen ammara elterdi, özüniň gapydany Şapar bilen geçýän türgenleşigini synlamagyny, seredip sapak almagyny tabşyrardy. Oňa ýörite ýatagan ýasadyp beripdi. Gutulmyş beg ogly Süleýmany urandygy, öýünden kowandygy üçin ökünmek ökünýärdi. Hyýalynda bu eden etmişi üçin ilkinji duşuşygynda ötünç soramagy maksat edinipdi. Ol ötünç sorapdy hem, ýöne gyýan-gyssag arada onuň bilen açyk düşünişip bilmändi, oňa aýtjak sözleri kändi. Hyýalynda mydama oglundan ötünç soraýardy. «Oglum meniň günämi ötermikä?» diýen sowal onuň aňynda her gün telim ýola gaýtalanýardy. Ol özüniň bu sowalyna anyk jogap tapyp bilenokdy. Ine, şu-da Gutulmyşy örteýärdi. «Men Süleýmanyň öňünde bergidar. Men-ä ony öýden kowdum, ol bolsa başyma iş düşen agyr pursady Hydyr ata deýin ýetişip geldi-de, meni göni gelen betbagtlykdan alyp galdy. Men ony näme üçin urdumkam? Ol hakyky kynyk gerçegi bolup ýetişdi. Men bolsa ony: «Sen är ýigit bolma, adamlary ütüp ýören söwdagär bol» diýip urdum. Men heleýimiň gepine gitdim. Heleýim meniň erkime jylaw salan eken. Eý, Hudaý, bu gün meniň hatynym nirede? Onuň ýaşaýşy nähilikä?» Sowallar kändi. Jogap welin ýokdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |