10:47 Sahypkyran Gutulmyş beg -15/ romanyñ dowamy | |
ÜÇÜNJI KYSSA
Taryhy proza
ÝÖRIŞ Birinji bap 1042-nji ýyl. Togrul beg bilen Çagry begiň Merwden bir menzil daşlykdaky Osman kerwensaraýynda Gutulmyşy garşy almak üçin garaşýandygyny Gaznadan gelýän iki ýüz atlynyň öňünden çykyp habar berdiler. Dogrudanam, Çagry beg bilen Togrul beg Gutulmyşy Merwde däl-de, şäheriň günortasyndaky, Gur ýolunyň ugrundaky Osman kerwensaraýynda hatyralap garşylamak üçin gelipdiler. Garşy alyş dabarasy gaty uludan tutuldy. Beýdip, meger, patyşalar hem garşylanýan däl bolsa gerek. Gurnalan dabara göwnüňi göterýärdi Şowhun-şagalaň ikinji menzilden başlanýardy. Ýoluň iki gyrasynda esgerler hataran durlar. Tebil hem nobat sesleri birsyhly at ýörişi bilen sazlaşýardy. Osman kerwensaraýynyň öňi giden gyzyl halylar bilen düşelipdi. Ortarada Çagry beg bilen Togrul beg durdy. Olar uzakdan lowurdap görünýärler. Çünki olaryň başlaryndaky täçleri pöwrize daşlary bilen haşamlanan sap altyndandy. Iki begiň egnindäki donlary durşuna zer bilen örtülendi, jäheklenendi. Olaryň aýaklaryndaky ädikleriniň hem köp ýerine altyn bilen nagyş salnandy. Olaryň sag ellerinde sap altyndan hasalary bardy. Şeýle bolansoň, iki beg uzakdan edil parlak Gün deýin nurly, ýalkymly görünýärdi. Gutulmyş gara görnüm aralykdan atdan düşüp ýöräp ugrady. Bu birek-birege goýulýan hormatyň ilkinji alamatydy. Myhmany atdan düşmän garşylamak, bu: «Men seni äsgeremok» diýmekdi. Hana, iki dogan hem at üstünde däldi. Olar elleri hasaly garşylaýarlar. Diýmek, bu iki doganyň «Biz hökümdar, şeýle-de bolsa, seni aşa hatyralaýarys!» diýdikleridi. Şeýle bolansoň, Gutulmyşyň elinde hiç zat ýokdy. Ol başda sag elinde gylyç saklamagy makul tapypdy. Resultegin hem bu pikiri ündäpdi, öz ýanyndan gylyjy elinde nähili saklajakdygynyň hem pikirini edipdi. Onuň Çagry begdir Togrul beg bilen atdan düşüp eli gylyçly görüşmegi özüniň darkaşlara taýýardygyny aňlatmalydy. Doganoglanlary bilen eli gylyçly duşuşmak pikiri atdan düşen iň soňky pursadyna çenli makul görnüpdi, ýöne atdan düşende niredendir bir ýerden eşidilen ses oňa elindäki gylyjyny goýup gitmegini buýurdy. Gutulmyş bu buýruga sessiz-üýnsüz boýun sunup, gylyjyny guşagyna gysdyrdy. Soň ony guşagyndan-da alyp jylawdary Süleýmana saklamak üçin berdi. Onuň ýanynda bilindäki hanjaryndan başga hiç zady ýokdy. Gutulmyş guş deýin uçup barşyna özüne bakan gujak açyp gelýän iki sany patyşany synlady. Ýyllaryň ediberişini görsene! Çagry-da, Togrul-da mundan ýigrimi ýyl owalkylary ýaly däldi. Ýaşlarynyň durugşandygy mesaňa bildirýärdi. Eýsem näme, olar aýry düşende otuz ýaşly men diýen gerçeklerdi. Indi olaryň üçüsem elli ýaşy arka atan, ýaşlary durugşan adamlar. Ikinji bap Gutulmyş begiň Merwe gelmegi ähli seljuklylar üçin uly şatlyk, uly mertebe boldy. Ony öz aralaryna gelip goşulany bilen mübärekläp, mundan buýanky durmuşynda rowaçlyk, berk jan saglyk, uzak ýaş dileg etdiler. — Doganlarym! Ýaramaz günleriň geçdigi bolsun! Her günümiz şatlykdan, toýdan doly bolsun! — diýip, Gutulmyş Togrul beg bilen Çagry begi gujaklady. Merwde Gutulmyşyň gelendigi mynasybetli uly toý tutuldy. At çapdyryldy, göreş tutduryldy. Aýdym aýdyldy, rakys oýnaldy. Toý bir hepdä çekdi. Toýuň bir hepdä çekmegi diňe bir Gutulmyşyň Merwe gelenligi üçin hem däldi. Gutulmyş üçin emir Ahmet Dehistanynyň gyzyna guda bolundy, kejebeläp, dabaralap gelin getirildi. Musulmançylyk kadasy boýunça nika gyýlyp, fatha kyldylar. — Mähriban doganym! Gözüň aýdyň, sag-aman geldiň. Jebri-jepalaryň geçdigi bolsun. Mundan buýanky ömrüň toýdur baýram bolsun — diýip, Çagry beg begenjini mälim etdi. — Iň esasy zat, seniň aramyza gelip goşulandygyň. Galan ähli zadyň bir hasaby bolar. — Musa beg Gutulmyşyň täze gelniniň aýagynyň düşmegini, goç-goç ogullar dogrup bermegini dileg etdi. — Doganym, biz seniň birinji gijäňi ogurladyk. Onuň sebäbini özüň bilýärsiň: biziň seni biçak göresimiz geldi, biz seni aşa küýsedik. Nesip bolsa, arkaýynçylykda ýigrimi ýylda bolup geçen wakalary birek-birege gürrüň bereris, ýöne seniň ikinji gijäňi «ogurlamaga», seni hernäçe küýsesegem ynsabymyz çatanok. Sen ikinji gijäni gelniň gujagynda geçir. Gürrüňi soňa goýaly — diýip, Togrul beg Gutulmyşy gelniň ýanyna saldy. Gutulmyş, gör, näçe ýyl bäri bu gijeki ýaly düşegiň üstünde ýatybam görmändi. Birmahal munuň ýaly ajap durmuş dolanmajak ýaly duýlupdy. Dolandy! Toý gününiň ertesi Gutulmyş gelnini ýanynda oturdyp, ony içgin synlady. Gelniniň owadan jemalyny synlap, onuň adyny sorady. — Adym Aýendam. — Şu günden başlap, seniň adyň Sünbüledir. Onuň ilkinji söýen gyzynyň ady Sünbüledi, ýöne birinji aýalynyň ady Hatyjady, ikinji hatynyň ady Bilody. Onuň üçünji hatynynyň ady-dy Sünbüledi. Ol näme üçin Sünbüläni ýatladyka?! Belki, Aýendam wysaly gowuşmadyk söýen gyzyna — Sünbülä meňzeşdir?! Belki hatyny Sünbüläni hatyralamak isländir?! Belli däldi. Gutulmyş hatyny Sünbülä özüniň kimdigini aýdyp melamata sezewar bolandan soň ol-a hatyn eken, erkek kişileriň, doganlary Togrul begiň, Çagry begiň, Ybraýym ynalyň, Resulteginiň ýanynda-da aňsat-aňsat ýüregini açmady. Onuň bu häsiýeti ömrüniň ahyryna çenli aýrylmaz hemrasyna öwrüldi. Ol köp gürlemeýärdi. Meýlisde bolmagy, gowy iýip-içmegi, aýdym-saz diňlemegi, rakys oýnuna tomaşa etmegi gowy görýärdi. Her hepdede geçirilýän göreş ýaryşyna, at çapyşygyna hökman tomaşa edýärdi. Ol hiç mahal jak-jaklap gülmeýärdi. Asyl, Çagry beg bilen Togrul begiň hem ýüzleri agyrdy. Olar hem gülmeýärdiler. Gutulmyş bir hepdeläp Merwiň Kärikli köçesinden öten ýeriňdäki, Majana gidilýän ýoluň aşak tarapynda, metjidiň bolsa çep tarapyndaky «Küý Yshak köse» diýen köçäniň çep tarapynda gür baglyga çümüp oturan, iki sany serhowuzly täsin howluda dynç aldy. Bu gözel, kaşaň howlyny synladygyňça synlasyň gelýärdi. Daşyna beýik diwar aýlanansoň onuň içinde jerenler sonarlaşyp ýördi. Bilbiller bagda ajaýyp owaz edýärdiler. Gutulmyş bir asyr mundan öň gurlan bu owadan howluda dünýäni unudyp dynç aldy. Bir hepdeläp oňa hiç kim habar gatmady. Oňa patyşalara edilýän hyzmatlar edildi. Gutulmyş ertirden agşama, agşamdan daňdana çenli ýaşajyk gelni bilen aýşy-şöhwetde bolup, keýp çekdi. Eý, Hudaý, bu dünýäniň ýaradylyşy nähili ajaýyp! Dünýäniň iň gowy lezzetini almak üçin bir eýjejik gözel gyz ýeterlik! Ol saňa hiç bir zat bilen bahasyna ýetip bolmajak eşreti, lezzeti berýär. Ähli zat, tutuş dünýä bir ýana, gözel ýaryň inçe bili, gyzgyn demi bir ýana. Gutulmyş bir hepde dynç alyp howludan çykansoň, äleme älemgoşar öwüşgini çaýylan ýaly duýuldy. Süňňi ýeňil, kalby möwçli. Uçaýjak-uçaýjak ýaly bolup dur. Togrul beg bilen Çagry beg Gutulmyşy gujak açyp garşyladylar. Doganlar onuň ýigrimi ýylda nämeleri başdan geçirendigini hem soramadylar, onuň özi hem gürrüň berjek bolmady. Doganlaryň bar maksady onuň geçen günlerini ýadyndan çykarmagydy, rahatlanmagydy, özüni tutmagydy. Ýene agyr meýlis başlandy. Doganlar biri-birine hoş sözleri aýdyp, biri-biriniň göwnüni götermäge çalyşdylar. Saz çalnyp, aýdym aýdyldy, rakys oýnaldy. Ýarygije ol ýene gelniniň ýyly gujagyna dolanyp geldi. *** Bu gün çarşenbe günüdi. Irden geňeş başlandy. Bu günki geňeşe köp adam çagyrylypdy. Çünki bu günki geňeşde ara alnyp maslahatlaşylmaly möhüm meseleler kändi. Geňeşiň iň esasy gürrüňi, elbetde, Gutulmyş beg bilen baglanyşykly bolsun gerek. Bu gün Gutulmyşa ykta bermek meselesini çözmelidi. Gutulmyş beg özüne haýsy ýeri ykta almak isleýär?! — Sen Derwezatanyň islendik ýerinden özüňe ýurt, patyşalyk edin — diýip, Togrul beg Gutulmyş bege nazar aýlady. — Biziň özümize nireleri ykta alandygymyzy sen bilýänsiň. — Samarkantda Arslan han soltan Mahmytdan Mazenderan hem Tabarystan patyşalyklaryny özüne ykta bermegini sorady, ýöne soňundan — özüňiz bilýärsiňiz — bary bulaşdy. Ol ýerlerini teshyr-müli etmek babamyň islegidi. — Iň esasy zat, mähriban doganymyz Gutulmyş aramyza gelip goşuldy. Indi seljuk şalygynyň çäklerini hasam giňelderis. Tabarystan bilen Mazenderan Gutulmyşa has az bolýar. Gutulmyş külli musulman döwletleriniň ýabgusy bolar. Gutulmyş Horezmiňem, Mawerennahryňam, Horasanyňam, Jibalyňam, Humranyňam, tutuş Günbataryňam, Anadolynyňam patyşasy bolar, enşa! Omyn! — Ybraýym elini ýüzüne syldy, ýanyndakylaram onuň hereketini gaýtaladylar. — Dogry aýtdyň, Ybraýym, dogry aýtdyň — diýip, Resultegin ýylgyrjaklady. — Gutulmyş, sen ýüregiňdäkini, pikiriňi aýtmazyňdan burun menem pikirimi aýdaýyn. Sen geldiň, biziň ählimiz howandarymyz geldi diýip begendik, dogrusy, biraz rahatlandyk, arkaýynlandyk. Sebäbi indi sen bar. Sebäbi biz indi ähli meseläni seniň bilen maslahatlaşyp biljek. Sen Arslan han tarapdan seljuklylara ynanylan ýabgu. Men ynanýaryn, Çagry beg-de, Togrul beg-de, biziň ählimiz seniň pähimiň bilen maslahatly hökümdarlyk edeli. — Ýok, agam Kelan, men taýýar aşyň eýesi bolmak islemeýärin. Goý, Çagry Horasana, Togrul Jibala häzirkisi ýaly hökümdarlyk edibersin. Yhlasymyň, derimiň siňmedik bagynyň miwesi maňa gerek däl. Ol baga men eýe çyksam, açyk bilýärin, hiç haýsyňyz hem halamarsyňyz. Ýüzüme garşy çykmasaňyzam, içiňizde kitüw galar. Men ýabgu bolmak isleýärin. Belki bolaryn. Bu Allatagalanyň işi, ýöne men siziň teshyr eden ýeriňize däl-de, öz teshyr eden ýerlerime ýabgu bolaryn. Ýöne, berk ynanjyma görä, maňa häzir ýabgu bolmagyň hajaty ýok, sebäbi patyşalygy Togrul beg bilen Çagry beg gül ýaly oňaryp ýörler. Indi bize agzybirligimizi saklamak gerek, ýöne bu uly dert bolar öýdüp gorkýaryn. Sebäbi ähli kişiniň hökümdar bolasy gelýär. Ýöne hökümdarlyk islege-de, başarnyga-da, akyl-parasada-da berlenok. — Onda nämä berilýär? — Ybraýym geňirgenmesini daşyna çykardy. — Patyşalygy diňe Allatagala berýär. Biziň ählimiz Arslan hanyň patyşa bolmaga mynasyp adam bolandygyny ykrar edýäris. Ýöne özüňiz gördüňiz, Allatagala onuň ykbalyny ters getirdi. Men özüm babatda-da şeýle pikir edýärin. Şonuň üçinem men siziň hormatyňyzdan peýdalanyp ýabgulyga dalaş etjek bolmaýyn. Men Arslan hanyň soňky wesýetini, sargydyny size aýtdym. Indi maňa patyşalyk hakda hiç zat aýtmaň. Togrul — patyşamyz. Hemmämiz oňa ýardamçy bolalyň. Eger mümkin bolsa men, ilki bilen, Arslan hanyň islegini amal edeýin. Gidip, darkaş gurap, Mazenderan hem Tabarystan ülkelerini teshyr eýläýin. Togrul beg Gutulmyş begiň sözlerini diňläp agyr oýa batdy. — Gutulmyş biz seni diňledik. Seniň islegiň — biziň üçin borç. Sen näme diýseň, biz ony ýerine ýetireris. Indi biz hem saňa maksadymyzy açyk aýtmak isleýäris. — Aýt, aýt, Togrul! — Öňki Jendiň häkimi Şamäligiň Horezmini basyp alyp, biziň başymyza nähili muşakgatlary salandygyny sen entek eşiden dälsiň. Meniň öýlenen gijäm ol üstüme duýdansyz çozup sekiz müň adamymy öldürdi. Meniň onda arym bar. Häzir Balh sebitlerini, Horezmini öz tabynlygymyza geçirmek — esasy maksadymyz. Şu ýerden hemmämiz jem bolup Balha, soňundan Horezmine ýörişe ugrasak, ol ýerlerini öz tabynlygymyza geçirsek, ol ýerleri Çagra tabşyrsak, şondan soň Günbatara ugrasak, seni Tabarystan hem Mazenderan mülkünde oturtsak, göwnemakul boljak. — Kimiň göwnüne makul boljak?! — Meniň göwnüme makul boljak. Seniň göwnüňe, Çagrynyň göwnüne makul boljak. — Ýok, meniň göwnüme-hä makul däl. — Näme üçin? Sen ýüregiňdäkini açyk aýt. Sen biziň şalygymyzyň akyly, pähimi. — Bolýar, aýdaýyn. Men Gaznanyň zyndanynda-da, ondan çykyp Merwe gelýärkäm hem daşarky ýagdaýlary öwrendim. Dogrusy, siziň Horezmine ýöriş etjek bolýandygyňyz hakda hem eşitdim. Men Horezine ýöriş edilmegini näme üçin goldamaýaryn? Ömür gysga, edilmeli işler welin köp. Şamälik biziň köne ýagymyz. Biz olary uruşsyz dyza çöker ýaly etmeli. Onuň üçin olaryň ýüregine dowul salmaly. Ol dowuly nädip salmaly? Günbatarda birnäçe kiçi şalyk bar. Biz, ilki bilen, zyýar, salar, bawan, şaddat, rowwat, kanu şalyklaryny dyza çökermeli. Özem ýeke-ýekeden şeýdip, deýlemlilere, esasan, büweýh şalygyna wehim salmaly. Ana, şondan soň garahanlylaram, horezmlilerem biziň elimizde bolar. Eger häzir, siziň aýdyşyňyz ýaly, göni Balha, Horezmine gitsek, biziň ol ýerde Şamälikden ýeňiş gazanyp biljegimize ynamym ýok meniň. Biz häzir Tabarystany, Mazenderany musahhar kylalyň. — Gutulmyş, bize Balhda, Horezminde ýeňiş garaşýar — diýip, Çagry janykdy. — Meniň pikirimi soradyňyz, menem aýtdym. Siz näme etmek isleseňiz ediberiň. Men garşy çykyp, ýer depip durmaryn. Ýyldyzlar ilki Günbatara gidilse, Horezmine soňundan gidilse, ýörişimiziň ýeňişli boljakdygyny habar berýär. Togrul uzak oýlanmadan soň, şeýle diýdi: — Gutulmyş, ýassy namazyna çenli ählimiz oýlanaly. Ýassy namazyndan soň, şu ýerde geňeşimizi dowam etdireris. — Togrul, men oýlandym. Indi maňa, täzeden oýlanmagyň geregi ýok. Näçe wagt geçse-de, meniň pikirim üýtgewsiz bolar. Men hiç wagtam pikirimi üýgetmedim. Galan ömrüme-de üýtgetmerin! Togrul beg bilen Çagry beg Gutulmyşyň beýle sözüne garaşmandylar. Olar Daňdanakan söweşinden bäri Balha, ol ýerden hem göni Horezmine ýöriş etmäge taýýarlyk görüp ýördüler. Ýagdaýy habar berip durmagy üçin üç ýüzden hem gowrak nökerli aňtawçy goşun Balha ugradylypdy. Olara: «Siz bir ýyl garaşyň!» diýip nädip aýtjak?! Togrul beg Nyşapurdan Merwe gaýdanda mejlis geçirip, Merwden Balha, Horezmine ýöriş etjekdigini aýdyp, elli müň atly goşuny alyp gaýdypdy. Goşun ýörişe taýýar bolup durdy. Dogrusy, goşunyň galaba bölegi Faz Mehbiabatdan geçipdi. Ýassy namazyndan soň Togrul beg ýene geňeş çagyrdy. Geňeşe goşunyň serkerdeleri-de gatnaşdy. Çagry begiň karargähinde otuz-kyrk adam jemlendi. Wezir-wekiller gürrüňiň näme hakda boljakdygyny-da bilmeýärdiler. Togrul beg Gutulmyşa ýüzlendi: — Gutulmyş, seniň pikiriň nähili? — Şamälik hemmämiziň ganym duşmanymyz. Onuň tepbediniň okaljakdygyna hiç kimde şek-şübhe ýok. Onuň tepbedini okamak möhüm iş. Ýöne meniň üçin Tabarystan bilen Mazenderan has-da möhüm. Ol ýerleriniň seljuk şalygynyň tabynlygynda bolmagy hiç kimi-de biparh goýmaz. Togrul beg Çagry bege bakdy. Onuň baş atyp, makullamasyndan soň, Togrul beg anyk gürrüňe geçdi. — Balha bakan ugran goşuny yza öwürmeli. Tabarystana ýöriş ederis. — Hökümdarym!.. — diýip, umury istihbaratyň — razwedka maglumatlary gullugynyň sahyby Bekdaş ör-gökden geldi. — Biziň adamlarymyz goşunyň barjak ýerlerinde indi iki aýdan bäri bize garaşyp ýörler! Balh şäheri bu ýerden bir ýüz ýigrimi iki farsah ýol! Ýigrimi menzil1! — Olaryň yzyndan askudarlaryňyzy ýollaň! Biz Mazenderandan dolanyp gelýänçäk olar Garjystanyň galalaryny tabyn etsinler. — Goşmaça çykdajy etmeli bolar. — Goşmaça çykdajyny diwany wezaratda diwany mürstewri2 bilen bilelikde çözüň. Oturanlar düýpli bir esas bolmasa, Balha barýan goşunyň yzyna öwrülip, Tabarystana ugradylmajakdygyny bilýärdiler. Ol düýpli esasyň Gutulmyş bilen baglanyşyklydygy-da görnüp durdy. Hiç kimden ses çykmady. Garşy çykmagyň, «Balha ugralyň!» diýmegiň peýdasyzdygy görnüp durka, näme üçin garşydygyňy mälim etjek?! Sözüň ýer almajagyny görüp-duýup durkaň kejirlikden ne peýda?! Aňsat-aňsat dogan doganyň garşysyna gitmez. Häzir Gutulmyşyň garşysyna gidilmejek bolunýardy. Aýdýan sözüni zoraýakdan aýdýandygy Togrul beg bilen Çagry begiň ýüz-keşplerinden hem duýlup durdy. — Alparslan eýýäm Balhda söweşip ýör... — Men sebäpli häzir Çagry sahypkyranda näsazlyk döredi. Ol meniň islegimi tekepbirlik hasaplaýar. Çagry, sen häzir meniň ýüzüme durmazlyk üçin diş gysýarsyň. Sylagyň üçin sag bol. Men saňa oňaýsyzlyk döretmek islemeýärin. Siz Togrul bilen Balha, Ürgenje gidiň. Mazenderana meniň ýeke özüm gideýin. Men ol ýerde Gökdaş bilen Gyzyly taparyn. Şol ikisiniň goşunyny jemläbem Tabarystan bilen Mazenderany teshyr ederin. — Sen ol ýerleriniň ýoluna-da belet däl — diýip, Çagry beg onuň bu pikirini oňlamady. — Dogry, goşuny ikä böleliň: uly bölek bilen Çagry hem Togrul Balha, Horezmine gitsin. On bäş müňlük atly goşun bilenem Gutulmyş ikimiz Tabarystana — Gürgene gideli — diýip, Kelan beg teklibini girizdi. — Tabarystan ýoluna siz belet däl, ol ýere men gitmesem bolmaz — diýip, Togrul beg aýtdy. Şondan soň goşun ikä bölündi. Ýigrimi müňlük atly goşun Togrul begiň başda durmagynda Mazenderana sary ýola düşdi. Çagry beg bolsa Horezminiň öňki patyşasy Harur Altyndaşyň ogly Ysmaýylyň ýolbeletliginde Balha, ol ýerleri teshyr edilensoň Horezmine ugramak maksady bilen ata atlandy. Üçünji bap On müň atly goşuna tümen diýilýärdi. Tümenbaşa han unwany berilýärdi. Gutulmyşa hem on müň atly gulam berildi. Gutulmyş beg Gutulmyş han boldy. Ol öz serkerdeleri, hyýlbaşysy, hajyby, nedimi bilen tanyşdy tussaglykda bile bolan Süleýmany özüne köwüşberdar hem jylawdar bellemek isledi. Süleýmany synlan Togrul beg Gutulmyşa ýüzlendi: — Gutulmyş, sen näme üçin gaznalylaryň aýýaryny ýanyňda saklap ýörsüň? — Ýok, bu gaznalylaryň aýýary däl, soltandan köýen adam bu. — Sen munuň otaran ýalanyna ynanma. Bu soltanyň ýörite aýýary. — Sen ony nireden bilýärsiň? — Ony bilmegiň näme kyny bar. Munuň ýüzüne siňe seret. Gör, ýüzünde ýetmiş iki dilde aýýardygy ýazylgy. Kow muny. Süleýman elewräp ugrady: — Sen maňa hossar çykjak diýdiň. Indem meni kowýarsyňmy? Men nirä gideýin? Bu ýerde ne öýüm bar, ne-de pulum. Togrul beg içi dinardan doly haltajygy Süleýmanyň öňüne oklady: — Iki günüň dowamynda Hindiguş daglaryndan aňry aş. Gutulmyş beg sesini çykarmady, Togrul begden welin öýkeledi. Özem biçak öýkeledi. Nämemiş, Gutulmyş aammyş, dosty haýsy, duşmany haýsy, tanamaýarmyş. Süleýmanyň ýüzünde ýetmiş iki dilde gaznaly şalygynyň aýýary diýip ýazylanmyş. Şony Gutulmyş «okap» bilmänmiş, ony Togrul beg bolsa gören dessine okanmyş. Ol Gutulmyşy äsgerenok, kemsitmekden lezzet alýar. Birmahal-a Togrul: «Adamyň içini okamakda Gutulmyş bilen deňleşip biljek ýok» diýerdi, Gutulmyşa guwanardy, ondan öwrenmäge çalşardy. Diňe döwür däl, adamlar hem üýtgeýän eken. Gutulmyş dymdy. «Gutulmyş, giň bol, giň bol! Geçirimli bol! Ähli zat geçýändir. Seniň Togrulyň üstünden güljek pursadyň hem geler» diýip, ol öz-özüne teselli berdi. Bu wakany aňyndan aýryp taşlamak isledi, ýöne unutmaga çalyşdygyça bu waka onuň aňynda hötjetlik bilen pelesaň urdy hem jaýlaşykly ornaşdy. Süleýmanyň: «Meniň barara gapym ýok» diýip duran naýynjar keşbi hem köp wagtlap göz atuwyndan aýrylmady. Dördünji bap Goşun Tabarystana sary ugranda Gutulmyşyň aňynda ýeke-täk bir pikir bardy. Ol pikir hem Nyşapur şäherinden Merwe gaýdýan ýoluň birinji menzilinde ýerleşýän Ryzaguly Paryň kerwensaraýynda ogly Süleýmana duşuşmakdy. Gutulmyş han özüniň öňki gapydany Şapara ynamy uludy. Sebäbi ol Şapary birnäçe gezek agyr synaglara salyp görüpdi, şol synaglaryň ählisinde Şapar özüniň ygrarlylygy, wepadarlygy bilen Gutulmyşyň hoşuna gelipdi, onsoňam Şaparyň «eli ýeňil» diýilýänlerdendi. Ol nämedir bir işiň başyna barsa, şol iş oňuna bolýardy, köplenç, bitmez diýlen işem bitýärdi. Dogrusy, Şapar ugurtapyjydy. Ol sahypkyrandy — bagt ýyldyzy hasaplanýan Müşderiniň aşagynda doglandy, şeýle bolansoň, tutumlary şowunady. Gutulmyş şu zatlary göz öňünde tutup, ogly Süleýmany Şapara ynanypdy. Şol ynama esaslanyp hem ol ogly Süleýmanyň Ryzaguly Paryň — Şaparyň doganynyň kerwensaraýynda bardygyna ynanýardy. Süleýmany iň soňky gezek gören, ony Horasana ugradan gününden bäri alty ýyl geçipdir. Gutulmyş alty ýylyň içinde oglunyň hakyky gerçek ýigit çykandygy hakda oýlanýardy. Ony at üstünde, eli jyzaly, şeşperli, ok-ýaýly, egni jöwşenli, başy tuwulgaly göz öňüne getirýärdi. Gutulmyş anyk bir pikire geldi: mundan beýläk Süleýmany ýanyndan aýyrman, oňa öz bilýän ähli ylymlaryny öwretmegi, ony deňsiz-taýsyz serkerde edip ýetişdirmegi ýüregine berk düwdi. Dogrusyny dogry aýtmak gerek, Süleýman Gutulmyşyň ýalňyz daýanjy, dowamaty ahyryn! Adamyň adamlygy ýetişdiren perzendiniň kämilligi bilen ölçenýär! Ol ogluny ýany bilen Tabarystana alyp gidip, oňa patyşalygyň girim-çykymlaryny öwretmekçidi. Gutulmyş Süleýmana gaty uly umyt baglaýardy. Onuň gaýduwsyz serkerde boljakdygyna, hiç ýerde ýüňsakgal etmejekdigine berk ynanýardy. Ony jandarlaryna sahyp bellemekçidi. Onuň janyny ynanyp biljek ýeke-täk adamy — ogludy. Iň soňky hoşlaşyk pursadynda Süleýmanyň: «Baba, gel, gujaklaşaly-la. Seni gujaklasym gelýär meniň» diýen sözleri hut häzir aýdylan ýaly bolup aňynda ýaňlanýardy. Ol oglunyň urulsa-da, kowulsa-da, öýe gelşini, agyrysyna merdi-merdanalyk bilen döz gelşini, «Babam!» diýip kökenek gerşini, «Atamy göresim gelýär. Ýekeje gezek görkezäý, baba!» diýip özelenişini, soňundan kakasynyň: «Galanyň derwezesiniň ýanynda bir oglan gözi ýok ýaly atylyp alkymyma geldi. Ol näme diýdi diýsene: «Essalawmaleýkim, ata! Bu men — Süleýman» diýdi. Özem ony görenimde, näme üçindir, süňňüm lagşady. Dilim tutuldy. Oňa ýeke agyz sözem aýdyp bilmedim...» diýen sözlerini ýatlady. Belki, Arslan ýabgu oglunyň öýlenendigini aňandyr? Belki, ol oglundan hakykaty eşitmek, agtygyna guwanmak isländir? Gutulmyş näme üçin oglunyň kakasyny görmegine garşy çykandygynyň sebäbine düşünip bilmeýärdi. Ol kakasy Süleýmanyň salam berendigi hakda gürrüň berende özüniň näme üçin dymandygynyň sebäbine-de düşünip bilmeýärdi. Dogrusy, bu ýerde düşünip-düşünmez ýaly hiç zat ýokdy. Gutulmyş kakasynyň: «Sen musulman ymmatynyň aladasyny etmän, bu ýerde keýpi-sapa ýaşadym. Goç-goç ogully boldum diýsene» diýip azgyrylmagyndan ätiýaç edipdi. Hawa, hawa, ony ätiýaç saklapdy. Hakykaty aýdan bolsa, Arslan han, belki käýemese käýemezdi… Aý, ýok. Kakasy gözlerini açyp gitdi. Kakasyna ogly hakda aýdan bolsa, kalbyna kanagat-giňlik aralaşardy. Ana, şonda, belki, kakasy bu dünýäden gözüni açyp gitmezdi. Aý, ýok, Arslan hanyň gözi, barybir, açyk bolardy. Onuň bar telwasy agtyk däldi. Onuň telwasy gaty uludy, juda uludy. Şonuň üçinem ol bu dünýäden gözüni açyp gitdi. Gör, Gutulmyş bu hakda ertirden bäri näçinji gezek oýlanýar! Gutulmyş Merw — Nyşapur ýolundan aňyrsy-bärisi görünmeýän sansyz köp esgeriň öňüne düşüp barşyna Ryzaguly Paryň kerwensaraýyna ýetmäge howlugýardy. Merw — Nyşapur ýolunyň ugrundaky Jam kerwensaraýynda düşlemek hakda Togrul beg görkezme berdi. «Bu ýerden Ryzaguly Paryň kerwensaraýy uzakda däl. Şonuň üçin ýene biraz ýöräp Ryzagulynyň kerwensaraýynda düşlesek gowy boljak» diýip, Gutulmyş Togrul bege aýtdy. «Tapawudy näme?» diýip, Togrul beg geňirgendi. Gutulmyş bu sowala jogap bermekden, ýüregindäkini açyk aýtmakdan saklandy. Sebäbi ol ogluny görkezip Togrul begi geň galdyrmakçydy. — Biz Jam kerwensaraýynda düşläli. Bu kerwensaraýyň anjaýyn döreýşi bar. Bu kerwensaraýy gurmaga soltan Mahmyt perman beripdir. Jam kerwensaraýy Ferdöwsä «Şanama» kitaby üçin gijikdirilip berlen hakyň hasabyna gurlupdyr. Bu kerwensaraýy gurmagy soltan Ymam Abubekr Yshak Gerama tabşyrypdyr. Çünki Ferdöwsiniň mirasdüşeri soltan Mahmydyň iberen dinarlaryny kabul etmänsoň, soltan: «Şol tyllalary Jam ymaratyny gurmak üçin sarp eder ýaly Gerama beriň!» diýipdir. Gutulmyş, biz bu gün Jam kerwensaraýyndaky metjide baryp, soltan Mahmyda, tekepbir Ferdöwsä hem onuň tekepbir gyzyna degsin edip, aýat-töwir, Gurhan okadaly. Gutulmyş hernäçe howluksa-da, Togrul beg bilen ylalaşdy. Bir gijäni Jam kerwensaraýynda geçirdi. Togrul beg bilen uzak gije Ferdöwsiniň «Şanama» kitabyny diňledi. Näçe diňlese-de, ondan ganmady. Ýylan şekilli Zahhak şanyň ganhorlugy, atasyny öldürişi, melgunyň adam başyna salýan hupbatlary ony çuň oýa batyrdy, Zal hem Rudabe bilen baglanyşykly ahwalatlar, Zalyň gahrymançylyklary onuň ruhuny galkyndyrdy. Hakykatdanam, «Şanamanyň» her setirine bir altyn dinar bermäge mynasypdygyna ynandy. * * * Daňdan ýene ýola düşüldi. Nyşapura ýakynlaşdygyça Gutulmyşyň howsalasy artdy. «Oglum kerwensaraýda barmyka?» diýen sowal onuň aňynda alasarmyklary döredýärdi. Alasarmyklar ýöne ýerden däldi. Onuň tabşyrygy boýunça ogly seljuk tussaglary galadan çykmazyndan öň gitmelidi. Süleýman bolsa, atasynyň didaryny görmek höwesi bilen kakasynyň pendini tutmandyr: tussaglaryň galadan çykaryna garaşypdyr. Eger ol galadan giç çykan bolsa, onda ony ele salandyrlar. Çünki bir müň gulam Kelejardan Sistana gidilýän ýoly, Surh-Kulahan çölüni dörüp çykypdyr. Kowgy kerweniň yzyndan derrew ýetendir. Süleýmany tutup, zyndana atandyrlar. Soňam ony öldürendirler diýen pikir Gutulmyşyň aňynda hökmürowanlyk edip ugrady. Öň onda beýle pikir ýokdy. Bähram kutwalyň öldürilendigi barada eşidende-de, oglunyň ykbaly hakda beýle howsala düşmändi. Süleýmanyň kerwensaraýda ýok bolmagy Gutulmyş üçin iň agyr urgy boljakdy. Gutulmyş Süleýmanyň kerwensaraýda öňünden gujak açyp çykmagyny Beýik Perwerdigärden öwran-öwran dileg etdi. Ol agşam ýyldyzlara ýüz tutdy, ýyldyzlar Gutulmyşa rowaçlyk görkezdi. Diýmek, ogly Süleýman kerwensaraýda garaşýandyr. Gutulmyşyň Horezmine gitmekden kes-kelläm boýun gaçyrmasynyň sebäpleriniň biri Süleýmanyň kerwensaraýda garaşýanlygy üçindi. Özem alty ýyldan gowrak wagt bäri garaşýanlygy üçindi. «Süleýman bu gün öňki Süleýman däldir. Ol ýigit çykan bolmaly. Eý, Hudaý, ol alty ýyllap näme bilen meşgul bolduka? Meniň öwreden söweş tilsimlerimi ýadynda sakladymyka ýa ýadyndan çykardymyka? Süleýman bilen nädip salamlaşsamkam?!» Gutulmyş ýene bir sapar ogluny uran, öýden kowan pursadyny ýatlady. Telek iş edendigini hakydasynda aýlady. «Men öýden kowandygym, urandygym üçin Süleýmandan ötünç soraýyn» diýip, içini gepletdi. Tekepbirlik etmezligi özüne öwran-öwran wesýet berdi. * * * Gutulmyş hany ýolda Resulteginiň bolşy gaty biynjalyk etdi. Ol: «Ýigrimi ýyldan soň agama duşdum» diýip, indi Merwe gelen günlerinden bäri serhoşlukdan açylman rakiýa içýärdi. Gutulmyş başda: «Goý, şatlansyn» diýip pikir etdi. Şondan bärem ol serhoşlukdan açylanokdy, her gün içýärdi. Ony serhoşlukdan açmak üçin şerapdara, saka Resultegine boza-da, rakiýa-da bermeli däl diýlip tabşyryldy, ýöne, barybir, Resultegin her gün serhoş bolarlyk derejede rakiýany ondan-mundan tapdy. Ýolda bäş-alty kişi Resultegini düýä ýükläp goraglap getirýärdi. Onuň bu bolşuna Gutulmyş gün geçdigisaýyn gaharlanyp ugrady. * * * Ine, Ryzaguly Paryň kerwensaraýy! Ol ähli umydyny baglan kerwensaraýyna geldi. Ine, şol arzyly kerwensaraý! Gutulmyş kerwensaraýa atyny çapdyryp girdi. Sesiniň ýetdiginden gygyrdy: — Ryzaguly, sen nirede? Şapar! Süleýman! Sypaýy gapydan ylgap gelip, Gutulmyşyň öňünden çykdy. — Hoş geldiňiz, tagsyr. — Hany Ryzaguly? Hany, meniň oglum Süleýman?! — Tagsyr, uzak ýoldan aryp gelipsiňiz. Atdan düşüň, biraz dynjyňyzy alyň, oňa çenli ideýän adamlaryňyzyň ählisini taparys. Derrew Ryzaguly Türkmeni tapyp getirdiler. Ol Gutulmyşy güler ýüz bilen garşylady. — Belent mertebeli Gutulmyş gelipdir. Hoş gördük, sapa gördük! Gutulmyş howlukmaç sorady: — Hany Süleýman?! Hany Şapar?! Kerwensaraýdakylaryň, Ryzaguly Paryň jogaby Gutulmyşyň dünýäsini çepbe çöwürdi: — Kim ol Süleýman? Haýsy Süleýman? Haýsy Şapar?! Meniň doganymmy? — Hawa, seniň doganyň. — Doganym Şapardan köp wagt bäri habarym ýok. Ol şu ýere gelmelidimi? — Hindistanyň Kelejar galasyndan: «Men seljukly Gutulmyşyň ogly Süleýman» diýip otuz töweregi düýe ýükli meniň oglum mundan alty ýyl gowrak wagt öň gelmedimi? — Hä!.. — diýip, Ryzaguly uzak oýa batdy. — Olarmy? Olar geldi... — Hany olar? — Kim? — Şapar dagy? — Gutulmyş beg, ynan, men doganym Şapary indi on ýyldan gowrak wagt bäri göremok. — Gelmedimi? — Gelmedi. — Meniň oglum Süleýman hem gelmedimi? — Gelmedi. Gutulmyşyň başy aýlandy, dünýä gapyşana döndi. Onuň bar umydy puja çykdy ahyryn. — Gutulmyş, kimi agtarýarsyň? Ýüzüň salyk görünýär-le seniň? — diýip, Togrul soltan gyzyklandy. — Togrul, oglum Süleýman maňa şu ýerde garaşmalydy. — Näme üçin bu ýerde garaşmaly? Näme üçin ogluňy meniň ýanyma göndermediň? — Seni begendirmekçi boldum... — Niredemiş ol häzir? — Bilemok, Togrul! — Ony nädip anyklap bolar? — Akylym çatanok. — Haçan gönderdiň? — Babamy, ýüz elli töweregi kynygy zyndandan boşatmaly bolan günüm men oglumyň ýanyna hatynymy, ýigrimi sany hyzmatkärimi goşup, şu sahybyň dogany bilen şu ýere ugratdym. Ogluma hemem hyzmatkärlerime şu ýerde maňa garaşmaklaryny tabşyrdym. Ondan bäri alty ýyldan gowrak wagt geçdi. Oglum bu ýere gelmändir. Togrul soltan aýgytly gürledi: — Häzir ogluň gözlegine adam ýollaly. Elli sany atly, goý, Kelejar galasyna gitsin. Ol ýerde seniň maşgalaň barada sorasynlar. Ogluňy nirede bolsa-da tapsynlar. — Onda ýene elli sany atlyny Tusa hem Marçaga göndereli. Sebäbi meniň gulamlarymyň galabasy şol ýerleriň gerçekleridi. Eger meniň gullugymda duran iki ýüz kişiniň başyndan ýowuzlyk inenem bolsa, hiç bolmanda olardan bir bende diri galandyr. Şol diri galan kişiden meniň oglum, maşgalam barada sorasynlar. Olaryň nirededigini anyklasynlar. — Şeýle bolsun! Goşunda aňtawçy topar bardy. Bu toparyň adamlary ýörite synagdan geçen, birnäçe dili bilýän, ugurtapyjy adamlardan ybaratdy. Süleýmanyň gözlegine, ana, şol aňtawçy toparyň esgerleri ugradyldy. Birinji topar atly Kelejara, ikinji topar atly Tus şäherine, Marçak obasyna ýola rowana boldy. Goşun ýene ýola düşdi. «Merw bilen Nyşapuryň arasy ýetmiş farsah, Sarahs bilen arasy ýetmiş farsah ýoldy»3. Degre-daşy — depeler, dag gerişleri, älemgoşar öwüşginlerini özünde jemlän gül-gülälekler halysy bilen örtülipdi. Al-asmanda perwaz urýan guş-gumursylar tebigatyň bu owadanlygyna hoşnut bolup, dilnowazlyk bildirýän ýalydylar. Goşunyň öňüni çekýän ýaly, hana, al-asmanda äpet gara bürgüt käte bir ganatyny hereketlendirip, aýlanyp ýördi. Dag gerişlerinden gözbaş tapyp gelen dup-dury çaýlar lummurdaşyp akyp ýatyrdy. Ýoluň sag tarapyndaky Günüň nuruna gözüňi gamaşdyrýan çaýyň suwunyň akyşyny atyň üstünden synlap barşyna, Gutulmyş ýanyndakylara bir jam suw alyp bermeklerini buýurdy. Ol başyndaky telpegini çykaryp, bir jam suwy depesinden goýberip öwhüldedi. Barybir, ynjalmady. Bäşinji bap Tabarystana, Mazenderana barýan atlylar ýigrimi müňdi. Bu goşunyň öňünden çykyp biljek güýç ýokdy. Öz güýçleriniň ejizdigine, eger garşylyk görkezse, zyýanyň hem pidanyň çökder boljagyna düşünip, käbir galanyň kutwallary, şäherleriň häkimleri, obalaryň reýisleri, amilleri sadyklyklaryny bildirip, duz-çörekli çykýardylar. Seljuk goşuny mydama Ysraýyl ýabgunyň ýoluny tutýardy: herki meseläni akyl, parahatçylyk bilen çözmäge çalyşýardylar, gara güýji ulanmajak bolýardylar, gerek ýerinde haýbat atýardylar, garaşýardylar. Goşun beýik-beýik daglaryň, ümürsin-burundyk tokaýlyklaryň, uç-gyraksyz sähralyklaryň, iňlär siňeksiz çölleriň içi bilen ençe gije-gündizläp ýöredi. Olar ýazylyp-ýaýrap oturan, oba-kentleriň, ýagydan goranmak üçin daşyna äpet — beýik küňreli diwar aýlanan haýbatly galalaryň-şäherleriň ençemesini boýun sunduryp, olaryň mundan buýanky hökümdarlarynyň gaznalylar, büweýhliler däldigini, olardan döwür-döwranyň geçendigini, mundan bäýläk olaryň hökümdarlarynyň seljuklylar boljakdygyny boýunlaryna goýup, boýun almajak bolanlary mugyra getirip, olar bilen mundan buýanky salgytlarynyň möçberlerini kesgitläp gidip barýardylar, menzil geçildigisaýyn olaryň oljalarynyň, baýlyklarynyň möçberi artyp gidip otyrdy. Olary her baran ýerinde duz-çörekli garşylaýardylar. Ýerli ilat olara arzy-hallaryny beýan edýärdiler. Seljuk begleri her bir ýerli meseleleri ýerinde adyllyk bilen çözýärdiler. Olaryň öňlerinden Gyzylyň, Gökdaşyň başbuglygyndaky seljuk jemagatlary çykypdy. Olar ýigrimi müňli atly seljuk goşuny bilen birleşipdi, olaryň sany Gürgene ýetýänçäler otuz müňden-de geçipdi. Goşun Gürgeniň gündogar tarapyndan baryp saklandy. Togrul beg özüniň gara ýüpekden tikilen bargähi soltanatyny4 dikip, şäher häkimine boýun sunmagyny talap edip ilçi gönderdi, soňam habara garaşmaga başlady. Şäheriň häkimi Merdowij ibn Bessundy. Ol Togrul begiň şäheriň gündogar tarapynda söweş çadyryny dikendigini şäheriň galasynyň beýik küňresinden görüp durdy. Togrul beg şäheriň adamlarynyň howuny basmagy ýüregine düwüpdi. Aňyrsy-bärisi görünmeýän köp goşun şäheriň çar ýanyna doldy. Şäheriň galasynyň küňresinden synlanyňda seljuk goşunynyň esgerleriniň sany ýüz müňden-de köp bolup görünýärdi. Esgerleriň-atlylaryň sanynyň şeýle köp bolup görünmegini Togrul beg ýörite gurnapdy. Şäherlileriň gözüniň alnyndan sap-sap atly toparlary üç günläp üznüksiz geçirdi, şeýdibem olaryň gözlerinde gorky döretdi. Seljuklylaryň sansyz-sajaksyz goşunyny görende Gürgen şäheriniň ilaty dowla düşüp ugrady. Özleriniň ejizdigini, boýun sunmasa, soňunyň ýowuz boljakdygyny boýun almagy, mugyra gelmegi üçin soltan olary howlukdyrmady. Şäher ilatyna üç günläp özüniň güýjüni mazamlady, dördünji gün daňdan şäher galasynyň gündogar derwezesini açdylar. Ondan şäher ilatynyň ýedi sany kethudasy «Yhlas» kelemelerine gygyryp, özleriniň halas edilmegini sorap, öňlerinde goýuljak ähli şerte razydyklaryny nygtap geldiler, olar soltanyň huzuryna häkim Merdowij ibn Bessunyň başda durmagynda duz-çörekli geldiler we aman dilediler. Şäheriň derwezelerini giňden açdylar. Togrul beg Gürgen şäheriniň ilatynyň talaňa salynmazlygy üçin ýüz müň dinar berilmegini talap etdi. Patyşanyň bu talaby bir ýarym günüň dowamynda bitirildi. Şondan soň Togrul beg şäheriň ykbalyny Gutulmyşa tabşyrýandygyny yglan etdi. Şondan soň birnäçe welaýatlar, şäherler, ülkeler teshyr edildi. Togrul beg özüniň Nyşapurdaky diwanyny Reýe geçirip, bu şäheri özüne paýtagt edindi. Mundan buýanky maksat Gutulmyş beg bilen Anadola çenli aralygy teshyr etmekdi. Şol günleriň birinde çapar Çagry begden gyzyl peýkam getirdi: — Çagry beg Horezminde Şamälikden ýeňildi, ol sizi kömege çagyrýar5. Bu habardan soň Togrul beg haýdan-haý ýörişe ugramagy makul tapdy. Ol Gutulmyş begiň on müň atly goşun bilen etmeli işlerini anyklaşdyrdy: — Mazenderany özüň teshyr eýle. Bu işi bitireniňden soň hem gol gowşuryp oturma. Anadola bakan gidiber. Men bolsa, Horezmine ýöriş etjek. Togrul beg bu sözlerden soň Gutulmyş begiň ýyldyzlara seretmegini hemem ýörişiň netijesiniň nähili boljakdygyny anyklap bermegini sorady. Mundan bir hepde öň hem Gutulmyş beg Togrul begiň ýyldyzyna seredipdi hem Togrul bege: — Seni uzak ýörişe alyp gitmek üçin gyzyl peýkam bize sary süýnüp gelýär — diýipdi. Şonda Togrul beg özüni uzak ýörişe çagyrjak gyzyl peýkamy kimiň iberip biljekdigi barada oýlanypdy. Elbetde, onuň yzyndan gyzyl peýkam iberip biljek bir adam bar, ol hem Çagry beg! Çagry beg Togrul begiň çaky boýunça Balhda-da, Horezminde-de ýeňiş gazanaýmalydy. Sebäbi seljuklylaryň garşysyna Balhda ýigrimi, Horezminde otuz müňden artyk atly jemläp bilmejekdikleri barada oňa öň habar beripdiler. Eger Horezminiň güýji otuz müň atly bolsa, Çagry begiň ýüz müň töweregi atly bilen ýeňiljekdigi ynandyryjylykly däldi. — Wagt geler, şonda görübereris! Şol diýlen wagt geldi. Indi ýola düşmelidi. Togrul beg sebitlerdäki seljuk jemagatlarynyň hasabyna atlylarynyň sanyny ýigrimi müňe ýetirdi. Ýörişe ugramazdan burun goşunyny gözden geçirdi. Esgerleriň başarnyklaryny, ok-ýarag, azyk bilen üpjünçiligini barlady. Indem ýörişe ugramazyndan burun ýörişiniň nähili netije berjegini bilmek isleýärdi. Ol gije Gutulmyş beg bilen ýyldyzlara seretdi. — Sen gidýärsiň, seniň baran ýeriňdäki ýyldyzlar maýda saýýaralara öwrülip çar ýana pytraýar. — Ine, maňa gerek sözler, ylaýym şeýle bolsun! — Şeýle bolar enşa! Gutulmyş Togrul soltan bilen hoşlaşdy. Altynjy bap Gutulmyş beg ogly Süleýman hakda kerwensaraýa barylýança Togrula hiç zat aýtmazlygy ýüregine düwüpdi. Kerwensaraýda Süleýmanyň elinden tutup Togrul begiň ýanyna alyp barmakçydy. Ol şonda aýtjak sözlerinem öz ýanyndan telim ýola gaýtalapdy: «Doganym Togrul, ine, bu dogma seret. «Bu kimkä?» diýip oýlanyp durma. Bu meniň oglum, ady Süleýman! Men oglumy saňa tabşyrýaryn. Özüň lalasy — atabegi bol!» diýmekçidi. Uly pällänindenmi ýa ýene bir zatdanmy, nämemi, Gutulmyşyň ol maksady amal tapmady. Indi onuň üçin ýaşaýşyň manysy ýiten ýalydy. Haýsy maksat bilen ýaşamaly? Elli ýaş doldy. Mundan aňyrda näçe ýaşajagyň belli däl. Mundan soň senden çaga dünýä inip, onuň ýigit çykanyny görmejegiň köre hasa. Täze ýerler, täze aladalar Gutulmyşa hatarly görünýärdi. Ýöne onuň böwrüni diňläp oturara wagty-da ýokdy. Täze şalyk döränsoň, edilmeli işler kändi, juda kändi. Diňe bir ir ertirden giç agşama çenli däl, kä gijeler ukyny-da karam etmeli bolýardy. Wagt çalt geçýärdi. Ogly Süleýmany ýatlap gama batyp oturmaga onda wagt hem bolmaýardy. Süleýmanyň gözlegine Kelejara giden atlylar geldi. * * * Kelejardan gelen toparyň serdary sorag-ideg edişlerini howlukman gürrüň berdi: — Biz Kelejara täjirler hökmünde bardyk. Siziň salgy beren kişiňizi sorap-idäp tapdyk. Osmakladyp, seljuklylar, siz hakda gürrüň gozgadyk. Ol kişi bize siziň başdan geçirmeleriňizi, Şapar atly gapydanyňyzyň ýigrimi gulama baş bolup ogluňyz bilen galadan çykyp gidendigini, olaryň tutulandygy-tutulmandygy hakda hiç bir zat eşitmändigini gürrüň berdi. Şol kişiden başga hiç kimse siz, seljuklylar barada hiç zat bilmeýän eken. Şonuň üçin biz ol ýerden gaýdyp Tusa gitdik. Ol ýerden sorap-idäp Şaparyň öýüne bardyk. Şapar Kelejardan Tusa barypdyr, ýöne ony mundan bir ýyl öň ýylan çakyp öldüripdir. Şaparyň başdan geçirmelerini Pirguly atly inisi bilýän eken. Pirgulynyň gürrüňleri boýunça Şapar dagy Kermana gidipdirler. Ol ýerdenem ilki Hemedana barypdyrlar. Hemedanda bir ýyl ýaşapdyrlar. Bir ýyldan soň Goçanda gelip, ol ýerde bäş ýyl ýaşapdyrlar. Şondan soň Süleýman ähli muzdarlaryna rugsat beripdir. Süleýman ol ýerde ejesi bilen galypdyr. Süleýman: «Biz bu ýerde uzak durmarys. Biz başga bir şähere göçmekçi. Nirä göçjekdigimizi bolsa, entek özümizem bilemzok» diýipdir. Şondan soň biz Goçanda gitdik. Ol ýerde Süleýmanyň ýaşan howlusyna bardyk. Ol ýeriniň adamlaryndan Süleýmanyň nirä gidendigini soradyk. «Badhyza giden bolaýmasa» diýip, Süleýmanyň ýaşan öýüniň gapdalyndaky howluda ýaşaýan bir goja aýtdy. Biz yzymyza öwrülip, Badhyz sebitini öýme-öý diýen ýaly idäp-barlap çykdyk. Ol ýerde Süleýman hakda hiç hili maglumat tapyp bilmän, yzymyza dolandyk. Gutulmyş begiň Marçaga, Tusa ugradan atlylary-da üç aý gözlegden soň geldiler: — Tusdan, Marçakdan Kelejara giden türkmenleriň galabasy sag-aman dolanyp gelipdir. Olar Gutulmyş begiň hormatyna hamdu-sena aýdýarlar, özleriniň gurplanmagyna goltgy bolandygy, şondan soňky tutan tutumlarynyň oňunadygy barada gürrüň berdiler. Iki ýüz gulamyň sekiz sanysy dürli ýagdaýda keselläp, Kelejarda, Kermanda, Semnanda wepat bolupdyr. Olaryň ählisi ýüz elli seljukly tussagy bilen bilelikde Gutulmyş hem jezalandyryldy diýip pikir edýän ekenler. Olar on topar bolup, dürli döwürlerde yzlaryna dolanypdyrlar. Seljuklylar gaçansoň, olaryň birnäçesini çagyryp sorag edipdirler. Hernä ählisi gowulyk bilen gutarypdyr. Biz tusly Hannak diýen bir kişini tapdyk. Ol kişi Gutulmyş begiň ogly Süleýmanyň hyzmatkäri bolupdyr. Süleýman elli sany muzdary bilen galypdyr. — O nähili elli? — diýip, Gutulmyş geňirgendi. — Onuň ýanyna berkiden gulamym ýigrimi sanydy. — Hawa, Hannak bu barada aýtdy. Siz ýigrimi sany gulam beripsiňiz, ýöne Süleýmanyň otuz sany öz muzdary, ynagy bar eken. Olar Süleýmany aýalarynda göteripdirler. Ony Serdar diýip atlandyrypdyrlar. Süleýman siziň beren ýigrimi sany gulamyňyzy halamandyr. Olaryň Şapar atlysyndan özgesine Hemedanda öýlerine gaýtmaga rugsat beripdir. Şapary bolsa, «Babamyň hatyrasy üçin men seni ýanymda saklajak. Sebäbi babam saňa janyny ynandy» diýipdir. Olar Hemedanda bir ýyl ýaşap, Goçanda göçüpdirler. Goçantda Süleýmanyň döwleti artypdyr. Ol köp mukdarda mülk satyn alypdyr. Hyzmatkärleriniň sany iki müňe ýetipdir. Bir gije Süleýmanyň mülküne ýagy dökülipdir. Onuň galla ammarlaryny, bedelerini otlapdyrlar. Guýularyna awy döküpdirler. Şol sebäpli köp mukdarda mal, ýüzden gowrak hyzmatkär wepat edipdir. Ýagy Süleýmanyň, onuň enesiniň ýatan öýüniň gapylaryny daşyndan berk ýapyp, otlapdyr. Süleýman ejesini gujagynda göterip, öýüň üçeginden aşak böküpdir, şeýdibem göni gelen ajaldan aman galypdyrlar. Şol ýangyndan soň Süleýmanyň enesi agyr keselläpdir. Ysmaz keseline sataşypdyr. Süleýman öz adamlary bilen bir menzil uzakdaky Depegöz atly emiriň mülküne çozuş edipdir. Emiri jezalandyrypdyrlar. Şondan soň Süleýmanyň ýanynda mydama elli sany atlysy goragda bolupdyr. Bu ýerde Süleýman bäş ýyl ýaşapdyr. Bir günem Süleýman ähli emlägini, baýlygyny öz gullugynda duran ýigitlerine paýlap beripdir. Ysmaz keseline sataşan enesini kejebeli düýä mündürip, ýeke özi Goçantdan çykyp gidipdir. Ondan göni Nusaýa barypdyr. Nusaýda Ogulmeýrem atly güýçli aýal tebip bar eken. Süleýman enesiniň derdine em etdirmek maksady bilen Nusaýda iki aý bolupdyr. Biz Nusaýa baryp Süleýmanyň nirä gidendigi bilen gyzyklandyk. Ýöne hiç kim hiç zat aýdyp bilmedi. Biz bir zady anykladyk. Süleýman öz jandarlary bilen hoşlaşanda: «Ýene iki ýyldan soň şu ýerde duşuşarys» diýip aýdypdyr. Olar iki ýyldan soň hakykatdan hem duşuşypdyrlar. Bu hakda bize Goçantda gürrüň berdiler. Olar bir aýlap meýlisde bolupdyrlar. Soňam Hyrada bakan gidipdirler. Olaryň soňky başdan geçirmelerini anyklamak bize başartmady... Ýedinji bap Bir ýyl geçenden soň Gutulmyşyň ogul perzendi dünýä indi. Bu habary oňa söýünjilediler. Görmegi, ýüzüne sylmagy, pata bermegi hem at dakmagy üçin çagany Abu Buga Gutulmyşyň dergähine getirdi. — Merhemetli begim, dergähiňize ogluňyzy alyp geldik. Gutulmyş çagajygy eline aldy-da, synlady, çagajygyň edil Süleýmana meňzeşdigini duýdy. Göz degmesin diýen yrym edip aýdylýan sözleri gaýtalady: — Ýaramazja eken. Emirler hem göz degmesin diýen yrym boýunça dillendiler: — Ýaramazja eken. — Çagaňyza at dakyp beriň! — diýip, emir Abu Buga Gutulmyşa ýüzlendi. Gutulmyş beg Kelejarda: «Indi oglum bolsa, adyna Seljuk dakaryn» diýip arzuwlap ýördi, ol şol isleginiň amaly hökmünde öňden gelýän dessur boýunça çaganyň ilki sag, soň çep gulagyndan çalaja üç gezek çekip: — Ady nesilbaşymyzyň ady bolsun, Seljuk bolsun! Adyny men berdim, ömrüni, rysgalyny-döwletini Alla bersin! — diýip, üç gezek gaýtalady. Soňam çagajygy öz oturan tagtynda ýatyrdy. Çagajyk birahatlandy, biraz salymdan hem çyrlap aglamaga başlady. — Tagsyr, ogluňyz adyny kabul etmedi — diýip, Abu Buga gorkuly aýtdy. — Dogry, dogry, adyny kabul etmedi. Özüniň isleýän, göterip biljek adyny dakalyň. — Dogry aýdýarsyňyz, tagsyrym. Çagajyk şindem dynman aglaýardy. Gutulmyş beg aglap ýatan çaganyň ilki sag gulagyndan çekip: — Ady Süleýmanşa bolsun — diýip üç gezek gaýtalady, soňam sag gulagyndan çala çekip: — Ady Süleýmanşa bolsun! Ady Süleýmanşa bolsun! Ady Süleýmanşa bolsun! — diýdi. — Adyny men berdim, ömrüni Allatagala bersin! Goý, atasynyň arzuw eden derejesine ýetsin. Patyşa bolup ömrüni geçirsin, musulman ymmaty üçin kän-kän sogap işleri etsin. Goý, neberämiziň patyşalyk şahasy kesilmesin! Çagajyk aglamasyny goýdy, rahatlandy. — Çaga adyny kabul etdi — diýip, Abu Buganyň yzyna düşüp gelen eneke ilki seslendi. Gutulmyş beg hem begendi: — Hudaýa şükür, adyny kabul etdi. Gutulmyş yrym edip, çagajygy özüniň tagtynda ýatyrdy. Kybla bakyp, Beýik Perwerdigärden ogluna rowaçlyk dileg etdi. Öz dilegini az görüp hojany çagyryp, onuň aýat-doga okamagyny buýurdy. Hoja hem ýaş Süleýmanşanyň ulalyp, musulman dünýäsinde görnükli, atly-abraýly patyşa bolmagyny, bagtyýarlyk, pasylatlyk dileg etdi. *** Gutulmyşda bihasap zat ýokdy. Ol her bir edýän işini ölçerip-döküp, Aýdan, ýyldyzlardan salgy alyp edýärdi. Ogul edinmek babatda-da şeýledi. Şöwket islegini-de diňe asman salgysyndan soň kanagatlandyrýardy. Ol kakasynyň dileginiň gowuşjakdygyna — bäş oglunyň dünýä injekdigine ynanýardy. Bäş ogly oňa, dogrusy, ýyldyzlar hem salgy beripdi. Ol Oguz hanyň nesil örňetmek baradaky pendini, kanunyny takyk bilýärdi. «Her aýyň birinji, ortaky hemem soňky gününde hatynyňyz bilen hylwatda bolmaň! Sebäp ol günler şeýtanyň seýle çykýan günleridir. Şol günlerde hatynyň bilen küwende bolanyňdan soň gyz çaga dünýä inse, onda ol çaganyň şeýtanyň waswasyna eýermegi ähtimaldyr. Oguz kanunyna görä, çaga edinmek isleýän är-aýal Aý görnende aýyň altysy, üçi ýaly sähetli günleri saýlap almalydyr. Çaganyň päk, pähimdar bolmagy üçin Oguz atamyz bisähet günleri küwenlikden ýüz öwürmegi talap edipdir. Çünki her bir dünýä inen ogul ertirki gün Oguz halkynyň ýüzüniň tuwagyny saklamaly, söweşiji esger bolmaly. Şonuň üçin hem bisähet hasaplanýan — ýyldyzlaryň biri-birine ýakyn bolup, olaryň şöhlesiniň düşen güni jynsy ýakynlyk etmeli däl. Bisähet gijelerde bagt güneşiniň nurunyň dogmajygy bellidir. Bisähet günleri aňlamak üçin, ilki bilen, Aýyň nirede ýerleşendigini kesgitlemeli. Munuň üçin pelegiň ýerleşişinden habardar bolmaly. Haýsy burçda Aý görünse, ol wagtda küwende bolmalymy ýa bolmaly däldigi belli bolar. Günüň dogýan wagty ýakynlyk etmek bolmaz. Ol wagt Aý hem ol ýerde bolar, çünki şol wagt Gün nurunyň aşagyndadyr. Pelegiň ýerleşiş ýagdaýynda, onuň başga pelege ýakyn duran pursadynda zyna gatnaşygyny etmelimi ýa etmeli däldigi her oguz ýigidiniň aňyna ýaşlykda berk ornaşmalydyr. Gutulmyş beg özünde şöwket islegi dörände mydama ýyldyzlara, Aýa seredip, olardan ugur almagy ömrüniň ahyryna çenli ýörelge edindi. Gutulmyş Aý, ýyldyz kada-kanunlary esasynda dünýä inen oglunyň saglygy, terbiýesi üçin hiç zadyny gysganmady. Onuň dürli dilleri öwrenmegi üçin atabeg belledi. Ol çagasy ulalanda oňa öz bilýän millet hem ýyldyz ylymlaryny-da öwretmekçidi. Özüniň bilýän millet hem ýyldyz ylymlary ýitip gitmeli däl ahyryn. Arslan ýabgu: «Biziň neberämiziň bilýän bu iki ylmy — ýyldyz hem millet ylymlary ýitip gitmeli däldir. Her nesil öz bilýänlerini çagalaryna öwretmelidir. Ogullar hem öz çagalaryna öwretmelidir. Şeýdip, bilýän ylmymyz ömürlik ýaşamalydyr. «Ýeke-täk bir baýlyk bar, ol baýlykdan aldygyňça egsilmän, gaýtam köpelýär. Ol baýlyk — ylym, bilim baýlygy» diýip, Gutulmyşa nygtap aýdypdy. Sekizinji bap Horezmini tabyn etmek üçin ýöriş başlandy. Gutulmyş begiň ýyldyzlardan alan habary dogry çykdy: ýeňiş yzyna ýeňiş gazanyldy. Şol ýeňişli günleriň birinde Gutulmyş Resultegine üç müň atly esger berip Buhara — ilkinji söýgüsiniň yzyndan ugratdy. Şol günden başlabam onuň gözi ýolda boldy. Sünbüle bilen baglanyşykly günleri göz atuwyndan ýene birin-birin geçdi. «Sünbüle, men seni hiç kime bermerin. Ölerin, ýöne hiç kime bermerin. Arkaýyn bolaý» — diýip, Gutulmyş gaty kän gezekler aýdypdy. Sünbüle bolsa bir betbagtçylygyň gopjakdygyny öňünden aňan ýaly: — Nika gyýylmasa, hiç zada ynanyp bolmaz — diýýärdi. Sünbüläňki dogry çykypdy. Ysraýyl hanyň sözlerine Gutulmyş garşy çykyp bilmändi, hyrçyny dişläp bar zady içine salypdy. Içde galan, wysala ýetmedik arman gije-gündiz oňa karar-rahatlyk berenokdy. Eger Sünbüle gelse, dokuzy düzüw bolaýjak, Süleýman «salawmaleýkim» diýip, nirelerdendir bir ýerden geläýjek ýalydy. Süleýman gelmedi, Sünbüle welin geldi. Ýok, ol getirildi. Horezm şäheri eýelenen gününden iki gün soň Resulteginden habar geldi. — Sünbüle mamany alyp gelýärin. Resulteginiň «Sünbüle mama» diýmesini Gutulmyş ýokuş gördi, herhal, sesini çykarmady. Gutulmyş olaryň oňünden çykdy. Atyndan düşdi: — Eý, Hudaý, ol meni tanarmykan?! Dört kişi tagtarowanda bir zenany göterip getirýärler. Tagtyrowany göterip gelýänler Gutulmyş begiň deňine gelip saklandylar. Tagtyrowandan bir garryja kempir garrylyk yh-çohy bilen düşdi. Onuň egni küýkeripdir, elinde hasasy bar, hazzar ýöreýär. Megerem, gözleri çöňňelişen bolarly, ol Gutulmyşa ýiti-ýiti seretdi. Gutulmyş ynamly-ynamsyz dillendi. — Sünbüle gyz, bu senmi? — Gyzlyk ýaşlykda galdy. Sen kim bolarsyň, är kişi? Näme, saňa: «Sünbüle gyz» diýýän köpdümi? — Ýok, ýekedi… — Sünbüle alkymyna dykylyp gelen Gutulmyşy ýiti-ýiti synlady. — Gutul, senmi? — Sünbüle, men şol! — Hany, elleriňi ber. Men seni tanaryn. Gutulmyş beg Sünbülä iki ellerini-de uzatdy. Sünbüle Gutulmyşyň elini sypady. — Gutul, senmi? — Men, Sünbüläm, men. — Gutulmyş garryja mamany şeýle bir nebsewürlik bilen synlady. — Seni şeýle garran halda görerin öýtmändim. Meniň hyýalymda sen şol birwagtky Sünbüle. — Meniň üçinem sen şol birmahalky Gutul! Seni şeýle bir göresim geldi meniň. — Meniňem seni şeýle bir göresim geldi, Sünbüle. — Men hyýalymda: «Eý, Hudaý, meni bir gezek Gutula gowşur. Soň janymy alaý» diýen dileg bilen ýaşadym. Alla dilegimi eşitdi, meni saňa gowşurdy. — Sünbüle, menem seni görmek telwasy bilen ýaşadym. — Ähli zatdan beter meniň näme islänimi aňýarsyňmy? — Öňki ýaly daşymdan pyrlap aýlamagymy? — Hawa, daşyňdan pyrlap aýlamagyňy. — Heý, onuňam bir gepi-gürrüňi bolarmy? — Garran dälsiň-ä?! — Ýok, entek garramok. — Gutulmyş Sünbüläni gujaklady-da, daşyndan pyrlap aýlamaga başlady. Aýladygyça Sünbüläniň göhi geldi. Ol birmahalkysy ýaly edip, birgeňsi güldi. — Saklan indi, başym aýlanýar — diýip, Sünbüle gorkuly aýtdy. Ol sözler bilen Gutulmyş saklanmady, Sünbüläni daşyndan aýlamasyny dowam etdirdi. Uzak aýlany üçin bolsa gerek, Gutulmyşyň özüniňem başy aýlanyp ugrady. Ol entirekledi, soňam Sünbüläni gujagyna berk gysyp, bir tarapa agdarylyp gitdi. Olaryň ikisiniň hem göwünleri hoşdy. Dünýäde iki sany bagtly kişi bardy. Ol iki bagtly kişi Gutulmyş beg bilen Sünbüledi. Dokuzynjy bap Şamälik köşkdäki baýlygy alyp, çölüň içi bilen Dehistana sary gaçdy. Balh, Horezmin sebitleri seljuklylara tabyn boldy. Çagry beg ol ýerlerde öz adamlaryny amyd, häkim belledi. Olaryň her ýylda Merwe näçe paç, näçe salgyt tölemelidigini, tölegleri haçan ugratmalydygyny takyk aýdyp, yza dolandylar. Şondan soň, Togrul beg Reýe geldi. Ol ýüz müňe ýeten esgerli goşunyny birnäçe topara bölüp, Günbatara ýöriş etmegi makul tapdy. Onuň sebäbi hiç bir beglikde üç-dört müňden artyk esgerli goşun ýokdy. Şeýle bolansoň, olaryň üstüne ýüz müň atly goşun bilen hüjüm etmek zerur däldi. Togrul beg Horezminden dolanyp gelýänçä Gutulmyş on müň atly goşuny bilen diňe bir Mazenderan hem Tabarystan ülkelerini däl, Jibalyň birnäçe şäherini seljuk şalygynyň tabynlygyna girizipdi. Indiki wezipe Hemedany, Yspyhan sebitlerini, Hazar deňziniň kenarlaryny, Azerbaýjany, Gündogar Anadoludan başlap Günorta Kawkaz aralygyny eýelemekdi. Seljuklylaryň bu ýörişleri hakda eşidip dowla düşen Rum kaýsary Konstantin Monomah IX goşun jemlemäge mejbur boldy. Ol elli müňlük goşuna Liparit atly abhaz şazadasyny serkerdebaşy belläp, seljuklylary derbi-dagyn etmäge ugratdy. Rum kaýsary arkasynda duransoň Liparit ýörişe gaty uly ynam bilen başlady, ol ilki bilen musulman begligi bolan Şetdatogullary begliginiň paýtagty Dowine çenli aralygy basyp alyp, ony öz tabynlygyna geçirdi. Liparitiň uly goşun bilen öz üstüne gelýändigini eşiden Togrul beg ähli başbuglara habar göndermek hem güýçleri jemlemek kararyna geldi. Onuň bu pikirine Gutulmyş garşy çykdy: — Sahypkyran, başbuglara habar gönderme! Togrul beg Gutulmyşyň nämedir bir zat aýtmakçy bolýandygyny aňyp, onuň ýüzüne soragly bakdy. — «Allanyň islegi-eradasy bilen az sanly goşunyň köp sanly goşundan üstün çykýan pursady köp duş gelendir»6. Daňdanakan söweşinde soltan Masudyň elli müň atly goşuny bardy, seniň on bäş müň atlyň bardy. Dogrumy? — On alty müň. — Bolýar, on alty müň. Häzir Liparitiň elli müň atly goşuny bar. Bizde otuz müň — sende ýigrimi müň, mende on müň atly goşun bar. Sen näme üçin özge seljuk jemagatlarynyň başbuglaryndan goşun çagyrmakçy bolýarsyň? — Gutulmyş, soltan Masut bilen kaýsar Konstantin Monomah IX-yň ýer bilen gök ýaly tapawudy bar. — Şol ýer bilen gök ýaly tapawut nämede? — Soltan Masut musulman şasy. Onuň edim-gylymy, harby tilsimleri, dünýäsi bize tanyş. Onsoň soltan bilen garpyşmak bize aňsat. Biz onuň rüstem tarapynam, asgyn tarapynam bäş ýyl söweşip gowy öwrendik. Onuň üstesine-de gaznaly goşunyna öz aňtawçy toparlarymyzy ýerleşdirdik, olaryň her bir ädiminden habardar bolup durduk. Soltanyň her bir etmekçi bolýan zady bize aýandy. Ýöne rumlylar bilen entek uly darkaş gurup göremzok. Olaryň goşunynda biziň aňtawçylarymyz ýok. Olaryň ýagdaýyndan biz doly habardar däl. Olaryň harby tilsimlerem, nähili ýaraglarynyň bardygam bize o diýen tanyş däl. Şonuň üçin hem töwekgellik etmäliň. Munuň başga-da bir sebäbi bar. Ol sebäp bu söweşiň rumlylar bilen biziň ilkinji söweşimizdigi. Eger biz şu söweşde ýeňilsek, onda bu biziň goşunymyza güýçli urgy bolar. Adamlaryň howy basylar. Wizantiýa diýeninde häzir ýeňilmezek, kuwwatly şalyk göz öňüne gelýär. Bu söweşe biziň goşunymyzyň esgerleri islese-islemeselerem gorky bilen bararlar. Güýjüň köpdügini, kuwwatlydygyny görselerem, esgerler yza ýazzyny bermek bilen bolarlar. Olary hiç bir zat bilen saklap bilmersiň. Bäş ýyla çeken urşuň birinji söweşinde biz Nusaýda salar Begdogdynyň on ýedi müň adamly saý goşunyny üç müňlük goşunymyz bilen metdi-betnam edip ýeňipdik. Biler bolsaň, Nusaýdaky şol ýeňiş bäş ýyllap esgerlerimiziň dilinden düşmändi. Şol ýeňiş bäş ýyllap esgerlerimize egsilmez güýç, berk ynam beripdi. Şonuň üçin rumlylar bilen birinji darkaşymyzy ýatda galar ýaly etmek üçin bize altmyş-ýetmiş müň atly goşun jemlemek gerek. Biz islesek, bu gün ýüz müň atly goşun jemläp bilýäris ahyryn. — Sen örän dogry aýdýarsyň, ýöne meniň senden bir towakgam bar, sahypkyran! — Näme! — Sen başbuglara habar göndermek isleseň, peýkamlaryňy gönderiber. Ýöne Liparit bilen ilkinji darkaş gurmagy — jylawdar goşuny maňa tabşyr. Sen meniň ýyldyz ylmyny bilýändigimi ýadyňdan çykaran dälsiň-ä. — Ýok, ýadymdan çykaramok. — Ynan, meniň şeýle bir mugjyza görkezesim gelýär. Juda bir üýtgeşik gudrat görkezesim gelýär. Soňundan nesillerimiziň bir müň ýyldan, iki müň ýyldan soň hem «Gutulmyş ibn Arslan ýabgu Ysraýyl şeýle bir anjaýyn harby ýeňiş gazandy. Onuň ýaly harby ýeňşi pederlerimiziň hiç birisi hem gazanmandy» diýip buýsanç bilen ýatlasynlar. Siz Çagry begiň bilgiji Sowmagydan başga güýçli bilgiç bardyr hem öýtmeýärsiňiz. Sowmagy meniň okaýan efsunymyň7 ýanynda hiç kim! Eşidýärsiňmi, Sowmagy meniň başarnygymyň ýanynda oglan-oglanjyk! Men şeýle bir efsun okaryn welin, şeýle bir gudrat görkezerin. Ol jedalmişiň8 gudratyna külli älem haýran galar. Sen arkaýyn bol, men bu pikiri esassyz aýdamok. Men rumlylar bilen gurmak isleýän söweşimiň nähili soňlanjagyny ýyldyzlara seredip eýýäm gördüm. «Alla tarapyndan (bize) ýeňiş we ýakyn üstünlik geler»9. — Arslan ýabgunyň pendini unutdyňmy? — Goý, bir gezeklikçe babam meniň günämi ötsün! Sen Reýde tagtyňda otur. Men saňa hoş habar göndererin. Men birgiden tilsim ulanmak isleýärin. Görersiň, gaty üýtgeşik ýeňiş gazanaryn. Beýle ýeňşi menden özge hiç kim gazanyp bilmez, sahypkyran. — Gutulmyş, sen ýene oýlan. Uzynly gün, uzynly gije oýlan. Serkerdeleriň bilen geňeş. Menem oýlanaýyn, wezirlerim bilen geňeşeýin. Ertir irden geňeş geçireli, şol ýerde-de anyk bir pikire geleli. Bir günüň dowamynda Liparitiň alan galasy özüniňki. Sen: «Togrul maňa ynanmajak bolýar» diýip, jinnek ýaly-da pikir edäýmegin. Saňa ynanmazlyk etmäge mende sähelçe-de esas ýok. Ýanymyzda sen bolsaň, goşuna sen serkerdelik etseň, «elbetde, biziň goşunymyz üstün çykarlar»10. Onsoňam meniň berk ynanjyma görä, «...Alla saňa (hökman) uly ýeňiş bagyş eder»11. Ýöne, dogrymy aýdaýyn, men saňa näme üçin ýene oýlan diýýärin?! Men bu sözi seniň gazanjak ýeňşiň üçin, öz aýdyşyň ýaly, ýene ençe ýüz ýyllardan soň nesillerimiziň: «Gutulmyş ibn Arslan ýabgu ibn Seljuk rumlylar bilen söweşde şeýle bir beýik ýeňiş gazandy. Onuň ýaly ýeňşi pederlerimiziň hiç birisi-de gazanmandy» diýip buýsanç bilen gürrüň etmekleri üçin aýdýaryn. Sen ýedi ölçäp, bir kes, howlukma. Ine, meniň saňa gara çynym bilen aýtmak isleýän zadym. Gutulmyş ylalaşdy, uzak gije ýatman ýyldyzlara seredip çykdy. Ertir geňeşe gaty ynamly bardy: — Ýyldyzlar maňa ýeňşi wada berýärler. Olar maňa: «Alla saňa uly ýeňiş bagyş eder»12 diýýärler. Meniň ýeňiş gazanmagyma böwet bolmaň. Gutulmyşyň ynam bilen aýdan bu sözlerine Togrul beg-de, wezir-wekiller-de ynandy. Oňa ak pata berdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |