23:34 Sahypkyran Gutulmyş beg -16/ romanyñ dowamy | |
Onunjy bap
Taryhy proza
Gutulmyş han Arran (Garabag) ülkesiniň paýtagty Genje şäheriniň günbataryndan çekirtge sürüsi ýaly süýşüp, öňünden çykan zady ýalap-ýülmäp gelýän wizantiýalylary garşylamak üçin taýýarlyk görmäge başlady. Esgerleriniň öňüne çykyp, özüniň ýyldyz ylmyny bilýändigini, ýyldyzlaryň rumlylar bilen ediljek söweşde ýeňşiň seljuklylaryň tarapynda boljakdygyny, Beýik Perwerdigäriň gäwürler bilen jihat söweşinde musulmanlary mydama goldaýandygyny, bu gezek hem goldaw berjekdigini, ýalkajakdygyny sesine nazym berip aýtdy. Gutulmyş beýik dag gullasyna çykyp, Garabag sährasyna dolan, aňrysy-bärsi görünmeýän rum goşunyny synlady, soňam hiç bir howp ýok ýaly, arkaýynlyk bilen öz işine başlady. Gullanyň tekiz ýerinde uly bir jamy çeşme suwundan dolduryp goýdy. Jamyň iki tarapyna iki sany gamyş sokdy. Bir gamşy jamyň üstünde keseligine goýdy. Gutulmyş ak mytgala dolangy iki sany biri-birine meňzeş jede daşlaryny — ýagmyr daşlaryny çykardy. Jede daşy — ýüzünde gara nokatjyklary bolan ýerligi ak, ýumurtga çalymdaş daşdy. Ol öňden birkemsiz taýýarlanan bolarly, jede daşyna meňzeş, bir gulaç uzynlykdaky ýylany jamyň iki arşyn töweregi ýokarsynda goýan gamşyna daňdy. Soňra ýagmyr daşlaryny suwly jamyň içinde goýdy-da, esli wagtlap ondan nazaryny aýyrman oturdy, soň jede daşlaryny jamdan çykaryp, biri-birine yhlas bilen sürtmäge durdy. Özem ol daşlary öz boýundan ýokary galdyryp sürtdi. Bu amaly ýedi gezek gaýtalady. Ýedi gezek amal edeninden soň, pyşyrdap efsun okamaga girişdi. Gutulmyş bu amala girişmezden burun asmanyň bulutlary akdy. Alabahar bolansoň, howa salkyndy. Begiň ir ertirden günortana golaý yhlasly efsun okamasyndan, jamdaky jede daşlaryny çykaryp, biri-birine sürtmesinden soň, ak bulutlar kem-kemden garalmaga başlady. Günortan demirgazykdan sörtük şemal geldi. Lemmer-lemmer bulutlar barha köpeldi, howa garaňkyrady. Birdenem ýagyş çisňäp ugrady. Ýagdy, sil edip ýagdy. Arran (Garabag) sährasyndaky rum goşunynyň üstünden sil bolup eňterildi. Ýagşyň ýagmasyny goýmagyndan howatyr edýän bolarly, Gutulmyş tä garaňky düşýänçä hiç zat iýip-içmän diňe jede daşlaryny biri-birine sürtmek, efsun okamak bilen meşgul boldy. Garaňky düşensoň, howanyň sörtükligine seretmezden egin-eşigi derden ýaňa öl-myžžyk bolan Gutulmyş han işini tamamlady. Egin-eşigini çykaryp, üstünden bäş-on küýze suw goýberdi. Tämiz eşiklerini geýip, üstüni galyň ýapynyp naharlandy. Lüti çykyp ýadan bolarly, owkadyny doly edinmän uka batdy. Ony hiç kim ukudan oýarmaga het edip bilmedi. Günortandan agşama çenli üstlerine ýagyş ýagan rumlylar kösenmek kösendiler. Olar öl-suw bolan eşikleri bilen uzakly gije sörtük howada titräp geçirdiler. Daňdan Gutulmyş hanyň on müň atlysy kyrk müň rumly goşunyň günorta tarapyndan Ezraýyl bolup eňdi. On birinji bap Ilkinji söweş güni rumlylaryň on bäş müňden gowrak esgeri gyryldy. Öňde goýlan wezipeleriň ikinjisi amal edildi: rumlylaryň ýüreklerine wehim düşdi. Garaňky düşmegi bilen söweş tamamlanmady. Gutulmyş han gije Togrul begiň gowy görýän söweş tilsimine geçdi: rumlylaryň düşlegleriniň çar ýanyndan bir oýnam atly topary alagykylyk edip at goýdy. Ýaňy gözüniň awusyny almakçy bolan esgerler aýylganç gykylyga zähreleri ýarylan ýaly bolup aýaga galdylar, ýaraglaryna ýapyşdylar, ýagynyň haýsy tarapdan hüjüm edýändigine düşünip bilmän, iki ýana zowzanaklaşdylar. Hüjüm eden atlylar bolsa çem gelen rumlynyň kellesini pyzlandyryp, sähel salymda gözden gaýyp boldular. Söweşiň beýle usuly rumlylaryň ömürlerinde gören zatlary däldi. Diňe bir görmek däl, olar beýle söweş usuly hakda ömürlerinde eşitmändiler hem. Olar seljuklylaryň bu söweş usullaryny teý akyllaryna sygdyryp bilenokdylar. Bolýan zatlara ynanar ýaly däldi. Ýeri, nädip ynanmajak?! Garaşman durkaň, birden at aýaklarynyň dükürdileri, seljuklylaryň çirkin-çirkin gykylyklary, depelerinden ýatagandyr gönder inen rumlylaryň ah-wahlary çar ýany gaplap alýardy. Rumlylar ýerlerinden hasanaklap turup, ellerine ýaraglaryny alýançalar seljuklylar eýýäm gözden gaýyp bolýardylar... Ýeri, nädip ynanmajak?! Göräýmäge, ähli gopgun sähel salymda bolup geçendir, ýöne dumly-duşuňda läş bolup ýatan maslyklaryň sany welin, uzynly günüň söweşinden soňky ahwalata meňzeşdir. Özem çar ýanyňda düşen ýaralarynyň yzasyna çydap bilmän walalaýlap urunýan ýaradar esgerleriň sesinden ýaňa gulagyň kamata gelýändir. Ýeri, bu ýagdaýda esgerler neneň howpurgamasynlar?! Özem bu çapawulçylyk gije-gündiz üznüksiz dowam edip dur! Iň erbet ýeri, seljuklylaryň haçan, nireden hüjüm etjekdiklerini, nireden peýda boljakdyklaryny bilip bolanok. Seljuklylar oýun edip, gaçýan ýalydylar. Sebäbi olar käte öldürjek bolmaýardylar, rumlylary ýöne gorkuzýardylar, yzlaryndan kowalaýardylar, köplenç, agyr-agyr tyg ýarasyny salmak bilen çäklenýärdiler, ýöne rumlylar özlerine rehim-şepagatyň garaşmaýandygyny anyk bilýärdiler. Dogrusy, olar gije uklamaga gorkdular. Sebäbi uklasaň, seljuklylar güpbasdy edäýjek ýaly duýuldy durdy. Gutulmyş han gije-gündiziň dowamynda iki-üç gezek söweşe girýärdi. Gijelerine her birinde ýüz sany esgeri bolan toparlar böleklere bölünip, rumlylaryň çar ýanyndan hüjüm edýärdiler. Gutulmyş tümene serkerdelik etmek bilen kanagatlanman, ýüz sany esger bilen duýdansyz garpyşyklara gatnaşýardy. Bu oňa biçak lezzetlidi. Elbetde, müňbaşylar, ýüzbaşylar onuň ýüz esger bilen çapawulçylyga gitmegini, töwekgellige girmegini islemeýärdiler. Şeýle ýagdaýda: «Men rumlylaryň ýürekleriniň urgusyny diňläp-bilip durmasam bolmaz ahyryn! — diýip, öz töwekgelligini düşündirýärdi. — Gorkmaň, olaryň elleri sandyraýar. Ýeňiş gaty ýakynlady!» Beýik Perwerdigär seljuk esgerleriniň tarapynda boldy. Söweşiň altynjy güni elli müňden galan wizantiýalylar ähli ýarag-esbaplaryny, zatlaryny söweş meýdanynda taşlap, çem gelen tarapa zut gaçmak bilen boldular. Ilki pyýada goşun, soň atly goşun gaçdy. Olar haýsy tarapa gaçýandygyny bilenokdylar. Söweş meýdanynda juda köp mukdarda olja galdy. Şeýle hem seljuklylar köp sanly esgerleri ýesir aldylar. Gutulmyş begiň bu ýeňşi seljuklylaryň Rum döwleti bilen bolan söweşde ilkinji uly ýeňşidi. Genje söweşi seljuklylaryň galkynan söweşi boldy. Genje söweşi ähli seljuk jemagatlaryna ganat beren söweş boldy. Hakykatdan hem bu ýeňişden soň seljuk başbuglary gaýrata galdylar. Şol söweşden soň täze-täze şäherler, täze-täze ülkeler teshyr edilip başlandy. Reý şäherine barýan üsti oljaly kerwenleriň, arabalaryň gije-gündiziň dowamynda yzy üzülenokdy. On ikinji bap Rum kaýsary Konstantin Monomah IX abhaz şasy Liparitiň başda durmagyndaky elli müň atly juwanmert goşunyny seljuklylaryň on müň atly goşunynyň derbi-dagyn edendigini eşidip, hakyt gonjuna gor guýuldy, ertir seljuklylar gelip elinden tagtyny, şalygyny basyp alaýjak, kürsüsinde oturaýjak ýaly duýuldy. Nädip seljuklylaryň öňüni almaly? Olary nädip duruzmaly? Kaýsar ähli güýjüni gündogar serhetde jemlemeli diýen pikire geldi. Abhaz şasy Liparit özüniň tötänlik sebäpli ýeňlendigine — garaşylman durka jöwenekli jala ýagandygy sebäpli esgerleriň köpüsiniň buýandygyna, täzeden söweşmek mümkinçiligi döredilse, onda özüniň hökman ýeňjekdigine kaýsary ynandyrmagy başardy. Kaýsaryň bu meşhur serkerdä ynanasy geldi. Dagy nätsin?! Kaýsar Konstantin Monomah IX täze goşun berdi, Liparite diňe täze goşun bermek bilen çäklenmedi: tejribeli Katakolon hem-de Aaron serkerdelerini-de uly goşunlara serkerdebaşy edip, seljuklylaryň garşysyna ýollady. Tabşyryk nagtdy: seljuklylary derbi-dagyn etmeli, ýesir aljak bolmaly däl, uçdantutma gyrmaly! Bu ýerde düşünmez ýaly hiç zat ýok! Dogry, düşünmez ýaly hiç zat ýok! Seljuklylar özleri babatda kaýsaryň gelen kesgitli permanyndan habarsyz, Reýde söweşde gazanan ýeňşini toýlaýardylar. Toýuň iň gyzykly ýeri, esgerlere rumlylardan alnan oljalaryň paýlanylyşy boldy. Asyl her bir gulama berlen oljany alyp gitmek üçin bäş-alty düýe azlyk etdi. Zadyň diňe bir az bolanda däl, eýsem köp bolanda-da gowy däl eken. Hany, saňa taýýar duran düýe barmy, oljaňy mas ýükläp öýüňe äkideriň ýaly. Köp serkerdelere gazanan ýeňişlerine mynasyp baha berildi. Olaryň şanyna gowudan-gowy öwgüli sözler, aýdymlar aýdylyp wasp edildi, birentegine ykta ýerleri berildi. Togrul beg Gutulmyş begi Reýde dabaraly garşylady. — Rumlylary masgara edip ýeňdiň, «Alla size köp olja berdi»13. Söweş meýdanyndan köp olja, köp ýesir getirdiň. Indi biraz dynjyňy al, soňra island sebitini özüňe mülk edin, Gutulmyş — diýip, Togrul beg doganoglanyna mertebe bildirdi. — Meniň başky maksatlarym başa barmady: oglum Süleýmany tapyp bilmedim. Häzirki ýagdaýda men bir ýerde uzak oturyp biljek däl. Men rahatlygy, ömrüme manyny diňe başa-baş darkaşlarda tapyp bilerin, sahypkyran. — Men saňa düşünýärin, byradar. — Meni Ybraýym bilen Magryba ýolla, men ýene uly-uly ýeňişleri gazanaýyn. — Rum kaýsary öň Liparit diýen serkerdebaşysyny biziň garşymyza ugradan bolsa, indi bu güýjüni üç esse ulaldypdyr. Liparite täze goşun beripdir. Indi biz diňe bir Liparit bilen däl, köp-köp söweşlerde ýeňiş gazanyp meşhur bolan Katakolon hem Aaron serkerdebaşylaryň hem garşysyna göreşmeli. — Bizi olaryň sanynyň köplügi bilen gorkuzyp bolmaz. Köýen ýigrimi ýylymyň ahmyryny rumlylaryň depesinden şeşper edip indererin. Bu panyga gelip elli ýaşy arka atan-da bolsam, entek meniňki bolsun diýer ýaly suwytly eden işim ýok. Içim durşuna ahmyr. Şonuň üçinem men howlukmaly. Arslan hanyň maksadyny wysala ýetirmek biziň parzymyz! — Biz pederlerimize, mynasyp nesil bolarys! Togrul begiň bu sözüni Gutulmyş-da, Ybraýym-da buýsanç bilen gaýtalady: — Biz pederlerimize mynasyp nesil bolarys!.. — Biziň bar aladamyz külli musulmanyň rahat hem mertebede ýaşamagy bolar! — Biziň bar aladamyz külli musulmanyň rahat hem mertebede ýaşamagy bolar! On üçünji bap Genje söweşinden soň seljuk esgerleriniň sany ýüz elli müňdenem geçipdi. Bu san seljuklylaryň Magrypdaky ýeňişleri hakda eşidip, Mawerannahr, Horezm, Balh sebitlerinden baýamak maksady bilen gelen oguz-türkmenleriniň hasabyna artypdy. Türkmenler topar-topar bolup gelýärdiler. Baýap, maksatlaryna ýetibem yzlaryna gaýdýardylar. Birinji gezek agyzlary maza tapan türkmenler ikinji gezek yzyna birgiden adam tirkäp gelýärdi. Seljuklylar olaryň baýamagyna ýol berýärdi. Gazanylan oljanyň bäşden biri Togrul soltanyňkydy, ikinji bölek Bagdat halyfynyňkydy. Bäşiň galan üç bölegini esgerler serkerdeleriniň başda durmagynda öz aralarynda paýlaşýardylar. Gutulmyş beg bilen Ybraýymyň goşuny Diýarbekirde — Wan kölüniň töwereklerinde Rum walysy Stefanos bilen duşuşdy. Stefanosyň goşuny ýüz elli müň atly seljuk goşunynyň ýanynda görnetin azdy. Şeýle-de bolsa, ol söweşe girdi. Günortan başlanan söweş garaňky düşýänçä dowam etdi. Bu söweş seljuklylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Beýik Zap Suwunyň töwereklerinde Katakolon hemem Aaron serkerdebaşylary seljuklylar bilen söweşe girmek üçin taýýarlyk görýärdiler. Ýöne entek Stefanosyň serkerdeligindäki goşun hem rum goşuny bilen birleşmek üçin barýardy. Stefanos Aaron bilen Katakolonyň goşunyna birleşmäge ýetişmändi. Gutulmyş beg bilen Ybraýym ynal rum goşunlarynyň birleşmeginiň öňüni almak üçin içalylaryň habarlaryna bil baglaýardylar. Seljuk serkerdeleri rum goşunlarynyň Pasin ýaýlasyna bakan ugrandyklary barada eşitdiler. Şondan soň olar hem Pasin ýaýlasyna bakan ýola düşdüler. Gazaply söweşiň boljakdygy gutulgysyzdy. Iki tarapyň goşuny-da köpdi. Gutulmyş beg rum goşunynyň üç menzil öňünden her biri iki ýüz atlydan ybarat on iki sany ýeňil ýaraglanan topary ýollapdy. Bu toparlaryň wezipesi rum goşunyna rahatlyk bermezlikdi, gijelerine çar tarapyndan hüjüm edip, mümkin boldugyça köp wagşylyk etmek we Pasin ýaýlasyna gelýänçäler rum goşunyna wehim salmakdy. On iki dowulçy toparyň etmeli işleriniň ýene biri rumlylaryň yzdan ýöreýän azyk-hojalyk üpjünçiligi bölüminiň üstüne çozmakdy we goşuny azyk üpjünçiliginden kesmekdi. Pasine gelýänçä dowulçy toparlar köp işleri bitiripdi, ýöne olaryň ýedi topary gyrlypdy. Iki seljuk serkerdesine berk zarba urmak üçin üç serkerdebaşy Liparit, Katakolon we Aaron Kapetru (Hasangala) galasynyň golaýynda — Pasin ýaýlasynda jemlendi. Seljuk esgerleri rumlylary metdi-masgara edip ýeňjekdiklerine ynanýardylar, olar öz aralarynda Genje şäheriniň etegindäki ýeňişlerini, şol gezek Gutulmyş begiň jadygöýlük görkezendigini, şonuň netijesinde rumlylaryň üstüne jöwenek ýagdyrylyp, gije aýaz getirendigini, ertesi olaryň sowukdan ýaňa söweşmäge ýaramandyklaryny, şu ahwalatdan peýdalanyp, duşmanlaryň on bäş müňüsini paýhynlandyklaryny joşup-joşup gürrüň edýärdiler. Seljuklylar Pasin düzlüginde Gutulmyş begiň ýene jadygöýlük görkezmegine bil baglaýardylar. Gutulmyş beg welin, Genje sährasynda görkezen jedalmişini ýatlamak hem islemeýärdi. Ol indi jedalmiş boýunça däl-de, harby tilsimde ussatlyk görkezmek isleýärdi. Ol ýanyndakylaryň jadygöýlük hakda gürlemeklerine-de garşy çykýardy, gaharlanýardy. — Jedalmiş hakda aýtmaň! Men rumlylary jedalmişsizem kül-peýekun ederin — diýip, Gutulmyş beg gaharlanýardy. Şeýle bolansoň, Gutulmyşyň öňünden ýöreýän jansyzlara: «Häzir siziň ýanyňyza Gutulmyş beg gelýär. Siz onuň ýanynda Genjede görkezen jedalmişi hakda hiç zat aýdaýmaň. Jadygöýlük hakda gürrüň edilse, onuň gahary gelýär» diýip, habar berýärdiler. Gutulmyş beg aram-aram esgerleriň arasyna barardy. Aýratynam, ertir söweş boljak güni Togrul beg esgerleriň öňünde dabaraly nutuk bilen çykyş ederdi. Esgerleriň göwünlerini götererdi. Jedalmiş hakdaky gürrüňi halamaýan-da bolsa, esgerleriň öňünde çykyş edende: «Men ýyldyz ylmyny bilýärin. Öten agşam ýyldyzlar maňa ertir ýeňiş gazanjakdygymyza güwä geçdiler» diýerdi. Gutulmyş beg Pasin sährasynda-da şeýle diýdi. Onuň aýdyşy ýaly-da boldy. Ýeňiş seljuklylara kyn düşmedi. Uzypsyzja atly gaçyp janyny gutaran bolaýmasa, rumly goşuny, şol sanda serkerdebaşy Stefanos söweş meýdanynda wepat boldy. Seljuklylar daňdan rumlylardan galan oljalary ýygnadylar we ummasyz köp mukdardaky oljany Reýe ugratdylar. 1048-nji ýylyň sentýabrynda bolan bu söweş seljuk goşunyny has-da dabaralandyrdy. Seljuklylar Wizantiýanyň goşunyny Pasin düzlüginde gyran-jyran etdiler. Ybraýym ynalyň goşuny serkerdebaşy Lipariti ýesir aldy. Liparit öz azatlygy üçin Ybraýym ynala üç ýüz müň dinar bilen ýüz müň gymmatbaha sowgat hödürledi14. Ybraýym ynal bu teklibi kabul etmän, Lipariti Reýe — Togrul begiň ygtyýaryna ýollady. On dördünji bap Beg öz paýtagtyny Nyşapur şäherinden Reý şäherine geçirensoň, öňki şalygyň hanedanlygynyň akrabalary — kowum-garyndaşlary, emeldarlary assyrynlyk bilen täze seljuk şalygyna garşy göreş alyp barýardylar. Sada adamlary küşgürip topalaňlar, çaknyşyklar edýärdiler. Olar özlerinden döwranyň geçendigini içlerine sygdyryp bilmän seljuk şalygyna kast etmäge synanyşýardylar, käbir täze emeldarlary öldürýärdiler, her hili dildüwşükleri guraýardylar. Bu tebigy ýagdaýdy. Togrul beg öňki şalygyň hanedanlygynyň akrabalarynyň çyrpynmalaryny tebigy hadysa hökmünde kabul edip, özüne, täze şalyga edilen her bir hyýanatçylyga garşy rehimsizlik bilen göreşýärdi, pitneçilere rehimsizlik bilen jeza berýärdi. Ol jansyzlara, çawuşlara pul gysganmaýardy. Netijede hem özüne tabynlykdaky ýerlerde bolýan her bir gürrüňleri, kimiň özi hem öz şalygy hakda nähili pikirdedigini bilmegi ýola goýmaga çalyşýardy. Elbetde, täze şalygyň doly ykrar edilmegi bir aýyň ýa iki aýyň işi däldi. Özüne tabynlygyndaky şäherlerde, aýratyn hem Reýde tolgunyşyklaryň, çaknyşyklaryň dildüwşükleriň soňuna çykýança Togrul soltan ýörişe gidip bilmedi. Teshyr eýlemäge Gutulmyşy hem Ybraýymy gönderdi. Üç-dört ýylyň içinde Gutulmyş bilen Ybraýym görlüp-eşidilmedik ýeňişleri gazanyp, at-şana eýe boldular. Köp şäherleri, ülkeleri, kentleri teshyr etdiler. Açyk meýdandaky söweş bir ýana, ýüzüňe gülüp bakyp, assyrynlyk bilen garşyňa hyýanatçylyk edýän adamlar bilen söweşmek bir ýanady. Bu iki söweşiň birinjisi Togrul beg üçin aňsatdy, ikinjisi welin hupbatlydy, kyndy. Käteler umury istihbaradyň sahyby15 Bekdaşyň aýdýan habarlaryna teý ynanar ýaly däldi: «Ol, gör, nähili mähriban adam, maňa wepalylyk kasamyny içdi, mydama meniň üçin hiç bir kynçylykdan gaçmajakdygyny, şirin janyny pida bermäge-de taýyndygyny zynharlap ýör-ä ol!» diýip odanýardy. Hernäçe ajy bolsa-da, sahybyň habarlary hakykat bolup çykýardy. Görüp otursa, ol öz janyna kast etjek bolup ýören, özüni ýigrenýän adam bilen doganlarça gatnaşyk eden eken, oňa zyýapat ýapan eken, ymgyr ýagşylyklar eden eken. Allatagala patyşa göteren kişisine aýratyn üşük, aýratyn pähim-parasat, aýratyn başarnyk hem berer eken. Allatagalanyň eçilen patyşalyk sypatlary Togrul bege ýardama girişdi. Ol iki-üç ýylyň içinde adamlaryň ýüzlerine, gözlerine seredip, içlerinde gopýan pikirlerini, matlaplaryny okamaga ezberleşdi. Ol öz dergähine gelýän kişileriň diňe bir ýüzlerine, gözlerine seredip däl, eýsem olaryň her bir hereketinden, her bir ädiminden, özüni alyp barşyndan içini okamagy başardy. Özüniň iň ýakyn adamlaryndaky özgerişlikleri-de duýardy. Üç ýyllap Magrypda uly-uly ýeňişleri gazanan Gutulmyş beg bilen Ybraýym ynalyň içlerindäki pikirleri-de ol gypynçsyz okaýardy. Ol öz ýakyn adamlarynyň içki dünýälerini-de takyk bilýärdi. Soňky üç-dört ýyldaky Genje, Pasin ýeňişlerinden soň, Ybraýymyň dünýäsinde düýpli özgerişligiň bolandygyny-da bilýärdi, bu özgerişligiň agzalalyk döretmeginden howatyr edýärdi. Ybraýym gazanan ýeňişleri bilen magtanýardy, diňe bir magtanmak bilen hem çäklenmeýärdi, özüni seljuk patyşasy saýýardy. Goşunda Abu Aly atly müňbaşy bardy. Ol biçak edermen, harby tilsimlere ökde serkerdedi. Togrul beg onuň ökdeligini, başarjaňlygyny göz öňünde tutup, tümenbaşy belläpdi. Abu Aly arap dilinde gowy gürleýärdi. Medresede sowadyny çykypdy. Şeýle bolansoň, Togrul beg ony Ybraýyma wezir edip belledi. Onuň wezipesi Ybraýymyň gaty gitjek bolan pursatlary synyndan çekip durmakdy. Abu Aly Ybraýymyň weziri bolýança özüni gaty asylly alyp barypdy. Ybraýymyň weziri bolansoň welin, onuň gepi-sözi köpelip ugrady. Onuň Ybraýyma göwni ýetenokdy. Çünki ol sowat, harby tilsim babatda-da, ugurtapyjylyk babatda-da özüni Ybraýymdan artykmaç saýýardy. Ol, hakykatdanam, Ybraýymdan artykmaçdy. Göriplikdenmi-bahyllykdanmy, nämemi, Abu Aly Ybraýyma: «Sen patyşa bolmaly» diýip meçew berip ugrady. Ol bu sözi başda sypaýyçylykdan aýdypdy, ýöne Ybraýymyň bu sözi çyny bilen kabul edenini görüp, onda hokgalar köpelip ugrady. Abu Aly: «Merhemetli Gutulmyş begiň näme üçin soltan däldigine teý düşünip bilmeýärin» diýip, bir gezek Gutulmyşa gep oklap görüpdi. Gutulmyşyň gazaply seretmesinden soň, hiç zat diýmändi. Ybraýym öz wezirini gowy görýärdi, oňa ähli zady ynanýardy. Dogrusy, ol köplenç keýpi-sapa bilen meşguldy. Onuň tabynlygyndaky ykta ýerleri Abu Aly dolandyrýardy. Agyr-agyr meýlislere käte-käte Gutulmyş hem gatnaşýardy. Meýlisi ol hem gowy görýärdi, ýöne özüniň bu islegini görer gözden ýaşyryp saklamaga çalyşýardy. Ybraýym galjaňdy, dogumlydy, batyrdy. Gözsüzbatyrdy. Haýbatlydy. Sesi-de haýbatlydy. Şatlanmagy gowy görýärdi, ýöne ýylgyryp durka birden gaharlanmasy-da bardy. Ol bir işe girişende, edende hiç mahal onuň soňy hakda oýlanmaýardy. Hötjetdi. Ol bir tutum tutsa, şol etmekçi işi nädogry-da bolsa-da, şol işden özüne çökder zyýan geljegini bilip-görüp dursa-da, şol işi hökman edýärdi. Özüniň bu tekepbirliginden, köplenç, zyýan hem görýärdi. Gowy tarapy, aşa ýatkeşdi. Bir gören adamyny ýigrimi-otuz ýyldan soň hem tanaýardy. Ynanjaňdy. Özem aşa ynanjaňdy. Onuň ynanjaňlygyndan peýdalanýan adamlar az däldi. Wepalydy. Hiç wagt ikilik etmeýärdi, ikilik edýänlerem halamaýardy. Ol «ýüregindäki dilinde» diýilýän adamlardandy. Näme pikir etse, şol hem dilindedi. Onda: «Bu sözi aýtsam halamazlar, biriniň göwnüne degerin» diýen pikir ýokdy. Näme pikir etse, şony aýtmasa rahatlyk tapmazdy. Ol gybatkeşleri halamaýardy, ýöne öz ýakyn adamlary hakda gürrüň etmegi gowy görýärdi. Ybraýym aňsat-aňsat ýadamaýardy, özem ukusyna sakdy. Dört-bäş sagatlyk uky bilen doly ukusyny alýardy. Özem ol islän pursady uklap bilýärdi. Edil Togrul beg deýin, atyň üstünde barýarka hem ukusyny almagy başarýardy. Gutulmyş bilen Ybraýymyň häsiýetleriniň meňzeş taraplaram az däldi. Olaryň ikisem gylyçlaşmakdan aşa lezzet alýardylar. Olaryň ikisem Togruldyr Çagry ýaly, hepdede iki gün agyz bekleýärdiler. Olaryň ikisi hem çepbekeýdi. Ikisem Zühal ýyldyzynyň astynda dünýä inipdiler, olaryň ikisem saz çalyp bilýärdi. Käteler bile oturyp, tamdyra çalardylar. Saz çalmak Ybraýyma gelişýärdi, ýöne Gutulmyşa welin gelişmeýärdi. Sebäbi Ybraýymyň ýüzi gülüp durdy, özem onuň ýüzi ýagtydy, ýüzüne ýag çalnan ýalydy, lowurdar durardy, ýüzündäki gan çylgymlaram duýlardy. Gutulmyş begiň ýüzi welin, beýle açyk däldi, tutuksydy. Onuň ýüzi haýbatlydy, gaharlydy, agyrdy, ýaranyň yzlary ýeterlikdi. Gutulmyş bege eline saz guralyny almak, çalmak asla gelişmeýärdi. Onuň ýüzi şatlyk berijiniň ýüzi däldi, buýruk berijiniň, hökümdaryň ýüzüdi. Özem ol ýüzde nämedir bir zatdan nägilelik alamaty duýulýardy. Gutulmyş beg haýbatly-da bolsa, Ybraýym ynal deýin hiç wagt sesine bat bermeýärdi, gykylyklamaýardy. Ýuwaş gürleýärdi, ýöne dözümli, anyk gürleýärdi. Bir aýdanyny ikinji gezek gaýtalamaly bolanda, diňe bir käýemek bilen çäklenmän, käteler ýeterlik jezasyny-da berýärdi. Ybraýym weziri, hajyby, gapydany, nedimi, emirleri bilen, köplenç, dostana, erkin gatnaşyk saklaýardy: degişýärdi, gülüşýärdi, käteler meýlis guraýardylar. Ybraýym wezipesine, derejesine görä hatyralanjak bolmazdy. Ählisi deň derejedäki dostlar ýaly bolup gürleşerdiler. Meýlisden soň bolsa, her kim öz ornuny eýelärdi. Şeýle bolansoň, Ybraýymy aşa hormatlaýardylar. Esgerleriň, gulamlaryň arasynda-da Ybraýymyň abraýy ýokarydy. Sebäbi ol hiç wagt ulumsylyk etmezdi. Ýanyna gelen adamyň işini bitirmek üçin düýrmegi bilen çalşardy, olara hoş sözüni gysganmazdy. Gutulmyş beg welin, adamlar bilen ýakyndan gatnaşjak bolmazdy. Ol Togrul beg deýin köp gürlemeýärdi. Asyl onuň bilen degşip-gülşüp bolýandyr hem öýtmezdiler. Ybraýym adamlar bilen dost hökmünde, Gutulmyş bolsa hossar, howandar, maslahatçy hökmünde gatnaşardy. Şeýle bolansoň, meýlisde oturasy, şatlanasy göwün açasy gelenler Ybraýymyň ýanyna barardy, başyna iş düşenler, maslahat-geňeş isleýänler Gutulmyşyň dergähine barardylar. Gutulmyş begiň maslahaty diňe bir parasatly, durmuş tejribesi ýetik ýaşuly adamyň maslahaty däldi. Ol seniň ýüzüňe, gözüňe bir içgin seretdigi bes, ýyldyzlaryň sen baradaky näme diýýändiklerini, seniň haýsy ýol bilen gitseň bagtyň açylyp gitjekdigini, eger başga bir ýol bilen gitseň, onda betbagtçylyga uçrajakdygyňy oraşan edip bererdi. Gutulmyş begiň aýdanlary mydama dogry çykýardy. Şonuň üçin onuň ýanyna maslahata barýan adamlaryň yzy üzülmeýärdi. Şeýle bolansoň, adamlaryň Gutulmyşa bolan garaýyşlary üýtgeşikdi. Adamlaryň göwnüne Gutulmyş ýönekeý adam däldi. Ol ähli islän zadyny amal edip bilýän keramatly adamdy. Ybraýym ynalda dost kändi, ýöne olaryň galabasy aş dostlarydy. Gutulmyş begde dost köp däldi, ýokdy asyl, ýöne ähli kişi ony öz arkadagy hasaplaýardy. Gerek bolsa, onuň üçin şirin janyny pida berjek adamlar hem kändi. Gutulmyş begiň karargähinde resmilik, agraslyk, ümsümlik höküm sürýärdi. Her kim öz etmeli işi bilen meşguldy. Aramgähde gülki-şagalaň ýokdy. Gutulmyş beg ýokka-da hyzmatkärler öwrenişen dymyşlygyny saklardylar. Hajypdan başlap hyzmatkärlere çenli Gutulmyşyň nazaryna ilmezlige, onuň gaharyny getirmezlige çalyşýardylar. Sebäbi onuň gaharlanan çagy nähili bolýandygyny, nähili jezalary berýändigini bolsa, onuň hyzmatyndaky adamlaryň ählisi gaty gowy bilýärdi. Reý şäheriniň ortarasynda soltanyň köşgünde işleýän emirleriň, wezir-wekilleriň ýaşaýan mähellesi16 ýerleşýärdi. Onda Gutulmyş beg bilen Ybraýymyň hem aýratyn howlulary bardy, özem ol ikisiniň howlusy mähelläniň iň kaşaň howlularydy. Ol ikisiniň howlusy biri-birine ýanaşyk ýerleşýärdi. Magryp ýörişinden gelnensoň, günde-günaşa agşam Ybraýymyň öýünde meýlis gurnalýardy. Oňa Gutulmyş beg hem barýardy. Togrul beg hem köplenç gelýärdi. Meýlislerde esasy gürrüň rumlylar bilen edilen darkaşlar hakda bolýardy. Ybraýym öwünmegi gowy görýärdi. Ol aýratynam abhaz patyşasy Lipariti ýesir alşyny giňişleýin gürrüň bermegi gowy görýärdi, bu bitiren işine, dogrusy, buýsanmak buýsanýardy. Ol Togrul begiň: «Allatagala islänine ýeňiş berýär?»17 diýmegini welin halamaýardy. — Onda biz yhlas etmedigem bolsak ýeňjek ekenik-dä?! — diýip, Ybraýym öýkeleýärdi. — Näme üçin beýle diýýärsiňiz?! Allatagala Rumuň garşysyna saý, hajyraw kynyk ýigitlerini gönderýär. Olaryň öňünde durup biljek güýç ýok. Siz güýjüňiz, başarnygyňyz, tilsimleriňiz bilen ýeňdiňiz. Ybraýym ynal Togrul begden kinelidi. Onuň kineli bolmagynyň birnäçe sebäbi bardy. Birinjisi, özüniň rumlylara ýesir düşmegi bilen baglanyşyklydy. Şonda Togrul soltan onuň pidýesini tölemek, halas etmek işini wagty bilen çözmändi. Ol aýlap ýesirlikde bolupdy. Özüniň haýdan-haý halas edilmändigi üçin, ol Togruldan biçak öýkelidi. Dogrusy, öçlüdi. Ikinji sebäp bolsa, Togrul soltanyň Ybraýymyň ýesir alan şazadasy Liparitini rum kaýsarynyň ýeke sözi üçin mura-mugt berip goýbermegidi, ýogsam Liparit özüniň halas edilmegi üçin Ybraýyma gaty köp mukdarda pidýe hödürläpdi. «Wah, munuň soňundan mura-mugt goýberiljegini bilen bolsam, tutan ýerimde öldürerdim» diýip, Ybraýym ynal odanýardy. Üçünji sebäp hem özüniň halas edilmegi üçin örän köp mukdarda pidýe tölenenligi üçindi. Ybraýym bu edilen işi emelsizlik hasaplaýardy. — Togrul meni öz öňünde dili gysga etmek isleýär. Şonuň üçin hem ol meniň pidýäm üçin köp çykdajy etdi. Ýogsam ol meni Liparit bilen başa-baş çalşyp hem bilýärdi — diýip, Ybraýym oturan-turan ýerinde soltandan zeýrenýärdi. Ol bu nägileligini ýaşyryn saklanokdy, hakyt Togrul begiň özüne-de aýdýardy. Togrul beg Ybraýyma Gutulmyş beg meçew berýändir öýdýärdi. Şonuň üçin olaryň ikisine-de şübheli garaýardy. Gutulmyş beg Togrul begiň Ybraýym babatda özüne müňkür bolýandygyny aňýardy. Bir gün Gutulmyş sahyp Bekdaş bilen gürleşdi: — Eý, sahyp, sen güýçli adam. Seniň wezipäň gara dagdan gara gyly saýgarmak. Sen pilden siňek, siňekden pil ýasap bilýärsiň. Sen — şalygyň halallygy. Seniň üns bermänligiň sebäpli adam nähak günäkärlense, o dünýäde günäsi seniň boýnuňa düşer. — Şazadam, siz näme diýmekçi bolýarsyňyz? — Meniň kesekiň oduna ýag dökmek edehädimiň ýokdugyny ýene bir gezek bilmegiň üçin aýdýaryn, çünki soltanatda bolýan ähli zatlar saňa oraşan. Men özüm babatda-da oraşanlyk isleýärin. — Şazadam, size hormat-sylagym çäksiz uludyr meniň. Men siz hakda henize-şu güne çenli hiç hili gyşyk gürrüň eşidemok men. — Edilýän käbir gürrüň... — Duruň, duruň, men siziň näme diýmekçi bolýandygyňyza düşündim. Kerwen geçse, it üýrýär, iti üýrmekden saklap bolanok. Siz itiň üýrmesine pisint etmäň! Goý, üýrsün! Olar üýrmese rahatlyk tapmaýarlar. Siz gepden-gürrüňden ýokarda boluň! On bäşinji bap Togrul öň: «Gutulmyş gelmese, tagama el uzadyp bilmeris» diýerdi, bu gün welin meýlisi oňa garaşman başlaýar. Meýlislerde öz nedimleri, öz hajyplary, ynaklary bar. Ol şolaryň barynda ýazylyp-ýaýrap, Gutulmyşy küýsemän oturyp bilýär. «Belki, ol meniň ýanyna barmagymy isleýän däldir?» diýip, Gutulmyş öz-özüne sowal berýärdi. Togrulyň birnäçe masgarabazy, birnäçe wäşisi bardy. Olar Gutulmyş barada ýaňsyly degişme aýdyp, soltany güldürjek bolýarlar. Olaryň meşhury Enes Fardawydy. Bir gezek Gutulmyş beg meýlise gijä galyp baranda: «Merhemetli Gutulmyş beg geldi. Galyňrak geýniň, häzir gar ýagmaga başlar, üşärsiňiz. Doňup ölseňiz bizden görmäň!» diýdi. Bu söz, elbetde, şeýle gülkülidir-dä! Meýlisde oturanlar wäşi Enes Fardawynyň bu sözüne gyzyl-gyran bolup gülüşdiler. Togrul soltan hem güldi. Gutulmyş oturanlara gazap bilen seretdi-de, Enes Fardawynyň bokurdagyndan demir deýin penjesi bilen berk tutup, ýokary göterdi: — Ýene-de men hakda bir söz aýtsaň, diliňi doňduryp syrtyňa sokaryn! Köşk durmuşy Gutulmyş üçin haýal hem gyzyksyz geçýärdi. Onuň bar işi Togrul begiň töweregindäki adamlara baha bermekdi. Elbetde, Gutulmyşyň hatyralaýan adamlary-da az däldi. Ol wezirler Abulkasym Buýanyny, özünden üç ýaş kiçi gaýynatasy Ahmet Dehistanyny, Hajyp Abdyrahman Agajyny, hajyp al-bab Kunduryny, ynak Dürnazary gowy görýärdi, olaryň soltana wepalydyklaryna ýürekden ynanýardy. Ýöne ol soltanyň ynagy Ýusup Bazyrganyny welin halamaýardy. Ýusup Bazyrganam ony halamaýardy. Ol Gutulmyşy soltandan görnetin gabanýardy. Gutulmyş oňa şübheli seredýärdi, päliniň düzüwdigine ynanmaýardy. Togrul beg welin: — Men Ýusuby telim ýola synagdan geçirdim. Ol meniň üçin ölmelem bolsa taýýar ýigit. Özem aşa sowatly. Arap, pars dillerini suwara bilýär. Ýunanlaryň dilinem çala bilýär — diýip, ony gowy görýändigini aýdýardy. — Haý, näme diýseňem-ä men munuň gözüni halamok — diýip, Gutulmyş öz pikirinden dänmedi. Gutulmyş ikinji ynal Peýkamy-da o diýen halamaýardy, ýogsam ol Peýkamy çagalykdan, oglanlykdan bäri tanaýardy. Peýkam Togrul bilen Çagrynyň uly uýasynyň ogludy. Peýkam aşa badyhowady. Soltanyň ýok ýerinde özüni soltanyň ýerine görkezjek bolup çytraşýardy. Onuň bu häsiýetini Togrul bilýärdi, ýöne nätsin, uýasy ogluny Togrula ynanypdy: — Ýegeniňi hor etmän, ýanyňda saklagyn. Togrul uýasyna söz beripdi. Gutulmyş goşun serkerdeleriň içinde Ärdem bilen Ýagysyýandan özgesine göwni ýetýärdi. Olaryň deňsiz-taýsyz serkerdediklerini, hersiniň onlap duşmana ýagydygyny, çensiz-çaksyz batyrdyklaryny, gaýduwsyzdyklaryny, mertdiklerini bilýärdi. Gutulmyş wezir Anuşirwan Tümeniň, emir Dodurga Merweziniň, Mübärek hanyň, Ysmaýyl müňbaşynyň wepadarlygyna düýrmegi bilen ynanýardy, olary şalygyň guwanjy hasaplaýardy. Goşunyň öňüne çykyp söz sözlände olary, başga-da köp sanly serkerdeleri: «Şalygyň Rüstem Zallary» diýip mahabatlandyrýardy. Olar şeýle mahabata mynasyp türkmen gahrymanlarydy! Ýöne Anuşirwan bilen Dodurganyň bir asgyn tarapy bardy: olar aýallary bilen kanagatlanmaýardylar, aýaklaryny «gyşyk basmagy» gowy görýärdiler. Megerem, bu ikisinde syrtlan çüki bar bolarly, bir gezek küwende bolan zenanlary soň olardan eger-eger aýrylmaýardy nirä barsalar, bäş-alty zenan olaryň elleriniň boşaryna garaşyp durandyr. Togrul-da, Altynjan-da olaryň heleýbazlygyny goýdurjak bolup birki gezek käýäp gördüler, ýöne iki serkerde bu endiklerini terk edip bilmediler. Megerem, bu «kesel» ýaşyň bir çene baraýmasa, aňsat-aňsat goýup bolmaýan kesele meňzeýär… On altynjy bap Seljuk goşuny gyşyň düşmegi bilen söweşi bes ederdiler, esgerleriň aglaba bölegine ýaza çenli öýlerine rugsat bererdiler. Olar obalaryna gidip, täze ýylyň ekinini ekip, goşuna dolanmalydylar. Gutulmyş gyşy öz yktasynda geçirip, baharda Reýe gelerdi, goşuna gelen esgerler bilen harby türgenleşik geçerdi. Türgenleşik her gün geçirilerdi. Oguz hanyň: «Der çyksa — gan çykmaz» diýen sözi goşunda şygardy. Şu şygar esasynda gara dere batyp türgenleşik geçýärdiler. Gutulmyş beg uzynly gününi türgenleşik meýdanynda geçirerdi. Soltanaty, şalygy edara etmegi üç ýylda kadaly ýola goýan Togrul beg goşunyň başyna geçipdi. Togrul beg goşunyny üç topara böldi. Birinji topar Çoruh deresinden aňyrdaky welaýatlary basyp almaly. Ikinji topar Kawkaz, Janik, Terjan, Sasun daglaryna we Erzinjan şäherine bakan gidip, ol ýerlerini seljuk şalygynyň tabynlygyna geçirmeli. Togrul beg birinji topara Ybraýym ynaly, ikinji topara bolsa Gutulmyşy serkerdebaşy belledi. Soltanyň özi üçünji topara baş bolup, Kars şäherine gitdi we ol şäheri eýeledi. Pasin sähralyklaryndaky birnäçe galalary seljuk şalygynyň tabynlygyna geçirdi. Beýleki iki topar hem köp ýerlerini seljuk şalygynyň tabynlygyna geçirdi18. Köp mukdarda olja, ýesir alyndy. Rum goşunynyň generaly Gagikiň serkerdeligindäki goşun iň soňky esgerine çenli gyryldy. Gutulmyş mydama Togrul begi synlardy, dogrusy, oňa gözi gidýärdi. Gözüň gitmezçe däldi. Beg aşa suhangöýdi. Ol esgerleriň öňüne çykyp sözlände-de, adaty gürrüňçilikde-de, ähli kişini özüne kökermegi başarýardy. Onda şeýle bir nazarkerdelik, mähribanlyk bardy, asyl onuň ýanyndan aýrylasyň gelmeýärdi. Ýanynda boldugyňça bolasyň gelýärdi. Oňa ýagşy görnesiň, onuň üçin ýagşydan ýagşy işleri edesiň gelýärdi. Ýöne bir düşnüksizlik bardy: Togrul beg goşunyň ýa-da serkerdeleriň öňünde söz sözläp, ähli kişini özüne kökerip durka, käteler, näme üçindir, Gutulmyşyň çakyzasy tutýardy. Gany depesine urup, gaharjaň bolýardy, sähelçe zat üçinem ýanyndaky adama gaharlanyp, onuň üstüne gygyrýardy. Soňky gezek gelşiksiz ýagdaý ýüze çykdy. Gyşyň gelendigi, esgerleriň öýli-öýlerine gitmelidigi, baharda gelmelidigi bilen baglanyşykly hoşlaşyk mejlisi geçirildi. Onda ähli kişi Togrul soltana hamdu-senalary aýtdylar, oňa uzak-uzak ýaş, mundan beýlägem şöhrat-şan dileg etdiler. Gutulmyş Togrul soltanyň gapdalynda otyrdy. Şonda ýeňsesinden ýuwaşja gülki sesini eşitdi. Görse, Ybraýymyň weziri Abu Aly. Gutulmyş ýaraly ýolbars ýaly bolup, onuň üstüne topuldy, çem gelen ýerine ýumruk saldy. Abu Aly görgüli gorkudan ýaňa sandyrap dur. Ybraýym bilen Togrul töwellaçy boldy. — Näme etdi ol? — Näme diýdi ol? Gutulmyş Togrulyň sowalyna-da, Ybraýymyň sowalyna-da jogap berip bilmedi. Näme üçindigini bilenok ol! On ýedinji bap Gutulmyş beg hoşlaşyk mejlisinden çykyp öz mülküne — Jürjana19 sary ýola düşdi. Gapydany Zehebi Temim ony bir menzil öňünden garşylady. Oňa köşkde ähli zadyň gowulykdygyny, mirasdar mälik Süleýmanşanyň kakasyna garaşýandygyny, bir günüň dowamynda «Babam haçan geler?» diýip telim ýola soraýandygyny habar berdi. — Galkyjaklaýarsyň welin, maňa aýtmadyk bir habaryň-a bar seniň?! — diýip, Gutulmyş ýaş gapydana soragly bakdy. — Dogry, patyşahy älemim. — Aýt, näme habaryň bar? — Patyşahy älemim, siziň göwnüňizden turar diýen niýet bilen biz size üýtgeşik bir sowgat taýýarladyk — diýip, gapydan şelaýyn gülümsiredi. — Nähili sowgat ol? — Ony öz kabulhanaňyza gireniňizde görseňiz gowy bolar diýip pikir edýäris. Gutulmyş öňki häkimiň öýünde ýaşaýardy, öýüni köşk diýip atlandyrýardy, köşkdäki ähli girim-çykymyň Togrul begiňkä meňzemegini isleýärdi. Onuň öz wezirleri, sahyplary, nedimleri bardy, kabulhanasynda tagtda oturýardy. Togrul begiň wezirleri nähili ýagdaýda, nähili tertipde oturýan bolsa, Gutulmyş hem öz wezirleriniň şonuň ýaly bolmagyny, şonuň ýaly oturmaklaryny talap edýärdi. Soltanatdaky jandarlar gapynyň ýanynda, tagtyň ýanynda, daşarda, dälizlerde nähili tertipde durýan bolsalar, Gutulmyşyň köşgünde hem şol tertipde durýardylar. Ol özüne «Patyşahy älem» diýip ýüzlenmelidigi hakda hiç kime görkezme bermändi, ýöne wezir-wekiller oňa şeýle diýip ýüzlenmegi kada öwürdiler. Gutulmyş olaryň bu ýüzlenmesine garşy çykyp durmady. Özem ol mejlisde Togrul beg deýin uzak oturmaga öwrenişjek bolýardy, ýöne uzak otursa, başy aýlanyberýärdi. Erdeşir mejlisde uzak oturyp ýadasa, ýerinden turup gerinýän eken, Kubat daş çykyp, uzak wagtlap asmana seredýän eken. Togrul gözüni ýumup, ýoglar deýin oturýar. Adam gözünden dynç alýar. Gutulmyş hem gözüni ýumup, pinek etmegi kada girizmek isledi. Ýöne başarmady. Şeýle bolansoň, ol mejlisi uzaga çekse, soňundan meýdanda atly gezim ederdi. At adamyň ähli ýadawlygyny aýyrmagy başarýardy. Gutulmyş öz oturýan tagtynyň arka ýüzüne Gurhany kerimiň Neml (Garynjalar) süresiniň kyrkynjy aýatyndaky: «Bu Perwerdigärimiziň maňa şükür edenimi ýa-da küfrany nygmat edenimi synamak üçin beren fazly merhemetindendir. Kim şükür etse, bes, elbetde, ol diňe öz (peýdasy) üçin şükür eder. Kim küfrany nygmat etse, bes, elbetde, Perwerdigärim (Onuň şükür etmeginden) bihajat we fazly-kerem eýesidir» diýen sözleri ýazdyrypdy. Tagtynyň arkasynda şu sözleri ýazdyrmagy Gutulmyş Arslan hana lebiz edipdi. Ol her gezek tagtynda oturmakçy bolanda Gurhandaky bu pähimi okaýardy. Kakasyny göz atuwynda janlandyrýardy. Kakasynyň küýseginiň amal tapandygy üçin Beýik Biribara çäksiz minnetdarlygyny bildirip, hamdu-sena okaýardy. On sekizinji bap Gutulmyş öz karargähine baranda üsti ýaşyl zerli mahhan mata bilen örtülen ullakan bir zady dört sany muzdar göterip içeri saldy. Getirilen zadyň üstündäki ýaşyl zerli mahhan matasy aýryldy. Ine, saňa gözüňe söweýin tagt! Beýle tagt diňe Togrul begde bar. — Togrulyň tagty ahyryn bu — diýip, Gutulmyş ör-gökden geldi. — Merhemetli Mälik, bu tagt Togrul begiň tagtyna gaty meňzeşdir. Ýörite meňzeş edildi, ýöne bu tagt Togrul begiň tagtyndan kän gymmatdyr hem kän owadandyr. Çünki munda Togrul begiň tagtyndakydan pöwrize daşy ýigrimi bäş karat köpdür. Biz bu tagty Togrul begiň tagtyny ýasan ussa ýasatdyk. Gutulmyş täze tagta geçip oturdy. Bu sowgat onuň hoşuna geldi. Tagtda oturdygyça oturasy geldi. Gapydan Zehebi Temim Gutulmyşyň öňünde tagzym edip, bir habarynyň bardygyny mälim etdi. — Merhemetli Mälik, indi iki aý bäri size bir mysapyr garaşýar. «Men Gutulmyş begiň iň ýakyn adamlarynyň biridim. Men onuň bilen hökman duşuşmaly. Eger rugsat berse, men ömrümiň ahyryna çenli onuň hyzmatynda boljak» diýensoň, biz ony öz ýanymyzda saklap ýörüs. Ol biziň hojalyk işlerimize kömekleşip ýör. — Süleýman bolaýmasyn? — Ýok, ol Süleýman däl. — Näçe ýaşlarynda? — Ol pygamber ýaşyna ser uran kişi. — Nireden gelipdir? — Kelejardan. — Nireden diýdiň? — Kelejardan, kyblaýy älemim. — Nirede ol? — Teblehanada. — Bar, derrew çagyr, gelsin! Gapydan karargähden çykyp gitdi. Gutulmyş beg uzak oturyp bilmedi. Onuň üçin Kelejardan gelen kişiniň kimdigi gaty möhümdi. Kimkä? Kutwalmyka? Ýok, ol zyndanda bolmaly. Onda kim? Elbetde, Kelejarda Gutulmyş bilen gatnaşyk saklan adam bir ýa iki däl, köp. Kim bolanda-da Kelejardan gelen kişi Gutulmyş üçin gaty gerekli. Ol, belki, Süleýman hakda anyk bir zatlary bilýändir?! Belki, kelejarly kişi maňa Süleýman hakda habar bermek üçin iki aýlap garaşandyr?! Gutulmyş uzak garaşyp bilmedi, ýerinden tarsa turdy-da, teblehana bakan ylgady, özüne bakan gelýän epeý kişini görüp, gözlerine ynanmajak boldy. Olar biri-birini görüp garsa gujaklaşdylar. — Sen dirimi? — Görşüň ýaly diri. — Gizlemäýin, bir zatlar bolandyr öýtdüm. — Bir zat däl, köp zat boldy. — Ýeke özüňmi? — Ýeke özüm. — Hany olar? — Olar aýatda ýok. — Wa-hasrat-a. — Olary meniň üçin öldürdiler. Men gaçdym. — Sen nädip meni tapdyň? — Musulman dünýäsiniň sizden başga gürrüňi ýok ahyryn. Onsoň seniň Gürgende ýurt tutunandygyňy eşidip, göni şu ýere geldim. Asylly hyzmatkärleriň bar eken. Olar meni ýuwundyrdylar, geýindirdiler, adam sanyna goşdular. Olar meniň adymy-da soramadylar. Ählisi dilleşen ýaly maňa «Kelejary» diýip ýüzlenýärler. Indi men bu ada öwrenişdim. — Onda, goý, mundan beýlägem adyň Kelejary bolsun. — Goý, şeýle bolsun! — Hany, başdan geçirmeleriňi gürrüň ber. — Sen ýadap geldiň. Ilki birki hepde dynjyňy al, soň geregiň gürrüň bolsun. — Süleýmanyň nirededigini bilýärsiňmi? — Ynan, men hiç zat bilemok. Men hemme zady senden sorap bilerin diýip geldim. — Wah, dogan, meniňem bilýän zadym ýok. Hiç zat bilemok. Kelejara ýörite adam ýolladym. Olaram Süleýmanyň nirededigini anyk bilmän geldiler. — Jany sagmyka beri?! — Öz-ä jany sag ýaly. — Süleýman näme üçin seniň ýanyňa gelmeýärkä? — Wah, bilemok-da. Ine, meni örteýän sowal… Mundan buýanky maksadyň näme? — Ugur-utgamy ýitirdim, maňa özüň eýe çyk, men seniň hyzmtyňda bolaýyn. — Sen meniň yktalarymdaky etraplaryň birine häkim bol. — Ýok, ýok, men senden aýry bolmaýyn. — Meni görseň, geçen günleriň, çagalaryň ýadyňa düşer, bozularsyň. Menden daşrakda bol. Barybir, men seni hiç zada hor-zar etmerin. — Meni kowma, Gutulmyş. — Seni kowup bolmaz. On dokuzynjy bap Giç hem bolsa halyf tarapyndan birbada iki sany hormatly adyň dakylmagy Gutulmyşy begendirdi. Dogrusy, ol bu ady gaty köpden bäri küýsäp ýördi. Ol özüne at bermek halypalygyň ýadyndan çykandyr öýdüpdi. Görüň-ä, halypalygyň ýadyndan çykmandyr. Jürjanlylar öz häkimine berlen hormatly ada guwandylar. Bagdadyň halyfy Jürjana özüniň on sany wekilini ugratdy. Halyfyň wekilleri şäheriň gündogaryndaky çar bazarynda dabaraly mejlis geçirdiler, şol dabarada halyfyň ynanç hatyny okadylar. Halyfyň ynanç hatynda Gutulmyş begiň musulman halklaryň arasynda dini wagyz etmekdäki bitiren hyzmatlaryna, Gurhany, fykhy, sünneti, kelamy düýpli öwrenendigine, şol öwrenen ylymlarynyň esasy birle musulman dünýäsinde köp-köp sogap amallary edýändigine ýokary baha berilýärdi. Şeýle hem onuň kapyrlary musulmana öwürmek boýunça alyp barýan işleriniň ýalkanjakdygy, täze musulman döwletiniň berkararlygyny berkitmekdäki, döwleti edara etmegi kämilleşdirmekdäki hyzmatlary aýratyn nygtalýardy. Halyfyň Jürjana gelen on wekiliniň ýolbaşçysy musulman dünýäsindäki bitiren we bitirýän hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Gutulmyşa halyfyň «Mälik Şyhabeddöwle — Döwletiň ýyldyzy», «Şyhabeddin — Diniň ýyldyzy» diýen hormatly atlary berendigini mälim etdi. Gutulmyş beg köşgüne gelende hataran duran esgerler: «Mälik Şyhabeddöwle!» «Mälik Şyhabeddin!» diýip birsyhly gygyryp gaýtaladylar. Gutulmyşyň permany bilen Jürjan derýasynyň iki tarapynda hemem iki ýerinde — köşkde, bazarda şäher ilatyna bir hepdeläp sadaka berildi. * * * Gürgen (Jürjan) şäherini Gürgen derýasy iki bölege bölýärdi. Gutulmyşyň köşgi şäheriň Bekrabat diýlip atlandyrylýan böleginde ýerleşýärdi. Gutulmyş özüne goýulýan hormatdan çäksiz lezzet alýardy. Özi hakda hoş sözleriň köpräk aýdylmagyny isleýärdi. — Patyşahy älemim, siziň Genjede gazanan ýeňşiňiz ýaly ýeňşi entek dünýä ýüzünde ýekeje-de patyşa, ýekeje-de serkerdebaşy gazanan däldir. Ol ýeňşi diňe siz gazandyňyz. Siz adaty patyşa däl. Siz Allatagala tarapyn halatly patyşa. Siziň bilýän ýyldyz ylmyňyzy ýekeje patyşa bilmeýär — diýip, gapydan Zehebi Temim galkyjaklady. — Jürjanda oturşyňa, Genjedäki söweşi nädip eşitdiň? — diýip, Gutulmyş Zehebi Temime guwanç bilen seretdi. — Ýedi yklym diňe Genje ýeňşiniň — Gutulmyş ibn Arslan ýabgu Ysraýylyň waspyny edýär, patyşahy älemim. — Kapetru galasynyň ýanyndaky ýeňşimiz hem Genje ýeňşinden kem bolmady. — Allatagala ömrüňizi uzak, janyňyzy sag, işleriňizi mydama küşat, ýeňişleriňizi şöhratly etsin. Biz, Mälik Şyhabeddöwle, siziň adyňyz, siziň pasylatyňyz birle ýaşaýandyrys. Rum serkerdebaşysynyň siziň barlygyňyzda ýesir alynmagy hem biziň depämizi gök diretdi. Ýigriminji bap Ýyllar çalt geçýärdi. Ir ertirden giç agşama çenli Gutulmyşa öz patyşalygyny dolandyrmak ýeterlik hossa bolýardy. Ol patyşalygynda düzgün-nyzamyň berk bolmagyny emeldarlaryndan talap edýärdi. Hut şonuň üçinem bazarlarda adam öldüren, garakçylyk eden jenaýatçylar görene göz edilip, berk jezalandyrylýardy, dardan asylýardy. Her hili meseleler ýüze çykýardy. Ol meseleleri günübirin çözmelidi. Gutulmyş «Bu günki işiňi ertire goýmaly däl. Sebäbi ertir seniňki däl. Seniň üçin ertiriň boljagy-da belli däl. Seniň ygtyýaryňdaky barlyk — şu gün. Diňe şu günüň bilen ýaşa» diýen pikire uýup ýaşaýardy. Ýöne ertirki gün özüniňki däldigini bilse-de, ol ertirki günüň aladasyny edýärdi. Gutulmyş özüniň dowamatynyň bolmagyny, patyşalygyny ogly Süleýmanşanyň dowam etdirmegini isleýärdi. Onuň ulalaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Atabeglerden oglunyň nämeleri öwrenendigi, nämeler bilen gyzyklanýandygy barada her gün soraýardy. Atabegleriň Süleýmanşanyň üşüklidigi, akyllydygy, başarjaňdygy, höküm etmegi gowy görýändigi, gylyçlaşmak, göreş tutmak küýseginiň uludygy baradaky habarlaryny kanagatlanma bilen diňleýärdi. Ol bäş ýaşyndan başlap, ogly Süleýmanşany köşkdäki kabul edişliklerinde, geňeşlerde ýanynda oturtmaga başlady. Süleýmanşanyň borjy kakasynyň adamlary kabul edişini, olar bilen edýän gürrüňlerini, çykarýan permanlaryny görmekdi hem akyl eleginden geçirmekdi. Gutulmyş Jürjan derýasynyň kenarynda hem Dinar dagynyň beýik gullasynda, Ekizekler ýyldyzlarynyň arasynda özüne ýörite aramgäh gurdy. Ol tomus paslyny şol aramgähinde geçirýärdi. Bu ýeriniň howasy eşretdi. Gutulmyş gullada aramgäh guran ussalara soň şäheriň Bekrabat diýlip atlandyrylýan böleginde kaşaň metjit gurmagy tabşyrdy. Bu barada Togrul bege habar ýollady. Ol her anna güni namazşamlar wezir-wekilleri, ogly Süleýmanşa bilen metjidiň gurluşyna syn edip gaýdýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |