09:35 Sahypkyran Gutulmyş beg -18/ romanyñ dowamy | |
Otuzynjy bap
Taryhy proza
Sünbüläniň ýagdaýy aýsaýyn agyrlaşýardy, ol gijelerini aglap geçirýärdi. Gutulmyş beg onuň ýanyna töwellaçy barýardy. Olaryň aralarynda şol bir sözler gaýtalanýardy: — Goýsana, Sünbüle, aglamaňy. Biz gijem bolsa maksadymyza ýetdik ahyryn. — Wa-hasrat-a, Gutulmyş, menem şu güne çenli diňe bir maksat bilen ýaşadym. Ol hem saňa gowuşmak maksady. Şu pikir gije-gündiz aňymdam aýrylmady. Men tas her gün diýen ýaly uly ýygyn bilen baryp, meni halas etjek günüňe garaşdym. Ýöne men, özüm bilmezden, başga bir ojakda kök uran ekenim-ä. Iki sany hajyrow oglum bardy. Zorluk, gözýaş, sütem — jogapsyz galmaýan eken. Bahadur han hem maňa eden sütemi üçin jezasyny çekdi. Bir gije näbelli kişiler onuň sag goluny çapyp gitdiler. Ol maýyp boldy: galan ömri düşege baglandy. Ýalňyşypdyryn, Gutul, ýalňyşypdyryn. Ýyllar meni Bahaduryň ojagyna örkläpdir. Özem juda gaýym örkläpdir. Indi men şol ojagy unudyp bilemog-a. Öň seni ýatlan bolsam, saňa gowşup indi men diňe ojagymy, adamym Bahadury, ogullarym Salyh bilen Muhammedi ýatlaýaryn. — «Adamym Bahadury» diýen sözi meniň ýanymda aýtma. — Ýatan ýeri ýagty bolsun!.. Gutulmyş nämedir bir zat aýtjak boldy, ýöne saklandy. Oňa derek Sünbüle gürledi: — Sen meniň ogullarymy-da öldürtdiňmi? — Sünbüle, men ganhormy? — Ýok, sen ganhor-a bolmaly däl, seniň röwşen kalbyň bar. — Ogullaryň öýde ýok eken-ä. — Dogry, ogullarym öýde ýokdy. Olar garahanlylarda gullukda. — Sünbüle hünibirýan aglamaga başlady. — Dowla düşme, Sünbüle. — Wa-hasrat-a, Gutul, başaramok. Meni goýber. Men öýüme gideýin. — Näme diýýäniňi gulagyň beri eşidýärmi? Indi men seni hiç ýerik goýbermerin. Galan ömrümizi bile geçireris. Aýt, kem zadyň barmy? — Göräýmäge, kem zadym ýok, ýöne öýüm aňymdan aýrylanok, öýüme gidesim gelýär, öýümi küýseýärin. — Ol ýaşan öýüňde näme bar? Äriň-ä aýatda ýok.ö — Dogry, şonda-da öýüme gidesim gelýär. — Meni taşlap gidiberjekmi? Bütin ömrümize ikimizem birek-birege gowuşmagy höwes etdik. — Dogry. — Dogry bolsa, onda bu heleý gürrüňleriň näme?! Indi maňa beýle gürrüň etme. Sünbüle kaýyllyk bilen aşak bakdy. — Daşymdan pyrlap aýlaýynmy? — Ýok, ýok, soň başym aýlanyp, aňsat-aňsat özüme gelip bilemok. — Atly seýrana gidelimi? — Aý, ýok, hiç ýerigem gidesim gelenok. — Eger göwnüň bir zat islese, çekinmegin, göni aýtgyn. Sünbüle baş atdy.Otuz birinji bap Togrul soltandan perman alan Gutulmyş beg ýigrimi müň atly bilen Demir derwezä25 sary ýola düşdi. Alabahar bolansoň, ýagyş köp ýagýardy. Esgerleriň ählisiniň penalanmagy üçin amatly bir zat tapmak aňsat däldi. Ýagyş gazabyna tutsa, esgerler obalara siňip, ýerli ilatyň öýlerinde düşlemeli bolýardylar, ýöne ýerli ilatda-da üstünden ýagyş geçmeýän tünekler, öýler örän seýrekdi. Esgerler ýagşyň köp ýagmagyny öz ýörişleriniň has düşewüntli boljakdygyna ýorýardylar. Iki ýüz — dört ýüz atlydan ybarat bolan aňtawçy toparlar esasy goşundan iki-üç menzil öňden barýardy. Olar esasy goşunyň işini ýeňilleşdirýärdi: baran ýerlerinde seljuk goşunynyň ýetip gelýändigini habar berýärdiler, galalaryň, etraplaryň häkimleri bilen gepleşikler geçirýärdiler, ylalaşyk gazanýardylar. Togrul soltan deýin, Gutulmyş beg hem aňtawçy topara aýratyn ähmiýet berýärdi. Çünki aňtawçy topar güýçli, başarjaň, suhangöý bolanda, onda iki ýüz aňtawçy on müň atly goşunyň bitirip bilmejek işinem bitirýärdi. Esasy zat, barlanan ýerde gelýän goşun hakda berilýän mahabatly habara bagly. Esasy zat saňa ynanasy gelmeýän adamlary ynandyrmagy, olaryň ýüreklerinde howsala, wehim, gorky döretmegi başarmakda. Aňtawçy topar diňe bir bu işleri etmek bilen çäklenmän, eýsem goşunyň nirede düşlejegini, haýsy ýol bilen gitjegini kesgitlemelidi. Şeýle hem goşunyň naharlanmagy üçin ýerli ilatdan azyk satyn almalydy. Gutulmyş begiň başky maksady Kazwin ýoly bilen Töwrize ýa-da Erdebile barmakdy. Ol ýerdenem Dwine ugramakdy. Diňe bir kötel dag geçitlerinden geçmek däl, ol Araks derýasyndan nädip geçjegine çenli öňünden ölçerip-döküpdi. Derýalardan geçmek üçin sal ýasaýan ýörite hünärmenler topary bardy. Eger Töwriz tabyn edilse, onda Erdebiliň Hazar aralykda üzňe galjakdygyny, soňundan ony boýun egdirmegiň müşgil düşmejekdigini aňynda aýlan Gutulmyş başda Töwrizi boýun sundurmagy maksat edindi. Aňtawçylar topary Töwriz häkiminiň boýun sunmak islemändigini habar berdi. Şondan soň Gutulmyş Togrul begiň harby tilsimini peýdalanmagy makul tapdy. Hüjüm etmäge howlukmady. Şäheriň galasynyň daşyny gabap, töwrizlileriň mugyra gelerine garaşdy. Wagty boş geçirmezlik üçin galanyň daş-töweregindäki galalary, obalary basyp almaga başlady. Ilki Suhanguly, Dyzlar galalaryny, soňra Töwriziň demirgazygyndaky Mardanim galasyny, günbatardaky Küzenokan galasyny fetih kyldy26, köp sanly ýesir alyndy. On bäş güne çeken gabawdan soň töwrizliler mugyra geldiler, «Yhlas» kelemelerine gygyryp, özleriniň boýun egýändiklerini, aman isleýändiklerini öwran-öwran gaýtalap, galadan çykdylar. * * * Gutulmyş bu ýörişde tebigatyň gaty üýtgeşik ýerleriniň üstünden bardy. Köp obalarda düşläp, şol obalaryň däp-dessurlary bilen tanyşdy. Ol öňdenem millet ylmynyň üsti bilen köp zatlary bilýärdi. Bu ýörişde ol millet ylmy boýunça bilýänleriniň üstüni ýetirdi. Ýesir alnan kah, ker, ermeni, jawah, mesh, taoý, dadian, abhaz, jiki, durzuk, osetin esgerlerini jezalandyrjak bolman, azatlyga goýberdi. Ol kwedrula diýilýän gürji aýdymlaryny halady. Gürjüleriň köpçülik bolup aýdýan krimançuly, saçak başynda aýdýan suprul aýdymlaryny-da türkmenleriň gurakçylygyň bolandygy sebäpli Alladan ýagyş ýagdyrmagyny diläp ýerine ýetirýän «Ýagmyr ýagdyr, soltanym» resimine meňzeş mazarobasy-da, türkmen gylyjyna meňzeş gwelispirul gylyjyny-da, ýewropa gylyjyna meňzeýän frangul gylyjyny-da, Marula diýlip atlandyrylýan at çapyşygyny-da halady. Är men diýen ady göterýän ermenileriň däp-dessurlary-da Gutulmyşyň göwnünden turdy. Otuz ikinji bap Araks derýasy Jeýhun derýasy deýin uly derýady. Ondan geçmek aňsat boljak däldigi äşgärdi. Derýanyň aňyrsynda diňe bir gürjüler däl, jiklar27, dzurdzuklar28 hem uly leşger bilen söweşe taýýar bolup durdylar. — Serediň olaryň sagdaklaryndan görünýän oklaryň köplügine! Olar bizi derýadan geçip ugranymyzda ok atyp heläk ederler — diýip, emir Abu Buga Gutulmyş bege derýanyň aňyrsyndaky hataran duran dzurdzuk esgerlerini görkezdi. — Onda, ilki bilen, olaryň sagdakdaky oklaryny ýok etmeli! Emir Abu Buga Gutulmyş hana soragly bakdy: — Nädip? — Onuň çykalgasyny oýlansak taparys. Maksat düşnükli: derýanyň aňyrsyndaky leşgeriň oky kän, özlerem depede durlar. Olaryň üstüne göni hüjüm etmek — göni ajala barmak. — Gämilerimiziň üstüne ok geçmez ýaly öl keçäni saýawan-galkan edeliň — diýip, emir Abu Buga aýtdy. — Barybir, hatarly. — Her gämide näçe adam ýerleşip biljek?! — On bäş. Gutulmyş beg uzynly gün oýlanyp, täze bir tilsim ulanmagy makul tapdy. Ol özüniň tilsimini hiç kime açyk aýtmady, ýöne ol iki ýüz gaýygy derýanyň aňry kenaryna geçmek üçin üstüne saýawan ýaly edip öl keçe ýapmagy tabşyryk berdi. Garaňky gatlyşansoň Gutulmyş han derýanyň akymynyň ugry bilen at gaýtarym uzaklyga gitmegi we şol ýerde derýa girip, akyp gelýän peýkamlary ýygnap almagy tabşyrdy. Gutulmyş han ýarygije her gämä iki-üç esger oturtdy, hersiniň etmeli işlerini anyk tabşyrdy. Olar aňyrky kenara ýakyn barmaly däldiler. Gämileri kürekläp ok ýeter ýakynlykda saklanmalydylar. Maşallaryny otlap, çirkin-çirkin gygyryp, özleriniň uly howp bolup gelýändigi bilen gürjüleriň, jyklaryň, dzurdzuklaryň zährelerini ýarmalydylar. Gutulmyş begiň çaky boýunça aňyrky kenardakylar seljuklylaryň üstüne ok atyp ugramalydy. Gämidäkiler ok atylmasy gutarýança — leşgeriň oklary gutarýança, hernäçe kyn ýagdaý bolsa-da, aňyrky kenara ýakyn aralykda saklanmalydylar, soňam akymyň ugry bilen ýüzmelidiler, ellerindäki maşallaryny taşlamalydylar. Derýanyň aňyrsyndakylaryň ähli gämidäki seljuklylar öldürildi diýip pikir etmegi gerekdi. Gutulmyş begiň çak edişi ýaly boldy: iki ýüz gämi kenara ýakynlaşanda üstüne ok çabga deýin guýlup ugrady. Ýokarda ok geçmez ýaly gat-gat öl keçe bolsa-da, aman galmak aňsat düşmändi. Çabga deýin ýagýan oklar öl keçelerden — galkanlardan parran geçip, gämidäkileriň tas ählisini diýen ýaly heläk eýläpdi. Tilsim bilen gürjülerden alnan peýkamlar Gutulmyş begiň esgerleriniň bir ýylyna ýetipdi. Ol oklar üç ýüz düýä ýük bolupdy. Akymyň at gaýtarym günbatarynda derýanyň daralýan ýerinde Gutulmyşyň esgerleri soltan Mahmydyň usulyny ulanyp, gämileri hataran goýup, aňyrky kenara geçiripdiler. Oguz hanyň sabahun söweş tilsimi bilen sabada — hiç kim duýman durka, köp esgerler süýji ukudaka gürji leşgeriniň üstüne aždarha bolup topulypdylar. ...Bäş ýyla çeken teshyr eýleýişde her hili ahwalatlar döräpdi. Bäş ýyl Gutulmyş begiň ömrüniň iň şöhratly sahypasy boldy. Onuň bäş ýyldaky bitiren ägirt uly işlerini taryhçylar bir oýnam sözlem bilen beýan edipdirler. «Soltan Togrul beg Şyhabeddöwle Gutulmyş ibn Ysraýyl ibn Seljuga Ermenistan bilen Azerbaýjanyň dagly ýerlerini almagy tabşyrypdy, ol hem şol ýerleri eýeledi. Ol araplaryň emiri Kuraýş ibn Badran ibn al-Musaýyp ibn al-Mukallat al-Unaýlydan Mosul şäherini we Diýar-Mudar welaýatynyň degresini aldy». Al-Huseýni, «Zubdat at-tawaryh» (taryhlaryň gaýmagy). Otuz üçünji bap Gutulmyş beg Astrabatda ýaz, tomus pasyllaryny geçirmegi gowy görýärdi. Bu ýerdäki her hili ir-iýmişler, ümürsin baglyklar onuň hoşuna gelýärdi. On ýylyny Gürgende geçiren Gutulmyş mälik Reý şäheriniň ýakynyda bolmak maksady bilen Astrabada göçüp bardy. Şol şäheri paýtagt edindi. Şondan soň ol öz tabynlygynda bolan Dehistan, Saryýa, Mazenderan, Şaluş şäherlerinde-de öz köşgüni edindi. Ol ömrüniň soňky üç ýylyny Saryýada, bir ýylyny Şaluşda, ýedi ýylyny Mazenderanda geçirdi. Şeýle ajaýyp ülkä Tabarystan, ýagny palta ýurdy diýilmegi Gutulmyş begi geň galdyrýardy. Oňa bu adyň gelip çykyşy bilen baglanyşykly rowaýaty gürrüň berdiler29. Gutulmyş beg şeýle gözel ülkäniň şeýle at götermegini unamaýardy. Bu ýerlere has owadan at berilmegini isleýärdi. Ol Tabarystanyň daglyk sebitdigine seretmezden, köp ýerlerine aýlanyp çykypdy. Tabarystanda sekiz etrap bardy. Gutulmyş her ogluna iki etraby miras galdyrmak isleýärdi. Onuň Süleýmanşadan başga-da üç ogly bardy. Ikinji oglunyň ady Mansur, üçünji oglunyň ady Alilik, dördünji körpe oglunyň ady Döwletdi. Ol ogullaryny gowy görýärdi. Nirä gitse, olary ýanyndan aýyrmaýardy. Ýöne ol, köplenç, Reýde Togrul soltanyň ýanynda bolmaly bolýardy. Soltan köp meseleleri Gutulmyş beg bilen maslahatlaşyp çözmegi gowy görýärdi. Otuz dördünji bap Gutulmyş beg çagalarynyň köp wagtyny ylym-bilim öwrenmäge sarp etmeklerini atabeglerinden talap edýärdi. — Patyşa juda köp zatlary bilmelidir — diýip, Gutulmyş beg zol-zol gaýtalaýardy. — Siziň röwşen geljegiňiz bar. Siz külli musulmanlaryň patyşalary bolarsyňyz. Şonda ýanyňyza gelen ulamalar siziň sowatlylygyňyza haýran galsynlar. Resultegin agasyna garşy çykardy. — Dogan, çagalaryňa ylym öwretme. Ylymda terkidünýälik bar. Ulamalaryň içinde patyşa bolanynyň ýokdugyny görüp ýörsüň. Seniň ogullaryň asylzada-begzada neslinden. Sen bulara ylym öwretdigiňçe bularyň patyşa bolmak islegleriniň azaljakdygy hakda oýlan. Ylym adamlary terkidünýä edip, hökümdarlyk küýseginden daşlaşdyrýar. Ylymda gorkaklyk bar. Köp zada akyl ýetirýän kişi töwekgellik etmez. Ol ähli zada gorka çemeleşer. Patyşalyk — töwekgellik, ulamalyk — gorkaklyk. Gorky — jellat, ol umytdan öňde ýöreýär. Ol umyda badak salýar, hiç iş etdirmeýär. Sen näme üçin seljuklylaryň patyşasy bolmadyň? Sebäbi sen aşa sowatly. Sowatlylyk hem seniň gursagyňa gorky salypdyr. Gutulmyş doganynyň, özgäniň pikirine gulak gabardyp ýaşamady. Galan ömrüne-de diňe öz pähiminiň emri boýunça ýaşar. Ol Resulteginiň özüne akyl bermesini halamady. Ikinji ogly Mansuryň käbir diwan hatlaryny öwrenmek islemeýändigi barada özüne garşy çykmagyny hem ol Resulteginiň ýaramaz täsiri hasaplady. Araplar öz basyp alan ýerlerine yslam dini bilen birlikde, arap elipbiýini-de girizipdi. Yslamyň ilkinji döwürlerinde dört hili diwan haty işlenilipdi. Mekge haty, medine haty, basra haty we küwfe haty. Horasanda küwfe haty ýaýrap başlapdy. Küwfe haty soň ornuny nash hatyna beripdi. Gündogar ýurtlarynda nash hatynyň esasynda birnäçe diwan hatlary döredilipdi. Sunbuli, suls, ijazet, reýhany, diwany-jeli, taglyk, nastaglyk, şikeste, rukga hatlary has ýörgünli bolupdy. Bu diwan hatlarynyň içinde nash bilen nastaglyk diwan hatlary has köp ulanylýardy. Nastaglyk aslynda nash hem taglyk diwan hatlarynyň esasynda döräpdi. Gutulmyş ogullaryndan bu diwan hatlaryny bäş barmagy ýaly bilmegi talap edýärdi. Mansur ol diwan hatlarynyň birnäçesiniň eýýäm ulanyşdan galandygyny, şonuň üçinem olary öwrenmegiň zerurlygynyň ýokdugyny, olary düýpli öwrenmegiň ulamalaryň işidigini aýdypdy. Mansuryň bu sözüni Gutulmyş biçak ýokuş görüpdi. Şonuň üçin ony öz ýanyndan daşlaşdyrmagy ýüregine düwüpdi. Goý, Tabarystanyň etraplarynyň birinde häkimlik etsin. Sekiz ýaşly Mansur ýeke gezek gürlänligi üçin Şaluş şäherine ugradylypdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |