09:38 Sahypkyran Gutulmyş beg -19/ romanyñ dowamy | |
DÖRDÜNJI KYSSA
Taryhy proza
IÇKI DARKAŞLAR Birinji bap 1055-nji ýyl. Şyhabeddöwle soňky ýyllarda Apbasy halyfy Kaýym Bemryllah bilen dawalaşýan Besasury lakamly Arslan Türkmen hakda köp gürrüň eşidýärdi, onuň diňe halyfyň başyndan däl, öz başyndan hem musallat bolup injekdigi barada welin, pikir hem etmeýärdi. Durmuş — hökmürowan. Ol bendesini öz islegi boýunça ýaşadýar. Besasury Gutulmyşyň ýanyna salama geldi. Ol wagt onuň möminler emiri bilen gatnaşygy doly kesilmändi. Ol halyfyň salamyny gowşurdy. — Merhemetli Şyhabeddöwle! Men siziň ýanyňyza towakga bilen gelmedim. Ýok, ýok. Meniň bar maksadym asylzada Şyhabeddöwläniň mübärek peýkerini görmek hem ýüzüme sylmak. Seljuklylar Beýik Perwerdigäriň saýlan hem sylan bendeleridir. Özümiň size çäksiz hamdu-senamyň hem tabynlygymyň, hormatymyň alamaty hökmünde getiren hedýelerimi kabul ediň! Besasury howlukmaç gelşi ýaly, getiren köp sanly hem dürli hedýelerini tabşyryp, howlukmaç hem gidipdi: «Eý, Hudaý, bu ýigit enesiniň garnynda dokuz aýlap ýatmaga nädip sabyr tapdykan?» diýip, Gutulmyş beg Besasurynyň howlukmaçlygyny geňläpdi. Ol ýalňyşmandy. Besasury ene garnynda-da dokuz aý, dokuz gün ýatmandy, ýedi aýlykka dünýä inipdi. «Ýedi aýda doglan çagalaryň ýekejesem bihal däldir» diýip, Arslan Besasury käteler magtanýardy. Ol özüniň çepbekeýligi bilen-de magtanýardy. Beýik mertebeli kişileriň, patyşalaryň galabasynyň çepbekeýdigini aýdardy. — Siz hem çepbekeý bolmaly? — diýip, Besasury Gutulmyşa köpmanyly ýylgyryp bakdy. Gutulmyş dymdy. Hakykatdan hem ol çepbekeýdi, ýöne ol bu hakda Besasura, näme üçindir, aýtmak islemedi. Arslan Besasury Gutulmyş begiň ýanyna gelip gidenine ýarym ýyl geçeninden soň, ol hakdaky gürrüňler musulman dünýäsine doldy. Besasurynyň kunýasy Arslan Abulharys Besasury Türkmendi. Ol Bahaweddöwläniň gullaryndandy. Ondan öň Arslan Besa şäherinde bir adamyň guludy. Halypa Kaýym Bemryllah ony ýanynda saklap, bilim hem terbiýe berdi. Arslan üşüklidi, akyllydy, özüne çekijidi hem suhangöýdi. Onuň bu sypatlary halypanyň hoşuna gelip, oňa yhlas ýalkawyny bildirdi. Ony özüne ýakynlaşdyrdy. Soňabaka halypa Arslansyz hiç bir iş etmedi. Arslan Besasury Halypa Kaýym Bemryllahyň türkmen esgerleriniň goşunbaşysy derejä ýetdi. Halypa ony mertebeläp Mälik Muzaffar lakamyny berdi. Horlugy çekmegi her kimse başarýar, ýöne mesligi welin, her kimse çekip bilmeýär. Mesligi men-men diýen ärlerem, köplenç, çekip bilmän azýarlar. Mesligi göterinip bilmek ýaly ýowuz dert ýok bolsun. Meslik depeden şaglap inen harasada meňzeýär. Ol seniň erk sallaryňy wes-weýran eýleýär... Halypanyň hormaty Arslan Besasuryny-da azdyrdy. Neneň azmasyn: näme diýse, bitip dur, öňünde dyza çöküp tagzym edýärler. Garşysyna çykyp biljek adam ýok. Baýlyk köp. Hormaty, mesligi göterinip bilmedik Besasury halypanyň elinden ähli ygtyýarlaryny alyp, ony oýnatga öwürmek isledi. Netijede bolsa, oňşuksyzlyk ýüze çykdy. Besasury «suw meýilli» Ybraýyma Togrul begi, şeýle hem Müsürdäki, Bagdatdaky halyfatlyklary ýok edip, täze şalyk, täze halyfat döretmegi teklip etdi. Ikirjiňlenýändigini duýup, onuň soltan boljakdygyny, eýýäm halyfyň ony soltan diýip ykrar edendigini nygtady, şeýdibem onuň razylygyny gazandy. Şondan soň Ybraýymyň erk-ygtyýar jylawy Besasurynyň eline geçdi. Besasury halypalykda mydama asly türkmenlerden bolan gulamlaryň saklanandygyny, öz ömrüniň hem halypa Kaýym Bemryllahyň ýanynda geçendigini, Gurhany kerimi, fyth, kelam ylymlaryny, yslam amalyýetini bilmekde dar-as-yslamda özünden ökdäniň ýokdugyny, Apbasy halyfatynda-da, Fatymy halyfatynda-da abraýynyň biçak ýokarydygyny tekrarlady. Ol Ybraýyma iberen ilçisinden Gutulmyş hakda-da maglumat bilmek isleýändigi, eger Togrul begiň garşysyna üç bolup birleşilse, işleriň has rowaçly boljakdygy, Çagry begiň hem özlerine garşy çykmaga ejiz geljekdigi barada nygtaýardy. Ýöne Ybraýym bu söwda Gutulmyşy goşmak islemeýärdi. Ol sarygetirme keseline ýolugansoň Çagry begiň Merwden çykmaýandygyna, Togrulyň hem burny ganama keseliniň soňky döwürler aşa köp gaýtalanýandygyna arkaýynlanýardy. «Olar indi uzak ýaşamaz» diýip nygtaýardy. Ol Besasurynyň öz üstünden agalyk etmegini asla islemeýärdi. Elinden gelse, onuň özi agalyk etmekçidi. Dogrusy, ol Togrul begiň ölümine gününi sanap garaşýardy. Eger Togrul beg ölse, onuň ýerine özi geçmekçidi, ol tagta geçmegine hiç kimiň päsgel berip bilmejekdigine ynanýardy. Ýöne özüniň bu maksadyna gowuşmagynda Gutulmyşy garşydaş hasaplaýardy. Gutulmyşyň bolşy Ybraýymy biçak geň galdyrýardy. — Gutulmyş näme üçin soltan bolmak üçin ymtylmaýar? Ol Mazenderan hem Tabarystan welaýatlary bilen nädip kanagatlanyp bilýär? Ybraýym Gutulmyş beg bilen dostana gatnaşýardy, ýöne onuň Sermaj galasynda: «Bähbit üçin mezhebini çalşyp bilýän messepsizleri men öňem halamaýardym, häzirem halamaýaryn, galan ömrüme-de halaryn öýdemok» diýen otlukly sözleri aňyndan teý çykaryp bilenokdy. Ýeri gelende şol sözler üçin ar almak isleýärdi. Amatly pursadyň döremegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Gutulmyş welin, ony özüne garşydaş hasaplanokdy. Oňa ýeterlik üns-de bermeýärdi. Ine, bu bolsa Ybraýyma otly köýnek geýdirýärdi. Iň agyr jeza üns bermezlik eken. Ikinji bap Togrul soltan şenbe güni Altynjan hatyn bilen Ar-Ratl serhowzunyň ýanyna darbazlaryň oýnuna tomaşa etmäge geldi. Olaryň ýanynda wezir-wekillerden başga halypanyň goşunbaşysy Arslan Besasury Türkmen hem bardy. Ol kelteräk boýly, dolmuş, owadan gözli, owadan ýüzli nurana kişidi. Oturyp-turşundan, söz urşundan, hereketlerinden çen uranyňda onuň durşuna dogumdygy, garadangaýtmazdygy, gorky-ürkini bilmeýän batyrdygy, hyjuwlydygy, gujurlydygy, pähimlidigi, akyllydygy, köpi gören, köşk terbiýesini alan ýigitdigi duýulýardy. Arap, pars dillerini türkmen dilini bilşiçe bilýärdi. Arslanyň Togrul soltana ýaranmak üçin aşa yhlas edýändigi duýulýardy. Ol suhangöýdi. Her hili gülküli wakalary gürrüň berip, soltany güldürmäge çalyşýardy. Soltanyň hezil edip gülýändiginden gylawlanýan Arslan Türkmen gowudan gowy sözleri tapýardy. Ybraýym ynal Arslanyň agzyndan çykýan her bir sözi aňkarylyp diňleýärdi, üznüksiz gülýärdi. Arslan nirä barsa, Ybraýym onuň yzyndan galmaýardy. Diňe bir Ybraýym däl, Arslan Türkmene, onuň aýdýan sözlerine maýyl bolanlar başga-da az däldi. Arslan Türkmen karydy, Gurhany ýatdan bilýärdi. — Külli musulmanlaryň Gurhany kerimi näme üçin arap dilinde bolmaly? Muhammet alaýhyssalamyň milletiniň arap bolanlygy üçinmi? Allatagalanyň wahyý bilen gönderen kitaby diňe araplara niýetlenen keramatly kitapmy? Men-ä arap dilini öz ene dilim ýaly bilýärin, ýöne arap dilini bilmeýän musulman ymmatlary näme etmeli? Men Gurhany türkmen diline terjime etmek isleýärin. Goý, her bir türkmen musulman ymmaty Allatagalanyň gönderen habaryna düşünsin, ybrat alsyn. Musulman ymmatyny dil däl-de, ynanç birikdirmeli. Häzir başga halkdan bolan musulmanlar näme okaýandyklaryny, Gurhanda näme ýazylandygyny bilenoklar. Näme okaýandygyna düşünmän okaýan, näme ýazylandygyna düşünmän maňlaýyna sylýan musulmandan sen nädip ynanja, wepadarlyga garaşjak?! Adam düşünmeýän zady üçin şirin janyny pida bermez. Goý, Gurhan ähli musulman ymmatyna düşnükli bolsun. Witir namazynyň üçünji rekagatynda fatiha we süre okalandan soňra tekbir alynýan, kunut dogasyny aýdyp bereýin. «Allahym! Senden kömek soraýarys, günälerimizi bagyşlamagyňy isleýäris, razy bolan zatlaryňa hakly görkezmegiňi isleýäris. Saňa ynanýarys, saňa toba edýäris. Saňa ynam bildirýäris. Bize beren ähli nygmatlaryňa düşünip, seni haýyr-sahawat bilen öwýäris. Saňa şükür edýäris. Hiç bir nygmatyňy inkär etmeýäris we olary başga zat hasaplamaýarys. Nygmatlaryňy inkär edeni we saňa garşy gideni taşlaýarys...». Ine, şeýle edilip türkmençe aýdylsa, ähli zat düşnükli bolýar. — Arslan Besasury nazymly gürleýärdi. Onuň Gurhan okaýşynda üýtgeşik bir jady bardy, näçe diňledigiňçe diňläsiň gelýärdi. Arslan Türkmeniň adamlary özüne bendiwan edijilik güýjüne Togrul soltanyň göwni ýetdi. Göz astyndan öz adamlarynyň Arslan Türkmen bilen gatnaşyklaryny synlady. Soltan bu babatda Gutulmyş bege geňeş saldy: — Halypanyň goşunbaşlygy Arslan Türkmeni synladym. Tüweleme, ýüňi ýeten onuň. Arap, pars dillerine-de suwara. Kelam, fykh ylymlaryndanam gaty gowy baş çykarýar. Özem kary, halypa oňa gaty uly ynam bildiripdir. Mynasyp bolmasa, halypa ony goşunbaşylyga bellemezdi. Ol halypanyň iň ýakyn adamy — ynaly hem nedimi. Eşidişime görä, halypa onuň bilen maslahatlaşman ýekeje işem etmeýän eken. Dogrusy, halyfaty Arslan Türkmen ýöredýär. Men ony özüme wezir edinsem diýýärin. Ýöne, näme üçindir, ony jynym alyp baranok. Arada sowuklyk bar. Oňa ynanyp bilemok. — Arslan Besasury özüne aşa aşyk bolupdyr. Onuň ähli gürrüňi özüniň tarypy. Ol ähli kişiniň özüni öz söýşi deýin söýmegini isleýär. Togrul soltanyň ýanynda ol assyrynlyk bilen özüni mahabatlandyrýar. Bu kişiniň halypa göwni ýetenok. Onuň asgyn taraplarynyň gürrüňini edýär. Iki esasa görä onuň halypanyň gürrüňini etmäge haky ýok. Birinji, Kaýym Bemryllah külli möminleriň emiri, halyf. Yslamyň daýanjy. Halypany diňe hatyralamaly. Arslan Besasury ony hökman hatyralamaly, sebäbi ol halypanyň goşunbaşlygy. Halypa Arslanyň gönüden-göni ýolbaşçysy. Arslan onuň çöregini iýýär, onuň ynamyndan peýdalanýar. Ikinji, halypa Arslany şu derejä ýetiren ata. Arslan bir bagty ýatan gul eken. Halypa bolsa ony ýanyna alyp, ogul hökmünde mähir berýär. Okadýar, terbiýeleýär. Öz atasyna jort atýan ogul iň pes oguldyr. Özüni häzirki abraýly derejä ýetiren halypasyna jort atýan, oňa göwnüýetmezçilik edýän adam ertirki gün hyýanatçylyk edip biler. — Ol öňki büweýh hem kaku şalyklarynda biziň amydymyz, başlyklarbaşy bolmak isleýär. Ol bu hakda Ybraýymyň ýanynda ýaňzydypdyr, wepadarlyk kasamyny içipdir. — Dogry şol: Arslan Besasurynyň bar maksady Yraga başlyklarbaşy bolmak. — Arap ýurtlarynda türkmen ýigidiniň şeýle beýik derejä ýetmesi gaty gowy zat. Biz bu ýigide guwanmaly, ondan kemçilik gözlemeli däl — diýip, Ybraýym gürrüňe goşuldy. Altynjan Ybraýyma geňirgenme bilen seretdi, ýöne ýagşydan-ýamandan hiç zat aýtmady. Soltanyň ýanyndan biraz yza çekildi. Aýdan sözümi Altynjan eşiden däldir öýdüp çak eden bolarly, Ybraýym ynamly gürledi: — Haýsy tarapdan baha berlende-de Arslan Türkmen deňsiz-taýsyz emir! — Ol kişiniň bar maksady halypanyň kürsüsini elinden almak. — Bu ýerde näme aýyp zat bar?! Arslan Türkmen bu islegini gizlänok. Ol halypanyň ornuna mynasyp. Hakykatynda-da häzir halyfaty Arslan Türkmen dolandyrýar. Kaýym Bemryllah körzehin, kütek, nalajedeýin, huşsuz bir mahluk. — Bu siziň pikiriňiz däl. Siz halypany tanamaýarsyňyz. Siz Arslan Türkmeniň halypa baradaky wejera gürrüňlerini köre-körlük bilen gaýtalaýarsyňyz. — ArslanTürkmen halypanyň ýanynda ýeke. — Ine, bu pikir nädogry. Halyfatdaky ajamlaryň içinde iň köpi türkmenler. Halypanyň jandarlaram türkmenler. — Bu Besasurynyň hyzmaty. Ol ökde. Şeýle bolansoň ähli kişi oňa göriplik edýär. Ony halypa bilen duşman etjek bolýarlar. Besasurynyň özüniňem halypadan gorkusy uly. Ol Barmaklaryň gününe düşerin diýip gorkýar. Özüňiz bilýärsiňiz, Barmaklar hem apbasy halypalygynyň apbasy halypalygy bolmagy üçin köp hyzmatlary eden wezirler bolupdylar. Harun ar-Raşidiň eden wagşylygyny bu gün onuň neberesi Kaýym Bemryllahyň gaýtalaýmagy gaty mümkin. — Japar Barmagyň eden dönükligini etse, diňe bir halypa däl, her bir patyşa, her bir beg hem geçirimlilik etmez. Eger soltanyň pikirini unaman, öz pikirimizi makul saýyp, öz pikirimiz boýunça bir iş etek, onda, Ybraýym, biziň ikimize-de Barmaklaryň güni garaşýar. Altynjanyň bu sözüni Ybraýym halamady. Sebäbi onuň öz bolşunda-da barmakçylyk duýulýardy. Üçünji bap Gutulmyş soňky üç-dört ýyl bäri Saryýadan köp çykanokdy. Özüne tabynlykdaky ýerlerini şu şäherden dolandyrýardy. Togrul soltanyň tabşyrygy bilen teshyr eden Ermenistan, Arran, Azerbaýjan ýaly daglyk ülkelerini dolandyrmagy, esasan, weziri Kelejaryga, inisi, weziri, ynagy Resultegine ynanypdy. Gapydany Zehebi Temim köşk işlerine, diwana, Abu Buga hasap-hesibe ýolbaşçylyk edýärdi. Yktadarlar Togrul soltana her ýarym ýyldan hasabat berýärdi. Hasabat bermeli bolanda Gutulmyş beg Resultegini, Kelejaryny, Abu Bugany ýany bilen Reýe alyp gidýärdi. Olar wezirler diwanynda hemem hasap-hesip gullugynda hasabatlaryny berip bolýançalar Gutulmyş beg Togrul soltanyň ýanynda bolýardy. Oňa edilen işler hakda gürrüň berýärdi. Togrul soltan Gutulmyşyň edýän işlerinden razydy. Bir aý töweregi Reýde bolan Gutulmyş öz emirleri bilen yktasyna dolanýardy. Saryýanyň howasy Gutulmyşyň janyna ýakymlydy. Ol bu şäherden çykmak islemeýärdi. * * * Bir gezek Saryýa şäherine Ybraýym ynal geldi. Olar köp wagt bäri biri-birini görmändiler. Birnäçe ýylyň aýralygyndan soň olar gujaklaşyp görüşdiler. Ybraýym ynal bir hepde Gutulmyşyň myhmany boldy. Pygamber ýaşyny arka atan iki goja bir hepdeläp diňe geçen günleri ýatladylar. Şol ýatlamalardan hem lezzet aldylar. Ybraýym Reýe gaýtjak güni Gutulmyşa ýüregini açdy: — Ikimiziň hem köpümiz geçip, sanalgyjamyz galdy. Meniň ömrüm-ä, dogrusy, atyň üstünde geçdi. Atyň üstünde-de ölsem gerek. Ýaşlykda maksatlarymyz uludy. Sen, Arslan ýabgunyň aýdyşy ýaly, soltan bolarsyň öýdýärdim. Ýöne sen hem ýeke öýliň horazy ýaly, bar hökümiňi öz yktaňa berip oňýarsyň. Dünýäň hökümdarlyk hözirini senem görmediň, menem görmedim. Çagry begiň hem dünýäsi biz bilen däl. Onuň bar aladasy ogullary bilen yktasy — Horasan. Gürleşseňem, ol ogullary hakda gürleýär. Dünýäniň hözirini diňe Togrul görýär. — Haý, senem aýdaýýarsyň. Togrulyň göreni görgi boldy. Dul aýallar öýkeçil hem gaharjaň bolýar diýýärler. Senem dullar ýaly öýkeçil hem gaharjaň. Togrula diňe senem iş bolduň. Seniň göwnüňi tapmagam aňsat däl oňa. Togrulda bolsa, tagtyna göz gyzdyryp oturan seniň ýaly onlarça adam bar. Dogrymy aýdaýyn, dogan, öz ömrümi men Togrulyň ömri bilen çalyşjak däl. Elbetde, men Kelejarda köp horluk gördüm. Ýöne täzedenem: «Ýene bir ömür berjek, haýsy ömür gerek, özüňkimi ýa Togrulyňky?!» diýseler, şu ömrümi saýlap alaryn. Hudaýa şükür, gül ýaly ýaşaýşym bar. Dört sany oglum, ýok, bäş sany oglum bar. Mülkümde han özüm, soltan özüm. Iki welaýatdan bir kurur salgyt töleýärin. Bu öňki tölegiň ondan biri. Girdejim gowy. Ybraýym geň galyp Gutulmyşa seretdi. Gutulmyş onuň sorag bererine garaşdy: — Sen, dogrudanam, soltan bolmak islemeýärsiňmi? Gutulmyş Ybraýymyň bu gömelteý sowalyna näme jogap berjegini bilmedi. Jogap taýýar, ýöne ol Ybraýyma ýüregini açmak islemeýärdi. Bir hepde wagtyň içinde-de Gutulmyş Ybraýymyň ýanynda juda bir açylmandy. Sebäbi ol Ybraýyma gaty beletdi. Onuň ýüregindäki dilindedi. Ol syr saklamaýardy, asyl saklamalydyr hem öýtmeýärdi. Ybraýymyň ýaşlykdaky bolşy häzirem üýtgemändir. Ol köp çarşenbäni başdan geçirdi. Mertligi söweş dogurýar. Ybraýym hem ömrüni söweşlerde geçirdi, mertlikde gaýnady. Göwnüni tapsaň, ol seniň üçin bir synasyny kesip bermäge-de döz geler. Oňa bir ýumuş buýrup, arkaýyn bolaýmalydyr. Ol gije ýatmaz, gündiz durmaz, boýun alan ýumşuny gül ýaly ýerine ýetirer. Ýöne ol eden işini diline almakdan çäksiz lezzet tapar. Ýükleriň agyry minnet eken. Ýöne Ybraýymyň sözlerini minnet diýip düşünseň, onda onuň bilen ýekme-ýeke çykmaly bolarsyň. Onuň eden işi bilen magtanmagy — öýlänçi jalasy. Şol jalanyň geçip giderine tagapyl-sabyr tapmaly. Onuň dünýäsine düşünmeli. Ol hem nämedir bir zatdan lezzet almalydyr ahyryn! Ybraýym kimdir biri bilen pynhan gürrüň eden bolsa, özüne zelel gelse-de, göwni açylanda ony aýdar. Şol mahal eden gürrüňinden özüne zelel geljekdiginiň pikirini hem etmez. Ine, şu zatlar üçinem Gutulmyş Ybraýym ynalyň ýanynda ýüregini açmandy. Asyl Kelejar galasynda hatyny Sünbülä ýüregini açyp, soňundan näme gördi?! Durmuşyň şol şarpygy, sapagy ýeterlik. Şoldur-da-şoldur, onuň ýüregi diňe bir hatyny üçin däl, iň ýakyn meslekdeşleri üçin-de ýapyldy. Ýalňyz dogany Resultegin, emiri Abu Buga, hajyby hem gapydany Zehebi Temim, başda myhmandary, soň myhmandary hem weziri bolan Kelejary üçin-de ýapykdy. Gutulmyş Ybraýym bilen ýürekdeşlik etmekden saklandy: — Haý, doganym, giň ýeriň gürrüňini edýärsiň. Biz pygamber ýaşyndan geçen adamlar. Indiden soň soltanlyk hakda däl-de, o dünýämiz hakda oýlanmaly. — O dünýäm hakda oýlanasym gelenok. Ynanaý, islemeýärin. Ýöne şundan baryp, Togrul bilen egri oturyp, dogry sözleşjek. Goý, ol indi dynç alsyn. Birmeýdan men soltan bolaýyn. Togrul meniň dostum-doganym, ol maňa düşüner. — Ataşyň dosty bolmaz... — Gutulmyş aýdyp başlan pikirini soňlaman goýdy. Muňa Ybraýym ünsem berip durmady. Ol nämedir bir zady hakydasyna getiren bolarly, ep-esli salym böwrüni diňläp durup, howsalaly dillendi: — Bilýärsiňmi, näme, Gutulmyş, mende bir gorky bar. — O nähili gorky?! — Men Abu Muslimiň takdyryny ýatlaýaryn. Göwnüme bolmasa, maňa-da Abu Muslimiň kysmaty garaşýan ýaly bolup dur. — Öň-ä özüňi Barmaklar neberesine deňediň. Indem özüňi Abu Muslime deňeýärsiňmi? — Ilki bilen-ä, Abu Muslim gul. Onuň Abbasy neberesi bilen hiç hili garyndaşlygy ýok. Onuň öldürilmesiniň sebäbem düşnükli. Ol Besasury ýaly halypanyň tagtyna göz gyzdyrypdyr. Menem tagty isleýärin-dä. — Sen isläp bilersiň. Sebäbi sen keseki ýa gul däl. Sen seljuk neberesinden. — Men soltan bolmaga mynasyp dälmi? — Mynasyp. — Onda näme üçin men soltan däl?! Sen meni diňle!.. — Dur, dur! Tagt barada öň gürrüň etdig-ä! Indi bu barada gürrüň etmäli. — Be, gorkýarsyň-ow?! — diýip Ybraýym ýylgyrjaklady. — Goý, seniň diýeniň bolsun! Gorkma, ýüregiň ýarylaýmasyn. Men seniň bilen başga zatlaryň gürrüňini edäýerin. Dogan, seniň ýanyňa gelýärkäm ýolda oglanlygymyzy ýatladym. Ýadyňa düşýärmi, sen bir gezek özüňe «Patyşahy älemim!» diýip ýüzlenmegimizi talap edipdiň. Şonda Çagry dagy saňa «Patyşahy älemim!» diýip ýüzlenipdiler. Diňe men şeýle diýip ýüzlenmegi özüme kiçilik bilipdim. Şonuň üçinem jemlenişip meni urupdyňyz. — Şonda sen dogry edipsiň. — Ýok, men şonda oňarmandyryn. Eger şonda men saňa «Patyşahy älemim!» diýip ýüzlenen bolsam, belki, sen hakykatdanam soltan, patyşa bolardyň. Meniň saňa «Patyşahy älemim!» diýip ýüzlenesim gelýär. Sen isleýärmiň? Ençe ýyldan soň şol aýtmadyk sözümi aýdaýyn. — Ýok, ýok, indi aýtma, gerek däl! Dördünji bap Gutulmyş Ybraýymy esli aralyga çenli ugratdy. Ondan dolanyp gelip, myhmandar bilen hajyby ýanyna çagyrdy. — Ähli daş-taňsyk gap-gaçlary, jamlary meniň çetki otagyma — karargähime getiriň. Köşkde jäçden ýasalan gap-gaçlar juda kän eken. Olaryň içinde Wizantiýadan olja alnan gap-gaçlaram, Togrul begiň sowgat beren gap-gaçlaram bardy. Gap-gaçlar depe-depe bolup durdy. Hyzmatkärler gara dere batyp köşgüň demirgazyk tarapyndaky iň çetki otagyna gap-gaç daşadylar. — Aýdyşyňyz ýaly etdik, merhemetli patyşahym — diýip, myhmandar Gutulmyşa habar berdi. Gap-gaç, küýze jemlenilen çetki otagyna baran Gutulmyş içerdäki zatlary birlaý synlady: — Indi hemmäňiz şu ýerden çykyň! Içerde hiç kim galmasyn! Gutulmyş giň karargähiniň işigini içinden kiltledi. Soň egin-eşigini doly çykardy, çuw ýalaňaç boldy, mydama ýanynda saklaýan jiriti1 eline alyp, depe-depe bolup duran taňsyk gap-gaçlara birsellem seredip durdy. Ol birden haýkyrdy-da, taňsyk gap-gaçlary döwmäge başlady. Bu ummasyz gap-gaçlary gaty gyssagly jäje öwürmek zerurlygy dörän ýalydy: ol şeýle bir haýdap işledi, ýetişibildiginden jiritini işletdi. Birmeýdan haýdap işlän Gutulmyş elindäki jiritini goýdy-da, soň jyza2 bilen gap-gaç döwmesini dowam etdirdi. Ähli gap-gaçlary döwüp çykýança Gutulmyş öl-myžžyk bolup derledi. Ysgyn-deramatdan hem gaçdy. Ol maksadyna ýetip, soňundan süýnüp ýatdy. Ýadawlykdan bolsa gerek, süýji uka batdy. Aladaňdanlar oýandy. Karargähiniň şahnişininden3 daşaryk seretdi. Daşarda jandarlar ot ýakyp, daşynda egele gurap otyrlar. Gutulmyş beg geýnip, eline bir kiçeňräk agaç çelegi alyp, jandarlaryň ýanyna bardy. Bir jandaryň muskasyny alyp, çelekden boza içdi. Şondan soň düşegine geçip täzeden ýatdy. Ukudan oýananda emir Abu Buga onuň ähli keýpini aldy. — Siz ýatyrkaňyz iki sany atly geldi. Biz ony şähere goýbermedik, habaryny şäherden daşarda aldyk. — Näme habary bar eken olaryň?! — diýip, Gutulmyş beg göwünli-göwünsiz sorady. — Aý, üýtgeşik habary ýok eken. Olar ýalňyşypdyrlar. Siziň at-abraýyňyz uly bolansoň, biri sizi arka tutunypdyr. «Men Gutulmyş begiň garyndaşy ýa ogly diýsem, maňa hiç zat diýmezler» diýen pikir bilen käbir näkesler agzyna gelen sözi aýdyp goýberýärler. Gutulmyş emiriň bu sözüne başda geleň etmedigem bolsa, karargähinde naharlanyp otyrka emiriň sözleri aňynda täzeden gaýtalandymy, ýa ýene bir zat boldumy, garasaý, ol Abu Buga ýüzlendi: — Iki sany adam näme üçin gelipdir diýdiň häli? — Üýtgeşik zat ýok-la, merhemetli patyşahym. Biri bir serkerdäni öldürjek bolupdyr. Onuňam üsti açylypdyr. Maksadyny boýnuna goýdurjak bolup, sütem edip ugrasalar, «Siz maňa degmäň! Men Gutulmyşyň ogludyryn» diýýärmiş. Gelenler menden: «Gutulmyş begiň ogly Süleýman häzir nirede?» diýip soradylar. Menem: «Köşkden gaýdanymda ol atabegleri bilen gürleşip durdy» diýdim... Gutulmyş beg nämäniň-nämedigine düşündi. Zöwwe ýerinden galyp, emir Abu Buganyň ýakasyndan ebşitläp tutdy: — E-eý, huk, ol saňa Süleýmanşa diýmändirler-ä! Ol saňa Süleýman diýipdir-ä! Uly oglum Süleýmany gözläp ýörenimi sen näme, bileňokmy? Sen nädäýdiň meni, eý, pelit! — Siziň ogluňyz ogryn iş etmez, merhemetli patyşahym — diýip, emir Abu Buga özüni aklamaga çalyşdy. — Saňa on gamçy urmaly! On gamçy! Ýok, bu huklugyň üçin saňa ýigrimi gamçy urmaly! — Lepbeý, merhemetli patyşahym! — Hany Kelejary? — Ol häzir myhmanhanaňyzda... — O ýerde näme iş edýär ol? — Bilmedim. Men ony çagyraýynmy? — Derrew çagyr! Myhmandar gözlerini elek-çelek edip geldi. — Haý, seniň myhmandar bolaýşyňy! Sen, näme, Süleýman bilen Süleýmanşany parhlandyryp bileňokmy? Heý-de, Süleýmanşa bir serkerdäni öldürjek bolarmy şu ýaşynda?! Sen nä Süleýmany tanaňokmy? Gel, gel, emir-ä bir huk eken diýeli, ýeri, seniň huklugyň näme? Sen, näme, Süleýmanyň öldürilmegine şeýle biperwaýlyk edýärsiňmi? — Sen Süleýmany entegem aýatda bardyr öýdýärsiňmi? — Sen, näme, Süleýmany ölendir öýdýärsiňmi? Sen, näme, meniň janymy ýakjak bolýarsyňmy?! — Maňa beýle diýme, Gutulmyş! — myhmandaryň sesi sandyrady. Kelejarynyň gahardan ýaňa saňňyldap durşuny gören Gutulmyş elini salgap goýberdi-de, Abu Buga ýüzlendi: — Haýsy tarapa gitdi olar? Ä? Haýsy tarapa?! — Günbatara — Mosula tarap gitdi, merhemetli patyşahym! — Derrew atlary häzirläň! Yzlaryndan kowup ýeteris! — Yzlaryndan derrew ýeteris, olar uzak giden däldirler. — Emir Abu Buga bu sözi Gutulmyş begi köşeşdirmek üçin diýýärdi. Atlylaryň yzyndan ýetip bilmejegine düşünýärdi ol. Sebäbi atlylaryň gelip gideninden bäri iki gün geçipdi. Gutulmyş beg iki ýüz atlyny yzyna tirkäp Mosul ýoly bilen günortandan tä garaňky düşýänçä çapdy. Bir menzilden gowrak aralygy geçip, lapykeç halda yzyna dolandy. Emir Abu Buganyň gürrüňini eden iki atlysy hiç ýerde ýokdy. Bäşinji bap Wezir Kelejary (ol indi myhmandar däldi, wezirdi!) Gutulmyş begiň karargähine geldi, Yrakdan ilçiniň gelendigini habar berdi. — Kimiň ilçisi? — Halypanyň! — Onda näme üçin men onuň gelenini duýmadym?! — Bilmedim, merhemetli patyşahym... — diýip, Kelejary aljyrady. — Ýok, ol halypanyň ilçisi däldir. Eger halypanyň ilçisi gelen bolsa, onda men onuň ruhuny öňünden duýardym. Men halypanyň ruhuny duýmadym. — Alada-endişäňiziň köplügindendir, merhemetli patyşahym! — Çagyr! — diýip, Gutulmyş beg ör turdy. Emir Abu Buga ýüzlendi: — Gürrüňimizi halypanyň ilçisi bilen gürleşip bolanymyzdan soň dowam etdireris. — Ilçi üç-dört gün myhman bolar-a?! — Goý, bolsun! Sol gözüniň gamçawy4 bada-bat göze ilýän, orta ýaşlaryndaky eti-gany ýerindäki din hadymy özüne göwnüýetijilik bilen içerik girdi. Gutulmyş beg ilçi bilen resmiligi saklap, hal-ahwal soraşdy. Ilçiniň ýüzi Gutulmyşa diýseň tanyş göründi, ýöne ony nirede görendigini teý ýadyna salyp bilmedi. Ilçiniň syrly ýylgyryşy hem öň duşuşandygyny, iş salşylandygyny aňladýardy. Özem ol Gutulmyşyň bir işini bitiren bolmaly. Ýogsam ol beýle özüne göwnüýetijilik bilen ýylgyrmaly däl. — Gutulmyş beg, meni tanamadyň öýdýärin?! — diýip, nätanyş öň duşuşandygyny açyk duýdurdy. — Hakydama getirip bilemok, ýöne bir ýerde duşuşandygymyzy aňýaryn. — «Duşuşandygymyzy» diýdiňmi? — diýip, ilçi içýakgyç güldi. — Biz nirede iş salyşdyk?! — Gutulmyş gaharyna bäs gelip sorady. — «Biz nirede iş salyşdyk?!» diýip soraýarsyňmy? Bä-ä, meni geň galdyrdyň, mäligim. Bir zada-ha anyk göz ýetirdim. Edilen ýagşylyklar tiz unudylýan eken. Bir ýamanlyk eden bolsam welin, meni derrew tanardyň. — Maňa ýamanlyk eden adamlara derrew Ezraýyl eýe çykýar, maňa ýetirenok. Maňa ýagşylyk eden adamlary men engamsyz goýmaýaryn. — Gutulmyş siz diýip edep saklamasyny goýup, ilçiniň özi ýaly, sen diýip ýüzlendi: — Sen maňa näme ýagşylyk etdiň? — Gidýänçäm ýadyňyza düşmese aýdaýaryn. Ýöne ondan öň meniň başga käbir zatlary aýtmagym zerur. Siziň maňa dürs düşünmegiňiz lazym — diýip, ilçi özüniň howlukmaçdygyny mälim etdi. — Men möminler emiri Kaýym Bemryllahyň ilçisi däl. Men ýalan sözlemeli boldum. Eger şeýle diýmedik bolsam, onda meni siziň bilen duşurmazdylar. Men Arslan Besasurynyň gullugyndadym, ýöne men onuň ýanyndan siziň ýanyňyza geldim. Bu habara ör-gökden gelen Gutulmyş özüni aşak goýberdi. Ogly Süleýman perişan halda göz öňüne geldi. «Süleýman Arslan Besasurynyň ýesiri bolmaly» diýen pikir aňyna doldy. Sermaj galasynda Arslan Besasurynyň gyra çekilip aýdan sözlerini ýatlady. «Gör, ol nämeleri göz öňünde tutan eken» diýip, Gutulmyş pyşyrdady, gorky bilen ilçä ýüzlendi: — Meniň oglum dirimi? Ilçi Gutulmyş begden beýle sowala garaşmadyk bolarly, ol: — Kim diýdiňiz? — diýip, boz-ýaz boldy. — Arslan sizi meniň oglum babatda ylalaşmak üçin gönderdimi? — Men siziň ogluňyz barada hiç zat bilmeýärin, merhemetli Şyhabeddöwle. — Sen meniň oglum babatda ylalaşmak üçin gelmediňmi? — Ýok. — Meniň oglumy öldürdiňizmi? — Merhemetli Şyhabeddöwle, aramyzda bir düşünişmezlik bar. Men siziň ogluňyz barada hiç bir zady bilmeýärin. Siziň dergähiňize meni hiç kim göndermedi. Meniň özüm geldim. — Näme üçin geldiň? — Men musulman dünýäsinde bolup ýören wakalardan habarly. Gurhany-kerimde hak aýdylýar: «Sen isläniňi ezizlärsiň — beýgeldersiň, isläniňi-de peseldersiň, ähli haýyr-ýagşylyk onuň elindedir, ol ähli zada kadyrdyr»5. Haktagala bu gün seljuk neberesini arşa göterýär. Akylly-pähimli kişiler Haktagalanyň arşa göterýän, ýalkaýan neberesiniň ýanyna ýygnanýarlar. Onsoňam men akylly-pähimli adamlaryň ýoluna eýermegi hem seniň dergähiňe gelip gulluga durmak isleýändigimi aýtmagy makul tapdym. Bagty ýatan adamyň gullugynda durmakdan ýadadym. Elbetde, özüňiz bilýärsiňiz, bagty ýatan adamyň gullugynda dursaň, seniň hem bagtyň ýatar eken. Bagty ýatan diňe bir özüne däl, gullugynda duran adamlaryňam bagtyna boran ýagdyrýar. — Köp gepleýän ekeniň. Maňa seniň ýaly köp gepleýän adam gerek däl. Hany, aýt, kim ol bagtyýatanlar? — Ilki gaznalylaryň bagty ýatdy. Indem Arslan Besasurynyň bagty ýatmaly. — Nirede ol? — Arslan Besasurymy? — Mosulda. Men pikirimi düşündirip bilmän, siziň göwnüňize degäýdim öýdýän. — Sen aýt! Meniň oglum barada näme bilýärsiň? — Siziň ogluňyz kim? — Adyna Süleýman diýýärler. Ol maňa meňzeş ýigit bolmaly. Özem otuz ýaşlarynda bolmaly. — Men bilmeýärin. — Arslan Besasury şu ýakynda Gutulmyş bege meňzeş, otuz ýaşlaryndaky Süleýman atly ýigide jeza bermedimi? — diýip, Resultegin gürrüňe goşuldy. — Besasurynyň ýanynda Süleýman atly iki sany emir bar. — Hany, aýt, seniň aýdýan ol iki sany Süleýmanyň näçe ýaşlarynda? — diýip, Resultegin ilçiniň alkymyna dykylyp bardy. — Olar näçe ýaşynda diýýärsiňmi? — Hawa, hawa, olar näçe ýaşynda? — Olaryň ikisem otuz-otuz bäş ýaşlarynda. Süleýman Besaýy Abu Hüseýin bin Kasym bin Abu fazl Zahry. Ol Abulmaly Muhammet bin Zeýt Huddam Huddamynyň agtygydyr... — Dur, dur, bu gerek däl. Ikinji Süleýman hakda aýt! — Men ilkinji Süleýmanyň nesebini, nisbesini doly bilmeýärin. Megerem, ol Abu Nasr Ahmet bin Muhammet ibn Hüseýin bin Hasan bin Aly bin Jekre bin Abdylmömin... — Dur, dur. Sen anyk bilmeýän zadyňy aýtjak bolma. Sen onuň ýüz keşbiniň-keşmeriniň, peýkeriniň nähilidigini aýt — diýip, Resultegin ony howlukdyrdy. — Ol nämä gerek?! — diýip, gözi gamçawly kişi gorkuly sorady. — Gerek, gerek. Hany, ikinji Süleýman hakda aýt! — Süleýmanmy? — Gözi gamçawly kişi Resultegini ilkinji gezek görýän ýaly, ony boýdan-başa çiňerilip synlady. — Aýdyber! — Dogrusy, ol saňa meňzemänem duranok. Uzyn boýly, at ýüzli, kiçi agyzly, kiçi burunly, uly gara gözli, giň maňlaýly... — Aýdyber, aýdyber — diýip, Gutulmyş gözi gamçawly kişini howlukdyrdy. — Ýöne... — diýip, gözi gamçawly kişi öwran-öwran ýuwdundy. — Aýdyber. «Ýöne» diýip, näme aýtmakçy bolduň?! — diýip, Gutulmyş gözi gamçawly kişä ýakynlaşdy. — Ýöne ol Besasura kast etjek boldy. — Ony öldürdilermi? — Ýok, entek. Ol boýun almaýar. — Nämäni boýun almaýar? — Besasura kast etjek, öldürjek bolandygyny boýun almaýar. — Gözi gamçawly kişi Süleýman hakda sowala garaşmadyk bolarly, Gutulmyşyň soraglary onuň rahatlygyny gaçyrdy. Uly bir howp abanýan ýaly aljyrap, titräp ugrady. — Ol siziň ogluňyz däl. Besasury siziň ýanyňyza ýörite adam iberip, onuň siziň ogluňyz däldigini anyklady ahyryn. Siz «Oglumyz öz ýanymyzda» diýipsiňiz. Indiki gyzyklanmaňyz maňa gaty düşnüksiz. — Besasury häzir nirede? — Mosul şäherinde diýdim-ä! — Näçe esgeri bar? — Dört ýüz töweregi. — Onda başga goşun ýokmy? — Onuň ýanynda arap emiri Kureýiş ibn Badran bar. — Onda goşun bardyr-a? — Bar. — Näçeräk?! — Besasurynyňkydan-a görnetin az. — Besasuryda atyň kellesi ýaly ýürek bar bolsa gerek. Esgeriniň sany müňe ýetmeýän halyna, ol nädip halyfa garşy çykyp bilýär?! Ol nädip soltan Togrula garşy çykyp bilýär? — Siz örän dogry aýtdyňyz: Besasury taýsyz batyr serkerde! Onuň diňe sizden — seljuklylardan döwi pes. Ýogsam büweýh hanedanlygynam, kaku hanedanlygynam, apbasy, Fatymy halyfatlaryny hem ol özüne garşydaş hasap edenok. Besasury şeýle diýdi: «Men bimahal dünýä inipdirin. Şundan iki ýüz ýyl öň dünýä inen bolsam, onda ähli musulman döwletleri meniň golumyň aşagynda bolardy...». — Gürrüň gutardy! — Gutulmyş gapdalynda duran Resultegine ýüzlendi. — Bu alasamsygy zyndana atyň. — Näme üçin? Meniň näme günäm bar? — Mosuldan gelýänçäm otur, soň çykaryp goýbererin. — Men seni ölümden halas etdim. Senem maňa zulum etjek bolýarsyňmy? Allatagaladan gork! Eger men seni halas etmedik bolsam, sen hem Ysraýyl Arslan beg ýaly, Kelejarda galardyň. — Boldy, boldy! Men seni tanadym. Wisakbaşy! Men seni söwdada aldadymmy? Pidýämi bermedimmi? — Meniň eden ýagşylygymy pul bilen, mal-engam bilen ölçäp bolmaýar. Men saňa ikinji ömür berdim. Sen meni aýaňda götermeli. — Dogry, seniň eden ýagşylygyň uly. Şonuň üçinem saňa zyndanymyzda bir aý hyzmat etmän, yzyňa ugradyp bilmerin. — Ýok, ýok, men saňa hyzmat etjek. Meni öz ýanyňa al. Meniň saňa kömegim deger. Gutulmyş beg wisakbaşynyň bu sözüni makul bildi. Ony ýanyna alyp, bäş müň atly bilen Mosula sary ýola düşdi. Gutulmyş beg bäş müň atly goşuny bilen Mosula barmazyndan bir gün öň Arslan Besasury Türkmen Alemeddin (Diniň baýdagy) lakamly Kuraýş ibn Bedran ibn al-Musaýyl ibn al-Mukallat al Ukaýly atly arap soltany bilen şäherden çykyp gidipdi. Olar Ybraýym ynaldan habar alypdylar. Şol habar boýunça olaryň maksady ilki Wasyt şäherine barmakdy, Altynjanyň mülküni tozdurmakdy. Maksat Bagdada ýöriş etmekdi, Togrul soltanyň ol ýerdäki adamlaryny gyrmakdy. Arslan Besasury Türkmen öz maksadynyň amal tapjakdygyna düýrmegi bilen ynanýardy. Altynjy bap Gutulmyş ençe ýyllap ogly Süleýmanyň didaryny görmegi arzuwlap ýaşapdy. «Duşuşsam, ýanyma gelmän ýörendigi üçin berk käýärin» diýen pikirde boldy. Ýöne ýyllar geçdigisaýyn käýemek pikiri gowşady. Gutulmyş wisakbaşyny ýolbelet edip, niredesiň Mosul şäheri diýip ýola düşdi. Ol ýolboýy dymyp, hiç bir zada baş galdyrman, diňe ogly Süleýman hakdaky oýlara gumra bolup gitdi. Ol öz ýanyndan zol-zol: «Eý, beýik Biribar, meni oglum Süleýmana gowşur. Men oglumy bir göreýin» diýip gaýtalady. Mosul şäheri Gutulmyşy agyr tukatlyk, ümsümlik bilen garşy aldy. Şäherde Besasurynyň ýekeje adamy-da ýokdy. Gutulmyşa şäherde ýowuz habar garaşýan eken. Süleýmany Mosulyň zyndanyndan tapdylar: — Merhemetli patyşahym, merhemetli patyşahym! — diýip, emir Abu Buga ylgap Gutulmyş begiň ýanyna geldi — Buşluk! Gözüňiz aýdyň, Süleýmany tapdyk! Süleýmany tapdyk. Ony Kelejary tanady. Ony Kelejary tapdy. Bu habara Gutulmyşyň depe saçy üýşüp gitdi. Onuň on iki ýyldan soň mähriban ogluny görjegi, dogrusy, ýalan ýalydy. Teýahyr oglunyň didaryny görjekdigine begenmek begendi, ogluny göz öňünde janlandyrmaga çalyşdy. «Onuň bilen salamlaşmaly?! On iki ýyllap gaçgaklap gezendigi üçin käýemelimi? Ýok, ýok, käýemeli däl! Oňa käýäp bolmaz! Men ony öýden kowupdym, ol şonuň üçin şindem menden öýkelidir... Men onuň göwnünden turmaga çalşaýyn. Ony gujaklaýyn. Bagryma basaýyn. Nesip bolsa, men ony mundan beýläk ýanymdan aýyrmaryn». Arman, Gutulmyş Süleýmany bagryna basyp bilmedi. Nädip bagryňa basjak?! Süleýmany urup-urup abat ýerini galdyrmandyrlar-a. Tebip bejererden geçipdir onuň ýagdaýy. Gutulmyş beg ogly Süleýmanyň daşaryk çykaryna garaşdy. — Süleýman näme üçin meniň ýanyma gelenok? — diýip, Gutulmyş gygyrdy. — Kyblaýy älemim, kyn görmän, özüňiz ýanyna baraýsaňyzlaň. Wezir Kelejary hem onuň ýanynda aglap otyr — diýip, emir Abu Buga aýdanda Gutulmyş ör-gökden geldi: — Wezir näme üçin aglaýar? Süleýman kejirlik edýärmi? — Ýok, ol kejirlik edenok. Ýerinden turmaga onuň mejaly ýok. Besasurynyň adamlary onda abat süňk, abat ýer galdyrmandyrlar, urupdyrlar, gaty ýowuz urupdyrlar. Ony hazzar özüne getirdik. Gutulmyş egnindäki mumessiri — reňki çalaja sary bolan dony gara gana boýalyp ýatan ogluna ýakynlaşdygyça ýüreginiň gürsüldisi artdy. Özüne näçe erk etjek bolsa-da başarmady. Eý, Hudaý, ol ýatan Süleýmanyň Gutulmyşa meňzeşdigini bir görsene! Gutulmyş ol jebir-sütemler özüne edilen dek tolgundy. Onuň gelendigini gören Kelejary elewräp, sandyrap ýerinden galdy. Ol delalat gözläp Gutulmyşa seretdi. Gutulmyş Kelejarynyň bolşundan ýagdaýyň çak edişinden agyrdygyny aňdy. Ol Kelejarynyň gapdalyna baryp aşak çökdi. Şol tanyş gözler! Şol tanyş didar! Ol gözler Gutulmyşa intizarlyk bilen seredýär. — Süleýman, bu senmi, oglum? — diýip, Gutulmyş kellesini oglunyň döşüne goýdy. Elini eline aldy. — Salawmaleýkim, baba! — diýip, Süleýman adaja pyşyrdady. — Aleýkimsalam, oglum! Men seni agtardym, tapyp bilmedim. Näme üçin menden gaçdyň, oglum? — Uly iş bitirip seni begendiräýjek boldum, baba. Ölmänkäm seni görjegimi bilýärdim. Demimi sanap, seniň geleriňe garaşdym. «Süleýman, ölme, babam hökman geler, hökman geler. Babam meniň şu ýerde garaşýandygymy biler» diýip, zol-zol gaýtaladym. Men seniň özümi tapjagyňa ynanýardym, baba. Hudaýa şükür, baba, seni gördüm. Saňa küýsäp ýören Taňry salamyny berdim. Saňa şeýle bir salam beresim geldi. Didaryňy şeýle bir göresim geldi, baba. Indi arkaýyn ölsem bolýar. — Ýok, ölüm hakdaky pikiri aňyňdan aýyr. Entek Taňry salamyny köp berersiň maňa. — Gutulmyş töweregine garanjaklady: — Resultegin! Buga! Siz näme dursuňyz? Derrew lukman tapyp getiriň. Görüp dursuňyz-a, Süleýmanyň ýagdaýyny! Resultegin, meniň dermanlarymyň arasynda çogan bolmaly, derrew şondan alyp gel! — Baba, meniň üçin azara galma, indi maňa lukmanyň-da, muawwizeteýn süreleriniň-de6 peýdasy degmez. — Deger, deger, sen birazajyk tagapyl eýle! Seni özüm bejererin. — Baba, seni görmän ölen bolsam, juda armanly bolardym, indi armanym ýok. — Entek uzak ýaşarsyň, Süleýman. Köp-köp ýeňişleri gazanarsyň. Sen ähli seljuklylaryň, ähli musulmanlaryň soltany bolarsyň. Nesip bolsa, sagalar gidersiň. Bähramy tanadyňmy? Biz babaň bilen seni köp agtardyk. Ahyr tapdyk. Indi ähli zat gowy bolar. — Baba, maňa ýakynrajyk otur. Maňa dünýäde başga hiç zat gerek däl. Seniň eliňden tutup otursam, meniň üçin iň uly mertebe şol. — Wah, oglum, seni nähili küýsändigimi, seni nähili göresimiň gelendigini bir bilsediň! Babaňdan sorap gör. Ol saňa aýdar. — Wa-hasrat-a, Süleýman, babam bilen seni köp agtardyk — diýip, Kelejary — Bähram agtygynyň egnini sypap, elewredi. — Men käteler köşgüň ýanyna baryp, doganjyklarymy uzakdan görüp gaýtdym. — Şonda baran bolsaň, gör, meni nähili begendirerdiň. — Kowarsyň öýdüp gorkdum, baba. — Adam, heý, öz perzendinem bir kowarmy? Heý, öz perzendiňdenem ýüz öwrüp bolarmy, Süleýman?! — Ogluň adyna meniň adymy dakandygyňy eşidip, gynandym, baba. «Meniň Öwezim dolan eken» diýdim. — Seniň Öweziňi hiç kim tutup bilmez. — Başga Süleýman bar bolansoň, özümi artykmaç duýdum. — Wah, oglum, şol gezekki eden işim üçin bütin ömrüme özümi näletledim. Wah, seni uran ellerim şel açan bolsa bolmadymy?! Wah, seni öýden kowan dillerim lal açsa bolmadymy? Wah, saňa gahar bilen garan gözlerim kör gapsa bolmadymy! Şol gezekki gahar ýüzüne aýdan sözlerim üçin meni Hudaý tutdy. Oglum, men şu güne garaşdym, men şol günki aýdan sözlerim üçin ötünç soraýaryn. Öt, oglum, meniň günämi! Şol günki uranym üçin öldür meni! Eger men senden ötünç soraman ölen bolsam, onda ol ömrüm armanly ömür bolardy. Wah, beýle-beýle ahwalatlaryň gopjagyny bilen bolsam, heý, men saňa şarpyk çalarynmy, heý, seni öýden kowarynmy?! — Sen menden ötünç soramaly dälsiň, baba. Men seniň gaharyňy getirdim. Men kejirlik etdim. Wah, baba, dünýäde ata-ene gadyryny aýry düşen bilýän eken. Men size zar bolup ýaşadym. — Men sizi ähli ýerden agtardym. Hiç ýerden tapyp bilmedim. Seni hiç ýerden tapyp bilmediler. Sen nirä gitdiň, oglum? — Men enem bilen Jeýhundan geçip, Nur ýaýlasyna bardym. Biz şol ýerde ýaşadyk. — Näme üçin?! Ol ýerde näme bar size? — Enem: «Süleýman, ölmänkäm maňa babaň dünýä inen ýerini görkez. Babaň aýak yzlarynyň galan topragyny bir sypap, maňlaýyma togap edeýin. Soň ölsemem armanym ýok — diýdi. — Babaň çagalygynyň geçen ýerleri hakda şeýle bir süýji-süýji gürrüňler berdi. Şol ýerlerini görmesem, armanly öterin bu dünýäden» diýdi. Soň görüp otursam, enem siziň ata-babalaryňyzyň mazarynda ýatmak, jaýlanmak islän eken. Onsoň ony Jende eltip, Dukak gonamçylygynda jaýlap gaýtdym. Soň haja gitdim. Ýolda-da seljuklylara garşy baş göterýän Besasurynyň adamlary barada eşitdim... Gutulmyş beg jeň meýdanlarynda ölüm karkarasynda ýaradar ýatan esgerlere nohut ýaly çogan iýdirilse, ölümden halas bolýandygyny, özem tiz sagalýandygyny ençe ýola görüpdi. Çogan iýen ýaradaryň ýaralarynyň ýüzünde köp wagt geçmänkä täsiri duýulsa, onda esgeriň ýaşamagyna umydyň barlygynyň alamaty hasaplanýardy. Gutulmyş beg Süleýman çogan iýse, sagalar diýip pikir etdi. Resultegin ylgap geldi. — Çogan getirdiňmi? — Getirdim. Ine, özüň bölüp beräý. — Süleýman, sen şu çogany suw bilen iç, goý, häzir saňa Resultegin hem em etsin, soň arkaýynçylyga gürleşeris. Resultegin Süleýmanyň gözüne aşaky gabagyndan çekip içgin-içgin seretdi-de, Gutulmyşa ýüzlendi: — Ogluň bilen hoşlaş! — Ýok, ýok, ony hökman sagaltmaly, eşidýärmiň, hökman! — diýip, Gutulmyş sesine bat berdi. — Näme dursuň? Dehend daşyny hem ýaralarynyň üstünden basyşdyr. Nepi deger! — Gutulmyş beg ýüzünde gyzyl nokatjyklary bolan zümerret reňkli, ýumurtga ululygyndaky ýylmanak ýeňil daşy Resultegine uzatdy. Dehend daşyny göwünli-göwünsiz eline alan Resultegin: — Ogluňa ýene biraz kömek et, Gutulmyş! — diýdi. — Näme kömek edeýin?! Men hemme zada taýýar. Näme etmeli bolsam ederin. Aýt! — Süleýmanyň sag elinden tut! Gutulmyş oglunyň sag elinden tutdy-da, ör-gökden geldi. — Munuň eli sum-sowuk bolupdyr-a eýýäm? Ölüpdir-ä bu? Nämä dursuň? Bol ahyryn! Resultegin gozganmady. Gutulmyş beg onuň ýakasyndan tutup silterledi. — Ýaňyja-da gürläp ýatyrdy. Ýaňyja! Eşidýärsiňmi? — Ähli zat Allanyň işi. Alla lowh tagtasynda babasynyň gelip, biragyz gürleşmegine Süleýmana pursat beren bolmaly... Resultegin Süleýmanyň goltugyndan gatap giden nan bölejigini tapdy. Gutulmyş beg Resulteginiň elindäki nan bölegini gören dessine tanady: bu nan bölegi Süleýmanyň Gürgene baryp, atabeglerden bir dinar töläp satyn alan nanyndan galanjasy bolmaly. Süleýman bu nan bölegini kakasyndan nyşan hökmünde ýanynda göterip ýören bolmaly. — Gör-ä, neresse Jürjandan alyp gaýdan çöregini näçe wagt geçse-de ýanynda saklapdyr! Gör, ol meni nähili gowy görýän eken. Men ony öýden kowupdym. Oglum meniň şol günämi geçmän bu dünýäden gitdi. Resultegin, eşidýärsiňmi, oglum Süleýman meniň günämi geçmedi. — Allatagalanyň edenine kaýyl bol! Beterinden Hudaý saklasyn. Gutulmyş beg özbaşyna hüňürdedi: — Ähli zada ygtyýarlylyk adamy çüpredýär. Ähli zada ygtyýarly Togrul bu derdiň nämedigine düşünibem bilmez... Gutulmyş beg aýdan sözüne utandy. Gaýdyp gürlemedi. Adamyň ýaradylyşy täsin! Ol herki zatdan hem özüne teselli agtarar eken... Şol günleriň birinde Togrul soltandan çapar geldi. Çaparyň getiren namasynda Ybraýymyň ýene özüne garşy baş göterendigi aýdylýardy, şeýle hem Gutulmyşyň on müň atly goşun bilen haýdan-haý Hemedana gelmegi talap edilýärdi. Gutulmyş beg Resultegini ýene bäş müň atly ýygnamak üçin Mazenderana gönderdi, özi bolsa bäş müň atlysy bilen Hemedana gitmek kararyna geldi. Şol gün ýanyna Buharadan iki adamyň gelendigini habar berdiler. «Buharadan» diýen sözi eşiden Gutulmyş beg gelenleriň kimlerdigini bada-bat aňdy. Olar Bahadur hanyň ogullary Salyh bilen Muhammet bolmaly. Gelenler, hakykatdan-da, Bahadur hana meňzäp durdular. Gutulmyş beg dergähine gelen kişileri güler ýüz bilen garşy aldy: — Muhammet, Salyh, sag-aman geldiňizmi? Iki ýigit biri-biriniň ýüzüne soragly bakdy. Soňam Gutulmyş bege ýüzlendiler: — Siz bizi nädip tanadyňyz? Siz, hakykatdanam, bilgiç ekeniňiz. — Sünbüle siz hakda her gün gürrüň berýär, ol gürrüňlerden soň sizi tanamazlyk mümkin däl. — Dogry, biz enemizi idäp geldik. — Sünbüläniň jany sag. — Didarlaşyp bolmazmyka? — Bolar… Ýedinji bap Al-Besasury bilen Alameddin Wasyta baryp, Altynjan hatynyň öýüni tozdurypdy, onuň dogany, Wasytyň amydy Badyllany wagşylyk bilen öldüripdi. 450-nji ýylyň şowwal aýynyň ortalarynda olar Bagdada girdiler. Ýerli ilat al-Besasura garşy çykdy, ýöne darkaşda olaryň döwi pes geldi. Şäherde köp adam pida boldy. Arslan Besasury Bagdada gelip Altynjan hatyny, Kunduryny tapmady. Ol ahmyryny Togrul begiň köşgünden hem köşkde işleýänlerden çykardy: şol ýerdäki adamlary uçdantutma öldürdi. Besasurynyň gelendigini eşiden Kaýym Bemryllah mele reňkli gatyryny münüp köşgüniň howlusynda durdy. Halyfyň ýanynda reýis-i ruwasa lakamyny alan weziri bardy. Kuraýş Badran äpet tokmak bilen derwezäni kakyp, möminleriň emiri Kaýym Bemryllaha ýüzlenýärdi: «Eý şerif Seýit! Seniň il içinde azda-kände abraýyň barlygy üçin al-Besasury bilen saňa degmeli däl diýip karara geldik. Sen bizden gorkma. Derwezäňi aç. Ýogsam derwezäňi döwmeli bolarys. Derwezäň döwülensoň, täzesini goýmak köp wagt alar hem gymmat düşer!»7 Al-Kaýym Bemryllah derwezäni açdy. Kuraýş ibn Badran al-Ukaýly möminler emirine beren sözünde durmady. Ony al-Hadist galasyna eltip, tussag hökmünde saklady. Otagyň daşynda çawuş goýdy. Besasury möminleriň emiriniň weziri reýis-i ruwasany jezalandyrmagy karar etdi. Çünki bu ýerde ýaşanda, işlände bu wezir halyfyň tarapynda bolup, Besasurynyň garşysyna çykypdy. Besasury özüne garşy çykylsa, yzynyň nähili bolýandygyny Bagdat şäheriniň ilatyna göz etmek isledi. Şu maksat bilen weziri eşege ters mündürip, şäherden köçeme-köçe aýlady. Birki sany jöhide ony masgaralamak üçin sakgalyndan zol-zol çekip gitmegi, şeýle hem her hili sözler aýdyp üstünden gülmegi tabşyrdy. Soňundan weziri halyfyň köşgünde agaja çüýläp öldürdiler. Besasurynyň beýle erkinlik bilen wagşylyk etmeginiň aňyrsynda Ybraýym ynalyň Togrul begi öldürjekdigi baradaky ähti durýardy. Besasury Ybraýym ynalyň Togrul begi ele salmagyna hem öldürmegine bil baglaýardy, şol pursada gününi sanap garaşýardy. Sekizinji bap Gutulmyş beg Togrul soltanyň dergähine bardy, Resultegini bäş müň atly jemlemek üçin Mazenderana gönderendigini, onuň şu günde-ertede geljekdigini aýtdy. Maksat Ybraýym bilen düşünişmekdi, ylalaşmakdy. Şonuň üçin goşun jemlemäge Togrul soltan o diýen ähmiýet bermedi. Olar Ybraýymyň yzy bilen Hemedana bardylar. Ybraýym mekir tilsim ulandy. Ol gepleşikleri geçirmek üçin Togrul soltan bilen Gutulmyş begi Hemedandaky köşgüne çagyrdy. Gutulmyş Ybraýymyň çakylygyna barmaga kes-kelläm garşy çykdy, ýyldyzlaryň adam pidasyny görkezýändigini tutaryk edindi. — Ybraýym meni öldürermi? — diýip, Togrul beg Gutulmyşa ynanmazlyk etdi. Gutulmyş soltandan öýkeledi, şondan soň ýagşydan-ýamandan sesini çykarman, Togrul begiň yzyna düşdi. Köşkde garaşylmadyk ahwalat ýüze çykdy: Togrul soltan bilen Gutulmyş begi, ýanlaryndaky ýigrimi sany jandary güpbasdy etdiler. Olaryň ellerini, aýaklaryny daňyp, daşyna garawul goýdular8. Olaryň ýanyna Ybraýym ynal geldi. — Bu näme etdigiň, Ybraýym? Bes et hokgaňy! — Togrul, şu günden başlap maňa buýruk bermegiňi bes et! Näme etmelidigimi özüm gowy bilýärin. Düşündiňmi? — Biz seniň ýanyňa düşünişmek üçin ýörite geldik. Ybraýym aç-açan gürrüňe geçdi: — Men bütin ömrümi size hyzmat etdim. Indi siz maňa hyzmat ediň! Ine, meniň maksadym — diýip, ol maksadyny birki ýola gaýtalady. — Biz saňa nähili hyzmat edeli? — diýip, Togrul soltan düşünişmek isledi. — Men soltan boljak! Fatymy halyfy Mustansyr maňa soltanlyk derejesini mundan on ýyl öň berdi. Seniň öňki beren ýerleriňi bu gün indi men saňa ykta berýärin. — Saňa ahyr ýaşda näme ýetenok?! — Meni, goý, Togrul beg bilen Gutulmyş beg hem ykrar etsin. Meni Çagry beg ykrar etsin. Goý, onuň dogmalary-da meni soltan diýip ykrar etsinler. — Sen öz ykta ýerleriňde patyşa ahyryn! — Men saňa haraç töleýärin. Onsoň, nädip men soltan bolýarmyşym? — Saňa meniň tagtym gerekmi? — Hawa, tagtyň gerek. Eger seniň tagtyňda Gutulmyş oturmak islese, eger ol soltan bolsa, onda men ýene ynallygyma galmaga razy. Sebäbi başky maksat boýunça Gutulmyş seljuk jemagatynyň ýabgusy bolmalydy. Gutulmyş, sen soltan bol, men seniň emr-i-sypahyň bolaýyn! — diýip, Ybraýym kesgitli aýtdy. — Ybraýym, dogan, maňa goýýan hormatyň üçin taňryýalkasyn! Rast, maňa hormat goýýan bolsaň, rast, meniň sözümi diňleýän bolsaň, onda bu gürrüňleri goý! Bize musulman dünýäsi seredip dur! Biz abraýymyza çirk ýetirmäli! Togrul deýin beýik soltan şu güne çenli bolan däldir. Togrul ýaly beýik soltana biz sežde, togap etmeli! Şeýle beýik adam bilen dogandygymyza, doganoglandygymyza guwanmaly, buýsanmaly! — Sen ýene köne heňiňe başladyň. Sen näme üçin Togruldan beýle gorkýarsyň? Kelejardan öň-ä sen Togruldan gorkmaýardyň. «Men soltan bolmaly» diýýärdiň. «Maňa «Patyşahy älemim!» diýip ýüzleniň» diýýärdiň. Men saňa bu gün «Patyşahy älemim!» diýip ýüzlenmäge taýýar. Sen diňe bir maksat — patyşa bolmak maksady bilen ýaşaýardyň. Indi näme maksat bilen ýaşaýarsyň, Gutulmyş! Men saňa düşünýän däldirin. — Dogry aýtdyň, Ybraýym! Men bu dünýädäki bar maksadym babamdan soň seljuk jemagatyna ýabgu bolmakdy, men, dogry, häzirem soltan bolmak isleýärin, ýöne babam meniň bu islegimiň garşysyna çykdy. Onuň iň soňky sargydy — Togrula wepaly gulluk etmek! Togrulyň başy dikkä men tagta geçsem, onda men babamyň iň soňky sargydyny tutmadygym bolar. Babamyň sargydy, wesýeti biziň ählimiz üçin hökmanylyk, ol gürrüňsiz amal edilmeli. Babam öňden görýän eken. Ol örän hak aýdypdyr. Hakykatdan hem Togrul sendenem, mendenem, Çagrydanam beýik. Eger Togrul patyşalyk etmedik bolsa, soltanlygymyz häzirki derejesine ýetmezdi. Togrul geçirimli, ol seniň hokgalaryňa çydaýar, men welin çydamazdym. Ybraýym, sen ýalňyşýarsyň, päliňden gaýt! Agzala bolmaly! Ybraýym Togrul soltanyňam, Gutulmyşyňam töwellasyny almady, wezir-wekillerini alyp gelmek üçin Bagdada goşun ugratdy. Ybraýym Togrul soltan bilen Gutulmyş begi köşk el-Jeditde göztussagy etdi. * * * Iki gün geçensoň, Ybraýym ýene Togrul soltan bilen Gutulmyş begiň oturan ýerine geldi. Ol adaty degdim-gaçdym hal-ahwal soraşmadan soň, Gutulmyş bege ýüzlendi: — Gutulmyş beg, siz azat! Siz ýanyňyza öz adamlaryňyzy alyp gidiberiň. — Sen meniň soltany goýup hiç ýerik gitmejekdigimi bileňokmy? — Gutulmyş, beýle diýmäň, gidiň! Gutulmyş beg Ybraýymyň sözüne pitiwa etmedi, ýerinden-de gozganmady. — Soň ökünersiňiz, giç bolar. — Meniň ökünjim öňem az däl! Dokuzynjy bap Hemedanda gopan ahwalat hakdaky habar Bagdada bardy, Amydylmülküň başda durmagynda geňeş geçirildi. Geňeşde dürli pikirler orta atyldy. Birinji pikir — iki doganyň dawasyna goşulmaly däl. Goý, Togrul beg bilen Ybraýym özara düşünişsinler. Biz olaryň dawasyna goşulsak, olaryň gahary geler, soň olar bizi jezalandyrarlar. Şonuň üçin seljuk begleri anyk pikire gelýänçä garaşmak gerek. Ikinji topar Togrul soltany-da, Ybraýymy-da, Gutulmyşy-da ýaşy bir çene baran garry adamlar hasaplaýardy. Şonuň üçinem tagtda häzirlikçe Anuşirwan Tümeni oturtmagy teklip edýärdi. Başga bir topar «Hemedanda iki doganyň — Togrul bilen Ybraýymyň ýanynda Gutulmyş bar bolsa, onda ol hökman gowy çykalga tapar. Göreli, Gutulmyş näme diýýär. Näme etsek, Gutulmyş begiň sözünden soň ederis» diýýärdi. Uzaga çeken geňeşde Anuşirwanyň tarapdarlary agdyklyk etdi. Netijede, Altynjan hatynyň ogullygy Anuşirwan Tümeni tagta çykardylar. Altynjan hatyn geňeşdäki aýdylan teklipleriň ýekesi bilenem razylaşmady, ogullygy Anuşirwanyň tagta geçmegine hem kes-kelläm garşy çykdy. Ol geňeşde haýdan-haý Hemedana ugramagy hemem Togrul soltany halas etmegi geňeş agzalaryndan soltanyň naýyby hökmünde talap etdi. Ýöne onuň bu pikirini wezir-wekiller oňlamady. Aýratyn hem bu pikire baş wezir Kundury garşy çykdy. Geňeş agzalary: «Bolan ýagdaý bilen ylalaşmaly, Altynjan hatynyň ogullygy Anuşirwan ibn Tümeni soltan götermeli» diýen karar geldi. Togrul begiň batyr weziri Kundury hemem Altynjan hatynyň ogullygy wezir Anuşirwan Ybraýym ynalyň garşysyna goşun sürmekden heder edip gaçdylar, öz yzlaryndan barylmazlygy üçin derýanyň üstünden gurlan köprini-de ýumurdylar. Ömrüniň köp wagtyny Togrul bege wezir bolup gulluk eden Kundurynyň Ybraýymdan gorkmasy ýöne ýerden däldi. Ybraýym: «Togrul begi Togrul beg edip ýören iki adam bar, biri Kundury, ikinjisi men — Ybraýym ynal» diýýärdi. Şonuň üçin Kunduryny ähli kişiden öň öldürmek isleýändigini oturan-turan ýerinde aýdýardy. Kundury Ybraýymyň ýüregindäkini aýdýandygyna ynanýardy. Çünki Ybraýym hiç wagt ýalan sözlemeýärdi. Ýalana meňzeş sözlerem onuň çynydy. Şonuň üçin Altynjan hatyna göni ýok diýmäge gaýrat tapman, zut gaçypdy. Togrul begi azat etmek üçin aýaly Altynjan hatyn ata atlandy. Hemedana sary ugramazyndan burun kömek sorap, Alparslana, Ýakuda, Kawurda, Çagry bege habar gönderdi (Soňky döwür saglygy pes bolansoň, Çagry beg mirasdüşerlik weliahdymyny Alparslana beripdi hem-de ony Horasanyň amydy belläpdi.) Altynjan hatyn uly goşun jemläp Hemedany gabady. Ol akylly hatyndy. Ybraýym ynaly gowy tanaýardy, ýylany hoş sözüň hininden çykarýandygyny bilýärdi. Ol hoş sözi albaý edinip, uly bir pidasyz Ybraýymy girisine saldy. Soltan neberesiniň ganynyň mukaddes bolýandygyny, onuň dökülmeli däldigini göz öňünde tutubam, ony ýaýyň kirşi bilen bogup öldürtdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |