11:00 Sahypkyran Gutulmyş beg -22/ romanyñ soñy | |
Ýigrimi dokuzynjy bap
Taryhy proza
Eginlerine jöwşen geýen Togrul soltan bilen Gutulmyş beg iň öňden gelýärdiler. Olaryň billerinde hanjarlary, ellerinde-de jiritleri bardy. Ýolbars öz kastyna çykylandygyny duýup, biynjalyk edilmegini halamaýandygyny, gaharynyň gelýändigini mälim etdi: ýogyn-ýogyn arlady. Bu mahal Gutulmyş beg bilen Togrul soltan özlerini ýetmiş ýaşly goja hasap edenokdylar, olar özlerini ýigrimi bäş ýaşyň dälijesi hasaplaýardylar. Bu töwekgelligiň jogapkärçiligi hajyp Abdyrahman Agaja düşýärdi. Anuşirwan wezir oňa ýeke dem hem hüşgärligi gowşatmaly däldigi, mydama garpyşyga taýýar bolup durmalydygy barada gaýtalap-gaýtalap aýdypdy. Aýdylmanda-da Abdyrahman Agajy öz jogapkärçiligini gowy duýýardy. Şonuň üçin doganoglanlaryň bäş-alty ädim yzlaryndan alty-ýedi sany saý sylahdaryny aýranokdy. Özi-de sak barýardy. Ýyrtyjy haýwanlaryň hüşgärligi, görgürligi, ys alşy adamlaryňkydan görnetin ýiti. Ýolbars ýere ýapyrylyp ýatyp, adamyň gözüni güýdüşdirmegi başarýar. Iki sany ýolbars hem öz rahatlygynyň bozulmagyna nägilelik bildirip, ençe ýola tokaýy sarsdyryp arlady. Emma üýtgän zat bolmady. Adamlar olara bakan barha ýakynlaşýardylar. Her ýyrtyjy öz janyny goramak üçin garpyşyga girýär. Bir maşgala — bir erkek, bir mada ýolbarsda-da garpyşaýmakdan başga alaç galmady. Çünki gaçara ýer ýokdy. Tokaýa tarap gaçaýyn diýere her bir ädim aralykda elleri ýaragly adamlar bar. Aşak tarapyň bolsa köl. Doganoglanlar iki ýolbars şeýle ýakyn aralykda bukulyp ýatandyr öýdüp pikir-de etmändiler. Olar duşuşyk kölüň güzerinde bolar diýen pikir bilen keremara ýöräp barýardylar Iki sany äpet daşyň aralygyndan deň ýöräp geçip boljak däldi. Şonuň üçin öňden Togrul soltan ýöredi, yzdan Gutulmyş beg. Hut şol garaşylmadyk ýerde-de iki ýolbars towusmaga taýyn bolup durdylar. Soltanyň bar ünsi ýykylman, bir ýerini agyrtman bu insizje geçitden geçmekdi. Ol geçitden geçýänçä elindäki jiridini ýüksünip, ýanyndakylaryň birine bermekçi-de boldy, ýöne haýsydyr bir pikir jiridini birine bermekden saklady. Soltan geçidiň aňyrky tarapyna ýakynlapdy. Birden nämedir bir zadyň kölegesi görnen ýaly boldy. Ol kölege däl eken! Iki ýolbars Togrul soltanyň üstüne towusdy. Olaryň nireden, nädip çykandygyny Gutulmyş beg görüp-de ýetişmedi. Iki daşyň arasy garpyşmak üçin gaty oňaýsyzdy. Megerem, şeýle oňaýsyzlyk ýolbarslar üçin derwaýyslykdyr. Olaryň şuwlap gelşini gören Gutulmyş: — Jirit! — diýip gygyrdy, elindäki jiridini öňüne tutdy. Bu gysga salymlyk garpyşykda ençeme günläp gürrüň berip boljak ahwalatlar bolup geçdi. Dogry, juda köp zatlary aýdyp boljak. Awçy milleti göçgünli gürrüňleri gowy görýär. Göçgünli gürrüň berýär. Bu darkaş soltan Togrul bilen Gutulmyş begiň ençeme günläp joşup-joşup gürlemeklerine hyruç berdi. Käte hakykaty aýtsaň, öwünmek ýaly bolup eşidilýär. Herhal, hakykat hakykat bolýar. Ol darkaş iki gojanyň çalasynlygyny, güýjüni, hüşgärligini, galyberse-de, awçylygyny mizana goýan darkaş boldy. Eger ýetmiş ýaşy arka atan soltan Togrul agzyny hatap deýin açyp, dik depesinden üstüne atylyp gelýän ýolbarsyň agzyndan jiridini sokup, öz üstünden geçirip, ýere pylçap urmagy başaran bolsa, heý, sen oňa neneň aperin diýmejek, haýran galmajak?! Gutulmyş begiň ikinji ýolbarsyň jugdanyndan gönderini sokup, bir bökende onuň arkasyna hopba bolandygyny, hernäçe urunsa-da, ýolbarsyň gysga boýnundan berk gysyp dem bermändigini görenleriň-ä ählisi haýran galypdyr. Eşidenlerem haýran: «Şu aýdylanlaryň ýarysy dogry bolsa-da, Gutulmyş bege, heý, gözsüzbatyr diýmezmiň? Heý, oňa ýetmiş ýaşly goja diýmäge neneň diliň barar?!» diýşip. Bu aýdylan gürrüňleriň ýarysy däl, barysy hakykat bolmaly. Olaryň hiç kimsä ýalan bergileri ýok. Gürrüň iki ýolbarsyň öldürilendigi hakda barýar. Darkaşda Togrul soltana, Gutulmyş bege ýeten şikesler barada welin, olaryň özleriniňem gürläsleri gelip duranok. Aslynda bolsa ýolbarslar janhowullaryna demir deýin dyrnaklaryny, gylyjyň ýüzi deýin ýiti dişlerini kastyna çykanlaryň alty-ýedi ýerinden geçiripdirler. Özem ol dyrnaklaryň yzlary başky birinji hepdede Togrul soltany-da, Gutulmyş begi-de oňly ýatyrmady. Dyrnak yzlarynyň agyrysyna çydajak bolup, kösenmek kösendiler, ýöne bu hakda hiç kimiň ýanynda hiç zat aýtmadylar. Herhal, beterinden Beýik Perwerdigäriň özi saklasyn! Allatagala öz ezizlän bendesine ençeme lezzet döredipdir. Şol lezzetleriň içinde iň datlysy ýeňmek lezzeti bolmaly! Otuzynjy bap Töwrizde uly dabara geçirildi. Bu dabara Togrul soltana arslan derisinden tikilen eşigi geýdiriş dabarasydy. Gutulmyş beg köşk emeldarlarynyň, serkerdeleriniň öňünde nutuk sözledi. Onda Togrul soltanyň ýaşlykdan bäri aw bilen meşgullanýandygy, Togrul adyny aw awlamakda ökdelik görkezip gazanandygy, şu güne çenli sekiz ýolbars — ýagny jennetiň sekiz derwezesiniň her biri üçin bir ýolbars awlandygy, şeýle batyrlyk bitiren kişileri Allatagalanyň aýratyn hatyralaýandygy barada aýtdy. Soň ýolbars derisinden tikilen eşigi wezir Anuşirwa Tümen bilen dabaraly ýagdaýda Togrul soltana geýdirdi. Nobatlar çalynyp, bu günki dabara aýratyn şüweleň berdi. Dabara gatnaşanlar tekbir hem tehlil34 aýtmak bilen Togrul soltana uzak ömür, rowaçlyk dileg edip gygyryşdylar. Otuz birinji bap Şatlyk gynançsyz, hazyna ýylansyz, gül tikensiz bolmaýar. Uzyn, äpet daragtlaryň miwesiz bolşy deýin, gözel, ümürsin tebigatly ülkelerde-de tebigy baýlyk bolmaz eken. Tokaýlyga çümüp oturan daglyk ýerlerde nädip hasyl, baýlyk bolsun?! Ýer ala, ýurt ala: Töwriziň salkyn tebigaty goňşy welaýatlaryndaky tebigatdan görnetin parhlanýar. Bu ýerdäki janyňa janperwer salkyn howa Kazwine sary ugradygyňça jöwzalaşýar. Orruk tomusda Gün depäňi deşip, ýakyp-ýandyryp barýardy. Töwrizden çykylanda welin, howa beýle petiş däldi. Ýarym ýyldan gowrak wagty Töwrizde wagtyhoşlukda, meýlisde, aw-şikarda geçirip dynç alan, göwnüni hoşlan soltan Reýe dolanmagy müwessa bildi. Ýolda Gutulmyş begde öz yktasyna gitmek, ol ýerde biraz wagt bolup, işler bilen tanşyp, soň soltanyň yzyndan Reýe barmak pikiri döredi. Ol bu pikirini yktasyna ýakynlaşanda soltana mälim etdi: — Togrul soltanym, eger rugsat berseň, men ýolugra öz yktama sowulaýyn. Saryýa baryp, ol ýerde işleriň gidişi bilen tanşaýyn. Men yktada uzak eglenmän, ol ýerde Resultegini galdyryp, bir hepde — on günden Reýe baraýyn. Soltan Gutulmyş begiň bu islegine garşy çykmady: — Gutulmyş, men saňa düşünýärin. Sen öz maşgalaňy görmek isleýänsiň. Goý, seniň diýeniň bolsun! Ýöne Resultegini Saryýada goýup, uzak eglenmän Reýe bar. Men saňa garaşaryn. Howa ýakyp-ýandyryp barýardy. Şeýle yssy günlerde Togrul begiň burun ganama derdi köp gozgaýardy. Şonuň üçin Gutulmyş beg soltana yssyda uzak ýola düşmekden saklanmagy maslahat berdi. Soltan onuň maslahatyny tutmandy: — Meniň göwnüm Reýi küýseýär. Ol ýerde Altynjan ýatyr. Gutulmyş beg öz yktasyna ugrajak wagty, näme üçindir, soltanyň ýüzüne esli salym seretdi. — Näme diýmekçi bolýarsyň? — Ýok, ýok, hiç zat diýmekçi bolmaýaryn. Gutulmyş begiň soltanyň ýüzüne esli salym seredip durmasy ýöne ýere däldi. Gutulmyş beg özüniň bu pikirinden gorkmak gorkdy: soltanyň ýüzi adatylardakydan başgady. Göýä ol bu dünýäniň adamy däl ýalydy. Gutulmyş özündäki bu duýgyny, dogrusy, nämä ýorjagyny bilmedi. Ol soltanyň ýüzüne çiňerilip seredip, onuň näme derdiniň bardygyny anyklamakçy boldy: — Togrul, saglygyň nähili? — Biynjalyk bolma, ýagdaýym gowy, ýöne... — Näme diýmekçi bolduň? — Saňa nähili aýtjagymy-da bilemok... — Hiç zat ýaşyrma. — Göwnüme sanalgym dolan ýaly bolup dur. Bilip bolmaz, pelek işidir, birden göç etmeli bolsam, menden razy bolgun! — Men senden iki dünýä razy, ýöne entek ölmäli, ýaşaly. Togrul soň hiç zat diýmedi. Şonuň bilenem olar aýrylyşdylar. * * * Gutulmyş beg Saryýa näme üçin gelendigini, dogrusy, özem takyk bilenokdy. Bu ýerdäki häkimlik işlerini Kelejary bilen emir Abu Buga birkemsiz dolandyryp ýördi. Onsoňam ol her on-on bäş günden yktasyndan habarlaşyp-da durdy. Wah, soltanyň ýanynda Kundury-da ýokdy ahyryn! Soltan ony Bagdatda başlyklarbaşy edip galdyrdy, Anuşirwan hem Töwrizde başlyklarbaşy bolup galypdy. Kundurydan ýa Gutulmyşdan başga Togrul bege dözümli em edip biljek ýokdy. Otuz ikinji bap Gutulmyş begi garşylamaga wezir Kelejary bilen gapydan Zehebi Temim gelipdi. Olar Gutulmyş bege özlerine tabynlykdaky welaýatlaryň ähli ýerlerinde goh-galmagalyň ýokdugy, salgytlaryň doly ýygnalandygy, Süleýmanşanyň, Mansuryň, Aliligiň, Döwletiň janlarynyň sag, işleriniň rowaçdygy hakda birin-birin hasabat berdiler. Gutulmyş begiň gelendiginiň hormatyna Saryýada uly zyýapat berildi. Meýlisden soň Kelejary iki jam şerap getirdi. — Gutulmyş, mundan iki aý öň şeýle bir gowy şerap getirdiler. Men ol şeraby seniň gelip, hezil edip içmegiň üçin ýörite saklap ýörün. Häzir şondan içsek gowy boljak. — Bähram, sen içeli diýseň, men saňa ýok diýip bilmerin — diýip, Gutulmyş wezir Kelejarynyň uzadan jamyny eline aldy. — Gutulmyş, men seni gowy görýärin. Senden hiç hili öýke-kinäm ýok. Sen meni hatyraladyň, özüňe wezir edindiň. Mor murtuny zol-zol sypap duran Kelejarynyň bu sözleri Gutulmyşa, näme üçindir, şübheli eşidildi. Ol hiç mahal beýle sözleri aýtmaýardy. Ol hiç mahal häzirkisi ýaly tolgunmaýardy. Gutulmyş beg şerapdaryna ýüzlendi: — Hany, meniň hubuk jamym. Men meýi hubuk jamymda içýärin ahyryn. — Merhemetli patyşam, siziň hubuk jamyňyz şu gün ertirem bardy, ýöne häzir gürüm-jürüm bolupdyr, näçe agtarsagam tapmadyk. Şerapdaryň bu sözi Gutulmyşyň şübhesini goşalandyrdy. Ol Kelejarynyň içirmekçi bolýan jamyna şübheli garady, ony ysgady. — Hany, içeli-le, Gutulmyş. Haýsy jamda içenimizde näme. Awuly däldigi-hä hak. — Özüň içip gördüňmi? — Içip gördüm. Biçak gowy eken. Şonuň üçinem men saňa içirmekçi bolýaryn. — Şerapdar, sen içip gördüňmi? — diýip, ýanynda duran güler ýüzli ýigitden sorady. — Ýok. — Hany, onda sen ilki içip gör. — Ýok, ýok, ol içmesin. Seniň özüň iç! Süleýmanşa özüniň hubukdan ýasalan jamyny kakasyna berdi. Gutulmyş beg Kelejarynyň beren jamynyň meýini oglunyň hubuk jamyna guýdy. Jam çygjardy. Gutulmyş beg nämäniň-nämedigini dessine aňdy. — Bähram, gel, jamlarymyzy çalşyp içeli. — Näme üçin? — Sebäbi men çalşyp içmek isleýärin. Men seniň jamyňdaky meýi içeýin, sen bolsa meniň jamymdaky meýi iç. — Ýok, her kim öz ryskyny içsin. — Men öz ryskymy taparyn, ýöne seniň ryskyň — meniň jamymdaky meý. — Men-ä saňa gowulyk isledim, islemeseň, içme! Gutulmyş beg gaharly gürledi: — Oýun gutardy! Me, şu jamdaky meýi iç. — Ýok, ýok, gerek däl. — Näme üçin gerek däl? Awy goşanyň üçin içmejek bolýarsyňmy? — Awy? O nämäniň awusy? Sen nämeleri pikir edýärsiň? Men awy goşamok. Ine, içip görkezeýin — diýip, Kelejary öz jamyndan iki owurt meý içdi. — Sen, ine, şu jamdanam bir iç! Meýlisde oturanlaryň ählisiniň ünsi Gutulmyş beg bilen Kelejary wezire gönügipdi. Olar bu dartgynly ahwalatyň näme bilen gutarjagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. — Ol jam seniňki. — Meniň jamym ýok. Ony sen gizläpsiň. Sen meni awy berip öldürmekçi bolduň! Indi men saňa: «Meniň jamymdan iç!» diýýärin. Kelejary birden dogumlandy: — Getir! — Hany, iç! — Içerin! — Belki, ölmeziňden öň näme üçin meni awy berip öldürmekçi bolandygyňy düşündirersiň?! Kelejary dymdy. Onuň mor murty bu mahal dim-dik bolupdy. Ol elindäki hubuk jamyndan gözüni aýyrman esli salym durdy. — Oňa düşündiriş nämä gerek, ähli zat düşnükli. — Sen meniň ýanyma geleniňde meni öldürmek maksady bilen gelmediň. Meni öldürmek pikiri sende soňky birki ýylyň içinde döredi. Men şu pikiriň nädip dörändigini bilmek isleýärin. Kim saňa meçew, gep berdi? Kim seni meniň üstüme küşgürdi? — Sen menden hiç zat eşitmersiň. Men bir bagtyýatan adam. Ýöne, Gutulmyş, bilgin, Bähram mertdir. Sen meni betbagt etdiň, ýöne men bagta mynasyp gerçekdim. Bähram ölümiň ýüzüne göni bakyp bilýän, ölümi merdanalyk bilen garşylap bilýän ärdir. — Ähli zat ýokarda ýazylandyr. Eger ölmeli bolsa, Gutulmyş seniň islegiň bilen däl-de, Allanyň islegi bilen öler. Allatagala seniň janyňy almagy welin, maňa ýazgyt edipdir. — Seni ýigrenýärin, itden beter ýigrenýärin. Sen meniň bagtymy ýatyrdyň. Sen biziň neberämiziň bagtyny küle çökerdiň. Sen zerarly abraýdan düşdüm. Aýalym sen zerarly öldi. Biz tozduk. Meniň oglum hem gyzym sen zerarly öldi, indi bu gün menem sen zerarly ölmelimi? Sen Gaznaly şalygyna ikilik, hyýanat etdiň. Özem sen ol hyýanaty meniň üstümden etdiň. Şonuň üçin men seni jezalandyrmak isleýärin. Arman, meniň niýetim paşmady. Gaznaly şalygynyň öňündäki borjumy ýerine ýetirip bilmänligim üçin men bu dünýäden gözümi açyp gidýärin. Kelejary hubuk jamy başyna göterdi. Awy güýçli bolarly, ol dessine jan berdi. Bu ahwalatdan soň, Gutulmyş begiň Saryýada durasy gelmedi. Daňdan Reýe ugrady. BÄŞINJI KYSSA ÖMRÜŇ MANYSY Birinji bap 1073-nji ýyl. Togrul soltan Reýiň gapdalyndaky Kasrany Birunynyň Tajarşat obasynda düşledi. Bu obada burundyk bag bardy. Soltan bu salkyn ýerde dynç almakçydy, ýöne Togrul bege goýry kölegeli ýeriň hem nepi degmedi. Howa biçak yssy bolansoň, soltanyň burny ganama keseli gozgady. Ýogsam soltan gaýry kölegede taýýarlanan nazy-nygmatly saçagyň başyna geçipdi. Ir ertirden namazşama çenli ýol ýöräp ýadapdy. Niýeti bir hepdäni şu ýerde geçirmekdi. Soltan aşak oturdy welin, burny ganamaga başlady. Onuň bu derdiniň öňüni almak üçin soltanyň burnuna dözümlilik bilen hasa dykmalydy. Ýogsam gan sakladanokdy. Soňky gezegem şeýle bolupdy. Gan soltanyň gözündenem akyp ugrady. Soltanyň ganyny hiç kim saklap bilmedi. Hatynlary Zübeýda bilen Seýidde elewreşip gözýaş dökdüler. Iki tebip bardy. Olar soltanyň üznüksiz akýan ganyny duruzmak üçin dözümli hereket etmekden ejiz geldiler. Togrul soltanyň başy aýlanyp özünden gitdi. Şondan soň gaýdyp özüne gelmedi. Soltan «remezan aýynyň sekizinde, juma güni wepat etdi». Gutulmyş Togrul beg ýogalan gününiň ertesi Reýe bardy, ýöne Kundurynyň «ýetmiş agaçlyk ýoly söküp gelmegi üçin iki günläp garaşmaly boldy». Horasanyň hökümdary Alparslana habar gönderildi, ýöne ol gelmedi. Yssyda jesedi uzak saklap-da boljak däldi. Reý şäheriniň ilaty matam tutdy. Bagdatdan Kundury bilen Kaýym Bemryllah geldi. Ikinji bap Ýasa Çagry begiň ogullarynyň Alparslandan özgesi geldi. Togrul beg Reýde hatyny Altynjan hatynyň, dogany Ybraýymyň mazarlarynyň aralygynda jaýlanyldy. Soltanyň aşy-suwy berlensoň, mirasdüşerlik babatda Gutulmyşdan soradylar. Gutulmyş: «Birki gün garaşyň, sähetli hem düşümli günüň haýsy gündügini anyklaýyn. Ýyldyzlaryň salgy berşi boýunça Süleýmany tagta geçireris» diýip jogap berdi. Göräýmäge, Togrul begiň wepatyndan soň tagtyň kime geçmelidigi hakda gürrüň bolmaly däl ýalydy. Sebäbi ähli zat düşnüklidi. Togrul soltan özünden soň hiç hili dawanyň bolmazlygy üçin tagta Çagry begiň ogly Süleýmany mirasdüşer belläpdi. Tagta geçiş dabarasyny haçan geçirseň geçiribermelidi. Şeýle-de bolsa, köşkde her hili gürrüň edilýärdi. Kim Alparslan, kim Kundury, kim Gurt, kim Ýakut tagta geçjekmiş diýip gürrüň edýärdi. Ýöne Gutulmyş näçe gün geçse-de, anyk söz aýtmaýardy. Köşk Gutulmyşyň elindedi. Onsuz ýeke işem edilmeýärdi. Baş wezir Kundury Gutulmyşyň ýanyna Süleýmana soltan täjini haýsy gün geýdirilse gowy boljakdygyny soramak üçin geldi. Gutulmyş Kundurynyň bu sowalyna garaşmadyk jogabyny berdi: — Amydylmülk, meniň senden gizlin zadym ýok, şonuň üçin men seniň bilen bir meseläni maslahatlaşmasam bolanok. — Gözüm üstüne. — Dogrusy, men saňa nähili aýtjagymy-da bilmeýärin. — Siz göni aýdyň, siziň üçin näme etmeli bolsa, biz hiç zadymyzy gaýgyrmarys. Gutulmyş uzak dymdy, soň kynlyk bilen söze başlady: — Mertebeli wezir, meni çykgynsyz güne salýarlar. Men-ä adamlara näme jogap berjegimi-de bilmeýärin. Adamlar meniň ýanyma gelip: «Merhemetli Gutulmyş, siz Seljuk ibn Dukakyň pata beren ýabgusy. Size Ysraýyl Arslan ýabgu-da pata beripdir. Seljuk neberesiniň hatyrasy üçin biz siziň soltan bolmagyňyzy isleýäris» diýýärler, men olara näme jogap berjegimi-de bilmeýärin. Kundury geň galmakdan ýaňa gözlerini höwlendirdi: — Hä... — «Oguz ýoly boýunça tagta siz geçmeli» diýýärler. — Hä... — «Siz ýeke-täk mirasdüşer» diýýärler. «Patyşa, soltan wepat edenden soň, tagta onuň dogany, iň ýakyn garyndaşy geçmeli» diýýärler. «Togrul bege sizden ýakyn adam ýokdy. Ýurduň häzirki derejä ýetmegi diňe siziň goldawyňyz bilen boldy» diýýärler. «Eger siz tagta geçmeseňiz, ataňyz Seljuk begiň ruhy närazy bolar» diýýärler. «Eger siz tagta geçseňiz, Togrul begiň, Çagry begiň ruhlary-da sizden razy bolarlar» diýýärler... Sen bu pikire garşymy? — Men bu barada oýlanmandyryn. — Men seniň bu barada dilleneriňe garaşdym, ýöne sen-ä maňa hiç zat aýtmadyň... — Siz ýeke gezegem Togrul begiň tagtyna göz dikmediňiz. Mydama soltan bolmak islemeýändigiňizi nygtadyňyz. Şonuň üçin siziň tagta geçmegiňiz hakda gürrüň gozgamagy siziň gaharyňyzy getirmek diýip düşündim. Siziň gaharyňyzy getirmezlik üçin hem bu hakda size hiç zat aýtmadym. — Dogrusy, meniň dünýäde kem zadym ýok. Ýurduň, soltanatyň garamatyny boýnuňa alman ýaşamak örän gowy, rahat. Ýaşym hem ýetmiş üç boldy. Ýöne Seljuk atamyň, babam Ysraýyl Arslan ýabgunyň, Ýusup ýabgunyň, ezizlerim Togrul bilen Çagrynyň ruhlary meni rahat oturdanoklar. Olar meniň tagta geçmegimi isleýärler. Daňdanlar Togrul düýşüme girdi: «Eziz doganym Gutulmyş! Meniň ýolumy sen dowam etdir. Seniň gönüden-göni hyzmatyň netijesinde seljuk şalygy musulman ymmatynyň, diňe bir musulman ymmatynyň arasynda-da däl, bütin dünýäde uly ada, şöhrata eýe boldy. Biz örän mukaddes wezipäni ýerine ýetirýäris. Bizi yslamyň din gylyjy hasaplaýarlar. Bu hakykatdan hem şeýle. Sen örän akyldar, pähimdar kişi. Sen tagta geçseň, şalygyň at-owazasynyň hasam artjakdygyna men ynanýaryn. Men şalyga bütin ömrümi, başarnygymy bagyş etdim. Indi tagt boş dur. Eger tagta Süleýman ýa Alparslan geçse, onda şalyk öňki at-abraýyny saklap bilmez. Olarda entek tejribe ýok. Seniň bolsa tejribäň köp. Özem sen aşa sowatly adam. Seniň başarmaýan zadyň ýok. Eger meniň ornuma sen geçseň, onda men gabrymda rahat ýatyp biljek. Eger sen geçmeseň, maňa yzgarly gabyrda-da rahatlyk bolmaz. Gutulmyş, ýalbarýan, sen tagta geçmäge maňa söz ber» diýip ýalbarýar. — Togrul soltan örän dürs aýdypdyr. Siz örän pähimli, örän tejribeli adam. Siz soltan bolsaňyz, şalygymyz has kuwwatlanar, ýöne... — Ýönäň näme? — Siz bu meseläni öň çözen bolsaňyz has gowy, gepsiz-gürrüňsiz bolardy. Indi welin munuň gürrüňi, dawasy uludan bolar. Çünki Togrul soltan öz mirasdüşerlik weliahdymyny Çagry begiň ogly Süleýmana berdi. Süleýman özüne täç geýdiriljek pursadyna garaşyp otyr. Eger häzir oňa: «Sen soltan bolma, seniň ýeriňe Gutulmyş beg soltan bolsun!» diýseň, ol ör-gökden geler. «Togrul soltan öz mirasdüşerlik weliahdymyny maňa berdi. Men soltan boljak» diýer. — Süleýmany şol sözleri aýtmaz ýaly etmeli! — Gutulmyş beg sesine biraz bat berip, hökümli aýtdy. — Nädip? — Eý, Kundury! Sen halyfdan Amydylmülk adyny alan ulama, bu at saňa ýöne ýere berilmedi, her hili kyn ýagdaýlardan çykalga tapyp bilýänligiň üçin berildi. Sen Süleýmanyň ýanyna bar, onuň bilen gürleş. Kundury dymdy, özem uzak dymdy. Başyny aşak salyp, doňan ýaly bolup oturdy. — Amydylmülk, men, ilki bilen, seniň pikiriňi bilmek isleýärin. Sen meniň şu pikirimi unaýarsyňmy? — Merhemetli Şyhabeddöwle! Siz maňa oýlanmaga bir gün puryja beriň! — Goý, seniň diýeniň bolsun! — Merhemetli Şyhabeddöwle! Men bütin ömrümi Togrul soltana bagyş etdim. Men oňa hiç wagt ikilik etmedim. Şu häsiýetim üçin hem men soltanyň dergähinde hatyralandym. Men şu güne çenli soltanatyň kada-kanunynyň, ähtiň esasynda ýaşadym. Galan ömrümi-de halal, adalatyň gullugynda geçirmek isleýärin. Öz ynsabyma garşy giden günüm meniň ata-enemiň, soltanyň beren duzlaryna ikilik etdigim bolar. Men ygrarymy janymdan eziz görýärin. — Eger şeýle pikirde bolsaň, ertire çenli puryja islemegiň näme? Ýa pikiriň üýtgärmi? — Üýtgemese gerek. Seljuk şalygy bir bitewi şalyga öwrülse, onuň başynda-da ýaş, batyr, gaýduwsyz, pähim-parasatly Alparslan dursa, onda şalyk has hem kuwwatlanar, giňär, baýar. Üçünji bap Gutulmyşyň Kundurydan tamasy çykmady. Ol baş wezire aşa uly umyt baglaýardy. Gutulmyş begi tama eden adamy däl-de, tama etmedik adamy goldady. Süleýman ejesi bilen Gutulmyş begiň ýanyna geldi-de, özüniň soltanlyk mirasdüşerliginden el çekýändigini, tagta Gutulmyş begi mynasyp saýýandygyny mälim etdi. — Kundury saňa bir zatlar aýtdymy? — diýip, Gutulmyş Süleýmanyň bu pikirine ör-gökden geldi. — Ýok, Amydylmülk maňa hiç zat aýtmady. — Seniň bu pikiriňi özüňden başga bilýän barmy? — Bar. — Kim? — Ynak Dürnazar. — Ol seni goldadymy? — Goldady. — Dürnazar hem meniň soltan bolmagymy isleýärmi? — Ol meni oňlady. — Sen näme üçin mirasdüşerligiňden boýun gaçyrýarsyň? — Tagta siz geçseňiz dürs boljak? — Näme üçin men? — Siz seljuk begleriniň içinde soltanlyga seljuk atamyzdan pataly adam. — Sen maňa ýüregiňdäkini açyk aýtmaýarsyň, Süleýman. Sen näme üçin tagtdan el çekýändigiň sebäbini maňa açyk aýtmaýarsyň. Üç sany zat — gylyç, hatyn, hökümdarlyk hiç wagt hiç kimsä berilmeýär. Şu üçüň başky ikisinden ýüz öwürilmegi mümkin, ýöne hökümdarlyk üçin welin dogan dogany, ata ogly, dost dosty öldürýär. Hökümdarlyk hiç kimsä berilmeýär, ol alynýar. Zor bilen alynýar, al bilen alynýar, pähim-parasat bilen alynýar. Süleýman näme üçin tagtdan el çekýändiginiň sebäbini aýtmagy makul tapan bolarly, janyndan syzdyryp gürledi: — Eý, Şyhabeddöwle, bu tagta göz gyzdyrýan adam bir ýa iki däl, olar ona ýakyn. Olaryň içinde öz maksadyna ýetmek üçin meniň şirin janyma kast etjek adamlar hem bar. Şonuň üçinem bir bela uçramazymdan burun maňa bu tagtdan el çekmek meniň üçin juda ähmiýetli görünýär. Eger Togrul soltanyň ýerine biri mynasyp bolsa — meniň berk ynanjyma görä — onda bu ýere siz, Gutulmyş beg mynasyp. Elbetde, her kim özi üçin dürs. Alparslan ähli seljuk hökümdarlyklaryny bir şalyga, bir bitewi hökümdarlyga öwürmek isleýär. Men doganym — agam bilen dawa etmek, söweşmek islemeýärin. Iň gowusy, men özüme ykta alyp, parahat ýaşaýyn. — Hut düýnki güne çenli seniň pikiriň başgady? — Gutulmyş beg ýigrimi ýaşy arka atan nazarkerde ýigide seretdi. Süleýman ogurlykda tutulan deýin gyzardy: — Sizden hiç zat gizläp bolmajakdygyny men öňem bilýärdim — diýip, ol goltugyndan bir hat çykardy, ony bege uzatdy. — Bu näme? — Bu, merhemetli Şyhabeddin, agam Alparslandan gelen hat. — Ol näme diýýär? — Siz meni bagyşlaň, merhemetli Şyhabeddöwle, Alparslanyň diýýän sözlerini aýtmaga bognum ysanok. Men düýn haty alyp oýlandym, gije çirim etmän çykdym. Men wezir-wekilleriň köpüsi bilen ýekelikde oturyp maslahatlaşdym. Olaryň galabasy siziň dergähiňize gelmegi maslahat berdiler. Hat bir demde okap çykar ýaly däldi, ol uzyndy, ýigrimi parçadan ybaratdy. Gutulmyş nama göz gezdirdi, soňam namanyň soňuna seretdi. Onda Alparslan Togrul begiň wepatyndan soň seljuk şalygynyň paýtagtynyň Merwe geçirilýändigini, şalygy dolandyrmak wezipesini öz gerdenine alandygyny, inisi Süleýmany gowy görýändigini, hatyralaýandygyny, şol sebäpli oňa Reý sebitlerini ykta berýändigini, Reý sebitiniň parahatçylygyny saklamagyň mukaddes borçdugyny, Süleýmanyň şu mukaddes borjy berjaý etjegine ynanýandygyny, ýakyn günlerde Reý sebitlerine özüniň barjakdygyny, şol mahal özüniň wepalylygyny görkezmelidigini ýazýardy. — Ol bu barada mundan üç ýyl öň — Altynjan hatynyň patasynda hem aýdypdy. — Sen maňa hiç zat aýtmadyň. — Dogry, hiç zat aýtmadym. — Aýdan bolsaň, meseläni şol wagt nagt çözerdik. — Aý, näbileýin... Alparslan meni tas öldüripdi. — Dawalaşdyňyzmy? — Men düşünişmekçi boldum, ýöne ol meni diňlemek-de islemedi. «Seljuk şalygy iki şalyk bolmaly däl, ýeke şalyk bolmaly» diýýär ol. Özüniň ýeke-täk soltan boljakdygyny aýtdy. Men Togrul soltanyň mirasdüşerlik weliahdymyny berendigini aýtdym. Ol meniň sözümi diňlemek-de islemedi. «Maňa tabyn bolarsyň. Jibaly men saňa ykta bererin» diýdi. Bu hat hem mundan üç ýyl öňki gürrüňiň dowamy. Üýtgän zat ýok. Men Alparslan bilen darkaşa girmek islämok. Ol menden rüstem. — Dürnazary çagyryň! — diýip, Gutulmyş beg gapydana buýurdy. * * * Dodurga Merwezi bilen Dürnazar Gutulmyş begiň soltan täjini geýmegine yhlaslylyk bildirdiler, özleriniň sadyklygyny, wepadar boljakdyklaryny äşgär eýlediler. Gutulmyş beg olara soltanat diwanynyň wezir-wekillerini, sahyplaryny, emirlerini ýygnap ilki kiçiräk, soňundan giňişleýin geňeş geçirmeklerini tabşyrdy. Olara soltanatyň emirleriniň arasynda aýdylmaly sözleri birin-birin öwretdi. Ýagdaý edil küşt oýnundaky ýaly bolýardy: Gutulmyş beg perziniň, atyň göçümlerini kesgitleýärdi. Bu oýunda esasy zat utmakdy. Gutulmyş ökde oýunçy bolup çykdy. Onuň aýdyşy ýaly, geňeşlerde çykyş edilenden soň, ähli zat gowulyga akym aldy. Elbetde, emirleriň arasynda Gutulmyş begiň soltan bolmagyny islemeýänleri hem az däldi, ýöne olar açykdan-açyk oňa garşy çykmaga, töwekgellik etmäge gorkýardylar. Olar birek-biregiň ýüzüne seredýärdiler: iller näme diýýär? Iller näme edýär? Gutulmyş beg emirleriň bu ýöwselliginden töwekgellik bilen aýgytly peýdalandy. Her bir sözi ynamly, aýgytly aýtdy. Her bir işi ynamly, aýgytly etdi. Onsoň onuň edýän hereketleri köplere hak bolup göründi. Wezir Dodurga Merwezi bilen Dürnazar wezirler diwanynyň geňeşini çagyryp, onda Gutulmyş begiň öwredişi ýaly çykyş etdiler. Ilki Kundury çykyş etdi. Ol Gutulmyş beg hakda hiç zat aýtmady. Diňe wezirler diwanynyň käbir meseleleri barada çykyş etdi. Dodurga Merwezi bilen Dürnazar çykyş edip, mirasdüşer Süleýmanyň tagtdan el çekýändigini, Gutulmyş begiň soltan göterilmeginiň ýeke-täk dogry çözgütdigini nygtadylar. — Gutulmyş beg — Seljuk ýabgunyň uly ogly Arslan ýabgu Ysraýylyň uly ogly. Seljuk beg özüniň ýabgulygyny uly ogly Arslan bege berýär. Togrul begiň, Çagry begiň harby tälimlerde, serkerdelikde taplanmaklarynda Arslan ýabgunyň hyzmaty çäksiz uludyr. Arslan ýabgu ähli seljuk türkmenleriniň agzybirligi üçin köp alada eden serkerdedir. Ýöne ony soltan Mahmyt hile bilen zyndana dykdy. Hindistanyň Kelejar zyndanynda on ýyldan gowrak wagt saklady, kösedi, ezýet berdi. Gutulmyş beg şol ýyllar Arslan hanyň horlanmazlygy üçin irginsiz aladalandy, Togrul beg bilen Çagry begiň serdarlygynda seljuklylar gaznalylardan üstün çykansoň, Gutulmyş begi-de halas etdiler. Togrul beg bilen Gutulmyş begiň aralarynyň nähili ýakyn bolandygyny siziň hemmäňiz bilýärsiňiz. Togrul beg Gutulmyş begi janyndan eziz gördi. Ony öz dogany, akyldary, geňeşdary hasaplady. Şonuň üçinem Togrul begiň ýoluny dowam etdirmegi Gutulmyş begden towakga etsek, ýerine düşdügi bolar diýip hasap edýärin. Biz bu babatda Gutulmyş beg bilen pikir alyşdyk. Pikirlerimiz — bir. Ýekeje-de adam Dodurga Merweziniň bu pikirine garşy bolmady. Ýerli-ýerden Gutulmyşa alkyşly sözleri aýtdylar. Ony soltanlyk tagty bilen gutladylar. Gutulmyş beg geňeş beýle üstünlikli geçer öýdüp pikir etmändi. Ol hiç bolmanda Kundury garşy çykar öýdüpdi. Ýok, Kundury hem garşy çykmady. Ol dymdy. Çagry begiň uly ogly Gurt (Kowurt) garşy çykaýjak ýalydy. Gurt-da garşy çykmady. Çagry begiň ogly Ýakut garşy çykar öýdüldi. Gutulmyş beg Gurda ýüzlendi: — Gurt, sen maňa garşymy? Çagry begiň uly ogly Gurt pert jogap berdi: — Ýok, melik Şyhabeddöwle! Heý-de men size garşy çykarynmy? Gutulmyş beg Çagry begiň ogly Ýakutdan sorady: — Ýakut, sen garşymy? — Men Alparslana garşy, ýöne melik Şyhabeddöwlä garşy däl — diýip, indi ençe ýyl bäri Diýarbekirde, Wan kölüniň sebitlerinde hökümdarlyk edip ýören Ýakut şazada janykdy: — Merhemetli Şyhabeddöwle, Alparslan bize babamyzdan galan mirasdan, hazaneýi-hassdan ýeke dirhem hem bermek islemeýär. Ol hazaneýi-hassa, ähli mirasa diňe özi eýelik etmek isleýär. Ol bu pikirini ýaşyrjagam bolup duranok. Ol bizi agzybirlige, jebislige çagyrýar, özüne boýun sunmagymyzy talap edýär. Nämäniň hatyrasyna? «Çagry begiň üç ogly meniň bilen. Olar meni goldaýarlar. Onsoň Alparslanam öz agasyna garşy çykyp durmaz» diýip, Gutulmyş beg pikir etdi. — Gurt, sen garşy dälmi? — diýip, Gutulmyş ýörite gaýtalap sorady. — Ýok, garşy däl! — Ýakut, sen garşy dälmi? — diýip, Gutulmyş ýörite gaýtalap sorady. — Ýok, garşy däl! Iki dogan çyn ýürekden Gutulmyşy mübärekledi. Şol gün Reýde uly toý tutuldy. Gutulmyş köşk emeldarlaryna, wezir-wekillere halat ýapdy, gymmatbaha hedýeler berdi. Özem bu hedýeleri, halatlary beýtilmaldan (döwlet gaznasyndan) däl, Jürjandaky gaznasyndan berdi. Beýtilmaldan ýeke dirhem hem almazlygy, gaýtam ony has köpeltmegi ýanyndakylaryň ählisine emr etdi. Soňam özüniň oturjak tagtynyň arka ýüzüne Gurhany kerimiň Neml (Garynjalar) süresiniň kyrkynjy aýadyny: «Bu Perwerdigärimiziň maňa şükür edýänimi ýa-da küfrany nygmat edýänimi synamak üçin beren fazly merhemetindendir. Kim şükür etse, bes, elbetde, ol diňe öz (peýdasy) üçin şükür eder. Kim küfrany nygmat etse, bes, elbetde, Perwerdigärim (Onuň şükür etmeginden) bihajat we fazly-kerem eýesidir» diýen aýady ýazmaklaryny buýurdy. Bu aýady Gutulmyş beg soltan Mahmydyň dergähinde bolanda görüpdi. Şonda kakasy Gutulmyşa sargyt edipdi: «Oglum, mydama gowy zatlardan ybrat algyn. Seniň tagtyň arka ýüzünde hem Gurhanyň şu aýady ýazylgy bolsun!» Gutulmyş şonda kakasyna söz beripdi. Ol kakasyna beren sözüne ýetmiş üç ýaşy arka atandan soň amal etdi. Ýetmiş üç ýaşda! Söz beren zadyňy amal etmek — dünýädäki iň datly lezzet bolsun gerek! Maksadyňa ýetmek — dünýädäki iň datly lezzet bolsun gerek! Dördünji bap Gutulmyş beg maksadyna ýetdi! Hawa, Gutulmyş beg maksadyna ýetdi! Hawa, hawa, Gutulmyş beg bin Arslan han bin Seljuk bin Dukak maksadyna ýetdi! Elli ýyl mundan öň Gutulmyşa patyşa boljakdygyny ýyldyzlar habar beripdiler. Ýyldyzlaryň bu habaryny ilki bolup Arslan ýabgu görüpdi. Gutulmyş bu habara başda ynanan hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen patyşa bolmak baradaky ynamy çüpräpdi. Herhal, inçejik tama welin, ondan aýrylmandy. Gutulmyş agşam ýyldyzly asmana uly buýsanç, uly minnetdarlyk bilen bakdy. Kakasy Arslan ýabguny ýatlady. Bagdada habar ugradyldy. Halypa Kaýym Bemryllah Gutulmyşyň tagta geçýändigini oňlady. Oňa ýörite soltan adyny berip, öz baýdagyny, donuny, sowgatlaryny gönderdi. Gutulmyşy dabaraly ýagdaýda Togrul soltanyň tagtynda oturtdylar. Gutulmyş beg bu arzyly güne ýetmiş ýyllap garaşdy. Ýetmiş ýyllap! Ol ýüregindäkini aýtdy: — Byradarlarym! Sizden gizlemäýin! Men bu pursada ýetmiş ýyllap garaşdym. Meni bu gün soltan diýip derejelediňiz! Soltan diýip yglan etdiňiz. Indi men ömrümden razy! Hut ertir ölmeli bolsam-da, men taýýar! Gutulmyş beg gözýaşyny saklap bilmedi. Ol gözýaşyny eliniň tersi bilen sylyp, tagtda oturdy. Bir aýdan, bir ýyldan Horasandaky hökümdarlygyny az görüp, Alparslanyň Reýdäki hökümdarlyga dalaş etmegi-de, gelip ýeňmegi-de mümkin. Gutulmyş soltan şol söweşde, ilki bilen-ä, ýeňilmezlige umyt baglaýardy, ýöne ýeňiläýende-de, öläýende-de, ol özüni ýeňlen hasaplajak däldi. Ol eýýäm ýeňijidi. Ol özüni maksadyna ýeten hasaplaýardy. Durmuşda iň süýji pursat — maksadyňa ýeten pursadyň! Maksadyňa ýeteniňden soňky durmuş — adaty durmuş! Gutulmyş beg üçin mundan soňky adaty durmuşyň zerurlygy ýok. Ol ýetmiş üç ýaşyň içinde durmuşyň ajysynam, süýjüsinem köp datdy. Bu gün tagt, soltanlyk tagamynam datdy. Durmuşyň hiç bir zadyndan doýup bolmaýar. Durmuşdan doýup bolmaýar! Doýsaň, tagamy gaçar! «Eý, Alla! Men beren ömrüňden müň keren razydyryn! Eý, Alla! Sen maňa näme berseň, şol beren zadyň gadyr-gymmatyny duýmaga ömür, sabyr berdiň! Sen meni ýaramaz maksatlar üçin däl, asylly maksatlar üçin ýaşatdyň!». Bäşinji bap Gutulmyş kabulhanada ýeke galdy. Ol uzyn gijäni tagtda oturyp geçirdi. Onuň bolşy akylyndan azaşan ýalydy. Daňdanlar Gutulmyş soltan oturan ýerinde irkildi. Soltan işigiň ýuwaşlyk bilen açylandygyny aňyp, başyny galdyrdy. Iç işikde edep saklap, tagzym edip, umury istihbaradyň sahyby Dürnazaryň durandygyny gördi. — Sahyp, eýgilikmi? — Eýgilik, kyblaýy älemim, eýgilik. — Näme habaryň bar? Sahyp gelip, soltanyň aýagyna togap etdi. — Kyblaýy soltanym, emiriňiz Erdem ilkagşam emiriňiz Ýagysyýanyň öýüne bardy. Olar öňden bäri ýegana gatnaşykda, dost. Ikisiniň gürrüňini diňledim. Häzirem olar ýatmak üçin düşeklerine geçdiler. Kyblaýy soltanym, olaryň pälleri-hä gowy däl. — Aýdyber! — Olar ýene iki günden — juma gijesi gaçyp Alparslanyň gullugyna geçmek isleýärler. — Näme üçin? — Alparslan olara häzirki yktalaryndan iki esse köp ýeri ykta bermäge wada edýär. — Ukusyzlykdan ýaňa gabaklaryň ýellenip gidipdir. Bar, öýüňe gidip günortana çenli ýat, dynjyňy al! Dürnazar eşidýän sözüne ynanmaýan ýaly, serasima bolup esli durdy. — Bar, bar, git-de ýat! Allatagala lut tagtasyna näme ýazan bolsa, şol-da bolar! — Erdem bilen Ýagysyýany zyndana atmaga rugsat beriň! — Ýok, ýok! Olara hiç zat diýme! Goý, olar islän işlerini etsinler! Men saňa näme diýdim?! Hiç zady gaýgy etmän, ýatyp dynjyňy al... Dürnazar tagzym bilen kabulhanadan çykyp gitdi. * * * Daň atdy. Köşkde adaty iş güni başlandy. "Arslan ýabgu Türkiýe seljuk türkmenleriniň atasydyr. Onuň iki ogluny bilýäris: Gutulmyş we Resultegin." Faruk Sümer, «Oguzlar — türkmenler». ■ SÖZSOŇY Alparslan Reýe gelýär. Iki tarapyň arasynda bolan söweşde köp adam öldürilýär. Şol wagt Alparslan ýeňlip gaçmaga başlaýar, ýöne birdenkä Gutulmyşyň aty ýykylýar... Şeýdip, ýeňiş Alparslana gülüp bakýar. Kerimeddin Mahmyt AKSARAÝLY, «Musameretul ahbar» (Habarlaryň mejlisi). * * * Ol-a adam eken, şowlamasa, dört aýakly at-da ýykylýar: at çapanok, bagt çapýar! Ýeňiş Alparslana gülüp bakýar. Alparslan seljuk begleriniň boýun egdirip bilmedik Malazgirt galasyny boýun egdirip, Kiçi Aziýany musulmanlaşdyran beýik soltandyr. Bu beýik türkmen şasynyň şöhratly ömür beýany bar. Ol Gutulmyş begiň ogullaryny öldürmän, «Öz begligiňizi özüňiz dörediň!» diýip, olary şalygyň Anadoly serhedine ugradýar. Gutulmyş ibn Arslan ýabgu Ysraýylyň ogly Süleýmanşa görnükli serkerde bolup ýetişýär. Ol Antakiýada ilkinji bolup türkmen-seljuk begligini döredýär. Ol Kiçi Aziýadaky seljuklylaryň (şu günki ähli türkleriň) atasy hasaplanýar... Biziň söhbedimiz şu ýerde soňlanýar. Çünki soltan Alparslanyň hemem Gutulmyşyň ogullary Süleýmanşanyň, Mansuryň, Aliligiň, Döwlediň ömürleriniň beýany, elbetde, başga eserleriň söhbetleri. Biz ömür ýoluny yzarlan baş gahrymanymyz Gutulmyş bege, onuň sabyrlylygyna, sowatlylygyna, merdi-merdanalygyna çäksiz buýsanýarys. Şu buýsanjymyz hem romanyň döremegine sebäp boldy. Türkmen taryhynyň gatlarynda asylly ahlak sypatlary, batyrlygy, mertligi, gaýduwsyzlygy, ruhubelentligi bilen köplere nemuna bolup biljek är gahrymanlar sanardan juda kän. Türkmeniň şu gününde-de, geljeginde-de geçmişindäki deýin beýik gahrymanlar, beýik şahsyýetler köp bolsun! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |