11:31 Sahypkyran Gutulmyş beg -23/ romana goşmaça | |
ROMANA GIRMEDIK PIKIRLER WE DÜŞÜNDIRIŞLER
Taryhy proza
BIRINJI KYSSA: ÇAKYLYK 1. Soltan Mahmyt Gaznaly ibn Söbüktegin — 999-njy ýylda Gazna şäherini paýtagt edinip, musulman döwletleriniň arasynda kuwwatly şalyk döredýär. Mahmyt Gaznaly özüni soltan atlandyran ilkinji patyşadyr. Soltan sözi Mahmyt Gaznalydan soň ýörgünli bolýar. Ol 970-nji ýylda dogulýar, 1030-njy ýylda wepat bolýar. 2. Heýtele — Syrderýa bilen Amyderýanyň aralygy. Araplaryň gelmegi bilen bu at kem-kem ulanyşdan galýar, Maweranahr (iki derýanyň aralygy) diýen at ýörgünli bolýar. Eserler ýygyndysy, tom 4, sah. 353. 3. Bu maglumatlar soltan Mahmyt Gaznalynyň kätibi Abulfazl Baýhakynyň kitabyndan alyndy: «Sagyt Nefisi. Taryhy Baýhaky we ol hakynda». 4. Gadyr han — Hytaý bilen Türküstanyň aralygynda ýerleşen Hotan ülkesiniň hökümdary. «Dogan han öleninden soň ornuny inisi Abul Muzaffar Arslan han eýeledi. Emma mundan öň Buharany eýelän Gadyr han Ýusup ibn Bugra han Harun ibn Süleýman oňa garşy çykdy. Ol aslynda Dogan hanyň (Ahmet 1 Arslan Garahan — 998-1015 ý.) Samarkantdaky dikmesidi. Ýemineddöwle Arslan hanyň garşysyna söweşmek üçin kömek sorap Gadyr hana hat ýazdy. Gadyr hanyň Jeýhun derýasynyň üstünde gämileri birek-birege zynjyr bilen baglap goýup, täsin bir köpri gurdy. Ýemineddöwlä Gadyr han şol köpriniň üsti bilen geçip, Arslan hanyň garşysyna kömek berdi». Ibn Esir. Kämil taryh. Eserler ýygyndysy. Tom 4, sah. 341. 5. Tarih-i-Baýhaky. MITT. M.L. t.1 6. Ysraýyl (Arslan) ýabgu — Seljuk türkmen şalygynyň nesilbaşysy Seljuk ibn Dukakyň uly ogly. Seljuk beg 1011-nji ýylda 107 ýaşynda aradan çykýar. Seljuk beg wepatyndan öň özüniň ýabgulygyny — öz jemagatyna hökümdarlyk etmegi uly ogly Ysraýyl bege ynanýar. 7. Sylahdar — seljek soltanlarynyň köşklerinde hökümdar üçin satyn alnyp terbiýelenen hyzmatkärler şeýle atlandyrylýar. Olar dürli milletlerden, aýratyn hem türkmenlerden ýetişdirilen gullardyr. Sylahdarlar köşk dessur we däplerine görä ýetişdirilip, ok-ýaý atmak ýaly harby hünärlerine we köşk hyzmatlaryna öwrenişdirilipdir. Bu hyzmatkärleriň ýolbaşçylaryna «emiri sylah» diýlipdir. Emiri sylah dabara wagtynda hökümdaryň tagtynyň ýanynda oturýardy. 8. Gyzyl ok (peýkam) — goşun kömegi gerek bolanda ýa goşun jemlemek maksady bilen ýerlere gyzyl peýkam ugradylypdyr. Gyzyl peýkam ýörişe çakylyk hökmünde kabul edilipdir. 9. Kerimeddin Mahmyt Aksaraýly. «Musameretul ahbar» (habarlaryň mejlisi). 10. Baba — kaka. 11. Rakys — tans. 12. Oguznamadan. 13. Rakiýa — üzümden ýasalan şerap. Boza — darydan ýasalan güýçli, serhoş ediji içgi. 14. Jeýhunyň üstünden gurlan köpri — soltan Mahmyt Gaznaly bu köprini 1013-nji ýylda gurdurýar. Köpriniň gurluşygyna ýigrimi kurur (million) dinar harçlaýar. 15. Söbükteginiň «Pentnamasy» — Gaznaly şalygyny esaslandyryjy Söbüktegin ogly Mahmyt Gaznala we beýleki ogullaryna niýetläp öwüt-pent kitabyny miras galdyrypdyr. Bu kitap şol döwürde diňe bir Zubulystanda däl, eýsem Horezminde-de, Heýtelede-de, Horasanda-da meşhur eken. 16. Biruny — (4.09.973 ý. — 11.12.1048 ý.) — görnükli Gündogar akyldary. 17. Faraby — 870-950-nji ýyllarda ýaşap geçen görnükli akyldar. 18. Çan, ud, saz, şadyýan — saz gurallarynyň atlary. 19. Ydrat (al-ydrarat) — pensiýa. Döwlet tarapyndan tanymal, il arasynda hatyralanýan adamlara, býurokratlara, dini hadymlara berilýän ömürlik pensiýa. 20. Sarsaýyl — köne düşünjelere görä, Ýeriň eýesiniň ady. Derýalaryň eýesiniň ady bolsa Karkaýyldyr. 21. Dar-al-yslam — yslam dünýäsi. Yslam iki dünýä bar hasaplaýar. Birinjisi, dar-al-yslam, ikinjisi, dar-al-harb — bu musulmanlara degişli bolmadyk kapyrlar dünýäsi. Dar-al harbyň dar-al yslama öwrülmegi üçin göreşmek sogap hem parz hasaplanypdyr. 22. Zabulystan (Jabulystan) — Seýistan (Sejestan) bilen Hindistanyň aralygyndaky uly welaýat. Bu welaýatyň iň uly şäheri, merkezi Gazna şäheridir. Soltanyň ejesi Zabulystan welaýatynyň häkiminiň gyzy bolupdyr. Şeýle bolansoň soltany Mahmyt Zabulystanly ýa-da Mahmyt Gaznaly diýip atlandyrypdyrlar. Soltan Mahmyda Gaznaly diýilmeginiň sebäbi Gazna şäherini paýtagt edinenligi üçindir. Orta asyr Gazna şäheriniň harabaçylygy häzirki Gaznadan demirgazygrakda ýerleşýär. Gazna şäheri 962-1162-nji ýyllar aralygynda Gaznaly türkmenleriň şalygynyň paýtagty boldy. Owganystanda ýerleşen Gazna şäherini soltan Mahmyt owadandan-owadan binalar gurduryp, musulman şäherleriniň arasynda iň owadan şähere öwürmegi başarýar. Gazna şäheri üç ýola ýumrulýar. 1148-nji ýylda gurly türkmenler, 1228-nji ýylda Çingiz han, 1326-njy ýylda Hulagu han tarapyndan ýumrulýar. 23. Üstazdar — köşk emeldary, ol soltanyň hojalyk işlerinden başlap, aşhana, meýhana, köşk tomaşahanasyna, gulamlara ýolbaşçylyk edýär. Üstazdar soltanyň çakylygyna ilki bolup barýan emir. Onuň buýrugy gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirilýär. Ol köşgüň ähli çykdajysyna seredýär. Şerapdar — köşgüň sakysy, soltanyň şeraphanasynyň ýolbaşçysy. 24. Nobat — saz guraly. 25. «Aý tilsimi» — Abu Muhammet Mätiniň (759-786 ý.) halypalyk eden döwründe Horasanda — Merwde arap basybalyjylaryna garşy gozgalaň turzan serkerde. Mukanna guýudan Aý çykan ýaly edip, jadygöýlük görkezipdir. Mukannaçylar ak geýnipdirler. Mukanna ýüzüni ilden gizläpdir, ýüzüne nikap çekipdir. 26. Ak el — bu düşünje Musa pygamberiň görkezen mugjyzalary bilen baglanyşykly bolup, geň-taň, ajaýyp, gudrat, keramat ýaly düşünjeleri aňladýar. Musa pygamber elini goltugyna salyp çykaranda eli ap-ak bolup, kümüş deýin öwşün atypdyr. 27. Ýoldaş — nedim, iň ýakyn adam. 28. Gerdek — durmuş toýuny toýlaýan çatynjalar üçin gurulýan öý. 29. Emiri-i-haras — zyndanyň başlygy. 30. Sagyt Nefisi. Taryhy Baýhaky we ol hakynda. Jilt 1. Eserler ýygyndysy. Tom 5. sah. 330. 31. Gurhanyň 6-njy «Engam» (Çarwa mallar) süresiniň 59-njy aýaty. 32. 25-nji pasyl: ýyldyz toparlarynyň hereketlerini görmek jähetinden gözüň nazary köpdür. Ol beýle işden ejiz gelýär. Çünki göz nazary göni hereket edýär, ýyldyzlar topary bolsa aýlawly hereket edýärler. Abu Nasr Faraby. Ýyldyzlar barada dürs we dürs däl kesgitlemeler. 33. Gurhanyň 9-njy «Toba» süresiniň 120-nji aýaty. 34. Ýyldyzlaryň hökümi — Ibn Esir. Kämil taryh. Ýyldyz ylmy — ýyldyzlaryň hereketlerine görä pal atmak, ýagny astronomiýa. 35. Ýyldyz ylmyny — astronomiýa we ýyldyzlara garap takdyra seretmek ylmy. 36. Togsan bäş menzillik ýol — Gazna bilen Hindistanyň Çyn serhedinde ýerleşýän Kelejar welaýatynyň arasynyň togsan bäş menzillik ýoldugy Mahmyt Gaznalynyň kätibi Baýhakynyň kitabynda bar. 37. Derwezata — Syrderýa bilen Anadoly aralygy. 38. Soltan Mahmyt Gaznaly ilkinji gezek Ilek han bilen ylalaşmandygy sebäpli 1913-nji ýylda gelipdi. 39. Soltan Mahmydyň seljuklylara Abywert, Nusaý, Paraw sebitlerini ykta berendigi, muny köp emirleriň goldamandygy, şonda görnükli serkerde, Hyradyň häkimi Ahmet Jazybyň: «Soltanym, seljuklylar Jeýhundan geçende olary suwa gark edeli ýa-da olar ýaý atyp bilmez ýaly, ählisiniň başam barmaklaryny keseli» diýendigini, şonda soltanyň oňa: «Sen nähili rehimsiz ekeniň. Seljuklylar hem biziň doganlarymyz» diýendigi Ibn Esiriň «Kämil taryh», Faruk Sümeriň «Oguzlar — türkmenler», Ibn Kesiriň «Başlangyçdan ahyra çenli» kitaplarynda nygtalýar. 40. Jibal — daglyk ýerler diýmekdir. Jibal ülkesi — Yspyhan, Zenjan, Kazwin, Hemedan, Dinawar, Karmysyn, Reý ýaly şäherleri öz içine alýar. 41. Muhsin bin Tak — bu serkerde seljuklylaryň harby ýolbaşçylarynyň biri bolupdyr. Soltan Mahmyt Gaznalynyň kätibi Nasr Muhammet bin Abdyljepbar Utbynyň «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly meşhur kitabynda Muhsin bin Tak hakda anyk maglumatlar berilýär. Şol maglumatlara görä, 1006-njy ýylda soltan Mahmyt Gaznalynyň Multanyň hökmürowan patyşasy Dawut bin Nasr bin Şyh Hamydy we onuň nesilşalygyny, şeýle hem karmatylary ýok etmek maksady bilen gidendiginden peýdalanyp, Garahanly hökümdar Ilekhan Subaşy Tegini Horasana gönderýär. Bu habary eşiden soltanyň yza dolanandygy we Sarahsyň ýolunda onuň öňüni seljuk emiri Muhsin bin Tagyň kesendigi aýdylýar. Gazaply söweş bolýar. Söweşde seljuk emiri ele düşýär, ony iki parça edip öldürýärler. Onuň bäş müň atlydan ybarat goşuny soltanyň tarapyna geçýär we onuň hyzmatynda durýar. 42. Wisakbaşy — ýefreýtor. Wisakbaşy gullugyň sekizinji ýylynda gulama berilýän dereje. Wisakbaşa çadyr, kümüş sim bilen tikilen gara keçe telpek, genji matasyndan tikilen geýim we emrine üç esger berlipdir (Nyzamylmülk. Syýasatnama). Salar — goşunbaşy. 43. «Her kim Alla töwekgellik etse, ol onuň üçin ýeterlikdir» — Gurhanyň altmyş bäşinji «Talak» süresiniň 3-nji aýaty. 44. Bäşinji güýç — bu ýerde dört başlangyç güýç bolan jisim: suwdan, howadan, otdan we toprakdan başga güýç, ýagny akyl güýji göz öňünde tutulýar. 45. Hums — oljanyň bäşden bir bölegi. Humsy, esasan, soltanlar her bir ýörişden düşen oljadan alýarlar. 46. Naýman — Horezmiň gündogar serhedinde ýaşaýan çarwa halk. 47. Deýlemliler — bu ýerde Eýranda we Yrakda 934-1058-nji ýyllar aralygynda hökümdarlyk eden büweýh şalygy göz öňünde tutulýar. Bu şalygyň şalarynyň hanedany — asly Deýlem şäherindendir. Şeýle bolansoň büweýh şalygy diýen söze görä deýlemliler diýen düşünje arap dünýäsinde ýörgünli bolupdyr. 48. Şihne — polisiýanyň başlygy. 49. Gapydan — hojalyk işlerini dolandyryjy. Bu söz soňy bilen Ýewropada «kapitan» görnüşinde ulanylyp başlapdyr. Eserler ýygyndysy. Tom 4, sah. 344 Altyndaş. Eserler ýygyndysynyň 4-tomy, sah. 341. 50. Hutba — juma namazyndan öň, baýram namazyndan soň, münbere çykyp halka berilýän dini öwüt. Hutba okaýan din hadymyna hatyp diýilýär. 51. Muhtasyp — şäheriň, bazarlaryň tertip-düzgünine, şerigatyň berjaý edilişine gözegçilik edýän sahyp. «Muhtasyp tereziniň dogry ölçegine we agramyna gözegçilik etdi, ol ahlak gözegçisidi, dini düzgünleriň we soltanlaryň buýruklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärdi». (Agajanow. Seljukidy i Turkmeniýa, s. 93). 52. Rişwet — para. 53. Hepbe — dirhemiň kyrk sekizden bir bölegi. 54. Ýatagan (galaçury we garaçury) — gylyç. Ýatagan egri däl-de, gönüdir. Ol sünçmek üçin amatly bolupdyr. 55. Taýlesan — bir ujy boýundan saralyp, ikinji ujy öňe atylýan uzyn ýaglyk. Taýlesany, köplenç, derwişler, din hadymlary atynýarlar. Sebäbi taýlesany namazlyk hökmünde peýdalanýarlar. 56. Kowus aýy — hijri-şemsi hasaby boýunça noýabr aýynyň Owganystanda atlandyrylyşy. 57. Oglan — meýletin atly esger. 58. Pidýe — ýesir düşen adamy azat etmek üçin tölenýän pul. 59. Ratl — 500 grama barabar bolan ölçeg birligi. 60. Millet ylmy — halklaryň gelip çykyşyny öwrenýän ylym. Gutulmyşyň ýyldyz hem millet ylymlaryna ussatdygy barada Kerimeddin Aksaraýlynyň «Musameretul ahbar» (habarlaryň mejlisi) atly kitabynda aýdylýar. 61. Ydrar (ar-ydrarat) — pensiýa. 62. Walwar — gelinlik üçin galyň. 63. Mirşep — gijeki sakçy. IKINJI KYSSA: KELEJAR 1. Kutwal — galanyň başlygy. 2. Pul — ownuk şaýy. Dinaryň ýüzden birine barabar. 3. Sakka — suw daşaýan hyzmatkär. 4. Söbüktegin şalygy — Gazna türkmenleriniň şalygyny samanly şalygy synansoň esaslandyran soltan Mahmydyň kakasy Söbüktegindir. Şonuň üçin hem şalyk Söbüktegin şalygy diýlip hem atlandyrylypdyr. 5. Bu maglumat Muhammet ibn Aly ibn Süleýman Rawendiniň «Göwünleriň rahaty — şatlyklaryň ganaty» atly kitabyndan alyndy. 6. Man — agyrlyk ölçegi. Bir man 2 ratla deňdir. Bir ratl 144 dirhemden ýa-da 449,28 gramdan ybarat. 7. Daň — 1. Bir zadyň altydan bir bölegi. 2. Sekiz hybba (dänä) deň bolan agyrlyk ölçegi. 8. Karat — gymmatbaha daşlary ölçemekde ulanylýan 0,2 grama deň bolan agyrlyk ölçegi. 9. Hardele, ratl, şygara — hardele ölçeg birligi. Ol şygaranyň sekizden birine barabar. Ratl — 449,28 gram. Şygara karatyň dörtden bir bölegine barabar. 10. Serrah — pul çalyşýan adam. 11. Al-Hüseýni. Zubrat at-tawaryh (Taryhlaryň gaýmagy). 12. Ykta — patyşalyk tarapyndan bölünip berilýän mülk ýeri. Yktadar, ýagny ykta alan kişi salgytlardan boşadylýar. Ol soltanyň goşunynda gullukda durýar uruş ýok wagtlary öz yktasynda ekerançylyk bilen meşgullanýar. Uruş başlananda patyşanyň goşunyna belli bir möçberde esger eltýär. Ol öz elten adamlaryny ýarag hem azyk bilen doly üpjün edýär. Munady — kyýamat gopandygyny habar berýän perişde. 13. Asfury — ýakutyň bir görnüşi. 14. Kirwe — uzynlyk ölçegi. Bir kirwe (agaç, farsah) 6 kilometr aralyk. 15. Mirşikar — soltanyň, häkimiň, reýisiň awçylyk boýunça sahyby. 16. Ynal (Ýynal) — mirasdüşer. Abu-Abdullah al-Horezmi. «Mafatih al-ulum». MITT. 127 s. 17. Çogan — hyrawa gögerýän çalymtyl reňkli ösümlik. Bu ösümligiň miwesi döwük-ýenjikleriň, ýaranyň bitmegini tizleşdirýär. Çogan geçen döwürde kir ýuwmakda hem ulanylypdyr, çünki bu her hili tegmilleri, kiri aňsatlyk bilen aýrypdyr. Çoganyň dermanlygy hakda Ýahýa ibn Muhammediň «Göwher känlerindäki ýakut daşlar» atly kitabynda giňişleýin gürrüň edilýär. 18. Mazdak — irki orta asyrda Eýranda we birnäçe goňşy ýurtlarda ýaýran dini-pelsepewi taglymata baştutanlyk eden adam. Ol 490-njy ýyllardan 520-nji ýyllaryň ahyryna çenli aralykda sasan döwletinde daýhanlaryň we şäher garyplarynyň hereketine ýolbaşçylyk edýär. Mazdaklylaryň esasy göreşi ýagtylyk bilen garaňkylygyň, haýyr bilen şeriň esasynda döreýär. Mazdak bu dünýäde ýamanlykdan (şer işden) ýagşylyk (haýyr iş) üstün çykýar diýen pikiri öňe sürýär. Durmuşy deňsizligi ýok etmek ugrundaky göreşe, «Hudaý tarapyndan» ählumumy deňligi güýç bilen durmuşa geçirmäge çagyryp, Mazdak bäşinji asyryň ahyrynda halkyň arasynda has meşhurlyk gazanýar. Mazdagyň eden işleri, patyşa Kubad I bilen arasynda bolup geçen rowaýatlar, aldap öldürilişi barada Nyzamylmülküň «Syýasatnama» kitabynda has täsirli ýazylypdyr. 19. Urdu dili — soltan Mahmyt Gaznaly 1027-nji ýylda goşuna umumy diliň gerekdigi (soltanyň goşunynda dürli halklaryň adamlarynyň gulamlyk edýändigi, şeýle bolansoň düşünişmezlik kösençlikleriniň köp döreýändigi) üçin urdu diýen dili döretmek hakda perman çykarýar. Bu dili döretmek hakda perman bermek bilen çäklenmän, soltan gönüden-göni bu dili döretmäge gatnaşýar we özüniň musulmanlaşdyran sebitlerinde (häzirki Pakistan) bu dili ornaşdyrmagy gurnaýar. 20. Daýhan — häkimlik wezipesi. Daýhan — «dah» we «han» sözünden döräpdir. Bu söz dahlaryň hany manysynda gadymy döwürden saklanyp galypdyr. Gazna şalygy her ýeriň öz aýratynlygyna üns berip, şol ýerdäki däp-dessurlary saklamaga çalşypdyr. Daýhan unwany hem Etekde ýörgünli bolupdyr. 21. Zemm welaýaty — häzirki Atamyrat etraby. Zemm — ýazgarmak. Ibn Esir özüniň «Kämil taryh» atly eserinde («Miras» merkezi, 1-nji jilt. A. 2008) Gutulmyşyä ýyldyz ylmyny (ýyldyzlara seredip boljak zatlary öňünden bilmek ylmy) hem-de millet ylmyny (etnografiýa) bilendigini, onuň neberesiniň hem bu köneden gelýän ylymlary öwrenmegi taşlamandyklary we başgalary-da özlerine çekendigini ýazýar. 22. Tekinabat — Owganystanyň häzirki Gandagar şäheriniň orta asyrdaky ady. 23. Teshyr etmek — boýun egdirmek, basyp almak, ele geçirmeklik. 24. Diwany wezarat — wezirlik diwany. 25. Umury emeniýet — howpsuzlyk işleri gullugy. 26. «Ahmet Meýmendi Kelejardan Balha çenli tagtyrowanda gitdi» — Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt. «Miras» merkezi. A. 2005. 27. Gurhandan. 28. Aznawur — begzada. 29. Muska — esgerleriň suw içmek üçin boýnundan ýa-da bilinden asyp, mydama ýanlarynda göterýän gaby. 30. Sagyt Nefisi. Taryhy Baýhaky we ol hakynda (Abulfazy Baýhakynyň ýiten eserleri we Gaznalylar hakynda), II jilt. Dünýäni dört hem ýedi dolandyrýar — bu ýerde adam ykbalynyň dört hadysa (suw, toprak, howa, ot) baglydygy we ýedi şöhle — alty ýyldyz (Saturn, Ýupiter, Mars, Merkuriý, Wenera, Aý hem Gün tarapyndan dolandyrylýandygy göz öňünde tutulýar. Gündogarda gadymy döwürlerden başlap ähli zadyň dört hadysanyň esasynda durandygy, adam ykbalynyň ýokardan ýedi gudratyň üsti bilen dolandyrylýandygy has ýörgünli bolupdyr. Eserler ýygyndysy. Tom 5, sah. 324. Eserler ýygyndysy. Tom 5, sah. 336. Eserler ýygyndysy. Tom 5, sah. 337. Eserler ýygyndysy. Tom 5, sah. 338-339. 31. Nimruz — muňa başgaça Sijistan hem diýilýär. Sijistan Hyradyň çägelik ýerinde ýerleşýän welaýat. Sijistan Hyratdan gündogarda 80 parsah (480 km) uzaklykdadyr. 32. Al-wusulat — dilhat. 33. Tebük — futbol oýnuna meňzeş oýun. Güý — at üstünde oýnalýan oýunda ulanylýan top. Çöwgen — at üstünde oýnalýan oýun. Salajyn — çöwgen oýnunda topy at üstünden urmak üçin ulanylýan uzyn taýak. «Diliňi salajyn goýbermek» frazeologik söz düzümi hem şu uzyn taýak bilen baglanyşykly döräpdir. 34. Lut tagtasy — Dini ynanja görä, Allatagalanyň dergähinde bendeleriniň takdyry ýazylan tagta. Adam lut tagtasyndaky ýazgytdan çykyp bilmeýär. ÜÇÜNJI KYSSA: ÝÖRIŞ 1. Hamawy Ýakut. Ýurtlaryň sözlügi (türkmen obalary). 2. Diwany mürstewri — patyşalygyň hasap-hesip diwany. 3. Hamawy Ýakut. Ýurtlaryň sözlügi (türkmen obalary). 4. Bargähi soltanat — soltanyň meýdan aramgähi, çadyr. 5. Çagry begiň Horezminde ýeňlendigi, soň Togrul begiň gatmaşmagynda ikinji gezek ýöriş edilendigi we bu ýörişde seljuklylaryň deňsiz-taýsyz ýeňiş gazanandyklary hakda Ibn Esiriň «Kämil taryh», Faruk Sümeriň «Oguzlar — türkmenler» atly kitaplarda beýan edilýär. 6. «Allanyň islegi-eradasy bilen az sanly goşunyň köp sanly goşundan üstün çykýan pursady köp duş gelendir» — Gurhanyň ikinji «Sygyr» süresiniň 249-njy aýaty. 7. Efsun okamak — jadylamak. 8. Jedalmiş — jady görkezmek sungaty. Jeda — jady jede, ýede — ýagyş we gar ýagdyrmak jadysy. «Jede taş» hem diýlipdir. Ferdöwsi, Reşideddin Fazlylla Hemedany bu hakda söhbet açýarlar. Türkmenleriň jedelmişi, efsun okamagy hakda «Isgendernama», «Rumuzy hamza», «Herhengi Amid», «Lugatnamaýy Dehhuda», «Jamyg et-towaryh», «Habybus-siýer», «Burhany patyg» kitaplarynda gürrüň edilýär. Abu Reýhan Biruny hem bu hakda öz pikirini ýazypdyr. Ýahýa ibn Muhammet «Göwher känlerindäki gizlin ýakutlar» atly kitabynda «Ýagmyr daşy» diýen ýörite pasyl ýazypdyr. Onda ýagmyr daşy, ýagyş, gar ýagdyrmak sungaty hakda söhbet edýär. 9. «Alla tarapyndan ýeňiş we ýakyn üstünlik geler» — Gurhanyň altmyş birinji «Sap» süresiniň 13-nji aýaty. 10. «Elbetde, biziň goşunymyz üstün çykarlar» — Gurhanyň otuz ýedinji «Sap-sap duranlar» süresiniň 173-nji aýaty. 11. «... Alla saňa uly ýeňiş bagyş eder» — Gurhanyň kyrk sekizinji «Ýeňiş» süresiniň 3-nji aýaty. 12. «Ýeňiş diňe Alladandyr» — Gurhanyň üçünji «Ymranyň öýi» süresiniň 126-njy aýaty. 13. Alla size köp olja berdi — Gurhanyň kyrk sekizinji «Ýeňiş» süresiniň ýigriminji aýaty. 14. Pasin söweşinde ýesir düşen rum serkerdebaşysy Laparitiň öz janyny halas etjek bolup Ybraýym ynala üç ýüz müň dinar hem köp mukdarda gymmatbaha sowgat hödürländigi hakda Ibn Esir «Kämil taryh» atly kitabynda ýazýar. 15. Umury istihbaratyň sahyby — döwlet howpsuzlygy gullugynyň ýolbaşçysy. 16. Mähelle — etrapça, kwartal. 17. Allatagala «islänine ýeňiş berýär» — Gurhanyň otuzynjy «Rum» süresiniň 5-nji aýaty. «Haçan Alla bir zady islese, «Bol!» diýer, ol hem bolar» — Gurhanyň otuz altynjy «Ýasin» süresiniň 82-nji aýaty. 18. Ibn Esir. «Kämil taryh». 1-nji kitap. «Miras» merkezi. A. 2008. 19. Gürgen (arapça Jürjan) — Hazar deňziniň günorta-gündogarynda ýerleşýän welaýat. 20. Kiçi ýedigeniň iki ýyldyzy — Beta we Gamma. Bu aňlatma Gündogar nusgawy edebiýatynda meňzeşligi suratlandyrmakda peýdalanylypdyr. 21. Askudar — çapar. Eserler ýygyndysy. Tom 5, sah.321-322. 22. Owtat — weliler, pirler; sufizmiň taglymatyna görä, dünýäniň dört tarapynda dört sany uly pir barmyş, olar dünýäniň diregi hasaplanýar, şolara «owtat» diýilýär. Owtatlaryň biri ölse, orunbasarlary olaryň ornuny tutýarmyş. Şolar arkaly, Allatagala göýä dünýäniň dört künjüni gorap saklaýarmyş. «Keşşafda» görkezilişine görä, gündogardaky owtatyň ady Abdyrahman, günbatardaky Abdylwudut, günortadaky Abdyrahym, demirgazykdaky hem Abdylkudus bolmaly. Owtatlaryň — dört sütüniň ady käbir çeşmelerde başgaça atlandyrylýar: günbatardakynyň ady Abdylalym, gündogardakynyň ady Abdylhaý, günortadakynyň ady Abdylkadyr, demirgazykdakynyň ady Abdylmürit. Eserler ýygyndysy tom 4. sah. 354. 23. Dwin — Ermenistanyň öňki paýtagty. 24. Abhaz ýurdy diýip häzirki Abhaziýany göz öňünde tutmaly däl-de, Abhaz gürji şalygyny göz öňünde tutmaly. 25. Demir derweze — Kawkaz gerişlerinden geçýän Derbent (Darubent) ýoly. Eserler ýygyndysy, tom 6, sah. 333 (11) — 334. 26. Fetih kylmak — Ele geçirmek, ýeňip almak. Abu Muslim — 749-njy ýylda Abbasy halypalygynyň döremeginde görnükli hyzmat görkezen ýaş serkerde. Abu Muslim Idris ibn Idrisiň ogullary Isa bilen Makiliň guly bolupdyr. Abu Muslim batyr, suhangöý, gaýduwsyz gul bolupdyr. Ol on sekiz ýaşyndaka Mara ugradylýar. Onuň wezipesi emewi halypalygyna garşy wagyz etmek, Abbasylaryň häkimet başyna geçmegini gurnamak bolupdyr. Ol öz öňünde goýlan wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýär. ilki Horasanda, soň Yrakda emewi häkimiýetiniň soňuna çykýar, as Saffarynyň (749-754 ý.) tagta geçmegini gurnaýar. As-Saffarynyň ogly Abu Jaffar al-Mansur haja gidip barýan Abu Muslimi köşgüne çagyryp wagşylyk bilen öldürýär. 27. Jiklar — demirgazyk Kawkaz daglylarynyň atlandyrylyşy. 28. Dzurdzuklar — Kawkazyň merkezi böleginiň jülgelerinde ýaşaýan halk. 29. Tapar — palta sözi, hä bolsa pars dilindäki köplük san goşulmasy. Ors dilindäki topor (palta) sözüniň sözköki-de tapar sözündendir. Rowaýata görä, patyşa ölüme höküm edilen jenaýatkär adamlardan bir jemagat jemläp, olaryň özlerinden birini wezir çykarýar we wezire: «Bu jenaýatkärleri gabap saklar ýaly maňa amatly ýer tapyp ber!» diýýär. Patyşanyň bu tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin nökerler çar tarapa at salýarlar, jenaýatkärleri saklar ýaly amatly ýer agtarýarlar. Soňunda hem jenaýatkärleri bu daglyk ýerde — jülgede saklamak amatly bilinýär. Patyşa jenaýatkärleri bu ýeri gönderýär we olardan: «Näme isleýärsiňiz?» diýip soraýar. Jenaýatkärler: «Tabarhä, tabarhä! — Palta, palta!» — diýip gygyryşýarlar. Jenaýatkärleriň aýtmakçy bolan pikiri «Bu dag durşuna tokaýlyk eken, agaç köp, bize palta beriň, biz agaçlary çapjak» diýmek eken. Patyşa jenaýatkärlere isleýän guralyny bermeklerini tabşyrypdyr. Aradan ençe ýyl geçenden soň, patyşanyň adamlary gelip görseler, jenaýatkärler bu ýerde ajaýyp binalary gurupdyrlar, eden etmişlerine ökünip, abadan ýaşap ýörmüşler. Olardan «Siz näme isleýärsiňiz?» diýip sorapdyrlar. Şonda jenaýatkärler hemmesi jem bolup: «Zenan! Zenan!» diýip gygyrypdyrlar. Jenaýatkärleriň bu isleglerini patyşa aýdypdyrlar. Patyşa öz türmelerinde ýatan hatynlary şol ýere ugradypdyr. Olar köpelip, ilki şähere, soň welaýata öwrülipdir. Bu ýerini Tabarzen, ýagny «Paltalar we zenanlar» hem diýip atlandyrypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilenem bu ýerleriň ady Tabarystan bolupdyr. DÖRDÜNJI KYSSA: IÇKI DARKAŞLAR 1. Jirit — kelte naýza. 2. Jyza (gönder, kargy, süngi, mizrak) — naýza. 3. Şahnişin — penjire. Muezzin — metjitlerde azan aýdýan adam. Debir, kätip, münşi — kätip, mürze, göçüriji. Gündogarda iň gadymy wezipe hasaplanýar. Debir ýazyjylyk sungatyndan habarly bolmaly. Debire aýratyn berk talaplar bildirilipdir. Olaryň ýazan hatlarynyň owadan bolmagyna-da aýratyn üns berlipdir. Siriýa dili — miladynyň V asyryndan başlap, arap dilinde gepleýän isaýylaryň Alynky Aziýadaky ýazuw dili häzirki wagtda Eýranyň, Yragyň, Siriýanyň, Kipriň we beýleki ýurtlaryň nestarçylarynyň we ýakupçylarynyň dessur dili bolup hyzmat edýär. V — XVII asyrlarda baý edebiýata eýe bolýar. Saýýara — planeta. Ýyldyz bilen saýýaranyň tapawudy: ýyldyz öz-özünden ýagtylyk berýär, saýýara bolsa öz-özünden ýagtylyk bermeýär. Aşgary, 1053-nji ýyl. Bu ýylda Togrul beg Aşgarynyň sözleriniň üstünde durup geçdi. Togrul beg hanapy mezhebine uýýardy. Ol münberlerde Aşgaryny näletlemegi buýurdy we «Bu adam: «Zeminde Allanyň sözi ýokdur» diýip, şygar edinýär» diýdi. Bu tankyt Abulkasym Kuşaýra agyr degdi. Ol «Ýüze çykan kynçylyk sebäpli sünnüleriň şikaýaty» atly risalasyny ýazdy. Soňra şeýle ýagdaýlar boldy. Kuşaýry bilen birlikde birnäçe aşgary jemagaty soltan Togrul begiň ýanyna girip, Aşgaryny näletlemegini bes etdirmegini sorady. Togrul beg olara: «Aşgary meniň üçin hokga çykaragan, nysak tapagan bir mugtazyladyr. Çünki mugtazylalar: «Gurhan ýöne bir mushafdyr (kitapdyr)» diýen pikire eýerýär» diýdi. Hapyz Abulferej ibn Jöwzi: «Kuşaýry şol risalasyny ýazmadyk bolsa, bu ýagdaýlaryň paş bolmazlygy üçin gowy bolardy. Sebäbi Kuşaýry şol risalasynda Aşgara nälet okalandygyny aýdyp, soltandan şol näleti aýyrmagy haýyş etse-de, soltanyň bu haýyşy kabul etmändigini ýazypdyr. Munuň dowamynda bolsa Aşgara näme üçin nälet okalýandygynyň sebäbini, soltanyň näme üçin garşy çykýandygynyň sebäbini ýazmandyr. Ine, şunuň ýaly zatlar risalada köpdür. Bu diňe haýsy hem bolsa bir tarapyň bähbidini arap, oňa gara sürtjek sözleri bilmediksirän bolup geçmekdir» diýlip belleýär. Ýusup ibn Taňryberdi Atabeg, «Röwşen ýyldyzlar». 4. Gamçaw — gijelewükli, ownuk düwürtikli örgünli göz keseli. 5. «Sen isläniňi ezizlärsiň — beýgeldersiň, isläniňi-de peseldersiň, ähli haýyr-ýagşylyk onuň elindedir, ol ähli zada kadyrdyr» — Gurhanyň üçünji «Ymranyň öýi» süresiniň 26-njy aýaty. 6. Muawwizeteýin süreleri — Gurhanyň soňky iki süresi. Bu süreler adam agyr syrkawlanda okalsa, ýardam berýär diýlip aýdylýar. 7. Ibn Kesir. Başlangyçdan ahyra çenli. 8. Ibn Esir. Kämil taryh. 9. Lala — atabeg. 10. Ferraş — otagy syryp-süpürýän, öýe serenjam berýän hyzmatkär. 11. Aba — ýelbegeý atylýan ýeňi uzyn don. 12. Ýarakan (Ýaragan) daşy — ýüzünde gyzyl we sary nagyşlary bolan berk gara daş. Ony owratsaň, humahun daşynyňky ýaly gyzyl topragy çykýar. Bu daşy saraltma keselli adam ýanynda göterse ýa-da owradyp yzygiderli içse, derdi dep bolar. Ýahýa ibn Muhammet, Göwher känlerindäki gizlin ýakutlar. 13. «Duşenbede we çarşenbede oraza tutardy» — Al-Hüseýni. Zubdat at-tawaryh (Taryhlaryň gaýmagy). 14. Hubuk — sygyra meňzeş haýwan. Ol, esasan, Kistan, Berber diýarlarynda duş gelýär. Onuň sarymtyl, sarymtyl-gyzylymtyl reňkli göwherpisint şahy bolýar. Hubuk ýaşka onuň şahy has owadan, berk bolýar. Bir jam ýasamak üçin ýigrimiden gowrak hubugyň şahy gerek bolýar. 15. Hatyja — Çagry begiň gyzy. 1057-nji ýylda möminleriň emiri Kaýym Bemryllah uly toý tutup, Çagry begiň gyzyna öýlenipdi. 16. Al-Hüseýni. Zubdat at-tawaryh. (Taryhlaryň gaýmagy). 17. Ýetim dür — deňi-taýy bolmadyk ýeke-täk dür. 18. Ýahýa ibn Muhammet, Göwher känlerindäki gizlin ýakutlar. 19. Ibn Esir. Kämil taryh, 1-nji jilt. «Miras» merkezi. A. 2005. 20. Nasrany dini — hristian dini. 21. Baýhaky. 22. Ibn Esir. Kämil taryh. 23. Ibn Kesir. Başlangyçdan ahyra çenli. 24. Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt, «Miras» merkezi. A. 2005. 25. Ibn Kesir. Başlangyçdan ahyra çenli. 26. Diwan-i-risalat — hat-petek işleri gullugy. Bu gulluk diwan al-inşa ýa-da diwan at-Tugra diýlip hem atlandyrylypdyr. 27. Diwan-i-beridiň sahyby — çaparlar diwanynyň müdiri. 28. Ähli seljuk goşunynyň esgerleriniň namaza duranlygyndan peýdalanyp, bir ýunanly seljuklylaryň agaç manjanyklaryny otlap gaçýar. Manjanyklaryň ýanandygy zerarly seljuklylar Malazgirt galasyna zabt edip bilmeýär. Togrul soltan galany teshir edip bilmän, yzyna dolanmaly bolýar. Ibn Esir Kämil taryh. 1-nji jilt, «Miras» merkezi. A. 2005. 29. Basyk bilen Kursykyň ýörişi — 396-njy ýylda Basyk hem-de Kursykyň serkerdeligindäki Hun goşuny Kawkazyň üsti bilen Anadola girip, Ankara we Antakyýa sebitlerini basyp aldy. 30. Kommenler — Rum kaýsarlarynyň hanedanlygy (1057-1204 ý.) Abeskun deňzi — Hazar deňzi. 31. Kuzekonan — Töwriziň günbataryndaky oba. Seret: Ýakut, IV, 320. H.Kazwini. 82 sah. 32. Ahursalar — soltanyň athanasynyň hojaýyny. 33. Agaç (kirwe) — uzaklyk ölçegi. Bir agaç (şol sanda bir kirwe) 6 kilometre barabar. 34. Tekbir we tehlil — 1. Tekbir «Allahu ekber», ýagny «Alla beýikdir; tehlil — «lä ilehä illalla», ýagny «Bir Alladan başga Hudaý ýokdur!» diýmekdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |