11:36 Sahypkyran Gutulmyş beg -24/ romana goşmaça | |
ROMANA GIRMEDIK HEKAÝATLAR
Taryhy proza
BIRINJI HEKAÝAT: BARMAKLAR Erdem bilen Ýagysyýanyň Alparslanyň huzuryna gaçyp barandyklary baradaky maglumat Ibn Esiriň «Kämil taryh» diýen kitabynda bar. Barmaklar barada musulman dünýäsinde iki pikir bardy. Birinji pikirdäki adamlar Harun ar-Raşidiň Barmaklar neberesini gyrmagyny nähak hasaplaýardy. Özem bu pikire gulluk edýänler köplükdi. Ikinji topar azlyk-da bolsa, häkimiýeti elinde saklaýan güýçli topardy, şeýle hem asylly, begzada topardy. Hakykatdan hem Ýahýa Halyt Barmak parasatly, gaýduwsyz, ugurtapyjy wezirdi. Diňe ol däl, eýsem onuň ogullary-da parasatlylykda, başarjaňlykda, mähremlikde musulman bendelerine nusgadylar. Pars asylly bolan Barmaklar apbasy halyflary as-Saffahyň, al-Mansuryň, Harun ar-Raşidiň wezirleri bolupdylar. Dogrudan hem apbasy halyflygynyň döremeginde, gurplanmagynda, at-abraýa eýe bolmagynda Barmaklaryň hyzmaty abyrsyz uludy. Ýahýa Halyt Barmagyň Pazl, Japar, Muhammet, Musa atly dört ogly bardy. Pazl bilen Japar wezirdiler, olar atasynyň ornuny başarjaňlyk bilen dolandyrýardylar. Muhammet bilen Musa bolsa emirdiler, çünki olaryň hersiniň özleriniň häkimlik edýän welaýatlary bardy. Olaryň at-abraýy musulman älemine dolupdy, entek hiç bir nebere Barmak neberesiniňki ýaly şan-şöhrata eýe bolan däldir. Ähli wezir-wekiller, emirler Barmaklara garşy bir söz aýtmakdan gorkýardy. Sebäbi ähli ýerde olaryň öz adamlary bardy. Ýöne herki zadyň soňy bar, Barmaklaryň hem soňy geldi. Özem ol ýönekeý zatdan uşlyp aldy. Bir gezek Ýahýa Barmak möminleriň emiri Harun ar-Raşidiň dergähine bardy. Ol baranda Buhtyşug atly tebip Harun ar-Raşide em edip oturan eken. Her gününi ertirden agşama çenli halypanyň ýanynda geçirýänligi, ýegana gatnaşykdadyklary sebäpli Ýahýa möminler emiriniň öýüne geleninde rugsat soraman, edil öz öýüne giren dek girýärdi. Bu emiriň emridi, tabşyryk şeýledi. Başda Ýahýa gapydan özüniň gelendigini aýdýardy. Gapydan emire Ýahýanyň gelendigini habar berýärdi. Soň emir: «Sen haçan gelseň, göni meniň ýatan otagyma girmäge ygtyýarlysyň» diýipdi. Şeýle hem öz öýünde goragda duran esgerlere, öýünde hyzmat edýän hyzmatkärlere «Ýahýany gapyda saklamaň, ol meniň ýanyma gije-gündiziň islendik pursady gelmäge ygtyýarlydyr» diýipdi. Bu ýagdaý aý-günleriň geçmegi bilen kada öwrülipdi. Soraman girendigi üçin Harun hiç zat diýmeýärdi, diýmelidirem öýtmeýärdi. Ýöne tebibiň ýanynda Ýahýanyň soragsyz içerik girmegi Harun ar-Raşidiň degnasyna degdi ýa-da ol tebibiň ýanynda Barmagy-da ýaňsa alyp bilýändigini, özüniň ýanynda onuň hiç kimdigini, özüniň artykmaçdygyny görkezmek isledi. Ol tebibe ýüzlendi: — Eý, tebip Buhtyşug, heý, siziň öýüňize-de keseki adamlar sizden rugsatsyz girýärlermi? — Ýok, meniň rugsadym bolmasa, keseki adamlar meniň öýüme girmeýärler. Gelenler daş işikde durup, özleriniň gelendigini aýdýarlar. Men: «Giriber!» diýenimden soň gelenler içerik girýär — diýip, Buhtyşug tebip jogap berdi. Raşit: — Onda näme üçin meniň öýüme soraşman girýärler?! Ýa meniň öýüm siziň öýüňizçe ýokmy? — diýip sorady. Bu sözleri eşiden Ýahýa Barmak zöwwe ýerinden galdy. Ol halypanyň sözleriniň manysyna düşündi. Raşitden ötünç sorady, gaýdyp beýle zady gaýtalamajakdygyny aýtdy. Rugsatsyz girmeginiň sebäbini düşündirmek üçin çalyşdy. Raşit aýtmak islän sözüni aýtdy, soňundan hiç zat diýmedi. Şol wakadan soň Ýahýa Raşidiň özünden sowandygyny duýdy. Şonuň üçinem bir betbagtlygyň üstünden barmazyndan burun wezirlik wezipesini tabşyrmakçy boldy. Ýöne her gezek Raşit onuň bu islegine garşy çykdy. Raşidiň Barmaklardan göwnüniň galandygy welin hakdy. Gep Ýahýanyň rugsatsyz içerik girendigi üçin däldi. Gije-gündiziň islendik pursady öz ýanyna gelmäge rugsady Raşidiň özi beripdi ahyryn, ol muny unutmandy. Ýöne bu bahanady, halyfyň göwni iki zatda galypdy. Iki gezegem Harun ar-Raşidiň göwnüniň galmagyna Ýahýa Halyt Barmagyň Japar atly ogly sebäp bolupdy. Japar möminler emiriniň iň ynamdar weziridi, ony biçak gowy görýärdi. Näme iş etmekçi bolsa, hökman Japar bilen maslahatlaşýardy. Onsuz içi gysýardy. Bir sagat hem Japaryň özünden daşda bolmagyny islemeýärdi. Harun Raşit özüniň baş weziri Japary şeýle gowy görensoň, oňa öz Apbasa atly uýasyny durmuşa çykarmagy makul bilipdi. Apbasa edenli maşgalady. Ol möminleriň emiriniň hyzmatyndan daşda durmaýardy. Harun ar-Raşit haremhanada aýdym-sazly meýlis gurap oturanda uýasy Apbasa onuň hyzmatyny etmegi hiç kimsä ynanmaýardy. Doganyna diňe özi hyzmat edýärdi. Raşit haremhanada gurnaýan meýlislerine Japary-da çagyrýardy. Japar Apbasa sebäpli bu meýlise gatnaşmakdan gaça durmaga çalyşýardy. Apbasy halypasy Harun ar-Raşit her hili hokgalary tapmagy, adamlary oýnamagy gowy görýärdi, öz hokgalaryndan, oýunlaryndan çäksiz lezzet alyp ýaşaýardy. Onuň hokgalary hakda il arasynda her hili rowaýatlar bardy. Şol rowaýatlaryň birinde köçede serhoş bolup ýatan bir görgülini göterip köşge eltýärler. Oňa halypanyň eşigini geýindirýärler. Serhoş ertesi özüne gelip, gözüni açsa, köşkde ýatyr. Ol bu ahwalata akyl ýetirip bilenok. Ol töweregine garanjaklaýar. Hyzmatkärler ýedi bükülip onuň hyzmatyna gaýym bolup durlar. Özüne gelen kişi: «Men halypa däl, men ýönekeý bir dellek» diýýär. Hyzmatkärler ör-gökden gelýärler. «Beýle sözleri aýtmaň. Siz biziň halypamyz» diýýärler. Harun ar-Raşit tutynyň aňyrsyndan dellegiň bolşuna seredip hezil edip gülýär, özüniň bu hokgasyndan çäksiz lezzet alýar. Dellek görgülini kösemek kösäp, soňundan ony ýene serhoş edip köçä zyňyp gaýdýarlar. Hokgaçyl Raşit Japary-da agyr güne saldy: — Japar, meniň haremhanada gurnaýan meýlislerimden seniň näme üçin gaçganaklaýandygyňy men bilýärin. Sen meniň uýam Apbasanyň hormaty üçin gaçganaklaýarsyň. Men uýam Apbasany seniň nikaňa girizmek isleýärin. Goý, Apbasa seniň hatynyň bolsun, ýöne bir şert bilen! Öz halypasyna belet Japar ýüregi ýarylan ýaly, gorkuly seslendi: — Nähili şert? Meýlisde oturanlaryň ählisi möminleriň emiriniň bir hokga tapandygyny aňdy. Ähli kişi onuň aýtjak täze hokgasyna garaşdy. Hakykatdan hem ol täsin hokga tapan eken: — Men Muhammet pygamber alaýhyssalamyň neberesinden. Öwlat men. Biz diňe öz aramyzda gyz berip, gyz alyşýarys. Häzir meniň neberämde uýam Apbasa eýe çykyp biljek mynasyp öwlady görmeýärin. Sen meniň uýam Apbasa mynasyp är, ýöne sen pygamber neberesinden däl, kuraýyşlardan däl. Şonuň üçin hem seniň ýönüň pes. Men uýam Apbasany saňa nikalap bereýin, ýöne araňyzda är-aýal ýakynlaşygy bolmasyn. Meniň uýam bilen jynsy gatnaşykda bolmaga seniň hakyň ýok. Men gadagan edýärin. Meniň uýam Apbasany saňa nikalap bermegimiň ýeke-täk sebäbiniň nämedigini bilýärmiň? — Ýok, bilmeýärin. — Saňa Apbasany nikalap bermek bilen, men seniň biziň haremhanamyzda guralýan meýlislerimize çekinmezden gatnaşmagyňy gazanaryn. Başga hiç zat üçin däl. Möminleriň emiri Harun Raşidiň talabyna laýyklykda, Apbasa bilen Japaryň arasynda nika gyýyldy, toý toýlandy. Ana, şondan soň möminleriň emiriniň uýasy bilen Japar bile ýaşap ugradylar, birek-birege ysnyşdylar. Hakykatdan hem şondan soň Japar möminleriň emiriniň haremhanasynda gurnalýan meýlislere çekinmezden geldi. Möminleriň emiri Harun Raşidiň Japar bilen Apbasanyň öňünde goýan şerti gaty agyrdy. Başda bu şerti amal edip bolaýjak ýalydy. Ýöne iki ýaş juwan bir ýorganyň aşagyna girensoň, ol şerti amal etmek çökder agyr degjek eken. Başky günler möminler emiriniň şertini saklamak üçin Japar bilen Apbasa daňdana çenli dik oturyp çykdylar. Iki tarapyň göwün öwji möwç alanda hiç zat: möminleriň emiri-de, onuň şerti-de, şert saklanylmasa yzynyň gowulyk bolmajakdygy-da göze görünmez eken. Japar bilen Apbasa ep-esli günläp çydanlaryndan soň, näme bolsa, şol bolsun etdiler. Özem bu Apbasanyň islegi bilen bozuldy. Öwlat neberesinden bolanda näme, o-da adam ahyryn. Onda-da göwün bar, isleg-talwas bar, hyjuw-hyruç bar. Ol Japaryň boýnundan gujaklady: — Japar, sen nä erkek dälmi? — Erkek. — Onda näme ýatyrsyň? Ýorganyň aşagynda bolan zatlary Harun nädip bilsin. — Ol maňa şert goýdy. — Harun degişdi. Ol özüniň bu degişmesini eýýäm unudandyr. Ol öwlat neberesinden bolansoň, öz uýasyny ajamla äre bermegi gelşiksiz görüp şeýlekin aýtdy. — Ol hiç bir zady unutmaýar. — Bize hiç zat diýmez... Gadagan serhedi böwsüldi. Çyrmaşdylar. Ýorganyň aşagynda ikiçäklikde, garaňkyda, hylwatda bolan küwenligi hiç kim bilmejek ýalydy. Ýorganyň aşagyndaky syry pynhan saklap bolmaýan eken. Muňa Japar bilen Apbasa dokuz aý dokuz günden soň göz ýetirdiler. Olardan goç ogul dünýä indi. Bir ýyldan soň ikinji ogul hem jägildäp, töwerege ýaň salyp, dünýä indi. Olar Harunyň gözünden daşda bolmagy üçin ogullaryny Bagdatdan Mekgä iberdiler. Adama ýamanlyk edip, bagtyny ýatyryp lezzet alyp bilýän adamlar bolýar. Apbasanyň kenizekleriniň birem şeýle zenanlardan eken. Ol sähelçe bir zatdan öýke edip, ar almagyň kastyna çykdy. Aslynda-ha zenanlar gizlin syry bilmesinler. Niçik bilseler, onda şol syry «Hiç kime aýdaýmagyn» diýip görenine aýdyp çykmasa, teý rahatlyk tapyp bilmezler. Apbasanyň kenizem bu habary göni möminleriň emirine ýetirmegi başardy. Hil bir iş eden dek dylym-dylym etdi. (Aýtmaklaryna görä, Gutulmyş begiň gulagyna owaz gelenmiş. Şol gelen owaza görä dünýäniň ähli gürrüňiniň bäşden dördüsi hatynlara degişlimiş, özem ol gürrüňleriň galabasam gybatmyş. Eger dünýäden hatynlaryň myş-myşlaryny, gybatlaryny aýyrsaň, onda bu dünýä mazarystanlyk deýin gum-gukluk boljakmyş. Allatagala hatynlary bu dünýä gum-gukluk bolmasyn, dünýä hyşy-wyşydan dolsun diýip ýaradanmyş). Möminleriň emiri bu habary eşidensoň Barmaklary ýigrenip ugrapdyr. Onuň gaharyny belli-külli getiren Japar bolmaly. Harun Raşidiň Barmaklary ýok etmek kararyna gelmegi 176-njy hijri (793-nji milady) ýylynda Deýlemde Ýahýa Abdylla ibn Hüseýiniň turzan pitnesi sebäp boldy. Ýahýa Abdyllany mugyra getirmek üçin Harun Raşit Ýahýa Barmagyň ogly Pazly Tabarystana gönderýär. Çünki Pazl Tabarystan welaýatynyň häkimidi. Deýlem hem Tabarystana degişlidi. Jeňde ýeňlen Ýahýa Abdylla möminleriň emirinden aman diläp bermegini Pazldan towakga etdi. Pazl onuň towakgasyny, eden işine ökünýändigini Harun Raşide ýetirdi. Möminleriň emiri Pazl bilen razylaşdy. Öz eli bilen amannama ýazdy. Ýahýa Abdylla geldi. Harun Raşit ony Japara tabşyrdy: — Ýahýa Abdyllany göz astynda saklamagy saňa tabşyrýaryn. Ýahýa Abdylla çoh minnetdar bolupdyr, öz goýberen ýalňyşyny Harun Raşide yhlasy, zähmeti bilen düzetmäge wada edipdir. Wadasyna wepalylyk bilen täzeçe ýaşap başlapdyr. Ýöne Harun Raşit amannama beren-de bolsa, Ýahýa Abdyllanyň ýaşamagyny islemändir. — Hernäçe bakyp-bejerip yhlas etseňem, möjek möjekligine galar. Duşmandan ýagşylyk tama etmek sadalykdyr. Duşman hernäçe ant içse-de, duşmandyr. Duşmana geçirimlilik etmek öz bagtyňa palta urmak. Şonuň üçin men Ýahýa Abdyllanyň antyna ynanmaýaryn. Men onuň öldürilmegini, özem ony seniň öldürmegiňi isleýärin. Sen häzir git-de, Ýahýa Abdyllany öldürip gel! Japar Barmak Ýahýa Abdyllanyň ýanyna öldürmek üçin bardy. Dogrusy, ol ikisi öňden dostlukly gatnaşykdady. Ýahýa Abdylla Barmaklara aýratyn sarpa goýýardy, olar bilen saçakly gatnaşýardy. Aralarynda dostlukly gatnaşyk bolanlygy sebäpli Japar Barmak Ýahýa Abdylla möminleriň emiriniň buýrugy hakda aýtdy, bu buýrugy özüniň ýerine ýetirmeli boljakdygy üçin gynanýandygyny, ýöne alajynyň ýokdugyny mälim etdi. Bu sözi eşiden Ýahýa Japar bilen düşünişmäge çalyşdy. — Japar, seniň özüň gowy bilýärsiň, men pygamber alaýhyssalamyň neberesinden. Özüm hem Harun Raşidiň ýanyna aman sorap geldim. Ol maňa amannama berdi. Ony özüň gördüň. Meniň bigünädigimem bilip dursuň. Eger sen meni möminleriň emiriniň emri bilen bigünä öldürseň, bigünä döken ganyň üçin o dünýäde özüňden hasabat soraljakdygyny unutma. Sen bigünä gan dökme, bir çykalga tap. Men seniň ähli şertiňi kabul ederin. Japar Ýahýanyň bigünädigini bilýärdi. Onuň Ýahýa nebsi agyrdy. Şonuň üçin hem ol Ýahýa Abdyllany Bagdatdan uzaga ugratmagy makul tapdy. Şu maksat bilen ol Ýahýa Abdyllany Merwe Aly Isa Mahanyň ýanyna iberdi. Oňa şeýle mazmunly hat berdi: «Aly, men seniň ýanyňa Ýahýa Abdyllany iberýärin. Sen ony gizlinlikde sakla, hiç bir zada mätäç bolman ýaşar ýaly, ähli hajatlaryny üpjün et». Aly Isa Japar bilen dostlukly gatnaşyk saklasa-da, içinde nägileligi bardy, ýöne onuň halypa hezretleriniň ýanyndalygy üçin mejbury dymýardy, içinden welin, amatly pursada garaşýardy. Japardan nama alansoň Aly Isa pursatdan peýdalanmagy ýüregine düwdi. Ol Ýahýa Abdyllany bir öýde ýerleşdirdi-de, Japaryň namasyny halypa gönderdi. Harun Aly Isanyň ýanyna öz adamyny iberip: «Ony öz gözegçiligiňde sakla. Menden näme habar barsa, ýerine ýetirersiň» diýen habary oňa ýetirdi. Şondan soň halypa Barmaklardan sowaşdy. Ol Japara sowal berdi: — Japar, men saňa Ýahýa Abdyllany öldürmegi buýurdym. Sen ony öldürdiňmi? Japar ýalan sözlemeli boldy: — Siziň permanyňyz bilen men ony öldürdim. — Ýalňyşýan bolaýma? — diýip, halypa kinaýatly sorady. — Ýok, ýalňyşamok, men ony siziň permanyňyz esasynda öldürdim — diýip, Japar ikinji gezek ýalan sözledi. — Eger ony öldüren bolsaň, onda meniň başymdan, janymdan ant iç! — diýip, Harun Raşit bekine tutdy. Japar Barmak halypanyň hakykaty bilýändigine göz ýetirdi. Ýalan söz bilen sypyp bilmejekdigini aňan Japar Barmak hakykaty boýun almaga mejbur boldy. Ol Ýahýa Abdyllanyň bigünädigini, mundan buýana onuň pitne etmejekdigine ynanýandygyny möminleriň emiriniň hem oňa aman berendigini, özüniň mübärek eli bilen amannama ýazyp gowşurandygyny, onsoň möminleriň emiriniň adyna äht bozmaklygyň günäsi ýeter öýdüp gorkandygyny we şu gorky sebäpli Ýahýa Abdyllany Aly Isanyň ýanyna ugradandygyny, amatly pursat dörände özüniň bu hakda halypa aýtmagy niýet edinendigini aýtdy. Bu sözlerden soň Harun hyrçyny dişledi: — Oňarypsyň, beren permanyma özüm puşeýman edip ýördüm. Şondan soň halypa Aly Isa «Ýahýa Abdyllany öldür!» diýip habar gönderdi. Birki aýa çeken oýlanmadan soň halypa Barmak neberesini ýok etmek kararyna geldi. Şu maksat bilen bir ýüz segseninji hijri (797-nji milady) ýyly haja ugrady. Ýany bilen Ýahýany, Japary, Pazly we beýleki ähli Barmak neberesini äkitdi. Harun Raşit haj parzyny bitireninden soň, Apbasanyň iki ogluny ýanyna çagyrdy. Iki sany bigünä çagany — ýegenlerini içgin, ilkinji hem iň soňky gezek synlady. Olara ýüregi awasa-da, soltanlyk syýasaty rüstem geldi: ol uýasy Apbasany we ýegenlerini bogup öldürmek barada perman berdi. Halypanyň islegi ýerine ýetirildi. Halypa Mesrur hadymynyň eli bilen ähli Barmak neberesini öldürdi. Soňra ýurduň etraplaryna buýruklar ýazyp ýolladylar, haýsy ýerde Barmak neberesi bar bolsa, ählisi öldürildi. Japary dört para edip Bagdadyň köprüsiniň dört tarapyndan asyp goýdular. IKINJI HEKAÝAT: MASUT Soltan Mahmydyň wepatyndan soň Muhammet tagta çykdy. Onuň soltanlygy bary-ýogy elli gün dowam etdi. Soltan Mahmydyň ogly Masut Hyratdan dogany Muhammediň üstüne ýöriş etdi. Sebäbi ol şol döwürde Hyratda bolýardy. Masut Muhammedi tagtdan düşürdi, birden garşyma çykar diýen howatyr bilen onuň gözüne nil çekdirip, kör eýläp, zyndana atdy. Ol dokuz ýyllap türmede boldy. Daňdanakanda bolan söweşde seljuklylardan ýeňlen Masut Gur ýoly bilen gaçyp Gazna geldi, ýöne ol bu ýerde-de özüne rahatlyk tapmady. Şeýle bolansoň, soltan Masut zyndanda ýatan kör dogany Muhammedi ýanyna alyp, Hindistana ýörişe ugrady. Jeýlem derýasyndan geçilende türk hem hindi esgerleri birleşip, Masudyň üstüne topuldylar, onuň el-aýagyny daňyp, gözüne «sürme» çekilen Muhammedi ondan aldylar we piliň üstünde tagtyrowan goýup, ony şonuň üstünde oturtdylar hemem soltan diýip yglan etdiler. Masudy Muhammet soltanyň huzuryna getirdiler. Muhammet geçirimli kişidi, geçirimliligi sebäpli, köplenç, çykgynsyz günlere düşýärdi. Muhammet özüni görer gözünden mahrum eden doganyna ýüzlendi: — Seniň maňa eden ýamanlyklaryň ymgyr kän. Sen bütin ömrüňe maňa ýamanlyk etdiň. Sen ýaňy kyrk bäş ýaşadyň. Men seniň bu ýaşda ölmegiňi, ölümiňe özümiň sebäp bolmagymy islemeýärin. Şonuň üçin men saňa ömür bagyş edýärin. Şeýle hem haýsy ýeri, welaýaty isleseň, şol welaýaty al hem öz meslekdeşleriň bilen şol ýere ugra! Bilip goý, ýanyňda iki ýüzden artyk esger saklamagy gadagan edýärin. — Meni Marikle galasyna gönder. Masudyň Marikle galasyna gelmek islemegi ýöne ýerden däldi. Bu galada Horasanyň hazynasy gizlin saklanýardy. Seljuklylar Nyşapura gelýändigini eşiden Abul-Fazl Sury ähli hazynany şu ýerde gizläpdi. Bu ýere gelen gulamlar hazynany görüp, özara garpyşmaga başlaýarlar. Şol sebäpli Masudy Kesri galasyna getirdiler. Ýöne bu ýerde garaşylmadyk ahwalat ýüze çykdy: «432-nji (1041-nji milady) ýylyň jumadylowwal (dört tirkeşigiň üçünjisi) aýynyň 11-ne emir Muhammediň dilinden Kesri galasynyň kutwalyna «Emir Masudy öldürip, onuň kellesini bize iberiň» diýen ýalan habar ýetirýärler. Kutwal şol habar esasynda Masudyň kellesini kesip, emir Muhammede gönderýär. Emir Muhammet bu ýagdaýa köp ahy-nala edip, aglap, bu işi amala aşyrmakda tagalla eden adamlara nälet okapdyr». Gutulmyş ibn Ysraýyl Arslan ýabgu bilen baglanyşykly SENELER 920-960-njy ýyllar — seljuklylar yslamy kabul etdiler. 991-nji ýyl — Dawut Çagry beg dünýä indi. 993-nji ýyl — Togrul ibn Mykaýyl dünýä indi. 998-nji ýyl — Soltan Mahmyt Gaznaly ibn Söbüktegin tagta geçýär. 990-njy ýyl — Gutulmyş ibn Arslan ýabgu dünýä inýär. 1011-nji ýyl — Seljuk ibn Dukak 107 ýaşynda aradan çykýar. Seljuk beg ölmezinden burun uly ogly Ysraýyl bege ýabgu unwanyny berýär we oňa seljuklylara ýabgulyk etmegi tabşyrýar. 1016-1021-nji ýyllar — Çagry beg bäş müň adamly goşun bilen rum serhetlerinde bolýar. 1017-nji ýyl — Soltan Mahmyt Gaznaly Könürgenji basyp alýar we ülkäni özüne tabyn edýär, ülkä öz gapydany, hajyby Altyndaşy hökümdar belleýär. Şeýle hem soltan Mahmyt şol ýörişinde uly şäherler Samarkandy we Buharany özüne birleşdirýär. 1025-nji ýyl — Arslan ýabgu ogly Gutulmyş hem-de ýüz elli ýigidi bilen Samarkand şäherine gelen soltan Mahmydyň dergähine barýar. Soltan Mahmyt Arslan ýabguny, ogly Gutulmyşy, ýüz elli esgerini tussag edip, Hindistandaky Kelejar galasyndaky zyndana atýar. 1025-1028-nji ýyllar — Seljuk begiň ogly Ýusup Ynanç Seljuk jemagatyna ýabgu bolýar. 1036-nji ýylyň aprel aýy — (käbir taryhy çeşmelerde 1032-nji ýyl) Gaznaly türkmen soltan Masut ibn Mahmyt tussaglyk möhleti dolan Ysraýyl Arslan ýabguny Balha ýanyna çagyrýar. Ondan öz jemagatyna — seljuk beglerine nama ýazmagyny, olaryň ählisiniň soltana garşy baş götermesini bes edip, Amulyň boýunda mesgen tutmaklaryny emr edýär. Arslan ýabgu bu teklibi kabul etse, soltan ony azatlyga goýberjekdigini aýdýar. Arslan ýabgu bu teklibi inkär edýär. Şeýle bolansoň, ol ýene Kelejar zyndanyna getirilýär. Gutulmyş kakasyny we ýüz elli esgeri Kelejar galasyndan halas edýär. Ýöne olar ýolda azaşyp ýesir düşýärler. Soltan Masudyň permany bilen Ysraýyl beg awy berlip öldürilýär, Gutulmyş zyndana atylýar. 1040-njy ýyl — Togrul begiň hem-de Çagry begiň serkerdeligindäki seljuk goşuny bilen gaznalylaryň arasynda Daňdanakanda gazaply söweş bolýar. Ol söweşde seljuklylar ýeňiş gazanýarlar. Netijede, seljuk şalygy döreýär. 1043-nji ýyl — Seljuk şalygynyň talap etmegi netijesinde, Gutulmyş azat edilýär. Togrul beg şalygynyň diwanyny Reý şäherine geçirýär, bu şäher şalygyň paýtagty bolýar. 1044-nji ýyl — Gutulmyş Gürgen hem-de Mazenderan welaýatlaryny ykta alýar we ol welaýatlara häkim bolýar. 1048-nji ýylyň sentýabr aýy — Pasin ýaýlasynda rumlylar bilen bolan söweşde seljuklylar ýeňiş gazanýarlar. Rum goşunbaşysy Liparit ýesir alynýar. 1055-nji ýyl — Seljuklylar Bagdada barýarlar. Büweýh şalygy syndyrylýar. 1063-nji ýyl — Togrul begiň wepatyndan soň Gutulmyş beg tagta geçýär, ýöne onuň soltanlygy uzak dowam etmeýär, Alparslan bilen Reýiň etegindäki tagt üstündäki söweşde Gutulmyş wepat bolýar. 2005-2009 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |