Ikinji bap
Arslan ýabgu soltan Mahmydyň myhmany boldy. Soltanyň gat-gat ýazylan düşekleriniň üstünde jaýlaşykly ornaşansoň, Arslan ýabgu ogluna sowal berdi:
— Gutulmyş, sen ýaňy soltanyň tagtynyň arkasyndaky ýazgyny synladyňmy?
— Siz o ýazgylara üns bereniňizden soň, men ol ýazgylary gaýtalap-gaýtalap okadym. Ol ýazgylar Gurhany kerimiň Garynjalar süresiniň kyrkynjy aýadyndaky Süleýmanyň öz tagty baradaky pikiri bolmaly: «Bu Perwerdigärimiziň maňa şükür edýänimi ýa-da küfrany nygmat edýänimi synamak üçin beren fazly-merhemetindendir. Kim şükür etse, bes, elbetde, Perwerdigärim (Onuň şükür etmeginden) bihajat we fazly-kerem eýesidir».
— Sen, Soltan tagtyna geçeniňde şu aýady tagtyň arka ýüzüne edil soltanyňky ýaly edip ýazdyrgyn.
— Nesip bolsa, ondan hem gowy edip ýazdyraryn, baba!
— Adamy maksadyna gowşurýan gudrat — ynam. Her hili ýagdaý bolanda-da ynamdan düşmeseň, islendik maksadyň wysala ýeter.
Şunuň bilen ataly-ogluň söhbedi gutardy.
Arslan han ogly hem on sany ýigidi bilen soltan Mahmydyň aramgähine bardy.
Bu ýerde seljukly myhmanlar üçin taýýarlyk uludan tutulan eken: saçakda adyny tutan nygmadyň bardy.
Arslan han Gutulmyşa ýüzlendi:
— Sen bu gün maňa gaty möhüm bir zady, meniň ömrümiň manysyny söz berdiň. Meniň her bir hereketimiň, pikir-endişelerimiň aňyrsynda ýeke-täk bir maksat bar. Ol maksat hem seniň soltan bolmagyň. Biz bu dünýä bäş günlük ömür diýýäris. Aslynda, bu bir günlük ömür...
Sazandalar geldi. Baý-ba, elliden gowrak sazanda. Olaryň ellerindäki saz gurallarynyň birnäçesini Gutulmyş entek görmändem.
Şeýle bir göçgünli saz çalnyp başlandy.
Ikinji saz hasam göçgünlidi. Bu sazyň çalnyp başlanmagy bilen ýigrimiden gowrak birmeňzeş: owadan, inçe billi gyz peýda boldy. Olaryň eginleri aňyrsy görnüp duran ýukajyk ak atlazlydy, aýaklary halhallydy. Olar şeýle bir rakys11 oýnaýarlar welin, olardan gözüňi aýyrar ýaly däldi.
Soltan Mahmyt myhmanlaryň oturan ýerine öz wezir-wekilleri bilen geldi. Saçak başynda ýazylyp-ýaýrap oturdy. Kynyklaryňam, gaýalaryňam oguzlaryň taýpalarydygyny; Oguz hanyň: «Menden soň ýerime Gün han bolsun. Onuň yzyndan ogly Gaýa han bolsun. Gaýa urugyndan han barka Baýat han bolmasyn. Ol diňe öz boýuna beg bolsun. Gaýa han on iki boý sag gola we on iki boý çep gola han bolar»12 diýendigini; Gaýa hanyň Gün hanyň ilkinji ogludygyny; özleriniň — gaznaly türkmenleriň bozuklara, sag gola degişlidiklerini; kynyklaryň bolsa üç oka — çep gola degişlidigini; Kynygyň Deňiz hanyň körpe ogludygyny; olaryň Gaýalaryň gullugynda durmalydygyny; eger bu pendiň tutulmadyk ýagdaýynda tertip-düzgüniň gowşajakdygyny; Taňrynyň oguzlardan ýüz öwürjekdigini nygtady. Ol bu sözlerinden soň desserhan başynda uzak oturmady: diwan işleriniň, şeýle hem uzak ýurtlardan gelen ilçileriň, belent mertebeli wekilleriň köpdügini tutaryk edindi, özüniň bu ýerde uzak oturasynyň gelýändigini, haýp, soltan-da bolsa muňa mümkinçiliginiň ýokdugyny aýtdy, ýöne özi gitse-de, myhmanlaryň ýazylyp-ýaýrap dynç almaklaryny, iýip-içmeklerini sargyt etdi, öz ýerine weziri Ahmet Meýmendini, ogullary Masutdyr Muhammedi goýup gitdi. Soltan gidip barýarka rakysçy gyzlara seljuk begleriniň jamlaryna rakiýadyr boza13 elin guýup berip sakylyk etmegi ýörite tabşyrdy.
Eýjejik rakysçy gyzlaryň ýarysy seljuk beglerine rakiýa diýenlerine rakiýa, boza diýenlerine boza guýup berip sakylyk etdi, galan ýarysy bolsa pyrlanyp rakys oýnap, oturanlara hezil berdi.
— Owadan jenanlar! — diýip, seljuk begleri rakysçy gyzlara hyrydar göz bilen garadylar.
Rakysçy gyzlar seljuk begleriniň jamlaryny boş goýmadylar. Içilen dessine ýene guýdular. Seljuk begleri näzijik ellerden guýlan içgileri içdiler. Içdikleriçe olaryň göwünleri joşa geldi, rakysçy gyzlaryň ýanlaryna baryp, olar bilen bilelikde pyrlandylar.
Arslan han hem edilýän hyzmatdan çoh hoşal boldy. Rakysçy gyzlaryň guýýan içgilerini içdi oturdy.
Soltanyň ogly Muhammet bilen Gutulmyşyň ümi alyşdy. Olar başda Jeýhundan ýüzüp geçmek hakda gürrüň etdiler. Gutulmyş soltan Mahmydyň Jeýhunyň üstünden guran köprüsiniň14 peýdasy hakda aýtdy. Soň gürrüň Söbükteginiň «Pentnamasyna»15 syrykdy. Gutulmyşyň «Pentnamany» ýatdan bilýändigi Muhammedi hasam haýran galdyrdy. Gutulmyşyň ýatdan aýdyşyny hezil edip diňledi:
— ... Adamlar seni ýagşy görer ýaly rehimdarlygyň, geçirimliligiň gazabyňdan köp bolsun! Emma ogry bilen dönügiň günäsini hergiz geçmegin! Olaryň biri ýurtda ortaklyk islär, ikinjisi musulman malyna el uzadar. Bu iki adamy — ogry bilen döwlete, özüňe öz bähbidi üçin garşy çykýan dönügi diri goýmagyn. Beýleki günäkärleriň her haýsyna öz günäsine görä jezasyny berip goýberersiň. Köp gürleýän ýaňra we ýalançy adamlary ýakynyňa getirme, çünki patyşanyň syrlarynyň köpüsi ýaňra we degişgen adamlar arkaly daşary çykyp, duşmanlara ýurduň syry aýan bolýandyr. Güýçli pitne we bulagaýlyk şulardan dörär. Her kimiň etmeli işini belli et! Çünki Allatagala her kimiň zatynda bir sypat we häsiýet goýandyr. Halkyň tebigatyna ägä bolmaga, bitewi zehin, kämil ylym gerekdir. Bu many müneçjimler bilen miýesser bolar. Bilgin! Patyşanyň uly duşmany «Diňe meniň aýdanym dogry» diýip pikir etmekdir, bu zalymlykdyr. Her bir işde dostlugy synalan mähirli adamlar bilen geňeş etmelisiň. Diňe öz akylyň bilen uly tutumlary başlamaly dälsiň. Özüň bilen bir derejede bolan duşmanlaryňa ýumşaklyk we oňşuk et!..
— Dur, dur! — diýip, Muhammet gözlerini çalaja süzüp, Söbükteginiň pendini aýdyp oturan Gutulmyşyň elinden tutdy. — Aýalmenmiň?
— Aýalmen, öýli.
— Näçe çagaň bar?
— Biri iki ýaşynda, ikinjisi alty aýlyk bolan iki sany oglum bardy.
— Bardy?
— Hawa, bardy. Men hatynymy — Buharanyň Paş diýen obasynyň beginiň owadan gyzyny alyp gaçypdym. Ýöne hatynymyň hossarlary bir gün biziň ýoklugymyzdan amat tapyp hatynymy hem çagajyklarymy parçalap gidipdirler...
Muhammet Gutulmyşa duýgudaşlyk bilen seretdi. Soň ol Gutulmyşyň garaşmadyk sowalyny berdi:
— Men Arslan han hem onuň ogly Gutulmyş ylmyň bäş syryny — alhimiýany bilýärmişler diýip eşitdim. Meniň şu eşiden gürrüňim çynmy?
— Dogry.
— Diýmek, siz jadygöý-dä!
— Aý, ýok, jadygöý däl.
— Gudrat görkezip bilýärsiňmi?
— Gudraty diňe Allatagala görkezýär, ylym diňe mugjyza döredip bilýär.
— «Bilýärin» diýýärsiň welin, barybir, ony mençe bilýän dälsiň. Köşgümizde Biruny16 diýen ulama bar. Ol hem ylmyň bäş syryny — alhimiýany mençe bilenok. Ylmyň bäş syrynyň birine himiýa diýýärler. Himiýa kümşi altyna öwrüp bilýär. Ikinji ylma himiýa diýilýär. — Muhammet Gutulmyşyň ýanynda özüni aşa sowatly görkezmäge çalyşýardy. — Ol içki hem daşky güýçleri öwrenýär. Her jisimiň näme başarnygynyň bardygyny öwredýär. Himie — bu gözbagçylygy öwredýär. Dördünji, simiýa merhumlaryň ruhlaryny nädip çagyrmalydygyny öwredýär. Bäşinji ylym — bu — rimiýa. Rimiýa jisimleriň, magdanlaryň özara baglanyşygyny, biri-birine täsirini öwredýän ylym. Sen şu zatlar hakda mençe bilýän dälsiň, boýnuňa alaý.
— Siziň bilýänleriňiz bilen deňeşdireniňde biziň bilýänlerimiz deňziň bir damjasydyr. Meniň eşidişime görä, soltan ylma uly hormat goýýan, ulamalara howandarlyk edýän, olary köşgünde mugt saklaýan, olaryň ylym bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän beýik soltan. Ol öz köşgünde atabeglik mekdebini açyp, onda öz çagalaryna dünýäniň iň ösen ylymlaryny öwredýär diýýärler.
Bu sözler Muhammede gowy täsir etdi, ol buýsançly ýylgyrdy.
— Bilýärmiň, soltan näme diýýär. Ol: «Farabynyň17 aýdyşy ýaly, soltan hem ogullary «pygamber donuny geýen Eflatunlar» bolmaly. Soltanyň haçan wepat etjegini diňe Taňry bilýär. Soltanyň ogullary ýaşlykdan döwleti dolandyrmaga taýýar bolmaly» diýýär. Biziň sowatly bolmagymyzy talap edýär. Ol harby türgenleşik geçişimize-de gözegçilik edýär.
— Men soltany görmegi arzuwlap ýördüm. Allatagala meni şol arzuwyma ýetirdi.
Muhammet ýene Gutulmyşyň garaşmadyk sowalyny berdi:
— Saz çalyp bilýärmiň?
— Çanda, udda, sazda, şadyýanda18, tamdyrada çalýaryn.
— Ýör, meniň aramgähime baraly. Şadyýanym bar, çalyp görkez.
— Men babamdan rugsat alaýyn.
— Otuz ýaşdan soňam her bir ädimiňi babaňdan sorap edýärsiňmi?
— Aýtman gitsem, ol biynjalyk bolar.
— Bar, onda, aýt.
Gutulmyş Arslan Ýabgunyň ýanyna baryp, pyşyrdap, oňa habaryny aýtdy.
Arslan ýabgu başda ör-gökden geldi. Muhammediň garaşyp durandygyny görübem giňlige saldy. Ogluna idin berdi.
***
Gutulmyşyň şadyýan çalşyny Muhammet sesini çykarman diňledi.
— Muhammet, sen nämedir bir zadyň aladasyny edýärsiň. Seniň pikiriň häzir başga ýerde.
— Duýduňmy?
— Duýdum. Seni biynjalyk edýän zady düzetmäge meniň ýardamym ýetmezmi? Seniň üçin näme etmeli bolsa men taýýar.
— Edermiň?
— Ederin.
— Onda sen şu ýerden tizden-tiz git!
— Gitmeli? Näme üçin?
— Sen menden hiç zat sorama, ýöne tizden-tiz git. Ýör, men seniň gaçmagyňa ýardam bereýin.
— Muhammet, men babam dagyny goýup gidip bilmerin-ä!
— Ýör, meniň yzyma düş! Gaç!
— Men babama aýtman hiç ýerik gidip bilmerin.
— Babaňa meniň özüm aýdaryn.
— Ýok, ýok, Muhammet, men babama aýtman gidip bilmerin.
— Meniň hiç kime aňsat-aňsat göwnüm ýetenok, saňa synym oturdy. Seniň düşjek günüňe nebsim agyrýar.
— Sen maňa ýüregiňdäkini açyk aýt.
— Ýok, aýdyp biljek däl.
Gutulmyş özüne nähilidir bir ýaramazlygyň garaşýandygyny aňdy. Näme bolup biler?
Ol şadyýanyny gapdalda goýdy-da, Muhammede ýüzlendi:
— Heýtelede Soltan Mahmydyň hormaty biçak uly. Onuň köşgünde ýüz elli şahyryň, ondan-da köp ulamalaryň ýaşaýandygy, olara soltanyň ydrat19 töleýändigi barada kän-kän rowaýatlar aýdýarlar. Emineddöwläni Sarsaýyl hem Karkaýyl20 atlandyrýarlar. Men soltanyň gullugynda durmak, onuň tabşyryklaryny bitirip, dar-al-yslamyň21 giňemegine goşant goşmak isleýärin.
— Näme üçin bu hakda soltana aýtmadyň?
— Aýtdym.
— Näme diýdi?
— Eşitmedi öýdýärin, hiç hili jogap bermedi.
— Gadyr hanyň özüňize dost däldigini Arslan ýabgu bilýärmi?
— Gadyr han bilen biz örän gowy gatnaşykda. Ol mydama kyn pursatlarda diňe bize ýüz tutýar.
— Sizem oňa kömek berýärsiňizmi?
— Elbetde.
— Onda meniň häzirki aýtjak sözümi ýadyňda berk sakla! Gadyr han siziň kerçim-kerçim edilmegiňizi isleýär...
Içerik Soltan Mahmydyň ogly Masut girdi.
— Siz näme edýärsiňiz bu ýerde?
— Şadyýan çalýarys — diýip, Muhammet gorka jogap berdi. Onuň ýüzi üýtgedi, ogurlykda tutulan dek sandyrady.
— Muhammet, edýäniň näme seniň? Babam saňa ähli zady düşündirip aýtdy dälmi näme?!
— Aýtdy.
— Onda näme üçin bu ýerde otyrsyňyz?! Seljuk ýigitleri üç gün biziň myhmanymyz. Biz seljuk ýigitlerine hyzmat etmeli. — Masut Gutulmyşa ýüzlendi. — Eý, ýigit, ýüzüňde abat ýeriň ýok-la seniň?! Joýa-joýa bolup dur, alyp gaçan hatynyň dyrnaçakladymy?
Gutulmyş Masudyň ýaňsyly sözüni halamady, özüne zor salyp çala ýylgyrdy:
— Ýolbars bilen garpyşdym.
— Ýolbars bilenmi? Ýeri, kim ýeňdi?
— Kim diri galan bolsa şonuň ýeňdigi bolar-da — diýip, Gutulmyşa derek Muhammet jogap berdi.
— Endam-janym ýolbarsyň dyrnaçagynyň yzy. Men ýolbars bilen garpyşyp, özümden gidipdirin. Bäş günläp jeňňelde ýatypdyryn. Meni ölendir öýdüpdirler. Dört aý ýerimden galyp bilmän ýatdym.
— Gutulmyş diýen adyň indi düşnükli maňa. Saňa sag-aman sagalsyn diýen niýet bilen Gutulmyş diýip at goýandyrlar. Bildimmi?
— Bildiň.
— Ýörüň, zyýapata baralyň.
Olar Arslan han dagynyň meýlis gurap oturan öýüne dolanyp geldiler.
Içerdäki şowhun-şagalaň, göçgünlilik, megerem, Masudyň göwnüni göteren bolarly. Ol Gutulmyşa ýüzlendi.
— Eý, kynyk, gel ikimiz gidişeli.
— Nähili gidişeli? — diýip, Gutulmyş ämert Masuda bakdy.
— Ýigrimi bäş satrin — jam boza içmeli.
Gutulmyş näme edeýin diýen terzde kakasyna bakdy. Arslan Ýabgu baş atdy.
Muny ataly oguldan özge hiç kimse duýmady.
Ýabgudan yjaza alan Gutulmyş göçgünli dillendi:
— Masut, bu gün sen öýlenýärsiň. Bu gün seniň toýuň. Beýle günde näçe diýseňem boza içeris.
— Kim ýigrimi bäş satrin boza içip, aýak üstünde durup bilse, şol ýeňiji bolýar.
— Baýragy näme bolar?
— Özüň aýdaý.
— Ýok, özüň aýt.
— Aýtsam, eger men ýeňsem, onda sen bir kynyk gözelini bermeli. Eger men ýeňilsem, onda men saňa bir gaýa gözelini bereýin. Men saňa kyrk sany zabulystanly22 gaýa gözelini görkezeýin. Içinden saýlap al.
— Makul. Men razy.
Masut iki gezek aýa karsyp gygyrdy:
— Üstazdar23 bilen şerapdar meniň ýanyma gelsin!
Iki kişi ylgap Masudyň ýanyna bardy.
— Şu gün bizde toý. Ýap-ýaňy Gadyr han kejebeläp gyzyny getirip, maňa gelinlik berdi. Bu gün men öýlenýärin. Soltan Emineddöwle bize şatlanmagy, toý toýlamagy tabşyrdy. Şu toýda men ýaryş geçirmekçi. Türkmeniň kynyk taýpasy bilen gaýa taýpasy bäsleşýär. Ikiňiz bu bäsdeşlige wazaň bermeli. Nobatçylar24 her gezek içip başlanymyzda tebil kaksynlar. Sazandalar saz çalsyn. Rakysçy gyzlar soltanyň aýdyşy ýaly, bize sakylyk etsin. Şerap guýup bersin.
Bu bäsleşik üstazdar üçinem, şerapdar üçinem täzelik däldi. Beýle bäsleşik soltanyň oglunyň iň gowy görýän müjdesidi. Beýle bäsleşigi her hepdede birki gezek geçirmeli bolýardy. Şeýle bolansoň, üstazdar bilen şerapdar bu ýaryşy derrew gurnady.
Içilmeli satrinleri taýýar etdiler.
Ine, ýigrimi bäş sany satrin Masudyň öňünde-de Gutulmyşyň öňünde-de goýuldy. Rakysçy gyzlaryň hersi bir jamy meýden dolduryp guýdy.
Nobatçylar bäsdeşligiň başlanmagyna tebil kakmaga taýýar bolup durlar.
Kyrk sany keniz hataran durdy. Masut Gutulmyşa kenizleri synlamagy, haýsam bolsa birini saýlamagy teklip etdi.
— Men saňa ýüregimdäkini aýdaýyn, Masut.
— Aýt.
— Men soltan neberesine giýew bolmak isleýärin.
Masut jak-jaklap güldi:
— Ony ähli kişi isleýär.
— Dürsdür, ýöne meni illendirmekçi bolýan bolsaň, keseki gyzyny däl-de, öz ýakynyňy hödürle.
Masut töweregine garaňjaklady:
— Hasanak nirede?
— Men bärde, mäligim.
— Men ýalňyşmasam, seniň maşgalaň ýanyňda. Bir gyzyň bardy öýdýän. Eger şu kynyk meni ýeňse, sen gyzyňy şuňa ber. Oda-köze düşüberme. Şu güne deňiç meni rakiýa-boza içmekde ýeňen adam ýok. Bu kynyk hem meni ýeňip bilmez.
Hasanak göwünli-göwünsiz baş atdy.
— Men gyzy görmek isleýärin, belki men ony halamaryn.
Hasanak Gutulmyşa ýigrenç bilen seretdi, ýanynda duran iki kişä gyzyny alyp gelmegi buýurdy.
Gyzy getirdiler.
Gutulmyşyň endamy jümşüldäp gitdi. Bu gyz oňa ýaşlyk ýyllaryny, ilkinji şum söýgüsini — Sünbüle atly gyzy ýatlatdy.
Hasanagyň gyzy Sünbüläniň hut özi ýalydy.
Gutulmyş gyzyň ýanyna baryp, ony içgin synlady:
— Sen meniňki bolarsyň. Hökman meniňki bolarsyň.
Gyz sesini çykarmady.
Masut ýene jak-jaklap güldi.
— Onuň üçin sen menden şeraby köp içmeli, özem aýak üstünde durmaly. Ony-da sen başarmarsyň.
— Başararyn. Şu gyzy almak üçin, gerek bolsa, Jeýhuny-da sokga soraryn.
Gutulmyş gyzyň elinden tutdy-da, meý içmeli ýerine eltdi. Soňam ol gyza şeýle diýdi:
— Maňa hatyn bolmak isleýärsiňmi?
Gyz baş atdy.
— Onda hyzmatymda bol. Meýi özüň guý, özüňem maňa äber. Eger ýeňsem, men seni ýanym bilen äkiderin.
Gyz ýene dilrubalyk bilen baş atdy:
— Men bütin ömrüme siziň sadyk gyrnagyňyz bolaryn.
Nowatçylar nowatlaryna kakdylar.
Bäsleşik başlandy.
Her jam içilip gutarylýança nowatçylar, sazandalar saz çalýardylar.
Birinji jam.
Ikinji jam...
On ikinji jama çenli çalt içildi.
Ondan soň welin, her jam kynlyk bilen içildi.
Masut bir jam öňden barýardy.
On dördünji jamda Gutulmyş serhoş boldy.
Masut hem serhoşdy. Ol bäsleşik başlananda-da serhoşdy.
Ýaryşýanlaryň goltuklaryndan tekge berip, aýak ýoluna alyp gitdiler. Bir-paýyzdan olar hiç zat içmedik ýaly bolup dolanyp geldiler.
Bäsleşik dowam etdi.
Iki tarapyň hem aňyrsy alanokdy. Olar özlerine zor salyp içýärdiler.
Ýa gözboýagçylyk edildi, ýa ýene bir zat: Masudyň jamlarynyň on bäşi boş, Gutulmyşyňkynyň ýigrimi üçüsi boş.
Bu ahwalata üstazdaram, şerapdaram, rakysçy sakylaram geň galdylar.
Dawa eder ýaly däl, sebäbi ähli kişi seredip dur.
— Bu nädip beýle boldy? — diýip, duranlar biri-biriniň ýüzüne seretdiler.
— «Aý tilsimine»25 meňzeş bir zad-a boldy — diýip, soltanyň weziri Ahmet Meýmendi geňirgenmesini mälim etdi.
— Seljuk begi bize ak el26 görkezdi — diýip, üstazdar Hasanak weziriň sözüni tassyklady. — Bu ýigit himie ylmyny ulandy.
— Öz döwründe Muhammet pygambere-de müňkür bolupdyrlar. Gurhany kerimiň Ýunus süresiniň ikinji aýatynda hak aýdylypdyr: «Kapyrlar: «Hakykatdan hem, bu (ýagny Muhammet) zor jadygöýdir diýdiler» diýip — Arslan hanyň bu tutarygy müňkürligiň öňüni aldy.
Gürrüň gutardy, onsoňam müňkür bolup dawa etmek soltan nesebine gelişmeýär ahbetin!
Gutulmyş Arslan hanyň sözünden soň hiç kime hiç jogap berjek bolmady. Ol galan iki jamy ylla işdäsi açylan deý şapbyldadyp içdi-de, şerapdara ýüzlendi:
— Şerapdar, maňa ýene ýigrimi bäş jam boza ber.
— Näme? Näme? — diýip, Masut ör-gökden geldi.
— Bu gün Samarkantda uly toý, uly dabara. Bu gün Oguz hanyň ilkinji agtygy, uly ogly Gün hanyň uly ogly Gaýanyň neberesi Heýtelä özleriniň mübärek gadamlaryny basdylar. Soltan Mahmyt oguzlaryň buýsanjy, göz-guwanjy. Diňe oguzlaryň däl, külli dar-as-yslamyň göz-guwanjy. Kynyklaryň borjy gaýalara wepadar gulluk etmek. Biz bu gün soltan Mahmydyň dergähine özümiziň mutyglygymyzy, sadyklygymyzy mälim etmek, soltanyň uly ogly Masudyň öýleniş toýuna gatnaşmak üçin geldik. Bu gün men soltan Mahmydyň mübärek peýkerini gördüm. Şonuň üçin meniň buýsanjymyň çägi ýok. Ähli ýoldaşlarym27 meniň buýsanjyma goşulýarlar. Bu zatlaryň üstesine-de men bu gün soltanyň ogullary Masut, Muhammet, agtygy Möwdud bilen tanyşdym. Olar atabeglik mekdebinde sowadyny çykypdyrlar, Farabynyň aýdýan «pygamber donuny geýen Eflatun» bolupdyrlar. Biz — seljuklylar şeýle parasatly adamlara wepadar gulluk etjekdigimize söz berýäris. Men ýene ýigrimi bäş jam boza içerin. Sebäbi men begenýärin.
Gutulmyş Masudyň bilinden gujaklap biraz göterdi-de, daşyndan pyrlap aýlady.
Ýene boza getirdiler.
Gutulmyşyň bu bolşy Masudy serhoş etdi. Ol Gutulmyşa seredip durşuna gübürdäp ýykyldy. Ony turuzmakçy boldular, ýöne ol özüni bilenokdy. Şeýle bolansoň, alty kişi ony göterip öz gerdegine28 äkitdi.
Hasanak gyzyny alyp gitdi.
— Degişdik, gülüşdik. Indi oýun gutardy.
Baý-bow, kynyk begleri oýunda utanlaryndan soň, heý, yza teserlermi?!
Olar bäş-alty kişi bolup, wezir Ahmet Meýmendiniň ýanyna bardylar.
— Mälik Masud äht etdi. Bize utan gyzymyzy beriň.
— Akylyňyz ýerindemi siziň? — diýip, Meýmendiden öň Hasanak sesine bat berdi.
— Akylymyz ýerinde.
— Masud degişdi.
— Bize Mälik äht etdi. Bize gyzy beriň. Özem nikalap beriň.
Iki wezir sesini çykarman jaýdan çykyp gitdi. Olar, megerem, soltanyň ýanyna giden bolsalar gerek.
Mesele kynyklaryň isleýşi ýaly çözüldi.
Gyzy getirdiler.
Seljuk begleri Gutulmyşy ýeňşi bilen gutladylar. Bu ýeňşiň şanyna bozadyr rakiýa içişlik başlandy.
— Utup alan hatynyň gutly bolsun! — diýip, kynyklar Gutulmyşy dumly-duşdan mübäreklediler.
— Öz-ä owadan gyz eken.
— Owadan!
Gutulmyş Hasanagyň gyzyny özüne çekdi-de ysgady. Soňam gyzyň kiçijik burnundan dişledi. Gyz ýüregi ýarylan ýaly gygyrdy.
— Dişlejek bolsaň, başga ýerini tapmadyňmy? — diýip, seljuk begleri jak-jaklaşyp gülüşdiler.
Şerap suw deýin içildi.
— Seniň adyň näme? — diýip, Gutulmyş gyza erkeklik hyjuwy bilen seretdi.
— Aýbölek.
—Şu günden başlap, seniň adyň Aýbölek däl-de, Sünbüle bolar.
Gyz kaýyllyk bilen baş atdy.
— Çatynjalara aýratyn gerden gerek — diýip, ýigitleriň birisi dillendi.
Gutulmyş Arslan hanyň sag gapdalynda eda bilen oturdy:
— Babam, gatyrag-a gidýän däldirin?!
— Ýok, ýok, ogul. Ähli zat gül ýalak. Oguz erkeginiň gatysy her gün ýumşap durmaly. Häzir saňa nika gyýaly. Şerigaty saklamazlyk külli günädir.
— Nika gyýalyň! — diýip, seljuk ýoldaşlary ýerli-ýerden gygyryşdylar.
Gyz begenjine uçaýjak-uçaýjak bolýardy. Gözlerinden begenç ýaşlary sil bolup dökülýärdi.
— Men size mutyg gyrnak bolaryn — diýip, Sünbüle Gutulmyşyň aýagyna ýykyldy, onyň sag aýagyna ýüzüni basdy.
Nika gyýmak dessury başlandy.
Nikadan soň Gutulmyş Sünbüläni özi üçin ýörite taýýarlanan gerdege alyp bardy.
Seljuk ýoldaşlary çatynjalary ogryn diňlemek üçin gerdegiň daşyna aýlandylar. Her kim bir ýerde ýatyp içerä diň salmaga başlady.
Gutulmyş ogyz dessuryna eýerilýändigini — gerdegiň daşynda özüniň her bir sözüniň diňleniljekdigini, adatça, diüleýjileri daşary çykyp kowandan bolmalydygyny bilýärdi, ýöne daşary çykjak, daşardaky durşuna gulaga öwrülip ýatanlary kowjak bolmady. Çünki möhümden möhümi bardy, Sünbüläni goýup, daşary çykasy, wagt ýitiresi gelenokdy.
Içilen içgiler, Sünbüläniň owadanlygy, näzikligi Gutulmyşyň öwjüne möwç goşupdy.
Gutulmyş Sünbülä esli salym seredip durdy. Onuň göz atuwynda ýaşlyk ýyllary janlandy. Allatagalanyň oglana yşk salýan on ikinji ýaşynda Gyzyl begiň Sünbüle atly gyzyna aşyk bolupdy. Gyz hem ony söýüpdi.
Bir gezek gyzyp haýyna-waýyna bakman, ony atly alyp gaçypdy. Şondan soň olar biri-birine hasam imrigipdiler.
Ysraýyl begiň oglunyň Ýagmyr begiň gyzyna göwün berendigini, ikisiniň halaşýandygyny ähli kynyk bilýärdi.
Ýöne bir gün kynyk begleriniň ýörişdeliginden, ýazlagda ýokduklaryndan peýdalanyp, bir topar atly çapawulçylyk edipdir. Şol çapawulçylykda bäş-alty gyz bilen Sünbüläni-de äkidipdirler.
Gutulmyşyň edil bilinden urlan ýaly bolupdy. Asyl, dünýä gapyşana dönüpdi.
Bu gün ol ýitiren bagtyny, ilkinji söýgüsini tapdy ahyryn!
Gutulmyş gyzy garsa gujaklady-da, daşyndan pyrlandyryp aýlady. Soňam göçgünli pyşyrdady.
Taryhy proza