Dördünji bap
Gazna şäheriniň zyndanynda saklanylan ýüz elli seljuklyny, olardan başga-da bäş sany ýerli tussagy soň ýeke-ýekeden bir zynjyra düzdüler. Ýüz elli bäş adamyň bir demir zynjyra berkidilmegi olaryň nirädir bir ýerik alnyp gidiljekdiginiň alamaty bolmaly. Dogrudanam, şeýle eken: olary zyndandan çykaryp, günorta bakan äkidip ugradylar.
Arslan ýabgu özleriniň uzak bir ýere alnyp gidilýändigini gorag goşunynyň tutumyndan aňdy: olaryň goş-golamy, azyk gory uludandy.
Maksat şäherden çykaryp, adam-ebtatsyz çölüň içinde ýa dagda öldürmekmi?
Öldürmek üçin beýle köp goş-golam, azyk gory nämä gerek?
Belki adamlaryň gözlerini güýdüşdirmek isleýändirler?!
Ýüz elli bäş seljuklynyň daşyndaky atly hem pyýada goşun nirä barýandyklaryny bilmeýärdi. Ýogsam seljuklylar özleriniň nirä alnyp barylýandygyny biljek bolup gulamlaryň köpüsine ýüz tutup gördüler. Gulamlar anyk hiç zadyň aýdylmandygyny, özleriniň hem nirä barýandyklaryny bilmek isleýändiklerini nygtadylar.
* * *
Tomus pasly bolansoň, howa jokrama yssydy.
Seljukly tussaglary daglaryň, çölleriň, sähralaryň içi bilen alyp barýardylar.
Kynyk serkerdeleri soltanyň permany bilen ýedi ýyl agöýli tussagy edilipdi. Öz ýaranlaryny azat etmek üçin seljuklylaryň bir hokga çykarmagyndan ätiýaç eden soltan agöýlüleriň goragyna dört müň gulam berkidipdi. Gaçar ýaly däldi: aýak gandallydy. El gandallydy. Boýundan urlan gödeňsi zynjyr ýüz elli kynyk ýigidini biri-birine örkläpdi. Olara günüň dowamynda bir gezek ölmezödülik tötek berilýärdi.
Haýsy maksat bilen nirä alnyp barylýar?
Bu sowal ýörişiň birinji güni diňe tussaglaryň däl, eýsem gorag gulamlarynyň arasynda-da köp gaýtalanypdy. Ýörişiň dördünji güni welin, bu sowal bary-ýogy bir gezek berildi.
Tussaglaryň başyny Ysraýyl beg çekýärdi. Zynjyryň iň soňundaky tussag Gutulmyşdy. Ol dynç alyşlarda, gijelerine kakasynyň ýanynda bolýardy, ýatýardy. Gaznanyň zyndanynda ýatanlarynda tussaglyk wagtlaýyndyr diýen ynam ähli kynyk ýigitlerinde bardy. Ýöne özlerine agyr gandal urup günorta bakan äkidip ugramaklary bilen Arslan ýabguda, kynyk ýigitlerinde halas bolmak umydy kesilipdi. Olar takdyrlarynyň zyndanda tamamlanjakdygyny aňyp, agyr nagra dartdylar.
— «Taňry bilmezden hiç bir agaçdan bir ýaprak hem gaçmaz»31. Bu bize ýazgytdyr. Goý, men zyndanda çüýräýin. Ýöne seniň meniň pidam bolmagyň, maňa juda agyr degýär. Sen azat bolsaň — men ynanýaryn, — sen soltan Mahmydy ýeňersiň, onuň tagtyny elinden alarsyň. Şonda sen soltan Mahmydy bu eden etmişi — biziň ýagşylygymyza ýamanlygy üçin hökman jezalandyrgyn, hökman ar algyn!
— Bu maksadyň amaly üçin, ilki bilen, şu gödeňsi zynjyrlardan boşamaly.
— Boşarsyň.
— Nädip?
— Nädipdigini häzir bilmeýärin. Farabynyň ýigrimi bäşinji pasylyny32 ýadyňa sal: göz nazary göni görýär, ýyldyzlar topary bolsa aýlawly hereket edýärler. Ýöne biziň ýyldyzymyz bize uzak ýaş pata berýär. Biz ömrümizi zyndanda zynjyrly geçirmeris. Diýmek, sen hökman azat bolarsyň. Men azat bolmagyň ýollaryny gözleýärin: bu sowaly ýyldyzlara berýärin. Gün hem Aý biziň keç kysmatymyzy görüp-bilip durlar. Olaryň biz üçin bir çykalga tapjakdyklaryna umyt baglaýaryn. «Elbetde, Taňry ýagşy amal edijileriň azabyny zaýa etmeýär»33. Belki ýyldyzlaryň ýüzünden zülmat aýrylar, olaryň hökümi34 biziň rowaçlygymyzyň patasy bolar?!
Ýyldyzlaryň arasynda Arslan ýabgunyň öz ýyldyzy bardy. Ol öz ýyldyzyny, oglunyň ýyldyzyny Gutulmyşa birmahal — sünnet edilen uçurlary görkezipdi. Olaryň ýyldyzy Zuhal (Saturn) ýyldyzydy, çünki Arslan beg-de, Gutulmyş-da şu ýyldyzyň astynda dünýä inipdiler.
Zühal asmanyň ýedinji gatynda ýerleşýär. Ýöne käbir gurrandazlar bu ýyldyzy bisähet hem ugursyz hasaplaýarlar. Sebäbi olar Zühal ýyldyzynyň maksadyna düşünip bilenoklar. Zühala her ýeten gurrandaz, müneçjim düşünip bilmez. Oňa düşünmek üçin Taňrynyň ýalkany bolmaly. Oňa düşünmek üçin aýratyn üşük gerek, aýratyn sowat gerek.
Ýyldyz ylmynda, herhal, ykrar edilen düşünjeler bar. Zühal — töwekgellik. Altynjy pelekdäki Müşderi saýýarasy «Iň beýik ugur — sad-y ekber» hasaplanýar. Oňa «Pelegiň kazysy» diýýärler. Bäşinji peläkdäki Myrryh ýyldyzy «Pelegiň jellady» diýlip atlandyrylýar. Utaryt (Merkuriý) ýyldyzy — «Pelegiň kätibi», Zöhre ýyldyzy bolsa «Pelegiň dutary» atlandyrylýar.
Arslan beg ýyldyz ylmyny35 bilýärdi. Ýyldyzlary «okap», köp zatlary öňünden-de bilýärdi. Ol öz öňündäki şu kysmaty-da — gara tegmili-de görüpdi. Ýöne Arslan han kysmatyndaky gara tegmil beýle ýakyndadyr öýtmändi. Ol gara tegmile çenli ýene bir ýyl bardyr öýdüpdi. Şonuň üçin ol öz ýabgulygyny ogly Gutulmyşa bermäge ýetişerin öýdüpdi. Oglunyň öz ýanynda soltan Mahmydyň dergähine gelmeginiň baş sebäbi-de, oňa ýabgulygy öwretmek üçindi.
Arslan ýabgunyň bir kanagat tapýan ýeri ogullarynyň ikisine-de — Gutulmyşa-da, Resultegine-de ýyldyz ylmyny, diňe bu ylmy däl, eýsem ylymlaryň bäş syryny-da öwredenligidi.
Ýyldyz ylmy pelekler hakdaky anyk düşünjeden başlanýardy.
Pelek ýedi gatdan ybarat bolmaly. Birinji gat ýaşyl zeberjedden; ikinji gat sary ýakutdan; üçünji gat gyzyl ýakutdan; dördünji gat kümüşden; bäşinji gat gyzyl altyndan; altynjy gat ak enjewidden; ýedinji gat ak nurdan ýasalandy. Beýik Perwerdigär ýedinji ak nurdan ýasalan gatda ýerleşendir. Onuň ýedinji gatdan öz bendeleriniň her biriniň kalbyna ýetmiş iki müň gezek seredýändigi Gurhanda nygtalandyr.
Gün — hezretidir.
Aý — hezretidir.
Gün — gündizligi, Aý — garaňkylygy, gijäni üpjün edijidir.
Aýyň Gün şöhlesine garşy tarapy tümlük bilen örtülendir. Ol iki ýüzlä hemem bir gözlä meňzeýändir. Aýyň bir ýüzi Güne tarap bakyp durandyr, beýleki ýüzi Ýere tarap bakyp durandyr.
Aý Günüň derejesi bilen deňleşen mahaly onuň nury öçük bolýandyr, Güne tarap baksa, nury zyýada bolýandyr. Dolan Aý, täze dogan Aý şu sebäpli bolýandyr. Aýyň nury zyýada bolanda töwekgeliň işi şow tapýandyr.
Arslan ýabgu Güni — patyşa, Aýy — wezir, ýyldyzlary — leşgerler, Utaryty (Merkuriý) — kätip, Zöhräni (Wenera) — gullukçy, şeýle hem Myrryhy (Mars) — betbagtlyk; Müşterini (Ýupiter) — bagt, şowlulyk, Zühaly (Saturn) — töwekgellik hasaplaýardy. Ol haýsy günlerde özüniň işiniň şow aljagyny, haýsy günler hiç bir işi başlamaly däldigini bilýärdi.
Soltan Mahmydyň etjek etmişini Arslan bege özüniň töwekgellik ýyldyzy — Zühal görkezipdi. Ýöne muňa Arslan beg ynanmandy. Sebäp, ähli zat gülala-güllükdi.
Arslan han soltana hakykaty aýdypdy. Ol gyzyl peýkam gönderip, ýüz müňläp atly hem pyýada goşun ýygnap biljekdi. Köp sebitlerde onuň öz adamlary bardy. Ýerli häkimler, begler soltan Mahmyt üçin söweşmäge özleriniň taýýardyklaryny mälim edip gidipdiler.
Gadyr hanyň dowla düşmegi ýöne ýere däldi. Ol ýene sanalgy aýdan Arslan hanyň özüni bakyýete ugratjakdygyny, goşunyny kül-peýekun etjekdigini bilýärdi. Ol soltan Emineddöwle bilen dil birikdirmek islänokdy, ýöne onda başga alaç ýokdy, mejburydy. Ol soltan Mahmyt ýaly güýçli bir şalyga arka diremese, tepbediniň okaljakdygy görnüp durdy. Çünki öz adamlary — garlyk türkmenleri kynyk türkmenlerini mertebeleýärdiler, olar bilen birleşmek isleýärdiler. Diňe bir garlyk türkmenleri däl, gaýa türkmenleriniň arasynda hem seljuklylar bilen birleşmek isleýänler kändi, olary soltan Mahmytdan gorky saklaýardy. Sähel mümkinçilik dörese, ýagdaýlar üýtgejekdi.
Arslan beg eli-aýagy gandally jokrama yssyda «togsan bäş menzillik ýoly»36 söküp barşyna geçen günlerini göz atuwyndan geçirýärdi, özüniň nirede ýalňyşlyk goýberendigini agtarýardy. Beg öz goýberen säwligini dördünji menzilde tapdy.
Görüp otursa, ol soltanda uly howp döredipdir. Raýaty ýüz müňläp atly leşger ýygnap bilýän bolsa, herki soltanyň gorkjakdygy düşnükli ahyryn!
Arslan han düşündi.
Seljuklylar Derwezata37 şalygyny döretmeli.
Bu pikir Seljuk begiň pikiridi. Bu pikiriň amaly üçin ilkinji ädim soltan Mahmyt Gaznaly ilkinji gezek Mawerannahra gelende38 ädilipdi. Şonda Seljuk begleri topar bolup soltan Mahmyt Gaznalynyň dergähine barypdylar, özleriniň dowarlarynyň köpdügini, dowarlarynyň, ýylkylarynyň örüsi üçin Gyzylgumuň darlyk edýändigini, şonuň üçin hem soltandan öri meýdan soramak isleýändiklerini, eger özlerine öri ýerleriniň berlen ýagdaýynda soltany dowar hem ýylky bilen belli bir derejede üpjün edip biljekdiklerini, şeýle hem Günbatardan Gazna tarapa hiç bir duşmany geçirmän gorajakdyklaryny aýdyp, söz beripdiler. Şonda bu pikir soltana makul göründi, köp sanly emirleriniň garşy çykmasyna garamazdan, seljuk begleriniň birnäçesine Paraw, Abywert, Nusaý sebitlerini ykta beripdi39.
Seljuklylardan Gyzylyň, Ýagmyryň, Mansuryň, Gökdaşyň, Enesioglunyň hersini üç müňlük atly goşuna başbug belläp, Balkana gitmäge ygtyýar beripdi.
Olaryň öňünde örän açyk wezipe goýlupdy.
«Oguz hanyň «Bir ýerde durmaň!» diýen wesýetine eýerip, belli bir ýerde mesgen tutmaň. Özleriňize ynanylan çäklerdäki şäherleri, obalary, daglary, derýalary öwreniň. Bärden uly goşun jemläp baranymyzda ýolbeledimiz bolarsyňyz. Siziň borjuňyz diňe ýolbeletlik bilen çäklenýän däldir. Siz her baran ýeriňizde gaznalylaryň at-abraýyny belende götermelisiňiz. Halk bizi özüne howandar saýmalydyr. Her baran ýeriňizde garyp-gasarlaryň arzy-hallaryny diňläň. Şonda kime sütem edilen bolsa, siz jebir çekene howandar boluň. Sütem eden kişini jezalandyryň, halkyň aryny alyp beriň. Goý, halk deýlemlileri ýigrensin, gaznalylary bolsa hatyralasynlar».
Şondan soň seljuk başbuglary üç müň-üç müň atly goşun bilen Balkan sebitlerine, Jibala40, Urmiýe kölüniň töwereklerine pytrapdylar. Olar nirede bolsalar-da her aýda bir gezek Nura çapar gönderip, öz ýagdaýlary, bitiren işleri hakda habar berip durdylar, käbir zatlary maslahatlaşýardylar, täze-täze görkezmeler alýardylar. Olaryň alyp barýan işlerinden Arslan han biçak hoşaldy. Ol soltan bilen duşuşanda haýsy ýerden näçe atly kömegiň geljekdigi hakda aýdanda mundan dört aý öň seljuk başbuglarynyň Balkandan iberen anyk maglumatlaryna esaslanyp aýdypdy. Elbetde, Jibaldaky, Balkandaky seljuk jemagatlaryna birleşmek isleýän adamlar aýsaýyn köpelýärdi, ýöne jemagatlaryň sanynyň köpelmegine şu güne çenli Arslan han rugsat berenokdy. Sebäbi seljuk jemagatlarynyň sanyny köpeltmegiň zerurlygy ýokdy.
Derwezata döwletini döretmek hakdaky pikir şeýle bir gizlin saklanýardy. Dogrusy, käbir başbuglar hem Arslan hanyň tutumy hakda takyk bilmeýärdi. Arslan hanyň bu habary aşa gizlinlikde saklamagynyň sebäbi düşnüklidi. Bir zady üç adam bilse, ol eýýäm syr däldi. Syr — suw ýalydy, ol hökman bir yş tapyp daşary «akýardy». Syr hem bir ýerde durmagy halamaýardy. Ol içde rahat ýatmaýardy. Adamyň böwrüne hürsekläp, ony öwje salyp, hökman başga birine aýtmagyna sebäp bolýardy. Eger başga birine aýdylsa, onda ol habaryň soltan Mahmyt Gaznala ýetjegi görnüp duran hakykat. Soltan Mahmyt Gaznaly ähmiýetli syry getiren kişä iki müň dinar, büweýh şalygy bäş ýüz dinar töleýärdi. Onsoň, beýle baýlyk üçin otuz-kyrk menzillik ýoly söküp, Gazna baryp, soltana seljuklylaryň maksatlaryny aýtjak kişi kändir.
«Biziň maksadymyz baradaky habar soltan Mahmyda ýetendir, ýogsam ol bizi tussag etmezdi» diýip, Arslan han içini gepledýärdi.
Ol öz ornunda Ýusup begi oturdyp gaýdypdy. Ol: «Arslan beg, güýmenmän tiz geliň, Siziň wezipäňizi oňarardan men gaty ejizdirin» diýip özelenipdi. Şonda Arslan han:
— Men gelýänçäm, Togrul, sen Ýusubyň weziri bol, Çagry, sen bolsa subaşysy bol — diýip, dogany Mykaýylyň ogullaryna görkezme beripdi. Wah, ol öz ornunda ogly Gutulmyşy goýmakçydy, ýöne oglunyň hatyny bilen çagalary öldürilensoň, onuň özelenmesine garşy çykyp bilmändi:
— Babam, men beýik soltan Mahmydy görmek, ýüzüme sylmak isleýärin. Meniň häzir dünýäde şondan wajyp arzuwym ýok — diýip, Gutulmyş özelenmek özelenipdi.
Arslan han Gutulmyş özelenip duransoň, onsoňam oňa ýabgulygy öwretmek maksady bolansoň, seljuk kadasyndan çykypdy. Seljuk kadasy boýunça hatarly ýerlere seljuk ýolbaşçylary iki bolup, köplük bolup barmaly däldi. Ýogsam jemagatyň serdarlarynyň ele salnyp öldürilen ýerleri az bolanokdy. Soltan Muhsin bin Tagy41 öldürende, Seljuk beg wepat edende seljuklylar üçin dünýä gapyşan ýaly bolupdy.
Adam herki zada öwrenişjek eken. Nurda Arslan hanyň ýoklugyna-da öwrenişerler. Soňunyň — ertirki günüň nähili boljakdygy welin, Arslan hana garaňky görünýärdi.
Güni etek bilen gizläp bolanok. Elbetde, Arslan hanyň, seljuklylaryň maksadyny-da gizläp saklap boljak syr däldi. Ol iru-giç aýan bolmalydy.
Maksat ir paş boldy. Wah, muňa «maksat ir paş boldy» diýmeli däl. Muňa «Arslan han maksadyny gaty ir aýtdy» diýmeli.
Arslan han haýran galýar.
Nädip, näme üçin aýtdym?
Näme üçin?
Ol soltanyň dergähine barmazdan burun gyzyl peýkam hakda aýtmaly däldigini bilýärdi.
Ol, megerem, jadylandy. Soltan Mahmyt ylmyň bäş syryny, aýratynam himieni bilýän bolmaly. Ol adamyň içindäki ähli matlaby daşa çykarmagy başarýar.
Ine, soltanyň beýikligi!
Beýige beýik diýmeli!
Soltan Emineddöwle öz üstüne abanýan howpy magat bilen bolmaly.
Arslan han gözgyny halda ýöräp barşyna ýagdaýdan çykalga gözleýärdi.
* * *
Ýörişiň ýigrimi bäşinji menzilinde agşam Gutulmyş kakasynyň ýanyna baryp gyşardy. Uzynly gün ýörelenligi üçin diňe ol däl, ähli tussaglar ýadawdylar, olar çem gelen ýerde süýnüp ýatyrdylar.
Gutulmyş kakasynyň ýanynda ýatyşyna nazaryny ýyldyzly asmana dikdi. Asman ýyldyzlardan ýaňa düzüm-düzümdi. Gutulmyş Zühal ýyldyzyny gözledi. Ol kakasynyň köp gaýtalaýan sözlerini gaýtalady!
— Ogullarym! Siz Çagrydyr Togrul ýaly sahypkyran dälsiňiz, şonuň üçinem maksadyňyza ýetmegiňiz aňsat bolmaz. Iki sahypkyran doganyň aňsatlyk bilen ýetýän derejesine siz köp der döküp, köp pähim-parasat, yhlas, tilsim bilen ýetersiňiz. Sabyrlylyk atyňyz bolar...
Gutulmyşyň pikirini aňan ýaly, Arslan han pessaý gürledi:
— Gutulmyş, görýärsiňmi, biz häzir Ýedigen ýyldyzlar toparynyň arasynda ýatyrys. Demirgazykdan bäriligine — bize bakan gaýdýan ýyldyzlaryň öwüşginine üns berýärsiňmi?
Gutulmyş içki pikirini daşyna çykarmaga howlukdy:
— Belki, Zühal biz bilen söhbede çykar, baba?
— Men şu hakda aýtjak bolýaryn. Yhlas etsek, Zühalyň aýtjak pentlerini eşideris. Ünsüňi Zühala ber, aňyňda başga ýekeje-de gaçgak pikir bolmasyn.
— Öwredişiňiz ýaly ederin, babam!
Ataly-ogul nazarlaryny asmana — Zühal ýyldyzyna dikip, gozganman, doňan ýaly bolup ýatdylar.
Zühal ýyldyzy olaryň yhlasyny mizana salyp görmekçi bolýan dek, uzak garaşdyrdy. Uzak garaşdyryp, synap göwni ýeten bolarly, Zühal ýyldyzy kem-kemden herekete geldi. Ol tegelek, altynsow çörege meňzedi, soňundanam kem-kemden aýbogdaşyny gurap oturan peşeneli akyldara öwrüldi.
Ýok, ýok, ol akyldar garry däl. Ol edil Gutulmyşa meňzeýär. Dogumlydygy, batyrdygy, özüne göwnüniň ýetýändigi oturşyndan hem duýlup dur. Elinde şemşer bilen şeşper bar. Hakyt şeýle. Onuň şeşperli sag elinde ýene-de bir zad-a bar. Ony welin, ataly-ogul seljerip bilmedi. Olar muňa pisint edibem oturmady. Olar üçin iň möhümi Zühalyň «aýtjak sözleridi».
Akyldar göýä salamlaşýan ýaly çala baş atdy. Ataly-ogul pyşyrdap salam berdi.
Zühal «Näme islegiňiz bar?» diýen terzde ataly-ogla ýüzlendi.
Arslan han dillendi:
«Men özümi alada edemok, ýöne oglum Gutulmyşyň soltan bolmagyny senden soraýaryn. Garry Oguz hanyň hakyna, dana Salyr Gazanyň hakyna, babam Seljuk Dukakyň hakyna oglum Gutulmyşy patyşa eýlegil!».
«Sen menden kyn zady soraýarsyň. Men — Zülhal sahypkyran däl ahyryn».
«Dogry, sen sahypkyran däl, ýöne sen töwekgellik. Oguz diýmegem, töwekgellik diýmek ahyryn. Sen oguzy Derwezata patyşa eýle. Oglum Gutulmyş, goý, az wagtlyk hem bolsa şalygy dolandyrsyn. Soň, goý, ol şalygy özüniň islän seljugyna berse bersin».
«Sabyr soňy sap altyn». Zühal ýene adaty agraslygyny saklady. Ol sag elini ýokary göterdi. Ýokarsynda häliden bäri nämedigi anyk bolmadyk zadyny gapdalynda goýdy. Ataly-ogul ol zadyň nämedigini derrew bildi. Kinniwanja öwüşginli saýýara meňzeş ol zat — täç. Hakyt täç!
Zühal dana Ýedigen ýyldyzlar toparyna tarap elini salgady.
— Hana, Ýedigen ýyldyzlar topary köp sanly ýyldyzlar, saýýaralar bilen demirgazykdan günbatara sary uzap ýatyr. Häzir Zühal ýyldyzy Ýedigen ýyldyzlar toparyndan gündogarda.
— Aralykda on bäş-ýigrimi ýyldyz bar.
— Bu ýyldyzlar, megerem, köp sanly kynçylyklardan soň seniň maksadyňa ýetjekdigiňi alamatlandyrýar. Ýyldyzlaryň aralyklaryny görýärsiňmi, aralyga Akmaýanyň süýdi sepilipdir. Bu gowulygyň alamaty. Sen bir zady berk bil, biziň ikimiz hem Zühal ýyldyzynyň astynda doglan. Şonuň üçin hem biziň her bir işimiz köp-köp kynçylyk, köp-köp muşakgatlyk bilen amal alýar. Biz şuňa-da şükür etmelidiris. Biz özümizi — ýyldyzymyzy hergiz unutmaly däldiris. Bizde ýyldyzymyzy üýtgetmek nesibesi ýokdur.
Gutulmyş baş atdy.
Taryhy proza