23:55 Sahypkyran Gutulmyş beg -5/ romanyñ dowamy | |
Bäşinji bap
Taryhy proza
Ýörişiň ýigrimi ýedinji menzilinde agşam beýik dag geçelgesinde gijäni geçirmek kararyna gelindi. Ol ýerde teşnelige tap getirip bilmän seljukly tussaglaryň biri wepat boldy. Ýogalan kynyk ýigidini dag gerşinden aşak oklamaly diýip, goşunyň salary wisakbaşa42 perman berdi. Wepat eden tussagy zynjyrdan boşatdylar. Şol mahal süýnüp ýatan Arslan ýabgunyň ýanyna kelte boýly, deşlek, gaba peşli gulam geldi. Ol nämedir bir zady aýtmakçy boldy, ýöne özüne seredilmeginden heder edip, yzyna garaý-garaý gitdi. Arslan han ol kişini tanady. Ol wepat eden kynygy dagdan oklamak hakda salardan buýruk alan wisakbaşydy. Ol öz ýigitleri bilen ölen seljuklyny gandaldan boşadypdy. — Wisakbaşy bize nämedir bir zad-a aýtmakçy boldy, ýöne nämedir bir zatdan heder edip gitdi. — Aýtmak islän zady ownuk zat bolsa, onda gaýdyp gelmez, aýtmakçy zady peýdaly zat bolsa welin, onda ol iki daşyň arasynda bolsa-da geler. Hälki ýigit tolgunýar. Diýmek, ol bize möhüm bir habar aýtmakçy bolýar. Arslan hanyň çaky dogry çykdy. Wisakbaşy, megerem, garaňkynyň doly düşerine, köpleriň uklaryna garaşan bolarly, ol ähli kişi süýji uka batansoň, Daňýyldyzy dogansoň geldi. Arslan ýabgu ukusyna sakdy, ol oýaly-ukuly halda wisakbaşynyň gelerine hemem diýjek sözüne garaşdy. Wisakbaşy Arslan ýabgunyň ýanyna geldi-de, ýüzin süýnüp ýatdy. — Ukudamyň? — Biraz ukladym. — Ogluňa nebsim agyrýar. Ol entek ýaş, onuň bu dünýä gelip gören zadam ýokdur. Eger ogluňy azat etsem, näçe dinar berersiň?! — Näçe isleýärsiň? — Müň dinar! Arslan beg uzak oýlanmazdan jogap berdi: — Razy! Meniň adamlarym müň dinaryňy aýdan ýeriňe eltip bererler. Men saňa begzada sözüni berýärin. — Men Oguz beginiň ähtinden dänmeýändigini bilýärin. Herhal, ýalan sözlemejekdigiňize, beren sözüňizde durjakdygyňyza ant içiň! Ikiňizem ant içiň! Onsoňam men bu söwda dördünji adamyň goşulmagyny islemeýärin. Dinarlary meniň aýdan ýerime seniň ogluň elin eltip bersin. — Seniň diýeniň bolar. Arslan ýabgu bilen Gutulmyş eger wisakbaşy halas etse, müň dinar berjekdiklerine Gurhandan ant içdiler. Wisakbaşy dinarlary haýsy welaýata, haýsy oba eltmelidigini, kime elin tabşyrmalydygyny aýtdy. Wisakbaşynyň islegi boýunça Gutulmyş dinarlaryň eltilmeli ýerini we gowşurylmaly adamyň adyny ýedi gezek gaýtalamaly boldy. Şondan soň wisakbaşy turup gitdi. — Baba, bu töwekgellik amal tapar öýdýärsiňmi? — diýip, Gutulmyş kakasyndan sorady. Arslan beg ynamly gürledi: — Tapar, hökman tapar. Sebäbi biziň ikimizem Zühal ýyldyzynyň aşagynda dünýä inenler ahyryn! Zühal bolsa töwekgellik. — Dogry, Zühal — töwekgellik. — Oglum, hiç wagt töwekgellikden gorkmagyn. Biziň ykbalymyzyň, röwşenligimiziň gapysy töwekgellikdedir. Biz diňe töwekgelliklerde myradymyza ýetip bileris. Mümkin däl hasap edilýän zatlarda-da gaty ynamly hereket etgin. Töwekgellikli ýerlerde mydama saňa Zühal ýardama ýetişer. Şuny bütin ömrüňe ýatlagyn. «Her kim Alla töwekgellik etse, ol onuň üçin ýeterlikdir»43. Wisakbaşynyň gidenine köp wagt geçmänkä üç sany gulam gelip, Gutulmyşy gandallaryndan boşatdy. Oňa ölen kişi ýaly bolyp ýatmagy buýurdylar. Gutulmyş boýun sundy. Hoşlaşyk pursady Arslan ýabgu ogluna köp zatlary aýdasy, köp zatlary sargyt edesi geldi. Arman, wagt ýokdy. Gürlemegem hatarlydy: — Gutulmyş, Haktagalanyň emrinden çykyp bolmaýar, oňa kaýyl gelmeli. Meniň kysmatym keç gutaryşly boldy. Meniň dowamatym — sen. Men öz ýabgulygymy saňa geçirýärin. Sen kynyk jemagatyna ýabgulyk eýle. Haktagala saňa bäşinji güýçden44 kem etmändir. Hiç wagt lapykeçlik etmegin. Lapykeçden, gamgyndan gaçýandyrlar. Beg gaýduwsyz bolmalydyr. Herki töwekgelligiň seniň bagtyňa, ykbalyňa öwrüler... Sen Heýtelä git, jemagata eýe çyk, ol ýerde güýç ýygnap, Mahmydy tagtyndan düşür, özüň patyşa bol! — Baba, şu maksada özümi teý ynandyryp bilemok. — Özüňe, täleýiňe ynamyň ýoklugu — bu seniň iň ýowuz duşmanyň. Sen Mahmytdan öň içiňdäki şol ýöwsellik duşmanyňy öldür. Ynam — ýeňşiň gylla ýarysydyr. — Onuň gurnan zyýapaty, leşgeriniň köplügi meniň howumy basdy. — Soltan zyýapaty diňe bir maksat — biziň howumyzy basmak üçin eden bolmaly. — Sargydyňyz maksadym bolar, baba. — Sen Mahmydy gara güýç bilen däl-de, bäşinji güýç bilen ýeň, eşidýärmiň, bäşinji güýjüň bilen ýeň. Gara güýç bilen gazanylan ýeňişde lezzet-de bolýan däldir. Ony öz güýji bilen ýeň. Onuň gulamlaryny, serkerdelerini özüne garşy goý. Goý, onuň adamlary özüne musallat bolsun. Esasy ünsi aňtawçylar toparlaryna ber. — Babam, men galaýyn. Özüň gaç ýa-da ikimizem bile gaçaly. Wisakbaşa näçe dinar islese, tapyp bereris. — Sen wisakbaşynyň töwekgelligine dogry düşün. Ol meni halas edip bilmez. Eger men gaçsam, onda soltanyň bar goşuny meniň gözlegime çykar. Olar meni derrew taparlar. Olaryň bar ünsi mende. Şonuň üçin diňe seniň gaçmaga mümkinçiligiň bar. Sen göni öýe git. — Ýok, ýok, babam, men seni taşlap gidip bilmerin, muňa ynsabym çatanok. Men her edip-hesip edip, seni boşadaryn. Ynha, görersiň! — Aýralyksyz wysal ýokdur. Dagyň depesine göni çykyp bolmaýar, Gutulmyş. Onuň üçin ýagdaýa görä hereket etmeli. Beýige çykmak üçin käte aşak düşmeli, gapdala ýöremeli. Häzirki yza çekilmegiň — maksadyňa ýetmek üçin yza çekilmekdir. Biz Mahmydy ýeňeris. Ol begzada nesline gelişmeýän etmiş etdi. Ol bu etmişiniň jezasyny çekmeli bolar. Wisakbaşa beren wadamyzda durgun. — Ony oňararyn. — Sen oňararsyň. Meniň aýdan zatlarymyň ählisini oňararsyň. Meniň senden tamam uludyr. — Babam, meniň senden aýry düşesim gelenok. Meniň üçin iň esasy zat seniň ýanyňda bolmak. Men her hili sütemleri çekmäge kany. Meni senden aýyrmasalar bolýar. — Meniň aýdanlarymy et. Wah, men näme üçin şu güne çenli seniň etmeli işleriňi jikme-jik düşündirmedimkäm! — diýip, Arslan han hyrçyny dişledi. — Meniň ömrüm aýralykda, jebirde soňlanmaly. Bu maňa Taňrynyň ýazgydy. Bu maňa ýyldyzlaryň habary. Ýöne seniň ýazgydyňda tagt görünýär. Sen tagta ýetmäge ymtyl. Ýet! Ýazgydyňa ýetip bilmeseň, bu seniň nalajedeýin boldugyň. Bir ýerde durma. Men häzir aýdaýyn. Berk diňle, Nura baryp, haýdan-haý goşun jemle. Alyteginiň seniň bilen birleşäýmekden başga alajy ýokdur. Eger birleşmese, onda ony öz doganoglany Gadyr han öldürer. Onuň bilen birleşip, Gadyr hanyň üstüne gidiň. Gadyr hanyň serkerdelerinden Ykbal Taýmaz, Abdylla Seýit, Garadag dagy biz bilen gatnaşyklydyr. Olar siziň işiňizi ýeňilleşdirip berer. Ilkinji maksat Mawerennahry doly ele almakdyr. Garlyk türkmenlerinde adam köpdür. Sen olary ýeňşe ruhlandyrmagy başarsaň, ýüz müňden gowrak atly ýygnap bilersiň. Gadyr hanyň serkerdelerine nama göndereniňde Horezmine-de, Balkana-da, Ýazyr iline-de çapar gönder. Jibala gyzyl peýkam gönder. Magrypda meniň öz iberen ýörite beglerim bardyr. Olar on sany jemagatdyr: olaryň hersi bäş müň atlydyrlar. Goý, olar atlylarynyň sanyny on müňe ýetirip, Balkan taýdan Horasana tarap ýöriş etsinler. Hyratda jemlenişip, Gur ýoly bilen Gazna ugrasynlar. Sen olar bilen berk aragatnaşygy ýola goý. Bu zatlary Togrul takyk bilýändir. Ol saňa ähli jemagatlar bilen habarlaşmagyň ýollaryny aýdyp berer. Bu işi Togrula ynan. Balkandan geljek goşunlaryň başynda, goý, Gyzyl, Gökdaş, Buka dagy dursun. Olara islän sebitine patyşa boljakdyklaryny öňünden wada ber. Esgerlere oljanyň bäşden dört böleginiň beriljekdigini hem wada ber. «Oljadan hums45 alynjak däldir» diý. Magrypda uly güýjüň jemlenendigini bilse, garlyk türkmenleri has hyjuwlanarlar. Naýmanlara-da46 gyzyl peýkam gönder. Sebäp olar batyr söweşýärler, sen naýmanlardan on bäş-on alty müň atly ýygnap bilersiň. Olaryň serkerdesi özlerinden bolmasyn. Olara serkerdelik etmegi Mansura tabşyr. Analtigin elli müň atly jemlemäge söz beripdi, ýöne men gyssagarada naýmanlardan, ýaňy aýdyşym ýaly, on bäş-on alty müň atlydan köp ýygnap bolar öýdemok. Belki men ýalňyşýandyryn. Analtigin, belki, anyk ýagdaýa esaslanyp söz berendir. Meniň çakym nädogry bolup, Analtiginiň aýdany dogry bolsa, ondan näçe köp atly gelse, şonça gowy. Gaznada soltanyň ýanynda Ýagmyr gullukdadyr. Ýagmyr bilen Balhyň Gündogar bazarynyň dellaly Abunasyr Möwdud gatnaşyk saklaýandyr. Ýagmyra soltanyň serkerdelerini öz tarapymyza çekmekde hiç zat gysganmaly däldigini habar ýetir. Soltanyň gullugyndaky Muhsin bin Tak neressäniň bäş müň seljuklysy bilen gatnaşygy Musa beg alyp barýandyr. — Arslan han Horezmine, Balkana kimlere gyzyl peýkam göndermelidigini, garlyklaryň, deýlemlileriň47, gaznalylaryň arasynda öz fiskallarynyň, çawuşlarynyň kimlerdigini, olar bilen nädip habarlaşmalydygyny howlukmaçlyk bilen düşündirmäge durdy. Wisakbaşy birki gezek howlukmagyň zerurdygyny aýdyp gitdi. Arslan her gezek ýene bir dakyk wagtdan sargytlaryny aýdyp gutarýandygyny nygtady. Wisakbaşy garaşdy. Üçünji gezek gelende welin, mundan artyk garaşmagyň mümkin däldigini aýtdy. Arslan ýabgu Gutulmyşyň elini gysyp hoşlaşdy. Gutulmyş ýolda wisakbaşa ýalbardy: — Gaýrat edip, Arslan begi-de halas eýle. — Gepleme! — Eger babamy halas eýleseň, islän dinaryňy bereýin. Men babam üçin janymam gaýgyrjak däl! Isleseň, ant içeýin. — Ýene ýeke agyz sözleseň, yzymyza öwrüleris. Soň näçe ýalbarsaňam peýdasy bolmaz! Gepleme diýdim, gepleme. Ölüler gürlemeýär! — Onda olaryň nirä alnyp barylýandygyny bir aýt! — Kelejar galasyna. — Nirede ol?! — Hindistanda! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |