00:14 Sahypkyran Gutulmyş beg -6/ romanyñ dowamy | |
Altynjy bap
Taryhy proza
Arslan ýabgunyň ogly Gutulmyşa: «Biziň şowlulygymyzyň gapysy töwekgellikdir, çünki biziň ýyldyzymyz Zühaldyr, Allatagala ikimizi şol ýyldyzyň aşagynda dünýä inderendir»» diýen sözleri hak bolup çykdy. Hana, seljukly tussaglary soltanyň dört müň esgerli gorag goşuny günorta — Surh Külahan çöllügine sary alyp barýar. «Ölendigi» üçin ýere dulanan tussag bolsa, hana, olaryň yzyndan seredip dur. Gutulmyş ellerini, aýaklaryny barlady. Ol azat! Hakykatdan hem azat! Onuň ellerinde-de, aýaklarynda-da demir gandal ýok, boýunda-da demir zynjyr agram berip duranok. Adam bu dünýäde erkin ýaşamagyň nähili süýji, nähili hezil zatdygyny jebir-süteme sezewar bolandan soň bilýär. Ondan öň bu zatlar hakda ol oýlanmaýar hem. Ol bu hakdaky gürrüňi-de ýöntemlik hasaplaýar. Gutulmyş bu mahal azat bolmagyň nähili ýakymlydygyny kimdir birine aýdasy, düşündiresi geldi, ýöne onuň ýanynda hiç kim ýok. Ol tikenli böwürslenligiň içinde oturyp, günorta bakan ugran, barha daşlaşýan seljuklylaryň yzyndan düýrmegi bilen synlap otyrdy. Böwürslenleriň awuly tikenleri onuň endamyny, aýagyny gara gan edip awundyrypdy. Ýöne böwürslenleriň tikenleriniň awusy Gutulmyşyň ünsüni sowup bilenokdy. Seljuklylar, olaryň daşyndaky gorag goşuny gözden ýitdi. Birhaýukdan soň Gutulmyş böwürslenligiň içinden iki ýanyna garanjaklap çykdy. Töwerekde janly-jandar ýok. Ýeri, indi näme etmeli?! Gutulmyş bu sowalyna jogap tapmady. Asyl, jogap tapjak bolup hem durmady, insizje ýol bilen ýöräp ugrady. Uzynly gün ýöredi. Onuň egninde ýerligi ak mytgal matadan edilen balak bilen köýnek bardy. Aýagynda sary hokgasy bardy. Namazşam onuň öňünden üç sany pyýada çykdy. Olar Gutulmyşa gaty şübheli seretdiler, soňam onuň yzyna düşdüler. Gutulmyş bu üç kişiniň maksadyna düşündi. Şübheli adamy tutup, etrap şihnesine48 gowşursaň, belli bir möçberde pul töleýärdiler. Gutulmyş gaçdy, üç kişi kowdy. Adam-ebtatsyz ýerde Gutulmyş sakga saklandy, yzyna öwrüldi, juda bir kösenmezden üç kişini mugyra getirip, olaryň biriniň köýnegini, başga biriniň donuny, guşagyny, beýlekisiniň dyzdanyny aldy. Şeýdip, mazaly eşikli boldy. Hernäçe gynansa-da üç kişiniň ýanynda iýer ýaly hiç zat ýok eken, dinardyr dirhem-de ýok eken. Gutulmyş eşigini täzeläp, ýoluny dowam etdirdi. Üç kişi Gutulmyşdan öýkelän bolarly, nirädir bir ýerlere gidip, on töweregi atly bolup geldiler. Gutulmyş at aýaklarynyň dükürdisini eşidip, gizlendi. Garaňky düşüp ugransoň töwekgellik edip ýola çykmakdan saklandy. Gijesini tokaýlygyň içinde geçirdi. Daňdan ýoluny dowam etdirdi. Ol nirä barýandygyny-da bilenokdy. Oňa teselli berýän ýeke zat bardy, ol hem kakasynyň Zühal ýyldyzy, töwekgellik hakda aýdan sözleridi. Iň esasy zat, soltan zyndanyndan azat boldy. Azatlykda ol hökman maksadyna ýeter. Ýöne, ilki bilen, nirede hem bolsa, bir ýerde garbak-gurbak edinmeli. Giç öýlänler Gutulmyş Argandab derýasynyň kenaryna baryp aýak çekdi. Biraz demini dürsäp dyzdanyndan başga zatlaryny çykaryp, özüni derýa urdy. Akyp gelýän üç-dört ýogyn porrugy jemläp üstünde süýnüp ýatdy. «Näme etmeli?» diýip, Gutulmyş özüne, gör, näçinji gezek sowal berdi, ýöne bu sowallaryň ýekesine-de jogap tapyp bilenokdy. Onsoň, takdyryna ten berip, Allatagalanyň özüni duçar eýlejek indiki ahwalatyna garaşdy. Ýedinji bap — Eý, derýadan bir zat akyp gelýär! Öz-ä adam ol. — Dirimi? — Bilmedim-dä. Öz-ä porrugyň üstünde ol. — Diri bolaýmasyn?! Barlap görüň! Dört-bäş kişi Gutulmyşy kenara alyp çykdy. — Eý, bu görgüliniň endamyna seretseňizläň! — diýip, muzdarlaryň biri suwdan çykarylan Gutulmyşy synlap ör-gökden geldi. Gulamyň bu sözünden soň duranlar Gutulmyşyň daşyna egele bolup, ony haýpygelijilik bilen synladylar. — Eý, Hudaý, bu görgüliniň endamynda şiriň dyrnagynyň yzynyň galmadyk ýeri ýog-a. — Şir bilen ýekme-ýek garpyşan bolmaly! — Ýogsam näme! Şiriň dyrnaklarynyň yzy bular. Şiriň dyrnaklarynyň yzyna men belet. Meniň daýym hem şir awlan adam. Şonuňam çep elinde şiriň dyrnagynyň yzy bar. — Bu görgüliniň ähli ýerinde bar-a! Dogrudanam, Gutulmyşyň endamynda şiriň dyrnagynyň yzynyň galmadyk ýeri ýokdy. Aýratynam döşi, eginleri şir dyrnagynyň yzlaryndan ýaňa büdür-südürdi. Maňlaýynda bir, çep çekgesinde üç sany dyrnak yzy mesaňa bolup durdy. Çep gulagynyň üç ýerinde ýirik bardy. Gutulmyş muzdarlaryň özara gürrüňleriniň, geň galmalarynyň gutararyna garaşyp, ümsüm otyrdy. Ahyry gulamlaryň biri oňa ýüzlendi: — Şir bilen garpyşdyňmy? — Hawa, şir bilen garpyşdym. — Näme üçin? — At almak üçin. Oguz resimine görä, ady hünär görkezip almaly. — Dogry şol, menem eşitdim. Meniň daýym gürrüň beripdi: oguzlar musulman atlaryny at hasap etmeýärmişler, olaryň ogullary ýigit çykyp, hünär görkezip at alýarmyşlar. — diýip, çaga sesli tos-togalak gara gulam aýtdy. Gutulmyş begiň daşyny gallap duran muzdarlaryň ekabyrragy, murtlak kişi tos-togalak gara gulamyň sözüne pisint etmän sorady: — Kim sen? Adyň näme? Gutulmyş özüniň hakyky adyny aýtmakdan saklanyp: — Dawut — diýip jogap berdi. — Hany egin-eşigiň? Gutulmyş olara näme jogap berjegini bilmän, Beýik Perwerdigärden medet diledi. Megerem, Allatagala ýardam eýledi: gulamlar onuň bermeli jogabyny ýeňilleşdirdiler. — Näme, seniň eşikleriňi basyp aldylarmy? Gutulmyş baş atdy. — Saňa alamanlar duşdumy? Gutulmyş ýene baş atdy. — Egin-eşigiňden başga nämäňi aldylar? Hemme zadyňy aldylarmy? — Hawa, hemme zadymy aldylar. — Sen söwdagärmi? — Garamaýak däldigi ýüzündenem görnüp dur-a — diýip, muzdarlaryň söwedeni Gutulmyşy nebsagyryjylyk bilen synlady. — Nireden gelýärdiň? Gutulmyş dymdy. — Hindistandanmy? Gutulmyş baş atdy. — Özüň nireden? Balhdanmy ýa Merwdenmi? — Jürjaniýadanmy? Gutulmyş baş atdy. — Näme sorasaň «hawa» diýip, baş atyp dursuň? Nireden sen? Balhdanmy? Ýa Merwdenmi? — Jürjaniýadan. — Hä, Jürjaniýadanmy? Meniň daýym Jürjaniýada iki gezek bolupdyr — diýip, çaga sesli, tos-togalak gara muzdar aýtdy. Ol ýene-de bir zatlar aýtjakdy, ýöne ondan öň murtlak kişi Gutulmyşa ýüzlendi: — Jürjaniýa-da soltan Mahmyt Gaznalynyň tabynlygyndamy? — Ýok, Jürjaniýanyň soltany Mamun diýip biri bolmaly. — Jürjaniýada kimiň soltandygyny bu ýalaňaç söwdagär bilýändir — diýip, söweden gulam Gutulmyşa seretdi. — Horezminiň soltany soltan Mahmyt Gaznaly. Ol mundan bäş ýyl öň Abulapbas Mamun ibn Mamuny öldürdi — diýip, Gutulmyş jogap berdi. — Soň soltan Mahmyt Gaznaly Jürjaniýaga öz gapydany49 Altyndaşy oturtdy. — Hakyt öz gapydanynymy? — Hawa, hakyt öz gapydanyny. — Bä, o kişiniň-ä bagty daş ýarypdyr. Illeriňk-ä şeýdip çüwýär ötägidýär. Biziň başymyz welin, syrtyny ýerden götermedi. — Soltan Mahmyt Gaznaly Mamuny öldüren däldir, öldüren bolsa, biz eşiderdik — diýip, girdenek gulam bilimsiredi. — Wah, Sadyk, sen öz Mukur şäherimizde bolýan zatlary bileňok. Onsoň Horezminde bolýan zatlary nädip biljek?! — Men Ýemineddöwläniň Abulapbas Mamuna öz uýasyny durmuşa çykarandygyny bilýärin. Onsoň ol ony öldürmez-ä! Gulamlar soragly nazarlaryny Gutulmyşa dikdiler. Eý, Hudaý, gör, ýönekeýje zatlar bilenem syryňy açjak bolup durlar. Rast, özüňi Jürjaniýadan diýip görkezdiň. Ýemineddöwläniň Mamuny näme üçin öldürendiginiň sebäbini aýdyp ber. Özem ynandyr. Ýogsam saňa ynanjak, ölmezödi tötek berjek adam ýok. — Onuň köplerden gizlin saklanan sebäbi bar — diýip, Gutulmyş sözüne biraz dyngy berip, muzdaelary gyzyklandyrmak isledi. — Ýemineddöwle Mamuna nama ýollap, Horezminiň münberlerinde öz adyna hutba50 okalmagyny tabşyrdy. Mamun bu talaby kabul etdi, döwlet emirlerini çagyryp, bu hakda olary habardar etdi. Emma emirler Emineddöwläniň adyna hutba okalmagyny islemediler, muňa çürt-kesik garşy çykdylar. Eger Mamun münberlerde Ýemineddöwläniň adyna hutba okadaýsa, onda ony öldürjekdiklerini ýaňzytdylar. Mamunyň ölesi gelmedi. Öz emirleriniň göwni üçin Soltana garşy çykdy. Ýemineddöwläniň öz garşysyna çykan adamy halamaýandygyny bolsa, siziň azda-kände bilýän bolmagyňyz mümkin. — Nä gümansyradýarsyň, ony biçak gowy bilýäris — diýip, girdenek kişi arkan gaýyşdy. — Elbetde, garşysyna çykylsa soltan halamaz — diýip, çaga sesli, tos-togalak gara muzdar joşgunly gürledi. — Daýym: «Gaharly soltanyň öňünde durandan aç ýolbarsyň öňünde duranyň gowy» diýýär. — Wah, daýyňa döneýin seniň. Olaryň ikisiniň garşysynda durmakdanam Taňrynyň özi saklasyn. — E-eý, mejlis geçirýärsiňizmi? Ümürsin bagyň içinden çykan bu sowal gulamlaryň ählisini howsala saldy. Gutulmyş ses çykan tarapa nazar aýlady. Görse, bagyň aşagyndaky goýry kölegede uly desserhan ýazylypdyr. Onuň başynda üç kişi ýazylyp-ýaýrap otyr. Oturanlaryň ählisiniň nazary Argandabyň kenaryna, Gutulmyşyň oturan ýerine gönügipdir. — Kim bar? — diýip, meýlisiň kethudasy mapraç kişi garysyna çala galyp gygyrdy. Girdenek gulam duranlardan birki ädim öňe ýöredi: — Merhemetli tagsyrym, Horezminden bir täjir akyp geldi. — Ähli zatlaryny bäri getiriň. Sekizinji bap Desserhanyň başyndakylar iýip-içip göwnühoşlukda otyrdylar. Uludan ýazylan, üsti her dürli naz-nygmatlardan doly desserhanyň başyndaky pygamber ýaşyna ýakynlan, deşli, mapraç, ýüzi nurana kişiniň bihal adam däldigini ýazylyp-ýaýrap oturyşyndan aňmak kyn däldi. Sakgal-murty çalaran bu epeý kişiniň bürgüdiň çüňki deýin egrelip duran ullakan burny, balkyldap duran mähirli gözleri, ýylgyrşa ram eden uly agzy: «Bu hoşgylaw kişidir» diýen duýgyny döredýärdi. Mapraç kişiniň ýanynda oturanlar hem ýaşlary durugşan adamlardy, heserdeşdiler. Çep tarapda oturan kişi-de pälwansypat, kişidi. Durşuna dogumdy, hajyrowdy, gujurlydy, ýüzi agyrdy. At ýüzlüdi. Kiçijik gözleri gaty içdedi. Göýä ol gözler çuň guýynyň içinde ýalydy. Şeýle-de bolsa, ol gözler gaty ýitidi. Mapraç kişiniň sagynda otyran kişi welin, kelte boýludy, ini-boýy tas des-deňdi. Ol içimtap görünýärdi. Ýanynda oturanlar bilisigelijilik etselerem, ol Gutulmyşa gözüniň gyýtagyny çala aýlap, öňündäki kakmaçdan çümhöreklik bilen iýmesini dowam etdirdi. — Bu kişi horezminli täjir, merhemetli tagsyrym. — Muny bu ýere haýsy tüweleý düşüripdir? — diýip, mapraç tagsyr sorady. — Bu kişini talapdyrlar, merhemetli tagsyrym. — Kim talapdyr? — Talanlaryň kimlerdigini bilenok ol, merhemetli tagsyrym. — Wanaly alamanlaryň işidir bu — diýip, maprajyň sagyndaky hajyraw tagsyr ah urdy. — Bizem şeýle pikir etdik — diýip, girdenek muzdar tagsyry goldady. — Nirede taladylar? — Bu kişi bu ýerlere belet däl, merhemetli tagsyrym. Onuň bu ýerlere ilkinji gezek gelşi. Ol hiç bir ýeri, hiç kimsäni tananok. Biz sorap bu kişiden käbir zatlary: aslynyň jürjaniýaly täjirdigini, Hindistandan gelýändigini, ýolda talanandygyny, alamanlaryň elinden hazzar sypyp gaçandygyny, soňam özüni öldürmek üçin derýa oklandygyny anykladyk. Görgüli ähli zady talanansoň halys ruhdan düşüpdir, ysgyn-deramatdan aýrylypdyr. Hazzar gürleýär — diýip, murtlak muzdar bir Gutulmyşa, birem oturanlara seredip gürledi. Soňam Gutulmyşa ýüzlendi: — Eý, täjir, näçe wagtlap ýörediň? — Bir günläp gaçdym. — Tagsyr, bu kişi: «Bir günläp ýöredim» diýýär. Bir günläp gaçypdyr. Diýmek, Argandabyň günbatar geçelgesinden uzak bolmaly däl. — Hawa, Argandabyň günbatar geçelgesinden uzakda däl. — Gutulmyş dillendi. — Näçe düýe ýüküň bardy? Bu sowal Gutulmyş üçin garaşylmadyk sowal boldy, şeýle-de bolsa ol hiç hili oýlanman jogap berdi: — Ýüz elli. — Ýüz elli?! — Mapraç tagsyryň sagynda oturan kişi gözlerini tegeläp Gutulmyşa seretdi. — Ýüz elli düýe ýük diňe seniňkidimi ýa başga-da söwdagär bardymy? — Ýeke meniňkidi. Muzdarlarymy-da öldürdiler. Menem öldürjekdiler, ýöne men ähli zadymy taşlap gaçdym. Mapraç tagsyr sagyndaky güpjege tirsek urdy: — Näme etsem diýýärsiň? — Wa-hasrat-a, tagsyr, men-ä näme etjegimi bilmeýärin. Horezmine gidere ýüzüm-harjym ýok meniň. — Indi Horezmine nädip gitjek? Gutulmyş sadalyga saldy: — Beýik Subhandan bir döwletment, Hudaýly häkime duşurmagyny dileg edýärin. — Näme üçin? — Eger gowy häkime duşsam, ol meniň düşen kysmatyma düşüner, gullugynda durmaga, ak ýürekden hyzmat etmegime, ýol harjy edinmegime şert döredip berer. Men hiç bir zady ýüksünmän gije-gündiz işlärin. Şeýdibem ýol harjyny edinerin, soň ýola düşerin, nesip bolsa. Hernäçe ajy, hernäçe agyr bolsa-da, men häzirlikçe başga çykalga görmeýärin. Mapraç tagsyryň sag gapdalynda häliden bäri sesini çykarman elindäki narynç kakmajy gemrip outran garaýagyz, agras kişi sorag berdi: — Näme iş başarýarsyň? — Hemme zadam başarýaryn. — Söwda-satyk — hemme zat däl, beg ýigit. — Men söwdanyň gürrüňini edemok. — Anyk aýt, näme başarýarsyň? — Çagalaryňyza, agtyklaryňyza atabeglik edip bilejk. — Be, arap dilini-de bilýärsiňmi? — Bilýärin. — Parsça gepleýşi-hä hiç neneň däl — diýip, äwmezek tagsyr mapraç tagsyra ýüzlendi. — Ähli zady başarýan diýib-ä gatyrak gitdi. — «Men-men» diýmese ondan türkmen bolmaz — diýip, hajyrow tagsyr içýakgynç güldi. — Indi rugsat berseňiz, käbir başarnygymy men görkezäýeýin? — Görkez, görkez!.. Gutulmyş oturanlaryň ýanyna keremara ýöräp bardy. Mapraç tagsyryň gapdalyna baryp dyzyny epdi. — Merhemetli tagsyr, siz süňksüz gowy adam, ynsanperwer, göwnaçyk, duýguçyl adam, ýöne siz özüňiz, aýratyn hem saglygyňyz babatda geleňsiz. Siz häkim ýaly ähli kişiniň aladasyny edýärsiňiz, öz aladaňyzy welin etmeýärsiňiz. — Eý bilgiç, sen nä häkime «häkim ýaly» diýýärsiň? — diýip, hajyrow tagsyr şelaýyn ýylgyrdy. Gutulmyş bu ýaňsyny pitiwa alman sözüni dowam etdi: — Siziň saglygyňyzda hylt bar. Siziň süňňüňiz agyr bolmaly. Ertir turanyňyzda-da süňňüňizde ýeňillik ýokdur. Özüňize jebir edip turýarsyňyz. Käte başyňyz aýlanýan bolmaly. Işdäňiz ýokdur. Hiç zat iýesiňiz gelýän däldir. Kellagyry aýrylýan däldir. — Dogry. Bu zatlary saňa kim aýtdy? — Käteler ýüregiňiz jyzlap agyrýandyr. Iýenleriňiz oňly siňýän däldir. — Dur, dur, sen meniň dertlerimi bildiň, belki, sen onuň emini-de bilýänsiň?! — Bilýärin, tagsyr, bilýärin. Men sizi edil şu oturan ýeriňizde-de bejerip biljek, ýöne... — Ýönäň näme? — Ýöne size emi agşam, ýatjak wagtyňyz etsem gowy bolar. — Näme üçin? — Rahat ýatarsyňyz. Ertir turanyňyzda bolsa emiň täsirini açyk duýarsyňyz. Häkim töweregine garanjaklady: — Täjire hyzmat ediň! Hajyrow tagsyr Gutulmyşa gözlerini güldürip, kinaýaly sowal berdi: — Başga näme başarýarsyň? — Men ähli başarýan zadymy aýtmaýyn. Eger aýtsam, onda öwünen ýaly bolup görnerin. — Sen ajygansyň, arkaýyn naharlan — diýip, häkim öz öňündäki kakmaçlary Gutulmyşyň öňünde goýdy. Bir jama şerap guýup berdi. Gutulmyş açdy, juda açdy. Ol köp wagt bäri şeýle tagamyň öňünde oturybam görmändi. Ýöne ol edep saklady: — Taňryýalkasyn, men iýmäýin. Siz arkaýyn naharlanyberiň. — Biz häliden bäri naharlanyp otyrys. Hany, çekinme-de arkaýyn aňryňa il gondur. — Ýok, ýok, sag boluň, maňa hiç zat gerek däl. — Näme bir ýerden garnyňy doýrup geldiňmi? — diýip, hajyrow tagsyr sorady. — Ýok, naharlanyb-a gelemok. — Onda näme, iýiber-dä! — Taňryýalkasyn! — Sen nähili adam? Şunuň ýaly gowy kakmajy iýjek däl diýip otyrsyň. Men-ä dokam bolsam, munuň ýaly kakmajy görüp, iýmän oturyp biljek däl. Häkim Dawuda ýüzlendi: — Soňky gezek haçan naharlandyň? Dawut birbada haçan naharlanandygyny-da ýadyna salyp bilmedi. Öňňin agşam oňa bir kesemen tötek bilen bir jam suw beripdiler. Ol hakykaty nähili aýtjagyny bilmän biraz dymdy. Häkim ikinji sowalyny berdi: — Şu gün bir zat iýdiňmi? — Ýok. — Men seniň açdygyňy görüp durun-a. Iý, ýogsa-da näme üçin iýjek däldigiň sebäbini düşündir. — Merhemetli häkim, men size hakykaty aýdaýyn. Siz dogry aýtdyňyz, men aç. Iki gün bäri hiç zat iýemok, diňe suw içip teşneligimi gandyrdym. Iýesim gelýär, ýöne bu gün çarşenbe. Men ýedi ýaşymdan bäri pederlerimiň pendini tutup, her hepdäniň duşenbe hem çarşenbe günleri agyz bekläp gelýärin. Hernäçe aç hem bolsam, şu güne çenli sünnet eden kadamy bozmaýyn. Ertir iýerin, nesip bolsa. Ertire çenli hiç zat bolmaz. — Öz göwnüňe makulyny et — diýip, häkim elindäki kakmajy saçakda goýdy. — Oraza tutmagyň garamaýagyň çagasy däldigiňden alamat berýär, ýöne ýüzüňdäki yzlary nämä ýorjagymy bilmeýärin. — Şir bilen garpyşypdyr, hawa, hawa, şir bilen garpyşypdyr. Meniň daýymam şir hakda aýtdy — diýip, tos-togalak gara muzdar howlukmaç aýtdy. — Daýyňa döneýin seniň! — diýip, hajyrow tagsyr gaharly aýtdy. — Bar, öz işiň bilen bol. Maňa seniň akylyň gerek däl… Dokuzynjy bap Kyrk müňden gowrak ýaşaýjysy bolan Mukur şäheri özüniň bazarlary bilen meşhurdy. Şäheriň çar bazaryna ýedi yklymyň ähli künjeginden kerwenler gelýärdi. Şeýle bolansoň, bu bazarda gije-gündiz söwda edilýärdi. Bazarlarda tertip-düzgüniň, adalatyň saklanmagy üçin muhtasyp51 gije-gündiz aladalanmaly bolýardy. Şäheriň hem bazarlaryň tertip-düzgünini saklamak üçin muhtasyba nöker köp gerek bolýardy. Aslynda muhtasyp şihnäniň tabynlygyndady, ýöne ol şäher häkimi bilen gowy alakaly bolansoň, şihnä o diýen pisint etmeýärdi, özüni özbaşdak, erkin, häkimiň naýyby kimin alyp barýardy. Şihne onuň bu bolşuny duýmadykdan bolýardy. Muhtasyp şäherde gaty tanymal adamdy. Ondan heder etmeýän ýeke adam hem ýokdy. Il arasynda gürrüň edilende: «Ýagyň muhtasyp bolmasyn!» diýilýärdi. Muhtasyp garşysyna çykan, aýdanyny etmedik adamy görene göz edip gylyçdan geçirýärdi. Şäherde häkimden gorkmaýardylar, muhtasypdan welin, gorkýardylar. «Muhtasyp bir zat diýse, oňa häkim hem ýok diýip bilmeýärmiş» diýen gürrüň ýörgünlidi. Mukurlylar şihneden ýa kazydan däl-de, muhtasypdan gorkýardylar. Mukurda «Üçler» diýen düşünje bardy. Üçler diýlende şäheriň häkimi, muhtasyp, şäher gaznasynyň sahyby göz öňünde tutulýardy. Bu üç kişiniň ýegana dostdugyny ähli mukurly bilýärdi. Bu üç kişi her gün bile naharlanýarlar, bile dynç alýarlar. Bu üç kişiniň hataryna goşulmak isleýänler kändi. Ilki bilen, şäheriň kazysy bu üçlüge girmek isleýärdi. Ýöne şäherde kazy uzak durmaýardy. Ol ýa ölýärdi, ýa işden kowulýardy. Elbetde, bu üçlüge, ilki bilen, şihne giräýmeli ýaly, ýöne ol bu üçlüge girizilenokdy. Onuň birnäçe sebäbi bardy. Birinji sebäbi aşa işeňňirligidi, ol işine düýrmegi bilen berlendi. Dogrusy, häkim ýa sahyp bilen oturyp-turuşmaga, meýlisde oturmaga onda wagtam ýokdy. Ol aşa galjaňdy. Aňynda etrabyň asudalygyny, tertip-düzgünini üpjün etmekden başga zat ýokdy. Özem aşa kanunçyldy, häkimden özge kişiniň aýdanyny etmeýärdi, rişwet52 almaýardy. Şeýle bolansoň, şäher emeldarlarynyň arasynda iň eli ýukasy şihnedi. Ol häkime wepalydy. Häkim bilen tiredeşdi, daşgynrak garyndaşdy hem. Ýöne olar daşkynrak garyndaşlygy, tiredeşligi üçin däl, jynlarynyň jyňkyryşýanlygy sebäpli ýeg razdardylar. Kazy şihnäniň çöwre ýüzüdi: meýlisdir-şöwketi, ýazylyp-ýaýrap oturmagy gowy görýärdi. Onuň bir üýtgedip bolmaýan häsiýeti burnuna barmagyny sokup dörjelemegi gowy görmegidi. Häkim onuň bu häsiýetini halamaýardy, bu hakda oňa ençeme gezek nägilelik hem bildiripdi. Barybir, sähel mümkinçilik dörese, eli burnuna bakan uzaberýärdi. Rişwet-peşgeş almagy gowy görýärdi. Gürlände welin, özüni dünýäde ýeke-täk adalatly kazy ýaly edip görkezmäge çalyşýardy. Onuň gürrüňini diňleseň, Süleýman pygamberem bu kazynyň pähim-parasadynyň, adalatlylygynyň öňünde dyza çöküp, öz ornuny oňa berip bu dünýäden hoşlaşaýan ýalydy. Ýaşy bir çene baran, durşuna süňk bolup duran sahyp bu oturanlaryň hiç birine-de meňzemeýärdi. Ol baryp ýatan gybatkeşdi, hatynlary omma oturdyp bilýän gybatkeşdi. Özem ellerini-gözlerini hereketlendirip şeýle bir gybat edýärdi, diňledigiňçe diňläsiň gelýärdi. Onuň edýän gürrüňleri biçak täsirlidi. Dogrusy, ol ýönekeýje zatlaram gyzykly, täsin edip gürrüň bermegi başarýardy. Muhtasyp haýbatlydy. Çep çekgesiniň üstünde peşehordanyň yzy mesaňa bildirýärdi. Agrasdy. Dogumlydy. Ýeksyrundy, çümhörekdi, hiç bir zada göwni ýetenokdy, oňa ýaranmak güzapdy. Ol herki zada tumşugyny ýygryp, göwnüýetmezçilik bilen serederdi. Gedemdi. Onuň häkime-de göwni ýetip baranokdy, ýöne wezipesiniň hatyrasyna oňa zoraýakdan boýun egerdi. Başga alajy ýokdy. Ýerini eýelemek maksady bilen oňa iki gezek hyýanat edipdi. Iki gezegem özi agyr güne düşüpdi, tas aýby açylyp, it masgarasy bolupdy. It masgarasy bolmazlyk üçin dünýäniň çykdajysyny etmäge mejbur bolupdy. Üçünji gezek hyýanat etmäge bolsa onuň bogny ysanokdy, kysmatyna kaýyl gelip, işläp ýördi. Ol häkimiň razylygy bilen Gutulmyşy öz ýanyna din işleri boýunça maslahatçy edip işe aldy. Diňe bir maslahatçy däl, ol muhtasybyň ogluna atabeglik hem etmelidi. Ýöne bu ýerde oňa Dawut diýip däl-de, «Horezminli», «ulama» diýip ýüzlendiler. Gutulmyş özüniň şeýle atlandyrylmagyny bähbide ýordy. Ol öz öňünde anyk maksat goýdy: wagtlaýynça hiç hili töwekgellik etmeli däl, diňe şäheri, adamlary öwrenmeli, nämeleri edip boljakdygyny anyklamaly. Gutulmyş şeýle-de etdi: muhtasybyň her bir tabşyrygyny dessine ýerine ýetirmäge çalyşdy. Muhtasyp tütjar baý eken. Ol bazardaky söwdagärlerden gorkuzyp köp möçberde salgyt, rişwet alýan eken, özem alýan rişwetlerini, köplenç, häkime bermeli diýip alýan eken. Gutulmyş hak-heşdegiň gürrüňini etmeýärdi. Bu muhtasybyň biçak hoşuna geldi. Şonuň üçinem oňa janyny ynanyp ugrady: başda alýan rişwetlerini ýaşyrsa-da, soňundan oňa doly ynandy. Ol diňe bir alýan rişwetleriniň hasabyna ýaşamaýan eken, şäherde onuň dükanlary hem kän eken, asyl şäherdäki dört bazaryň biri muhtasybyňky eken. Olardan gazanýan girdejisi-de gowudy. Şäherde iň köp gazanç edýän, iň baý — muhtasypdy. Şäheriň ikinji baýy şäheriň gaznasynyň sahybydy. Onuň şäherdäki dükanlary muhtasybyňkydan iki esse diýen ýaly artykdy. Ýöne muhtasyp her hili ýollar bilen ony ütýärdi. Häkim baýlyk diýip hars urýanlardan däldi. Ol agyr-agyr meýlisleri, aýdym-sazy ähli zatdan ýokarda goýýardy. Asyl öz baýlygynyň takyk sanyny-da bilenokdy. Muhtasyp häkimiň bu häsiýetinden peýdalanýardy. Ol her hepdede häkime köp mukdarda rişwet getirip berýärdi, ýöne onuň getirip berýän dinarlary, köplenç, sandykdan ogurlanýardy. Häkimiň öýündäki sandykdan ogurlygyň edilýändigi geňdi. Muňa şihne geň galýardy. Muňa kazy geň galýardy. Muňa muhtasyp geň galýardy. Muňa häkimiň ýalňyz gyzy Şaho geň galýardy. Muňa häkim geň galan bolýardy. Öýde häkimiň gyzyndan, sakçylardan başga hiç kimse ýok. Onda kim ogurlyk edip biler? Häkimiň öýüni ýigrimi sany sakçy goraýar ahyryn! Belki, sakçylaryň içinde ogry bardyr? Ýok, sakçylar ogurlyk etmez. Häkimiň öýünden ogurlyk etmek üçin atyň kellesi ýaly ýürek gerek. Şeýle ýürek şäherde diňe muhtasypda bar. Görlüp oturylsa, ogurlygy kimiň edýändigini häkim bilýän eken. Muhtasyp-da bilýän eken. Şihne bilen kazy bilmeýän eken. Görlüp oturylsa, ogurlygyň döremegine şert döredenem hakyt häkimiň özi eken. Häkim giň howluda on alty ýaşly Şaho atly gyzy bilen ýaşaýardy. Şaho edil kakasyna meňzäp duran boldumsak, mapraç gyzdy. Ol ýaşyndan uly görünýärdi. Häkim ýalňyz gyzyny aşa gowy görýärdi, ony lälik saklaýardy, hiç wagt gyzynyň garşysyna gitmeýärdi. Gyzy näme islese, alyp berýärdi. Şaho her şenbe güni bazara gidip, göwnüniň küýsän zadyny alyp, mas ýüklenip gelerdi. Häkim ogrynyň kimdigini takyk bilse-de, ýegre dostlarynyň — şäher gaznasynyň sahybynyň hemem muhtasybyň ýanynda gyzy Şaho köp pul sowurýandygy, köplenç, gerekmejek zatlary alýandygy üçin käýän bolardy. Şaho kakasynyň käýinjinden soň aglamak aglardy. Soň ony köşeşdirmek görgüdi. Häkimiň dostlary sahyp bilen muhtasyp Şahony köşeşdirmek üçin ber-başagaý bolardylar. Sahyb-a çaň çalardy, muhtasyp bolsa aýdym aýdardy. Muhtasybyň zorruk sesi bardy. Ol zorruk sesiň aýdym aýtmazlygy üçin Şaho aglamasyny goýardy: — Mady (muhtasybyň ady) daýy, biziň öýümizden ogurlyk edýän ogryny tutup beräýiň-dä! — Hökman tutaryn, hökman! Ogry tutmakda meniň şihneden ökdedigimi sen bilýärsiň-ä! — Bilýärin. Mady daýy, ogryny tutup, jezalandyrmak üçin maňa bergin. — Sen jezalandyrjakmy? — Hawa, men jezalandyrjak. Şol ogrudan ýaňa janym ýanyp dur meniň. Sebäp şol ogry sebäpli babam meni juda köp aglatdy, köp gezek meniň göwnüme degdi. — Nädip jezalandyrjak sen ony? — Tä ölýänçä ýüzüne dinar bilen urjak. — Be, üýtgeşik jezaň bar eken. Bu tomaşany görmegiň hatyrasyna men saňa ogryny hökman tapyp bererin. Bu işi şihne oňarmaz. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |