Onunjy bap
Gutulmyşyň başarnygy terezä salyndy: onuň güýjüni, gylyçlaşyşyny barlap gördüler, ony alty gulamyň garşysyna çykardylar. Gutulmyş sähel salymda alty sany men diýen gulamyň çamalagyny çaşyrdy. Onuň çalasyn hereketine, alty gulamy bir ýüpe düzüşine aňkarylyp seretdiler. Onuň aşa sowatlylygy mukurlylary ähli zatdan beter haýran galdyrdy.
Madynyň on gyzyň içinde ýaňy alty ýaşan Zehebi atly bir akyllyja ogly bardy. Gutulmyşyň esasy etmeli işi Zehebä atalyk sapagyny bermekdi.
Ýöne Gutulmyşda oglanjyk bilen duşuşmaga, oňa bilim-terbiýe bermäge asyl wagt bolmaýardy. Ol oglanjyk bilen ýaňy bir sapaga başlaýar welin, Madynyň muzdarlarynyň birisi ylgap geler:
— Sizi tagsyr çagyrýar!
Mady ogluna bilim-ylym öwredilmegini isleýärdi, ýöne baýlyk toplamak maksady bilen edýän işleri başky pikirinden, köplenç, rüstem gelýärdi. Ol ýanynda mydama Gutulmyşyň bolmagyny isleýärdi. Sebäbi ýanynda bu batyr, güýçli kişi bolsa, işleri mydama küşatdy. Gutulmyşyň güýçlüdigine, garadangaýtmaz batyrdygyna, göreşmäge, ýumruklaşmaga, gylyçlaşmaga aşa ökdedigine göz ýetiren muhtasyp Mady ony bir aýdan soň-a asyl ýanyndan aýyrmady. Nirä barsa, onuň bilen bile bardy. Gutulmyş käbir gerek ýerinde muhtasybyň aýdanyny etmedik kişiniň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da, ýokary göterdi, daşyndan bäş-alty gezek wazyrdadyp aýlap, honda zyňyp goýberdi. Dawudyň (Gutulmyşyň) ýanynda adamlaryň agramy ýok ýalydy, ol eline ilen kişini emgenmän depesinde pyrlandyryp ýördi.
Gutulmyşyň hasaby içindedi: köplenç, bazardakylaryň hoşuna geljek işi edýärdi, köpleriň halamaýan adamlaryna ýowuz çemeleşýärdi. Şeýle bolansoň, mukurlylar Gutulmyşy özlerine halasgär saýyp ugradylar.
Aý-gün geçip durdy.
Gutulmyş gije-gündiz muhtasybyň hyzmatyndady. Özüne asla gara şaýy edinjek bolmaýardy. Gaýtam, bir zat tapsa-da Mada gowşurýardy. Mady birki aýdan soň käbir kişiden ýygnalmaly salgytlary, tölegleri, rişwetleri ýygnap gelmegi-de oňa ynandy. Ynansa-da ätiýajy elden bermedi: Gutulmyşa duýdurman müşderilerden näçe salgyt, näçe rişwet ýygnandygyny sorap çykdy. Şonda ol her gezek Gutulmyşyň özüne bir hepbe-de53 almandygyny anyklap, haýran galdy. Gutulmyşyň şeýle arassa, şeýle çyny bilen işlemegi, ikilik etmeýänligi muhtasyby biçak geň galdyrdy. Sebäp ol şu güne çenli Gutulmyş pisint adam görmändi. Madynyň berk ynanjy bardy: her kim öz bähbidini bilmeli. Öz bähbidini bilmeýän adam samsyk adamdyr. Göräýmäge, Gutulmyş samsyk hem däldi. Onda näme üçin ol öz bähbidini bilenok?! Beýle kişi nädip bezirgenlik etdikä?! Bu kişide jinnek ýaly-da täjirçilik alamaty ýok. Ol şeýle bir halal, takwa. Şol bir wagtyň özünde-de sahybyna aşa wepaly. Birini urmaly diýse, ol oýlanmazdan urulmaly kişiniň üstüne topulýar. Şeýle bolansoň, Mady Gutulmyşa imrindi. Ony özüniň jandary, nedimi hasaplady. Köp zatlary onuň bilen maslahatlaşyp ugrady.
Göräýmäge, ähli zat gülala-güllükdi. Şäherlilerde wanaly garakçylar hakda gorky bolsa-da, şäherde ýaşaýyş parahatdy, asudalykdy.
Gutulmyş gijelerine ömrüniň ikinji müçesini ýatlaýardy. Ikinji müçe barada onuň öz pelsepesi bardy. Ol adam ömrüniň ikinji müçesini hakyky ömür, galan müçeleri adaty ömür atlandyrýardy. Adam bu müçede yşk oduna tutaşýar. Şu müçede maksadyna ýetýär. Şondan soň adamyň adaty durmuşy başlanýar.
Gutulmyş ikinji müçä — on üç ýaşa gadam basyp, yşka uçrapdy. Ol gyz Gökdaş begiň gyzy Sünbüledi. Ol gyza gowuşmaryn öýdüp asyl pikir etmändi, çünki onuň maksadyna ýetmegine garşy kişi ýokdy. Gyzyň ata-enesi-de razydy. Göräýmägä, Gutulmyşyň Sünbüle bilen durmuş gurmagyna päsgel berýän zat ýokdy.
Ýöne bolmajak bolsa bolmaz eken. Buharadan garahan türkmenleriniň patyşasy Alpteginiň weziri Bahadur han geldi. Ony arzylap myhman aldylar. Ol tötänlikde Sünbüläni gördi, göwni gitdi, şonuň üçinem kynyklar bilen garyndaşlyk açmak isleýändigini, özem hakyt Sünbüläni isleýändigini aýtdy. Bu habary eşidende Gutulmyşyň tas ýüregi ýarylypdy.
Gutulmyş saklanyp bilmedi: ylgap baryp, Bahadur hanyň ýakasyndan ebşitläp tutdy:
— Eý, pilet, ol gyz meniňki! Ol gyz bilen işiň bolmasyn!
Töwellaçylar Gutulmyşy Bahaduryň ýanyndan aýyrdylar.
Bahadur han kesirlik etdi:
— Şol gyz meniňki bolmaly!
— Eger şol gyzy alsaň, pederlerimizden ant içýän, ojagyňda gan çaýkaryn.
— Ony başarmarsyň!
Bahadur hana başga gyz hödürlendi. Ol welin, kes-kelläm garşy çykdy:
— Maňa şu gyz gerek. Maňa indi gyzyňyzy dözeňzokmy?
Ysraýyl han ogluny ýanyna çagyrdy:
— Häzir bizde ylalaşmakdan, wagt utmakdan başga alaç ýok. Eger garşy çyksak, onda ol biziň ähli neberämizi gula öwrer. Sen mert bol, Sünbüle ýaly gyz ýene tapylar.
Ysraýyl han ýalňyşan eken, özem çökder ýalňyşan eken. Ikinji Sünbüle tapylmaýan, birinji Sünbüläniň ornuny hiç bir gyz tutup bilmeýän eken.
Sünbüläniň alyp gidilişi, onuň gözi ýaşly garaýşy Gutulmyşyň aňynda baky orun aldy. Ol nämäni unutsa-da Sünbüläniň gözi ýaşly, naýynjar bakyşyny teý unudyp, bilenokdy.
Ondan bäri, gör, näçe wagt geçdi.
Sünbüle aňyndan aýrylmady.
Gutulmyş soň Hatyja atly owadan gyzy Peş atly bir obadan alyp gaçdy.
Ondan iki ogul dünýä indi.
Ulusy bäş ýaşapdy.
Uly ogly özüniň nähili güne düşjegini — öldüriljekdigini öňünden aňan bolmaly.
Gutulmyş ähli kynyklar bilen ýörişe ugramakçy bolanda uly oguljygy onuň synyndan aslyşyp, goýbermejek bolup aglamak aglady.
Gutulmyş:
— Aýryl! — diýip, Döwletjigiň dulugyna şarpyk çaldy.
Döwletjik doňan ýaly bolup galdy.
Oglunyň soňky garaýşy-da Gutulmyşyň hiç wagt ýadyndan çykmaz.
Gutulmyşyň hatynynyň hossarlary kynyklaryň syrgynda ýoklugyndan peýdalanyp, çozuş edipdirler.
Hatyjany, iki çagany gylyçdan geçirip gidipdirler.
Gutulmyş kellesi kesilen uly oglunyň açyk galan gözlerine seredende ýüregi erbet jyzlady. Ol gözler şol şarpykdan soňky soragly bakan gözlerdi. Onuň gözüniň ýaşlary şindem kepemedik ýalydy.
Gutulmyş aşak çöküp oturdy-da, Döwletjigiň ýüzüni öwran-öwran sypady, şeýdibem oguljygyny razy etmekçi — gözlerini ýumdurmakçy boldy.
Onuň bilen gözler ýumulmady.
— Döwletim, razy bol, gözüňi ýum! Boljak iş bolupdyr, menden närazy bolma! — diýip, Gutulmyş öwran-öwran gaýtalady.
— Sen duýupsyň, ýöne men duýmandyryn. Ät galdym, ät…
Ysraýyl han oglunyň gapdalyna çöküp, özi töwella etdi:
— Meniň akyllyja agtygymdyň sen. Täleý keç geldi. Senden tamam uludy. Babaňdan, bizden öýke saklama, balam. Bolan işe çäre ýok. Men saňa söz berýän, seni şu güne salan pelitleriň ýurdunda ýumurtda togalabermeli ederin men. Seniň aryňy ýerine salmaga ruhuň öňünde söz berýärin.
Döwlet atasynyň pendini tutdy: gözlerini ýumdy.
Bu wakalar Gutulmyşyň aňyndan aýrylmaýardy.
Her gün aladaňdan işe ugraýardy. Içki harasadyny gaty pynhan saklaýardy.
Dört aý geçdi.
Gutulmyş asuda durmuşdan ýadap, darkaş isleýärdi. Goý, wanaly garakçylar bolsun ýa-da başga bir başbozarlar bolsun, Gutulmyş üçin edil häzir parhy ýokdy, ömrüni töwekgellige salyp, darkaşa girmek isleýärdi. Adamlardan rişwet ýygnamak, adamlara haýbat atmak, wepadar gulam, parasatly atabeg bolup ýaşamak ony kanagatlandyranokdy.
Megerem, beýik Subhan Gutulmyşyň içki ahwalatyny aňan bolarly, ony töwekgellige saldy. Özem bu töwekgellik şäheriň çar bazar diýilýän ýerinde başlandy.
Ol çar bazarda yzyna kimdir biriniň düşýändigini aňdy. Süňňi ýeňledi. Derrew darkaşa taýýarlandy. Ýataganyny54, hanjaryny gyssagarada çykarar ýaly, olaryň bagjygyny gowşatdy. Soňam maýyny tapyp hanjaryny çep ýeňiniň içinden goýberdi.
Ol ýuwaşja ýöräp bazaryň demirgazyk çetine, adamsyz ýere çekildi. Seljuk beg birmahal köp gaýtalardy: «Her bir türkmen ýigidiniň ýeňsesinde hem gözi bolmalydyr!» diýip. Türgenleşik bilen ýeňsäňdäki kişini görüp bolýan eken.
Gutulmyş üçin hem yza öwrülmek hökman däldi, ol yzyndan gelýäni magat görüp-bilip durdy. Her bir ädiminden onuň näme pikir edýändigini-de aňýardy.
Ol yzyna seretmezden bir kişiniň ýakynlap gelendigini, has ýakyn gelmäge howatyr edýändigini duýdy. Nätanyş kişi ýigrimi ädim çemesi aralykdan dillendi.
— Eý, horezminli, saklan! Butnama!
Gutulmyş onuň äheňinden esasy gürrüňiň öňdedigini, bu geleniň aralykçy adamdygyny aňdy, yzyna öwrüljegem bolup durmady:
— Näme üçin bazara girenimden bäri yzymda köwejekläp ýörsüň?
— Men siziň bilen gürleşmek isledim.
— Aýdyber näme gürrüňiň bolsa.
Gutulmyş äwmän-telesmän yzyna öwrüldi.
Garşysynda otuz ýaşlaryndaky deşlek kişi dur. Ýüzünde adamlyk sypaty ýok: ýüzi durşuna ýara hem tyg yzyndan doly. Gözlerinde rehimsizlik alamaty görünýär.
— Meniň serdarym senden käbir zatlary soramak isleýär.
— Kim ol seniň serdaryň?
— Häzir çagyraýyn — diýip, nätanyş kişi yzyna öwrülip elini bulady. Onuň çakylygyndan soň bazaryň içindäki mähelläniň arasyndan iki sany başlary peşli, eginleri ak çuhaly, boýunlary taýlesanly55 kişi Gutulmyş daga bakan ugrady.
Gelenler Gutulmyş bilen sowuk salamlaşdylar.
— Sen kim?
Bu sowala Gutulmyş kejikdi: garşysynda duran, özlerine aşa göwünleri ýetýän kişileriň sowallaryna görä jogap berdi:
— Bu sowaly menem size berip bilerin. Sebäbi beýle sowal bermäge siziň däl-de, diňe meniň hakym bar, çünki men muhtasybyň ynagy.
— Janyňdan doýmadyk bolsaň, at oýnatman sowalymyza dogry jogap ber, ýogsam janyňy jähenneme ibereris.
— Siz maňa düşünmediňiz öýdýärin. Men sözümi iki gaýtalamagy, iki gaýtalatdyrmakçy bolýanlary halamaýaryn, ýöne bu gün meniň keýpim gowy, şonuň üçinem sözümi soňky gezek gaýtalaýyn. Beýle sowaly siz däl-de, men size bermeli. Çünki men şäher muhtasybynyň ynagy. Şonuň üçinem siziň kimdigiňizi soramaga diňe meniň hakym bar. Has dogrusy, siziň kimdigiňizi anyklamak meniň borjum. Kim siz?
— Bizmi? Biziň herimiziň öz adymyz bar, ýöne bizi il arasynda wanaly talaňçylar diýip atlandyrýarlar. Sen gulamlaryňy çagyrjak bolma. Eger aýdanymyzy etmeseň, onda bu dünýä bilen hoşlaşmaly bolarsyň. Çünki çar tarapdan seniň her bir hereketiňe meniň ýigitlerim seredip durlar. Saňa sary birbada on ýedi ýerden ok atylar.
— Kerwen talamagy az görüp, indi bazar talamaga geldiňizmi?
— Biz bazara talaňçylyk meýli bilen gelmedik, biz bu ýere seniň kimdigiňi bilmek üçin geldik.
— Siz meniň muhtasyp Madynyň ynagydygymy, adymyň Dawutdygyny eşitmediňizmi?
— Eşitdik, ýöne ynanyp bilmedik.
— Ynanmaz ýaly bu ýerde näme bar?
— Bu ýerde nähilidir bir syr bar.
— O nähili syr?
— Geçen dört aýyň içinde biz köp zady anykladyk, ýöne biz seniň kimdigiňi anyklap bilmedik.
— Sizi — alamanlary näme gyzyklandyrýar? Menden näme isleýärsiňiz?
— Kimdigiňi aýtmagyňy.
— Men özümiň kimdigimi size iki gezek aýtdym. Indi hetden aşyp ugradyňyz.
— Sen ýalan sözleýärsiň. Jürjaniýada Hindistan ýolunda ýüz elli düýe ýüküni garakçylara aldyran Dawut atly täjir ýok.
— Dogry, men Jürjaniýada däl, men häzir Mukurda.
— Parsda «Kem-kem mukur — hemişe mukur» diýilmesine ynanyp ýörme. Etmişli bolsaň, Mukurda-da mukur ýok.
— Etmişli?
— Sen bize at oýnadýarsyň. Sen galp ada duwlanýarsyň. Sen täjir däl. Sen kim?
— Men Mukur şäheriniň häkiminiň muhtasybynyň ynagy. Adym Dawut.
— Ýalan! Sen muhtasyby-da, häkimi-de aldaýarsyň. Ýöne bizi aldap bilmersiň.
— Men sizi tanamok, tanamak sapam-da ýok.
— Belki sen soltanyň iberen içalysysyň?
— O zatlar siziň işiňiz däl.
— Biz seniň kimdigiňi häkime, muhtasyba peçan ederis.
— Siz maňa näme diýmekçi bolýarsyňyz?
— Biz seniň kerweniňi talamadyk. Sen bize töhmet atdyň. Bizden başga bu sebitde alamançylyk edýän ýok. Biz seniň aýdan geçelgäňe baryp gördük. Ol ýerden seniň aýdan wagtyň ýüz elli düýeli kerwen geçmändir. Seniň talaň boldy diýen günüň — kowus aýynyň56 on dördüne Agrandab derýasynyň geçelgesinden hiç bir kerwen, hiç bir düýe geçmändir. Ýöne şol aýyň on üçüne soltanyň dört müň sany sakçysy ýüz elli sany oguz agöýli tussagyny, bäş sany gaznaly tussagyny Hindistanyň Kelejar galasyna alyp geçipdir.
— Nirä diýdiň?
— Kelejar galasyna.
Horezmine bakan däl, ýok, Hindistanyň Kelejar galasyna. Geçelgede işleýän sakçylardan biziň şaýatlarymyz bar. Sen puşdun ýa gilzaýy däl, arap ýa pars däl. Sen oguz bolmaly. Belki, sen soltanyň şol agöýli tussaglarynyň yzy bilen gelensiň, ýa şol tussaglardan gaçansyň?
Ara dymyşlyk düşdi. Dymyşlygyň düşmesiniň sebäbi wanaly garakçylar öz aýdan delillerine jogap berilmegine, Gutulmyşyň gürlemegine garaşýardylar. Gutulmyş welin gaty arkaýyndy, ol iki wanalynyň ýüzüne ýylgyryp seredip durdy, gürlejek bolmaýardy.
— Näme üçin jogap bermeýärsiň?
— Men size näme diýeýin?
— Kimdigiňi aýt!
— Siziň maksadyňyz näme?
— Seniň Mukurdan gümüňi çekmegiň. Biz saňa iki düýe bilen Horezmine çenli ýeter ýaly owkat harjyny mura-mugtuna bermekçi.
— Eger meniň gitmegimi isleýän bolsaňyz, bu-da meniň üçin ähmiýetli bolsa, men giderin. Meni bu ýerde hiç zat saklanok. Bu ýerde meniň üçin mukaddes hiç bir zat ýok. Gitmek meniň özümde-de ýok pikir däl. Men sizi gaty batyr ýigitler hasaplaýaryn.
— Bize baha bermek saňa galmandyr.
— Bu sözi menem size aýdyp bilerdim, ýöne edep saklap, bu sözi size aýtmadym. Men siziň özüňizem boýnuňyzdaky taýlesanyňyz ýaly arassasyňyz öýdüpdirin. Görýän welin, sizde batyrlykdan başga hiç zat ýok.
— Sen bize kimdigiňi aýt, bize seniň başga gürrüňiň gerek däl!
— Meniň kimdigimi «siz gaty batyr ýigitler ekeniňiz» diýenimden aňmadyňyzmy? Men size özümiň kimdigimi aýtsam, häzir duran ýeriňizde balaklaryňyzy hapalap, töweregi ýakymsyz ysdan doldurarsyňyz.
— Gaznadan geldiňmi? Soltanyň iberen adamymy?
— Men özümiň kimdigimi näme üçin size aýtmaly? Siz nämä esaslanyp maňa haýbat atýarsyňyz? Men siziň kimdigiňizi bilýärin, ýöne siz meni bilmeýärsiňiz. Bilmersiňizem. Men sizi doly öwrendim, siziň sanyňyz ellä-de ýetenok. Ýöne meniň arkamda edil şu mahal dört ýüz sany saý oglan57 dur. Siz häzir bazardaky mähelläniň içindäki sanalgyja adamyňyza bil baglap, meniň howumy basmakçy bolýarsyňyz. Şagalyň şiri ýeňen ýeri ýokdur. Häzir men sähel yşarat etsem, bazardan ýekejäňizem aman çykmarsyňyz. Eger meniň maksadym sizi — wanaly talaňçylary ýok etmek bolan bolsady, onda siz bu mahal meniň bilen gürleşip bilmezdiňiz. Bu wagta çenli siziň aşyňyzy-suwuňyzy, kyrkyňyzy bererdiler. Men size bu zatlary gorkuzmak üçin aýtmaýaryn. Elli sany talaňçyny öldürmek üçin maňa ýardamçy gerek däl. Sizi meniň ýeke özüm hem öldürip bilerin. Eger isleseňiz, güýç synanyşyp bileris. Men size açyk aýdýaryn. Siz elli, men ýeke!
— Saňa häzir on ýedi sany ýaýyň gezelip durandygyny ýene bir gezek aýdaýyn, meniň ýeke hereketim bilen on ýedi ýeriňe ok girer. Şondan soň aman galmajakdygyňa akylyň çatanokmy?!
— Sen maňa okuň kär etmeýändigini bilmeýär ekeniň. — Gutulmyş gürlände göni garşysynda duranlaryň göreçlerine seredip gürleýärdi. Özem gaty arkaýyn gürleýärdi. — Ýogsa-da siziň adyňyz näme?
— Meniň adym Hüşkiýar, doganymyň ady Zaryf — diýip, alamanbaşy häliden bäri geplemän duran kişini görkezdi. — Biziň adymyz saňa nämä gerek?!
— Adyňyzy tutup gürleşmegim üçin gerek.
— Näme aýtmakçy? — diýip, Zaryf sorady. — Seniň adyň Dawut däl-ä.
Gutulmyş güldi:
— Sen meniň adymyň näme bolmagyny isleýärsiň?
— Hakyky adyňy aýt.
— Hakyky adym näme bolsun? Sen näme diýseň, men şu günden başlap adymy şonuň ýaly edip atlandyryp başlajak. Adymy Gutulmyş diýsem bolýarmy?
— Gutulmyş?! Aý, ýok.
— Belki, sen meni Salyh diýip atlandyrarsyň?!
— Salyh?! — Zaryf biraz oýlanyp durdy-da, ýylgyrdy. — Bu at saňa gelişýär.
— Onda şu günden başlap meniň adym Dawut däl-de, Salyh. Razymy?
— Bize seniň gepiň gerek däl, sen häzir hiç hili hokgasyz biziň yzymyza düş. Özem indi gepleme! — diýip, Hüşkiýar birden gazaplandy.
Nämedir bir zad-a boldy: Gutulmyş elini ýokary galdyryp çalaja galgatdy, şondan soň onuň duran ýerinde ýeňiljek tüsse peýda boldy.
Wanaly doganlar bu gopan mugjyza geň galyp, esli salym gözlerini petredip durdular. Olary geň galdyran zat tüsse däldi, ýok, olary geň galdyran zat hälki duran ýerinde muhtasyp Madynyň naýybynyň ýoklugydy.
Iki doganyň öňünde hiç kim ýokdy.
— Wah, biz ony ýeke agyz gürletmeli däldik. Ol gürlese, içiňe girip, özüne maýyl edýär. Jadygöý ol, jadygöý.
— Beýle bolar öýtmedim-dä! — diýip, Zaryf hem ah urdy.
— Biz ony nirä gaçanam bolsa taparys.
Hüşkiýar bilen Zaryf töweregine garanjakladylar. Hernäçe gözleseler-de Gutulmyş çar bazarda ýokdy.
Bir bela-beteriň gopmagyndan, Gutulmyşyň nökerli peýda bolmagyndan hemem özlerini ele salmagyndan howatyr eden Hüşkiýar bilen Zaryf öz adamlaryny yzlaryna tirkäp bazardan haýdan-haý çykdylar. Wanaly alamanlar bazardan çykyp gidensoň, Gutulmyşyň ýanyna eleşan eşikli bir kişi geldi.
— Sen Dawutmy?
— Hm?!
— Meniň saňa möhüm habarym bar.
— Aýdyber.
— Müň dinar berseň aýdaýyn.
— Aýtjak habaryň näme hakda? Müň dinara degýän habarmy?
— Meniň aýtjak habarym ýüz müň dinara-da degýär.
— Näme hakda?
— Müň dinar berseň aýdaýyn...
Gutulmyşyň ýanyna Mady muhtasyp öz muzdarlaryny yzyna tirkäp geldi.
Mady muhtasaby gören eleşan eşikli nätanyş sähel salymda gürüm-jürüm boldy.
— Kim bilen gürleşýärsiň, ulama?
Gutulmyş nätanyş bilen aralarynda bolan gürrüňi aýtmakdan saklandy:
— Tanamok men ony.
— Näme diýdi ol?!
— Pul dileýär.
— Gedaýdyr-da.
— Hawa, hawa, gedaý.
Mady muhtasyp Gutulmyşa şübheli seretdi, ýöne ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmedi.
* * *
Şol günden bir hepdeden soň şihnäniň wanaly garakçylaryň üç sanysyny ele salandygy baradaky habar şähere doldy. Şihne Gutulmyşy ýörite ýanyna çagyrdy:
— Ulama, men üç sany wanaly garakçyny ele saldym. Olar köp zady boýun aldylar. Sen şol garakçylary gör, şol üç garakçy seniň kerweniňi talan wanalylaryň içinde bardymy?
Gutulmyş şäher türmesine bardy. Üç sany kişini onuň ýanyna getirdiler. Gutulmyş bu üç kişini gören badyna tanady. Bular Kelejara alnyp barylýan ýüz elli seljukly tussaglardan aýrylyp galanda ýolda sataşan, özüni tutjak, şihnä tabşyryp gazanç etjek bolan kişilerdi. Gutulmyş olara zoruny görkezip eginlerindäki eşiklerini sypyryp alypdy.
— Bulary derrew goýberiň! — diýip, Gutulmyş ynamly gürledi. — Bular ogry däl, talaňçy däl. Bular mätäje goldaw berip ýören sahawatly adamlar. Wanaly talaňçylar meni talanda, ilki bolup, ine, şu mähriban adamlar meniň dadyma ýetişdiler. Soňundan meni iýdirip-içirdiler. Maňa öz eşiklerini berip geýindirdiler. Men bu üç kişiniň öňünde bütin ömrüme bergidardyryn. Men bularyň wanaly talaňçylaryň toparyndan däldigine güwä geçýärin.
— Bu üç kişi özleriniň wanaly talaňçylaryň toparyndandygyny boýun aldylar.
Gutulmyş güldi:
— Urulmak ýaly ýaramaz zat ýok. Adam bende gamçynyň öňünde mydama ejizleýär. Urulmazlyk üçin «näme diý» diýseler, totuguş deýin şony sarnap ugraýar. Bu üç kişem urulmazlyk üçin ýöne sarnap oturandyrlar. Aslynda bolsa bular wanaly talaňçylary tanaýan hem däldirler. — Gutulmyş sandyraşyp duran tussaglara seretdi: — Siz wanaly garakçylary tanaňzok ahyryn?!
— Dogry — diýip, olaryň üçüsi üç ýerden dillendi.
— Siz maňa mundan dört aý öň uly ýagşylyk etdiňiz. Men sizi häzir öýüme äkidip hezzetlemek isleýärin. Merhemetli şihne, belki, sizem bu üç sahawatly kişi bilen meniň öýüme myhmançylyga gidersiňiz?!
— Ýok, ýok.
Adama ýagşylyk etmegiň üýtgeşik bir lezzeti bar. Bu lezzetde başarnygyň ykrarýeti bar. Ähli kişi edip bilenok ahyryn adamlary şeýle begendirmegi, zyndandan çykaryp goýbermegi!
Elbetde, Gutulmyş beg üç kişä «Baryň gidiberiň!» diýse-de boljak, ýöne onda begiň bitiren işinden aljak lezzeti az boljak.
Gutulmyş beg bu üç kişini öýüne alyp gidip, olara zyýapat ýapyp, olaryň öz öýünde elewreýişlerinden — özüne hormat goýuşlaryndan, zol-zol minnetdarlyk bildirişlerinden köpräk lezzet almak isleýär ol.
Gutulmyş şol islegine-de ýetdi.
On birinji bap
Muhtasyp soňky günler Gutulmyşyň aladasyny edip ugrady: «Sen-how, özüň barada alada edeňok. Men seni köp synladym. Sende meniňki bolsun diýen pikir, isleg ýok. Bu gaty erbet. Seniň bu bolşuň meniň üçin gowy, ýöne herki zadyň çeni-çaky ýagşy. Seniň meniňki bolsun diýen pikiriň, islegiň ýokdugyndan peýdalanyp, ähli zady özüme alyp oturasym gelenok» diýip, Gutulmyşa ýaşar ýaly bir otagly külbe tapyp berdi. Onuň içine ýaşamak üçin gerekli zatlary eltdi. Alýan rişwetlerinden käte birki dinar eçildi. Özüniň çaga sesli, tos-togalak gara muzdaryny onuň hyzmatynda goýdy. Bilo atly çaga sesli muzdar gaty işeňňirdi, Gutulmyşa yhlaslydy.
— Dawut, sen ýol harajadyňy ýygnap bileniňden soň Horezmine gitmek isleýärsiň, ýöne häzirki bolşuň bilen ýol harajadyňy näçe aýda jemläp biljegiň belli däl. Seniň özüň bilýärsiň, erkek kişä hatynsyz ýaşamak aňsat däl. Hatyn bilen jynsy gatnaşykda bolmadyk erkekler, şeýle hem erkekler bilen şöhwetde bolmadyk hatynlar her hili kesele ýolugýarlar. Seniň hiç bir kesele ýolukmazlygyň üçin men seni wagtlaýyn öýereýin.
— Onsoň men hatynymy şu ýerden ýanym bilen äkideýinmi? Özümi Horezmine aşyryp bilsem-de razy men.
— Ýok, men seni syga nikasy boýunça öýlendireýin. Özüň bilýärsiň, häzir syga nikasy köp ýerde ýörgünli. Bir adam uzak bir şäherde birki aý galmakçy bolsa, onda onuň şol şäherde wagtlaýyn bir hatyna şerigat kadasyna laýyklykda öýlenmäge hukugy bar. Syga nikasyny baglaşan kişi şäherden gitmekçi bolanda hatyn öz-özünden onuň nikasyndan boşaýar.
— Beýle syga nikasyny uzak ýurtlara giden bezirgenler, täjirler baglaşýarlar ahyryn.
— Sen nä uzak ýurda giden täjir dälmi näme?!
Gutulmyş nämedir bir zady hakydasynda aýlaýan ýaly, esli salym böwrüni diňläp oturdy-da, birden jogap berdi:
— Dogry, dogry.
— Ertir men saňa on bäş sany zenan görkezerin. Şolaryň içinden saýlap-seçip al — diýip, muhtasyp ýylgyrjaklady — Ýogsa-da sen nähili hatyn isleýärsiň?
— Ýaşy on ýediden ýokary bolmaly däl. Owadan, kelte boýly, tyňkyja, torgaý topukly, ak bedenli, az gepleýän bolmaly.
— Bolýar, şeýle gyzlary toplap getirerin.
Muhtasyp sözünde durdy. Biri-birinden owadan, kelte boýluja, tyňkyja gyzlar hataran dur.
Gutulmyş hataran duran gyzlaryň içinden ýüregini tisgindiren, jümşüldeden gözele elini uzatdy. Gyzyň elinden tutup külbesine getirdi. Gyz bilen bir ýyllyk syga nikasyny baglaşdy. Kazy gyza, gyzyň ata-enesine her aýda berilmeli mahýany yglan etdi. Muhtasyp kazynyň bellän mahýasynyň puluny özüniň tölejekdigini aýtdy. Soň muhtasybyň gulamlarynyň, hadymlarynyň, goňşy-golamlaryň gatnaşmagynda kiçeňräk toý toýlandy.
Köneler hak aýdan eken: «Ölmegiňe bir gün galan bolsa hatyn al, iki gün galan bolsa bedew al!» diýip.
Bu dünýäni ölmegiňe bir gün galan ýaly, eşrepi deýin jäht tutup ýaşamaly!
Gutulmyş howlugýardy, onuň bir günem Mukurda durasy gelenokdy. Hyýalynda kakasy bilen duşuşýardy, ony tussaglykdan halas edýärdi.
Onuň durmuşda etmeli işleri entek juda kändi. Ol işleriň känligine gynanmaýardy. Ol maksadyna ýetmäge juda haýal ädim edýändigine welin gynanýardy, maksadyna ýetmek üçin oýlanýardy, ýöne anyk çözgüt tapyp bilenokdy.
Gutulmyş her gün beýik Perwerdigäriň töwekgellik gapysynyň açylmagyna garaşýardy. Özüniň häzirki ornaşan, işleýän ýerini baýamak, kakasynyň, ýüz elli seljuklynyň pidýesini58 gazanmak üçin amatly şäher hasaplaýardy.
Özüni baýadyp, maksada ýetirip biljek adam kim?
Gutulmyş bu babatda oýlananda göz atuwynda, ilki bilen, muhtasyp peýda bolýardy, çünki ol diňe muhtasybyň goldawy — baýlygy bilen öz maksadyna ýetip biljegini aňýardy.
Ol öz öňünde maksat goýdy: ogurlyk etmeli däl. Ogurlyk seljuklylara gelişmeýär. Onsoňam, ogurlyk bilen uly gazanç edip bolmajakdygy düşnükli ahyryn! Bu ýol bilen uzaga-da gidip bolmaz. Onsoňam az-azdan pul ýygnap, maksadyňa ýetip bolmaz. Yzyňa nöker düşürmek üçin köp pul gerek. Juda köp pul gerek. Diýmek, Gutulmyşa-da köp pul gerek. Yzyna nöker tirkemegi gerek. Ol lomaý pula garaşýardy, ownuk-uşak pula pisint-de etmeýärdi. Ondan-mundan düşen puly Gutulmyş mätäçlere tarhanlyk bilen paýlaýardy. Onuň bu bolşuny, pula pisint etmeýänligini muhtasyp teý akylyna sygdyryp bilmeýärdi. Ol dogumly, gaýratly Gutulmyşyň hemaýaty bilen köp-köp işleri edip boljakdygyna, şol işleriň edilmegi bilenem baýap biljekdigine ynanýardy, oňa gaty uly umyt baglaýardy.
Gutulmyş-da maksadyna ýetmekde muhtasyba gaty uly umyt baglaýardy. Elbetde, ol muhtasypdan hiç bir zady zor bilen almakçy däldi. Ogurlap-da almakçy däldi. Aldap-da almakçy däldi.
Gutulmyş Seljuk begden, Arslan begden öwrenen zatlaryna, tilsimlerine esaslanyp, ähli başarnygyny mizana goýup, muhtasybyň köp-köp baýlygy öz islegi bilen bermegini gazanmakçydy. Özem ol şol baýlyklary berip, soňundan Gutulmyşa minnetdarlyk bildirmelidi.
Durmuş — oýun.
Durmuş — tilsim.
Allatagala her bendesine oýunda utmagy üçin akyl-paýhas, üşük beripdir. Oýunçy utsun!
Gutulmyş muhtasybyň halal gazanjyny däl-de, haram gazanjyny almakçy. Munuň üçin muhtasyby çykgynsyz güne salmaly, goý, ol Gutulmyşa maksadyna ýetmegi üçin kömek-goldaw bersin.
Gutulmyşy maksadyna ýetirip biljek diňe muhtasyp däldi. Şäheriň gaznasynyň sahybynda-da, häkimde-de baýlyk köpdi. Gutulmyş üçin sahypdan ýa häkimden pul almak muhtasypdan alandan has aňsat boljakdy. Gutulmyşyň şonda-da muhtasyby göz öňünde tutmasynyň öz sebäpleri bardy. Ol sebäpleriň iň esasysy muhtasybyň adamlary köp çürkeýänligidi, gazanç etmek üçin ondan ýaňa gan aglaýan adamlaryň köplügi üçindi. Ol diňe şäher ilatyny däl, häkimi-de çürkeýärdi.
Ol şäher gaznasynyň sahybyny-da çürkeýärdi.
Eger häkime ýa sahyba bir ýaramaz zat bolsa, şäherde gynanjak adam köpdi.
Eger muhtasyba bir zat bolsa welin, özünden başga gynanjak adam boljak däldi.
Şäheriň häkimi-de, gazna sahyby-da Gutulmyşy gowy görýärdi. Gutulmyş hem öz gezeginde olardan hyzmatyny gaýgyrmaýardy.
Gazna sahyby kempiri bilen ýalňyzlykda ýaşaýardy. Olaryň çagalary bolmandy. Baýlyklary welin ýere-göge syganokdy, öýünde ýigrimi töweregi hadymdyr, jandar bardy.
Sahyp mejlisleriň birinde Gutulmyşyň synyndan çekip:
«Garaňky düşensoň, meniň öýüme bar. Ýaşyryn gürrüňim bar» diýdi.
Gutulmyş mönsüredi:
«Muhtasybym bilen baraýynmy?»
«Seniň muhtasybyňy ýer ýuwutsyn hernä. Şol hakda saňa aýtjak nahan gürrüňim bar».
Bu näme boldugy?!
Sahyp bilen muhtasybyň içen suwlary aýry gidenok. Belki, olar Gutulmyşy synap görmekçi bolýandyrlar?! Gutulmyş seresap bolmagy makul tapdy. Şu maksat bilen hem ol sahybyň çakylygy hakda muhtasyba aýtdy.
Muhtasyp ör-gökden geldi: «Ol maňa doganym, men seni gowy görýärin» diýip ýör-ä. Men onuň gözüne görkezerin».
«Belki ol size kömek etmek isleýändir?!»
«Maňa kömek etmek isleýän bolsa, näme üçin seni öýüne menden nahan çagyrýar?!»
Şäher kethudalarynyň içki matlaplary Gutulmyşy haýrana goýýardy. Dogan ýaly gatnaşyp ýören adamlaram biri-birini ýigrenýärdi, birek-birege ýamanlyk edilýärdi. Adamyň adama göwni ýetenokdy.
Gutulmyş diňe bir dünýäniň däl, adamlaryň ýaşaýyşlarynyň-da, birek-birege goýýan hormat-gadyrlarynyň-da ýalandygyny görýärdi. Ol adamara ýalanlary ýüze çykarýardy, şeýdibem öz başarnygyny mizana salýardy.
Baýlyk gerek. Ýöne ony gazanyp almaly, ähli kişi gije-gündiz gazanç diýip hars urýar. Baýlygyň üýşüp duran ýeri ýok, alyp gaýdybermeli ýeri-de ýok. Başaran kişä welin, baýlyk kän.
Gutulmyşyň öz öňünde goýan maksady bir ýylyň içinde tütjar baýa öwrülip, Kelejara barmak we pidýe töläp tussagdakylary halas etmek. Gerek bolsa, gulam ýygnap, gala zabt edip, seljuklylary halas etmeli, soň soltany ýok etmeli!
Gutulmyş sadalyk donuny geýdi. Onuň sadalyk donuny geýmesiniň sebäbi bu donuň özge donlara görä köp iş bitirip bilýänligi üçindi. Adamlar sada kişileri gowy görýärler. Çünki olar sada kişileri aldap, öz bähbidiňe peýdalanyp bolýandygyny bilýärler. Onsoňam sada kişiler saňa akyl berenoklar, üstüňden güljek bolanoklar. Gaýtam, sen olaryň üstünden gülýärsiň. Saňa gaýtawul berjek bolmaýarlar, çydaýarlar. Gutulmyş özüni maksadyna ýetirjek häsiýetleriň sadalykdygyny gaty gowy bilýärdi.
Ol sadalyk donuny geýip ýalňyşmandygyny her günde, her ädimde duýýardy.
Sahybyň çagyrmagy-da, Gutulmyşyň sadalyk donuny geýenligi üçindi. Adamlar sada kişileri öz adamlary hasap edýärler. Sahyp hem ony edil öz adamy deýin garşy aldy.
Daşarda muhtasyp gözegçilik edýärdi. Gutulmyş sahybyň öýünde geregindenem artyk saklanmagy bähbitli hasaplady. Goý, muhtasyp daşarda irikgä bolup durşuna göwnüne köp-köp gümanlary getirsin otursyn. Goý, içini it ýyrtsyn.
Hakykatdanam, şeýle boldy: Gutulmyş ýarygijeler sahybyň öýünden çykyp, bäş-on ädim ädip-ätmänkä onuň ýanyna muhtasyp ylgap geldi.
«Saklan! Men saňa garaşyp durun!»
«Aly makam, siz biynjalyk bolmaly däl ekeniňiz, men ertir baryp, bar bolan söhbedi size gürrüň bererdim».
«Ýok, ýok, men ertire garaşyp bilmerin. Baryny aýt, ähli gürrüňi howlukman jikme-jik gürrüň ber».
Gutulmyş sahybyň özüni gowy garşylandygyny, hossarlary, çagalyk ýyllary, nädip bilim öwrenendigi hakda sorandygyny, özüniň näme jogap berendigini aýdyp ugrady.
«Men barada näme diýdi, men barada?! Sen ilki şony aýt.»
«Siz jikme-jik gürrüň ber diýdiňiz-ä.»
«Sen köp gürleýärsiň. Ol men barada bir zatlar diýendir-ä?!»
«Diýdi, köp zat diýdi».
«Näme diýdi?»
«Ol size rişwetçi, parahor diýdi. «Meni ütmek ütýär» diýdi. «Ýok etmeli» diýdi».
«Hakyt «Ýok etmeli» diýdimi?»
«Hakyt «Ýok etmeli» diýdi».
«Boldy, boldy».
«Jikme-jik aýtmaýynmy?»
«Ýok, jikme-jik gerek däl». Muhtasyp zut gitdi.
Gutulmyş sahybyň ähli sözüni aýtmandy. Sahybyň pikiri muhtasyby işden aýyrmakdy, onuň ýerine bolsa Gutulmyşy bellemekdi. Onuň bu pikiri aýtmagynyň sebäbi: Gutulmyşy häkimiň gowy görýänligi üçindi.
«Bilýärsiňmi näme, häkim seni gowy görýär. Juda gowy görýär. Ol meniň ýanymda birki gezek muhtasyby işden aýryp, ýerine seni goýmak barada aýtdy. Seniň özüň razy bolsaň, galan zatlary özümiz düzederis» diýip, sahyp bu pikiri öwran-öwran gaýtalady.
Gutulmyş bu agşamky wakany öz maksadyna tarap ädilen ikinji ädim hasaplady.
Taryhy proza