23:56 Sahypkyran Gutulmyş beg -8/ romanyñ dowamy | |
On ikinji bap
Taryhy proza
Şäher häkiminiň ady Alilikdi, ýöne şäherde onuň adyny tutýan adam ýokdy. Ähli kişi oňa «merhemetli tagsyr» ýa «merhemetli häkim» diýip ýüzlenýärdi. Şeýle bolansoň, oňa Alilik adynyň geregem çykyp duranokdy. Elli dört ýaşy arka atan, indi on ýedi ýyl bäri şähere häkimlik edýän Aliligiň diňe bir sebitde däl, welaýatda-da abraýy uludy. Häkimlik wezipesi Alilige kakasyndan miras galypdy. Kakasy şäherde otuz üç ýyllap häkimlik edip, altmyş üç ýaşynda — pygamber ýaşynda bakyýete göç edipdi. Onuň abraýy sebitde uludy. Kakasynyň hatyrasyny saklabam welaýatdaky egindeşleri Aliligiň häkim bolmagyny gazanypdylar. Bu Aliligiň kakasynyň iň soňky maksady bolupdy. Şäherde häkimi hatyralaýarlar. Alilik kakasyndan geçen — birmahal bu dünýä kakasyndan geçmejek ýalydy — dünýäniň özündenem geçjekdigini bilýär. Onsoň, bu bäş günlük dünýäde hiç kimiň göwnüne degmän ýaşamaga çalyşýar. Ol käbir emeldarlar ýaly baýlyk toplajak bolup hars urmaýar. Şu güni bilen ýaşaýar. «Rast, Allatagala bu dünýä inderip, şu güne getiripdir, aç-hor etmändir, ertirki günem hor-zar etmez. Çünki ýaşan şu ömrümde Allatagalanyň hoşuna gelmejek haram işi etmedim, diňe sogap gazandym, indem Allatagala meni hor-zar etmän saklar» diýen berk ynanjy bardy. Häkim öz muhtasybynyň edýän ähli pyssy-pyjurlyklaryny bilýän eken, asyl onuň ogurlyk etmegine özi hemaýat berýän eken. Muhtasyp rişwet getiren gününiň ertesi häkim gyzy bilen öýden nirädir bir ýere myhmançylyga gidýän eken. Şol gün sakçylary hem öýlerine ugradýan eken. Öýüne gözegçilik etmegi muhtasyba tabşyrýan eken. Muhtasyp bolsa ýagdaýdan peýdalanyp öz getiren baýlyklaryny, häkime başga ýerden gelen hedýe-engamlaryň galaba bölegini ogurlaýan eken. «Muhtasyp baýlygy gowy görýär. Ol baýlykdan teý doýanok. Şeýdip baýlyk toplaberse, ahyr baýlykdan doýar» diýip, häkim pikir edýän eken. Her gezek öýüne dolanyp gelip, sandyklaryny barlap görer eken. Sandyklardaky dinarlardan alnandygyny görüp: «Entegem doýarly däl-ow» diýip gynanar eken. Wah, dünýäniň üç zadyndan: ýaşamakdan, hökümdarlykdan, baýlykdan doýup bolmaýar. Muny Allatagala doýup bolmaz ýaly edip ýaradypdyr. Onsoň, oňa bendesi ne alaç eýlesin?! Alilik görgüli, ine, şuňa düşünmeýärdi. Köplerden tamasy çykmansoň, häkim Alilik işden gelensoň eline çaňyny alyp çalmaga başlar eken, käteler tä daňdana çenli çalyp, içki hyjuwyny kiparladypdyr, kätelerem gyzy Şaho saz çaldyryp diňläpdir. Häkimiň Şaho atly gyzyndan başga hiç kimi ýok eken. Hatyny gyzy dünýä injek bolanda ýogalypdyr. Çaga aşa uludy. Şonuň üçinem çagany ene garnyndan kesip alypdylar. Şondan soň gyzyny ösdürip-ýetişdirmek, terbiýelemek häkimiň boýnuna düşüpdi. Häkim gyzyny özüniň jany hasaplaýardy. Hiç wagt onuň isleginiň garşysyna gitmeýärdi. Şaho kakasy ýaly eti-gany bitginli, lopbuş gyzdy. Mylaýymdy. Kakasy deýin sazy gowy görýärdi. Häkimiň öýünde soňky günler iň arzylanýan myhman Gutulmyşdy. Gutulmyş ilkinji gezek häkimiň saglygyny bejermek üçin gelende Şaho oňa kömekçi bolupdy. Gutulmyş bolsa şol gün her günki edip ýören adaty işini edýän ýaly özüni gaty rahat duýupdy, gaty ynamly hereket edipdi. Şaho ol güni, köplenç, ýatlaýardy. Gutulmyş häkimi ýerde aýbogdaşyny gurap oturdypdy, soňam öz guşagy bilen häkimiň gözlerini daňypdy. Häkim Gutulmyşyň her bir aýdýan sözüni kaýyllyk bilen bitirip, uly umyt bilen garaşyp otyrdy. Häkimiň öýünde adam köpdi. Olaryň ählisi em edilişine tomaşa kylýardylar. Gutulmyş olara asla üns bermeýärdi. Ol bilindäki ýalaw ýaly hanjaryny çykaryp, häkimiň maňlaýynyň sag hem sol taraplaryndan dildi. Gutulmyşyň aýdany dogry çykdy: lagta-lagta gara ganlar börňüldeşip ada akyp ugrady. — Merhemetli häkim, siziň ganlaryňyz goýalypdyr. Ol goýy lagta-lagta ganlar damarlaryňyzda kadaly aýlanyp bilenoklar. Şol sebäpli siziň ysgynyňyz ýok. Uzak ýaşamak isleýän kişi kyrk ýaşdan soň her ýyl goýalan ganlaryny damarlaryndan aýryp, ganlarynyň kadaly aýlanmagyna ýol açmaly. Ana, şonda süňňüňiz ýeňil, şähdiňiz açyk bolar. Häzir lagta baglan ganlaryňyzy aýraly, gije şeýle bir rahat uklarsyňyz, ertir turanyňyzda şähdiňiz açyk, süňňüňiz ýeňil bolup turarsyňyz — diýip, Gutulmyş häkimiň iki tarapyndan akýan ganlary ýetişibildiginden aýyrýardy. Şäheriň baş lukmany bilen Şaho Gutulmyşyň gan ýokly hasasyny alyp, täzesini berýärdiler. — Indi bes edäýiň, birden gan gutaraýmasyn — diýip, Şaho elewredi. — Gan gutarmaz, arkaýyn bolaý. Allatagala her bendesine on iki ratl59 gan beripdir. Maňa ynanmasaňyz, şäheriň baş lukmanyndan sorap göräýiň — diýip, Gutulmyş baş lukmana seretdi. Baş lukman Gutulmyşyň sözüni makullady. Gutulmyşyň aýdany dogry çykdy. Şol gije häkim rahat uklady. Bir ýatyşyna daňdan oýandy. Begenjine guş bolup uçaýjak boldy. Şondan soň Gutulmyş häkimiň öýüniň arzyly myhmanyna öwrüldi. Onuň arzyly myhmana öwrülmeginiň sebäbi diňe bir tebiplik başarnygy hem däldi. Häkim onuň özi üçin ýakymly bolan başga-da birnäçe başarnygynyň üstüni açypdy. Şol başarnyklaryň biri Gutulmyşyň saza gowy düşünýänligidi, saz çalyp bilýänligidi. Şeýle hem onuň sowatlylygydy. Millet60 ylmyndan Gutulmyşyň berýän gürrüňlerini häkim öň ýeke gezegem eşitmändi. Gutulmyş diňe bir milletleriň taryhyny däl, her bir saz guralynyň döreýşinem şeýle bir täsirli gürrüň berýärdi. Gutulmyş eline çem gelen saz guralyny alyp çalyp başlasa, töwerek täze bir öwüşgine bürenen ýaly bolýardy. Onuň çalýan sazlary süňňüňi bogunma-bogun söküberýärdi. Onuň çaňda çalýan sazlaryny häkim-de, Şaho-da has gowy görýärdi. Şahony aňk edýän zatlaryň ýene biri Gutulmyşyň ýüzündäki ýolbarsyň dyrnagynyň yzlarydy. — Ýolbars bilen garpyşygyňyzy gürrüň berseňizläň — diýip, Şaho ala gözlerini petredip, Gutulmyşyň ýüzündäki joýa-joýa dyrnak yzlaryny ýakyndan synlardy. — Siz nähili batyr adam! Gorkmadyňyzmy? Megerem, siz hiç bir zatdan gorkýan dälsiňiz?! Gutulmyş her gezek häkimiňkiden gaýtmakçy bolanda Şaho gynanmak gynanardy. — Siz eýýäm gaýtmakçy bolýarsyňyzmy? Indi haçan gelersiňiz? Men siziň geleriňize sabyrsyzlyk bilen garaşaryn — diýip, Şaho gama batardy. Häkim hem gyzynyň pikirini goldardy: — Şaho dogry aýdýar. Biz saňa garaşarys. Işden soň sen bize gelip naharlanyber. — Siziň gelýändigiňizi biz muhtasyba aýtmarys — diýip, Şaho kakasynyň sözüniň üstüni ýetirdi. Gutulmyş köp häkim görüpdi, ýöne olaryň içinden Alilik deýin adamkärçiliklisini, ýürekdeşini welin görmändi. Häkim hakdaky muhtasybyň pikiri Gutulmyşa makul bolup duýulýardy: — Biziň häkimimiz häkim bolmak üçin dünýä inderilen adam däl. Onuň ýeri metjitde. Ol metjitde oturyp, gelenlere haýyr-yhsan paýlap oturmaly adam. Gutulmyş Mady muhtasybyň pikirini makul hasaplaýardy. Häkim daşdan sada bolup görünse-de, onuň ýeterlik derejede aýlawlary bardy. Ol adamyň içini okamagy başarýardy. Gaşyna gelen kişiniň näjüre adamdygyny, näme iş bilen gelendigini, onuň bilen nähili äheňde gürleşseň gowy boljakdygyny bilýärdi. Şaho kakasyndan haýyş etdi: — Dawut damylla, goý, maňa atabeglik etsin. Meniň aşa ylymly gyz bolasym gelýär. Millet ylmyny-da bilmek isleýärin. Diňe çaň bilen şadyýanda däl, beýleki saz gurallarynda-da saz çalmagy başarmak isleýärin. — Bolar, gyzym, bolar. Seniň islegiň öňünde garşy durup biljek däl. Sen Dawut, her şenbede ertirden günortana çenli gyzyma sapak ber. — Ýok, her gün. — «Her gün» diýme, gyzym. Dawut Madynyň ogluna-da sapak berýär. — Oňa sapak bermesin. — Her gün sapak geçilse ýadarsyň, ýüregiňe düşer. — Ýadamaryn, ýüregime düşmez. — Ilki başlaly. Galanyny durmuş görkezer. *** Gutulmyş häkimi synlamagy gowy görýärdi. Onuň bilen gürleşensoň, köplenç, kakasyny ýatlaýardy. Ony şeýle bir göresi gelýärdi. Gutulmyş şu ýaşa çenli kakasyndan aýry ýaşamandy. Ol her gün kakasynyň didaryny görerdi, ondan hyjuw alardy. Häzir kakasynyň Kelejar diýen ýerdedigine, oňa özüniň hemaýatynyň ýetmeýänligine kejigerdi. Ol özüniň muzdaryny — hyzmatkärini Kelejara gönderipdi. Muzdaryň maksady Kelejar galasynyň ýagdaýyny öwrenmekdi. Ol ýerde nähili tussaglaryň saklanýandygyny anyklamakdy. Aýratyn hem seljukly tussaglar hakda köpräk zat bilmekdi. Eger mümkin bolsa, olara egin-eşik, şeýle hem iýip-içer ýaly zatlary satyn alyp bermelidi. Muzdar galadan bir öýjagaz hem satyn almalydy. On üçünji bap Gutulmyş häkimiň öýüne ýygy-ýygydan barýandygyny muhtasypdan hem şäher kethudalaryndan gizläp saklamaga çalyşýardy, ýöne onuň bu islegi başa barmady. Kimdir biri bu hakda muhtasyba aýdypdyr. Wah, ony aýdan näbelli adam däl. Sahyp aýdypdyr ony. Muhtasyp Gutulmyşyň häkimiň öýüne günde-günaşa barýandygy hakda eşidende biçak gynanypdyr, soň muhtasyp ony ýanyna çagyryp, häkimiň öýüne näme üçin barýandygynyň sebäbini sorady. Gutulmyş bu sowalyň irde-giçde özüne beriljegini bilýärdi: — Aýtmaga dilim barmady... — Näme, näme? Aýtmaga dilim barmady?! Häkimem men barada sahybyňky ýaly ýaramaz pikirdemi? — Hawa, aly makam! — Näme diýýär ol? — «Men muhtasyba öýümi ynanyp gidýärin, ol bolsa meniň ynamymdan peýdalanyp, sandyklarymdan tyllalarymy ogurlaýar. Getirip berýänem özi, ogurlaýanam özi — diýýär. — Eger şol alan tyllalaryny getirip ýerinde goýmasa, onda men onuň ähli gazanan baýlygyny aljak, döwlet gaznasyna geçirjek» diýýär. — Hakyt şeýle diýip aýtdymy? — Eger ol aýtmadyk bolsa, onda men bu hakda nireden bileýin? — Onyň-a dogry. — Ol sizi yzarlaýan eken. — «Yzarlaýan eken» diýdiňmi? — Hawa, aly makam, yzarlaýan eken. Onda siziň kimden, haçan, näçe rişwet alandygyňyzyň hem ýazgysy bar. Siz häkime rişwet eltip beren günüňiziň ertesi... Muhtasyp ör-gökden gelip, Gutulmyşyň sözüni böldi. — «Rişwet getirip berýär» diýibem aýtdymy? — Aýtmadyk bolsa men ony bilmezdim-ä? Dogry diý. — Dogry. — Rişwet getirip beren günüňiziň ertesi ol sizi ýanyna çagyrýan eken. Öýündäki sakçylara bir günlük rugsat berip, hersini öýüne ugradýan eken. Özüniň gyzy bilen, kimdir biriniňkä meýlise gidýändigi sebäpli öýde garawulçylyk edip bermegi sizden haýyş edýän eken. Şeýdibem siziň ogurlyk etmegiňize şert döredýän eken. Ol siziň ýanyňyzda birki gezek sandyklaryny açyp, soň açarlaryny gowşudyň içine atypdyr. Sizem ony görüpsiňiz. Häkimiň maksadam ony size görkezmek eken. — Näme üçin? — Ol siziň halallygyňyzy, wepadarlygyňyzy barlap görmek isläpdir. Häkim öýden çykyp gidipdir. Soň gelibem ogrynlyk bilen sizi synlapdyr. — Näme üçin? — Ol siziň baýlykdan doýmagyňyza bil baglapdyr. Başda: «Goý, alsyn, baýasyn. Baýansoň meniň sandygymdan ogurlyk etmez» diýip pikir edipdir. Indem onuň pikiri başga. — Näme? — On üç ýyllap doýmadyk adam indem doýmaz diýen pikiri bar indi onuň. — Bu näme diýdigi bolýar? — Bu muhtasybyň sanalgyja güni galdy diýmek bolýar. Muhtasyp özüni aşak goýberdi. Gutulmyş sözüni dowam etdirdi: — Häkim «Hüşkiýardyr Zaryf hem muhtasybyň öz adamlary bolmaly» diýýär. — Näme? — Muhtasyp zöwwe ýerinden galdy. — Kim ol Hüşkiýar bilen Zaryf? — Wanadan gelen talaňçylar. Olar siziň buýrugyňyz esasynda talaňçylyk edýärmişler, siz hem olardan hums alýarmyşyňyz. Ine, şu etmişiňiz üçin sizi dardan asmak hakda pikir edýär. Häkim soltana ýüzlenmek isleýär. — Wanaly talaňçylary men tanamog-a, men olary göremogam. — Bu sözüňize-hä menem hä berip biljek däl. — Näme, näme? — Sebäbi olar siziň bazaryňyzdan çykanoklar. — Sen ony nireden bilýärsiň? — Düýn olar meniň ýanyma geldiler. — Näme üçin maňa aýtmadyň? — Men siz bilýänsiňiz öýtdüm. Sebäbi olar siziň adamlaryňyz bilen bile otyr ekenler. — Dawut, sen meni däliredersiň — diýip, muhtasyp Mady öwhüldedi: — Näme hakda gürrüň etdiler? — Ýüz elli düýe ýük hakda gürrüň etdiler. — Sen maňa özüňe aýdylan sözleri däl-de, men hakda näme diýendiklerini aýt! — Olar sizi gowy görýärler, öz adamlary hasap edýärler. — Düşnükli, häkime bu hakda aýdan hem sen bolmaly. — Men bu hakda häkime ýeke agyzam söz aýdamok. Çünki ol menden bu hakda hiç zat soramady. Ýöne men size bir zat aýdaýyn. Siz wanaly alamanlary gowy görseňizem, olar sizi gowy görenok. Olar siziň öldürilmegiňizi, ýeriňize başga biriniň bellenmegini isleýärler. — Kimiň? Seniňmi? — Dogry, meniň. — Hä, olar ýüz elli düýe ýük üçin saňa ýagşylyk etjek bolýandyrlar. Dawut, ynan maňa, ene süýdünden ant içýän, meniň wanaly alamanlar bilen hiç hili alakam ýok. Wah, men olary bir görsedim, ählisini dardan asardym. Olardan ýaňa gan aglamaýan adam ýog-a. — Aly makam, olary men size görkezip bilerin. Ýöne olaryň maňa-da töhmet atmaklary mümkindir. Olar ýüz elli düýe ýüki boýun almak islänoklar. — Näme üçin? — Olar maňa gaty ýowuz şert goýýarlar. — O nähili şert? — Olar: «Muhtasypdan ýaňa bizar bolduk. Ol biziň ganymyzy sorýar. Näçe rişwet tölesegem ol az görýär. Onda ynsap ýok. Şu gün rişwet berseň, ol ertir ýene rişwet talap edip üstümize haýbat atyp dur. Şonuň üçinem biz ony gümlemekçi, öýüni otlamakçy» diýdiler. Onuň ýerine sen muhtasyp bol. Seniň muhtasyp bolmagyň üçin biz degişli kethudalara rişwet bereris. Şonuň üçinem sen biziň öz adamymyz bolarsyň» diýdiler. Men garşy çykdym. Olar: «Eger biziň aýdanymyzy etmeseň, garşy çyksaň, onda biz saňa ýowuz töhmet atarys» diýýärler. Men-ä dogrusy gorkmanam duramok. Olar maňa: «Eger biziň aýdanymyzy etmeseň, onda biz häkime: «Dawut täjir däl, onuň ýüz elli düýe ýüki Ardandabdan geçmändir. Jürjaniýada onuň ýaly täjir ýok» diýip aýdarys. Onsoň biziň sözümiziň anygyna ýetmek üçin, goý, Horezmine gitsinler. Muny anyklap gelýänçäler bir ýyl geçer. Bir ýyllap zyndanda oturarsyň» diýýärler. Men olara: «Goý, Horezmine gitsinler, barlasynlar. Şonda meniň hakdygyma göz ýetirerler» diýýärin. Onda olar: «Biz ähli zatlar anyklanýança seni zyndana okladarys. Zyndanda biziň öz adamlarymyz bar. Ol ýerde biziň adamlarymyz seni gynap öldürerler» diýýärler. Men-ä, aly makam, gorkýaryn. — Nämeden gorkýarsyň? — Men özümden gorkmaýaryn, ölümden-de gorkmaýaryn. Men, aly makam, size bir zat bolmagyndan gorkýaryn. Men iň soňky demime çenli sizi goraryn. — Sen olary maňa görkez. Yzyny özüm oňararyn, olaryň ýeke sözüne-de gulak asmaryn. — Olar sizi öldürmek barada meniň bilen öňümizdäki aýyň birinji juma güni öýleden soň bazaryň demirgazyk tarapynda duşuşmak isleýärler. — Bu hakda hiç kime hiç zat aýtma. Ähli zady özüm ederin. — Gulluk, aly makam!.. On dördünji bap Mady muhtasyp bütinleý üýtgedi: Gutulmyşy görende saňňyldady, oňa ýaranmaga çalyşdy. Her bir ädimini onuň bilen maslahatlaşyp ätdi. — Dawut, häkim geçirimli, sahawatly adam. — Mady muhtasyp häkimi mydama «çişik» diýip atlandyrýardy, bu gün welin şol edehädini saklamady. Geljekki gaýynataňa «çişik» diýmek gelşiksiz ahbetin! — Biziň häkimimiz ýaly gowy, geçirimli, öňdengörüji, parasatly ikinji bir häkim hiç bir ýerde-de ýokdur diýjek men-ä!. — Hak aýtdyňyz. — Sen meniň şu pikirimi häkime aýt. Özem göni şu gün aýt. — Aýdaryn, aly makam! Ýöne onuň meni haçan çagyrjagyny bilmeýärin. — Çagyrmasa-da bar. Muhtasyp: «Merhemetli häkimimiz geçirimli, parasatly, pähim-paýhasly, sahawatly diýdi» diý. Meniň sözlerimi aýt! Hökman aýt. Birden ýadyňdan çykaraýma. — Aýdaryn, hökman aýdaryn, ýadymdan çykarmaryn, aly makam! — Häzir ýör, meniň öýüme baraly. Seniň bilen maslahatlaşjak zadym bar meniň. Muhtasyp Gutulmyşy yzyna tirkäp öýüne bardy. Iki sany ullakan sandygy açyp, şeýle diýdi: — Ine, gör, gör, iki sandyk altyn-kümüş. Men şu iki sandygy häkime peşgeş bermek isleýärin. Sen meniň bu pikirimi nähili-niçik görýärsiň?! — Beýle zatlary özüňiz çözüň. Men ýönekeý gullukçy... — Ýok, ýok, sen beýle diýme. Sen ýönekeý gullukçy däl. Sen örän akylly kişi. Sen örän köp zatlary bilýärsiň. — Elbetde, muhtasyp bu sözleri aýtmak islemeýärdi, ýöne häzirki düşen güni welin ony şu sözleri aýtmaga, hakykaty açyk boýun almaga mejbur edýärdi. — Seniň başarýan zadyňy Mukurda başarjak ikinji bir adamy men görmeýärin. Men bu baýlygy gorkudan beremok, ýok, men bu baýlyklar, lagly-jowahyrlar bilen häkimiň gyzy Şahony özüme imrikdirmek isleýärin. Men seniň sawçy bolmagyňy isleýärin. Gutulmyş nämä garaşsa-da, muhtasypdan bu söze garaşmandy: —Siz onuň nämesini haladyňyz?! — Men ol bir tokga etiň — Şahonyň hiç zadynam halamok, ýöne men oňa öýlenip, rahat ýaşamak isleýärin. — Siz häzirem rahat ýaşaýarsyňyz ahyryn. Siz häkim bilen ýegre dost. Siziň dostlugyňyza köpleriň gözi gidýär. — Biziň dostlugymyz — aýy dostlugy. Bu dostlugyň üýtgewsiz durjakdygyna kepilim ýok meniň. Ertirki gün herki zadyň bolmagy mümkin. Biziň dostlugymyzyň goragy, berk sütüni ýok. Eger men Aliligiň gyzyny hatyn edinsem, onda ol maňa ýamanlyk edip bilmez. Maňa-da onuň ýamanlyk etmezligi gerek. Sen häzir meniň bilen häkimiň öýüne git, meniň aýt diýen zatlarymy oňa aýdarsyň. Gutulmyş razylaşdy. Iki sany içi dinarly, dirhemli sandyk. Olaryň hersini sekiz sany mazdur hazzar göterip häkimiň öýüne eltdi. Muhtasyp sandyklary häkimiň öňünde açdy. Dinarlar, dirhemler lowurdaşyp içerä ýalkym saçdy. Şaho bu baýlyklary görüp begendi: — Mertebeli muhtasyp, siz juda üýtgeşik adam, siz juda gowy adam. Siz sahy adam... Häkim welin bu baýlyklary görüp, ör-gökden geldi: — Bu näme? Bularyň dinar bilen dirhemdigini häkim bilýär, ýöne ol bu sandyklary, bu baýlyklary näme üçin meniň öýüme getirdiňiz diýmek islän bolsa gerek. Muhtasyp häkimiň sowalyna dabaraly jogap berdi: — Merhemetli häkim! Merhemetli Alilik! Sen meniň üçin hem dogan, hem dost, hem howandar, hem razdar. Biziň dostlugymyz hakda Mukurda bilmeýän ýok. «Häkim, sahyp, muhtasyp üçüsi dogan ýaly gatnaşýar. Ol üçüsiniň içen suwlary aýry gidenok» diýip gürrüň edýärler. Elbetde, bize gözi gidýän, bahylçylyk edýän şihnepisint, kazypisint adamlar kän. Şäheriň kazysy bilen şihnesi biziň üçlügimize goşulmak üçin hars urýar. Barybir, biz olary özümize dost saýyp bilmeýäris. Seniň ýaly, sahyp ýaly dostlarymyň bardygyna men biçak buýsanýaryn. Ynha, Dawut şaýat, men sen hakda mydama gowy sözleri aýdýaryn. «Biziň häkimimiz Alilik deýin beýik adamkärçilikli, parasatly häkim älemde ýokdur» diýýärin. Dogrumy, Dawut?! Hany aýt! — Dogry, aly makam: «Merhemetli häkimimiz öňdengörüji, parasatly, geçirimli» diýdi. — Hawa, men şeýle diýdim. Men hakyt şeýle diýip göni aýtdym. «Merhemetli häkimimiz öňdengörüji, parasatly, geçirimli» diýdim. Göni şeýle diýdim men. Merhemetli tagsyr, siz geçirimli häkim. Men bu hakda-da göni aýtdym. Siz içiňizde kine saklaýan adam däl. Elbetde, men baýlyga biraz gyzykdym, goýberen ýalňyşlyklaryma bu gün düşünýärin. Indi ýalňyşlyk goýbermejekdigime ant içýärin. Häkim geňirgendi: — Mady, sen näme barada gürleýärsiň? Haýsy ýalňyşlygyň gürrüňini edýärsiň? Men saňa düşünmedim-le? Muhtasyp bir häkime, birem Gutulmyşa şübhe bilen seretdi: — Ony özüňiz gowy bilýärsiňiz. — Wah, bilemok-da. Bilsem soramazdym-a. — Şeýlemi? — diýip, muhtasyp Gutulmyşa gahar hem gazap bilen nazar aýlady. — Men naýybym Dawuda ähli syrlarymy ynanýaryn. Siz onuň ýanynda hakykaty aýdypsyňyz. Ol maňa bar zady gürrüň berdi. Aýdan zatlaryňyz dogry. Men öz günämi boýun alýaryn. Günämi ötmegiňizi towakga edýärin. Eger günämi ötseňiz, onda galan ömrüme size, soltanata, soltana wepaly hyzmat etmäge söz berýärin. — Mady, men seniň bitirýän işleriňden örän razydyryn. Sen şäherde adalatyň, asudalygyň saklanmagy üçin gije-gündiz alada edýärsiň. Men welaýatdan, soltanatdan gelen wekillere-de senden minnetdardygymy aýtdym. Men hiç wagt senden närazy bolup ýeňsäňden gürrüň etmedim. Eger men senden närazy bolsam, onda men ony göni seniň ýüzüňe aýdaryn. Men senden hiç zat hantama däl. Bu sandyklary näme üçin getirdiň? Muhtasyp gaty çykgynsyz güne düşdi. Ol häkimden beýle söze asla garaşmandy. — Men bu iki sandygy size sowgat-hedýe getirdim, merhemetli tagsyr. Kabul ediň! — Muhtasyp bu sözleri gaty kynlyk bilen aýtdy. — Bu sandykdaky lagly-jowahyrlar, göwherler, altynlar, dogrymy aýtsam, Şahonyňky! Bu lowurdaşyp duran owadan daşlar Şaho deýin owadan. Bu owadan daşlar Şaho deýin gymmatly. Men Şahony gowy görýärin, bu baýlyklary-da men Şaho üçin getirdim. Mydama göwnühoşlukda ýaşalyň. Şahonyň ýüzi mydama gülüp dursun. — Munyň aşa köp. — Aşa köp öz-ä... Dogry... Içi dinardyr dirhemden, gymmatbaha daşlardan doly iki sandygy häkimiň öýünde goýup daşaryk çykan muhtasyp Gutulmyşyň üstüne topuldy. — Sen meni aldapsyň. — Eger häkim aýtmadyk bolsa, men siziň eden ogurlyklaryňyzy nädip bileýin? Häkim sadasyraýar. Ýöne ol ähli zady bilip otyr. Siz onuň häsiýetine beled-ä! Ol häzirem sizi synap görmek üçin hiç bir zady bilmedikden boldy. Häkimiň ýaňky sözlerine güp ynanyp sandyklaryňyzy yzyna alyp gaýdan bolsaňyz, onda siz öýüňize ýetmänkäňiz ýok edilerdiňiz. — Şeýlemi ýa? — Eýsem näme! Madynyň şübhesi doly aýrylmady, ýöne Şaho öýlenjekdiginiň hatyrasyna dymdy. Onuň öz hasaby bardy. Eger ol Şaho öýlense, onda diňe bir elten iki sandyk baýlygynyň däl, Alilik çişigiň ähli baýlygynyň özüniňki boljakdygyna berk ynanýardy. — Sawçylyga barmak üçin häzir iň gowy pursat. Sen göni häkimiň ýanyna bar. Gutulmyş Mady muhtasybyň raýyny ýykmady, häkimiň öýüne ugrady. Alilik Gutulmyşy güler ýüz bilen garşy aldy. Onuň bilen ýürekdeş söhbet etmek isledi. Ýöne ýürekdeş söhbet bolmady, Gutulmyş onuň asla garaşmadyk habaryny aýtdy: — Aly makam, bir habary aýtmaga rugsat ediň. — Aýdyber, aýdyber! — Aly makam, Mady muhtasyp siziň bilen garyndaşlyk açmak isleýär. Şu maksat bilen ol meni siziň huzuryňyza osmakçy hem sawçy ýollady. — Näme, näme? — Muhtasyp siziň gyzyňyz Şaho öýlenmek isleýär. Häkim nämä garaşsa-da, beýle habara garaşmandy, onda-da Gutulmyşdan garaşmandy. Ol bu habary serinde aýlap, uludan demini aldy: — Oňarmadyň, Dawut, oňarmadyň. Men Şaho üçin Madynyň däl-de, seniň söz aýdaryňa garaşyp ýördüm. Häkim başyny aşak salyp uzak oturdy, soňam gyzyny ýanyna çagyrdy, oňa muhtasybyň habaryny ýetirdi. Şahonyň tas ýüregi ýarylypdy: — Dawut, çynyňmy? Ýok, ýok, men ölerin, ýöne onuň hatyny bolmaryn... — Şaho ýene nämedir bir zatlar aýtmakçy boldy, ýöne dyňzap gelen gözýaş ony gepletmedi. Ol aglap öz otagyna gitdi. On bäşinji bap Welaýat diwanyndan gelen wekiliň gatnaşmagynda Mukur şäherinde mejlis geçirildi. Mejlis häkimligiň gaznasynyň sahybyny wezipesinden boşadyp, ydrara61 ugratmak hakyndady. Sahyp, hakykatdan hem soňky döwür garrylygy sebäpli ýarawsyzdy. Öňküsi ýaly işläp bilmeýärdi. Welaýat diwany sahyba ýylda bäş ýüz dinar ydrar belläp, işden boşadýardy. Welaýat diwany onuň bitiren, eden hyzmatlaryna uly minnetdarlyk bildirip, halat-serpaý ýapdy. Mejlisde şäher gaznasynyň sahyby wezipesine Dawut beg bellenildi. Özem onuň bu wezipä bellenmegini öňki sahyp bilen häkim teklip etdi. Mejlisden soňky zyýapatda häkim täze sahyby öwmek öwdi. Häkimiň şol sözünden soň adamlaryň Gutulmyşa bolan garaýyşlary hasam özgerdi. Ähli kişiniň Gutulmyşa gözi gidýärdi. Häkimiň aýdan sözleri dilden-dile geçýärdi. Onuň adam saýlap bilýändigini mahabatlandyrýardylar. Häkimiň aýdan sözi ýöne-möne söz däldi. Ol öz wezipesini diňe Gutulmyşa ynanyp biljekdigini, onuň häkimlige mynasypdygyny nygtady. Zyýapatda şatlyk-şagalaň, gülki hökmürowanlyk edýän-de bolsa, häkimiň öýünde harasat gopýardy. Şaho ýaka ýyrtyp aglaýardy. Ony akgyzlar köşeşdirip bilmänlerinden soň, häkime habar ýetirdiler: — Gyzyňyz özüni öldürjek bolýar. Häkim görgüli agyr göwresine gelişmeýän hereketler edip öýüne bakan ýumlukdy. Dogrudanam, Şahonyň haly perişandy. Aglamakdan ýaňa gözleri gyzaryp gidipdir, gabaklary ýellenipdir. — Näme boldy, gyzym?! Şaho kakasynyň üznüksiz sowalyna wagty bilen jogap bermedi. Kakasyny gujaklap aglamak aglady. — Aýt, gyzym, kim seniň göwnüňe degdi? — diýip, häkim, gör, näçinji gezek gyzyndan sorady. Şaho ahyr jogap berdi: — Dawut! — Näme diýdi ol? Näme etdi ol? Şaho muňa jogap bermän, ýene hünibirýan aglamasyny dowam etdi. Häkim hadymyna buýurdy: — Dawudy tapyp şu ýere getir! Dessine Dawudy tapyp getirdiler. Ol dünýäden bihabar. Häkim gaharly sorady: — Sen meniň gyzyma näme etdiň? — Hiç zat! — Näme diýdiň? — Hiç zat! Gutulmyş entegem nämäniň-nämedigine düşünip bilenokdy. Wah, gyzynyň näme üçin aglaýandygyna häkimiň özem düşünip bilenokdy. Ýöne ol gyzyny Dawudyň şu ahwala düşmäge mejbur edendigini bilýär. Sebäbi ony gyzy aýtdy. — Gyzym, hany, aýt, Dawut seniň göwnüňe degdimi? — Göwnüme degdi, göwnüme! — Şaho, men seniň nädip göwnüňe degdim?! Men seniň göwnüňe degmek islemeýärin. Eger bilmän göwnüňe degen bolsam, onda men senden ötünç soraýaryn. — Maňa seniň ötünjiň gerek däl. — Onda saňa näme gerek? Şaho bir düwünçegi Gutulmyşyň öňüne oklady: — Bu näme, Şaho? — Şonuň nämedigini bileňokmy? Dinar! — Sen muny näme üçin berýärsiň? — Bar, şu dinarlary syga ganjyga eltip ber. Ol ganjyk häziriň özünde seniň öýüňden gümüni çeksin. — Sen ony nireden bilýärsiň? — diýip, Gutulmyş ör-gökden geldi. — Gyzym, Dawut nähili ýaşamak islese, goý, şonuň ýaly ýaşasyn. Biz onuň maşgala durmuşyna goşulmaly. — Onda men özümi öldürjek! — Ýok, ýok, gyzym, beýtme! Sen Dawudy çykgynsyz güne salýarsyň. Şaho ýene hünübirýan aglamaga başlady. Bu gezek ol has batly aglady. — Gyzym, aglama, ähli zatlar seniň isleýşiň ýaly bolar. Goý, aglama. — Häkim gapdalda duran mazdar gyza ýüzlendi: — Kim Şahonyň ýüregini çişirdi? — Hiç kim, tagsyrym. — Ir bilenem ýagdaýy gowudy ahyryn?! — Melikämiz Dawut naýybyň külbesine bardy. Görse, ol ýerde bir hatyn bar eken. Ol Dawut bilen syga nikasyny baglaşypdyr. Melikämiz ony südenekledip kowdy. O gelin gitmejek boldy. Muňa melikämiziň biçak gahary geldi. Onsoň, ony tä özünden gidýänçä urdy. Şondan bärem ýöne aglap otyr. — Düşnükli! — diýip, häkim Alilik uludan demini aldy. — Dawut, gyzym saňa magşuk bolupdyr. Sen gyzyma eýe çyk, walwaryň62 hem gerek däl. — Gözüm üstüne! Dawudyň bu sözünden soň häkim ekezlendi: — Şaho! Loý Ahtar baýramçylygyna çenli toý taýýarlygyňy gör! Şahonyň sesi tapba kesildi. — Şahony Dawuda berjek! Muzdarlar, ähliňiz toýa taýýarlyk görüň! Gutulmyş Şahonyň gözüniň ýaşyny süpürdi: — Sen razymy?! Şaho sesini çykarman esli salym oturdy. Gutulmyş sowalyny gaýtalady: — Şaho, sen razymy? — Şu günden başlap şo külbä gaýdyp barma. Ol ýerde nämäň bolsa, muzdarlar alyp gelerler. — Men ýeke gezek baryp gaýdaýyn, soň gitmäýin. — Ýok, ýeke gezegem gitme, eger gitseň, onda men özümi öldürjek. — Men ol külbäniň aşagynda altyn gömüp gaýtdym. Şol altynlarymy beri alyp gaýdaýyn. — Ýok, gerek däl! — Onda ony biri alar! — Kim alsa, şol alsyn. Sen şol syga lolynyň ýanyna gitme! Muhyt däbi bolsun, bizde ýaşa! — Muhyt däbi boýunça ýigidi öýerjek bolanlarynda walwar bermän, gyza derek gyz berýärler. — Onda biziň bu ýagdaýymyzy nähili isleseň, şonuň ýaly atlandyr, ýöne sen hiç ýerik gitmän şu ýerde ýaşa! Gutulmyşa ylalaşaýmakdan başga alaç ýokdy. Loý Ahtar baýramynyň ýakynlaşmagy bilen toý dabaralary başlandy. On bäş günläp toýa taýýarlyk görüldi. On bäş günden soň şowhun-şagalaňy dag aşan toý toýlandy. Ähli mukurlylar toýa gatnaşdy. Toý ýedi gije-gündiz dowam etdi. Häkim muhtasybyň soňky getiren iki sandyk altyn-kümşüni giýewsine hedýe berdi. On altynjy bap Indi onuň Mukurda ýeke günem durasy gelenokdy. Ol gitmek hakda Şaho aýdypdy. Şahonyň, elbetde, kakasyndan aýry düşesi gelenokdy, ýöne ol Gutulmyş näme diýse, özüniň är emrine boýun sunjakdygyny, adamsyna ömrüniň iň soňuna çenli wepadarlyk, yhlas bilen hyzmat etjekdigini nygtaýardy. Olar bu hakda Alilik häkime-de aýdypdylar. Ol bu habary eşidip biçak gyýlypdy. — Meniň üçin iň esasy zat gyzymyň bagtly ýaşamagy. Eger gyzym şu ýerde galsa, onda ol galan ömrüni tukatlykda geçirer. Ol Dawut bilen bagtyýarlykda ýaşar. Men muny açyk duýýaryn. Elbetde, men siziň şu ýerde ýaşamagyňyzy isleýärin, ýöne ykbal öz hökümini ýöredýär. Şonuň üçin mende takdyra ten bermekden başga çäre ýok. Gidibermelidi. Ýöne Gutulmyşy saklaýan bir zat bardy. Ol hem wanaly alamanlar. Gutulmyşa başda wanaly alamanlar diýlen gürrüň ýalan ýaly duýlupdy. Soň görüp otursa, wanaly alamanlardan ýaňa gan aglaýan adamlar kän eken. Gutulmyş şol gan aglaýan adamlara ýagşylyk etmek, wanaly alamanlary ele salmak we şäher şihnesine tabşyrmak, şeýdibem mukurlylary hemişe howpda ýaşamakdan halas etmek isleýärdi. Gutulmyş özüniň bu maksadyny muhtasyba, şihnä aýtdy. — Özem bu işi şäheriň şihnesiniň esgerleri bilen däl, şäheriň meýletinlerini jemläp olar bilen Alynyň ala meýdanyna çykmak isleýärin. — Örän gowy pikir. Örän gowy pikir — diýip muhtasyp ony goldady. — Biz şihne bilen saňa nähili kömek diýseň bereris. — Maňa hiç hili kömek gerek däl. Maňa sizden ýekeje zat gerek. — Näme? — Rugsat berseňiz bolany. — Rugsat berýäris — diýip, şihne aýtdy. — Häkime, aly makam, özüňiz aýdarsyňyz-da?! — Dawut, ol seniň bu pikiriňe kes-kelläm garşy çykar, şonuň üçin oňa hiç zat aýtmaly. Goý, ol iň soňunda, boljak iş bolandan soň bilip galsyn. — Onda men sähetli gün — çarşenbe güni meýletinçileri ýygnap ugraýaryn. Elli sany adam ýygnasam ýeterlik bolar. — Men saňa ýatagan tapmaga-da, adam jemlemäge-de ýardam bererin. Gutulmyş muhtasyp bilen şihnäniň ýüzüne soragly bakdy: — Siz näme üçin wanaly alamanlary şunça wagtlap tutman ýörsüňiz? — Onuň sebäbi häkimimiziň geçirimliligi. Ol hiç kimiň göwnüne degmezlige çalyşýar. Netijede bolsa, käte birnäçe adam betbagtçylyga uçraýar. Şol günüň ertesi häkim Gutulmyşa garaşmadyk sowalyny berdi: — Dawut, wanalylary tutmak üçin adam ýygnajakmyşyň diýip şäherde myş-myş ýaýrapdyr-la? — Myş-myş däl, hakykat ol. — Bu işi saňa kim tabşyrdy? — Hiç kim, ýöne Horezmine gitmezimden burun mukurlylary wanaly alamanlardan halas etmegi makul tapdym. — Oglum, Dawut, sen bu işe goşulma. — Merhemetli tagsyrym, men lebiz etdim. Men indi sözümden dänip biljek däl. — Sen şäherde adam jemlemegiň, goşun düzmegiň gadagandygyny bilmeýärsiňmi? — Bilýärin. — Onda näme üçin jenaýatçylykly işe baş goşjak bolýarsyň? Rast gitjekmi, sen hiç hili töwekgellik etmän git. Wanalylar bilen garpyşsaň, soňunyň nähili boljagyny sen bilmeýärsiň ahyryn. Men seniň betbagtçylyga uçramagyňy islemeýärin. Gutulmyş häkimiň bu sözlerini halamady. «Belki wanaly alamanlary goldap ýören häkim bolaýmasyn?» diýen pikir Gutulmyşyň aňyndan aýrylmady. On ýedinji bap Agşam Şaho Gutulmyşyň öňünden perişan, gözi ýaşly halda çykdy. — Şaho, saňa näme boldy? Kim seni perişan hala saldy? Men derrew onuň çamalagyny çaşyryn. — Çaşyr! — Kim? — Meniň ärim — Dawut. — Näme etmiş edipdir ol mähriban adam? — Ol mähriban adam meni betbagt etjek bolýar. — Nädip? — Meni ärsiz goýup. — Dawut onuň ýaly ýaramaz iş etmez. Men oňa belet. Ol hatynyny örän gowy görýär. Ony ýany bilen alyp gitjek bolup ýör. — Şaho ertir gitmek isleýär. — Dawudyň möhüm işi bar. — Şol möhüm işden ganyň ysy gelýär. Men şol işden biçak gorkýaryn. Ýalbarýaryn, hiç bir zada baş galdyrman gideliň. Bu ýeke meniň islegim däl, bu babamyň hem islegi. Eger ylalaşmasaňyz, onda yzynyň erbetlik bilen gutarmagy mümkin. — Men seniň göwnüňi ýykmak islemeýärin, Şaho şahym. Men gaýynatamyň — häkimiň hem garşysyna gitmek islemeýärin, ýöne, Şahym, sen maňa dogry düşün, men Mukurdan döwlet tapdym. Mukurlylar meni goldadylar, maňa sapak berdiler. Maňa duz-ýüz berdiler. Men bu gün Mukurdan gözümi ýumup gitmäge ynsabym çatanok. Meniň alan terbiýäm, meniň dünýäm şeýle. Indi meni üýtgedip bolmaz. Sen maňa düşünjek bol! Men maşgalamyň adamy däl. Men il-günüň adamy. Men adamlara, külli musulmanlara ýagşylyk etmeli diýen düşünje bilen ýaşaýaryn. Eger men häzir seniň başyň saglygy, öz başymyň saglygy, gaýynatamyň başynyň saglygy üçin tutuş Mukur sebitinde talaňçylyk edip ýören alamanlara garşy çykman gitsem, onda meniň ömrümiň manysy çüpreýär. Onuň ýaly ýaşaýşyň — sen göwnüňe hiç zat getirme — maňa jinnek ýaly-da geregi ýok. Şaho uzak dymdy. Soňam: — Men size düşünýärin. Siz näme etseňiz, siz näme diýseňiz men şoňa kany — diýdi. Şol günüň ertesi ataly-gyz uzak gürrüň etdi. Gutulmyş olaryň gürrüňine goşulmady. Aglamakdan ýaňa Şahonyň gabaklary ýellenip gidipdir. Gutulmyş ata bilen gyzyň arasynda agyr gürrüňiň bolandygyny aňdy. Şaho atasy bilen bolan gürrüň hakda hiç zat aýtmady. Ol düýpgöter başga söz aýtdy: — Men beýik Perwerdigärden Oguzyň beýik ärine hatyn bolmak takdyryny berendigi üçin müň keren razydyryn. Gutulmyş hatynyna buýsanç bilen seretdi. Ony gujaklady. Olar şol gije adatdakylaryndan biraz giç düşege geçdiler. Gutulmyş başyny ýassyga goýan dessine süýji uka batdy. Şahonyň welin, ukusy tutmady. Onda nähilidir bir biynjalyklyk bardy. Näme üçindir, ýüregi agzyndan çykyp barýardy. On sekizinji bap Dawut (Gutulmyş) üstüni basdyrdy: ondan gowrak adam üstüne döküldi. Nämäniň-nämedigini saýgarýança onuň el-aýagyny daňdylar, soňam ony göterip daşaryk çykardylar. Atyň üstüne keseligine basyp, derrew şäherden alyp çykdylar. Daşarda atlary saklap, garaşyp duran adamlaram on töweregi bardy. Olar Dawudyň muzdarlaryny öldüripdirler. Atlylar seslerini çykarman gidip barýardylar. El-aýagyň daňylgy halda atyň üstüne keseligine ýatmak oňaýsyzdy. Gygyraýmasyn diýen ätiýaç bilen agzyna dykylan esgi, onuň üstünden daňylan ýaglyk onuň dem almasyny hem kynlaşdyrýardy. Atlylar uzak gitdiler. Uzak gije ýol ýörediler. Hiç kim Gutulmyşyň halyndan habar almady. Gaýtam onuň gapdaly bilen atyny çapdyryp barýanlaryň biri birki gezek Gutulmyşy gamçylady, yzyndan hem wahahaýlap güldi. Gutulmyş insizje dag ýoly bilen barylýandygyny aňdy. Ýoda jülgäniň içi bilen barýan bolarly. Daş ýodada at toýnaklarynyň sesleri jülgede ýaňlanyp, has haýbatly çykýardy. Ahyry barylmaly ýere baryldy. Bu ýerde adam ýaşaýana meňzemeýärdi. Çünki töwerekden obanyň, adamlaryň ysy gelmeýärdi. Oňa derek sähralygyň buzgunç ysy gelýärdi. Bu buzgunçlykda tämizlik, janrubalyk bardy. Gutulmyşy atdan düşürip, aýagynyň daňysyny çözdüler. Ony äpet gowaga alyp girdiler. Gowakda dört-bäş adam bardy. Gutulmyş oduň ýagtysyna Hüşkiýar bilen Zaryfy tanady. Olar oduň başynda jaýlaşykly ornaşanlaryndan soň Hüşkiýar Gutulmyşy saklap duranlara yşarat etdi. Hüşkiýaryň öndemesinden soň Gutulmyşyň üstüne ýaraly ýolbars ýaly bolup topuldylar. Her kim onuň çem gelen ýerine urýardy, depýärdi. Dört-bäş sany alaman eli daňylgy Gutulmyşy hezil edip urdy, ýykylandan soň bolsa, ony ýetişibildiginden depdiler. Gutulmyşy birmeýdan uranlaryndan soň, Hüşkiýar ýene bes ediň diýen terzde ellerini öndedi. Şondan soň Gutulmyşy süýräp Hüşkiýar bilen Zaryfyň ýanyna eltdiler. Gutulmyşyň çep çekgesinden gan akýardy. Endam-jany zerzawdy. Agyrmaýan ýerinden agyrýan ýeri köpdi. Esli salym Gutulmyşy synlap oturan Hüşkiýar kinaýatly gürledi: — Belki ýene mugjyza-jadygöýlük görkezip, gürüm-jürüm bolarsyň? Näme üçin otyrsyň? Gutulmyş jogap bermedi. Hüşkiýaryň sowalyny Zaryf gaýtalady. — Siziň menden näme isleýändigiňizi bileýin... — Gutulmyş sözüni soňlap bilmedi, onuň gürlemegine döwlen iki azy dişi päsgel berdi. Ol iki dişini dili bilen jübütledi-de, bat bilen Hüşkiýaryň ýüzüne tüýkürdi. Onuň iki dişiniň biri Hüşkiýaryň gözüne baryp çümdi. Hüşkiýar: — Waý! — diýip, zöwwe ýerinden galdy, gözüne çümen dişi oda oklap goýberdi. — Bu näme etdigiň boldy, pidul? — Sen meniň dişimi döwdüň! — Öljek bolup durkaň dişiň döwülende-döwülmände parhy näme? Ýa o dünýäň perizatlarynyň öňünde özüňi dokuzy düzüw halda görkezmek isleýärsiňmi? Sen meniň gözümi nätdiň? — Seniň ýene alty gün ömrüň galdy. Saňa gözüň geregi ýok. — Kim sen? — diýip, Zaryf haýbat atdy. — Meniň kimdigim bilen siziň ne işiňiz bar? — Işimiz bar. Işimiz bolmasa soramazdyk. Biz ähli zatlary anykladyk. Seniň aýdan günüň — kowus aýynyň on dördünde Argandab derýasyndan ýüz elli düýe geçmändir. Şol aýdan senäňden on bäş gün öňem geçmändir, on bäş gün soňam geçmändir. Eger sen jürjaniýaly täjir bolmasaň, onda sen kim? Sen Mukura nädip düşdüň? Näme üçin Mukura geldiň? Seni Mukura kim gönderdi? Näme üçin gönderdi? — Siziň meniň kimdigim bilen gyzyklanmagyňyz meniň üçin gaty syrly görünýär. Eger şu sowaly etrabyň şihnesi berse, onda men bu sowala geň galmazdym. Çünki onuň şeýle sowal bermäge haky bar, ýöne talaňçyny meniň kimdigim näme üçin gyzyklandyrýar? — Sen bize töhmet atdyň. Biz ýüz elli düýe ýüki talamadyk. — Men sizden ýüz elli düýe ýükümi talap etdimmi? — Ýok zady nädip talap etjek?! Hüşkiýar bat bilen Gutulmyşyň döşüne depdi: — Sen nä bize sorag beren bolýarsyň? Biz seniň sowallaryňa jogap bermek üçin seni şu ýere alyp geldikmi? Seniň bize sorag bermäge hakyň ýok. Soragy diňe biz berýäris. Gutulmyş hazzar garysyna galdy: — Eý, imansyzlar, meniň elimi çözüň! Siz ýigrimi bäş, men ýeke. Şunça adam bolup, meniň elimi daňyp urmaga utanaňzokmy? — Sen ýene bize sorag berýärsiňmi? — diýip, Hüşkiýar ýene Gutulmyşy batly depdi. Gutulmyşy oturtdylar. Üstüne iki küýze suw guýdular. — Eý, sen kim? Sen Gaznadan geldiňmi? Eger Gaznadan gelen bolsaň, onda seni haýsy maksat bilen ugratdylar? Adyň näme? Ine, biziň şu sowallarymyza jogap berýänçäň biz seni urjak, gynajak, sütem etjek. Tä ölýänçäň! Zaryf Hüşkiýaryň sözüni goldady, Soňam: — Başlaber, nämä dursuň? — diýip gygyrdy. — Men siziň bu soragyňyza Mukuryň çar bazarynda jogap berdim. Şol aýdanlarymyň üstüne ýekeje agyz goşjak sözüm ýok. — Ony häzir bileris! — diýip, Hüşkiýar öz ýigitlerine baş atdy. Bu baş atma «Gutulmyşy tä hakykaty aýdýança gamçylaň!» diýip öndemekdi. Iki alaman iki ýerden eli arkasyna daňylan Gutulmyşy rehimsizlik bilen urmaga başlady. Gutulmyş birden ýerinden böküp turdy. Eliniň arkasyna daňylgydygyna seretmezden, ýanyndakylary aýagy bilen depmäge başlady. Ol şeýle bir ökdelik bilen hereket edýärdi welin, köpler onuň bir depende adamlary honda zyňyşyny görüp agyzlaryny açyp galdy. Ol üç alamany depip tükgerden soň, Hüşkiýaryň üstüne topuldy. Hüşkiýary depdi, ol alawlap ýanyp duran oduň üstüne atylyp düşdi. Diňe Hüşkiýar däl, başga-da bir alaman oduň üstüne ýykyldy. Iki kişiniň eşikleriniň oda tutaşmagy gowakda uly bir başagaýlyk döretdi. Oda soňky gaçan alaman sesiniň ýetdigine gygyryp, özüne kömek edilmegini haýyş edýärdi. Gutulmyş garaňkylykdan peýdalandy. * * * Seljuk begleriniň bitiren işleriniň käbiri mümkin däl zada, ýalana meňzeýärdi. Olaryň adamlar bilen başa-baş söweşde on-on bäş adama baş bermeýändigi ähli kişini haýrana goýýardy. Olar çagalykdan başlap diňe harby türgenleşik bilen ýaşaýardylar. Özleriniň saglygyny goraýardylar. Seljuklylaryň tas ählisi diýen ýaly hepdäniň duşenbe hem penşenbe günleri agyz bekleýärdi. Gutulmyşyň bazarda wanaly alamanlar Hüşkiýar bilen Zaryfa haýbat atmasy esassyz däldi. Ol ýigrimi bäş-otuz adamyň garşysyna çykmagy adaty garpyşyk hasap edýärdi. Seljuklylar haçanda darkaşa girende dözmezçilik, rehim diýen düşünjäni ýatlaryndan çykarýardylar. Gaty rehimsizlik bilen söweşýärdiler. Şeýle bolansoň, olaryň baran ýerlerinde duşmanlaryň köpüsi söweşmekden ellibizar geçip, gaçmak bilen bolýardylar. Gutulmyşyň bu günki darkaşy onuň üçin adaty bir darkaşdy, ýöne onuň böküp-böküp edýän hereketlerini, bir depende adamlaryň janyny alýandygyny görüp, wanaly alamanlar agyzlaryna uçuk gaýnadypdylar, olar gören ahwalatyny bütin ömürlerine ýatlaryndan çykarmasalar gerek. Gutulmyş aladaňdanlar elleri arkasyna daňylgy halda wanaly alamanlaryň biriniň atynda öýüne geldi. Öýünde adam bary ýygnanypdy. Häkim Gutulmyşyň eliniň daňysyny çözüp berdi. Onuň howlusyny gijelerine sekiz sany mirşep63 goraýardy. Mirşeplerden ikisi aman galypdyr. Galan alty mirşep, wanalylaryň iki sanysy howluda gara gan bolup ýatyrdylar. Gutulmyş üç-dört ýerinden ýaralanypdy. Ol öz ýarasy barada däl-de, hatyny Şahonyň düşen gününe ýanyp-bişýärdi. Şaho howludaky dükürdileri, gönderleriň, ýataganlaryň şarkyldylaryny eşidip howla çykypdy. Şonda hem wanaly talaňçylaryň biri ony mirşepdir öýdüp agyr ýaralapdy. Şaho şol ýaradan daňdan jan berdi. Häkime, şihnä, muhtasyba habar gönderildi. Olar dessine geldiler. Howludaky gara gana bulaşyp ýatanlary, giýewiniň agyr haldadygyny, gyzynyň wepatyny gören häkim aýylganç gygyrdy. Şihne talaňçylary hökman ele saljakdygyna häkimiň öňünde ant içdi. — Ýeriň deşigine girenem bolsa tapyň! Ýeriň deşigine girenem bolsa tapyň! — diýip, häkim şihnäniň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da silterledi. — Bu näme boldugy? Eý, Hudaý, bu näme boldugy! — Biz olary taparys, merhemetli tagsyrym — diýip, şihne häkimi köşeşdirmäge çalyşdy. — Wah, ol nejisleri dogram-dogram edeniňde-de meniň ýalňyz gyzym direlmez-ä! Wah, baryna men günäkär! Wah, meni öldürmeli, meni! Derrew tapyň olary! Öz elim bilen olary öldürmesem rahatlanmaryn men! On dokuzynjy bap Muhtasyp Mady Gutulmyşyň ýanyndan aýrylmady, onuň endamyna düşen üç-dört sany tyg ýarasyny «tikmek» üçin sähra äkitdi. Gözläp, atly garynjalaryň hinini tapdylar. Soňam muzdurlar Muhtasyba atly garynjalary ýeke-ýekeden tutup getirip berdiler. Mady hem Gutulmyşyň uzyn tyg ýarasyny atly garynjalar bilen «tikmäge» başlady: ol atly garynjalary gysyp, tyg ýarasynyň üstüne degirdi. Yzyndan gysylýandygyna gahary gelen atly garynja ýarany dişledi, şol dişlän pursady hem Muhtasyp atly garynjanyň boýnundan aşak tarapyny üzüp aýyrdy. Şeýdip otuz-kyrk atly garynjany ýaranyň bir gyrasyndan başlap, ahyryna çenli dişledip, dişlän dessine hem kellesini galdyryp, tyg ýarasyny «tikip» çykdy. Ine, uzyn tyg ýarasynyň üstüne uzyn monjuk goýlup çykylan ýaly bolup görünýär. Tikişlik — synagdan geçen, ýarany azmakdan, ganamakdan saklaýan tikişlik. Mady Gutulmyşyň ýanyndan aýrylmady, gijelerine onuň öýüniň töwereginde ýigrimiden gowrak mirşep goýdy. — Doganym, şu ömrümde seniň ýaly gowy adam görmedim men. Hyzmat etseň — seniň ýaly beýik bir äre etseň. Men seniň ýaly dogan isleýärin. Seni janymdanam eziz görýärin. Seniň üçin janymy bermeli bolsa, men gaşymy çytmazdan bererin, doganym. Men seni patyşa bolmaly beýik är hasaplaýaryn. Seniň janyň saglygyny men gije-gündiz ýatman goramaga taýýardyryn. Şu wagta çenli wanaly alamanlary ýok etmek barada häkimden görkezme bolmady, gaýtam, ol wanalylary gorady, goldady. Bu gün anyk görkezme berdi. Indi olary derrew ele salarys — diýip, Mady elewreýärdi. Gutulmyş ýagdaýy hernäçe agyr hem bolsa çydaýardy, öz ýagdaýy bilen deňeşdireniňde häkim Aliligiň ýagdaýy has agyrdy. Ol on günläp öýünden çykmady. Onuň öýünden çykmaga ýagdaýy-da ýokdy. Başyny ýassykdan galdyryp bilenokdy. Iki-üç sany lukman gije-gündiz ýanyndan aýrylanokdy. Ol ýanyna lukmanlardan hem-de Gutulmyşdan başga kişiniň goýberilmegini islänokdy. Ýegre dosty öňki sahyp, muhtasyp, şihne, kazy onuň halyndan habar almak, gyzynyň wepaty üçin gynanç bildirmek isleýärdi, ýöne häkim olar bilen duşuşmakdan kes-kelläm boýun towlaýardy. Şäher kethudalary öz habarlaryny diňe Gutulmyşyň üsti bilen ýetirip bilýärdiler. Şäher kethudalary her gün üýşüşip gelip, häkimiň howlusynyň öňünde hümürdeşip durýardylar. Häkim Alilik ýanyndan Gutulmyşyň aýrylmazlygyny isleýärdi. Nirädir bir ýere gitse, yzyndan hökman adam iberýärdi. Onsoň, ol häkimiň ýanynda oturýardy, oňa, köplenç, saz çalyp berýärdi. Ol häkimiň perişan halyna gynanýardy. Perişde hasaplap ýören adamynyň alamanlar bilen gatnaşyk saklandygyny bilensoň welin, ondan sowaşypdy. Ýöne özüniň bu garaýşyny daşyna çykarmazlyga çalyşýardy. Häkimiň şu güne düşmeginiň sebäbi hakda Gutulmyş köp oýlanýardy, ol her gezegem häkimi günäkärleýärdi. Betbagtçylyk nireden gelýär?! Seniň öz asgyn ýerleriňden gelýär. Häkim Alilik wanalylary on bäş ýyllap öz howandarlygynda saklamadyk bolsa, bu gün onuň ýalňyz gyzy ölmezdi! Gyzynyň ölmegine, elbetde, häkimiň özi sebäp boldy. Muňa diňe Gutulmyş däl, häkimiň özem gowy düşünýärdi. Häkimiň örtenmeleri hem diňe şu zatlar üçindi. Ol, herhal, giýewiniň ýanynda açylyp, hakykaty boýun alyp bilenokdy. Şonuň üçinem ol: «Bizi öldürýän zat — ýalňyşlyklarymyz» diýip gaýtalaýardy. Daşarda emeldarlaryň mag berip durmaklary häkimi hasam gysyp-gowurýardy. Wanaly garakçylaryň şol gijeki wagşylygynyň on birinji güni Gutulmyş şäher kethudalarynyň öňüne çykyp gygyrdy: — Bu ýerde näme edýärsiňiz? Näme, edere işiňiz ýokmy ýa häkimiň ölerine garaşýarsyňyzmy? Her kim öz işini etsin. Her kim öz işini etmeýänligi üçin bigünä adamlar öldürilýär, talaňçylyklar edilýär. Şihne, şu ýerde durmaga utanmaýarmyň? Sen nä ýüzüňe bu ýerde dursuň? Sen häkimiň dergähine diňe wanaly talaňçylaryň boýunlaryna gandal urup, zyndanyňa atanyňdan soň gelip bilersiň. Ondan bärde seniň bu ýerde işiň ýok. Eger sen wanaly talaňçylary wagtynda ele salan bolsaň, beýle wagşylyk bolmazdy. Bolan wagşylygyň baş sebäpkäri sen! Häkimiň buýrugy şeýle: her kim öz işini etsin. Şihne bilen muhtasyp wanaly talaňçylary ele salmasalar, şähere gelmesinler. Gutulmyş bir hakykata göz ýetirdi. Şihne wanaly talaňçylaryň eden-etdiligine häkimiň hatyrasy üçin göz ýumýan eken. Çünki häkimiň merhum hatyny wanaly eken. Wanaly talaňçylaryň arasynda häkimiň merhum hatynynyň ýakyn garyndaşy bar eken. Ol häkimiň ýanyna wagtal-wagtal gelip gidýän eken. Häkim olaryň üsti bilen käbir halamaýan adamlaryny jezalandyrýan hem şäher ilatyny gorkuda saklaýan eken. Wanalylar gije Gutulmyşyň öýüne diňe gorkuzmak maksady bilen gelen ekenler. «Gutulmyşy ýeňiljek gorkuzmak» aslynda häkim Aliligiň öz pikiri eken. «Baryna özüm günäkär, baryna özüm günäkär!» diýip, häkim zol-zol gaýtalaýardy. Gutulmyş häkimiň näme üçin bu sözleri köp gaýtalaýandygynyň sebäbine düşünýärdi. Gutulmyşyň ýanyna eleşan eşikli bir ýat kişi geldi. Ol pynhan gürrüňiniň bardygyny aýtdy. Gutulmyş bu kişini gören dessine tanady. Bu kişi birmahal bazarda Gutulmyşdan müň dinar soran kişidi. Olar bir çete çykdylar. — Eger maňa müň dinar berseňiz, men size wanaly alamanlaryň nirede gizlenýändigini görkezeýin. — Sen kim? — Hüşkiýar bilen Zaryf — meniň doganoglanym. — Müň dinara öz doganoglanlaryňy sataýjakmy? — Meniň olardan görýän peýdam näme? Olar maňa ömürlerinde ýekeje gezek hem kömek etmediler. Etmek niýetlerinde-de ýok. Diňe öz peýdasyny bilýär olar. Men olardan birnäçe gezek kömek soradym. Kömek bermediler. Olar-a mes ýaşaýarlar, menem dişimiň suwuny sorup ýaşaýaryn. Men olaryň üstünden heşelle kakmak isleýärin... Gutulmyş nätanşy şihnäniň ýanyna alyp bardy. Şihne gürrüňi nagt etdi: — Müň dinar? Ýok, ýok, elli dinar berjek. — Elli? Elli az bolýar. — Azmy? Onda men seni wanaly alamanlaryň doganoglany bolanyň üçin zyndana taşlajak. — Onda ýüz dinar beriň. — Me, elli dinar. Galanyny iş bitensoň alarsyň. — Men razy... Şol wakadan bäş gün geçeninden soň şihne bilen muhtasybyň wanaly garakçylary ele salandygy baradaky habar Mukura doldy. Muhtasyp bilen şihne ýylgyrjaklap Gutulmyşyň ýanyna geldi. — Ele saldyk. Ýigrimi alty sany sülsat eken. Ählisinem tutduk. Serdarlary iki dogan eken. Biriniň ady Hüşkiýar, beýlekisiniňki Zaryf eken. — Dogry. — Sen maňa olaryň haýsysynyň Hüşkiýardygyny, haýsysynyň Zaryfdygyny görkezip bilermiň? — diýip, şihne Gutulmyşdan sorady. — Doganoglanlary görkezendir-ä?! — Iş bitensoň ony öldürdik… — Oňarmansyň. — Oňarandyryn. Men dönükleri itden bäş beter ýigrenýärin. Şihne dönügi öz eli bilen öldürendir öýdäýme. Men elimi dönük üçin hapalamak islämok. Men ol dönügi Hüşkiýar hem Zaryf diýilýänleriň arasynda galdyrdym. Hakykaty hem aýtdym. Biraz wagtdan soň zyndanyň gapysyny açdyk welin, dönük eýýäm bu dünýäden göç eden eken… | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |