23:29 Şahyryñ epiki poeziýadaky ussatlygy | |
ŞAHYRYŇ EPIKI POEZIÝADAKY USSATLYGY
Edebiýaty öwreniş
Edebi döredijilikde uly söz ussatlarynyň ideýa-çeperçilik özboluşlylygy aýry-aýry eserleriň däl, eýsem belli-belli žanrlaryň mysalynda ýüze çykýar. Şoňa görä-de, L.Frizmanyň sözleri bilen aýtsaň, Biz ýöne ýere Şekspiriň tragediýasy, Puşkiniň poemasy, Balzagyň romany, Çehowyň nowellasy diýemizok». Sebäbi geçmişde aýry-aýry edebi žanrlar tutuş bir döwrüň edebiýatynyň ugurlaryny, stillerini kesgitläpdir. Ikinjiden bolsa, edebi žanrlaryň belende galmagy ýa-da pese gaçmagy döwrüň sosial-çeperçilik durmuşy bilen berk bagly bolupdyr. Şol sebäpden şahyry ýaşan döwri, edebi sredasy boýunça tanap, oňa dogry düşünip, hakyky baha bermek bolýar diýlip ýöne ýere aýdylanok. Galyberse-de, şahyryň söýgüli žanryna nähili täzeçillik tapyndylaryny girizendigini gowy seljermek üçin şol žanryň ozaldan bar bolan ideýa-çeperçilik däpleriniň hasaba alynmagy esasy şertleriň biri. Eger şu ýerde uly klassygymyz Nurmuhammet Andalybyň poemaçylyk ussatlygy barada gürrüň etmäge synanyşjak bolsak, oňda sözi ozaly bilen ýokarky ýagdaýlardan başlamaly bolýar. Görnükli gündogarşynas Ýe.E.Bertels «Takmynan XVI asyrdan başlap, türkmen halkynyň birhili üzňelikde ýaşandygy, onuň edebiýatynyň-da Orta Aziýanyň hem Eýranyň edebiýatyna häsiýetli bolan u m u m ystilden kem-kemden daşlaşmagyna sebäp bolupdyr» diýip ýazypdy. Bu döwürden başlap türkmenleriň birhili üzňelikde ýaşandygy hakykat. Ýöne «umumy stilden» daşlaşyp başlan edebiýatymyz nähilibolupdyr? Nebsiňi agyrdýan ýeri, türkmen edebiýaty öwreniş ylmy heniz şu soraga jogap gözlänok. Dogrusyny aýtsak, biz XVI-XVII asyrlarda häzirki türkmen topragynda şahyr ýaşandyr hem öýtmedik. Şahyr tapsak XVIII asyra getirip dykdyk. Eger «Türkmen edebiýatynyň taryhynyň» 1-nji tomuna nazar salsaňyz, bu döwürlerde respublikamyzyň çäklerinde ýaşan ýekeje-de şahyry tapyp bilmersiňiz. Emma hiç hili bazasy, däpleri bolmasa XVIII asyr türkmen edebiýaty ýaly edebiýat öz-özünden döremeli däldi. Aslynda welin türkmen halky bu asyrdan ozal hem şahyrsyz ýaşamandyr. Onuň mundan öň hem özboluşly şahyrlary bolupdyr. Ýe.E.Bertelsiň diýýän umumy stilinden ara açmak, başgaça aýtsak, edebi pikiriň ruhuny täzelemäge çalyşmak prosesi hut şolaryň döredijiliginde başlanypdyr. Eýsem şol prosesiň nähili aýratynlyklary bolupdyr? Öňde belleýşimiz ýaly, muňa jogap bermek üçin ilki XVI asyrdan ozalky edebi durmuşa gysgaça ser salmagymyz gerek. Mälim bolşy ýaly, mongollaryň wagşyçylykly çozuşyndan ýüz ýyl töweregi soň, häzirki zaman gündogarşynaslarynyň atlandyryşy boýunça «Orta Aziýa türki dilli edebiýat» uly ösüş ýoluna düşüpdir. Bu edebiýat Nowaýynyň zamanynda özüniň ösüşiniň ýokary belentligine ýetipdir. Ýöne ol, esasan, arap-pars poeziýasynyň poetikasyna esaslanypdyr. Onuň lirikasy arap-pars poeziýasynyň önümi bolan gazal, müsemmet ýaly žanrlar boýunça döredilipdir. Gazal bu edebiýatyň baş žanry bolupdyr. Oňa ozal arap-pars poeziýasynda däpleşen obrazly çeper aňladyş serişdeleri biçak köp aralaşypdyr. Orta Aziýa türki dilli edebiýatynda türki halklaryň öz diliniň kanunlary esasynda emele gelen sillabiki şygyr sistemasy düýbünden ulanyşdan galypdyr. Onda ilki arap poeziýasynda ýüze çykan aruz agalyk edipdir. Bu edebiýatyň epikasy hem arap-pars edebiýatyndan geçen mesnewi formasynda, aruz ölçeginde döredilipdir. Onda, esasan, ozal Kuranda, arap-pars poeziýasynda işlenen sýužetler täzeden galam astyna alnypdyr. Şeýdip, harby-gahrymançylykly, sufistik-didaktiki poemalaryň giden topary döredilipdir. Dogry, bu edebiýatyň tejribesi hem däpleri XVI-XVII asyr, hatda XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatynda hem öz ösüşini dowam edipdir. Emma XVI asyrdan başlap, türkmen edebiýatynyň tebigatynda täzeleniş alamatlary ýüze çykypdyr. Bu döwrüň türkmen şahyrlary arap-pars poeziýasyndan geçen žanrlardan, formalardan, aruz şygyr sistemasyndan daşlaşmaga başlapdyr. Olar gadymy oguz-türkmen poeziýasynyň öz çeperçilik gazanany bolan goşuk žanryny hem onuň özboluşly formasyny täzeden ýazuwly edebiýata alyp gelipdir. Goşuk bilen bir hatarda türkmen diliniň tebigaty bilen bagly, onuň kanunlary esasynda dörän sillabiki-bogun şygyr sistemasy hem ýazuwly edebiýata täzeden dolanyp gelipdir. Edil şonuň ýaly-da, bu döwrüň şahyrlary öň arap-pars edebiýatynda işlenen hem däpleşen sýužetlere höwesek bolman, öz halkynyň taryhy, durmuşy bilen bagly sýužetlere, wakalara ýüzlenipdir. Mysal üçin, öňde gürrüňi edilen Dana Ata Abylhany özüniň «Oguznama» poemasynda türkmen edebiýatynyň öňden dowam edip gelen oguznamaçylyk däbine ýüzlenip, oguzlaryň uzak geçmişinden söz açýan özboluşly çeper-taryhy poemany miras galdyrypdyr. XVII asyrda ýaşan baş gu bir şahyr Akmuhammet bolsa, gönüden-göni türkmen galky bilen bagly bolan beýik şahyr Imadeddin Nesiminiň pajygaly ykbalyny beýan edýän poema ýazypdyr. Dana Ata hem, Akmuhammet şahyr hem öz poemalaryny goşuk formasynda döredipdir. XVII asyryň başga bir özboluşly şahyry Şakandy hem goşuk formasyna arkalanypdyr. Onuň bize ýetip gelen şygyrlarynda arap elipbiýi tankyt astyna alynýar. Onuň türkmen diliniň ähli inçeliklerini berip bilmeýändigi ýazgarylýar. Gadymy oguz-türkmen elipbiýiniň artykmaçlyklary joşgunly wasp edilýär. XVI-XVII asyr şahyrlarymyz «gadymy türkmen halk romany» (I.Kunoş) bolan dessan žanryny ýazuwly edebiýata girizmegiň başyňy başladylar. Bir söz bilen aýtsak, XVI asyrdan başlap türkmen edebiýaty žanr-forma, ideýa-tematika, çeper beýanediş prinsipleri boýunça özünden öňki asyrlardaky edebiýatdan düýpli tapawutlanyp, has dogrusy, şonuň ýaly alamatlary bilen millileşmek prosesine düşüpdir. Görşümiz ýaly, XVIII asyr edebiýatymyz birdenkä döremändir. Edebiýatymyzyň bu altyn asyry özüniň milli aýratynlyklarynyň gözbaşyny hut biziň gürrüňini edýän döwrümizden alyp gaýdýar. XVI-VII asyr türkmen edebiýatynyň durmuşynda ýüze çykan täzeçillik alamatlary Andalybyň döredijiliginde has-da aýdyň görünýär. Andalyp «Leýli-Mejnun», «Ýusup-Züleýha», Babaröwşen», «Zeýnel-arap» dessanlarynda öňden däpleşen sýužetleri galam astyna alan bolsa-da, şol sýužetleri milli formada, dessan žanrynda işläpdir. Başgaça aýtsak, halkyň öz dilinde gürläpdir. Şahyryň bize belli bolan poemalarynda – «Oguznama», «Rysalaýy-Nesimi», «Sagdy-Wakgas», «Kyssaýy-Ferunda» hem edebiýaty halk köpçüligine düşnükli hem ýakyn etmek hyjuwy açyk duýulýar. Täsin ýeri, şahyryň poemalary bilen öňde gürrüňi edilen şahyrlarymyzyň döredijiliginiň arasynda ruhy-çeperçilik bitewilik, baglanyşyk bar. Aýdaly, şahyr «Oguznama» poemasynda edil Dana Ata ýaly öz ata-balarynyň gahrymançylykly geçmişine ýüzlenýän bolsa, hut şol poemada Şakandynyň şygyrlaryndaky pikirleri ösdürýär. Gadymy oguz-türkmen elipbiýi hakynda gymmatly maglumatlary berýär. Andalyp «Rysalaýy-Nesimisinde» bolsa,Akmuhammet şahyr tarapyndan işlenen sýužeti çeperçilik eleginden geçirip, Nesimä özboluşly ýadygärlik dikipdir. Şahyr bu poemasynda türkmen dessançylygynyň däplerini hem ezberlik bilen ulanmagy başarypdyr. Eger türkmen dessanlarynda gahrymanlaryň gepleşikleri, içgepletmeleri köplenç şygyr formasynda beýan edilen bolsa, Andalyp poemasynda munuň üçin Nesiminiň öz şygyrlaryny ussatlyk bilen peýdalanmagy başarypdyr. Şahyr galan iki poemasynda türkmen durmuşyndan alnan temalara ýüzlenmedik bolsa-da, ol bu ýerde-de täzelik tapypdyr. Şahyr bu poemalaryny çeper formanyň hem şahyrana beýan edişiň milli däpleri boýunça goşuk formasynda, sillabiki şygyr sistemasynda döredipdir. Bu bolsa şahyryň poemalarynyňdiliniň, sözlem gurluşynyň, çeperçilik serişdeleriniň ýeňil, düşnükli, halky häsiýetde bolmagyny kepillendiripdir. Bellemeli tarapy, şahyryň dört poemasy hem öz örküni taryhy esaslara urýar. Şahyryň baş gahrymanlarynyň aňyrsynda taryhy şahslar bar. Şoňa görä-de, onuň poemalaryny taryh bilen baglap yzarlasaň, şahyryň taryhy gahrymanyny näderejede edebi gahrymana öwrüp bilendigine gowy göz ýetirip bolýar. Andalybyň «Oguznama» poemasynyň taryhylygy hem onuň žanr-stil aýratynlyklary dogrusynda biz öň «Andalyp hem oguznamaçylyk däbi» diýen kitabymyzda ýörite gürrüň edipdik, Şoňa görä-de, bu ýerde olary täzeden gaýtalap oturman, ozal duýup bilmedik ýagdaýlarymyzy bellemek bilen kanagatlanmakçy bolýarys. Biziň aňlaýşymyza görä, «Oguznama» poemasy şahyryň gadymy oguz eposy «Gorkut Atanyň kitaby» bilen ýakyndan tanyş bolandygyny görkezýär. Şeýle diýmäge bu poemanyň türkmen klassyk edebiýatynda döredilen poemalaryň, şol sanda şahyryň öz poemalarynyň ýazylyşyna meňzeş bolmadyk aýratynlyklary mümkinçilik berýär. Gadymy eposymyzyň her boýynda oguz ýigitleriniň edermenlikleri beýan edilip, boýyň ahyrynda bolsa Gorkut Atanyň özi orta çykarylýar. Ol «boý boýlaýar, söý söýleýär, oguznama aýdýar», diňe şondan soň boý tamam bolýar. Edil eposdaky ýaly Andalybyň «Oguznamasynda» hem epiki wakalaryň beýanyndan soň, her «destanyň» ahyrynda şahyryň özi peýda bolýar. Ol hem edil Gorkut Ata ýaly «söz söýläp», pozmanyň destanlaryny tamamlaýar. Şahyryň «Gorkut Atanyň kitabyny» gowy bilendigine onuň beýleki poemalarynyň soňlamalary-da güwä geçýär. Şahyr poemalaryny dünýäniň ötegçiligi, biwepalygy, ömrüň gysgalygy, ajalyň men-men diýen ärleri-de aýap goýmandygy baradaky pikirler bilen jemleýär. Onuň poemalarynyň bu aýratynlygy hem adymy eposymyzyň däplerine direýär. Eposyň ähli boýlary Gorkut Atanyň «Hany, ol öwdügim beg-erenler? Dünýä meniň diýenler? Ajal aldy ýer gizledi, pany dünýä kime galdy? Gelimli, gidimli dünýä! Soň ujy ölümli dünýä!» diýen sözleri bilen tamam bolýar. Andalyp hem öz poemalaryny halkyň söýgüli eposyndaky çeperçilik tärlerine eýerip, onuň ruhuna, çeper kabul ediş küýsegine ýakyn durupdyr. Edebiýat taryhçylaryna häzirlikçe özüniň ajaýyp eserleri, pajygaly ölümi bilen ady dünýä dolan Seýit Nesiminiň ykbaly hakynda geçmiş Gündogar edebiýatynda ýörite ýazylan çeper eserleriň ikisi belli. Şol eserleriň bir döwürde diýen ýaly ýaşan türkmen şahyrlary tarapyndan döredilmegi bolsa täsin hem guwançly ýagdaý. Andalybyň Nesimi hakyndaky poemasynda obraz döretmekde, olaryň ykbalyny yzarlamak-da beýleki poemalaryndan tapawutly ýerleri köp. Şahyr munda obrazlary simwollaşdyrmaga, folklor fantastikasyna mahsus bolan tärleri, ýörelgeleri peýdalanmaga çalşypdyr. Başgaça aýtsak, şahyr ençeme ýerde taryhy wakalary ýokarky ýaly edebi detallara dolap beýan edipdir. Poemanyň başynda hudaýyň ýeke-täkligini inkär eden, hemme zatda hudaýyň şekli bar, hatda adamyň özi hudaý eken konsepsiýasy bilen öz döwrüniň din hadymlarynyň süňňüni sarsdyran Mansur Hallajyň (858-922) taryhy ykbaly hakynda gürrüň berilýär. Onuň «Enel-hak», ýagny, «Men – hudaý» diýen ideýany öňe sürendigi üçin din hadymlarynyň pitwa bermegi bilen ilki erbet gynalmagy, soň oda ýakylmagy ýaly wakalaryň çeper beýany hakykata bap gelýär. Emma poemadaky Mansuryň aýal dogany Enel eýýäm simwoliki obraz. Ol Mansuryň «Enel-hak» ideýasynyň obrazyň üsti bilen ýüze çykarylmagy. Poemada Mansuryň derýa düşüp, «enel-hak» diýip ses edip barýan bir owuç külünden Nesimi dünýä inýär, ýagny, şol küli Bagdat patyşasynyň gyzy ýuwudyp hamyla bolýar. Biziň pikirimizçe, şahyr bu fantastiki epizody ýöne ýere esere girizmändir. Ol şol epizodyň üsti bilen Nesimi Mansuryň ideýasyny dowam etdiriji, onuň şägirdi diýen pikiri bermek isläpdir. Ýogsam şahyr Mansuryň hem, Nesiminiň hem ömür ýoluna juda belet bolupdyr. Andalyp çeper fantaziýa näçe agram salsa-da, aýagyny hakykata diräpdir. Ol Nesiminiň ömür ýolunyň esasy ýerlerini –Bagdatda balykçynyň maşgalasynda dünýä inmegi, şahyryň ömrüniň köp böleginiň sergezdançylykda geçmegi, onuň şygyrlarynyň ýaýraýyş ýollary hem şahyryň Halap şäherinde dinden çykan hökmünde gynalyp, derisi soýlup öldürilmegi – taryhy taýdan dogry beýan edipdir. Poemada Nesimini şeýle aýylganç jeza bilen öldürmäge onuň çagalykda bir öýde önüp-ösen dosty, Halabyň hökümdary bolan Emir, şahyryň atlandyryşy ýaly Emir kel buýruk berýär. Bu ýerde şahyryň Nesimi öz dostunyň buýrugy bilen öldürilipdir diýen pikiri hem hakyhatdan daş däl. Sebäbi çeşmeler Nesiminiň Halabyň häkimi Ýaşbuka bilen diýseň ýegre dost bolandygyny habar berýär. Poemada şahyryň döredijilik ezberligine güwä geçýän bir epizod bar. Nesiminiň okaýan mekdebiniň mollasy öz talyplarynyň arasynda bir «weliniň» bardygyny aňyp, onuň kimligini bilmek üçin talyplaryň hersiniň eline bir jüýje berip, ony hudaýyň görmeýän ýerinde öldürip gelmegi buýurýar. Talyplaryň hersi bir buky ýer tapyp, jüýjäni öldürip molla getirip berýär. Emma Nesimi «Men hudaýyň nazary düşmedik ýeri tapmadym» diýip, jüýjäni diri alyp gelýär. Şahyr şu epizodyň üsti bilen Nesiminiň hemme zatda hudaýyň şekli bar, hudaý ähli barlyga siňipdir diýen panteistik ideýasyny ussatlyk bilen beýan etmegi başarypdyr. Mundan başga-da, eserde Nesiminiň ejesiniň sandyga salnyp, derýa oklanmagy, şol sandygy bir balykçynyň tutup almagy, Nesiminiň gudrat bilen dünýä inmegi (ol enesiniň agzyndan çykýar), Halabyň patyşasy ölenden soň, ilatyňguş uçurmagy, şol guşuň hem Emiriň başyna gonmagy bilen onuň hökümdar saýlanmagy ýaly wakalar teswirlenýär. Şu hili epizodlar bolsa türkmen folklorynda gadymdan bäri ýörgünli bolupdyr. Bu ýagdaýlar şahyryň Nesimi hakykdaky taryhy poemasyny ýazanda hem milli folklor däplerine daýanandygyna, öz halkynyň ruhy-çeperçilik mirasyndan ýerini bilip, susup almagy başarandygyna şaýatlyk edýär. Şahyr Nesimi hakdaky bu poemasynda çeper beýan edişiň romantiki hem realistik prinsiplerini diýseň ezberlik bilen utgaşdyrmagyň hötdesinden gelipdir. Aýratyn hem molla-müftülere gezek gelende şahyryň pikirleri gazaplaşýar. Ol bu din hadymlarynyň hereketlerini beýan edende realizme ýüz tutýar. Şahyr Mansuryň hem Nesiminiň ölümine sebäp bolan zat molla-müftüleriň nadanlygy, bisowatlygy diýip yglan edýär. Olaryň nadanlygyny, açgözlügini anyk detallar bilen teswirleýär. Aýdaly, özünden ökdeligi. «Maňa Kurany ýat tutdurma, manysyny düşündir» diýýänligi, ýok soraglary berýänligi üçin Nesimini aýagaldygyna ýenjip oturan mollasynyň obrazy. Ýa bolmasa Emir şa Nesimini nähak öldürendigine göz ýetirip, ýurduň ähli mollasyny, müftüsini çagyryp, olaryň barysyny gyrmagy ýüregine düwýär. Şonuň üçin «Ähli molla-müfti meniň saraýyma ýygnansyn. Olara serpaý etjek» diýip jar çekdirýär. «Serpaý» sözüni eşidip, olaryň edip oturan işini, berýän dersini taşlap köşge sary eňişlerini şahyr diýseň janly häsiýetde beýan edipdir. Andalyp poemada din hadymlarynyň üstünden ajy gülýär, olary kinaýa alýar. Şahyr şeýle bir detal ulanypdyr. Hamana Emir şa ähli molla-müftini gylyçdan geçirenden soň, bir alasamsyk hem agsak molla ölmän galanmyş. Öýüniň uzakdalygy hem agsaklygy sebäpli şanyň çakylygyndan galdym, hemme zady beýleki mollalar alandyr diýip hüňürdäp barýan bu molla Emiriň beýlekileri o dünýä iberendigini eşidip, ýeriň pesi bilen yzyna gaçýar. Köp wagt namazyny, täretini unudyp gizlin ýaşaýar. Şahyr kinaýa bilen soňky molla-müftüler şol alasamsyk hem agsak mollanyň nebereleri bolmaly diýip okyjysyny ynandyrmaga çalyşýar. Andalybyň galan iki poemasynyň gürrüňine geçmezden öňünçä şeýle bir ýagdaýy bellemegimiz gerek. Biziň edebiýatçylarymyzyň arasynda nädogry bir ýörelge bar. Ol hem geçmişde ýaşan şahyrlarymyz haýsydyr bir gadymy mifleriň ýa-da diniň «keramatly» hasaplan şahslarynyň durmuşyndan alnan rowaýatlaryň esasynda eser ýazan bolsa, olary yzagalaklykda, diniň kerebine çolaşmakda aýyplaýanlygymyz. Hatda şeýle eserleri zyýanly hasaplaýan wagtlarymyz hem seýrek däl. Gynandyrýan ýeri, bu düşünje henizem dowam edip gidip otyr. Biziň pikirimizçe, şol pisint eserlere ur-tut şeýle baha bermek dogry däl. Birinjiden, şol şahyrlar öz döwrüniň ogly. Olara hem olaryň eserlerine şu günüň däl-de, ýaşan döwrüniň gözi bilen baha bermeli. Ikinjiden, şahyr islendik çeşmeden peýdalanyp biler. Ýöne edebiýat taryhçysynyň esasy wezipesi onuň ideýa pozisiýasyny dogry seljermekden, şahyryň döredijilikmaksadyny aýan etmekden ybarat. Aýdaly, häzirki hasaba görä, dünýäniň ýüz ýigrimiden gowrak şahyr-ýazyjysy Bibliýa-da, Kurana-da giren «Ýusup-Züleýha» sýužetini galam astyna alypdyr. Olaryň arasynda dünýä edebiýatynyňläheňleriniň ençemesi bar. Emma olary dini sýužete ýüzlenmekde aýyplap bolmasa gerek. Üçünjiden, feodalizm döwründe, diniň agalyk edýän zamanynda ýaşan Gündogar şahyrlary feodal jemgyýetçilik gurluşyna garşy pikirlerini, öz asylly arzuwlaryny diňe dini «materiallara» daýanyp beýan edip biljekdiler. Bu özboluşly çeperçilik çykalgasy bolup hem hyzmat edipdir. Şonuň üçin, biz F.Engelsiň «... ol döwürde feodalizme garşy her bir göreşi dini örtükleriň astynda alyp barmaly bolupdyr» diýen sözleriňi ýatdan çykarmaly däldiris. Diňe şu nukdaýdan çemeleşseň, geçmiş mirasyň känir «dini» eserlerine hakyky hem dogry baha berip bolýar. Türkmen edebiýaty öwreniş ylmy Andalybyň «Sagdy-Wakgas» poemasyna hem ýokarky ýaly baha berip geldi. Ol hakda agzalmasa kem görülmedi. Emma şahyryň bu poemasy meşhur gündogarşynas A.Wamberinýň hem ünsüni çekipdir. Ol 1867-nji ýylda poemany ýanynyň nemes dilindäki terjimesi bilen Leýpsigde neşir etdiripdir. Akademik I.Kraçkowskiniň barlaglaryna görä, poemanyň esasy gahrymany Sagdy-Wakgas taryhy şahs bolupdyr. Ol 675-nji ýylda ýogalan arap serkerdesi ekeni. Kem-kemden onuňady sahylygyň, jomartlygyň simwolyna öwrülipdir. Hatda Sagdy-Wakgasyň obrazy oguznama sýužetine-de aralaşypdyr. Belki, Andalybyň mundan habary bolyp, «Oguznama» poemasyny işlän döwründe Sagdy-Wakgas hakynda hem ýörite eser ýazmak päline münen bolmagy-da ähtimal. Poemanyň sýužeti çylşyrymly däl. Onda kiçijik hekaýat beýan edilipdir. Esere Muhammet, Aly, Patma ýaly diniň keramatlylarynyň obrazy girizilen bolsa-da, şahyr ähli çeperçilik nazaryny Sagdy-Wakgasa gönükdiripdir: Bir gün Muhammet metjidiň öňünde wagyz-nesihat edip otyrsa, garrylar ondan iň sahy adamyňkimdigini soraýar. Muhammet iň sahy adamyň Sagdy-Wakgasdygyny aýdýar. Muňa Alynyň gahary gelýär. Muhammediň öz adyny tutman, Sagdy-Wakgasa iň sahy adam diýlip baha bermegine bolmajysyny bolup, gaharlanyp öýüne gaýdýar. Adamsynyň keýpsiz hem gaharlydygyny gören Patma munuň sebäbini soraýar. Aly bolan wakany gürrüň berýär. Soň är-aýal oturyp, Sagdy-Wakgasy kyn güne salmagyň, ony masgara etmegiň planyny biçýär. Olar hyzmatkär Gambary çagyryp, gedaý eşigini geýmegi, Sagdy-Wakgasyň öýüne barmagy, ol dür, göwher berse-de alman, özüniň agyr derde uçrandygyny, derdiniň dermanynyň hem diňe Sagdy-Wakgasyň oglunyň ganydygyny aýtmagy buýurýar. Olar Sagdy-Wakgas ogluny öldürip bilmez, şu waka bilen hem onuň sahylygy hakyndaky düşünjäni ýalana çykararys diýip pikir edýär. Emma ýagdaý tersine bolup çykýar. Atasynyň iki oduň arasynda elewräp oturşyny gören ogly ahwalyň magadyna ýetip, oňa «Biziň ýaly ogul ýene dörär, eger dilegçi gedaýa gerek bolsa, öldür meni» diýýär. Oglany öldürýärler. Dogry, mundan soň şahyr fantastika ýüz urupdyr. Eseriň ahyrynda hakyň gudraty bilen oglan täzeden direlýär. Görşümiz ýaly, şahyr bu ýerde Sagdy-Wakgasyň sahylygyny, adamkärçiligini belende götermek üçin halkyň keramatly hasaplap ýören Alysyny hem aýap goýmandyr. Ony görip, şöhratparaz edip görkezipdir. Aly özüniň şu gylyklary bilen Sagdy-Wakgasyň oglunyň nähak ganyna galýar. Andalyp Sagdy-Wakgasyň obrazy arkaly sahylyk, myhmansöýerlik, gapyňdan gelen her bir myhmanyň göwnüni tapmak ýaly asylly ideýany öňe sürüpdir. Onuň eseriniň gymmaty hem şunda. Baryp X asyrda oguzlaryň arasyna syýahata gelen arap taryhçysy. Ibn Fadlan oguzlaryň myhmansöýerligi, olaryň gapylaryndan, baran nätanyş, hatda başga dinli adamlar bilen iň soňky lukmasyna çenli paýlaşýandygy barada gürrüň beripdir. Andalybyň bu poemasynda hem onuň halkymyzyň ata-baba gelýän şeýle asylly däbini Sagdy-Wakgasyň obrazynyň üsti bilen öz döwrüniň şertlerine laýyklaşdyryp beýan edendigini görse bolýar. Galyberse-de, şahyryň bu poemasy hakynda türkmen edebiýatçylarynyň arasynda ilki bolup pikir ýöreden T.Nepesow poemanyň waka, ýer, adamlar babatda şahyryň ýaşan döwrüne has ýakyndygyny seljeripdi. Bellemeli tarapy, onuň beýleki poemalarynda hem şu ýagdaý aýdyň duýulýar. Ýeri gelende aýtsak, Andalybyň «Sagdy-Wakgasyna» Alynyň atbakary Gambaryň obrazy, hem girizilipdir. Wakalaryň merkezinde onuň hereketleri durýar. Biziň pikirimizçe, şahyr muny ýöne, ýere etmändir. Sebäbi, soňky döwür türkmensaz medeniýetinde ol keramatly şahsa öwrülipdir. Rowaýatlara görä, türkmen sazynyň piri Gambar, halk arasynda aýdylşyna görä, Babagambar bolanmyş. Aslynda türkmen dutaryny hem Babagambar ýasanmyş. Gambaryň obrazynyň türkmen saz folklorynda şeýle ýörgünli bolmagynyň, sebäbini seljermek bolsa başga bir ýöriteleýin barlagy talap edýär. Andalybyň edebiýatçy A.Mülkamanow tarapyndan täzelikde tapylan «Kyssaýy-Ferun» poemasynda bolsa gadymy Müsür ferunlarynyň-faraonlarynyň zamanyndan söz açylýar. Has dogrusy, ol ýehudy pygamberi Musanyň (Moiseýiň) dogluşy hakynda. Poemanyň gysgaça mazmuny şeýle: faraonlaryň biri bir gün düýşünde bir ýaldyrap duran ýyldyz görýär. Ol düýşüni ýamana ýorup, wezir-wekillerini çagyryp, geňeş salýar. Olar hökümdara düýşüni müneçjimlere. ýordurmagy maslahat berýär. Müneçjimler çekine-çekine «Plan aýda, plan günde- ýehudylardan bir çaga dünýä inip, ol siziň duşmanyňyz bolýar, siziň ölümiňiz onuň elinden» diýýär. Şondan soň faraon şu günden beýläk ýewreý aýallaryndan dünýä injek oglanlaryň birini hem goýman öldürmegi buýurýar. Onuň buýrugy berjaý hem edilip başlanýar. Şol wagtlar faraonyň ýakyn adamlarynyň biri Ymranyň aýaly hem hamyla ekeni. Eger ogul dogursa, öldürmek üçin onuň yzyna-da ýasawul salynýar. Aý-gün ötüp, ol aýal gyza-da, oglaka-da meňzemeýän bir üýtgeşik çaga dogurýar. Ýasawullar onuň gyzlygyny, oglanlygyny saýgaryp bilmän gaýdýa. Ene ilki balasyny tamdyrda gizleýär. Soň Jebraýyl perişdäniň maslahaty bilen bir sandyk ýasap, çagany Nil derýasynda akdyryp goýberýär. Perzendinden jyda düşen ene öz gyzy Mereme akyp barýan sandygyň gapdaly bilen kenardan ýöräp gitmegi buýurýar. Merem sandyk bilen gapdallap ugraýar. Şol wagt faraon Niliň gyrasyndaky köşgünde aýaly bilen derýa seredip oturan ekeni. Olaryň akyp gelýän sandyga gözi düşýär. Faraon şol sandygy tutup almagy buýurýar. Onuň içinden näme çyksa aýalyna bagyşlajakdygyny aýdýar. Sandygyň içinden gözel bir oglanjyk çykýar. Faraonyň perzendi ýok ekeni. Aýaly çagany ogullyga almagy karar edýär. Bada-bat çagany emdirmäge hem ony terbiýelemäge eneke gözläp başlaýar. Emma çaga sürlüp getirilen emzikli aýallaryňhiç biriniň hem emmesini almaýar. Sandygyň gapdaly bilen ylgap gelen Merem bu ýagdaýy synlap durýar. Ol Faraonyň aýalyna baryp öz ejesiniň hem emziklidigini aýdýar. Çaganyň hakyky enesini getirýärler. Çaga öz öwrendikli emmesini alýar. Faraonyň aýaly çaga bu aýaly, has takygy onuň öz hakyky enesiniň eneke edip belläp, ony köşkde terbiýeläp başlaýar. Musa kemala gelip, hakykatdan-da faraonyň başyna ýetýär. Onuň ýurduna eýe bolýar. Poema şunuň bilen hem tamam bolýar. Bibliýanyň rowaýatlarynyň taryhy esaslaryny öwrenip saldamly iş ýazan polýak alymy hem ýazyjysy Z.Kosidowskiniň barlaglarynyň görkezişine görä Andalybyň bu poemasynda beýan edilen rowaýatyň taryh bilen ilteşigi bar ekeni. Andalyp özünden öňki arap-pars, türki dilli edebiýatda onçakly ýörgünli bolup bilmedik bu rowaýatyň esasy özenini alyp ony türkmen ertekiçilik däpleri boýunça işläpdir. Türkmen ertekilerinde hökümdaryň özüniň geljekki duşmanyny düýşünde görmegi, ol kemala gelmänkä ýok etmek, öldürmek üçin elinde baryny etmegi, emma ahyr soňunda ertekiniň baş gahrymanynyň şol hökümdary ýa-da patyşany öldürip, onuň tagtyna eýe bolmagy hem ýurdy akylly, adalatly edara edip başlamagy ýaly sýužet ýörgünli bolupdyr. Hatda Magrupynyň «Ýusup-Ahmet» dessany hem şu sýužet esasynda döredilipdir. Andalyp hem öz poemasynda şol sýužetipeýdalanmagy makul görüpdir. Poemanyň galan ýerleri bolsa tas taryhda bolşy ýaly beýan edilipdir. Hakykat şeýle bolupdyr: Müsür faraonlarynyň biriöz raýatlygynda ýewreýleriň köpelip barýanlygyndan, olaryn erkek adamlarynyň fiziki taýdan güýçli hem çydamlylygyndan, akyldy hem zähmetsöýerliginden howatyr edip, öz ýanyndan ýewreýleriň tohumyny tüketmeli diýen karara gelýär. Munuň üçin örän wagşyçylykly çäräni oýlap tapýar. Jellatlara mundan beýläk dünýä inen ýewreý oglanlaryny Nil derýasyna gark edip öldürmäge buýruk berýär. Onuň buýrugy berjaý edilip başlanýar. Şol wagt ýewreýleriň Lewiýa taýpasyndan bolan bir adamyň iki gyzdan soň, ogly bolýar. Çaganyň Enesi perzendini jellatlardan sag-aman sypdyrmagy hem ony üç aýlap gizläp saklamagy başarýar. Şol wagtyň içinde hem çaganyň diri galmagynyň çäresini gözleýär. Ahyr ony tapýaram. Görüp otursa, faraonyň halk arasynda ýukaýürekliligi üçin hormatlanýan gyzy günüň belli bir wagtynda Niliň bir güzerinde suwa düşünýän ekeni. Ene şu ýagdaýdan peýdalanmagy ýüregine düwýär. Ol bir berk sebede çagasyny salyp, ony faraonyň gyzynyň suwa düşýän ýerinden golaý bir ýerden gyra bilen akdyryp goýberýär. Uly gyzy Mereme hem sebet tä suwa düşýän gyzyň ýanyna barýança oňa berk gözegçilik etmegi tabşyrýar. Ýagdaý enäniň garaşyşyndan hem gowy bolup çykýar. Faraonyň gyzy içi çagaly sebedi tutup alýar. Çagany köşge getirip, oňa hosarlyk edýär. Çaga Musa diýen ady dakýar. Şeýdip Musa ölümden halas edilýär hem Faraonyň köşgünde terbiýelenip kemala gelýär. Andalyp bu gadymy wakany galam astyna alyp Musa pygamberiň dogluşyny dabaralandyrmak islemändir. Ol bu rowaýatyň üsti bilen Haýry hatyralap, Şeri ýazgarmagy maksat edinipdir. Wagşyçylygyň, zalymlygyň hiç bir hökümdary hem gowulygyň üstünden eltmeýänligi, şahyryň bu sözleri bilen aýtsaň, «ýaman işden ýamanyň uýada galýanlygy», ine, eseriň esasy ideýasy. Şeýle ideýa bolsa şahyryň döwri üçin örän zerur bolupdyr. Andalybyň ähli poemalaryna häsiýetli bolan bir ýagdaý bar. Ol hem şol poemalaryň didaktiki häsiýetliligi. Olaryň içinden gumanizme ýugrulan öwüt-ündewçilik ruh, ýagşyny taryplap, ýamany ýazgarmak ideýasy gyzyl eriş bolup geçýär. Başga hili sözler bilen aýt.saň, şahyr taryhy temadan ýazan ähli poemalaryny terbiýeçilik maksadyna gönükdiripdir. Özi-de onuň şol terbiýeçilik ideýalary şahyryň beýan edýän wakalaryndan, saýlap alan detallaryndan syzylyp çykýar. Iň bolmanda şahyr öz öwüt-ündewlerini gahrymanlarynyň agzyna salyp berýär. Mysal üçin, «Oguznama» poemasyndaky Oguz hakyň pent-nesihatlaryny beýan edýän bölüm. Şu ýerde şeýle bir fakty ýatlasymyz gelýär. Epiki poemanyň uly ussady, beýik Azerbaýjan şahyry Hakany «Tühfedil-Yrakeýin» poemasynda «Hemme terbiýeçiniň şahyr bolmagy hökman däl, emma hemme şahyryň terbiýeçi bolmagy hökman» diýen ajaýyp pikir aýdypdyr. Andalyp bolsa bu pikiri iş ýüzünde, öz poemalarynda subut etmegiň hötdesinden gelipdir. 1989 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |