09:34 Salgym / hekaýa | |
SALGYM
Hekaýalar
Ol wagtlar tutuş ýurt boýunça ýeke-täk partiýa bardy. Oňa kommunistik partiýa diýýärdiler. Ýurda baştutanlyk edýänem şol partiýdy. Ýurt bolsa SSSR diýlip atlandyrylýardy. Türkmenistanam şonuň düzümindedi. Täçberdi daga entek başlangyç synplarda okap ýörkäler mugallymlarynyň düşündirişlerine görä, ol partiýa Orsyýediň ähli partiýalaryny baryp-ha rewolýusiýanyň yz ýanlary öz daşyna jebisleşdirip ýeketäk partiýa öwürlmekligi başaran, gözbaşynda dünýä proletariýatynyň beýik serdary, Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýany amala aşyryjy Wladimir Iliç Lenin duran, baýlary ýok edip gapynlary olaryň zulmundan dyndaran, ezeneklerinden galdyran, bütin dünýäniň ezilen mazlumlaryna doganlyk goluny uzadyjy, ýer ýüzünde iň bir ynsanperwer partiýady.Baknalykdan çykmak islän islendik halk şol partiýanyň doganlyk kömegine bil baglap bilýärdi. Hut şonuň üçinem, kolonizator, kapitalistik döwletler söwetlere duşmançylykly göz bilen garaýarlarmyşyn. Amerika ýaly maýadar döwletler bolsa, SSSR-iň günsaýyn gülläp ösüp barýan ykdysady durmuşyna-ha göriplik bilen, on bäş respublika bolup bir döwlete gulluk edip oturyşyna-da gözigidijilik bilen garaýarlarmyşyn. Çüňki olarda işsizlik köpmüşin, halk aç-hor ýaşaýarmyşyn, doýa garna iýip bilmeýärlermişin, medisina, okuw, bar zat pullumyşyn. Bizde bolsa mugt. Sebäbi, biziň ýolbaşçymyz kommunistik partiýa. Ol biziň ähli ýeňişlerimiziň guramaçysy we ruhlandyryjysy. Ellerine dürli mazmundaky şygarlary alyp, her hili talaplar bilen Çikagonyň, Nýu-Ýorkyň, Londonyň, Parižiň köçelerine çykýan işsiz işçileriň suratlary gazetlerde çap edilende ýüz-gözleriniň guratdygyna,öýleriniň bezemendigine gözleri etse-de, Täçberdi dagy barybir olaryň özleriçe ýaşamaýandyklaryna berk ynanýardylar. Mähriban partiýalarynyň öz arkalarynda dag ýaly durup, açlyk hem işsizlik belasyndan goraýandygyna biçak guwanýardylar. Basymrak ulalaslary, bütin dünýäde iň bir abraýly partiýa bolan SSKP-niň agzalygyna giresileri, ýüzünde Leniniň gapdal suraty şekillendirilen gyzyl biledi gyşyna-ha penjekleriniň, ýaz bolsa köýnekleriniň çep jübüsinde göterip gezesleri gelýärdi. Mahlasy, olar bagtlydylar. Iň bolmanda öz ýanlaryndan özlerini şeýle hasap edýärdiler. Täçberdi bagynyň partiýa bolan söýgüleriniň artmagyna sebäp bolan ýene bir zat, o-da: partiýa agzasy däl adamlar partiýada durýan adamlardan pes saýylýardy. Iki adam eňekleşse hökman partiýa agzasynyňky dogry hasap edilýärdi. Ýolbaşçy işlere-de diňe partiýada durýanlar çekilýärdi. Partiýa degişli adamy hatda sudam edip bilmeýärdiler. Agzalykdan aýryp, diňe şondan soň jogapkärçilige çekip bilýärdiler. Umuman olar şol zaman öwlatlardanam ýokary tutulýardylar. Şonuň üçin öwlatlaryň özlerem dert-azar partiýa girjek bolup dyrjaşýardylar. Dogry, şol partiýanyň otuzynjy ýyllarda ýüzüniň has hyýrsyzrak, penjeleriniň ganlyrak bolandygyndanam Täçderdi dagynyň habary ýok däldi, ýöne, o zatlara-da olar halkyň soň bir gün eşretde ýaşamagy üçin amala aşyrylan ýowuz hem zerur çäre hökmünde garaýardylar. Çüňki, mugallymlaryň, at tezegini guratman aýlanyp duran agitatorlaryň öwredişine, gazet-žurnallaryň ýazyşyna, kitaplarda ýazylyşyna, radioda, telewizorda aýdylyşyna, kinolarda görkezilişine görä, partiýa hiç haçan ýalňyşmandam, ýalňyşmalam däldi. Onuň öňde-soňda eden ähli işleri, mündan buýana hem etjek işleriniň ählisi dogrudy we dogram bolaýmalydy. Başgaça bolmagy mümkin däldi. Şonuň üçinem, Täçberdi dagy özlerini garaňkylykdan çykaran mähriban partiýalaryna guwanýardylar. Ol hakda aýdymlar aýdýardylar, goşgular düzýärdiler, onuň gyrmyzy baýdagynyň astynda adamzadyň röwşen gelejegi bolan kommunizme tarap barýandyklary üçin buýsanýardylar. Oňa her zaman golaý durmak, özleri barada edýän atalyk aldalaryna azajygam bolsa goşant goşmak hyjuwy bilen joşýardylar. Has irki döwürlerde döräp, partiýanyň rewolýusion hereketlerine gatnaşyp, onuň demir donly rysarlary bilen egin-egne berşip işleşip bilmändikleri, sibire sürgün edilip, şol ýerde olar bilen bir gazanda ýarma gaýnadyp, bir döwüm çöregi bölüşip iýmändikleri, dünýä ähmiýetli wajyp meseleleri töňňäniň üstünde oturyp şolar bilen bilelikde çözmändikleri üçin gynanýardylar. Mekdebiň başlangyç synplaryndan başlap, basymrak pioner, komsomol guramalaryna girmäne, köpçülik işlerine gatnaşmana, ulularyň gözüne işjeň görünmäne, kolhoz işine kömek bermekde ähli okuwçylara görelde bolmana çalyşýardylar. Parahatçylykly döwürdigine garamazdan, Pawel Korçagin ýaly, Ostrowskiniň hut özi ýaly iş üstünde gahrymançylyk görkezmekligiň, gerek bolsa Aleksandr Matrosow, Oleg Koşewoý ýaly janlaryndan geçmäne-de, Pawlik Morozow ýaly atasyny satmana-da taýýardyklaryny subut etmekligiň ýollaryny agtarýardylar. Çüňki, olaryň örän ir, ýöne, diýseň takyklyk bilen kesgitläp bilişlerine görä, o zatlar gyzyl bilede tarap alyp batýan iň bir ähtibarly ýollaryň hataryna girýärdi. Bilediň aňyrsynda bolsa belent-belent wezipeler, şöhratlar, şanlar ýatyrdy. Şeýle pursatlar elbetde, bolmanam duranokdy. Täçberdiden bir synp ýokary Atadurdy nepessäniň körek arassalaýjy maşynyň dişine düşüp kerçelenişi şuňa mysaldyr. Elbetde, Atadurdy ony edeýin diýip edenok, öleýin diýip ölenok, ol bir göni gelen ajal, emgek, galyberse-de takdyr,ýöne, barybir onuň aňyrsynda-da gahrymançylyk ýok däl. Täçberdiniň we Atadurdynyň beýleki dostlarynyň, ähli mekdep okuwçylarynyň pikir edişlerine görä, iş üstünde bolan şol hadysa ýaş ýigidiň watan, partiýa ugrunda görkezen gahrymançylygy hasap edilmelidi. Atadurda “gahryman” diýen at berilmelidi. Onuň görkezen gahrymançylygy jikme-jik ýazylyp, ýokarlaryk iberilmelidi Çüňki, pagta ýygymyna kömek etmeklerini haýyş edip, okuwçylary göwaça meýdanyna çagyran partiýanyň, hökümediň hut özüdi. Şol wagt kommunist bolmasalaram, gelejekki kommunistler hökmünde, özleriniň islendik wagty partiýanyň çagyryşlaryna oňyn seslenjekdiklerini subut etmek islän ýaşlar hökmünde olar pagtanyň tä iň soňky übtügi ýygnalýança jan aýaman işläpdiler. Olar kontora ýygnanaga-da, hut şeý diýip oba gurmalaryna aýtdylaram. “Iň bolmanda o ýere, bu ýere adyny bir daksynlar” diýdiler. Guramlat bolsa: “Goýuň how, goýuň, agzamaň olar ýaly zady. “Tehnika howpsyzlyk düzgüni” diýen ýaly bir gep taparlar-da, birgiden bigünä adamy basarlar”, diýşip, olaryň alpetlerinden aldylar. Ýöne, ýaşlaram ýeň bermediler. Hususanam Täçberdi ozaldanam aksowult ýüzüni ap-ak edip durdy-durdy-da, edil uly adam ýaly sesini zorraýdyp: “Näme,uruş döwri döşüni pulemýodyň agzyna tutanyňyky gahrymançylyk bolýa-da, parahatçylyk wagty gara zähmet üçin janyny gurban edeniňki jenaýat bolýamy? Atadurdam partiýanyň çagyryşyna jogap edip özüni şo güne saldy ahyry…” diýdi. Guramalar birbada näme diýjeklerini bilmän aljyradylar. Onuiň bu sözi hasam obanyň partorgy, ýygyrt atan ýüzi repide ýaly tes-tegelek Muhammet aga ýokuş degdi. Ol Täçberdiniň jüýjerilip duran göm-gökje gözlerine gaharly seredip ep-esli oturdy-da: “Tapýan gürrüňiň gursun”, diýip, ýüzüni bir gapdala sowdy. Kontora ýörite çagyrylyp getirilen mugallymlaryňam guramalara arka durmagy bilen o gürrüň galdy. “Öz işiňiz bilen boluň, olar ýaly zatlara goşulmaň”,diýşip, mugallymlar ertesi mekdepde-de okuwçylara ýekän-ýekän käýýediler. Atadurdy neresse welin hakykatdan-da gahrymançylyk görkezipdi. Ol özüne ynanylan işi ýerine ýetirmek üçin, birnäçe gün dynç alman işläpdi. Gören gözleriň aýtmagyna görä, ol neresse özüne halys jebir edipdir, “Şu gije bir gaýt öýüňe, dynjyňy al-da, soň geläý”, diýselerem etmän, köpek arassalaýjy maşynyň başynda ikinji gijänem ukusyz geçiripdir. Mahlasy, gahrymançylyk görkezesi gelipdir.Ýöne, onuň ol gahrymançylygy uly betbagtçylyk bilen gutardy. Çommalyp, “arassalaýjynyň” agzyna köpek berip oturşyna daňdanaralar irkilipdir-de, çarhyň üstüne ýüzünleýin gaýdyberipdir. Neressäniň mäjum bolan etlerini çarhlaryň arasyndan syrdap-syrdap aýyrdylar. Süňklerini gandan ýaňa myžžyk bolan hapa, çopli pagtalaryň arasyndan çöpläp-çöpläp aldylar. Düýe çopany Sähet aganyň ogly Aky neresse bolsa maşynyň aşagyna düşüp ýogaldy.Nämemişiň ýaz aýlary okuwçylaryň ekin üstüne münüp giden maşynlary kemçilik tapypdyr-da, agşamlyk yza dolanmakçy bolanlarynda otlanmandyr. Okuwçylar, hususan-da gyzlar howsala düşüp başlapdyrlar.Olaryň bolup duruşlaryny görüp sürüjem aljyrapdyr. Mugallymam bir ýaş oglan ekini-de ol-a hasam döwla düşündir. Sürüjini gyssapdyr. “Ata-eneler indi meniň derime saman dykarlar” diýip, aglamjyrapdyr. Daýysy sürüji bolansoň maşyndan az-kem başy çykýandygy üçin Aky okuwçy deň-duşlarynam ýaş mugallymam köşeşdiripdir-de, derrew sürüjä kömege barypdyr. Kapotyň aşagyna kellesini sokup duran sürüjem özi motoryň o ýerini, bu ýerini gorjalapdyr-da Aka: “Ruçkany aýla”, diýipdir. O neresse-de eli bilen şunça aýlajak bolupdyr welin, bolmandyr. Saraňgaty bolup dur diýýä. Ahyrym böküp buferiň üstüne münüpdir-de, ruçkany aýagy bilen depipdir. Motor otlanypdyr, ýöne, içiňi ýakaýyn diýen ýaly maşyn tizlige geçirilgi dur ekini-de, bada-bat ýöräp başlaberipdir. O-da güpürdäp tigriň aşgyna düşýär. Kellesi somsa bolaýan ekini neressäniň. “Tehniki howpsuzlyga ters gelýär” diýşip, oba guramalary o neressäniňem ölmüni bassyr-ýussup” etdiler. “Sesiňi çykaraýma, barymyza gep geler” diýip Sähet agadanam ýörite haýyş etdiler. O-da “Men Hudaýdan görýän ony, adamdan göremok, aýt diýeniňizde-de mende o niýet ýok” diýdi. Şolar ýaly “tehnika howpsuzlygyna” ters gelýän ýagdaýa bir gezek tas, Täçberdem düşüpdi; Şonda ol synpdaşy Ýaýlym bilen bäş-on günlük ýer sürümine kömekleşmek üçin obadan segsen kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän kanal boýundaky ekinçilige işe gidipdi. Baran günleriniň ertesi olary Muhat aganyň traktoryna tirkelgi malanyň üstüne mündürdiler. Malanyň üstünde kese goýlan tagta bardy. Olar şonyň üstünde esasan agramlyk üçin oturmalam bolsalar, aram-aram öňüne üýşen çöp-çalamlaram aýyrmalydylar. Ýogsam dykyn alyp malanyň öňi ýokary galýardy-da, sürlen ýeriň harsaňlaryny öwradyp bilmeýärdi. Üç-dört gün gowy işlediler.Muhat aganyň özi ýadamasa olar ýadamadylar. Iş arasynda dynjam almadylar. Çaýa-çörege-de özünden bilip: “Çykalyň oglanlar”, diýäýmese dillerini ýarmadylar. Bäşilenji gün diýlende, Täçberdi malanyň dykynyny aýryp ýerine geçjek boldam welin köwşi tyrpdy-da bir aýagy malanyň gözeneginden aşaklygyna geçdi ötägitdi. Beýleki aýagyna daýanyp çekjek bolanda ol aýagam gitdi. Haýdap barýan mala bilen ýeriň aralygyna düşen aýaklaryny yzyna çekip almana hiç hili mümkinçilik galmdy. Gaýtam barha aňryk gitdi. Injikden, dyzdan geçip uýluga ýetdi. Gaňryldy. Towlandy. Çatalbalaryna agram düşüberendenem bogunlaryna ýeňillik bolar ýaly malany bagyrtlady. Gözlerini çerreldip bir-ä gum tozadyp, alazenzele tursup barýan traktoraň, birem traktora tarap gollaryny galgadyp, ulyili bilen gygyryp oturan Ýaýlyma seretdi. Kükregi mala berk gysylandygy sebäpli Täçberdiniň özüniň-ä içinden sesi çykanok. Gaýtam bir aljyraňňylyk bilen gollaram aşak gitdi-de, şondan soň oňa hiç hili hereket edere maý galmady. Ýokarda diňe düňderilgi göwre neje goýlan kakmaç ýaly demir mala ýabşyrylyp ýatyr. Islendik pursat elleriniň, aýaklarynyň sogrulmagy ýa-da oda atyljak gury öjar ýaly birnäçe ýerinden “şarta-şarta” döwüläýmegem ahmal. Hut şonuň üçinem, şol wagt onuň ýadyna Atadurdy bilen Aky neressäniň keç ykballary düşdi “Tyhnyky howpsuzlyk zerarly…” diýşip, “höňňuldaşyp”, ellerini owkalaşyp oturan guramalar göz öňüne geldi. “Be-e… adam şeýdip ölup gidiberýän ekenow asyl” diýen pikir kellesine doldy. Hernä öň sürlen ýer örän çuň bolansoň el-aýaklary öljümek ýakymly ys gelip duran, içi her hili çöp-çalamlardan, çöňürlerden, ýogynly-inçeli akjymak köklerden doly yzgar hem ýumşak topragyň arasy bilen edil azal ýaly süsňäp gidip barýar. Ýaman ýeri eňegini taýzardyp, iki gözünem Muhat aga görer diýen tama bilen traktoryň yzky aýnasyna dikip ýatmakdan ýaňa boýnam halys doňdy. Şondan soň näme bolsa şol bolsuna salaga-da, ýüzüni malanyň üstüne goýaýmakdan başga alajy galmady. Malanyň demir gözenekleriniň aşagyndan “şowurdaşyp geçýän garaçöňürleriň “şarta-şarta” döwülýänini, maňlaýyny, burnunyň üstüni, gabaklaryny dyrnap-dyrnap geçýänini bilýär. Ýöne, görenok. Sebäbi gözleri ýumuk. Açmana maý ýok! Geň ýeri şondan soň Ýaýlymyňam sesi galdy. Täçberdi öz ýanyndan öňa-da bir zat bolandyr öýdüp gorkdy. Birdenem traktoryň zenzelesi peseldi. Şonuň bilen birlikde malanyň aşagyndan zymdyrylyp geçýän çöp-çalamlaryň, owranýan harsaňlaryň hereketem togtady. Täçberdi: “Hudaýa şükür, ölmän sypdym öýdýän”, diýip, öz ýanyndan oýlandy. Başyny galdyrdy. Görse Muhat aga bilen, Ýaýlym mala tarap ylgyşlap gelýärler. Hä diýmänem gulagynyň agzynda Muhat aganyň: “Näme boldy ho-ow… Bu näme boldugy bi ?..” – diýýän gyryljak sesi eşidildi. Ol boýnuma bir garamat düşendir öýdüp erbet gorkan bara çemeli, Täçberdini maladan boşatjak bolup ýörşüne hem aglaýardy, hem gülýärdi. Aljyrap ebeteýsiz hereketlerem ediberýärdi. Şolar ýalyda Täçberdiniň süňkleri öňküsindenem beter agyrýardy-da, ulyili bilen bagyrmana başlaýardy. Hernä onuň ýagdaýyny aňdy-da, Ýaýlym kömege geläýdi. Şondan soň iki bolup malanyň bir tarapyny galdyrdylar welin Täçberdiniň öz-özi maladan boşady duruberdi. Onuň döwlen-ýenjilen ýeriniňem ýokdugyny görüp Muha aga edil çaga ýaly begendi. Esli wagtlap Täçberdini bagryna basyp oturdy. “Hudaýa şükür, ikimiziňem Hudaý diýen ýerimiz bar ekeni, çöregimiz bitin ekini…” diýip, dynuwsyz samyrdady. Soňam traktorynyň tirkegini galdyrdy-da, Ýaýlym ikisinem kabina mündürip düşelgä alyp gitdi. Şondan soň Täçberdi-de henize bu güne çenli aýrylyp gidibermeýän aýak agyrysy peýda boldy. Şonuň üçinem, mekdep ýolbaşçylary ony agyr işlerden boşatmaly, tabelçi, hasapçy diýen ýaly ýeňil-ýelpaýrak işlerde ulanmaly diýen karara geldiler. Emma onuň özi muňa çürt-kesik garşy çykdy. “Sähel zat üçin zähmet frontuny taşlap men Leninçi ýaşlaryň adyna ysnat getiribilmen”, diýip, mekdebiň umumy ýygnagynda çykyş etdi. Edil öňküleri ýaly işiň iň kyn, jogapkärli ýerlerine iberilmegini talap etdi.Onunjyny gutarjak ýyly mekdebiň daşyna haýat aýlamakçy bolanlarynda bolsa, çalarak ýempäp ýöreýändigine garamazdan, ýeke özi ýedi ýarym müň kerpiji kommunizmiň gurluşygyna goşant hökmünde mugt guýup berdi. Şol endiklerini ol studentlik ýyllaram dowam etdirdi. Hut şonuň üçinem, ony ilki öz toparlarynyň, soň fakultetleriniň, ondan soň tutuş Uniwersitetiň komsomollaryna serdar edip saýladylar. Onuň daşyndan profsoýuz komiteti bilenem ýakyn aragatnaşyk saklady. Sporta, çeper höwesjeňlere gatnaşdy, başga-da näme ýumuş buýursalar höwes bilen ýerine ýetirdi. Werzişräk görüp ýüküni has agraldyberselerem gaşyny çytmady. Syýasy çärelerde we rewolýusion baýramçylyklara bagyşlanan ýygnaklarda türkmenleriň öň bisowat, nadan, yzagalak halk bolandyklary, beýik ors halky, Beýik Lenin, Beýik Oktýabr rewolýusiýasy bolmadyk bolsa, bu ymgyr çöl uçre, millet hökmünde ýitip, ýok bolup gidäýmekleriniň hem ahmal ekendigi barada dabaraly nutuklar sözledi. Student ýoldaşlaryny partiýanyň alyp barýan ýoluna, Leniniň wes’ýetlerine wepaly bolmaklyga, gowy okamaklyga, uly-uly döwlet gurluşyklaryna ýakyndan kömek bermeklige, BAM-a, tarp ýerleriň özleşdirilýän ýerlerine, kanallaryň, GRES-leriň gurluşyklaryna,egerde başlanaýsa, Sibir derýalarynyň Orta Aziýa tarap akdyrylmagy ýaly dünýä möçberindäki derwaýys işlere işeňňir gatnaşmaklyga çagyrdy. Özem Uniwersitetiň partiýa guramasynyň sekretary Welihanowyň edişi ýaly düwülgi ýumruklaryny depesinde gezek-gezegine galgadyp ozaldanam kemje-kerdem däl, sesini bolşundanam beter ýognaýdyp, uzakdan gowy görmeýändigi zerarly on dört ýaşyndan bäri dakynyp ýören äýnegini bir aýryp, bir geýip diýseň haýbatly gürledi. Partiýanyň bol galla hasylyny öndürmek we ony isripsiz ýygnamak baradaky çagyryşlaryna jogap edip, tomus kanikuly döwürleri gurnalýan student otrýadlaryna ilkinjileriň biri bolup ýazyldy. Gazagystana bugdaý ýygmana gitdi. Ol ýerde-de özüni göreldeli alyp bardy. Bir smenanyňam ýeňil däldigine garamazdan, iki smena, käte ondanam gowrak işledi. Ýöne, ol o zatlary köp gazanmak üçin ýa kimdir birine görünmek üçin däl-de, ujypsyzja zähmetiniň uly Watana, partiýa derwaýysdygyny duýýandygy üçin, şeýtdi. Çünki, partiýanyň talabyna görä ýurt tarp ýerlerden alynýan dänäniň bol hasylyny has artdyrmalydy, tutuş söwet halkynyň dok we parahat durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan ähli ykdysady şertler döredilmelidi. Şonuň üçinem, Täçberdiniň ukusyny gidip barýan ýerinde alýan gezeklerem bolýardy. O zatlar oňa hakyky söweş kynçylyklaryny ýatladýardy, özüni görkezmek üçin şolar ýaly mümkinçilikleriň dörändigine begenýärdi, lezzet alýardy. Şeýtmek bilen ol özüni uly ýitgiler arkaly gazanylan rewolýusiýa has golaý, onyň gyrmyzy baýdagyna, gyzyl biledine has mynasyp saýýardy. Tarp ýere baran ilkinji ýyly ol aýaklary bilen baglanyşykly ýene bir uly emgegiň gyrasyndan gaýtdy. Şol gezek ol Günbatar Ukrainadan gelen Taras atly oglan bilen, traktorçy çalyşsa-da çalyşman bugdaý orýan kombaýna biregne tas iki gije-gündiz diýen ýaly işläpdiler-de dereklerine adam gelensöň ştaba tarap pyýadalap ugrapdylar. Ikindinaralar. Aýaklary zordan ädilýär. Şular ýaly erbet ýadanynda ýa çygly howada bolşy ýaly, şol gezegem Täçberdiniň köne derdi gozganyp aýaklarynyň bogunlary sorkuldaşyp, çüýjügi ýaýjygyndan sypaýjak boldy. Üstesine ukam basmarlap alyp barýar. Seredip görse, Tarasyňam ýagdaýy özüniňkiden gowy däl. Şonuň üçinem, bedene ýarym sagatjyk dynç berip, ondan soň ýoly dowam etdirmek niýeti bilen, ýoluň gyrasyndaky gür gamyşlygyň içine sümlüp, hersi bir harsaňa kellesini goýdy. Ukynyň arasy bilen niredendir bir ýerden traktoryň “tyrryldysam” eşidilen ýaly boldy. Ýap-ýaňyja özleriniň düşüp gaýdan traktorlarydyr öýden bolmaklaram ahmal, oňa hiç haýsy ähmiýet bermedi. Ýöne, şol “tarryldy” Täçberdiniň gulagyndan süýji uka gidenden soňam aýrylmady. Gaýtam barha golaýlaşdy. Zenzelesi artdy. Düýşmi, huşmy, biler ýaly bolmady. Birdenem, traktoryň özi göründi. Kabinada oturanam Muhat aga. “O nire bu ýerleri nire”, diýip Täçberdi geň galýar. Göni öz üstünden sürüp gelşini hasam geň görýar. Özüniň welin eýläk-beýläk süýşere ýagdaýy ýok. Asla gözganybam bilenok. “Iň bolmanda aýaklarymy bir çekip alaýyn şoň öňünden” diýip, dyzlaryny döşüne ýygyrjak bolýar, o-da başardanok. “Ýat, ukla, traktor üstüňden gelýänçä gymyldama”, diýen duýgy ony meýmiredip alyp barýar. Gözlerine-de gum dykylan ýaly. Gabaklary dagy bürülip gidip barýar. Dünýe-älemem sarymtyl salgyma bürenipdir. Şol salgymyň arasy bilen ala-tozan turzup elesläp gelýän gyzyl traktoryň kabinasynyň üstünde ýylçyr kelleli, göňrumtyl çokga sakgally, murtly, äpet göwreli bir adam gara plaşynyň syýlaryny galgadyp, kä gaşy uly gara papakly goluny, kä papaksyz goluny o ýan, bu ýan salgap durşuna traktoryň daş-töweregini gallap, her dürli şygarlar göterip gelýän tarp ýerli studentlere bir zatlar barada janygyplar gürrüň berýär. Şonda onuň agzyndan syçrap çykýan tüýküligi baryp ozaldanam saman çöplerinden ýaňa sübse ýaly bolup duran sakgalyna ýelmeşýär. Täçberdi onuň Lenindigini bada-bat tanaýar we: “Bu beýle daýaw-a bolmaly däl, onsoňam Muhat aganyň traktorynyň üstünde näme işläp ýörkä, ol bronowigiň üstünde Finlandiýa wokzalynda bolmaly ahyry”, diýip oýlanýar. Traktor bolsa barha üstüne sürnüp gelýär. Golaýlaşdygysaýam zenzelesi artýar. “Şak-şak-şak…”, “şakyr-şakyr-şakyr… ” edip, zynjyrlarynyň sesine çenli aýyl-saýyl eşidildi, her biri aýpalta ýaly dişlerem göründi. Oňa çenlem Leniniň gözi öňlerinde süýnüp ýatan ýigitlere düşdi. Täçberdi: “Sow! Traktoryny sow! Öňde partiýa wepaly adamlar bar”, diýip, Lenin Muhat aganyň üstüne gygyrar öýtdi. Emma ol beý diýmedi-de, jübüsinden lowurdap duran gyzyl bilet çykaryp sessiz-üýnsüz Täçberdä uzatdy. Täçberdem özüniň ömürboýy arzuw edip gelen arzyly biledini Leniniň hut öz elinden alýandygyna begenmän, gaýtam birhili oýurganyp durdy-da: “Ýoldaş Lenin! Men ýeke däl. Ýanymda ine, Tarasam bar, muňa-da beriň bir bilet”, diýdi. Lenin bolsa traktoryň zenzelesinden ýaňa Täçberdiniň näme diýenini aňşyrmadymy, ýa bir zady gaty gördümi, siltenjiräp aňyrsyna öwrüldi. Almasaň alma, diýýän ýaly biledem gursak jübüsine saldy. Şol wagt traktor Täçberdi daga şeýle bir golaýlaşdy welin, hakykatdan-da ses-üýn alşar ýaly bolmady. Üstünde duran Leninem, daş töweregindäki tarpçy ýaşlaram zym-zyýat boldular. Ýaman dert kabinanyň içindäki Muhat aga-da ýok. Boş. Traktor öz-özünden südenekläp gelýär. Kem-kemdenem ulalýar. Üstlerine abanýar. Mähnet zynjyryň ýarysy gum bolan ýalmawuz ýaly bir dişiniň tygy çat maňlaýyna ýetiberendenem Täçberdi aýalary bilen ýüzüni ýapdy. Onýança-da traktor “arlap” üstünden indi. Ol öňurgalarynyň, gapyrgalarynyň “şatyr-şatyr” edip döwülşine, kebzeleriniň mynjyraýşyna, geýrekleriniň çöküp barşyna çenli duýdy. “Hä diýmän çatylbam çat açsa gerek”, diýip oýlandy. Entegem pikir ediş ukybyny ýitirmändigine, geň galdy. “Ýa dogrudanam jan diýlen zat barmyka, göwre ýok bolup gitse-de ol galýarmyka, şu wagtky meniň aňymy işledip duranam şolmyka tenim ölüp ruhum galdymyka”, diýip pikir etdi.Özem, näme üçindir dert-azar aýaklaryny halas etjek bolup dyrjaşdy. …Traktor şakyrdap” üstünden geçdem welin, Täçberdi hasanaklap ýerinden galdy. …Ýatan ýerlerinden ýaňy bir bäş-alty ädim daşlaşan sarymtyl reňkli ullakan rezin tigirli traktoryň ýeňsesindäki çaň siňen, ýagjymak demir çelegine seredip oturşyna Täçberdi özüniň ukudan oýanandygyna, bolup geçen ahwalatyň düýşi ekendigine ynanman, eýläk-beýläk garanjaklady. Görse, traktoryň tigiri Taras ikisiniň aýak uçlaryndan bolaýsa bir garyş ýaly daşlykdan geçip gidipdir. Sürüji bolsa ol ýerde adam bardyr, öýdüp, göwnüne-de getiren däl bolmaly. Şondan soň Täçberdi düýşündäkisindenem beter gorkdy. Erbet hopukdy. Göni gelen ajaldan şeýle täsinlik bilen sypandygy üçin näler Hudaýa minnetdarlyk bildirjek boldy welin, göz öňüne gyzyl bilet geldi-de, ýuwdundy oturyberdi. Çüňki, o döwür Hudaýa ynanýanlary partiýa almaýardylar. Hudaýsyzlyk kommunistleriň ilkinji şertidi. Günüň ýaşyp, howanyň ýaňy bir garalyp ugrandygyndan çen tutup, Täçberdi ýarym sagatdan köp ýatmandyklaryna göz ýetirdi. Taras bolsa henizem agzyny açyp, ellerini-aýaklaryny serip, dünýeden bihabar ýatyr. Täçberdi ony usullyk bilen yralady. Turuzdy. Bolan işi gören düýşüni üzlem-splam gürrüň berdi. Ýöne düýş bilen huşy garyşdyrdy. Taras bolsa gözlerini süzgekledip, öňe-yza yraň atyp oturdy-oturdy-da, syh-syh bolup duran sary saçly başyny ýene-de uly harsaňlaryň birine goýdy. Täçberdem şeýtdi. Şondan soň ol ikisi şol ýerde tä, ertire çenli sarsman ýatdylar. … Şol ýyl Täçberdi Uniwersitetiň adyna-ha minnetdarlyk hatyny, öýlerine bosa bir ýarym tonna golaý bugdaýyň hatyny getirdi. Çüňki, tarp ýerde iş hakyny pul bilen däl-de, bugdaý bilen hasaplaşýardylar “Şunça gazandy” diýlen hatyňy getirip görkezseň, şonça bugdaýy öz etrap merkeziňdäki galla taýýarlaýyş nokatlaryndan emgenmän alyp bolýardy. Şeýdip ol bassyr üç ýyl döwletiň uly tutumyna goşant goşdy. Dördünji kursy tamamlaberende-de, köpden bäri edip gelýän arzuwyna ýetmek üçin Uniwersitetiň ilkinji partiýa guramasynyň sekretary Welihanowa partiýa girmek isleýändigi baradaky arzasyny göwşurdy. Welihanow ony gowy görýärdi. Şonuň üçinem, beren arzasyny uly höwes bilen aldy. Partiýanyň raýon komitetinde-de, býuroda-da goldajakdygyny aýtdy. Ýöne, edil içiňi ýakaýyn diýen ýaly mundan buýana ylmy iş bilen meşgul bolmak üçin Welihanow, Täçberdiniň kandidatlyga kabul edilmeziniň öň ýany, Ylymlar Akademiýasyna işe gitde-de, onuň ornuna Oba hojalyk institutyndanmy ýa Howpsyzlyk komitetindenmi bir ýerden pensiýä çykyp gelen daýaw, garynlak, burny çaýkeliň çüňki ýaly egreýlip duran, ala gözli, elmydama ak neýlon köýnekli, gara balakly, ýalpyldawuk gara köwüşli gezýän Wazgen Wartanowiç Aruşaýans diýen bir ermeni geldi. Ýöne, näme üçinder ol işe başlandan Täçberdä gyýa garap ugrady. Kandidatlyga kabul edişlik wagtam oňa maňlaýynyň aşagyndan mölerilip seretdi-de, gapdalynda oturan komissiýa agzalaryna degişli edip: Partiýa hataryna kabul eder ýaly näme görkezen hyzmatlary bar munuň?- diýdi. Geň ýeru hiç kimden ses çykmady. Hiç kim özüni şeýle işjeň alyp barýan studentiň arkasyny almady. Entek kandidatlyga-da kabul edilmedik adam üçin hiç kimiň partiýa guramasynyň sekretary Wazgen Wartanowiçiň öňünde ýigrenji görünesi gelmedi. Oturanlaryň arasynda kelteräk boýly, pökgüje garynly, tegelek ak ýüzüniň üstündäki paşygrak burnunyň sag deşigi ýirigräk, geplemezek, sähelçe hereket etse-de “haş-haş” edip duran ýigrimi bäş ýaşlaryndadygyna garamazdan depesinde ýekeje-de tüý galmadyk, Uniwersitete girmezdenem öň, goşun gullugyndaka partiýa girip gelen Babajan atly bir student bardy. Fakulteti aýry bosa-da, Täçberdi ony gowy tanaýardy. Oturyşýardy, turuşýardy, pikir alyşýardy. Onuň özem hemişe Täçberdä partiýa girmekligi ündeýärdi. Partiýa şonuň ýaly janypkeş, ýüregi bilen berlen adamlaryň gerekdigini aýdýardy.Şonuň üçinem, Täçberdi şol gezek iň bolmanda şol bir meniň haýryma bäş-üç agyz söz aýdar, goldar, diýip tama etdi. Emma ýerden ses çykdy, Babajandan ses çykmady. Hatda ne Täçberdä, ne Aryşaýansa tarap gabagynam galdyrmady. Elindäki galamy bilen öňünde ýatan haýsydyr bir sargylt, ýüzi giň çyzykly kagyza nämedir bir zatlary ýazyşdyran boldy oturdy. Dogry, okuwyny tamamlap ýören adam hökmünde Täçberdi şol döwür öňki alyp barýan jemgyýetçilik işleriniň köpüsini täze gelen ýaşlara tabşyrypdy-da, özi esasan diplom işleriniň hysyrdysy bilen gümra bolup ýördi. Elbetde, dekem-ä oturanokdy, ýöne, Aruşaýans ýaly öňki hyzmatlaryna göz ýumasy gelýän adam üçin şonuň özem ýeterlikdi. Şeýlelikde, ýagdaý üýtgäýmese, Täçberdiniň partiýa hataryna girmek baradaky köp ýyllyk höwesiniň bir demde köýüp gidäýmegem ahmaldy. Bir gezek yzyna gaýtarylanyňdan söň bolsa, gyzyl bilede täzeden hüjüm etmek üçin ýene-de birnäçe ýyl garaşmalydy.Oňa çenlem okuw gutarjak. Işe baran ýeriňde-de nämäniň nähili boljakdygyny Alla bilsin. Şonuň üçinem, Täçberdi usullyk bilen ýerinden turdy-da, ýumjyklap duran gökje gözlerini äýneginiň aňyrsyndan Aruşaýansa tarap jüýjertdi. Wazgen Wartanowiç, siz näme, meniň şahsy bukjama seretmegiňizmi? Partiýa guramasynyň sekretary ýüzüni kese-kese sowdy. Näme üçin seretmedim? Seretdim. Sen komsomolda işläpsiň, profsoýuzyň işine gatnaşypsyň. Onsoň näme? Ýene näme?… Täçberdi naýynjyrlyk bilen daş-töweregine göz aýlady-da, komissiýa agzalaryna ýüzlendi. Iň bolmanda şuňa meniň bassyr üç ýyl tarp ýere gidenimi bir aýdyň. Şondan soň Wazgen Wartanowiç Täçberdiniň şahsy bukjasyny açdy-da, göwünli-göwünsiz o ýerine, bu ýerine göz gezdiren boldy. Sen näme, şol zatlary diňe partiýa girmek üçin etdiňmi? Diňe şony göz öňüne tutdyňmy? Ýogsam etjegem dälmidiň? diýip, ýene-de bar zady tersine çöwrüp başlady. Ahyram ýüregini bire baglady-da, aýasyny Täçberdiniň açyk ýatan şahsy bukjasynyň üstüne goýdy. Bolýa. Häzirlikçe goý şeýle bolsun. Kandidatlyga kabul edeliň. Soňunam görübereris. Düzgüne görä şondan soň Täçberdi tutuş bir ýyllap ýa alty aýlap synag astynda gezmelidi we şol döwrüň dowamynda partiýanyň adyna çirk getiriji hiç hili hereket etymedik ýagdaýynda hakyky agzalyga kabul edilmelidi. Ýöne, Aruşaýans Welihanow däl. Onuň Täçberdini gowy görmeýändigem, partiýa alasynyň gelmeýändigem göz-görtele görnüp dur. Onuň soňky sözlerindenem: “Ýeri, bolýa-da, häzirlikçe seniň bilen sanaşyp durmaýyn, gerek bosa men senden synag döwrüniň içinde-de dynyp bilýän”, diýen ýaly many gelip çykýardy. Şonuň üçinem, Täçberdi bireýýäm kagyz ýüzünde galan köne hyzmatlaryna bil baglap oturman, täzeden aýaga galmaklygy, her hili ownukly-irili hysyrdylar bilen Wazgen Wartanowiçiň ynamyna girmekligi, ýüregine düwdi-de, studentleriň gijelerine jemgyýetçilik ýerlerinde tertip- düzgüne gözegçilik edýän družinaçylar toparyna goşuldy. Ilkinji nobatçylygam çeträkdäki şäher kinoteatrlarynyň birine düşdi. Ol öz topary bilen şol ýere gelip-gidýänlere, şeýle hem daş-töwerege gözegçilik etmeli. Ştablary bolsa, kinoteatryň foýesinde ýerleşýär. Şol agşam olar gollary gyzyl daňyly üç oglan bolup ilk-ä kino girýänlere, bilet alýanlara, irräk gelip ýoldaşlaryna garyşyp duran ýaş-ýeleňlere gözegçilik etdiler. Kino başlandan soňam birküç ýola teatryň öňünden eýläk-beýläk geçdiler-de, trotuar bilen aňyrlygyna tarap ýörediler. Özlerine tabşyrylan serhede ýetibem yzlaryna dolandylar. Kinoteatryň gabat garşysyndaky duralganyň deňine geldilerem welin, görseler ýigrimi bäş ýaşlaryndaky inçejik murtly, ala gözleri jalahlap duran, agajetli bir azerbaýjan ýigidi awtobusa garaşyp duran bäş-üç sany aýal bilen aýak aldygyna dawalaşyp dur. Özem serhoş. Erbet ýeri agzyna paýyş sözlerem alýa. Dawanyň temasam, asyl onyň takyk kim bilen dawalaşýanam belli däl. Ol her gezek paýyş sögünende aýallaryň barysy bir ýere çugdamlanyşýarlar-da: “Hi-i-ih!..” etdirişip içlerini çekýärler, serhoşa tarap gözlerini jüýjerdişip, ýüzlerini eňşedişip ýowuz-ýowuz seredişýärler, kimdendir birinden haraý isleýän ýaly daş-töwereklerine ýaltaklaşýarlar. Birdenem kelte boýly, sary saçlarynyň ujy egniniň üstünde towarlanyp duran tokgaja aýalyň gözi gollary gyzyl daňyly ýigitlere düşdi-de, kelteligi zerarly dyňzaşyp duran ýalaňaç butlaryny çalaja ýapýan darajyk, ak ýubkasynyň giň ätmäne päsgel berýändigine garamazdan uzyn ökjeli gara köwşüniň her basanda “toňk-toňk” edişine guwanýan ýaly batly gadamlar bilen olara tarap haýdap ugrady. Barşy ýalam barmagyny bozgaga tarap çommaldyp, şony tutup äkitmeklerini, eltip milisiýa tabşyrmaklaryny talap etdi. Toparyň ýolbaşçysy hökmünde Täçberdi bozgakdan öňürt-ä söwet adamsynyň ahlak keşbine laýyk gelmäýän hereketlerini bes etmegini, ýolagçy aýallaryň ählisinden ötünç soramagyny, soňam gowulyk bilen şu ýerden daşlaşmagyny sypaýyçylyk bilen sorady. Aýal bolsa baldyrlary dykyz, gysgajyk aýaklarynyň üstünde pyrlanyp durşuna ýogyn bilekli gollaryny kinoteatra tarap uzatdy. Ýok, ýok! Siz ony bu ýerden kowmaň-da, ştaba äkidiň! Şahsyýetini takyklap iş ýerine hat ýazyň. Ştraf ediň. Milisiýa tabşyryň. Bolmasa-da ertiriň özünde baş ştaba baryp özüňizi ýamanlaryn… Ol aýal şeý diýdem welin, Täçberdiniň gözleriniň öňünde Wazgen Wartanowiçiň lopbuş, burunlak gür gara murtly ýüzi, süňklek iri göwresi peýda boldy. Ümürli gün azaşyp ýören gyzyl kebelek ýaly ýaşlygyndan bäri gözleriniň öňünde gaýmalaklap ýören gyzyl bilet bolsa kem- kemden daşlaşmak, dumana duwlanmak bilen boldy. Täçberdi oňa tarap ümzük atanynam, elini uzadanynam bilmän galdy. Çüňki, bu girdenejik aýal bularyň bir serhoşy goýberendikleri baradaky habary baş ştaba ýetirdigi, ol ýerden Uniwersitete, Uniwersitetdenem günübirin partorga-Wazgen Wartanowiç Aryşaýansa ýetiriljekdigi ikiuçsyz. Bu bolsa onyň Täçberdini partiýa hataryna girmekden mahrum etmegi üçin elýetmez bahana bolup biljek. Üstesine şol wagt serhoşam türkmençe bilen azerbaýjançany garyp: Siz neçün men bilen orsça danyşyrsyz. Ýa öz ana diliňizi bileňizokmy? Ýa men başa düşmez öýtdüňizmi? diýen ýaly partiýanyň ideýalaryna düýbünden ters gelýän antiinternasional çykyşlar bilen Täçberdiniň ýagdaýyny hasam çylşyrymlaşdyrdy. Şonuň üçinem ol ýoldaşlaryna “tutuň”, diýen yşaraty etdi. Olaryň hersi serhoşyň bir golundan tutdylar-da, kinoteatra tarap idirdedip başladylar. Duralgadaky aýallaryň barysy birden: “Molotsyda- molotsy” bolşup, gygyryşdylar. Girdenejik aýalyň: “Смотрите не отпускайте …” diýen sesi bolsa, tä, kinoteatryň basgançaklaryna ýetýänçäler gulaklaryna geldi durdy. Serhoş kişem ilk-ä el-aýaklaryny patanakladyp, arkan gaýşyp, ýüzün gaýdyp dert-azar gitmejek boldy. Siz indi meni şol syrty balaksyzlaryň gepi bilen milisiaýa tabşyrjak bolýaňyzmy? Meniň kimdigimi bilmeýäňizmi? Goçy Ahmediň inisidigimi aňmaýaňyzmy? Agamy tanamyýaňyzmy? Onda siziň dat günüňize! Ol “däh” diýende zarbyndan külli Türküstan titreýändir! Düşdüňizmi? Bildiňizmi? diýip, nadaralyk baryny etdi. Kinoteatryň agzyna geldilerem welin serhoşlykdan açyldy-da, garaçyny bilen: Ýigitler! Sizem musurman, menem musurman. Ganymyz bir, dilimiz, dinimiz, däp-dessurymyz bir, beýdip öz gardaşyňyzy masgara etmäň, goýberiň, ýaňkylaram galat aýtdym diýip, ýalbarmana başlady. Nobatçylaryň barysy birhili boldular. Çüňki, onuň bu edýän gürrüňlerem kommunistik terbiýä, partiýanyň alyp barýan syýasatyna ters gelýän gürrüňlerdi. Şoňa görä-de, oňa ýeke bir jerime salyp ýa gözüni görküzyp goýberäýmeli däldi-de, sud etmelidi, basmalydy. Goýberäýseler welin, uly bir syýasy ýalňyşlyk göýberen adamlar hökmünde özleriniň erbet bulaşaýmaklary mümkin. Gepiň has agramly bölegi bolsa partiýa agzalygyna kandidat adam hökmünde Täçberdiniň üstünden düşer. Ýöne, nätjek, ýürek etden, duýgy diýenem bir zat bar, şol iki agyz söz olary nagyş-para eretdi. Ýügitleriň üçüsiniňem kalbyna ýumşaklyk aralaşdy. Üstesine-de ol ýigit indi serhoş däl. Büs-bütin sag. Gepi-sözem durs. Sögünenok. Awtobusa ýa taksä münüp öýüne gitmäne ýagdaýy bar. Sag adamy ştaba elteniňden bolsa netije ýok.Eltäýseňem barybir goýbererler. Gaýtam özüňe käýýäýmeklerem mümkin. Şonuň üçinem olar eden işlerine ökünýän ýaly gurak-gurak ýuwdunyşdylar-da, assyrynlyk bilen töwereklerine garanjaklaşdylar. Özlerine tarap hälem ýapyrylyp-ýapyrylyp seredişýän ýolagçy aýallaryň awtobusa münüp gidendiklerini görenlerinden soňam birek-birek bilen göz arkaly gürleşdiler-de türkmençe sözleşmegiň milletçilik boljakdygyny nazara alyp: Ладно, иди, только ни кому не говори за что отпустили diýişdiler. Kinoteatryň beýik basgançaklaryndan aşaklygyna tarap ylgaşlap brşyna ol kişi Täçberdi daga tarap tüýlek gollaryny galgatdy, aşak düşenden soňam çalarak sägindi-de, sap altyndan ýasalan alyn dişlerini çyranyň ýagtysyna ýalpyldadyp: Çoh sag oluň, gardaşlar, çoh sag oluň…- diýip, birnäçe gezek gaýtalady. Derrewem ýoluň aňry ýüzüne geçdi-de, gür gara baglygyň garaňkysyna duwlanyp gözden ýitdi. Galanja bir sagada golaý wagtlaryny golaý-goltumda köw-söw edip geçirdiler-de, nobatçylar gyzyl daňylaryny tabşyryp ýatakhanalaryna gitmek üçin ştaba geldiler. Foýeniň mähnet aýna gapysyna golaýlaşdylaram welin, aňyrdan gelýän gohy, galmagaly eşidip aňk-taňk boldular. Çünki, ol goh-galmagal ýap-ýaňyja öz elleri bilen “azatlyga” goýberen kişileriniň sesidi. Özem başky, serhoş wagtyndaky sesi. Şu ikiaralykda ol nädip içipdir, nirede içipdir, bu ýere özi gelipmi ýa nobatçylaryň biri tutup getiripdirmi, ol belli däl. Näme günä edendigem belli däl. Özi welin hiç kime gezek bermän, ýene-de şol Täçberdi daga diýen ýumşaksy sözlerini gaýtalap, özüniň goýberilmegini haýyş edýärdi. Diýmek onuň öň ýanyndaky içi “Ahmetli”, “goçuly”, “lotuly”, haýbatdan doly pöwhe sözleriniň möwriti ötüpdir. Başda haýbat atmak, soňam götin gaýtmak, adamlaryň ýumşak damarlaryny owkalap duýgularyny oýnamak onuň iň bir eý görýän usuly, bor-a çemeli. Onuň şol “jadyly” sözleri ştabda oturanlara nähili täsir eder, Täçberdi dagynyňky ýaly olaryňam ýürekleri eräp ony öýüne goýbererlermi, ýene birtopar gollary gyzyl daňylyny ýüpsüz daňyp gitmäne ol kişiniň tilsimi ýetermi, daşarda duranlaryň ol zatlar bilen işleri ýok. Egerde häzir olar süme-sürç giräýseler, ol kişem ýerinden böküp turaga-da bulara tarap barmagyny çommaldyp: “Ine, şularam meni ýan-ýaňyja tutup şu ýere getirdiler, ýöne, “şeýle-şeýle” diýip ýalbardym welin musurman ganlary gaýnap göýberdiler, siz näme bularça ýokmy, goýberäýiň-dä…” diýse, onda Täçberdi dagynyň meseleleriniň nirelerde, nähili derejelerdäki edaralarda çözüljekdigi belli. Şonuň üçinem, olar foýe girmäg-ä däl, gapysyna el ýetirmäne-de milt edip bilmän yzlaryna dolandylar. Beýleki ikisiniň nägüne düşendiklerinden habary ýok, ýöne, Täçberdiniň öz-ä şondan soň telim gününi partkoma häli çagyrarlar, şindi çagyralar diýen gorky bilen ürki astynda galpyldap geçirdi. Düşen maglumaty gerek bolaýjak möhletine çenli tahylyna dykypdyrmy ýa şeýle maglumat aslynda gelmändiremmi, Wazgen Wartanowiçdenem ses-ýün çykmady. Nobatçylar toparynyň komandirem ne ýygnaklarda,ne Täçberdiniň özüne hiç zat diýmedi. Diýmek, ol kişi şol gije ştabdaky nobatçylardan sypanam bolsa, sypmadygam bolsa, Täçberdi dagyny satmandyr. Mert durup öz ejirini özi çekipdir. Ýöne, şol gezekki goýberen ýalňyşlygy Täçberdä barybir ynjalyk bermedi. Ýalňyşynyň bilinmändigi üçin begense, ýalňyşyny gizläp partiýa ikilik edendigi üçin wyždanynyň öňünde ejir çekdi. Ýoldaş Aruşaýansyň ýanyna baryp bar zady boýun almakdan, partiýa mynasyp däl adam hökmünde özüni kandidatlykdan öçürmeklerini haýyş etmekden zordan saklandy. Hakyky inretnasionalistdigini, partiýa tüýs ýürekden berlen adamdygyny, onuň hataryna birnijeleri ýaly öz şahsy bähbitlerini arap ymtylmaýandygyny, hiç haçan onuň ýolyndan dänmejekdigini, gerek bolsa onuň üçin şirin janyny gurban etmäne hem taýýardygyny subut etmekligiň täze-täze ýollaryny agtardy. Bir günem… Bir günem Wazgen Wartanowiçiň ejesi ýogaldy. Bu barada Täçberdi tötänden eşitdimi ýa habar berdilermi, ýadyna düşenok, ýöne, şoňa hökman gitmeli diýen meseläniň ne mugallymlaryň, ne studentleriň ne-de kommunistleriň öňünde keserdilip goýulmandygy-ha çyn. Emma partiýa agzalagyna kandudat hökmünde partiýa guramasynyň sekretarynyň, ejesini jaýlaşmana gatnaşmaklygy ol özüniň hem adamçylyk, hem internasionallyk borjy hasap etdi. Şonuň üçinem, mugallymlaryny görüşdirip okuwdan rugsat aldy. Partkomdanam adresini aldy-da, eňdi nirdesiň Wazgen Wartanowiçleriň öýi diýip. Kösenmänem tapdy. Howlynyň içinde ýüzlerini sallaşyp duran adamlaryň arasyna sümüldi. Assyrynlyk bilen daş-töweregine göz aýlady. Birdenem bir çetde ýeke özi mugryljyrap duran Babajana gözi düşdi. Býuroda goldamandygy üçin Täçberdi ondan kine edip ýa öýkeläp, gepleşmän ýörenokdy. Gabat gelen ýerinde salamlaşýardy, hal-ahwal soraşýardy. Bu gezegem şeýtdi. Usullyk bilen süýşe-süýşe ýanyna bardy. Baş atdy. Dodaklaryny çalaja gymyldadyp salamlaşdy. O-da şeýtdi. Oňa çenlem dar howlynyň içinde erewde-berewlik başlandy. Kim kürsäp içeri girdi, kim ylgaşlap daş çykdy, birnijeleri bolsa öňki duran ýerlerinde hatara düzüldiler-de, gaýra-gaýra çekilişdiler. Içerden aýallaryň agy sesleri eşidildi. Açyk duran giň gapydan tabydyň öň tarapy görnendenem, häliden bäri daş işikde irkiljireşip duran sazandalar ýas mukamyna başladylar. Tabydyň öň tarapyndan tutup gelýän Wazgen Wartanowiç gabaklaryny göterdem welin, Babajan “liňk” edip özüňi Wazgen Wartanowiçiň Täçberdä tarap gönügen nazarynyň öňüne oklady. Täçberdiniň muňa gahary geldi. Kejikdi. Ýöne, syr bildirmedi-de, her niçik hem bolsa Wazgen Wartanowiçiň gözüne täzeden ilmek umydy bilen tabydyň geçip gidäýjek ugruna bakan süýşdi. Babajanam seýtdi. Oňa çenlem tabyt deňlerine geldi. Ýöne, tabydyň aňry ýüzünden barýan Wazgen Wartanowiçiň nazary indi öňe tarapdy we bir sebäp bilen boýnuny süýnürip ýörite seredäýmese Täçberdinem, Babajnam görüp biljek däldi. Türkmen däbi boýunça ylgan baryp elinden alaýyn diýselerem ol hereket isaýy dinine gabat geljekmi ýa ýok, onam bilenoklar. Babajanyň welin içini it ýyrtýandygy görnüp dur. Agramyny kä ol aýagynyň, kä bu aýagynyň üstüne atyp durşuna yzly-yzyna ýuwdunýar, gurak-gurak ardynjyraýar, ýetişibildigindenem derini süpürýär. Ýapyrylyp tabyda tarap topulaýjagam bolýar-da, ýene-de saklanýar Öwran-öwranam gözleriniň gytagy bilen Täçberdä seredýär. Täçberdi bolsa: “Ýeri, kör düýäň köprüdem geçensoň seň nä köpüň bar diýsene bu ýerde …” diýip, içinden gyjynýar; Onuň öz öňüni çolap, çaýmalaklap ýörşüni gysganýar. Öňden jaýyň içinde oturan bolsalar gerek, Täçberdi bir seretse tabygyň yzyndan Uniwersitetiň mugallymlary, esasanam kommunistler dähedem-dessemleşip gelýärler. Iň öňde Uniwersitetiň rektory Gandym Toýlyýewiç Tirkäýew. Onuň yzynda prorektor Ponomarýow . Boýy kiçijik bolansoň ol gaty bir görnübem baranok. Tabydyň içinde ýatan kiçijik, çal saçly, burunlak, ýumuk gözleri owasynyň içine çöküp giden kempiriň eýýäm gök öwsüp ugran ýygyrt-ýygyrt ýüzi diýseň rahat görünýär. Kiçijik eňeginiň kempeýipjik durşy bolsa ýüzüne birhili şatlyk alamatlaryny çaýýan ýaly. Onuň bolup ýatyşy her eli bilen tabydyň bir erňeginden ýapyşaga-da ýerinden golaýjaga, töwerek-daşyny gallaşyp barýanlara bakyp birenaýy ýylsgyraýjaga, soňam tabytdan düşüp ötägidiberjege meňzeýär. Durmuşda mähriban, hoşgylaw adam bolandygy, hakyky enedigi bildirip dur. Wazgen Wartanowiç ýaly epeý hem yzgytsyz adamyň şujagaz kempirden doglandygyna ynanmak kyn. Birdenem ors dili fakultetiniň bäşinji kursunda okaýan, şol kursuň komsorgy, gür gara murtlary burnunyň aşagyndan çögup duran, gürruňdeşinde ary koýen ýaly gyýa bakyp, dişlerini gyjap, haýaljakdan, ýöne diýseň ynjyly hem kineli gürleýän, daş gulakdan eşidilişine görä Aruşaýansyň ýegeni, Haçik atly ermeni ýigidi tabydyň yzy bilen atylyp çykdy-da, daş işikde daýanyp daraklygyna galdy. Boýnuny süýndürip märekäniň üstaşyry kimdir birini gözledi. Ýüz-gözüni gamaşdyryp daş-töweregine ser saldy. Täçberdi daga gözi düşendenem edil ýat ýerde ýadyrgap durka kakasyna gözi düşen çaga ýaly ylgap ýanlaryna bardy-da, her eli bilen biriniň golundan tutup durşuna özüne mahsus bolmadyk çaltlyk hem hoşamaýlyk bilen: Ребята, выручайте, надо крышку вынести – diýdi. Ozaldanam nädip hyzmat görkezjeklerini, bilmän duran ýigitleriň ikisem iki aýtdyrman onuň yzyna düşdüler. Aldyrany bar ýaly ýeldirilip barýan Haçik däliziň ugry bilen suwulyp geçip, törki, otagyň gapysyndan ätledi. Ortarada duran ullakan, ýalpyldawuk, garagoňur reňkli uzyn stoluň daşyndan ýarym öwrüm edip, owadan ak týul gerilgi äpişgäniň öňüne bardy, setaran goýlan stullaryň üstündäki gapaga tarap barmagyny çommaltdy. Вот!.. Şeý diýibem çykyp gitdi. Täçberdi bilen Babajan ikisiniň hersi gapagyň bir çetinden tutdular-da içinde ýap-ýaňyja-da merhum ýatan, şeýle hem jansyz jesediň we täze ýasalan tabydyň tagtalaç, turşumtyk ysy gelip duran otagdan basymrak çykmak üçin gapa tarap ýöneldiler. Täçberdiniň çak edişine görä, gölegçiler howlynyň içinde bolmasa-da daşyna çykanlaryndan soň hökman säginmelidiler we gapagy tabyt bilen bilelikde maşyna ýüklemelidiler. Çüňki il arasynda “ors öwlüýä” diýlip atlandyrylýan şäher gonamçylygy merhumy göterip äkiderden daş. Galyberse-de, merhumy öwlüýä üsti açyk maşynyň nowasynda goýlan açyk tabydyň içinde arkan ýatyryp, iki gapdalyndan, yzyndan ýuwaşja ýöräp, ýas mukamyny çalyp äkidýändiklerini Täçberdi telim gezek gördi. Ýöne, näme üçinder gölegçiler howludan çykanlaryndan soňam, ýola düşenlerinden soňam, hatda bir köçe geçenlerinden soňam säginmediler. Diýmek, pyýada äkitjekler. Täçberdi bilen Babajanyňam gapagy tä barmaly ýerlerine barýançalar göterip äkitmeli bolaýmaklary gaty ahmal. Ýöne, Täçberdi bilen Babajanyň bagtyna tabyt şol gezek aýratyn bir agyr agaçdan ýasalypmy ýa bolmalysy şeýlemi, gapak ýigitleriň ikisiniňem el-aýaklaryny guradyp, çiginlerini düşürip alyp barýar. Üstesine agyr ýas mukamam depelerinden basýan ýaly. Gölegçilerem şeýle bir haýal ýöreýärler welin, öwlüýä çenli bolan üç kilometrlik aralygy şol wagt göz öňüne getirmegem olar üçin kyýamata barabar. Babajanyňam hemişe zordan çyzylýan göm-gökje gözi şol wagt öldüriljek öküziňki ýaly agdar-düňder boldy. Ýöne, şol wagt olaryň ikisiniňem göwnüne teselli berýän bir zat, o-da hä diýmän bizi çalyşarlar, arasynda dynjymyzy bererler, diýen umyt. Emma hernäçe diňşirgenişselerem kömege gelen bolmady. Nämäniň aladasyndadyklary belli däl, gölegçileriň arasy bilen öňden-yza, yzdan-öňe okdurylyşyp, soldan-saga, sagdan-sola südenekleşip guramaçysyraşyp ýören Haçik ýaly ýaş ýigitleriň ýekejesi dagam gelip hallaryndan habar alaýmadylar. Gaýtam ýüzlerini kese-kese sowşup, görmediksireşip geçdiler. Bularam: geliň,kömek ediň, biz ýadadyk, diýmäne namys edýarler. Ýük bolsa gitdigiçe agraýýar, basmarlaýar. Iň ýamanam tutar ýaly ýeri ýok. Götermäne oňaýsyz. Öz agramyny göterip ýörkä-de demgysmadan ejir çekýän Babajan-a heniz iki-üç ýüz metr geçip- geçmänkäler “has-has” edip egbarlap ugrady. Ol öňden barýardy, şonuň üçinem, Täçberdi gapagy häli taşlar, şindi taşlar, diýen gorky bilen, gözlerini onuň öl-myžžyk bolan ýagyrnysyndan aýyrman gidip barýar. Gollary halys gurandan soň, biri-birleri bilen üm arkaly düşünişdiler-de, gapagy eginlerine aldylar. Birbada ýeňlän ýalam boldy, ýöne, basym edil omurdanlaryndan sogruljak ýaly kibtleri sorkuldap başlady. Ol eginden bu egne, bu eginden ol egne geçiribem ep-esli ýörediler. Jan süýji, jebir çekmek kyn, çydaman ahyrynda depelerine-de aldylar. Elleri, eginleri azajyk ýazgynlyk tapanam bolsa, gaty hem agyr ýük astynda owulmakdan ýaňa basym beýnileri doňup, boýunoňurgalary saraňgaty boldy. Gözleriniň öňi garaňkyrady. Babajanyň tüýsüz kelleçanagyny gapagyň ädimsaýy eýläp, gyzyl-jižžik edip gidip baryşyny göreninde Täçberdiniň öz yzalary dagy bada-bat ýadyndan çykdy. Onuň şol agyr halyny görmejek bolup gözlerini ýumdy. Dişini gysdy. Öz kelleçanagy “şat-şat” edip ugrandanam aýasy bilen “pat-pat” etdirip gapagyň böwrüne kakdy. Bu olaryň şertli yşaratlary. Ýagny, elimize ýa egnimize alaly, kellä dynç bereli, diýdikleri. Elleri ýa eginleri ýadap kellä aljak bolanlarynda-da şeýdýärler. Ine olar häzirem gapagy usullyk bilen kellerinden düşürip çep eginlerine aldylar. Soň sag eginlerine geçirdiler.Şonda Babajan erbet ýegşerildi. Birazajygam entirekledi. Gözleriniň gytagy bilenem daş-töweregine şeýle bir naýynjar garady welin, Täçberdi: kömek edäýiň ahyry, adamlar, beýle doňýüpek bolmaň-a, diýmek üçin ýüregini bire baglap yzyna gaňryldy. Gaňrylyşy ýalam gözi agras ädimlerini agyr ýas mukamynyň goňraç sesine goşup gelýän rektoryň giň maňlaýly, jüýk burunly, kiçijik äňekli, üçburç görnüşdäki aksowult ýüzüne düşdi. Gapdalynda-da saçlary maňlaýyna gyýak düşüp duran prorektor. Onuň boýy birhili öňküsandenem has kiçelen ýaly. Täçberdi sesini çykarman ýüzüni öňki barýan tarapyna öwürdi. Çekilýän jebri-jepany görmeli adamlaryň görýändigini, azabynyň reýgana gitmejekdigini duýmakdan ýaňa onuň endamyna güýç-kuwwat gelen ýaly, agyr gapak bolsa bir hili ýeňlän ýaly boldy. Yzyndan kim-kimleriň gelýändiginden bihabar Babajan bolsa süýekleri çatalbasyndan sypyp barýan ýaly her ädimde syrtyny bulap o ýan, bu ýan çaýşanaklaýar, maýtyklap zordan öňki kaddyna gelýär we diýseň kynlyk bilen ýoluny dowam etdirýär. Injikleriniň sandyraýandygy, uýluklarynyň “titir-titir” edýändigi daşyndanam bildirip dur. Ýaman dert indi hälki iki ýana okkessirme geçýän “guramaçylaram” görnenok. Ýas mukamam hatda adamlaryň aýak seslerem eşidilenok. Hamala diýersiň olaryň barysy howanyň ýüzünde gaýyp ýören ýaly. Barmaly menzillerem uzalaýmasa gysgalar ýaly däl. Bir ýere baranlarynda şpallaryň üstünden aýagy bilen ätiýaçly basmarlaýandygyndan çen tutup, Täçberdi demir ýola ýetendiklerini duýdy. Diýmek, entek ýoluň ýarpysam geçilmändir. Mahlasy, gapagy taşlap gaçaýmasaň başga alaç ýok. Onam edip boljak däl. Babajan etse-de Täçberdi edip biljek däl. Sebäbi, Täçberdiniň göterip barýan gapagy kimdir biriniň däl-de Wazgen Wartanowiçiň merhum ejesiniň tabydynyň gapagy. Wazgen Wartanowiç bolsa Uniwersitetiň partiýa guramasynyň sekretary. Täçberdem alty aý bäri şol guramanyň agzalygyna kandidat. Onuň hakyky agzalyga göterilip-göterilmezligem hut, Wazgen Wartanowiçe bagly. Onuň welin Täçberdä bolan garaýşy öňdenem gowy däl. Gapagy taşlap gaçaýsa dagy… Ýok, Täçberdi ony etmez. Atadurdy, Aky neresse ýaly şu ugurda janyny gurban eder welin, gapagy taşlamaz. Goý, soň oňa-da gahrymançylyk bermeseler bermän geçsinler, “tehniki howpsuzlygyň” düzgünlerine ters gelýär, diýseler diýibersinler, ol olaryň öz meýilleri. Esasy zat tä iň soňky demiňe çenli tutan maksadyňa tarap okgunly gitmek, öz hüçjetiňde berk durmak. Birdenem: süýp depäň bilen gapagyň aralygyna elýaglygyňy goýmaly, diýen pikir Täçberdiniň kellesine geldi. Ýöne, ony nädip jübiňden çykarmaly? Jübiňe nädip eliňi sokmaly? Çüňki, olar her elleri bilen kellelerindäki gapagyň bir ýan böwründen tutup barýarlar ahyry. Egerde gapagyň sag ýan tarapyny goýberdigiň ol sol ýan tarapyna agjak, sol tarapyny goýberdigiňem sagyna agjak. Agyp barýarka badyna gaňryp boýun oňurgaňy döwäýmegem mümkin. Her niçigem bolsa töwekgelçilik etmek welin gerek. Täçberdi hut şeýle hem etdi. Göwnüni bire baglaga-da, depesinde duran gapagy sag eli bilen berk saklap, çep elini jübüsine sokdy. Ýöne, elýaglygy o jübisinde däl ekeni. Şonuň üçinem, çep elini emaý bilen öňki ýerine eltdi-de, sag elini aşak goýberdi. Edil şol wagtam depesinde ýaýkyldap duran gapak deňagramlylygyny ýitirdi-de, bir tarapa agyp ugrady. Badyna Täçberdiniň göwresem buruldy. Bili “jast” etdirdi. Yz tarapa ýanynlap aşak inen gapak hiç zatdan bihabar barýan Babajany öňe tarap südenekledip ugrady. Gapagyň aşagy bilen ugruna bakan ýegşerilip barşyna onuň: “Eý, weý- e-eý…” diýip, erbet bir zarynlanyny eşitdi-de, Täçberdi ýere gaçyrmazlyk üçin gapagyň agyp barýan ugruna tarap, ýöne onuň tizligindenem has uly tizlik bilen “patanaklap” ugrady. Gollaryny ýokary göterip gapagy deňagramlylyk kaddyna getirdi. Şeýdibem umumy hatardan çykmankalar uly bir biabraýçylygyň öňüni aldy. “Has-hasy” öňküdenem artan Babajanyň bärsine bakman: “Maladis…” diýenini, yzgan gelýänleriň howsalaly ardynjyraşmalaryny,öňden barýanlaryň düşnüksiz hümürdilerini eşidip, emgeginiň ýerine düşendigi üçin begendi. Elýaglykly meselänem goýbolsun etdi. Ýöne, ol şondan soň nirä barýandyklarynam, näme üçin barýandyklarynam unutdy. Çüňki, beýni gutarnykly doňdy. Ol indi agyrynam duýanok, ynjynam. Gapagyň baryny-ýogunam duýanok. Üstüne goýsaňam bir, aýyrsaňam. Ýeke beýni däl, aýagam doňdy. Onuňam indi edilýänem, edilmeýänem, egiläýende-de haýsy tarapa barýanam bildirenok. Şondan soň Täçberdi näçe wagt ýöräniňem, näçe ýol geçeninem şäher gonamçylygyna baryp ýeteninem, derwezesinden girip musulmanlaryňka meňzemeýän, daşy aýmançaly, başuçlary gülli, çemenli, mazar daşlaryna surat çekilen goýumlyklaryň içi bilen ep-esli ýöräp, şonça jebir hem jepalar beren agyr gapagy mähnet çukurdan çykarylan üýşmek, yzgar gumuň üstünde nädip goýanynam bilenok. Bir görse daş-töweregi giden mähelle. Özem alys ýerden uçup gelen argyn guş ýaly agzyny açyp, gollaryny sallap, boýnuny burup dur. Beýnisiniň içi bolsa “şaggyldy” bilen “güwwüldiden” doly. Nämäniň “şaggyldysy”, nämäniň “güwwüldisi” Hudaý bilsin. Şo-ol, tarp ýerdekäler tas aýagyny mynjyradan gyzyl reňkli,çür depesinde-de Lenin duran äpet traktoryň “tarryldysyna-da”, Muhat aganyň yzy malaly traktorynyň “arryldysyna-da” meňzemän duranok. Belki şonuň üçindir, Täçberdi dik duran ýerinde aýaklaryny ýygyrjak boldy. Ýygyrdam asyl. Şonuň netijesinde-de aşak çökdi. Göwresi henizem elenip durandygy üçin elleri bilen ýer sermäp oturşyna gözlerini gymşaýdyp, çukuryň töwereginde gaýmalaşyp ýörenleriň ýüzüne ýeke-ýeke seretdi.Ýöne, kimiň-kimdigini-hä däl, hatda haýsynyň aýal, haýsynyň erkekdiginem saýgaryp bilmedi. Nirede oturandygynam, asla şu ýere näme üçin gelendiginem ýadyna salyp bilmedi. Bir görse Babajanam gabat garşysynda yraň atyp otyr. Şol oturşyna-da, göm-gökje gözleriniň, gyýgy bilen tabydyň gapagy ýapylmazdan burun ejesi bilen hoşlaşyp duran Wazgen Wartanowiçe seredýär. Şoňa görünmek üçin bolsa gerek, ellerini dyzlaryna diräp, zordan aýak üstüne galýar. Endigine görä gurak-gurak ýuwdunýar, haşlaýar, uzak-uzak ardynjyraýar. Dört eplengi elýaglygy bolsa henizem depesinde dur.Ol ony bir emel bilen ýolda goýupmy ýa mekirlik edip, Täçberdä-de aýtman başda goýupmy ol ony bilenok, ýöne, şony görüp Täçberdiniň uludan dem alany, birneme rahatlanyp ýerinden turany, huşuna geleni welin çyn. Çüňki, ol özündenem beter ony, öz kellesindenem beter onuň Leniniňkä meňzäp duran ýylçyrja kellesini gaýgy edipdi. … Şondan soň Wazgen Wartanowiçiň Täçberdä bolan garaýşy ýütgedimi? Ol ony kompartiýanyň hataryna aldymy? Belki üýtgändir, belki-de üýtgän däldir. Kompartiýanyň hataryna-da ol ony belki alardy, belki-de almazdy. Ol nämälim. Ýöne, aljak diýäýende-de Täçberdi ol partiýa girip bilmezdi. Çüňki, onuň şonça ýyllap arzuw edip gelen şol partiýasy öldi. Edil, Wazgen Wartanowiçiň ejesiniň ölşi ýaly o-da öldi. Özem ýeke gitmedi-de, başda agzap geçişimiz ýaly özi bilen SSSR atly ullakan bir döwletem alyp gitdi. Gyzyl biledem, Leninem, demir donly rysarlaram, olaryň dünýä dalaş eden sistemalaram salgym bolup gözýetimde ýitdi gitdi. Köne kommunistleriň tas hemmesi diýen ýaly, hususan-da ýolbaşçy işgärler: “kom” bolmasa “dem” ekeni-dä diýişdiler-de, gyzyl biletlerini ýaşyl bilede çalyşdylar. Elbetde, çalyşmadyklaram, “Bu biledi maňa siz bereňizok” diýip gahrymanlarça berk duranlaram boldy. Täçberdiniň welin ikinji gezek salgyma çapasy gelmedi.Ol utulanyny boýnuna aldy. Ýöne heniz-henizlerem çalaja elini derirdigi ýa-da adatdakysyna görä has yssy bolan şol güýz gününi ýadyna saldygy, çat açjak bolýan ýaly kelleçanagynyň içinde agyry döräp, tikin ýerleri “şatyrdaşyp” başlaýar, aýaklary yza edip, bogunlary sorkuldaşýar. Beýnisinde bolsa şol bir nämedigi näbelli “güwwüldi”, “şaggyldy” peýda bolýar-da, gözleriniň öňüni şol, birwagtlarky ýaly çal duman örtýär. Ýöne, bir ýütgeşik ýeri indi ol dumanyň içinde gaýmalaklap ýören gyzyl bilet görnenok. Ol indi onuň hatda düýşüne-de girenok. 2007 ý. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |