02:38 Saña | |
SAŇA
Goşgular
Zülpüň her bir, taryna ýüz-müň tümen isteseň, Nagt bereýin pullaryň bir-birden sana zülpüň. Mämmetweli Kemine Ugur nirä, gözel görklim, Rowan bolsun ýollar saňa. Menzil aşyp ýedi yklym, Garşy öwsýär ýeller saňa. Oýanyp sen, säher-daňdan, Nesibine bagtly bendäň, Aňkaryşyn gör, jemendäň, Agzyn açýar iller saňa. Göz güldürip, gaşyn geren, «Ýene seni görsem» diýen, Hoşamaýly sözi örän, Şirin-şeker diller saňa. Göz görse, ýürek bökendir, Yşgyn-mejalym sökendir, Tamadan göwnüm çökendir, Garaşdyrdy ýyllar saňa. Gel, ysgaýyn gara saçyň, Şirin janym seniň üçin, Aňla sözüm ýalanmy-çyn, Şaýat bolar güller saňa. Illi sözlär, arman-arman, Gülüp gelseň, gaşyň burman, Durup bilmen, dilim ýarman, Malym-mülküm, pullar sana. | |
|
√ Kim aýtdy ýara / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Keýik / Goşgular - 23.08.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |