04:48 Saña žentlmen diýýärler / köne degişme esasynda | |
SAÑA ŽENTLMEN DIÝÝÄRLER
Satiriki hekaýalar
Aýaly bilen ýolda. Dymyşlyk. Aýaly bir zat diýmäge çekinip barýar. Maşyn sürüp barýan äri hyrsyz. Aýaly çalarak müýnli: - Bolýa-la, şeýdip oturmasana, ezizim! - Maña derek sen ýyljyraklap otyrsyña, daş mamañlara barýan ýaly. (hüñürdeýär) baran ýeriñ gap-çanak. Aýtdym şu maşynyñ şaýlary gymmatdan beter tapylmaýa diýip. Seresabyrak bolaý diýip. - Ezizim, adamlaryñ näme diýýänini bilýäñmi? - Näme diýseler şony diýsinler. - Ezizim, adamlar Myrat nähili jentlmen diýýäler. Myrat ýüzüni kürşertdi: - Näme-e?.. - Aýalyndan öñurti maşyndan düşüp, gapysyny açyp berýär. Myrat hakyky jentlmen diýýäler. Myrat aýalyna seretmän: - Adamlar näbilsin maşynyñ gapysyny içinden açylmaz ýaly edeniñi. Sylapberdi MUHAMOW. Surat: vektor images.com saytyndan alyndy | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||