20:20 Saňa ýazlan hatlar | |
SAÑA ÝAZYLAN HATLAR
Goşgular
![]() Size ýüregimi açyp ýaşadym, Dökdüm gursagymyň içligne çenli. Meniň arzuwlarym, hyýallam bilen Asyl, siz pikirdeş bolara çemli. Gijelerne size başym oýkaýan, Gözüm syýa kylyp ýazýan daňa çen. Ýazan däldir iň jepakeş, söýgüçil aşyklaram hatlaryma deňeçer. Siz - Puşkiniň haty ýaly uzakçyl, Siz şahyryň duýgusy deý arassa. Bes, sizdäki ýeke sözüm, bir harpym Gyz nazaryn aşygyna garatsa. Ýaratsa syryna, gyz haty epläp, torbasynyň iň çuňuna oklasa. Razy, onsoň syrym açan gijeden, Hem arzuwmy haty ýaly bukmasa. Siz syrymy paş etdiňiz, aslynda, Siz guýduňyz kalba zehin, baý gory. Bu haty-da goşga salan, sünnälän Şol hatlaryň çepiksije awtory. Goçmyrat Orazberdiýew | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |