IV
Ortada gazylan ojagyň içinde ýanýan oduň şatyrdysy kalbyňa aram berýärdi. Sazak alawynyň tüssesi sähra gijesiniň çigreklije arassa howasy bilen garyşyp, her gezek dem alanyňda döşüňi lezzetden doldurýardy. Ýerden, diňe alabaharky türkmen asmanynyň astynda, diňe alabaharky türkmen sähralarynyň gijesine mahsus bolan, ýaňy toprakdan dürterip çykan otlaryň, gije çygyna ezilen topragyň ysyna ýugrulyp eýlenen ter tämizlik göterilýärdi. Hol beýleräkde esbaplary aýrylan atlar horguryşyp durdylar, olardan çeträkde çöküp oturan düýeler gäwüş gaýtaryşyp, gapdallarynda busurylyp ýatan dört-bäş sany gatyra tekepbir garaýardylar. Şazada bilen atabeginiň alawyndan bäş-on ädim daşlykda beyleki gazma ojagyň daşyna egele bolup ýatan, oturan gulamlar şazadany bimaza etmejek bolup ýarym pyşyrdy bilen nämedir bir zadyň gyzykly söhbetini edýärdiler.
Galyň keçäniň üstünde içmek örtünip, tirsegine söýenip ýatyşyna käte ýalnyň gyzyl dilleriniň oýnaýan täsin raksyna, ataşyň zoruna çydaman çar ýana syçraýan uçgunlara, käte gözüni göterip syýa asmanyň ýyldyzlaryna tiňkesini dikýän şazada Muhammediň gözünde uky bar-a meňzemeýärdi.
-Halypam!-diýip şazada arkan ýatdy-da, garaňky asmanyň näçe seretseň-de gözüň nazary bilen yzarlap yzyndan ýetip bolmaýan düýp-teýkarsyz çuňlugyna tarap garady:-Sen ýunanlylaryň gadymy rowaýatlaryny bilýärmiň?!
-Ýok, şazada bilmeýärin! Aslym arap bolansoň, ömrüme-de egnimden sowut, elimden gylyç düşmedik esger bolandygym zerarly meniň rowaýat diňläp, hekaýat öwrenmäge-de wagtym bolmady. Sen onuň ýaly zatlary, Şazadam, mugallymyň, Beýik soltanyň müneçjimi Kowus hajydan soramaly ekeniň.-diýip atabeg elindäki ujy ýanan kesewisi bilen ojagy dörjeledi.
Wepaly atabeginiň müneçjim Kowus hajy bilen kän bir oňuşman, özi babatda ikisiniň arasynda ýaşyryn bäsdeşligiň, basdaşlygyň gidýändigine birmahal belet bolan şazada atabegiň kinaýaly öwdüne içinden gülümsiredi. Şazada mugallymlarynyň ikisiniň hem özüni jan-u-tenden, öz perzentleri deýin oňat görüp, biriniň-ä özünden beýik alym, beýlekisiniň bolsa beýik serkerde ýetişdirjek bolýandygyny ýüregi bilen syzýardy. Halypalarynyň arasynda döreýän çekişmäniň düýp sebäbi-de, köplenç olaryň her haýsynyň şazadanyň beýleki mugallymyň ýanynda sarp edýän wagtyny bihuda geçirilen diýip hasap edýänligindedi.
Öz döwrüniň görnükli adamy, az-kem jahankeşde, az-kem müneçjim, az-kem taryhçy, az-kem şahyr, az-kem diwana, az-kem sazanda, deňsiz-taýsyz dilewar, hyýalbent, öz edýän işine köre-kör ynanýan al-kimýaçy we galtaşan jisimini altyna öwürýän pelsepe daşynyň hemişelik gözlegçisi Hajy Abu Zeýd Kowus ibn Şamat ibn Asir ibn Süleýman ibn Möwlam üçin atyň üstünde çapyksuwarlyk oýunlaryny etmek, jyza sanjyp, keman atyp, syrtmak zyňyp, gylyç parladyp söweş tilsimlerine türgenleşmek ýa-da bir reňkli, ýüzi çyzyklardan doly çal matanyň ýüzünde dürli reňkli daşjagazlary eýläk-beýläk süýşürip, ägirt uly goşun tümenlerine erk edip ýeňiş gazanmagyň inçe serkerdelik syrlaryny öwrenmek Allatagalanyň ynsana bagş eýlän juda az, gyzyldan gymmatly wagtyny ýeliň ugruna paýhassyz sowurmakdy. Has dogrusy onuň pikiriçe, Allatagala Adam atanyň hem-de How enäniň perzentleriniň hemmesini dogan edip ýaradanyndan soň olaryň öz gysga ömürlerini biri-biri bilen garpyşmaga, biri-biriniň agzyndan Taňrynyň beren rysgyny kakyp almak üçin göreşmäge, gan döküşmäge sarp etmekleri diňe, dünýäni tümlüge beslemegiň wysalynda çarp urýan şeýtanyň alyna gitmekden başga zat däldi. Onsoňam ynsanperwer pelesepeçiniň çuňňur ynamyna görä, goluň ýaragly türgenleşip, özüňi özge biriniň başyndan musallat bolup injek döwülmejek-ýeňilmejek, aman bermejek-asgynlamajak ýaraga öwürmek üçin jepa çekmek hem Hudaýdan daş düşmekdi.
Onuň kalbynyň iň ýaşyryn jümmüşinde göterip, söýgüli şägirdi, şazada Muhammetden özge hiç kese aýtmaýan arzuwy bardy. Ol öz arzuwyny “Zeminiň behişdi zamanasy” diýip atlandyrýardy. Onuň şol arzuwyna laýyklykda-da ýeriň ýüzünde ýaşaýan ähli adamlar edil ekiztaý doganlar deýin birek-birege mähriban bolup, birek-birek bilen derdini paýlaşyp, ömürlerini boş jenjellere, harsydünýälige, göriplige, gahar-gazaba, güwlempaç şöhratparazlyga sarp etmän, adamlara peýda getirýän ylymlary ösdürmäge, edebiýaty kämilleşdirmäge, gözel-gözel şäherleri gurmaga, ajaýyp şäherlerde metjitler-medreseler galdyrmaga, halypa Mamunyň “Ylymlar köşgüne” gaýra dur diýýän, danalaryň öýlerini bina etmäge bagyşlamalydylar. Şol ajaýyplyk eýýamynda-da açlyk, horluk, nadanlyk, bolgusyz sebäplere görä tutaşyp, müňlerçe adamlaryň ykballaryny ýalmap-ýuwudýan uruşlar öz-özünden ýitip gitmelidi. Sebäbi ol eýýamyň şalarynyň, hökümdarlarynyň her biri Anuşirwan adyl dek adalatlylykda ýedi yklymy baglan, danalykda Süleýman aleýhssalamdan ozduran kämil hökümdar bolmalydy. Zeminiň ýüzünde müňlerçe Lukman Hekim lakamly Abu Aly ibn Sinalar döräp, hassalygyň, keselleriň soňuna çykmalydy. Musa al Horezmiler, Abu Reýhan Biruniler, Mäsihiler, Ferdöwsiler, Hysrow Dehlewiler her şäherde, her kentde peýda bolmalydy.
Hajy Kowus bu arzuwyna diňe bir çyny bilen uýmak hem däl, eýsem onuň gazanýan serişdeleriniň hemmesini nähilidir bir düşnüksiz, burum-burum, misden, aýnadan, demirden tokurtgajyklary, gapjagazlary, küýzejikleri, jamjagazlary ýaşatmaga harçlap, şol, diňe ertekilerde ady eşidilýän “pelsepe daşyny” agtarmaklyga, şony bir topar jisimleriň dürli-dümen dürüşdesinden ýasamaga çalyşmaklyga bagyş etmegi hem hut şonuň üçindi. Onuň ynanjyna görä haçan-da ol “pelsepe daşyny” oýlap tapsa, “zeminiň behişdi zamanasynyň” hem geldigidi. Çünki galtaşan zadyny tylla öwrüp bilýän gudratly daşyň bolsa jümle-jahanyň ähli açlaryny doýrup, ýalaňaçlaryny geýindirip, garyplaryny baýadyp, islän ýeriňde şäherler hem köşkler, metjitler hem medreseler gurup boljakdy, her kese isledigiçe hazyna, mal berip boljakdy, onsoň Karun-a däl, Karunyň Karuny bolsa-da, her bir adamyny kanagatlandyranyňdan soň onuň üçin özgäniň rysgalyna el urmaga açgözlük galjak däldi, bahyllyk galjak däldi, ynsan nebsiniň haram dili lal açjakdy.
Ýaş şazadany onuň arzuwynyň ajaýyplygy, päkizeligi özüne maýyl edýärdi. Imrikdirýärdi. Mugallymynyň gijeler düýşünde görüp, samraýan “Zeminiň behişdi zamanasynyň” tizräk gelmegini tüýs ýürekden küýsedýärdi. Ýöne damarynda ýygyn dartyp, duşman bilen döwüş guran serkerde hem esger ata-babalarynyň, “Dukak” lakamyny alan Seljuk serkerdäniň gany at çapýan, doglanyndan beýläk başujunda jöwher pyçak goýulýan türkmen ýigidi bolan şazadany, al-kimýaçynyň asuda bolsa-da dürli garnuwly suwuklyklaryň ajymtyk-turşy ysy burnuňy iýip gelýän barlaghanasy, her äden ädimiňde üstlerinden ýyllaryň kirşeni göterilýän kitaplaryň baslygyp duran, iňlär siňeksiz kitaphanalar beýlebir özüne çekmeýärdi. Dogry ol atasy, Beýik soltanyň talabyny berk berjaý edip yhlas bilen okaýardy, hatda ylym-bilime höwes hem edýärdi. Emma şazada Muhammet al-kimýaçy halypasynyň towlam-towlam tokurtgalarynyň, dürli görnüşli, ululy-kiçili golçajyklarynyň içinde, dünýä ineli bäri öň alyp görmedik yslaryndan ýaňa burnuny tutup, göýä bir ertekilerdäki jadygöý hem onuň ýaşajyk şägirdi deýin aýlanjyrap ýöreninden, seleň sährada bedew atyny ýüzin salyp, ak ýüpekden ezýaka köýnegini çapuw ýelgininiň şemalyna pasyrdadanyny kem görmeýärdi.
Owalbaşda Mahmyt Gaznalynyň ýörişlerinde ýesir alnyp, gaznaly goşunynda söweş tilsimlerine ussatlygy we serkerde başarnygy üçin ýönekeý gulam-esgerlikden müňbaşy derejesine çenli göterilen, soňra Nusaýyň eteginde gaznalylar bilen seljuklaryň söweşinde Togrul begiň ýigitleriniň syrtmagyna ilip, gaýtadan bendilige düşen atabeg Kyýaseddin bolsa şazadany Kowus hajydan daşlaşdyrmak üçin bu ýagdaýdan peýdalanýardy.
Batyrlygy, mertligi, gaýduwsyzlygy, hakyky urşujy-pälwana mahsus häsiýetleri üçin hökümdar-doganlaryň ikisiniň-de sylag-hormatyna mynasyp bolan atabegiň hem edil Kowus hajyda bolşy ýaly, synmaz ynamy bardy. Onuň uýşuça Taňrynyň adam diýip, aň-düşünje berip, ýaradan jandary, eger-de beýleki gezip ýören mahlukyýetden tapawutly boljak bolsa, ýagty jahanda bürgüt kimin buýsançly ýaşamalydy. Taňrydan özge hiç kimsäniň öňünde ýan bermän, hiç kimseden, ha ol güýçli bolsun, ha ejiz bolsun, ha häkim bolsun, ha geda bolsun, ýersiz-ýere minnet çekmän, kiçelmän-ejizlemän perişde sypan başyny belent tutup, durmuş sürmelidi. Elbetde onuň pikiriçe Alla tarapyn adamlary dolandyrmak paýy maňlaýyna ýazylyp, häkimlik tagtyna münenleri sylamalydy, olara wepaly bolmaga kasam içeniňden soň, iň soňky demiňe çenli wadaňa wepaly bolmaga çalyşmalydy. Ýöne hiç kimiň öňünde özüňi läbikde ýüzüp ýören gurçuk kimin ejiz hem nalajedeýin görmeli däldi. Heniz iki-üç ýaşly çaga döwürlerinde ol Arabystanyň mukaddes topragynda, öz taýpadaş çarwalary bilen göçüp-gonup ýörkä, düşlegleriň birinde, Mukaddes Käbä haja gelen bir danyşmendiň wagzyny diňläpdi. Şonda Arabystanyň hiç bir ülkäniňkä meňzemeýän asmanynyň tes-tegelek bolup dolan mahy-tabanynyň astynda, ot başynda, şol alym: „Hak Taňrynyň öňünde hemmeler deňdir, isle şa bolsun, isle gul bolsun, her bir musulman Hudaýyň bendesidir“ diýipdi. Alymyň şol sözleri hem ýaşajyk Kyýaseddiniň kalbyna hemişelik ýazylyp galypdy. Öz gowgaly ömründe ol ençeme gezek gul hem bolup görüpdi, beglige-de göterilipdi, ýöne ol elmydama öz mertebesini tug kibi parladyp ýaşapdy. Indem ýaşy altmyşa ser uran, öýsüz-öwzarsyz, tenha özünden özge hossary bolmadyk goja serkerde-esger özüniň asylzada şägirdinden edil özi dek ynsan buýsanjyny beýik gününde-de, pes gününde-de baýdak edinip, al-asmanda pasyrdadyp biljek adamy terbiýeläsi gelýärdi. Şazada Muhammediň üsti bilen ol özüni Taňrynyň döreden dünýäsine miras goýmak isleýärdi. Onuň pikiriçe bu göwün küýsegine ýetmek üçinem şazada Muhammede dembermez gylyjyň sapyndan berk gysymlap biler ýaly demir el, giden leşgerleri özlerinden ýüz esse agdyk duşmanyň üstünden ýeňşe eltip biljek sagdyn serkerde aňy zerurdy. Bu zatlary bolsa şazada diňe onuň özi berip biljekdi.
... Şazada atabeginiň teýeneli gepini gulagynyň duşundan geçirdi-de, sözüni dowam etdirdi:
--Ýunanlaryň rowaýatlarynyň birinde Beýik gahryman Tezöý (Teseý) hakynda gürrüň berilýär. Ol öz halkyny ok-ýarag kär etmeýän, äpet deňiz aždaryndan halas etmek üçin ynsan aýagy ýetmeýän alysda ýerleşýän bir ada baryp, bir bakyşda adamlary daşdan heýkele öwürýän ýylan saçly, şamar göwreli hatyny aýnadan galkanyň hem-de uçýan ädigiň kömegi bilen ýeňýär we onuň kellesini kesip, getirip, deňiz aždarynyň gözüne bakdyryp, ony doňňara-daşa öwürýär. Şol ýerde-de deňiz aždaryna gurbanlyk diýlip, dag gaýasyna bentlenip goýlan, Andromeda diýen täsin atly gyzy halas edýär, ol gyz bolsa oňa aşyk bolýar, soňra Hudaý onuň görkezen gahrymanlygy we olaryň biri-birine bolan yşgy üçin asmanda ýyldyzlardan olaryň suratyny çekipmişin...
Atabeg şazadanyň ertekisine tagaşyksyz ýyrşardy-da:
-Şazadam, seniň aýdýan zatlaryň rowaýata däl-de ertekä çalym edýär. Rowaýat diýip ine, seniň dädeň, batyrlaryň batyry Togrul begiň, hälki irdenki tekepbir bolsa-da gaýduwsyzlygyň laýyndan eýlenen Ybraýym Ýynalyň we ýüzlerçe türkmen alplarynyň edermenliklerine aýtsaň...
Halypasynyň şähdiniň açylandygyny, häzir öňem nijeme gezek eşiden wakalaryny atabegiň özüne mahsus azsözlülik bilen gürrüň berip başlajakdygyny syzan şazada ojaga tarap öwrüldi-de, tirsegine söýendi. Şägirdinden gözüniň gyýtagyny aýyrmaýan atabeg bolsa onuň özüni höwes bilen diňlemekçidini görüp, äwmän-alňasaman gep urup başlady.
Beýik serkerde hökmünde şan-şöhrady Ruma-Pereňe baryp ýeten, Gaznaly Mahmydyň ýörişleri hakynda gürrüň berdi. Şazadanyň atasy Çagry beg bilen dädesi Togrul begiň ýeňiş gazanan jeňleri hakynda gürrüň berdi. Rum ýurdunyň serhet galalary barada, Hindistanyň ilki göreniňde sussyňy basyp, aýylganç görünýän, söweşjeň pilli goşunlary, Çynma-Çynyň ýetmiş gün ýöräniňde zordan aňry çetine ýetip bolýan, hiç-hili manjynyk kär etmeýän Beýik diwary hakynda, Mahmyt Gaznalynyň döreden, häzire çenli özüniň gurluşy hem-de tertip-düzgüni boýunça deňi-taýy ýok hasaplaýan gaznaly goşuny, onuň atly goşuna, pyýada goşuna, aňtawçylara, artky bölege, başky bölege, sag we çep ganatlara, kemançylara, jyzaçylara bölünişi barada, gaznaly goşunynyň taryhda galan nagaraly ýörişleri barada, pereňli esgerleriň boýdan-başa demir-polada basyrynyp söweşýändikleri hakda, Çynma-Çyn ýurdunyň aňyrsyndaky Soňky deňziň bir ýerinde, uzyn-uzyn adalarda ýaşaýan uzyn-uzyn gylyçly, gylyçly söweşmekde ýeriň ýüzünde ussatlyklaryna taý tapylmaýan gyýykgöz urşujylar hakda gören-eşiden zatlaryny birin-birin gürrüň berdi.
Onuň endigan sesine meýmirän şazada bolsa assa-ýuwaşdan irkilip, uklap galdy. Şazada uklanyndan soň atabeg sesini tapba kesdi-de, emaý bilen turup, şazadanyň üstüne içmegini atdy. Gulamlaryň odunyň başyna baryp, gije kimiň şöwür çekmelidigini tabşyrdy. Soňra gelip, bir gujak oduny oda atdy-da, öz ýerine geçdi. Içmegine çolandy. Şol pille niredendir bir ýerden jeňnelleriň hany, gaplaňyň janagyryly arlaýan sesi eşidildi. Hol beýle-de horguryşyp duran atlar gozgalaň tapdylar, hatda äwmezlik bilen gäwüş gaýtaryp, çöküp ýatan düýeleriň hem içinde iki-ýeke ýerinden gobsunany boldy. Züwwetdin gatyrlar bolsa gaplaň sesi gelenden laňňa galyp, garaňkylyga tarap üşerilişdiler.
„Jeňňeliň hojaýyny özünden rüsteme sataşypdyr ýaly-la, juda janhowully arlaýar welin, ölümini boýnuna aldygy öýdýän.“ diýip oýlanan atabeg gözüni ýumdy. Emma näme üçindir, uzakly gün at üstünde ýadan hem bolsa ukusy tutmady. Gabaklaryny göterdi-de ýyldyzlardan ýaňa hindi zenanlarynyň hünji sepilen zerli köýnegine çalym edýän asmana seretdi.
„Gahrymançylygy üçin ýyldyzlardan keşbini çekipdir“ diýdimi?! Hymh! Belki Haktagala şeýle gowgaly ömür sürendigim üçin Arabystanyň asmanynda ýyldyzlardan meniňem keşbimi ýasar...“
Öz pikirine köpi gören atabeg içinden ajy gülümsiredi. „Äý hawa-da, Tanrynyň özge wajyp işi ýok-da!“
Soňra atabeg näme üçindir ýene-de biynjalyk bolup, asuda uklap ýatan şazada tarap ýüzüni öwürdi. Onuň ýetginjek keşbinde diňe parahat ukunyň alamatlaryny görüp ol: „Menem ymyzganaýyn-la!“ diýip oýlandy. Emma aňynda hyň berýän oýlar ony ýatmaga goýmadylar.
„Gaznalynyň goşunynda Isgender Ikbuýnuzly atly dünýäni özüne tabyn eden serkerde patyşa hakynda rowaýatlar aýdardylar, şol hem ýaňky şazadanyň aýdýan Ýunanystan ýurdundan öýdýän. Aýtmyşlaryna görä, Hudaý oňa ölmez-ýitmez, synmaz Ruh berenmiş, şol ruhunyň gudraty bilenem ol bütin dünýäni öz erkine boýun egdirenmiş. Şonda onuň duşmanlary melguna mynajat edip, Isgender Rumynyň ölmez-ýitmez ruhuny syndyrmagy haýyş edenmişler, melgun bolsa Perwerdigäriň döreden keramatyny syndyryp bilmejegine gözi ýetip, Isgender Zülkarnaýnyň ganymlaryna mekirlige ýüz urmagy maslahat berenmiş. Olar hem melgunyň nesihatyna uýup, Isgendere gözelligi gözüňi gapýan bir haýýar näzenini peşgeş berenmişler, şol hem Beýik serkerdäni azdyryp, şerap diýen nägehana ulaşdyranmyş, soňra Isgender meý içip, meý içip, onuň synmaz ruhy tenini terk eden pursadynda bolsa oňa zäher berip, ony öldürenmiş. Şeýle Beýik eýesiniň aldawa düşüp, wepat bolandygyna perişan bolan ölmez-ýitmez, synmaz Ruh bolsa hasratdan ýaňa para-para bolup, jahanyň ýüzünde çar tarapa seçilenmiş. Şol zamanlardan bäri hem Isgenderiň ruhunyň bölejikleriniň her haýsy zeminiň bir künjeginde, adamlarda öz Beýik eýesi—Isgenderi gözläp, ser-sepil bolup, sergezdan gezip ýörmüşler. Isgenderiň ruhunyň jinnek ýaly bölejigi kalbyna aralaşan adam hem Isgenderiň yhlasy bilen keselläp, jahanyň eýesi, jahangir bolmagyň kül-külüne düşýärmiş...“
Atabeg uludan dem aldy. „Görýän welin, Demir ýaýlynyň nesli-de Isgenderiň arzuwy bilen ymykly hassalapdyr öýdýärin. Ýöne näme, menem köp patyşalary, serkerdeleri gördüm, hökümdarlaryň tagtlaryndan taýyşynam, ýönekeý esgerleriň hökümdarlyga göterilişini hem ençe gezek synladym, emma welin şolaryň içinde Isgender Rumynyň tylla tagtyna şu nebereden mynasybyny men-ä bilmeýärin...Çünki türkmeniň bu gerçek neberesi at-awaza, şalyk-soltanlyk üçin däl-de, öz mertebeleriniň belent tutulmagy üçin, il-ýurtlarynyň abatlygy üçin, öz ynsanparaz dininiň dabaralanmagy üçin göreşýär...“
Şeýdip öz oýlaryna gümra bolup ýatyşyna Kyýaseddin atabeg nädip uklanyny hem duýmady...
V
...Gaplaň daň atanyndan soňra düýnki, çeşmäniň boýunda awlan awundan galanyny gömen ýerine gitdi. Baryp ýeri peşäp oljasyny çykardy. Howlukman iýdi. Öte doýmasa-da keýikden galanjasy oňa ýürekselik boldy. Ol çeşmäniň raýyşyndan aşak indi-de, az-owlak suw içdi. Soňra, dagy näme etjegini bilmän, ýene-de öten agşamky böri ordasy bilen döwüş kylan meýdançasyna ýöneldi. Ol kän ýöremeli boldy. Çünki haýaljakdan gadam urup barýardy. Artky aýagyna biraz ýempeýärdi hem. Öten agşamky garpyşykda ordabaşy böriniň agyz urup çeýnän gerşi-de sanjap agyrýardy. Emma beýle-beýle ýaralara öwrenişen peleň öz bedeniniň yzalaryna biperwaý garaýardy. Ýöne dogrusy şu mahal bir seleňräk kölegä geçip, uzyn süýnüp ýatyberse kem ýarajak däldi.
Mytdyldap barşyna ol ahbetin şol meýdança ýetdi. Öten agşamdan bäri gyzyl-ýaýyrt bolup ýatan läşleriň üstünde dürli mör-möjekler siňekleriň beýemçilik etmeklerinde şagal mesligini guraýardylar. Ýöne geň galaýmaly zat, şagallar hem-de dazzarkeller ýokdy. Megerem hol allaowarradan onuň ysyny syzyp, bu ýerden ýeňselerini el ýaly edendirler, ýa-da olary heniz doly porsamaga ýetişmedik gurtlaryň ysy gorkuzýandyr.
Gaplaň duşmanlarynyň jesetlerine gedem nazaryny aýlady. Özüniň deň bolmadyk garpyşykda üstün çykandygy hakyndaky pikir onuň buýsanç damaryny tisgindirdi. Ol hondanbärsi bolup, käte bir apaň-apaň basyp, meýdançada terslin-oňlyn ädim urup ugrady. Her gezek deňesinden öteninde iç-goşy çöwrülip, gözgyny bolup ýatan äpet çal möjegiň yslanyp ugran läşini seňrigini ýygryp, tumşugy bilen itekledi, penjeleri bilen pat-pat kakdy. Her pursatsaýyn hem onuň badyhowalygy çişip, zergäriň elindäki göweçde erän tylla deýin lasyrdap gaýnap, atylmagyň bäri ýanyna barýardy. Birdenem ol öz-özüne bolan buýsanjyna bäs gelip bilmän, hiç bir sebäpsiz ýerden, sesinde baryny edip, arlap goýberdi. Ol öz arryldysy bilen göýä: „Görüň meni ümmülmez dünýäniň mahluklary! Bipeýan dünýäde ine şeýdip, hemmelere, olar senden hernäçe kän bolsalar-da, seniň ýalňyz özüňiň olaryň ählisine taýdygyňy gözlerine görkezip, ýeňiş gazanyp, höküm sürüp ýaşamaly! Ine şeýtmeli! Serediň maňa janly-jandarlar, ýagty ýalançyda menden güýçli, menden rüstem, menden hökmürowan jandar barmy, serediň maňa!“ diýip öwünýän ýalydy.
Şol wagt gaplaňyň ýeňiş lezzetini golaýdan eşidilen düşnüksiz galmagal bozdy. Jeňňeliň gyrak-bujagyndan täsin goh gelýärdi. Entegem badyhowalygyň täsirinden açylmadyk gaplaň ätiýaçlygy unutdy. Tumşugyny goh gelýän tarapa uzatdy-da, seňkildäp şol ugra ýüzlendi. Onuň bolup barşy: „Kim meniň mülkümde meniň rahatlygymy bozmaga het edýär“ diýýäne meňzeýärdi. Şeýdip haýdap barşyna ol ýaňy bir jeňňeliň agaçlarynyň astyndan saýlanany hem şoldy welin, bir owadan, daýaw saýgak misli gözi ýok ýaly, onuň bäs-on ädim öňunden ala-hasyrdy bolup, urdurylyp geçip gitdi. Saýgagyň bolşy gaplaňda biraz howsala döretdi. Eger-de saýgak öz allajysy – gaplaňdan eýmenmän, gözleri gapylan dek, göni tumşugynyň öňünden urdurylyp geçýän bolsa, onda ol janhowluna gaçyp barýandyr we ony kowalaýan jandar bolsa gaplaňdan has elhenç jandar bolmaly.
Eger-de birki gün mundan ozal babyr beýle hadysa gabat gelen bolanlygynda ol “namartja olam sagja bolam“ diýen ýaly, haýwan seresaplylygyny elden bermän, eýýäm bu ýerden garasyny saýlardy. Emma gurt ordasyna garşy bir özüniň söweşip gazanan öten agşamky ýeňişi onuň özüne bolan ynamyny we gedemligini başy garly daglaryň derejesindenem belende göteripdi. Tekepbir arslan saýgagy hatda ganymynyň üstunden basyp geçmäge kaýyl eden näbelli howpuň ýolundan sowulmagy özüne kiçilik bildi. Ol beýdip oýlanyp durýança onuň öňünde ak köpük bolup derlän gyr bedewini ýüzin salyp saýgagyň yzyndan kowýan atly peýda boldy. Gaplaňy görenden bedew at badyny saklap bilmän çarpaýa galdy-da, duýdansyzlykdan ýaňa ompa oturdy. Awa kellesi gyzyp ýeke özi ýanpenalaryndan saýlanyp gaýdan şazada Muhammet saýgagyň yzyndan kowup gelşine beýle eýmenç ýyrtyja sataşaryn öýdüp oslamaýardy. Şonuň üçinem ol eýerde ykjam otursa-da at çarpaýa galyp, ompa oturanynda, aýaklary üzeňňiden sypyp, bir gapdala zyňyldy. Ok-ýaýy hem elinden sypdy.
Olardan gözüni aýyrman duran alabeder ajal bada-bat aňyny işletdi. Has dogrusy ýyrtyjy endigi onuň aňyndan öňürti herekete girdi. Ol ilki bilen howpuň özüne haýsy tarapdan abanýandygyna haýwan duýgurlygy bilen düşünip, uýanyna çolaşyp, aýagüstüne galyp bilmeýän bedewe gözüniň gyýtagyny hem aýlaman, şazada tarap topuldy. Galan zatlar göz-açyp ýumasy salymda bolup geçdi. Özüni nazarlap gelýän mähnet allajyny gören ýaş şazada aljyramady. Haýdan-haý hanjaryny gynyndan sogrup alyp, ýatan ýerinden arslanyň towsaryna garaşdy. Arslan yzky aýaklaryny ýygranyndan hem tutuş göwresi bilen düyrügip, özüni ýyrtyja tarap oklady. Arlap böken gaplaň ýere düşende tasdanam şazada Muhammediň aýaklary girisine ilýärdi. Ölüm böküşi pys geçen arslan ala-hasyrdy bolup yzyna öwrülende şazada Muhammet arkan ýatan ýerinden hanjaryny sapyna çenli onuň kükregine sokdy, çykaryp ýene-de bir nobat sançdy. Emma üçünji gezek sogurmaga ýetişmedi. Öz kellesini gysaja düşen hoza döndermek üçin hatap ýaly açylan agzy görüp, hanjary sypdyrdy-da, mäkäm dymyşk poladyndan ýasalan bileklik bilen goragly elini arslanyň agzyna tutdurdy.
Döşüni ýaryp gelýän gyzgyn agyrydan ýaňa dessine gözi garaňkyrap giden arslan daýaw saýgaklaryň boýun süňklerini bir gysanda kül-owram edýän äňiniň gyýaklary nähilidir bir, biçak gaty zada „şaňk“ edip degip, uçanda, öz emelsizligine gahar edýän dek, kuwwatly öň penjeleri bilen aşagynda ýatanyň döşüni peşedi. Emma onuň ýiti dyrnaklary şazadanyň ýüpek donuny jyrym-jyrym etseler-de, sowudyň şam poladyna kär edip bilmediler. Paltasy daşa degen arslan, bu astynda ýatanam bolsa penje hem gyýak täsir etmeýän içýakgyç geň awuny dagy näme etjegini bilmän, onuň agzyndaky elini äňleri bilen berk gysyp, başyndan aşyryp, bulap, zyňjak boldy. Emma geň galaýmaly zat, bu oljasyndan iki esse agyr göwreli ýekegapany bir silkende hol alysa atyp bilýän arslan astyndaky awuny ýerinden hem mizedip bilmedi. Bada-badam onuň gözüniň öňüni gos-goýy tümlük tutdy. Özüniň duçar bolan düşnüksiz ýagdaýyna haýran galan arslan, agzyndaky eli goýberdi-de, bu ýagdaýdan närazylygyny duýdurmak üçin arlamaga synanyşdy. Emma bu hem başa barmady. Gaýta agzyndan güýçli gan akyp ugrady. Ol awunyň üstünden aýrylmaga çalyşdy. Ýöne aýaklaryny gymyldadanyndan dyzlary öz-özünden epildi-de, agzy gum garbady. „Şujagaz ejizje jandar meni—daglaryň rüstemini şeýle hala düsürip biläýdimikä?“ diýen pikir hem arslanyň aňynda dörän iň soňky ýylpyldy boldy.
...Agyr zeper ýetmedigem bolsa, arslanyň astynda endamy mazalyja owulan şazada Muhammet aýaklaryny kynlyk bilen agyr jesediň astyndan sogurdy-da örboýuna galdy. Hanjaryny arslanyň döşünden sogurdy. Arslanyň ýarasyndan zogdurylyp çykýan gyrmyzy gana seretmezlige çalşyp, hanjaryny arslanyň derisine syrdy-da, gynyna saldy. Zordan dähedem-dessemläp bardy-da, henizem urnup ýatan bedewini uýandan azat etdi. Atynyň üstündäki horjunyndan mytarasyny alyp, tolgunýandygy zerarly titräp duran dodaklary bilen suw owurtlamak isledi. Dökän-saçan edip, zordan birki owurt etdi. Soň bogazyndan geçmedi. Saňňyl-saňňyl edýän aýaklarynyň özüni saklamaýandygy sebäpli, aşak çökdi. Wepaly bedewi ýaňky garpyşykda özüniň hiç-hili ýardamynyň bolmandygyna müýnli deýin, öljümek tumşugyny şazadanyň egnine süýkedi.
Onýança niredendir bir ýerden howsaladan ýaňa ýüzlerini ak-tam edip, şazadanyň ýanpenalary gelip ýetdiler. Gele-gelmäne atdan özüni oklan atabeg Kyýaseddin, topulyp gelşine şazadany bagryna basdy:
--Ýalňyz umydym, dirimisiň!
Adam oglunyň başyna düşüp biljek külpetleriň ählisini bolmasa-da, köpüsini mertlerçe çekip görüp, hiç haçan, hiç bir ýagdaýda aljyramadyk goja serkerde-esger, elini-aýagyny ýitirip, sesini çykarman, doňan ýaly bolup oturan şazadany bir pursatda tutuşlygyna sypaň-sermeň edip çykdy.
--Gözümiň röwşeni, ýaralandyňmy, agyrýan-ynjaýan ýeriň barmy?!
Ölümiň iki barmak bäri ýanyndan gaýdyp, nepesini durlap bilmän oturan şazadanyň kelam agyz geplemän oturyşyna ol gorkudan ýaňa lal açandyr öýdüp heýýaty göçen goja atabeg özüniň näme edýändigine düşünmän:
--Eý gullar, näme aklyňyzy çaşdymy?! Bejit boluň, şazada suw getiriň, bolmasa baryňyzy gylyçdan geçirerin!-diýip jynssyz sesini edip haýkyrdy. Agras hem paýhasly atabegiň beýle gazaba münenini ilkinji gezek görýän gulamlar biri-birinden öňürtiläp, etek alty ýeň ýedi bolup ylgadylar. Emma az-owlak özüni dürsän şazada uzadylan suwly, şerbetli pyýalalary kabul etmedi. Atabegiň gujagyndan sypdy-da ýerinden turdy. Bogazyny arçap, gyryljak ses bilen dil ýardy.
--Alla-ha şükür, halypam, maňa hiç zat bolmady. Ata-babalarymy penasynda saklan Haktagala meni hem öz penasynda aman saklady. Häzir bolsa beýdip aljyrap durmalyň-da, atlanalyň. Goşumyza gideliň. Bu günlükçe aw besdir. Halypam, arslanyň hamyny hem oňatja edip alsynlar. Ony eýleneninden soňra dädem Togrul soltana peşgeş hökmünde göndereris.
Şazadanyň merdemsi buýruklaryny eşidip, atabeg Kyýaseddin hem çuslandy. Özüniň ýaňky bolşundan uýalyp, ýerinden turdy-da, şazadadan gözlerini gizläp, gulamlara tarap ýöneldi. Emma gulamlara atabegiň şazadanyň buýruklaryny gaýtalamagynyň zerurlygy ýokdy. Olaryň birki sanysy eýýäm arslanyň derisini sypyrmaga girişipdiler. Galanlary bolsa şazadanyň ýarag-esbaplaryny jemläp, bedewini täzeden eýerleýärdiler. Atabeg gulamlara golaýlanynda olaryň „Alp-Arslan. Şazada Muhammet alp-arslan“ diýip pyşyrdaşýandyklaryny eşitdi. Bu sözler atabegiň ýüregine jüňk boldy. Yzyna assyrynlyk bilen gaňryldy. Gabak astyndan öz şägirdini söýünç hem guwanç bilen synlady. „Arslandan üstün çykan, arslandan rüstem, Alp-Arslan! Ine meniň iki jahanymyň ýalňyz umydy, Hak Perwerdigär seniň asyrlardan-asyrlara ähli merdi-merdanalaryň nusgalyk edinjek, batyrlygyň hem mertligiň baýdagy boljak adyňy hem berdi. Adyňa mynasyp bol, ömrümiň manysy!“
Özüni erkek kişi duýaly bäri bütin ömrüne ýeke saparam gözlerinden nem syzmadyk goja serkerde göz owalaryndan togalanyp gaýdan goşa damjany gulamlardan gizlemäge çalşyp ber-başagaý boldy...
Goja atabeg ýalňyşmady. Şazada Muhammediň ýetginjek ýaşynda mähnet arslany ýeňip gazanan Alp-Arslan adyny asyrlaryň dowamynda ähli merdi-merdanalar tug edinip göterip gelýärler. On üç-on dört ýaşynda ýyldyrym çaltlygyndaky ýöriş bilen Balha hem Toharystana hüjüm eden Mewdud Gaznalyny ýeňen, dädesi Togrul soltan bilen Ybraýym Ýynalyň topalaňyny basyp ýatyryp, Beýik Seljuk-Türkmen döwletini içki howpdan halas eden, Malazgirtde on müň sany edermen türkmen ýigitleri bilen Rumuň şalar-şasy Roman Diogeniň iki ýüz müň adamlyk leşgerini kül-peýekun edip, onuň özüni ýesir alan, soňra bolsa ýesir düşen rum şasyny erkinlige goýberip, adamkärçiligiň belent nusgasyny görkezen Soltan Abudeddin Abu Şuja Muhammet ibn Dawut Çagry beg Alp-Arslanyň ady Gadymy hem Müdimi Türkmen halkymyzyň şöhratly taryhynyň altyn sahypalarynda beýleki türkmen gerçekleriniň adynyň gapdalynda öçmejek zerli harplar bilen sünnälenip ýazylgy dur.
Serdar ATAÝEW
Taryhy proza