09:54 Seljuklar: Abu Seýit we Abu Aly. Tebibiñ duşmany ýok | |
ABU SEÝIT WE ABU ALY. TEBIBIÑ DUŞMANY ÝOK
Taryhy proza
Nyşapur halky Abu Seýidiň ylmynyň yşgyna düşdi. Nyşapur halky Abu Seýidiň yşgyna düşdi. Gije-gündiz şyhyň töweregi adamdan doludy. Ine, bu günem Abu Seýidiň hanakasynyň öňi daň bilen şyhyň daş çykaryna garaşyp duran adamdan doludy. Şolaryň birem derwüş eşikli Abu Aly ibn Sinady. Şyhyň uzaklara ýaýran owazasy älemiň başga bir ägirdi ibn Sinany bu ýere alyp gelipdi. Ine, ol mähellä goşulyp, ýamaly derwüş eşiginde Abu Seýidiň gapysynda onuň daş çykaryna garaşyp dur. Gapy açylýar. Abu Seýit daş çykýar. Adamlaryň arasyna mylaýymlyk, göwünlere mähir ýaýraýar. Şyh mylaýym nazaryny mähellä aýlap goýberdi-de, baş egdi. Soňra ýüzüni ýerden göteren Abu Seýit sag elini ýokary galdyrdy. Şol pursat hemmeler başyny aşak egdi. Abu Seýít öz öňünde baş egip duran adamlaryň üstüne umyt sözüni oklady: - Bar zat Alla baglydyr! Millet onuň yzy bilen gaýtalady: - Bar zat Alla baglydyr!.. Şyhyň mylaýym sesi täzeden ýaňlanýar: - Kimiň içi-daşy bir bolsa, şol biziň biledir! Millet şyhyň yzy bilen gaýtalady: - ...Şol biziň biledir! Kalbyny Alla bilen birlik hakdaky pikire eýlän - biziň biledir! - ...Biziň biledir! Şyhyň sesi märekäniň içine siňip gidýär: - Alla biziň biledir! Tutuş mähelle dagyň gaýasy ýaly bolup, bu sözleri yza serpikdirýär: - Alla biziň biledir!.. Şyh dowam edýär: - Muňa ynanmaýan kişi biz bilen däldir. Goý, ol entek salym barka bu ýerden gitsin! Mähelleden hiç kim gapdala çykmady. Hemmeleriň gözi şyhdady. - Onda dinläň - Abu Seýit gapdalynda duran sopusyna tarap gözüni aýlap goýberdi. Sopy howlukmaçlyk bilen häliden bäri ýeňsesinde saklap duran rubabyny döşüniň üstüne goýdy. Onuň uzyn barmaklarynyň ujy kirişlere galtaşdy. Kirişlerden çykan mylaýym owaz mähelläni gozgalaňa saldy. - Onda diňläň... - Abu Seýit ýumşak, mähre ýugrulan sesi bilen saza goşup, şygyr okap başlady: - Alla söýgiň özi geler, Ol ibermez şöhlesini... - Bar zat Alla baglydyr! - Millet şu jümläni diýdi-de, dyzyna çökdi. Şyh dowam etdi: - Saňa söýgi zerarly, Meň ýüregmiň düzlügi, Ekinsiz şor ýere döndi. Eýesiz söýgi ömürboýy, Şol şorlukda selpemez dek, Söweş meýdanynda ölsek... Bar zat Alla baglydyr! - Millet Abu Seýidiň pikirleriniň kakuwyna goşulýar. Şyh dowam edýär: - Yürek gapyl bolmaz hiç haçan senden, Jan bedende mähriň gitmez bu tenden. Ýüzünden düşen keşp hiç haçan öçmez, Bezeg berer ýürek aýnama çyndan... Şyhdan pata alan mähelle raks oýnap başlaýar. Göwünler galkynyp, gözler ýalpyldaýar. Abu Seýidiň mylaýym sesi saza goşulyp, mähelläniň üstaşyr uzaklara yaýrap gidýär: - Aşyklar syr açar ýatmaz gijeler, Özgeler hiç ganat kakmaz gijeler, Temmelener gije külli işikler, Aşyklar gapysyn ýapmaz gijeler... Mähelle hüwläp göçdi. Bu göçgün şyhyň göwresine-de aralaşdy. Onuň akýagyz ýüzüne gyzyl öwüşgin çaýylyp, ullakan gözleriniň hanasy has-da giňäp giden ýaly boldy. Şyhyň tutuş göwresi, hatda göbegine ýetip duran sakgaly hem sema goşuldy: - Hak barlyk lybasy haçan ýyrtylar? Ýüz ýagtysyn bermez müňläp pelteler. Ýürek onuň nur çogundan elener, Jan oň joşgun tolkunyndan ýelpener... Şyh daýaw göwresini adam deňziniň ortasyna oklady. Dünýäni unudan mähelle raks oýnaýardy. Milletiň üstaşyr Abu Seýit bilen ibn Sinanyň gözleri tapyşýar. Şyhyň «yzyma düş» diýen yşaradyny gören ibn Sina onuň yzyna düşýär. Palçyk hüjräniň içinde Abu Seýit myhmanyň öňünde baş egip, oňa hormat bilen salam berýär: - Es-salam-u-aleýkim, Abu Aly ibn Sina! - Waleýkum-essalam, siz meni nädip tanadyňyz? Sizde meniň suratym barmy? - Siziň hatlaryňyzy okaýan mahalym şekiliniz şu aralygy ötüp, ýüregime ornapdy. Eger şol surat hakda soraýan bolsaňyz... ...Döwrüniň iki ägirdi üç günläp hüjreden çykman söhbet edýärler. Dördünji gün öýle namazyndan soň, iki şyh hüjreden daş çykdy. Bu üç günde, kim bilýär, nähili söhbetler edildi, näçe jedeller guruldy?! Ol bu hüjräniň içinde syr bolup galdy. Halk bolsa, şol üç günlük söhbet barada rowaýatlar döredýärdi: «Abu Seyit käsäni ýokaryk oklapdyr welin, ol yere gaçman howada doňup galypdyr. «Seniň ynanýan kanunlaryň boýunça käse ýere gaçmaly. Ýöne, näme üçin ol gaçanok?» diýip, Abu Seýit ibn Sinadan sorapdyr. «Seniň diýýän kanunyň diñe merkeze ymtylmaga hiç zat päsgel bermeýän zatlara degişli. Bu käsäniň ýere gaçmagyna bolsa, seniň erkiň päsgäl berýär» diýip, ibn Sina jogap beripdir». Ine, iki şyh hüjreden çykdy. Sopular olaryň daşyny gurşap aldylar. Sopularyň biri ibn Sina has golaý geldi: - Hormatly hojamyz, biziň şyhymyzy neneň gördüñiz? Ibn Sina sopynyň egnine elini goýdy: - Diwara urulýan çüýi gördüm, kakyp duran daşy hem gördüm. Ýöne urup duran eli görmedim. Täret kylansoň ol boş kündügi goýupdy, men ýerimden turup, täret kylmak üçin kündügi aljak bolanymda, hiç kim oňa suw guýmasa-da kündügiň doly duranyny gördüm... Onsoňam, siziň şyhyňyz meniň bilýän ähli zatlarymy görýär. Sopy indi Abu Seýide tarap öwrüldi: - Hormatly halypamyz, siz hormatly hojany neneň gördüñiz? Abu Seýit sopynyň beýleki egnine elini goýdy: - Ol biziň görýän zatlarymyzyň ählisini bilýär... Onsoňam: - Aryf gaý-tupanda kenary saýlar, Tebip oty-çöpi, enary saýlar. Meýhananyň bir çünküni penalan, Älem laýyny däl, sap dury saýlar... Iki şyha päsgel bermeli däldigine, olaryň entegem soňlanmadyk söhbetleriniň bardygyna göz ýetiren sopular öz işleri bilen boldular. Myhmany howlynyň derwezesine tarap ugradyp barýan Abu Seýit megerem, hüjräniň içinde soňlanmadyk söhbeti dowam etdi: - Paýhas - ot, kalp - oduň önümi, ot näçe köp bolsa, kalpda şonça-da paýhas köp. Çyglyk - duýgy. Küýseg, höwes bolsa, kalp üçin, diýmek, paýhas üçin ölüm... Ibn Sina dymdy. Şyh sözüni dowam etdi: - Ine, näme üçin men halka şygyr, aýdym aýdyp berýän, saz çalýarys, raks oýnaýarys... Olar pikir odunda köýmesin diýip, sebäbi paýhas - ýeterlik däl. Aýdym-saz adamyň kalbyna köz oklan ýaly... söýgi oýarýar. Kalp söýgüsi adama ähli betbagtlykdan ýokary galmaga kömek edýär. Kalp söýgüsi oňa baýlygyň, häkimligiň berip bilmejek beýikligini berýär... Ibn Sina göwresiniň yrgynyna goşup, pessaý ses bilen söze başlady: - Meniň hormatly şyhyň jemalparazlyga garaýşyny bilesim gelýär. Abu Seýit göjä asmanda birzat görjek bolýan ýaly gözlerini ýokaryk dogrulary-da, dodaklaryny ýazdy: - Allanyň döreden sungatyna oýlanyp düşünmekde gözelleriň owadanlygyna, ajaýyplygyna, nepisligine, täsinligine seretmek halaldyr... Bu wagt olar howlynyň derwezesine ýetipdiler. Sopularyň biri ylgap gelip, olara derwezäni açyp berdi. Iki şyh köçä çykdy. Häzir sähel salymdan olaryň biri ýene hüjrä girer-de, paýhaslar ummanyna çümer, beýlekisi bolsa, göýä egnine geýen derwüş eşiginiň öňündäki borjuny haklajak bolýan ýaly, uzak ýola rowana bolar... Abu Seýit darajyk köçäniň ugry bilen ibn Sinany ugradyp barşyna ýene-de sözüni dowam etdi: - Meniň saňa ýene-de diýjek zadym bar, derwüşler oturan wagty aýbogdaşyny gurman, hiç zada ýaplanman oturýarlar. Özlerem nirä keçe taşlansa, şol ýere-de çökýärler, sen bolsa, keçäni süýşürdiň. Derwüş ilki çep aýagynyň köwşüni çykarýar, geýende bolsa, ilki sag aýagyndakyny geýýär. Sen bu ýerde-de ýalňyşdyň... Iň esasy zat, derwüşler ýeke gezmeýärler... Abu Seýit ibn Sina bilen iki elini uzadyp hoşlaşdy: - Ýoluň ak bolsun! Abu Aly ibn Sina yola düşdi. Ol Mahmyt şa tarapyndan ömürboýy yzarlanyp gelen-de bolsa, öz ýazgylarynda şa hakynda ýekeje-de ýaramaz söz ýazmandyr. "Tebibiň duşmany ýok" diýleni-dä... Ýöne tebipde dost bolup bilýär. Ibn Sina bu gün özüne ýakyn dost tapynypdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |