17:50 Seljuklar: Mahmyt şadan gelen perman | |
MAHMYT ŞADAN GELEN PERMAN
Taryhy proza
Iki hyrkaly, otuz bäş ýaşly Abu Seýit üçin Mäne darlyk edýärdi. Allanyň sözüni halka ýetirmek üçin onuň göwni uly şäher küýseýärdi. Ol şäher Nyşapurdy. Ine, ol sopularyny yzyna tirkäp, Nyşapura gelýär. Dokmaçylaryň ýaşaýan köçesinde bir jaýy özüne hanaka edinýär. Onuň halkyň öňüne çykyp ilki diýen sözleri: "Pirden tälim almadyk adama nebsim agyrýar. "Pirsiz dünýäň syryny açdym" diýýän adam hakykatdan daşdyr. Sebäbi, diñe pir bilen söhbetde Alla bolan söýginiň maňzyna ýetip bolýar. Dünýä şol söýgiň maňzyna ýetip düşünmeli, onuň üçin bolsa mydama piriň töwereginde bolmaly. Indiden beýläk men siziň piriňiz" diýen sözlerdi. Şyhyň mejlislerine gaty köp adam ýygnanýardy. Sopulara kän sadaka berilýärdi. Şyhyň millet bilen söhbeti ýürekdendi. Ol berilýän soraglara şygyr bilenem jogap gaýtaryberýärdi. Onuň bolşy Nyşapurly ussat Abubekir Yshak bilen kazy Seýit Abu Hanypyň göwnüne ýaramandyr. Täze gelen şyhy özlerinden öňe düşüresi gelmedik Abubekir Yshak bilen Seýit Abu Hanyp Mahmyt şa «Bir sopy şyh döräpdir, ol adamlary daşyna üýşürip, ne Kurany-Kerimiň tefsirini aýdýar, ne-de Allanyň resulyndan eşidilen hadyslary. Ol hemme zada goşgy bilen jogap berýär, müritleri bilen gowrulan towuk, lizine¹² iýýär, hiç bir ýol-ýörelgä gabat gelmeýär, adamlaryň bolsa, barysynyň ýüzi şoňa tarap. Bu gidişine gitse, ol köp adamy ýoldan çykarar» diýen mazmunly hat ýollapdyrlar. Penşenbe güni ikindi namazy wagty Mahmyt şadan bularyň hatyna jogap gelipdir. Şanyň jogaby gysgady: "Siz onuň ýagdaýyndan habardar bolup duruň, oňa şerigat boýunça näme çäre görmeli bolsa görersiňiz..." Ussat Abubekir bilen Seýit kazynyň guşy uçdy. Beýle jogapdan soň, indi şyha näme etseler-de, olara garaw ýokdy. Olar «Ertir, juma güni öz adamlarymyzy ýygnap, şyhy ähli müritleri bilen ýoluň çatrygynda dardan asalyň» diýen netijä geldiler. Bu habar dessine şähere ýaýrady. Şyhyň sopulary hem bu gürrüňi eşidip, ony Abu Seýide ýetirmegiň ebeteýini tapmadylar. Şyh Abu Seýit Abulhaýyr öz keramaty bilen bu zatlaryň baryndan habarlydy. Şol gün ol namazdan soň müridi Hasany ýanyna çagyrdy. Yaramaz habar ýüregine yza berýän Hasanyň hem edil beýleki- ler ýaly gözi ýaşlydy. Ol gözüniň ýaşyny sylyp, şyhyň ýanyna geldi. Ýumşak düşekçäniň üstünde daşyna ýelek ýassyklary üýşürip oturan şyh syr bildirmedi: - Hasan, biziň näçe sopymyz bar? - Jemi ýüz ýigrimi adam, pirim, olardan segseni derwüşler, kyrkysy ýerli adamlar... - Olara ertirlige näme hödürlemekçi? - Siz näme buýursaňyz, şony hödürläris... Şyh başyny aşak salyp oturşyna pessaýja ses bilen hiňlendi: - Şatlanmak ýok, ýürek gutaryp barýar, Şowhuny az gussa göterip barýar, Bize ýüz tutan her älem şatlygy, Gaýga öwrülmäge tutaryk bolýar... Şyh Abu Seýit Abulhaýyr golaýyndaky ýassyklaryň birini goltugyna çekip gyşardy: - Onda diňle, Hasan, ertir her sopynyň öňünde guzy kellebaşaýagy, ýülügine seper ýaly owradylan gant, halypa halwasy bilen şeker bol- sun. Ud¹³ ýakyň, olara gülap sepiň... Täze dokalan düşekleri ýazyň, saçagy metjidiň içinde ýazyň, adamlar Allanyň öz halan bendelerine ylahy suprasyndan näme eçilýänini görsünler... Şyh gapdalyndaky üzümli jama elini uzatdy. Munuň "gürrüň gutardy" diýen alamatdygyny aňan Hasan çala baş egdi-de, daş çykdy. Gün eňegini ýere beripdi. Ertir irden bolsa, piriň diýen zatlary saçakda dummaly. Hanakanyň gaznasynda bolsa, ýekeje dirhemem pul ýokdy. Karz alaýyn diýse, Nyşapurda entek gowy tanaýan adamlaram ýokdy. Derwezeden çykyp, pikire batyp barýan Hasan Adana Kuýan köçesiniň başlanýan ýerine ýeteninem duýmady. Dükanlar ýapylyp başlady. Her kim agşam namazyna ýetişmek üçin öýüne howlugýardy. Hasan iki oduň arasynda galdy. Irden piriň diýşi ýaly bolaý- malydy. Jübüsinde welin, ýekeje dirhemem ýok... - Ey, Hasan! Oýa batan Hasan tisginip gitdi. Ol ses çykan tarapa öwrüldi. Köçäniň aňry tarapyndan ylgaşlap gelýän ýaş ýigit sözüni dowam etdi: - Garaňky düşensoň bu yerde näme işläp ýörsüň? Hasan göwünli-göwünsiz dillendi: - Pirimiz ir bilen ýüz ýigrimi sopa saçak ýazmagy buýurdy... - Mende bolsa ýekeje dirhemem ýok... şu ýerde daňdana çenli durmalam bolsa durjak, yzyma gaýtmaga ýüzüm ýok... Ýaş yigit oňa golaý geldi: - Yeňime eliňi sok-da, şyha gerek puluňy al! Hasanyň gözleri tegelendi, daş-töwerege howatyr bilen nazar aýlanyny-da duýmady. Ýaş yigit ony gyssady: - Bol, çekinme - Ol ýeňini ýokary göterdi. Hasan ýuwaşlyk bilen onuň ýeňine elini sokdy. Onuň titräp başlan barmaklarynyň ujuna bir teňňe ildi. Ol teňňäni barmaklary bi- len gapjap, çekip aldy. Tylla teňňe. Bu piriň buýrugyny ýerine ýetirmäge aňryýany bilen ýetjekdi. Ýoluny dowam eden ýaş ýigit garaňka siňip gitdi. Ertesi güni ir bilen metjitde piriň diýşi ýaly edip saçak ýazylgydy. Pir sopulary bilen gelende, bu yere ep-esli mähelle üýşüpdi. Bu ýerde bolup geçýän zatlary Abubekir Yshak bilen Seýit kazynyň gulagyna ýetirdiler. Seýit kazy habary getirene: «Goý, olar bu gün şatlansynlar, kellebaşaýak symyşlasynlar, ýöne ertir olaryň kellesini gargalar çokar» diýip, jogap beripdir. Abubekir Yshak bolsa: «Goý, olar bu gün garynlaryny ýagjartsynlar, ertir olar dar agajynyň sütünini ýagjardarlar» diýip, olaryň ikisi-de şyha we onuň sopularyna bellän jezalaryny bir gün yza süýşüripdirler. Ýöne ertire çenli tutuş bir gün bardy. Bu bir günüň içinde nämeleriň bolup geçjeginden olaryň entek habary ýokdy. Sopular nahardan çekilip, ellerini ýuwanlaryndan soň, şyh ýene Hasany ýanyna çagyrdy: - Hasan, namazlyklary mähraba elt-de, sopularyň namazlyklaryny Seýit kazynyň yzyndan ýaz. Biz bu gün namazy onuň yzynda durup okamakçy... Hasan sessiz baş atdy. Ol ýüz ýigrimi namazlygy iki hatar edip başga adama ýer bolmaz ýaly edip ýazdy. Pir sopulary bilen geldi. Seýit kazy münbere çykyp, hutba okady, soňra ol aşak düşüp namaz okady. Kazy iki egnine salam berenden soň, şyh ýerinden turdy. Kaza tarap gözüniň gytagyny aýlan şyh sopularyny yzyna tirkäp, çykyp gitdi. Hanaka baranlaryndan soň şyh ýene Hasany çagyrdy. Pir hemişeki bolşy ýaly, ýumşak düşegiň üstünde daşyna ýelek ýassyklary üýşürip otyrdy. - Hasan - pir göýä, diýýän zatlary müridiniň ýadynda gowy galsyn diýýän ýaly, howlukman söze başlady. Sen häzir Karramylar köçesiniň çatrygyna bar, şol ýerde bir dükan bardyr, dükanda kak, ak künji, pisse maňzy garylyp taýýarlanan tagam bardyr. Ondan on man¹¹ alarsyň, şol ýerde badam satylýan dükan hem bardyr. On man badam alyp, arassalarsyň. Soňra olary iki sany ak halta bölüp sal-da, depäňde göterip, ussat Abubekir Yshagyň öýüne bararsyň. Şol zatlary ussada eltip ber-de, «Pirimiz agzyňyzy şu zatlar bilen açyň» diýdi diýersiň... Hasan çala baş egip, howlukman daş çykdy. Sähel salymdan ol bar zady piriň diýşi ýaly taýyn edip, Abubekir Yshagyň derwezesiniň agzyna bardy. Haşamly derweze Hasanyň sussuny basdy. Egerde pir "Tagamlary ussada gowşuryp, «Pirimiz agzyňyzy şu zatlar bilen açyň diýdi" diýip aýt" diýmedik bolsa, ol bireýýäm iki halta nygmaty derwezäniň öňüne taşlap, bu ýerden ökjäni götererdi. Sebäbi, bu derwezäniň aňyrsynda ýaşaýan adam ýöne-möne adam däldi. Nyşapur karramylaryň¹⁵ merkezidi, bu şäherde ýigrimi müň töweregi ýaşaýardy. Abubekir Yshak olaryň öňbaşçysy. Ol Mahmydyň dostudy, Şanyň dosty bolup, onuň ýörişlerini wasp edýäni üçin bu şäherde onuň edenine däl diýip bilýän ýokdy... Hasana derwezäni açdylar. Abubekir Yshak bu wagt öýündedi. Iki sany ak haltany göterip öýe giren Hasany görüp, onun gür gaşlary gerlip gitdi: - Näme habar bilen geldiň? Hasan howlukman haltajyklary onuň öňünde goýdy: - Men Abu Seyit piriň müridi, pir size agzyňyzy şu tagamlar bilen açyň diýdi... Ussat Abubekir haltajyklarynyň agzyny açdy. Olaryň içindäki tagamlara gözi düşen öý eýesiniň ýüzi ak tam boldy. Ol esli wagtlap barmagyny dişläp oturdy-da, açyk gapydan daşaryk gygyrdy: - Abulkasym hajyby çagyryň! Gapynyň agzynda duran hyzmatkärleriň biriniň "Lepbeý, pirim!" diýen sözlerinden soň, uzaklaşyp barýan aýak sesi eşidildi. Köp wagt geçmänkä Abulkasym hajyp gelip gapydan girdi: - Çagyran ekeniňiz, pirim! Ussat Abubekir Yshagyň entegem ýüzüniň reňki durlanmandy. Onuň sesi sandyrap çykdy: - Sen häziriň özünde Seýit kazynyň ýanyna git-de, meniň düýnki pikirimizden ýüz öwürýänimi oňa aýt. Sebäbini sorasa, «Pirim düýn metjide barýarka dükanlarda süýji kak hem badam satylýanyny görüpdir. «Metjitden gelip şu zatlar bilen agzymy açaryn» diýip pikir edip, soň pikirini ýatdan çykarypdyr. Bu gün bolsa Abu Seýit oňa agyz açmak üçin kak bilen badam iberipdir» diý... Abubekir gözleri bilen ümläp iki haltajygy görkezdi-de, sözüniň üstüni ýetirdi: - Allanyň bendeleriniň pikirini okap bilýän adamyň göwnüne degip, Biribaryň öňünde günäkär bolup bilmeris... Abulkasym hajyp tiz çykyp gitdi. Oňa köp garaşmaly bolmady. Ol dolanyp gelşine, bosagadan giren ýerinde çökdi-de, ussat Abubekiriň özüne uzadan çaýly käsesinden owurtlap, söze başlady: - Seýit kazy hem bärik şol niýet bilen adam iberjek bolup duran ekeni. Ol size «Şyh şu gün namazdan soň sünneti okamady. Men o "Juma namazynda sünneti okamazlyk pire-de, müride-de gelişýän zat däl" diýmek üçin yzyma öwrüldim welin, ol maña bürgüt bolup göründi. Men welin, bir serçe bolup galdym, oňa bir zatlar diýesim geldi, ýöne dilim tutuldy. Ol maňa şu gün öz hikmetini görkezdi. Me. nem pälimden gaýdýan» diýip, aýtmagy buýurdy. Bu gürrüňi diňlän ussat Abubekir Hasana tarap öwrüldi: - Hasan, sen piriñe aýt, meniň ýigrimi müň tarapdarym, Seyit kazynyň otuz müň adamy bilen goşulyp, onuň garşysyna çykdyk. Ýöne, piri dyza çökerip bilmedik. Ol on man kaky hem badamy bilen biziň ähli goşunymyzy çym-pytrak etdi. Indi ol öz mezhebi, biz öz mezhebimiz bilendiris... Begenjine gözlerine yaş aýlan Hasan hanaka ýetmäge howlukdy. Abubekiriň agyr derwezesi onuň ýeňsesinden zarňyldap ses etdi. Bu ses Hasanyň gulagyna ýeňiş kernaýynyň sesi bolup eşidildi. Hasan şol begenji bilen gelip hanaka girdi. Ertesi gün Seýit kazy hem golaý adamlary bilen gelip, Abu Seýit Abulhaýyrdan ötünç sorady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |