12:51 Seljuklar: Täze jaý. Her kimiñ öz hökümdary | |
TÄZE JAÝ. HER KIMIŇ ÖZ HÖKÜMDARY
Taryhy proza
Mäne galasynyň iň bir takwa adamy Abulhaýyr attar' bu gün hem adatdakysy ýaly ertir namazyndan soň howla çykdy. Öwrenişmedik adamyň bu giň howluda dürli gülleriň ysyndan ýaňa başy aýlanyp gitjekdi. Ýöne Abulhaýyr üçin - Mahmyt şanyň özüne hem köşk emeldarlaryna dürli ysly atyrlary taýýarlap berýän adam üçin gülleriň ysy hem adaty bir zada öwrülipdi. Dogry, ol her bir gülüň ysyny saýlamagy başarýardy. Şol gülleriň ysyny ýitirmän, olary aýna çüýşejigiň içinde durlanyp duran atyra öwürmek bolsa, onuň iň gowy başarýan zadydy. Howlynyň töründe, goşa çynaryň kölegesindäki beýik sekide Abulhaýyr üçin düşek ýazylgydy. Ol howlukman sekä dyrmaşdy-da, agyr göwresini düşegiň üstüne goýberip, goşa ýassygy goltugyna çekdi. Basyrylgy duran çäýnekden käsesine çaý guýdy. Attaryň käsä guýan çaýyndan hem gülüň ysy gelen ýaly bolup gitdi. Bu wagt öýden çykyp bärligine gaýdan on ýedi-on sekiz ýaşlaryndaky ýigit sekiniň gapdalyna geçip, Abulhaýra hormat bilen salam berdi. Bu ýaş ýigit Abulhaýryň ogly Abu Seýitdi. - Waleýkimessalam, oglum, gel geç, çaý içeli... Ol saçagyň üstünde düňderilgi ýatan käsäni eline aldy. - Ýok, kaka, men siziň ýanyňyza bir haýyş bilen geldim... Eýle bolsa, aýdyber hany... Abulhaýyr göwresini dikledi. Abu Seýit sözüni dowam etdi: - Maňa howlynyň töründen bir hüjre salyp berseňiz-le... Abulhaýryň geň galmakdan ýaňa gaşlary gerlip gitdi: - Aýratyn hüjräni näme etjek, oglum, öý giň ahyry, ýaşamaga-da, namaz okamaga-da ýer ýeterlik ýaly-la... Abu Seýit sekä golaý süýşdi-de, ýene ýaňky sözlerini gaýtalady: - Maňa aýratyn hüjre salyp berseňiz... Bu sözleriň äheňinden oglunyň gara çynydygyna göz ýetiren Abulhaýyr iki elini birden göterdi: - Bor, oglum, arkaýyn bolaý, şu gün ussalar bilen gürleşerin... - Sag bol, kaka! Sag elini döşüne goýup, çala baş egen ýaş ýigit duran ýerinde yzyna öwrüldi-de, öýe tarap ýöneldi. Ol öýüň içine girenden gözlerini jaýyň diwarlaryna gezdirip goýberdi. Diwarlar sary suwagyň ýüzüne gök reňkde ýazylan ýazgylardan doludy. Bu ýöne bir ýazgylar däldi. Bular Mahmyt şanyň aýdan sözleridi. Bu Abulhayryň Mahmyt şa bolan hormatynyň aýratyn nyşanydy. Şanyň zybanyndan sypyp, Mänä ýeten her bir paýhasly söz derrew şu diwarda orun tapýardy. Ine, Abu Seýidiň öýe giren ýerinde aýak çekip, göz gezdirip goýbereni şol ýazgylardy. Yaş ýigidiň gaşlary bürlüp başlady. Ol diwardan gözlerini aýryp, howlukman öýüň içine girip gitdi. Abulhaýyr ogluna beren sözünde tapyldy. Ertesi güni ir bilen ussalar howlynyň töründe, aýratyn beýigräk bir yerde Abu Seýit üçin jaýyň gurluşygyna başladylar. Saman garylyp eýlenen palçykdan di- keldilýän diwarlar tiz beýgelip başlady. Bir aý hem geçmänkä jaýyň boýy ýetip, üsti basyryldy. Jaýyň üsti ýagyş geçmez ýaly samanly palçyk bilen galyň suwalyp, ýerli-ýerinde ternawlar goýuldy. Jaýyň daga tarap penjiresi, Abulhaýryň öýüne tarap bolsa, gapysy bardy. Ussalar diwarlary iki tarapyndan hem hek suwuna ezilen samanly palçyk bilen suwadylar welin, diwaryň ýüzünde barmagyň bilen kaksaň tyrkyldap ses edip duran gaty gatlak döredi. Ussalar işini tamamlan güni ir bilen Abu Seýit täze jaýa geldi. Onuň bir elinde boýagly çüýşedir çotgadan doly torbasy, beýleki elinde bolsa Kuran bardy. Ol penjireden düşýän Günüň ýagtysyna uzakly gün işledi. Reňkli çüýşeler yzly-yzyna boşady, tüýi tüýdülen çotgalar çete taşlandy. Öýläne çenli iş edinen Abu Seýit jaýyň diwarlarynyň ýüzüne Kuranyň sürelerini ýazyp çykdy. Onuň ýany bilen getiren Kurany öýläne çenli jaýyň burçundaky daşyň üstünde gozgalman ýatdy. On ýedi ýaşly Abu Seýit Kurany ýatdan bilýärdi. Giçlik Abulhaýyr oglunyň jaýyny görmäge geldi. Ol bosagadan giren ýerinde doňup galdy. Jaýyň diwarlary nagyş çekilen ýaly bolup, Kurany-Kerimiň sürelerinden doludy. Beýle zada garaşmadyk Abulhaýyr zordan dillendi: - Bu näme boldugy?! Kellesine sellesini orap duran Abu Seýit ýüzüni ýerden götermän jogap berdi: - Her kim jaýynyň diwarlaryna öz hökümdarynyň sözlerini ýazýar... Abulhaýyr sesini çykarmady. Ol birsalym doňan ýaly bolup durdy-da, duran ýerinden yzyna öwrüldi. Uzak gije uklap bilmän düşeginde iki-baka agdarylyp çylan Abulhaýyr, irden turup ilki bilen ussalary çagyrdy. Ol ussalara Mahmyt şanyň öz öýüniň diwarlaryndaky sözleriniň üstüni suwamagy buýrup, howludan çykyp gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |