20:38 Seljuklar: Göç. Ajaly ýetmedik adam | |
SELJUKLAR
Taryhy proza
Ýazyjy Jumageldi Mülkiýewiň «Seljuklar» romany türkmeniň şöhratly geçmişine degişli wakalar barada gürrüň berýär. Seljuk türkmenleriniň XI asyrda ýer-ýurt ugrunda alyp baran söweşleri, döwrüň meşhur adamlary baradaky söhbetler bu eseriň özenini düzýär. Roman çeper dilde ýazylyp, akgynly okalýar. Eserde beýan edilýän zamanasyna degişli däp-dessurlar, adamlaryň pikir-hyýallary, dünýägaraýyşlary ynandyryjy berlipdir. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda beýik Galkynyş eýýamynda türkmen halkynyň gazanýan ägirt uly ýeňişlerine bagyşlanýar. • BEÝIK GALKYNYŞ EÝÝAMY - TÄZE MÜMKINÇILIKLERIŇ DÖWRI Prezidenti hormatly Gurbanguly Türkmenistanyň Berdimuhamedowyň badalga beren beýik Galkynyş eýýamy sözüň doly manysynda täze mümkinçilikleriň döwrüdir. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen 2010-njy ýylyň 24-nji fewralynda geçiren duşuşygy hormatly Prezidentimiziň döredijilik işgärleri baradaky aladasynyň hem- de olaryň öňünde goýýan adalatly talabynyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmen Lideriniň şol duşuşykda sözlän sözündäki «Yurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler, beýik ýeňişler, şol ýeňişlere eltýän ýadawsyz zähmet wasp edilmäge mynasypdyr. Ata Watanyň beýikligi wasp edilmäge mynasypdyr» diýen sözler döredijilik işgärleri üçin maksatnamalaýyn jümlelerdir. Türkmenistanyň Prezidentiniň şeýle duşuşyklaryň üsti bilen döre- dijilik işgärlerine bildirýän talaby - bu döwrüň talabydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan badalga berlen beýik Galkynyş eýýamy ýazyjy-şahyrlar üçin hem uly mümkinçiliklere yol açylan döwürdir. Beýik Magtymgulynyň "Kitap okan gullar manydan dokdur" diýen jümlesinden ugur alnyp, beýik Galkynyş eýýamynda halkymyzyň kitaba goýýan sarpasynyň mundan beýläk-de artmagy üçin uly işler edilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döredilýän kitaphanalar milletiň ruhy ojaklaryna öwrülýärler. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji fewralynda döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ýurduň taryhyny öwrenip, ata-babalarymyzyň edermenligini wasp edip döredilýän taryhy eserler barada hem aýratyn durup geçdi. Türkmende "Millet daragt bolsa, taryh köküdir" diýen söz bar. Yene bir halk paýhasymyz bolsa, «Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz» diýip, taryhy eserleriň döwür üçin ähmiýetini ýene bir gezek tekrarlaýar. Şol jähetden ýazyjy Jumageldi Mülkiýewiň soňky ýyllar üstünde ymykly işläp döreden «Seljuklar» romany beýik Galkynyş eýýamynyň beren giň mümkinçilikleriniň netijesidir. Bu eser türkmeniň şöhrətly geçmişi barada gürrüň berýär. Ol müň ýyl töweregi wagt mundan ozal ýer-ýurt üçin darkaşlar guran ata-babalarymyzyň edermenlikleriniň beýany. Beýik Galkynyş eýýamy ýurdumyzyň taryhyny öwrenmeklige hem giň ýol açdy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyz- da indi geçirilmesi asylly däbe öwrülen halkara ylmy maslahatlaryny bu ugurda alnyp barylýan önjeýli işleriň hataryna goşmak bolar. Türkmeniň Mäne baba, Mahmyt Kaşgarly ýaly meşhur şahsyýetlerine bagyşlanyp geçirilen we beýleki halkara ylmy maslahatlarynyň netijelerini «Seljuklar» romanynda aýdyň görmek bolýar. Romanyň Oguz han neslinden bolan Seljuk begiň ogullarynyň, onuň agtyklary Togrul beg bilen Çagry begiň döwrüň öňünde görkezen edermenlikleri barada gürrüň berýän sahypalarynyň türkmeniň ýaş neslini watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr. Daňdanakan söweşinden soň dörän Beýik seljuk türkmen döwletiniň işine Mäne babanyň ak pata bermegi, bu günki beýik Galkynyş eýýamynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pajarlap ösýän türkmen döwletiniň binýadynyň berkdiginiň nyşany bolup ýüreklere ornaýar. Şeýle taryhy wakalara baý bolan "Seljuklar" romany hormatly Prezidentimiziň «Hiç eýýama meňzemeýän ajaýyp döwür» diýip mynasyp at beren beýik Galkynyş eýýamynyň beren mümkinçilikleriniň önümidir. Gurbannazar ORAZGULYÝEW, ýazyjy. I BÖLÜM: DAÑDANAKAN GÖÇ. AJALY YETMEDIK ADAM Gije. Çöl ýodalary bilen salgym derýasy ýaly bolup kerwen süýşüp barýar. Bu bir üýtgeşik kerwen. Ol bir ýere ýük alyp barýan ýa-da bir ýerden ýük almaga barýan kerwen däl. Bu gije kerweni Mahmyt Gaznalynyň gazabyndan soň diri galan seljuk türkmenleriniň kerweni. Olaryň öýi - Garagum, ýoldaşy - gije. Garrylar, aýal-ebtap, oglan-uşak - hemmesi, sökülen gara öýler, öý goşlary ýüklenen düýeleriň üstünde. Atly ýaş yigitler kerweniň töwereginde okkessirme geçýärler. Üzeňňileriň, gylyçlaryň şakyrdysy aýly gijäniň kümüş şuglasyna çümüp ýatan çöl depeleriniň arasyndaky ümsümlige siňip, ýitip gidýär. Atly ýigitleriň eginleri donly, kelleleri goýun ýa tilki derisinden tikilen telpekli, billerindäki gaýyş guşaklarynyň kümüş tokasy aý şuglasyna ýalpyldap gidýär. Eýeriň üstünde gözleriniň awusyny alyp barýan atlylaryň bir elleri gaýyş guşaga berkidilen hanjaryň sapynda. Bu endik. Çöl gurtlarynyň saklygy ýaly bolup, bu adamlaryň ganyna siňip giden endik. Daňyň düýbi çyzylyp başlanda agyr kerwen uly bir oýy gabat- lap goş ýazdyrdy. Giň oý, daş-töwrekdäki alaňlar tutuş bir milletiň düşelgesine öwrüldi. Düşlegiň daşyna ýörite saklaw goýan hem bol- mady. Bu ýerde egninden gylyç asan her bir kişi saklawdy. Dört düýeli, bäş düýeli bolup her ýerräkde goş ýazdyran millet ot ýakyp, biş-düşüň ugruna çykdy. Bir çetde dört-bäş sany ýaş ýigit uly sazagyň düýbüni peýläp goş ýazdyrdy. Atlary aňyrrakda çerkezlere iltediler. Eýerlere bökderilgi horjunlary sazagyň düýbüne taşladylar. Ýaş yigitleriň biri hanjar bilen yumşak çägäni serpip, kiçiräk ojak gazdy. Mis gazanjygy ojaga oturdyp, aşagyna ot ýakdy. Soňra horjunyň gözündäki ýasy golça elini sokup, pişigiň kellesi ýaly gowur- dagy bölüp aldy-da, gazana taşlady. Gowurdak ereýänçä garaşyp, onuň üstüne meşikden pagladyp suw guýdy. Ol içine çöp-çalam, gum-çäge düşmez ýaly gazanyň agzyny ýag siňip giden agaç gapak bilen ýapdy-da, inçemik göwresini dikläp, töweregindäkilere gygyrdy: - Çemçeleriňizi taýynlaberiň, nahar tiz taýyn bolýar... Şol pursat depäniň üstünde çöpleme çöplemek üçin alaňdan aşan yigitleriň biri göründi. Ol alaňdan aşak howlukmaç inip gelşine sesine bat berdi: - Togrul! Togrul! Ýadaw göwresini ýaňyja sazagyň düýbüne atylan at keçäniň üs- tüne goýberen ortadan uzynrak boýly, eginlek, garaýagyz ýaş ýigit towsup yerinden turdy. Alaňdan inen ýigit ylgap gelşine elini yzyna uzatdy: - Togrul... depäniň aňyrsynda iki sany adam ýatyr... Togrul ýüzüniň ugruna suwly meşikleriň birini garbap aldy-da, depä dyrmaşdy. Yigitleriň ählisi onuň yzyna düşdi. Dem salymda gaýnap duran gazanyň töwereginde hiç kim galmady. Ýaş gaplaň ýaly çeýe ýigitler depä tiz dyrmaşdylar. Dogrudanam, depäniň ýeňse ýüzünde üstüni çäge basan iki sany adam sudury mese-mälim görnüp durdy. Ýgitler depeden aşak indiler. Togrul ýetip gelşine iki göwräniň birini gapdala agdardy. Süýrüräk ýüzli, kepje sakgally, kiçijik selleli kişi ýuwaşlyk bilen gözlerini açdy. Togrulyň sesi batly çykdy: - Jany bar... meşigi äberiň... Yigitleriň biri gapdalda ýatan meşigiň agzyny çözüp, Togrula uzatdy. Togrul kepje sakgal kişiniň dodaklaryna howlukman suw damdyrdy. Ilki bir damja, soň ýene... ýene... lki eli bilen meşige ýapyşan kepje sakgal ony sokga soraýjak boldy. Teşnä dessine kän suw bermeli däldi. Bu wagt yigitler beýleki göwräni çägäniň aşagyndan çykarypdylar. Togrul olara suwly meşigi uzatdy. Yigitler iki göwräni göterip, sazagyň düýbüne getirdiler. Olary at keçäniň üstünde ýatyrdylar. Üç gün mundan ozal çölde uly harasat turupdy. Bu ikisi şol harasatda azaşyp, şu ýere düşen ýolagçylar bolsa gerek... Iki pyýada tiz özüne geldi. Kepje sakgal kişiniň tirsegine galyp, gözleri bilen bir zat agtarýanyny gören Togrul çägäniň aşagyndan çykan horjuny onuň gapdalyna taşlady. Kepje sakgally pyýada horjunyň agyzbagyny çözüp, onun içine göz gezdirdi. Horjunyň içi kitapdyr kagyzdan doludy. Ähli zadyň ýerbe-ýerdigine gözi düşüp, göwni biraz ynjalan kepje sakgally kişi meger, soňky birnäçe günüň içinde ilkinji gezek çalaja ýylgyrdy. Bu pursat Togrul goltugyndan çykaran kagyzynyň epinini ýazdy. Kagyzda hut şu adamyň şekili bardy. Suratyň ýüzüne seredip duran Togrul ýuwaşja dillendi: - Biz seni tanaýas, sen - Ibn Sina! Yöne, ol kim? Togrul barmagyny uzadyp beýleki pyýadany görkezdi. Howlukman göwresini diklän ibn Sina ýoldaşynyň kellesini yerden çala göterdi-de, içi kitap-kagyzly horjunyny onuň kellesiniň aşagyna süýşürdi: - Bu meniň dostum... Abu Sahl Meshi... Mahmyt Gaznalynyň gazaby tutuş bir millet üçinem, ýeke bir adam üçinem deňdi. Bular şanyň gazabyndan Nusaýa gaçyp barýan Abu Aly ibn Sina bilen onuň dosty Abu Sahl Meshidi. Çölde turan apy-tupan bulary gaty heläk edipdi. Suwlary tükenip, ýolbelet yo- galypdy, iki hyzmatkär bolsa, ibn Sina bilen Meshini talap, gaçyp gidipdi. Bu gün seljuk türkmenleri olary bir horjun kitaby hem golýaz- masy bilen halas edipdi. Togrul sözüni dowam etdi: - Seni tanaýandygymyzy geň görme, seniň suratyň Mahmydyň hökümi ýetýän ähli ýere ýaýradyldy... Ol tebibiň suratyny naýzasynyň ujuna sünçdi-de, böküp atyna mündi. Beýleki yigitler hem wagşy bir gykylyk bilen böküp ýerlerin- den turdular. Eýersiz atlaryna towsup münen yigitler onuň yzy bilen at saldylar. Ýigitleriň biri Togrulyň yzyndan ýetdi-de, onuň naýzasynyň ujundaky suraty kakyp alyp, atynyň başyny yzyna öwürdi. Atlylar ýene oduň başyna dolandylar. Suraty alan ýaş yigit ony dört epläp goltugyna salyp oturyşyna dillendi: - Indi sen meniň myhmanym, gorkma, bu yerde saña azar berjek bolmaz... Oda golaý süýşen ibn Sina dil ýardy: - Seniň adyň näme? Suraty goltugynda gizläp, kümüş bezegli galyň gaýyş guşagyny çekişdirip goýberen ýaş ýigit höwes bilen jogap berdi: - Men Çagry - ol suratyň öňki eýesine tarap baş atdy. - Bu meniň inim Togrul... Togrul elindäki çöp bilen ojaryň ýumruk ýaly közlerini iki-baka togalap oturyşyna söze başlady: - "Demir ýaýly" diýip at alan Tokak han kynyk taýpasynyň şöhradyny göge göterdi. Yöne meniň atam - Tokagyň ogly Seljuk Horezme ýöriş etmekden ýüz öwrüp, Hazar hany bilen tersleşdi. Biz - musulman, Hazar hanynyň dini başga.. Ol atama: «Sen meniň gu- lum» diýip gygyrýar. Atam ýumrugy bilen Hazar hanynyň kellesine urup, bizi günorta alyp gaýdýar. Seljugyň üç ogly Aly hany kowup, Jent şäherini eýeledi. Ýöne, ýüz ýedi ýaşan atam Seljuk ölensoň, Aly hanyň ogly Şa Mälik Jendi ýene yzyna gaýdyp aldy... Ol sözüni böldi. Togrulyň elindäki çöpi ýanyp gutarara gelipdi. Ol ujy tüsseläp duran kesindini oda oklady-da, bilindäki hanjaryny gazap bilen gynyndan sogurdy. Böwrüne hanjaryň ýiti ujy dürtülen yumruk ýaly köz ikä bölündi. Közüň içine sygman duran alawy çabyrap ýokary göterildi. Göýä, Togrulyň ýüreginiň howry hem çabyrap asmana göterilen ýaly boldy. Ol uludan demini alyp, sözüni dowam etdi: - Indi bolsa biziň öz ýurdumyz, ýerimiz yok. Saňa muny diýmäge hem utanýas. Mahmydyň ýerinde gijelerine gizlinlikde göçüp-gonup ýörüs. Gündiz yol sökmek Mahmydy gižželemek, gije - bu tabyn bolmak... Haýsy şa tabyn bolunsa, göwnügiňlik etmez... Hanjaryny gynyna salan Togrul ibn Sina tarap öwrüldi: - Seniň näme hakda pikir edýäniñi bilýän, seniň üçin Mahmyt bize kän ýer bererdi... Yöne, gorkma, türkmenler diñe başa-baş söweşi bilýändir... Ýigitler mis gazany orta alyp garbandylar. Ibn Sina bilen Meshi hem tabynyň ýetdiginden olara goşuldy. Şol pursat ýaşy durugşan, geýnüwli iki atly bularyň ýanyna gelip jylawy çekdi. Yerinden towsup turan Togrul turup barýarka ibn Sina tarap iki jümle oklady: - Arslan beg bilen Musa beg... kakamyň doganlary... Togrul beg oduň başyna gelip ornaşansoň, ara agyr ümsümlik aralaşdy. Ümsümligi ibn Sina bozdy: - Men Arslan begi tanaýan... Ony Buharada Nuhuň köşgünde görüpdim. Ol Nuha Bugra hany ýeňmäge kömek edip, hiç-hili sylag- serpaý alman gaýdypdy... Togrulyň sesi edil hanjaryň ýüzi ýaly ýiti çykdy: - Bize zat gerek däl, bize ýurt gerek! Ibn Sina dowam etdi: - Musa begi hem tanaýan, ol Muntasiriň tarapynda Nasra hana garşy söweşip, Samarkandyň eteginde onuň on sekiz hajybyny ýesir alypdy... Togrul ýuwaşja dillendi: - Bilýän... agam bu söweş hakda gürrüň bermegi gowy görýär... Häzir bolsa, ýatyp dynjymyzy alaly... Gije ýene ýola düşmelidir... ... Gün öýlä agan wagty tebibiň yzyndan geldiler. Ony Arslan beg öz goşuna çagyrýardy. Serkerdeleriň biri ýarawsyzlyk tapynypdy. Çagry, ýene-de iki sany yigit ibn Sinanyň ýany bilen ýöredi. Düz ýerde dikilen çadyryň agzyna kän adam üýşüpdi. Olar iki tarapa serpilip, tebibi çadyra goýberdiler. Giň çadyryň töründe düşekde ýatan hassanyň halynyň teňdigi gapydan giren ýerinden hem bildirýärdi. Onuň başujyny alyp oturan Arslan beg gapydan giren ibn Sinany görüp ýerinden turdy. Ibn Sina sag elini döşüne goýup, başyny çala egip, pessaý ses bilen öýüň içindäkilere salam berdi-de, hassanyň ýanyna howlukdy. Ol çadyryň törüne ýöräp barşyna içini gepletdi: "Arslan begiň hut özi başujunda oturan bolsa, bu hassa oňa golaý adamlaryň biridir.." Ol hassanyň gapdalynda çökdi. Hassanyň giň maňlaýy, ýüzi der damjasyndan doludy. Galyň dodaklary jaýryk-jaýrykdy. Ibn Sina onuň elini eline aldy. Göwresi ot ýaly, ýöne, ýürek urşy ganymat... Hassa gözüni açdy. Tebip özüne zor salyp çalaja ýylgyrdy: - Niräň agyrýar? Hassa sesini çykarman, elini ýuwaşlyk bilen süýşürip sag böwrü- ne eltdi. Tebip hassanyň görkezen ýerine barmaklarynyň ujuny ýetirdi. Çalaja basyp, gözlerini hassanyň ýüzüne dogrulady. Elli ýaşlaryndaky gaşlak pyýadanyň agyrydan ýaňa ýüzi gyşaryp gitdi. Ibn Sina kän gezek jeset kesip, içini öwrenipdi. Ony Mahmydyň gazabyna duçar eden zatlaryň biri-de, şudy. Ol şu wagt hassanyň içini doly göz öňüne getirdi. Hassanyň eli bilen görkezen ýeri inçe içegäniň gutaran ýeridi. Ol ýerde inçe içegäniň gurçuk şekilli ösüntgijigi bardy. Ibn Sina agyr görgülerden soň ýogalan bir kişiniň jesedini kesip görende, şol gurçuk şekilli ösüntginiň hapa-hupadan hem-de mugthor gurçuklardan dolup, ýarylandygyny görüpdi. Tebip şonda şeýle netijä gelipdi: Eger-de, şol ösüntgi ýarylyp, adamyň içine hapa düşmänkä, ony kesip aýyrsaň, onda hassanyň diri galmagy mümkindi... Bu ýerde-de şol ýagdaýdy. Başgaça bolmagy mümkin däldi. Yöne, muny nädip Arslan bege duýdurmaly. Ol tebipden haraý is- läp çagyrdy. Yöne, entek ibn Sinanyň, diňe bir onuň däl hiç bir tebibiň şol ösüntgini kesip aýran ýeri ýokdy. Diňe garny kesip, hassany halas edip boljakdy... Ibn Sina ýeňsesine öwrüldi. Gapynyň iç ýüzünde duran Çag- ryny görüp, onuň göwresine ýeňillik aralaşdy. "Şu ýigide ol ýag- daýy düşündirip bilse gerek, goý ol hem ähli zady Arslan bege düşündirsin..." Ähli zat meşhur tebibiň pikir edişinden hem tiz çözüldi. Arslan beg hassanyň garnyny kesmäge rugsat berdi. Megerem, bu pursat hassany bejerjek bolýan tebibiň hut ibn Sinanyň özüdigi ähli zadyň oňyn çözülmegine itergi beren bolsa gerek. Sebäbi ibn Sina Arslan begi gaýybana tanaýan bolsa, Arslan beg hem ibn Sinanyň kimdigini bilýärdi. Samanly häkimi Nuh agyr derde uçranda, ony diñe ibn Sina bejerip bilipdi. Şol wagt Abu Alynyň on alty ýaşy bardy. Onsoň, emirleri bejerip bilen tebip, ýönekeý serkerdäni bejerip bilmezmi... "Eger, iş başa barman, seljuklar meni öldüräýende-de ýitirýän zadym ýok diýip, tebip öz göwnüne teselli berýärdi. - Olar meni halas etdiler ahyry, seljuklar bolmadyk bolsa, men çägä gömlüp ölüp giderdim..." Ibn Sinanyň diýen zatlaryny tiz tapyp getirdiler: ýiti päki, gaýyş kemer, iki sany kiçiräk küýzäni dolduryp şerap, pamyk, iňňe-temen, ýüpek sapak we şuňa meňzeş başga-da ownuk-uşak zatlar orta üýşdi. Ibn Sina hassadan başga hemmeleri çadyrdan çykardy. Ol ýanyna diñe Çagryny alyp galdy. Bu begzada ýigidiň özsözlüligine tebibiň syny oturypdy. «Bir bolmasy iş bolup, hassa yogalaýsa-da, şu ýaş yigit meni gorap biler» diýen pikir çalaja umyt bolup, ibn Sinanyň könlüniň töründe köräp durdy. Tebip ilki bilen bihuş derman taýýarlady. Ol torbasyndaky ot-çöpleriň arasyndan çakjagunduz bilen selmelegiň gabygyny saýlap aldy-da, olary mis gazanda mazaly gaýnatdy. Gazanyň suwy azalyp başlansoň, ony otdan düşürdi. Garamtyl gyzyl öwsüp duran suw sowaýança garaşyp, üstüne şerap guýup gardy. Soňra bir bölek yumşak matany taýyn bolan ergine ezip hassa ysgatdy. Hassa gözlerini çala agdaryp, kellesini ýassyga goýberdi. Ibn Sina Çagrynyň kömegi bilen hassanyň el-aýagyny berk daňdy. Gaýyş guşakda çalnan päki ýalaw ýaly bolansoň, ony şerap bilen ýuwup, tebip işe girişdi. ...Ibn Sina çadyryň eňsisini serpip çykanda, Gün böwrüni ýere beripdi. Seljuk begleri çadyryň öňünde aý berip otyrdylar. Tebibiň daş çykanyny görüp, olaryň ählisi birden ör turdy. Tebip Arslan beg bilen Musa bege çala yşarat etdi-de, ýene yzyna sümüldi. Hassa rahat dem alyp, uklap ýatyrdy. Ibn Sina yzy bilen çadyra giren seljuk beglerine tarap öwrüldi: Hassa üç günläp aňrybaş rahatlyk gerek. Üç günläp oňa özüm seretmekçi. Bir hepdeden bärde bolsa ony uzaga gozgap bolmaz... Arslan beg äpet aýasyny tebibiň egnine goýdy: - Taňryýalkasyn, Abu Aly. - Ol ýüzüni Musa bege tarap öwürdi. - Biz üç günläp şu ýerde galýarys... Hassa üç günden soň aýak üstüne galyp, taýaga daýanyp ýuwaşjadan ýöräp başlady. Hassanyň ýanyna ýeterlik saklaw, azyk- owkat, suw hem-de atdyr düýe galdyryp, seljuk göçi ýola düşdi. Hassa ýagşy gutulansoň, olaryň özleri ahyrky düşelge ýerini yzarlap barmalydy. Garaňky gatlyşyp barýarka ýola düşen göç uzak gije ýol ýöräp, daňyň düýbi ýagtylanda Garagumuň orruk ortasynda goş ýazdyrdy. Olar indi birnäçe aýlap şu ýerde düşläp, aw awlamakçydylar. Gyşa azyk taýýarlamalydy, tilkidir towşan derisi hem Buharada iň geçginli harytlaryň biridi. Seljuklar bilen hoşlaşan ibn Sina hem Meshi ikisi Nusaýy nazarlap, ýoluny dowam etdi. Üstüne azyk-owkatly horjunlar, suwly meşikler ýüklenen ineriň bagyny berk gysymlan Abu Aly ibn Sinanyň gadamy batlydy. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |