13:24 Seljuklar: Merw. Müñ sany ýaýyñ ýurdy | |
MERW. MÜÑ SANY ÝAÝYÑ ÝURDY
Taryhy proza
Nusaýyň etegindäki söweş seljuklaryň Horasanda uly syýasy güýje öwrülendigini mälim etdi. Bu ýeňişden soň seljuklaryň öz güýjüne ynamy artdy. Mesut soltan seljuklar bilen ylalaşyk baglaşmagy makul bilip, Dehistany Çagry bege, Nusaýy Togrul bege, Parawy bolsa Musa bege bermäge razylaşypdyr. Munuň özi Mesudyň seljuklary özüne tabyn syýasy güýç hökmünde ykrar etmegidi. Şertnama görä, seljuklar agzalan üç welaýatdan özge ýere dawa etmeli däldi. Şertnamada seljuk begleriniň biriniň zamun hökmünde Gaznaly köşgüne iberilmegi hem aýdylýardy. Ýöne seljuklar bu şerte boýun bolmandyrlar. Soňabaka agzalan welaýatlar seljuklar üçin darlyk edip başlapdyr. 1036-njy ýylyň noyabr aýynyň 12-sine seljuklaryň ilçileri Gaznaly weziriniň ýanyna gelip, berlen ýeriň darlyk edýändigini düşündirip, Merw, Sarahs, Abiwerd sebitleriniň hem özlerine berilmegini haýyş edipdirler. Munuň üçin olar Gaznaly döwletine tölegli esger hyzmatyny etjekdiklerini aýdypdyrlar. Mesut soltan Sübaş hajybyň serkerdeliginde 10 müň atly bilen 5 müň pyýada goşuny Balhdan seljuklaryň üstüne ýollapdyr. Bu meseläni Sübaş hajyba tabşyransoň, Mesut 1037-nji ýylyň güýzünde Hindistana ýörişe ugrapdyr. Bu ýagdaý seljuklara oňaýly şert döredipdir. Seljuk atlylary Gaznaly goşunynyň üstüne çozup-gaçyp ony halys surnukdyrypdyr. Kakasy Mahmyt şadan miras geçen açgözlük Mesut soltany öz erkine goýmandyr. Kakasynyň gijigen tobasy hem Mesut üçin hiç zatdy. Daglaryň aňyrsynda baý Hindistan bardy. 1037-nji ýylyň güýzi. Gaznaly goşuny Mesut soltanyň ýolbaşçylygynda Hindistana ýörişe ugraýar. Bu habar tiz seljuklaryň gulagyna ýetýär. Seljuklara Hindistan gerek däldi. Seljuklara araba-araba talanan gymmatbaha oljalar hem gerek däldi. Olara yurt, şol ýurda paýtagt şäher gerekdi. Ol şäher Merwdi. Bolçulyk ýurdy Merwdi. Bu ýerde ýer boldy. Bu ýerde suw boldy. Bu ýerde sähra giňdi. Bu ýerde çöl hem mylaýymdy. Gaznaly goşuny daşdy. Ol goşun ýüzüni Hindistana tarap öwrüp, daglaryň jülgeleri bilen ýene-de bir gezek baý oljanyň yşgyna düşüp barýardy. Musa begiň ýaşululygyndaky seljuk göçüniň bolsa, ýüzi Nusaýdan Merwe tarapdy. Musa ýabgunyň Merw ýaly uly şähere juda golaý oturasy gelmedi. Onuň agyr göçi Merwden iki parsah günortada, derýanyň hanasynyň şahalanyp başlan ýerinde ornaşdy. Bir egniň dury suwly derýanyň jülgesi, beýleki tarapyň bolsa, tā Sarahsa çenli uzalyp gidýän sary çägelik. Derýa bilen çölüň arasyndaky giňişlikde ýedi müň öýli seljuk goş ýazdyrdy. Öýler guruldy, mallar sähra kowuldy, derýanyň boýundaky söwütdir derek garyşyk toraňňylykda bolsa, atlar bakyldy. Seljuklar bu hezilligiň uzaga çekmejegini bilýärdiler. Mesut soltan Hindistandan dolanyp gelensoň, ýa ýene-de yzan-da-çuwan bolup, Nusaýyň oty-suwy gyt dar jülgesine tarap çekilmelidi, ýa-da Merw jülgesini soltandan urşup almalydy. Ol bu sahawatly jülgäni, bu baý şäheri ýöne şeýle beräýmez. Uruş gazaply bolar. Yeňseň - urşuň gazaby şatlyga öwrülýär, ýeňilseň - sergezdançylyga. Musa ýabgunyň ýaşululygyndaky seljuklar sergezdançylygy köp görüpdiler. Eger ýene bir gezek tutuş milletiň bilen sergezdan bolmak islemeseň, şol öňdäki gutulgusyz urşa gowy taýýarlyk görmelidi. ...Ine, bu günem gyşyň aňzakly güni Musa beg, Togrul beg, Çagry beg hem-de seljuklaryň beýleki begleri beýik depāniň üs- ünde üýşüp duruşlaryna ýaş yigitleriň türgenleşigini synlaýardylar Dogrusy, bu türgenleşik däl-de, synagdy. Aşakdaky düzlüge üýşen yüz töweregi atly öz begleriniň synagyndan geçmek üçin gelipdiler. Seljuklar Merwe geleli bäri günde şeýledi. Özbaşdak türgenleşik geçyän atlylar soň ýüz-ýüzden düzülip, bu ýere synagdan geçmäge gelyärdiler. Synagy Togrul beg alyp barýardy. Hol-ha, ol depäniň üstünde atyny debisgiläp beýleki beglerden çete çykdy-da, sag elini ýokary göterdi. Düzlügiň çetine üýşen ýüz atlynyň gowry ýatyşdy. Olaryň arasyndan on atly öňe çykyp, gylyjyny gynyndan çykardy. Önde düzlükde on hatar söwüt çybyklary dikilgidi. Inçejik söwüt çybyklary gyşyň şemalyna yrgyn atyşyp otyrdylar. On atly atyny ýüzün salyp barşyna şol çybyklary çapyp ýetişmelidi. Ine, Togrul beg elini aşak ýatyrdy. On atly jylawy goýber- di. Uçganaklap duran atlar ýüzin saldylar. Her atly öz setiriniň çetinden girdi, gylyçlar aşak indi. Ýelden ýeňil çapýan atlar tiz düzlügiň çetine çykdylar. Hol yzda çapylman galan onlarça söwüt çybygy şemala başlaryny yrap otyrdylar. Togrul beg gaharly haýkyryp, elini salgap goýberdi. On atly göýä begiň nazaryndan sypmak isleýän ýaly. hataryň ýeňsesinde gizlendi. Düzlügiň gyrasynda tomaşa synlap oturan oglanjyklaryň öz etmeli işleri-de bardy. Atlylar düzlügi boşadan dessine on-on iki sany oglanjyk goltugy söwüt çybykly meýdana çykdy. Olar çapylan söwüt çybyklaryny tiz çalyşdylar. Togrul beg ýene elini galdyrdy. Indiki on atly öňe çykdy. Ýüz atlynyň serkerdesi janygyp, olara birzatlar düşündirýärdi. Meger, şemala egrelip, aşak ýapyrylýan çybygy nädip çapmalydygyny öwredýändir. Ýöne indi giç bolsa gerek. Hol-ha, meýdan, ine-de, on atly. Depäniň üstünde bolsa, äpet gara atyna atlanyp, Togrul beg sag elini yokary göterip dur. Ine, ol elini aşak goýberdi. On atly jylawy deň gowşatdy. Ýa ýüzbaşynyň maslahaty ýerine düşdi, ýa-da şemal bu gezek pessaýrak öwüsdi... Has dogrusy yigitler gaty yhlas etdiler, olar düzlügiň aňry çetine çykyp, ýeňsä dönen mahallary yzda ýekeje-de dik oturan çybyk ýokdy. On atly begenip, eýerde çaga ýaly oýun etdi. Togrul begiň göz lerine şöhle indi, hatda ýaşuly Musa ýabgu hem çal murtlaryny sypap goýberenini duýman galdy. Düzlügiň gyrasynda oturan oglanlar el çarpyşyp, diriň-diriň bökdüler. Yüzbaşy begenjine atyny debisgiläp, yigitleriň öňünden çykdy... ...Soňra ýaý atmak synagy başlandy. On atly meýdançanyň bir burçundan beýleki burçuna tarap at çapdyryp gelşine, çep tarapdaky burçda dikilen on sany derek agajynyň sütünine geýdirilen kädileri atyp düşürmelidi. Bu synag söwüt çybygyny çapandan kyn bolany üçinmi ýa türgenleşik az geçilipmi, kim bilýär, ýaş ýigitlerińki hiç ugruna bolmady. Eýýäm dördünji onluk orta çykan-da bolsa, nyşana degýän peýkam gaty azdy. Togrul begiň gara aty duran ýerinde hokranyp, çar tarapa ow- unyp başlady. Eyesinde dörän galagopluk at janawere hem geçipdi. Haýsy serdar bu ýagdaýda atyň üstünde rahat oturyp biler. Togrul beg atyny debisgiläp depeden aşak indi. Begiň depeden inenini gören ýüzbaşy orta çykan on atlysyny tiz yzyna dolady. Togrul beg meýdançanyň burçuna baryp, at başyny çekdi. Elli ýaşly begiň göwresine owunjak galpyldy aralaşdy: "Birden meniň hem peýkamym sowa geçäýse... Eý, Allam, Beg gyşyň aňzagyna gaýzygan ýüzüni ýokary, göterdi - masgara etmäweri..." Ol howlukman goltugyndan kümüş oýmak çykaryp, sag eliniň başam barmagyna geýdirdi. Bu kirşiň barmagyna ýara salmazlygy üçin zerurdy. Yaý atýan esger sag eliniň başam barmagyny mydama goramalydy. Ýöne ýere Mahmyt şanyň serkerdesi Arslan Jazib oňa "Seljuklara ýer berjek bolsaň, iň bolmanda, ýaý çekip bilmezler ýaly olaryň başam barmaklaryny kes" diýip, maslahat bermändi. Soňra Togrul beg sagdagyny ýeňsä, iki pilçesiniň arasyna süýşürip, ýaýyny eline aldy-da, «Alla» diýip, meýdançanyň beýleki burçuna tarap at goýdy. Häliden bäri galagop at toýnaklarynyň astyndan toprak zyňyp, öňe okduryldy. Ol tüweleý dek tiz bat aldy. Atyny nyşana kädilere gytaklaýyn çapyp barýan Togrul beg üzeňňä galyp, göwresini dikledi. Bu wagt hemmeleriň gözi gara at bilen bir göwrä dönüp, uçup barýan Togrul begdedi. Ol göwresini dik saklap çapyp barşyna çep eli bilen jaýyň sapyny berk gysymlap, sag elini egniniň üstaşyr sagda ga yetirdi. Üç sany peýkamy birden sogrup alyp, birini dessine yaya saldy, birini dişleriniň arasyna gysdyryp, üçünji peýkamy bolsa, çep eli bilen yaýyň sapyna gysyp saklady. Togrul beg at çapdyryp barşyna ýaýy egniniň deňine göterdi-de, kirşi çekdi. Ol bu pursat göwresini nyşana ýanyn tutup, bar agramyny çep aýagynyň üstüne atdy. Kirşi sag egnine çenli çekip, peýkamyń ujuny nyşana gönüledi. Birinji kädiniň depesini nyşanalan Togrul beg kirşi goýberdi. Birinji peýkam entek howada wagty ikinji peýkamy yaya salan beg ony bäşinji kädä, üçünji okuny bolsa, in soňky kädä çenäp, kirşi sypdyrdy. Ýaýdan ilki sypan peýkam birinji kädiniň böwründen girende, ikinji peýkam ýarpy ýoldady, ol nyşana çümen mahaly bolsa, üçünji peýkam nyşana bilen aralygy ýarpylapdy. Üçünji peýkamyň zarbyna çydaman bölek-bölek bolan kädi ýere gaçan wagty, meýdançanyň burçuna ýeten Togrul beg at başyny yzyna öwürdi. Meydança agyr ümsümlik aralaşdy. - Berekella, inim! Musa ýabgunyň sesi gyşyň howasynda uzaga ýaňlanyp gitdi. Ol atyny debisgiläp depeden aşak indi. Togrul beg atyny yzyna öwren ýe rinde durdy. Musa beg beýleki seljuk begleriniň öňüne düşüp gelşine Togrul begiñ alnynda at başyny çekdi: - Berekella... hany, ýaýyňy bāri uzat... Togrul beg buhara sugunynyň şahyndan ýasalan ýaýyny agasyna uzatdy. Musa ýabgu ýaýy alyp, ony göýä ilkinji gezek görýän ýaly höwes bilen synlap durşuna dodaklaryny ýazdy: - Saňa kakaň pahyrdan galan ýaý bu. Seljuklaryň iň gowy ýaýy. Men şu ýaýy ýasan ussany bilýän. Ol Merwde ýaşaýar... Ertir şonuň ýanyna baryp gaýtmaly borus... * * * Ir bilen Gün ýaňy naýza boýy galanda seljuklaryň obaçylygynyň orta gürpünden çykan bir bölek atly Merwe tarap yola düşdi. Olar Musa yabgu, Togrul beg, Çagry beg. Arslan ýabgunyň ogly Gutulmyş we yene-de dört-bäş sany seljuk begleridi. Atyň üstünde gyşyň şemalyna üşüp başlan Musa ýabgu düýnden bäri eýýäm gör, näçe gezek diýen sözlerini ýene diline aldy: - Bize iň bolmanda müň sany gowy ýaý gerek... Müň sany-da mergen esger. - Ol atyň üstünde oturan ýerinden agyr göwresini sag gapdalyndan barýan Togrul bege tarap öwürdi. - Şolara özüň tälim bermeli bolarsyň... Togrul beg sowuga gyrawlan murtuny sypap goýberdi: - Tälim bermek haýyr-la... Ýöne şol ussa aýatda diridir öýdýaňmi?.. - Ussa bardyr... Ýakup ussa bolmaly onuň ady, eger ussaň özi yok bolsa, şägirdi bardyr... Bu döwür ýerde ýatmaly hünär-ä däl özi... Bir bölek atly gün guşluk bolanda Merwiň günorta derwezesin- den şähere girdi. Şäheriň içinde millet syrgyn-syrgyn bolup ýaşaýardy. Küýzegärler syrgyny, demirçi ussalar, ýarag ussalary... Bölek atlynyň öňüne düşüp barýan Musa ýabgu atyny gyssaman, şäheriň darajyk köçeleri bilen onuň içine aralaşdy. Ine, olar bazar meýdançasyny kesip geçdiler. Demirçileriň köçesi... Sandal bilen çekijiň şyük-şyňk sesi çar tarapdan atlylaryň üstüne döküldi. Seljuk begleri dört tarapdan dökülýän duşmany yzyna gaýtaryp görüpdiler. Yöne gulaklaryňdan girip, beýnä çökýän bu irginsiz sesleriň garşysyna olar ejizdiler. Sesler ýatyşdy. Atlylar jylawy indiki köçä tarap burdular. Birinji gapynyň öňünde Musa beg at başyny çekdi. Ol kellesini yza öwrüp, Gutulmyşa ýüzlendi: - Gapyny kak, habarlaşaly... Gutulmyş atyny debisgiläp geldi-de, gapynyň öňünde jylawy çekdi. Ol öňe eglibräk oturşyna gamçynyň sapy bilen gapyny dört-bäş gezek tyrkyldatdy. Beýik haýatyň aňyrsynda üýtgeşiklik duýmansoň. ol ýene gamçynyň sapyny agaç gapa ýetirdi. Howludan erkek kişinin «Barýan» diýip gygyrýan sesi eşidildi. Gapyny açan orta boýly, garynlak pyýadanyň atlylara gözi düşüp. ýüzi agaryp gitdi. Ýöne Musa ýabgunyň mylaýym sesi ony tiz özüne getirdi: - Bize ýaý ýasaýan Yakup ussa gerekdi... Togalak pyýada indi gowy özüne gelipdi: - Ýakup ussa şu ýerde ýaşaýar... Ol meň kakam... Atlylaryň ýüzleri jagtylyp gitdi. Muny gören togalak pyýada dil açdy: - Çagyraýynmy, gowusy, geliň öýe giriň... Öñünde duran gara deri telpekli, billeri kümüş bezegli gaýyş guşakly, ayaklary keçe ädikli bu atlylaryň ýöne-möne iş bilen gel- mändiklerine togalak pyýada tiz düşündi. Ol gapynyň gapdalyndaky agaç derwezäniň temmesini ýazdyrdy-da, atlylary howla goýberdi. Giň howlynyň töründäki öňi eýwanly jaý, megerem, ussanyň maşgalasy bilen ýaşaýan jaýy bolsa gerek. Diwaryň boýy bilen bär- ligine pessejik palçyk jaýlar uzalyp gaýdýar. Palçyk jaýlaryň açyk gapylaryndan çalaja hümürdi eşidilýär. Sag tarapdaky bassyrmalaryň aşagyna derek çybyklary, goltuk-goltuk gamyş basylgydy. Howlynyň ortasyndaky giňişlige agaç bary dikilip, olaryň arasyna ýüp çekilipdir. Şol ýüplerden bolsa haýwanlaryň zolak-zolak edilip kesilen derileri asylgy durdy. Her zolak deriniň aşagyna deşik edilip, şol deşige-de çöp ötürilgidi. Dört-bäş sany oglanjyk şol derileri ölläp, taýajyklary towlap, derileri kem-kemden işip ýördüler. Musa ýabgu atyň üstünde oturan yerinden Togrul bege tarap öwrüldi-de, kellesi bilen ümläp asylgy derileri görkezdi: - Şeýdip ýaýa kiriş işýärler. Soňra kirşi ýaga çümdürip çykararlar welin, ol kirşe sowuk-yssy, çyg-suw täsir etmez. Biz tüýs gelmeli ýerimize geldik... Bu wagt palçyk jaýlaryň birinden orta boýly gyrçuw ak sakgally, giň maňlaýyny gözüne çümreräk edip ýaglyk bilen dañan, gaýyş öňlügi ýagyň derdinden ýalpyldap duran ýetmiş ýaşlaryndaky gaşlak pyýada çykyp, bärligine ýöneldi. Ýaşuly bu atlylaryň kimdigini olara gözi düşenden bildi. Beýle eşikli adamlar bu howla öňem kän gelip-gidipdiler. Ol hoşamaý dillendi: - Geleweriň! Musa ýabgu atdan düşmän dillendi: - Bize Ýakup ussa gerekdi... - Men Yakup ussa, düşseňiz, at tutalyň... Ýaşuly «Men Yakup ussa» diýenden Musa beg agyr göwresini atdan aşak goyberdi. Deri işip ýören oglanlar ylgap gelip at tutdular. Seljuk begleri Yakup ussanyň yzyna düşüp, howlynyň törüne, öňi eýwanly jaýa tarap ýöneldiler. Atynyň syrtyna bökderilgi kiçiräk horjuny egnine atan Gutulmyş iň yzdan ýöredi. Ol gapydan girende seljuk begleri galyň keçeler düşelen giň otagyň töründe aý berip oturdylar. Gutulmyş gapa golaý ýerde, horjuny öňüne goýup otyrdy. Penjireden düşýän Gün şöhlesi ýarymgaraňky otagyň ortasynda dörtburç ýagtylyk ýasap, birbada gözüňi gamaşdyrýardy. Seljuk begleri ýagtylygyň çepinde, Ýakup ussa bilen ogly bolsa sagynda galdy. Ýakup ussa kellesindäki ýaglygy bilen maňlaýynyň derini süpürip oturşyna howlukman dillendi: - Çaý-çörek diýseňiz... çekeli... Ýogsa-da, habaryňyzy aýdyp oturyň... Ussanyň äheňi myhmanlary näçe tiz atarsa kem görmeýändigini aňdyrýardy. Seljuk begleriniň hem islegi şoldy. Musa ýabgu sesini çykarman Togrul begiň ýaýyny aldy-da, ony öýüň ortasyndaky ýagty düşýän ýerde goýdy: - Ussa, şu ýaýy tanaýaňmy?! Ýakup ussa howlukman elini ýaýa ýetirdi. Howlukman ýaýyň buynuz sapyndan sypap gördi. Kirşinden çekdi. Kiriş zarňyldap owaz etdi. Ussa ýaýy alan ýerinde goýdy-da, ondan gözlerini ayyrman oturşyna söze başlady: - Sapy buhara sugunynyň şahyndan... Kirşi möjek derisinden ýasalan ýaý. Ol sähel sägindi-de, sözüniň üstüni ýetirdi. - Gaty gowy ýaý... Musa ýagbu bular ýaly yerde seljuk begleriniň özünden öňürti dil ýarmajagyny bilýän-de bolsa, howlukmaç dillendi: - Şu ýaýy kyrk ýyl mundan ozal siz meniň doganyma ýasap beripdiňiz... Musa ýabgunyň gyş günleri has-da güýçlenýän demgysmaly üsgülewügi bardy. Birden şol üsgülewügi tutup, iň esasy diýmeli sözlerine päsgel beräýmesin diýen ýaşuly tiz sözüniň üstüni ýetirdi: - Bize şular ýaly müň sany ýaý gerek! Bu sözlerden soň Ýakup ussa ýaýa gaýtadan elini uzatdy. Kyrk ýyl mundan ozal, ussanyň jahyl wagty ýasan ýaýy. Eliň aýasynyň ýagy siňip ýalpyldap duran buýnuz sapda ýüzüń görnüp durdy. Kirşi diýse- ne... sähel çekseň, zarňyldap dur, gatyrak çekip goýberseň, şu kirşiň şuwwuldysynyň özem ýelýüregräk duşmanyň zähresini ýarjak... Myhmanlar jogaba garaşýardy. Ýöne müň sany ýaý diýmek dilde aňsatdy. Onuň üçin müň sugunyň şahy, ýüz möjegiň derisi gerekdi... Ussanyň oýa batanyny gören Musa beg yşarat etdi. Gutulmyş öňündäki horjuny göterip ýeňillik bilen yerinden turdy-da, ony ussanyň öňünde goýdy. Ýakup ussa soragly nazaryny Musa ýabgunyň çöl guýysy ýaly çuň gözlerine dogrulady. Seljuk begi nazaryny sowman çala baş atdy. Ýakup ussa ýaýy goýup, horjunyň bir gözüne elini sokdy. Ol howlukman horjundan çykaran haltajygynyň agzyny çözdi. Sońra haltaly elini birneme göterip, gyşartdy. Ussanyň aýasyna dökülen dört-bäş sany tylla teňňäniň owazy ýarymgaraňky otagyň içinde ýaňlanyp gitdi. Ýakup ussa ýene-de soragly nazaryny Musa bege dikdi. Beg ýene baş atdy. Tyllaly horjuny ýeňsesine geçiren ussa agzyndan ýekeje söz sypdyrdy: - Bolar. Göýä diýjek sözi ýadyndan çykyp barýan ýaly Togrul beg ýeke dyzyna galdy: - Her ýaýa iki sagdak peýkam! Yakup ussa baş atdy: - Bolar. Göýä, diýjek sözleriniň agramyny ölçeýän ýaly, Çagry beg howlukman söze goşuldy: - Ýaý-peýkamlar bize ýene dört aýdan gerek... Ýakup ussanyň bedenine der indi: «Müň ýaý oky bilen... dört aýda... Bu ansat iş däl. Yöne bu ýigitlerem sözüni gaýdyp aljaga meňzānoklar, bularyň öz hasap-hesibi bolmaly... Ýüz sany möjek derisini bazardan awçylardan satyn alyp bolar. Ertir irden oglumy sugun şahlary üçin Buhara ýollaýyn. Peýkam üçin derek, gamyş derýanyň boýunda näçe diýseň bar. Başga işleri goýup, inilerimem ýanyma alsam... ýetişerin..." Ýakup ussa maňlaýyna inen deri ýaglygy bilen süpürip goýberdi- de, soňky şerti goýan Çagry beg bolsa-da, Musa ýabgunyň gözlerine seredip, soňky sözüni diýdi: - Bolar. Gürrüň gutarypdy. Seljuk begleriniň ählisi birden ýerinden turdy. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |