08:45 Sübseli garry / hekaýa | |
SÜBSELI GARRY
Hekaýalar
Oba tarapdan tozana çümüp gelen awtobus raýon merkezindäki awtostansiýada saklandy. Jarkyldap açylan gapydan çogup çykyp başlan adamlar soňabaka seýrekledi. Agzyna çilim gysdyran şofýor yzyna öwrülmän oturyşyna sesine bat berdi: - Sen düşjekmi ýa ýok garry! Iki bogdak edip bogan sübseleri bilen başagaý bolup iň soňuna galan garryja aýal gyssanmaç jogap gaýtardy: - Wah, düşjek-le, oglum! - Belki kömek etmelidir! Garry bu sözleriň aýdylyş äheňindäki kinaýany aňmady. Minnetdarlyk bildirdi: - Ýok-la, oglum, sag bol, özüm düşerin. Göýä garrynyň sözüni tassyklaýan ýaly, sübseleriň bir topbagy asfaltyň üstüne gütläp düşdi. Garrynyň aýagynyň ýere degerine mähetdel awtobus ýerinden gozgandy. Sübselerini tigriň aşagyndan zordan çekip ýetişen garry ýakasyna tüýkürdi: - Toba-toba, barjak ýerine birazajyk giç baranda göçi göçüp barýarmyka gyz! Sübselerini arkasyna alan garry inçejik ýanýodadan ýoluny dowam etdi. Eýläk-beýläk geçýän adamlara haýran galyp seretdi. Arkasyndaky sübseleri ýakasyna tüýkürmäge maý bermedi. Ýöne garrryň pyşyrdysynyň yzy üzülmedi: “toba, bu adamlaryň köpdügini. Munça adam bir şähere nädip oňuşyp ýaşap bilýärkä?!” Garrynyň şähere ikinji gelşidi. Ol köçäň burçuna ýetip, arkasyndaky ýüküni ýere düşürdi. Köçäni kesip gaýdan äýnekli adam dan bazaryň nirededigini sorady. Äýnekli gözlerini garrydan öňürti sübselere dikdi. Ädimini gowşatman geçip barşyna elini has köp adamlaryň ýönelen tarapyna uzatdy. Sübselerini arkasyna alan garry köplügiň yňan ugruna ýöneldi. Suw satýan awtomatyň öňünde aýak çekdi. Gara şaýyny bokurdagyndan geçirdiginden bulgury suwdan püre-pürläp duran demir gapyrjaga haýran galyp durşuna içen suwunuň niresine gidýänini bilmedi. Jany birneme aram tapyp, ýelýyrtan ýaglygy bilen derini süpürişdirdi. Ýoluny dowam etdi. Ahyry ol bazara golaýlanyny aňdy. Köçäniň ugrunda ellerini dürli harytly adamlar köpelip başlady. Birden edil ýeňsesinden çykan çirkin ses onuň inini tikenekletdi: - Şpekulýantka, bazara geldiňmi, hä. Şäherlileri ütmek üçin geldiňmi, şpekulýantka! Garry bu ýerden tiziräk ara açmak isledi. Ýöne daş asylan ýaly bolan sübseleri oňa maý bermedi. Ol entirekläp gitdi. Zordan aýak üstünde durşuna ýeňsesine gözüni aýlady. Saçlary hüžžerip duran, ýüzi çyr-çyrşak garry aýala gözi düşdi. Sübseleriň bir ujundan ýapyşan garry aýal onuň üstüne süründi: - Näme beýle çiňerilýäň şipekulýantka?! Ol her gezek gygyrmak üçin agzyny açanynda çakyryň ysy howa ýaýrap gitdi. Ýylan ýaly haşşyldaýan garrynyň sesi az wagtlyk kesildi. Sebäbi ol bir sübsäni soguryp goltugyna gysdyryp ýetişipdi. Ol gyzaran gözlerini daş-töwerwgine aýlady-da, iki baka çaýkanyp< sübseli garrydan ara açdy. Ýöne uzak gidip bilmedi. Ýene yzyna öwrüldi-de, aňk-taňk bolup oturan garrynyň sübselerine täzeden ýapyşdy. Ýene haşylap başlady: - Şpekulýantka, tutuň ony, milisiýa! Ol gykylyklap durşuna beýleki goltugyna-da bir sübse gysdyrdy-da, yzyna öwrüldi. Oňa deňiç gykylyga üýşen adamlar olaryň daşyna öwrüldiler. Niredendir ýetişen saçlary eginlerine düşüp duran ýaş ýigit gygyrýan garrynyň goltuklaryndaky sübseleri çekip aldy-da, getirip sübseli garrynyň sübseleriniň üstünde goýdy. Garryň töweregine üýşen adamlara ýüzlendi: - Bu arakkeş garrynyň aňkasy aşypdyr. Serediň, bu daýzanyň spekulýanta meňzeýän ýeri barmy? Öz melleginde ýetişdiren sübselerini satmaga gelen köp çagaly ene nireden spekulýant bolýarmyş? Ellerini gözlerine kölegelendiren sübseli aýalyň özi-de ýaş ýigide gulak gerenini duýman galdy. Içini gepletdi: “Bu kimkä, janlarym. Biziň beýle tanşymyz ýokdy-la.’’ Garrynyň paýtagtda okap ýören ogly ýadyna düşdi: “Ýa-da Myratjanyň dagy tanşymyka janlarym?” Ýaş ýigidiň sözleri garrynyň gulagyna düýşde ýaly bolup eşidildi: - Näme şu perişde ýaly garry şu sübselerden uly peýda görmek isleýändir öýdýäňizmi? Şulardan düşen puly hut şu günüň özünde goşun gullugyndaky ogluna ugratjakdygyny men aýnada gören ýaly bilip durun ahyry. Garry içinden ýaş ýigidiň ýalňyşyny belledi: “Wah, goşundaky ogla puluň geregi ýok-la, ýöne Myratjana ep-esli puluň gitjegi çyn.” Her näme-de bolsa garry beýle bilgir kişiniň kimdigini bilmek isledi: - ...Oglum.. Gözünden äýnegini aýyran ýigit oňa maý bermedi. Iň ýokarky sübsäni dabara bilen ýokary galdyrdy: - Köp çagaly enä kömek üçin şu sübsäni meniň özüm satyn alýan adamlar! Ol şeý diýdi-de, sübsäniň bazar bahasyny - goşa birligi aňk-taňk bolan garrynyň eline tutdurdy. Adamlaryň gowry artdy. Käbirleri hüňňürdeşip yzlaryna öwrüldiler. Ýöne köpüsiniň ellerini nähilidir bir güýç jübulerindäki gapjyga ýetirdi. Garrynyň sübseleri Artygyň harmanyna döndi. Işiniň beýle çalt bitenine guşy uçan garry şol ýerden yzyna öwrüldi. Awtostansiýa ýetip barýarka ýeňsesinden tanyş ses eşidildi: - Daýza, bir minut aýak çekiň! Aýak çeken garrynyň gözi hälki ýigide düşdi. Ol gele-gelmäne sübsäni garrynyň eline tutdyrdy. Garry näme üçin sübsäni yzyna gaýtarýanyna düşünmedi. - Näme, sübse göwnüňe ýaramadymy, oglum ? Garry sübsäniň eýlesine-beýlesine göz gezdirdi. Yhlas bilen boglan sübse düzülen dutar ýalydy. - Ýok-la, sübsäň oňat-la, ýöne men ony başyma ýapaýynmy? Bilýärmiň, daýza, maňa näme gerek... Ýaş ýigit şeý diýdi-de, başam barmagy bilen süýem barmagyny bir-birine süýkedi. Ýigidiň hereketine özüçe düşünen garry aljyraman pully haltajygyny ýakasyndan çykardy. Goşa birligi ýazyşdyryp ýigidiň eline tutdyrdy: - Al, oglum, sübsäni-de al. Garry eneňden hyzmatyň üçin kabul et. Ýaş ýigit birlikleri göwniýetmezlik bilen barmaklarynda pyrlady-da, jübüsinde gizledi. Eline berlen sübsäni garrynyň öňüne oklady. Sesi batly çykdy: - Men sübsäni başyma ýapaýynmy. – Ol töweregine garanjaklady, golaý-goltumda adam görmänsoň sözüni dowam etdi – Maňa pul gerek, pul! Garry onuň soňky sözlerinden näme üçin pul soranyna düşündi. Haltajygyndan çykaran gök bäşligini ýigidiň eline tutdurdy. Ýaş ýigit gök bäşligi öňki birlikleriniň üstüne goşdy-da, uzaklaşyp barýan garrynyň yzyndan gygyrdy. - Siz gysgançlarymy... Şu bitini iýmeligiň bilen indiki gezek menden kömege garaşma... Howlugyp barýan garry hiç zat eşitmedi. Onuň kellesi güwläp durdy. Ol oba gelip awtobusdan düşende, agtyjaklaryna süýji almany ýadyna düşüp, dükana sowuldy. Jumageldi MÜLKIÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.08.1986 ý. | |
|
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||