10:21 Ýolbars / hekaýa | |
ÝOLBARS
Hekaýalar
Atagarry aga çolugyna iň soňky sargytlaryny sargap boldy-da, ala horjuny egnine atyp, goşuň yk tarapynda daňylgy duran eşegine tarap ýöneldi. Horjuny "eşek ýetmez-dä" diýen ýerinde goýdu-da, güneşe serlip goýlan içirgileri bir ýere toplady. Eşek horjuna tarap dyzady. Çöpürden işilen tanap çekilen tar ýaly dartyldy. Eşeginiň häsiýetine belet ýaşuly guma bulaşan horjuny gapdalyna gütläp düşende gatyrganmalydyr hem öýtmedi. Eşeginiň dişlerinden sypan horjuny çepe taşlady-da, öz işi bilen boldy. Köne keçeden edilen içirgileri eşegiň arkasyna ýapyp, syrça çalnan ýaly ýalpyldap duran gaňňany üstünden goýdy. Syrtlygy eşegiň guýrugynyň aşagyndan aýlap çekini çekensoň, horjuny hem gaňňanyň üstüne atdy-da gapdala gygyrdy: - Ýolbars! Ýaşuly diňşirgendi. Öňler adyny tutan dessine tapyrdap gelýän köpek bu gün gara beribermedi. Çopan Ýolbarsy guýynyň gapdalynda gögeren äpet sazagyň düýbünden tapdy. Gazan ýaly kellesini kynlyk bilen göteren garry köpek mäzleşip giden gözlerini zordan açdy. Atagarry garry aga elindäki zynjyryň ujyndaky halkany Ýolbarsyň kellesine geýdirdi-de, köpegiň kesilen gulaklarynyň düýbüni gaşady: - Garradyň sen, Ýolbarsym, garradyň. Galan ömrüňi bir obada arkaýynçylykda geçir! Eşegiň yzyna tirkilen Ýolbars birbada göwünli-göwünsiz seňkildän bolsa-da, soňabaka ol zynjyrdan daş asylan ýaly asylyp başlady. Çopan köpege dynç bermek üçin eşegi saklady. Ol eşekden syrylyp düşdi-de, eýýäm kellesini ýere beren Ýolbarsyň gapdalynda çägäniň üstüne çökdi. Köpegiň kellesini sypap oturşyna kellesini duýlar-duýulmaz ýaýkap göýberdi. Ýolbarsy güjüjek wagty edil şu ýer bilen çöle alyp geleni ýadyna düşdi. Şol gezek hininiň gapdalynda joňkaryp oturan alakalary hinine dykman, müňedekleşip ýören pyşbagalaryň daş gapaklaryna penjesine ädim ätmedik Ýolbars bu wagt kellesini ýük görüp ýatyrdy. Garrylyk ýaly rehimsiz zat ýok. Ol wagtyndan ir gelmese gijä galmak hakda pikir hem edenok. Atagarry aga itini göterip diýen ýaly ýerinden turuzdy. Soňra zynjyryň ujyny eline aldy-da, oba tarap pyýadalap gaýtdy. Obanyň garasy golaýladygyça Ýolbarsyň ynjalygy gaçdy. Sary çägeligiň gutaran ýerinden başlaýan daş ýola aýak basasy gelmedi. Göýä togalak daşlar dabanyndan dişläýjek ýaly götinjekledi. Yzyna çöle dyzady. Atagarry aga oňa zordan diýenini etdirdi. Göýä Atagarry aga hakyky ýolbarsy yzyna tirkäp gelýän ýaly çagalar derrew olaryň daşyna aýlandylar. Soňky ýyllarda obada has köpelen gürjüler jöw-jöwleşip Ýolbarsyň bir eýlesine geçdiler, bir-de beýlesine. Entäk beýle zady görmedik Ýolbars birbada nätjegini bilmedi. Aç möjege el bermedik köpek gürjüleriň arasynda özüni ýitirdi. Atagarry aga has batyrsyraýan garaja gürjüni taýagynyň ujy bilen kakyp göýberdi: "Şunam it diýip saklap ýörler-ow". Atagarry aganyň çülpeleri Ýolbarsyň daşyna üýşdiler. Biri bir bölek nan uzatsa, ýene biri jama süýt guýup öňüne süýşürdi. Ýolbars jama siňe-siňe seretdi. Beýle ak suw onuň ilkinji gezek görşüdi. Ýatan ýerinde dilini birki gezek jama sokup çykaran köpek sähel garysyna galdy-da, jamy boşatýança kellesini götermedi. Ertesi irden Atagarry aga ýene-de çöle tarap atlananda Ýolbars kiçijik tagta sekiniň aşagyny dolduryp süýji ukuda ýatyrdy. Çopan ýolda eşegini gyssady. Sürüniň ýanynda çolugyň ýeke özi galypdy. Ýaşuly goşa taýak atym aralyk galanda ýeňsesinde damagy çalnan goýnuň hyrryldysyna meňzeş ses eşidip yzyna gaňryldy. Depeden aşaklygyna ok ýaly atylyp gaýdan Ýolbars Atagarry aga iki ädim ýetmän saklandy. Dili ýere ýeteýin diýýän köpek gözlerini Atagarry aga dikip sähel salym gymyldaman durdy-da gürpüldäp gaýtdy. Atagarry aga Ýolbarsyň jesedini eşegine ýükläp goşa getirdi. Ony öňki süreniniň gapdalynda, depäniň güneş tarapynda adam ýaly jaýlady. Şondan soň bu guýynyň öňki adyny tutan bolmady. Guýa "Ýolbars guýy" ady galdy. Janawer oba bilen goşuň aralygy garran injiklerine daýanyp ýönelige ylgap gelmän ekeni. Jumageldi MÜLKIÝEW | |
|
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||