01:00 Seljuklar: Ýeñşiñ tagamy süýji. Nusaý | |
ÝEÑŞIÑ TAGAMY SÜÝJI. NUSAÝ
Taryhy proza
Seljuklar Garagumda, Horasanda ýersiz-ýurtsuz güzeran görüp, ahyry 1034-nji ýylda ýene Horezme tarap yol taşlapdyrlar. Şol ýylyň noyabr aýynda olar köne duşmanlary, Jendiň häkimi Şa Mälik bilen çaknyşýarlar. Bu söweşde gaty köp adam ýitiren seljuklar yene Horezmi terk etmegi ýüreklerine düwýärler. Yöne, Horezmiň häkimi Harun töwella edip, olary yzyna gaýtarýar. 1035-nji ýylyň baharynda Harunyň dildüwşük netijesinde öldürilmegi bilen, seljuklaryň Horezmdäki ýagdaýy agyrlaşýar. Olar ýüzLerini yene Horasana tarap öwürýärler. 1035-nji ýylyň maý aýynda Musa ýabgunyň, Togrul hem Çagry begiň baştutanlygyndaky seljuklar Gaznaly soltany Mesutdan rugsatsyz Horasana aralaşýarlar. Seljuklaryň ilki maksady Täk gala töweregine gelmek bolýar. Ony gowulyk bilen düşündirip, soltan Mesuda hat ýazýarlar. Hatda şeýle diýilýär: "Çölüň gyrasynda bolan Nusaý bilen Paraw welaýaty bize berilsin, goşumyz bilen haýwanlarymyzy ol ýerde goýaly, aladasyz bolaly. Balhan dagyndan, Dehistandan, Köneürgenç serhedinden we Jeýhun taraplaryndan hiç bir arabozaryň kellesini galdyrmagyna maý bermeris". Bu hat Mesudyň gaharyny getiripdir. Ol gyssagly harby geňeş çagyryp, seljuklara garşy ýörişe başlamagy karar edipdir. Ýörişe ýolbaşçylyk etmek Begdogdy hajyba tabşyrylýar. Gaznaly goşuny 15 müň atlydan we 2 müň sany köşk gulamlaryndan" düzülipdir. Iki tarapyň arasyndaky gutulgysyz söweş 1035-nji ýylyň iýun aýynda Nusaýyň golaýynda bolupdyr. * * * Nusaý. Öwlüýäler ýurdy. Jennetiň dag bilen çölüň arasyna düşen bir bölegi. Suw bar ýerde jennet bar. Dagdan inýän bal dek suwly çeşmeleriň akyp gelýän ýeri Nusaý. Çeşmeleriň boýuna düzülen söwütleriň, çynarlaryň goýy kölegesiniň jana berýän lezzetine başga hiç yerde duşup bolmaz, sebäbi bu ýerden sähel salym aralykda agzyndan ot sowrup Garagum ýatyr. Nusaý. Keramatlar şäheri, şyhlar şäheri Nusaý. Iň bärkisi Abu Aly Dekkagyň hanakasyna zyýaratyň nämä degenok?! Ol hanakany gurmagy Dekkaga düýşünde hut Muhammet pygamberiň özi buýrupdyr. Abu Aly Dekkak şyhlaryň, ulamalaryň, sopularyň mazarlaryna zyýarat etmäge gelende, gijesini şol ýerde geçirýär ekeni. Bir gije Muhammet pygamber onuň düýşüne girip: «Şu ýerden sopular üçin jaý sal» diýýär we hanakanyň gurulmaly ýerini görkezip, çyzyk çekýär. Dekkak ertesi irden oýanyp, düýşünde salgy berlen ýere gelse, pygamberiň çyzan çyzygy ýalpyldap duran ekeni. Dekkak çyzygyň ugry bilen diwar galdyryp, sopular, derwüşler, zyýaratçylar üçin hanaka gurýar... Zyýaratlar şäheri Nusaý. Ýöne şäheriň iki parsah" golaýyndaky Enderman obasynyň eteginde düşlän atlylar bu ýere zyýarata gelmändi. Ol Mesut soltanyň seljuklaryň üstüne iberen goşunynyň öňçi güýçleridi... Bu mahal seljuklar Nusaýyň demirgazygyndaky Bisme obasynyň töwereginde goşun düzýärdiler. Seljuklara goşun düzmek aňsat däldi. Mesut Mahmyt şanyň ogludy. Mahmyt şanyň uran zarbalary entek seljuklaryň ýadyndan çykmandy. Mesudyň iberen goşunynyň hem niýeti şol: seljuklara zarba urmaly. Şeýdip, olaryň özbaşdak ýerli-ýurtly bolmak arzuwlarynyň köküne palta urmaly. Özbaşdak ýerli-ýurtly bolmak üçin kän darkaşlar gurulmalydy. Şu gün şolaryň biri bolmalydy. Bu gelen goşun Mahmyt şanyň tälimini alan goşundy. Ol Hindistana ýörişler eden goşundy. Seljuk atlylary entek beýle ýörişleri görmändiler. Seljuklar goşun düzýärdiler. Bu wagt seljuklardan garaw görmedik öňçi güýçler Nusaýyň töweregindaki obalary çapawullaýardy. Gün ýaşyp barýarka oljasy oñan öňçi güýçler Enderman obasynyň etegindaki düzlügiň gapdalynda goş basdy. Daňyň düýbi çyzylanda Begdogdy hajyp hem 15 müň atlysy bilen gelip, olaryň üstüne goşuldy. Günortana golaý düzlügiň demirgazyk çetinde Musa begiň, Togrul begiň, Çagry begiň ýolbaşçylygynda seljuk atlylary gelip düzüldi. Begdogdy hajyp seljuk atlylary uzakdan görnenden, goşuny ayaga galdyrdy. Ol 2 müň sany köşk gulamyny söweşe saljak hem bolmady. Düzlügiň günorta tarapyny eýelän 15 müň atly, onuň hasap- hesibi boýunça, söweşiň ýagdaýyny oňyn çözmek üçin yeterlikdi. Garaňky düşmänkä şu düzlükde bellisini etmegi ýüregine düwen iki tarap hem "Alla" diýip, bir-biriniň üstüne at goýdy. Elbetde, Begdogdy hajybyň atlylarynyň depelerinde Güne yalpyldap, bulaýlap gelýän gylyçlary «gandan doğan» gylyçlardy. Olaryň seljuk atlylaryna tarap goýberýän peýkamlary öň adam tenini böwsüp gören peýkamlardy. Bir söz bilen aýdanyňda, Gaznaly goşunynyň söweş tejribesi artykdy. Bu ýagdaý söweşiň ykbalyny çözüp biljekdi. Ol şeýle-de boldy. Sähel salymda sekiz ýüze golaý atlysyny yitiren seljuklar guma çekildiler. Begdogdy hajyp gumuň eteginden atlylaryny yza dolady. Aňyrsy görünmän ýatan alaňlaryň arasy gorkunçdy. Yöne, Begdogdy hajybyň üstüne bela ýowuz çölden däl-de, düýbünden başga ýerden geldi. Açgözlük. Ine, adamyň ganym duşmany. Açgözlük - adam döräp onuň hemrasy. Bu gezek hem şeýle boldy. Önde gelip, garaw görmän obalary talan öňçi güýçler oljasyny soňky gelen atlylar bilen paýlaşmak islemedi. Enderman obasynyň eteginde ýene gylyçlar gyndan çykdy. Bu gezek Begdogdy hajybyň atlylary biri-birini çapýardy... Gaznaly goşunynyň guma girmän yzyna öwrülenini gören Togrul beg jylawy çekdi. Onuň ýele gaýzygan ýüzi gara-ört bolupdy. Togrul beg telpeginiň sakagyny gowşadyp goýberdi-de, elini gözlerine kölegeledip, ho-ol yza nazaryny çüýläp durşuna, Çagry beg ýanyna gelyänçä garaşdy. Togrul beg bilen birki agyz söz alşan Çagry beg ýanyna on atlyny alyp, Enderman obasyna sürdi. Togrul beg beýlekilere baş bolup, demirgazyga yöredi. Atlylara dem-dynç bermek gerekdi. Olar Bisme obasynyň ilerisinden aýlanyp, Balçeşmäniň güzerine çykdylar. Sowujak suw ýanyp duran ýürekleri biraz sowatdy. Çagry beg on atlysy bilen giçlik güzere indi. Onuň ýüzi parahatdy. Göwresi göjä, oýnawaç sowgat berlen çaganyňky ýaly ýeňil gopyardy. Togrul beg onuň bolşundan bir gowy habaryň bardygyny aňdy. Garry söwüdiň düýbünde aýaklaryny sowuk suwa sallap oturan Togrul beg Çagry begin gelip gapdalyna çökerine howlukdy: - Yeri, name habar? Çagry beg üç-dört ädim ýetmän gamçysyny şarpyldadyp goýberdi. Heyem, seljuk begi gamçynyň bir oýnuny görkezmän söze başlarmy diysene... Onda-da keýpi kök wagty... - Gowy habar bilen geldim... Togrul beg ayaklaryny suwdan çekip aldy. Öl aýaklaryna dolagyny dolap, ädigine elini ýetirdi. Çagry beg dowam etdi: - Gaznalylar olja üçin biri-birini çapýar... Togrul beg oturan ýerinden iki dyzyna çöküp, ellerini asmana uzatdy: - Eý, Allam, adamy açgöz edip ýaradanyňa şükür! Şu pursat ýagdaýy öz peýdasyna üýtgedip boljagyna oň iki süňňi bilen ynanan Togrul beg böküp ýerinden turdy-da, goşuna höküm etdi: - Atlanyň! * * * Bu pursat Mahmyt şadan galan goşunyň bir kemi oňa şadan miras galan açgözlükdi. Mahmyt şany on ýedi gezek Hindistana ýörişe ýollan hem açgözlükdi. Mahmyt şa bu baý ýurdy talap, her gezek kerwen-kerwen olja bilen yzyna dolanýardy. Ol döwür demirgazyk Hindistanda rajputlar - ýerli halkyň saklar, eftalitler bilen garyşmagyndan dörän millet ýaşaýardy. Olar Mahmyt şanyň garşysyna ýolbars bolup topulýardylar. Yöne ýeke-ýekelikde. Olaryň arasynda «Goňşym bilen birigenimden, Mahmydyň elinden ölenim gowy» diýen jümle ýörgünlidi. Şol agzalalyk hem her gezek bu ýurduň başyna ýetýärdi. Mahmyt şa iň soňky, on ýedinji gezek Hindistana girende şeýle bir waka bolýar. Giçlik Mahmyt şanyň goşuny Multan şäherine ýetýär. Şäheriň etegindäki derýanyň boýunda Mahmyt şa üçin çadyr dikilýär. Mahmyt şäheri zabt etmäge ugran goşuna buýruk berýär: - Meniň çadyrym bilen şäheriň arasyna otdan diwar guruň - gözlerim hiç zat görmesin, adamlaryň ahy-nalasyny öz gykylygyňyz bilen basyň - gulaklarym eşitmesin! Goý, şäheriň nalasy meniň ýüregime agram salmasyn! Şäher üç gün ýanýar. Nökerleriň eden-etdiligi üç günläp dowam edýär. Şeýle köp olja ele düşensoň, onuň bir bölegini dagda göm- mäge mejbur bolýarlar. Mahmyt şa bolsa üç günläp çadyrynda şerap içýär. Ol üçünji gije çadyrynyň ortasyndan gylyjyny asyp, uklap ýatyrka düýş görýär. Düýşünde asylgy duran gylyjynyň ujundan gan damýarmyş. Ol şol gana gark bolýar... Mahmyt şa tisginip oýanýar. Çadyrdan çykyp derýa tarap ýö- nelýär. Daş-töwerek goýy duman. Atlaryň pyşgyrýan sesi eşidilýär. Mahmyt ädigi, eşikleri bilen ýyly suwa girip gidýär. Töwerek duman. Ol suw içmek üçin egilýär. Birden, göwnüne bolmasa, ýeňsesinden kimdir biriniň pyşyrdysy eşidilýän ýaly. Yok, ýeňsede däl, öňde, ýok gapdalda... Daş-töwrek pyşyrdy bolup dur. "Däliräp ýörmükäm" diýip pikir eden Mahmyt şa birki ädim ýeňsä çekilip, suwa ýykylýar... Ol ýüzüp başlaýar. Kenar görnenok. Ol yzyna ýüzüp başlaýar. Bu tarapda-da kenar yok. Daş-töwerek suw hem duman... Dumanyň içinden Mahmydyň gulagyna ýene her hili sesler eşidilýär: - Bizi seniň gylyjyň öldürmedi, bu günäňi biz geçerdik. Bizi seniň ýigrenjiň öldürdi... Sen bizi it gyran dek gyrdyň... Seniň bu günäni bizem, nesillerimizem geçmez... Öleňde ýer hem seni kabul etmez... Gark bolup barýan ýarymserhoş Mahmydy garry hindi halas edýär. Ol Mahmydyň nökerlerinden janyny gutarmak üçin, goýy dumana duwlanyp, gaýykly derýa çykypdy. Kenara çykansoň özüniň kimi halas edendigini bilen garry hindi, depāniň aňyrsyna geçip, özüniň damagyny çalýar... Bu wakadan soň Mahmyt şa ýene-de üç günläp çadyryndan çykman şerap içýär. Dördünji gün ol kellesine gara selle orap daş çykýar-da, goşuny düzmegi buýurýar. Goşunyň öňünde ol öz Permanyny okaýar: - Men, soltan Abu al-Kasym Mahmyt ibn Söbük al-Muzapbar al- Mutalib - öldüren adamlarymyň hemmesini indiden beýläk öz doganlarym we uýalarym hasap edýärin. Olaryň ruhlaryna edil, kakamyň ruhuna aýat okalyşy ýaly aýat okamagy buýurýaryn. Şolaryň adyndan şu günden şeýläk toba gelenimiň nyşany hökmünde gara selle geýýärin... Bu-gylyjyndan gan damýan şanyň gijigen tobasydy. On ýedinji gezek Hindistanyň çetinden giren şa, şol ýerdenem goşuny yza dolaýar. Bu mahal Nusaýyň eteginde olja üçin biri-birine gylyç çekýän goşun şol şanyň tälimini alan goşundy. ...Togrul beg atlylaryny dagyň etegi bilen Nusaýa tarap sürdi. Ol Nusaýyň ilerisinden aýlanyp, Enderman obasynyň üstüne ýokardan inmekçidi. Oña deňiç ýagşy garaňky düşer. Olja üçin biri-birine gylyç çekýän goşunda bolsa, jebislik bolmaz. Togrul beg ajy ýylgyrdy: "Hindistanyň bol oljasyna öwrenen goşun bu yerleri çapawullap alanyny az görýändir". Togrul beg atyny debisgiläp gelşine şu günüň içinde, megerem, ilkinji gezek ýylgyrdy. Onuň göwnünde gindizki ýeňlişiň ahmyryny çykarjagyna ynam döredi. Şol ynam onuň atlylaryna-da geçse, gaty gowy boljakdy. Bu wagt seljuk atlylary Nusaýyň ilerisinde, dagyň böwür berip aýlanyan ýerine ýetipdiler. Garaňky gatlyşypdy. Togrul beg atlylary saklady. Ol atlaryň toýnagyna keçe daňmagy buýurdy. Onuň özi-de atynyň syrtyna bökderilgi horjundan dört sany galyň keçe bölegi bilen dört bölek tanap çykardy-da, howlukman atynyň toýnaklaryna keçe geydirip, ony atyň inçejik injikleriniň daşyna dolap, ýüň tanap bilen berk dandy. Ýedi müň atly Nusaý şäheriniň ümsümligini ürküzmän, onun günortasyna geçdi. Enderman obasyna çenli iki parsah ýol galapdy. Togrul beg Çagry begi on atly bilen öňe ýollady. Munça atly bolup barýarkaň, basjak ýerini bilmän öne sürmek çetindi. Ol Çagry beg on atly bilen tümlüge çümüp gidensoň, ýene atyny yerinden gozgady. Olar esli salym durman sürdüler. Togrul beg daşly bayryň etegine gelip, goşuny saklady. Ýedi müň atly onuň yzy bilen atdan düşdi. Begiň indiki buýrugy atlylaryň arasyna ýaýrap gitdi: - Ot ýakmaly däl, gaty gürlemeli däl, atlary kişňetmeli dal... Togrul begiň buýrugynyň soňky jümlesine ýigitler geň galyp durmadylar. Seljuklar at bilen düşünişip bilýän esgerlerdi. Togrul beg Musa begi ýene-de üç-dört sany seljuk begini ýanyna alyp, garalyp ýatan baýryň üstüne dyrmaşdy. Çagry beg on atlysy bi- len şu yere dolanmalydy. Hol aşakda etegi çöle sepleşip gidýän giň bir düzlük yaýylyp ýatyrdy. Holha-da baýryň gabadynda, dik aşakda Enderman obasy. Ýagy çapan obanyň ahy-nalasy entegem köşeşmändi. Çagry beg uzak garaşdyrmady. Duşman obanyň günortasyndaky ýylgynly düzlükde çadyr dikipdi. Elbetde, olja üçin biri-birine gylyç çeken ýygynyň şu gijäni gijelese, bu yerden göterilmegi-de ahmaldy. Yöne yigitleriň ýüreginde ahmyr galypdy. Gündizki söweşden ahmyr galypdy. Arslan beg bolan bolsa ol, belkem, seljuk atlylaryny güýji iki esse köp düşmanyň üstüne gündiz sürmese-de sürmezdi. Mümkin, kiçirāk gijeki çaknyşyklar bilen ilki duşmanyň haýyny alardy... Ähli zada tejribe gerekdi. Gündizki söweş seljuk atlylaryna kän zat öwredipdi. Ine, häzirem Çagry beg özüni ýüz atly bilen yene öne ibermegi soraýar. Esasy goşun barýança garawullary duydurman yok etmek üçin. Musa beg oňa «Birden duýlaýsalar, çadyrlary otlap, ýygyna başagaýlyk salmagy, oňa çenli özleriniň ýetişjegini» duýdurýar. Bu wagt bu daşly baýryň üstünde Begdogdy hajybyň goşunynyň ykbaly biçilýärdi. Ol goşun bolsa, hol aşakda, bu zatlardan bihabar, «Seljuk. lar geläýse-de çöl tarapdan geler» diýip, ýüzüni çöle tarap öwrüp ýatyrdy. Çagry beg ýüz atly bilen garaňka siňip gitdi. Agyr goşun ara sähel salym berip, olaryň yzyna düşdi. Gije ýeňseden gelmek - bu möjek edähedi. Ol gündiz maňlaýy maňlaýa goýup dikleşen ýaly däl. Seljuklar entek diňe möjekdiler. Maňlaýy maňlaýa goýup dikleşmek üçin bolsa, ýolbars çykmalydy. Ýeňseden dökülen ýedi müň atly duşmanyň çadyr dikip ýatan düzlügine möjek ordasy bolup ýaýrady. Aç möjekler agyla darana döndi. Goşuny çar tarapa dargan Begdogdy hajyp müňe golaý atlysy bilen garaňka duwlanyp, gaçyp janyny gutardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |