21:42 Seljuklar: Aw. Peýkamy nyşana Alla dogrulaýar | |
AW. PEÝKAMY NYŞANA ALLA DOGRULAÝAR
Taryhy proza
Agyr göç Garagumuň orruk ortasynda ornaşdy. Dört müň öýli türkmen bu yerde öý dikindi. Onda-munda gök tüsse asmana galdy. Ot ýakyldy, diýmek durmuş jana girdi... Bu gün Togrul bilen Çagry özleri ýaly ýaş yigitleri toplap aw hyýallydy. Göçe näçe diýseň aw eti zerurdy, iýleni iýler, artany kakadylyp goýlar. Gün böwrüni ýerden üzmänkä aw şaýly ýüz gowrak atly obanyň ortasyna üýşdi. Golaýdaky öýleriň birinden çykan Arslan begin bu ýagdaýy görüp, ýigitleriň şu gün irden aw hyýallarynyň bardygyny bilýän-de bolsa, ýüzi gamaşyp gitdi. Onuň ýogyn sesi säheriň arassa howasynda uzaklara ýaýrady: - Togrul! Arslan beg, elbetde, ol atlylaryň arasyndan Togruly tanap çagyrmandy, ýok, ýöne onça atlynyň üýşen ýerinde, has dogrsy, üç atlynyň bir ýere üýşen ýerinde Togrul bilen Çagry hökman bolaýmalydy. Agasynyň sesini eşiden Togrul atlylardan saýlanyp bärligine gaýtdy. Ol Arslan bege on-on iki ädim ýetmän atyndan böküp düşdi-de, hormat bilen salam berdi. Gahary ýüzüne çykyp, göwresi titräp duran-da bolsa, Arslan beg salamdan sowlup bilmedi: - Waleýkimessalam... bu üýşmeleň näme? Bilindäki inli guşagyny düzedip goýberen Togrul pessaý ses bilen jogap gaýtardy: - Awa şaýlanýas, agam... - Munça atly bolup bir ýere üýşmäňiz näme? - Arslan beg hanjarynyň sapyndan aýran elini atlylara tarap uzatdy. Şol pursat bularyň ornaşan ýeriniň gapdalyndan geçýän kerwen ýoly bilen alandan inip gelýän kerwen göründi. Kerwenbaşy göçi görüp, kerweni saklady. Ol kerweniň saklawundan iki atlyny ýanyna çagyryp, olara birzatlar diýdi. Iki atly tozan turzup, bärligine gaýtdy. Bu wakany synlap duran Arslan beg ýüzüni Togrula tarap öwürdi: - Gördüňmi, şu kerwende Mahmydyň müşrifi ýokdur diýip kim aýdyp biler? Onsoň ol seniň bu atlylaryňy görüp, Mahmyda «Türk menler Garagumda seniň garşyňa goşun toplaýar» diýip habar ýetirse nähili bor... Arslan beg sähel salym dymdy-da sözüniň üstüni ýetirdi: - Tiz atlylary dargat, awa gitjek her toparyň ýigrimi atlydan köp bolmasyn... Ol "gürrüň gutardy" diýen terzde elini salgap goýberdi-de, kerwenden gaýdan iki atlynyň habaryny almak üçin olara tarap ýöneldi, Togrul böküp atyna mündi-de, ýigitlere tarap ýüzün saldy. Sähel salymdan ýüz gowrak atly möý pytran ýaly dargap, çölüň içine siňip gitdi. Atlylaryň ýaňyja üýşüp duran ýerinde bugaryp duran at tezekle- rinden başga hiç zat galmady... Yzyna ýigrimi atlyny düşürip barýan Togrul demirgazyk tarapa ýüzüni öwrüp kän sürdi. Gün günorta golaýlanda ol bir oýuň içinde düşlemegi makul bildi. Gyş gününiň çalaja aňzagy bardy. Derrew çöpleme çöpläp, ot ýakdylar. Gara taňkalary meşiklerdäki suwdan dolduryp, oda golaý süýşürdiler. Atlaryň başyna hem içine bir gysym arpa taşlanan haltany geýdirip, ýigitler oduň başyna üýşdiler. Gyzgyn çaýa gaty çöregi basyp garbandylar. Togrul bu ýere öň Arslan beg bilen awa gelip görüpdi. Mundan ýene bir taňka çaý içesi salym ýolluk aşakda süýji suwly köller bardy. Gyş-tomus, tapawudy ýok, şol köllere mydama keýikler topar-topar bolup suwa inýärdiler. Ol çaý başynda beýleki yigitlere keýikleri köle tarap gabamagyň düzgünlerini düşündirdi. Ýaý ataňda seresap bolmagy, ýogsa, biri- birini ýaralamagyň, hatda öldürmegiň hem mümkindigini ýatlatdy. Ýeňiljek garbanan ýigitler kelleleriniň aşagyna atyň eýerini goýup, azsalym gyşardylar. Ýöne bir sagat töweregi wagtdan atlylar eýýäm ýoldady. Garynlar gaty bir aç däldi, diýmek, akyllar durudy, gözler ýitidi. Garynlar gaty bir dok hem däldi, diýmek, göwre ýeňildi. Bu pursat ýa gylyç syryp söweşe, ýa-da ýaý dartyp awa girmeli pursatdy. Togrul sagdagyndan çykaran peýkamyny ýaýa salyp, kirşi çekdi-de, ony eýeriň gaşynyň üstünde taýýar tutup otyrdy. Giň kebzelerini gymyldadyp, arkasyndaky peýkamly sagdagyny iki pilçesiniň ortasyna süýşürdi. Bu awa taýýar bolmagyň alamatydy. Ýigitler onuň hereketine eyerdiler. Göýä asmanyň bir bölegi ýere gaçan ýaly bolup ýatan göm-gök köli olar uzakdan gördüler. Köle suwa inen keýik sürüsi hem bulary görüp, keýerjekläp bir durdy. Soňra serdar keýik ýüzüni çöle tarap öwrüp, duran ýerinde bir towusdy-da, sary çägeli alaňlara tarap ýüzün salyp gitdi. Tutuş süri onuň yzyna düşdi. Atlylar jylawy deň goýberdiler. Keýikleri çöle ýetirmän, öňüni gabap bolsa aw oňjakdy. Iň öňde atyny ýüzün salyp barýan Togrul nazaryny sürä basyp alandan onuň çakyny urdy: "Elli keýik töweregi bolaýsa gerek, onuň göwnünde çölüň aç gurdunyň açgözlügi oýandy - hemmesini alyp bolaýsa..." Birinji peýkamy Çagry atdy. Ol haýsy-da bolsa bir keýigi aýratyn nyşana mündürjek bolup durman, sürüniň orta gürpüni nazarlap peýkamy sypdyrdy. Ýeňiljek şuwwuldydan sonra süýnüp giden peýkam özüni sürüniň ortasyna urdy. Elbetde, çapyp barýan atyň üsünde onuň keýige degenini-degmänini görmek kyndy. Ýöne bu ýagdaýda ujy polat çişli peýkamyň boş geçmejegi anykdy... Ujy polat çişli peýkamlar Gün şöhlesine ýalpyldap, süriniň üstüne ýagyş bolup ýagdy. Atlylar eýýäm sürini gapdallap çapyp barýardylar. Sagdaklardaky peýkamlar saýpallandygyça, süri hem saýpallanyp barýardy. Sürüniň yzynda galdyryp gelýän çal tozany peýkam degip ýykylan keýikleriň sesi bilen garylyp, asmana göterilýärdi. Çöl golaýdy, süride hem dört-bäş sany keýik galypdy. Ýene-de peýkamlar ýaýa doldy. Hol-ha çöl... eýýäm şemala sowrulýan sary çäge keýikleriň burnuna urup başlapdy. Sürüden welin, diñe serdar keýik galypdy. Ýigitleriň Togruldan başgasy atyň başyny çekdi. Togrulyň gözleri daýaw keýigiň böwründäki ullakan ak tegmilde. Bu - ýaş ýigit üçin gowy nyşana. Keýik howlugýar. Ol, megerem, hiç mahal beýle ylgap, ylgap däl, ýel bolup süýnüp gören däl bolsa gerek. Jan süýji. Ol haýwana-da, ynsana-da deň süýji. Jereniň ullakan gözleri sary çägeli depäni gowy saýgarýar. Şonuň aňyrsyna bir aşyp bilse... ol gutuljagyny bilýärdi. Teşnelik onuň tutuş sürüsini gyrgyna berdi. Ýöne ol entek ýaş, kuwwaty ýeterlik. Ol özüne ýene süri tapar. Ýöne şujagaz sary alaňdan bir aşyp bolsa... Togrul gözlerini keýigiň böwründäki ak tegmilden aýyrman at çapdyryp barşyna sag elini ýeňsesinden aşak sallap, sagdagyna ýetirdi. Ol sagdakda üç peýkam galanyny bilýär. Ýaş ýigit üç peýkamy birden sogrup aldy. Bir peýkamy ýaýa saldy, birini ýalaw ýaly dişlerine gysdyrdy, üçünji peýkamy çep eli bilen ýaýyň sapyna gysyp saklap durşuna, ýene bir gezek nazaryny ýeri gyratlap süýnüp baryan keýige dogrulady-da, onuň böwründäki ak tegmili nyşanalap birinji peýkamy sypdyrdy. Bu wagt keýigiň toýnaklary çägä degipdi. Onuň ýüregine mylaýymlyk doldy. Ol - ýaşaýşyň ýyly demi. Şol pursat hem birinji peýkam süýnüp gelşine zarp bilen ak tegmiliň ortasyna sünjüldi. Keýigiñ agyr göwresi yranyp gitdi. Dyzlarynyň ysgyny gaçdy. Ol janhowluna ýene-de on-on iki ädim süýnüp gitdi. Ýöne böwründäki ak tegmile gelip sünjülen soňky peýkamlaryň zarby keýigiň agyr göwresini gapdala agdaryp goýberdi. Onuň iň soňky gören zady, hanjaryny sogrup, üstüne egilen gara telpekli ýaş ýigidiň ýalpyldap duran gözleridi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |