00:34 Doglan günüm | |
DOGLAN GÜNÜM
Goşgular
Bu gün gowy sözleñ diýilýän güni, Bu gün joşgun ýürekleriñ töründe. Ýagşy sözler kerpiç ýaly örülse, Bu gün bir ullakan ymarat döräp, Meni mährem gujagyna alardy, Gorardy epgegiñ gyzgyn deminden. Ýel-ýagmyryñ güýji ýetmez üçege, Sowuk gyşy geçirip bor üşemän. Ýagşylyklañ ýarsy güýjäp, keminden, Ýamanlyklañ ýarsy güýçsüz galardy... Bu gün ýagşy sözleñ diýilýän güni, Bu gün ýürek islegleri sözlerde. Ýagşy sözler ýumak bolup çözlense, hemem şol ýumakdan örülse geýim. Şol sözler kelläme telpek bolardy, Başyma göterýän mertebäm deýin. Şol sözler egnime köýnegim bolar, Özüme biçilen ýaly ölçegi. ...Bu gün gowy sözleñ diýilýän güni - Bu gün ýüz kilolyk gapanda däl-de, şol sözlerde meñ agramym ölçeldi... Jumageldi MÜLKIÝEW. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |