21:26 Seljuklar: Ylym ýoly, köne gala | |
YLYM ÝOLY, KÖNE GALA
Taryhy proza
Ylym ýoluna düşen Abu Seýit dil öwrenmegi tamamlap. fykh³ öwrenmek üçin Merwe ugraýar. Ol Merwde tarykat ylmyna ökde adam ymam Abu Abdylla Hyzyry özüne pir tutunýar. Bu piriň ýanyna baranda Abu Seýidiň kellesinde jahylyýet döwrüniň goşgularyndan otuz müň beýt tüweleý bolup köwsarlaýardy. Piriň wezipesi şol goşgularyň ýerini şerigat ylymlary bilen doldurmakdy. Abu Seýit Abdylla Hyzyryň ýanynda bäş ýyllap tälim alypdyr. Soňra Abdylla Hyzyr bakyýete göç eýläp, Abu Seýit Abubekir Kaffaly Merweziniň ýanyna baryp, ondan hem ýene bäş ýyllap fykh öwrenipdir. Abu Seýit Merwden soň Sarahsa tarap ýola düşýär. Şol döwürde hadys, tefsir we fykh ylymlarynda öňüne adam geçirmedik ymam Abu Aly Zahyr ibn Ahmet Sarahsda ýaşaýardy. Abu Seýit Sarahsda ylym öwrenip ýörkä, bir gün Lukman Sarahsa gabat gelýär. Birnäçe gün geçensoň ol ýene Lukman Sarahsyny görýär. Ol bir üýşmek külüň üstünde oturyp, possunynyň ýyrtyklaryny ýamaýardy. Abu Seýit oňa seredip durýar. Onuň kölegesi Lukmanyň ýamap oturan yamalygynyň üstüne düşüpdir. Lukman Sarahsy ýamalygy possuna tikenden soň, "Eý, Abu Seýit, biz seni ýamalyk bilen possuna tikdik" diýipdir-de, Abu Seýidiň elinden tutup, ony Abulfazl piriň (Sarahs babanyň) ýanyna getiripdir. Lukman Abu Seýidiň elini Abulfazlyň eline tutdyryp, «Eý, Abulfazl, bulary sakla, bular seniňki» diýipdir. Abulfazl Abu Seýidi hanakanyň sekisinde oturdyp: «Eý, Abu Seýit, bir yüz ýigrimi dört müň pygamberler ýaşap geçendir. Olaryň hemmesiniň maksady bir sözde jemlenipdir, ýagny olaryň hemmesi hemişe "Alla" diýip çagyrýandyr. Olaryň hemmesi ähli halka şu sözi dyngysyz gaýtalamagy buýurýardylar. Adamlar şu sözi köp gaýtalap, şonuň içinde gark bolup galýardylar we ähli zatdan päklenýärdiler. Bu söz olaryň ýüreklerinde döräni üçin hiç bir zada mätäçlik çekmeýärdiler» diýýär. Bu sözler Abu Seýidiň ýüregini awlapdyr. Ol uzak gije uklap bilmändir. Ertesi irden namaz-sahawatyny berjaý edenden soň, Abu Seýit Abu Aly Zahyryň ýanyna gelýär. Tefsir sapagyny pir şeýle sözler bilen başlaýar: "Soňra olary özleriniň gark bolan nădogry ýollarynda azaşan ýagdaýlarynda terk ediň"⁵. Bu sözleriň keramatyndan Abu Seýidiň kalbynda bir gapy açylyp, onuň kalby göwresini terk edýär. Abu Aly Zahyr onda bolýan üýtgeşikligi duýup: «Düýn sen nirede bolduň» diýip soraýar. Abu Seýit: "Abulfazl piriň ýanynda" diýip, jogap berýär. Pir: «Yerinden tur-da, şol ýere ugra, seni manydan aýryp, söze getirmek haram bolar» diýýär. Abu Seýit bu sözlere haýran galyp Abulfazl piriň ýanyna ugraýar. Pir oňa: «Özüňi terk edişiň ýaly, halky hem terk et» diýýär. Abu Seýit bu sözlerden soň ähli ylymlary taşlap, Mänä, öz hüjresine gelip, ýedi ýyllap diñe «Alla» diýip oturýar. Ol tä bedeniniň her bir zerresi «Alla» diýip seslenýänçă, şu bolşuna bolup, soňra Abulfazl piriň ýanyna ugraýar. Pir oňa hüjresiniň gabadyndan jaý berip, ahlak päkligiň we çillä oturmagyň ähli şertini berjaý etmegi ondan haýyş edipdir. Abu Seýit ol öýde köp wagtlap çillä oturansoň, pir ony öz hüjresine yanaşyk jaýa geçirýär. Pir Abu Seýide çillä oturmagyň dürli görnüşlerini öwredipdir. Soňra Abufazl Hasan Abu Seýidi ýene Mänä ugradyp, «Ejeňiň hyzmatynda bol» diýip sargapdyr. Abu Seýit öz hüjresinde dört diwaryň arasynda öz ini-boýuna ölçāp, bir çukur gazypdyr. Şol çukura giren wagty ol howlynyň, hüjränin gapylaryny ýapýan ekeni. Ol şeýdip zikr etmäge meşgul bolýardy, hiç zat ünsüni bölmez ýaly, başga hiç ses eşitmez ýaly, gulaklaryny pagta bilen dykýardy. Ol öz kalbynda Haktagaladan başga hiç zada orun bermeýärdi. Şeýle ýagdaýyň uzak dowam edendigi sebäpli, oňa adamlar bilen duşuşmak kyndy. Ol hemişe çölde, dagda ýeke gezer ýörer ekeni. Mäneliler ony dagda-düzde ak lybasly haýbatly bir ýaşuly bilen görerdiler. Abu Seýit halatly derejesine ýetende ondan «Şol ýaşuly kimdi?» diýip soranlarynda, ol «Hydyr alaýyhssalam» diýip, jogap beripdir. * * * Abulhaýyr attar gije ýarymdan soň howla çykdy. Gijäniň çigregi iniňi düýrükdirse-de, üstüne ýorgan ýapynyp, howluda ýatmazça däldi. Abulhaýyr düşegini çynaryň aşagyndaky sekä çykardy. Yapraklaryň şygyrdysy hüwdi ýaly bolup, ol gözleriniň ýumulyp başlanyny-da duýmady. Birden onuň ýadyna ogly düşdi-de, Abu Seýidi çagyrmak üçin ýerinden turup, aýaklaryny beýik sekiden aşak sallady. Ol ýuwaşlyk bilen Abu Seýidiň jaýynyň gapysyny itdi. Gapyny açyp içerik giren Abulhaýyr doňup galdy. Oglunyň düşegi boşdy. Penjireden düşýän aýyň yşygyna öýüň ortasyndaky boş düşek mese-mälim görnüp durdy. Abulhaýyr derwezä tarap ylgady. Ýassy namazyndan soň onuň özi derwezäniň zynjyryny baglapdy. Derwezäniň zynjyry salla- nyp durdy. Diýmek, Abu Seýit derwezeden çykyp gidipdir. Haçan, näme üçin? Kim bilýär? Attar ýerine geçip ýatsa-da, tutuş göwresi titräp duransoň, başujundaky suwly küýzä elini ýetirdi. Eňeginden syrygan sowuk suw döşüniň tüýüni öl-myžžyk etdi. Bedenindäki owunjak galpyl- dy ýatyşan attar oglunyň sag-aman öýe dolanmagyny dileg edip düşege geçse-de, wagty bilen gözüne uky gelmedi. Ertir azan sesi eşidilenden soň, Abu Seýit ýuwaşlyk bilen howla girdi. Ol derwezäniň zynjyryny ildirip, täze salnan jaýyna ýöneldi-de, düşege geçip uka gitdi. Bu ýagdaý birnäçe gün gaytalanansoň, Abulhaýryň ýüregine dowul düşdi: «Biri muny gorkuzyp, bir yaramaz iş etdirýän bolaý. masyn, ýa bu jahyllygyň görkezýän oýunlarymyka?...» Attar bu ýagdaýyň anygyna ýetmegi ýüregine düwdi. Bu gün hem ýassy namazyndan soň derwezäni baglan Abulhaýr sekide ýazylgy düşegine geçip, kellesini ýassyga goýsa-da, uklamaga howlukmady. Ol oglunyň öz jaýyna girip, düşege geçenini bilýärdi. Entek aý dogmansoň, howla tüm garaňky gije çöküpdi. Howlynyň töründäki jaý bir bölek daş düşen ýaly bolup garalyp otyrdy. Bu jaý Abulhaýryň ömrüni ikä böldi. Ozal ol Mahmyt şany tas Hu- daýdan öňe düşüren ekeni. Ine, indi onuň ogly, Abulhaýryň ömrüni Alla tarap öwrüp goýberen ogly gijelerine yitirim bolup başlady. Abulhaýryň şu gije bu ýagdaýyň anygyna ýetjegi çynydy. Gije ýarymdan agansoň, Abu Seýidiň ýatan jaýynyň gapysy açyldy. Aý dogup, daş-töwerek ilkagşamkysy ýaly tümlük däldi. Abu Seýit diňşirgendi. Töwerekde gymyldy duýmansoň, pişik basyşyny edip derwezä tarap ýöneldi. Yuwaşlyk bilen derwezāniň kildini ýazdyrdy, howludan çykyp, derwezäni ýapdy. Bu zatlary synlap ýatan Abulhaýyr düşekden sogruldy-da, syrylyp sekiden düşdi. Ol ýuwaşlyk bilen derwezäni açyp, kellesini daş çykardy. Gözleri Aýyň yşygyna kümüşsöw öwşün atyp ýa- tan gijäniň goýnundan ogluny gözledi. Hol-ha ol kõne gala tarap barýan ýodajyk bilen aşaklygyna, Abiwerd ýoluna tarap haýdap barýar. Abulhaýyr howlukman, ara wagt salyp, oglunyň yzyna düşdi. Yzyna düşüler diýip güman hem etmeýän Abu Seýit arkaýyndy. Ony nämedir bir zat köne gala tarap şeýle bir güýç bilen çekýärdi. Sebäbi ýodanyň gerşini tozadyp, gala tarap tas ylgap diýen ýaly barýan ýaş ýigidi synlap, başga pikir etmek mümkin däldi. Ogluny gözden sypdyrman barýan Abulhaýyr biygtyýar pikire çümdi: «Özi ýaly jahyllar bilen üýşüp humar zat oýnaýarmyka?..» Abulhaýryň gaşlary bürlüp gitdi: «Etjek zady-ha däl welin kim bilýär-dă...» Tiz bu zatlaryň anygyna ýetjegi ýadyna düşende onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Abu Seýit gala girip, gapyny ýapdy. Abulhaýyr köne galanyň gapysynyň öňüne gelip aýak çekdi. Ol birbada gapyny itmäge özün- de gayrat tapmady: "Gapynyň aňry tarapynda kim bilýär, nämeler bolup ýörendir..." Ol ýuwaşlyk bilen galanyň daşyna aýlandy. Galanyň üstüne dyrmaşmaga amatly ýer tapyp, sägindi. Galanyň demirgazyk ga- natynda galyň palçyk diwaryň üstünden syrygan ýagyş ony joya-joya edipdi. Abulhaýyr köwşüni çykaryp, diwaryň düýbüne taşlady-da, howlukman palçyk diwara dyrmaşyp başlady. Hol-ha Abu Seýit galanyň içindäki metjide girdi. Abulhaýyr syrylyp galanyň içine düşdi-de, bukdaklap barşyna metjidiň penjiresiniň öňüne geçdi. Abu Seýit metjidiň gapysyny içinden temmeledi. Abulhaýyr ätiýajy elden berip, penjirä golaý baranyny-da duýmady. Metjidiň içinde Abu Seýitden başga yns-jyns ýokdy. Abu Seýit burçda söýelgi duran pürsi alyp, metjidiň ortasyndaky guýynyň ýanyna geldi. Guýynyň gapdalynda ýatan bir kültem ýüpi alyp, bir ujyny pürsüň ortasyna, beýleki ujyny bolsa, aýaklaryna daňdy. Soňra pürsi guýynyň agzyna germäp, howlukman tutuş göwresini guya sallady... Abulhaýryň demi tutuldy. «Ol bu guýynyň içinde näme tapdyka?.. Ýa garakçylaryň hazynasynyň üstünden baraýdymyka?..» Şol wagt gulagyna bir ses gelen attar diňşirgendi. Ses metjidiň içinden gelýärdi. Has takygy, ses guýynyň içinden gelýärdi. Bu ses Abu Seýidiň sesidi. Ol doga okaýardy. Has takygy, ol guya başaşak sallanyp durşuna, Kurany-Kerimiň sürelerini okaýardy. Abulhaýyr göwresini lampa aşak goýberdi. Arkasyny diwara ýaplap oturan attaryň gözlerinden syrygan şor damjalar onuň gür sakgalyna siňip gidýärdi. Penjiräniň döwük aýnasyndan bol- sa, oglunyň dar gowakdan daşaryk howlukýan şemal ýaly bolup, guyynyň içinden çykýan ýakymly sesi gelýärdi. Kurany Kerimiň süreleri guýudan köwsarlap-köwsarlap çykyp, metjide dolýardy. Döwük penjireden özüne yol tapan ol sü- reler älem giňişligine howlugyp, şol giňişlige-de siňip gidýärdi. Sähere golaý Abu Seýit Kurany-Kerimi hatm etdi. Ol soňra ýüpden asylyp guýudan çykdy-da, pürsi öňki ýerinde goýdy. Galanyň ortasynda täret kyldy. Abulhaýyr gelen ýoly bilen galadan çykyp, oglundan öňürti öýe dolandy-da, hiç zat bolmadyk ýaly, ýerine geçip ýatdy. Sähel salymdan Abu Seýit gelip howla girdi. Derwezäni kiltläp, ol öz öýü- ne tarap yöneldi. Gözlerinden biygtyýar syrygýan ýaşlar ýassygyny ezen attar bu zatlary duýup ýatyrdy. Şu pursat onuň düşekden çykyp, oglunyň öňünden çykasy, ony bagryna mäkäm basasy gelýärdi. Ýöne, ol özüne zordan erk edip, gymyldaman ýatdy. Uzak gijäniň ukusyzlygy öz hökümini ýöredip, ol basym süýji uka gitdi. ...Din ýolunda uzak wagtlap şeýle azaplar çekenden soň, Abu Seýit Sarahsa Abulfazl piriň ýanyna barýar. Pir oňa ryýazatyň ähli görnüşlerini öwredýärdi. Soňra Abu Seýit Abulfazl piriň salgy ber- megi bilen, şyh Abu Abdyrahman Suleminiň ýanyna baryp, ondan hyrka alýar. Şondan sonra Abulfazl pir oňa: "Indi besdir. Sen Mänä bar-da, halky Hudaýa gulluk etmäge çagyr. Olary Hak ýoluna gönükdir" diýipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |