17:39 Seni ýitiren günüm... | |
SENI ÝITIREN GÜNÜM
Goşgular
![]() Seni ýitiren günüm Nähili gündi?! Şol güne men düşünemok şindizem. Bulut gelip, Günüñ öñün örtensoñ, Gijä çalym edip durdy gündizem. Wah, ýogsam gyş günem däldi-le ol gün, Ol gün adaty bir günüdi güýzüñ. Ýöne nämüçindir eşitmeýärdim, Hemişeki bagşy guşlañ owazyn. Nirdedir bir ýerde, irmän çalynýan Dutaryñ owazam gelýärdi güñleç. Adamlañ ýüzünde, gygyrsalar-da, Ne-hä buýsanç bardy, Ne-de bir gynanç. Uçup ýören arzuwlarym- ak guşlam Gara bulduñ añyrsynda aýlanyp, Geçip bilmän, Perwaz urup ýördüler... A men bolsam, durdum diñe oýlanyp. Bir görsem, Köwüşmi-zerden ýasalan, Jadyly gaýgyñy kürekläp sen hem Gözýetime-deñze siñip barýardyñ. Barýardyñ nokada öwrülip kem-kem, Ne yzyñdan garaýardym gaharly, Ne çeksem diýýärdim ükenmez näziñ. Alasarmyk bolup, Walla añk bolup, Durdum bir özüm... Ilkinji söýgimi ýitiren günüm, Nähili gündi?! Şol güne men düşünemok şindizem. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |