02:41 Senmidiñ? | |
SENMIDIŇ
Goşgular
Telefony açyp, alynmadyk jaňlary gözden geçirip durdum. Tanyş bir nomer meniň bar ünsümi özünde jemledi. Düýn sagat 19:25-de jaň eden eken. Nä, sebäpden ýatladyka? Ýadyna-ha düşüpdirin. Soňy eýgilik bolsun-da hernä... Jaň etjek boldum, ýöne, ätiýajy elden bermezligi ýüregime düwüp, goýbolsun etsem-de, içimi it ýyrtyp başlady, onsoň... Jaň edipsiň almandyryn, soň gördüm, Ýolum garan, gözi ýaşlym senmidiň? Täzeden gozgadyň, könelşen derdim, Güler ýüzlim, ýumry döşlim senmidiň? Ýadymda, ýalňyz ikiçäk durkak, Galany hasap däl, ikimiz barkak, Iki göwre bolup, bir dem alýarkak, Ak alkymlym, gara saçlym senmidiň? Wada eden sözün, soňunda berklän, Teşne baran wagtym, gandyryp eklän, Gysyp, goýbermezden özüne örklän, Inçe billim, goly güýçlim senmidiň? Soň-soň, sen görseňde, görmedik bolduň, Ne bir sorap bildim, ne habar aldym, Beýle, häsiýetiňe men-ä geň galdym, Maňa eli ýetmez, işlim senmidiň? Ondan bäri, gün-aý ötdi, ýyl aşdy, Köňlüm saňa, diňe saňa garaşdy, Menden näme beýle, göwnüň sowaşdy? Gözi sürme, gyýma gaşlym senmidiň? Ynjalmaga, şypa gara gözleriň, Täsiri dermandyr, sözlän sözleriň, Yşk uçgunlap, köräp duran közleriň, Aman goýmaz, «ýiti dişlim» senmidiň? Illi sözlär, neneň hal-ahwal, tabyň, Til kakmasaň, belli bolmaz jogabyň, Jaň etmäge, ýaýdanýanmyň sebäbin, Aňarçarak, aňly-başlym senmidiň? | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |