22:55 Şeýle bir daglar bar hoşuña gelsin... | |
“ŞEÝLE BIR DAGLAR BAR, HOŞUŇA GELSIN..”
Goşgular
Başda dünýä bilen bile guralan, Gojaman daglary hoşuňa gelsin. Üsti dumana bürelen, Şeýle bir daglar bar, hoşuňa gelsin Gün düşmeýän baglary bar, Hoşuňa gelsin. Tomus, gyşda, bahar, güýzde, NE ajaýyp çaglary bar, Hoşuňa gelsin. Terçemenli çeşmeleri, Gandyr ençe teşneleri, Hoşuňa gelsin. Sanap nätjek gözelligin, Bular durmuş gönezligim. Ýaşyl dona bürenen, Ak dumana bürelen, Biz obanyň daglary bar gojaman, Eý, aman, aman! Isgender darkaş gurupdyr, Niçeme leşger görüpdir. Atyny suwa ýakypdyr Teýmirleň! Niçe – niçe serdarlaň. Niçe soltanlaň, niçe emirleň, Atlarynyň dükürdisi. Gylyçlarynyň şakyrdysy. Eşdilýär bu daglardan. Sollardan hem saglardan. Pyragy geçipdir mundan, Nowaýy geçipdir mundan. Mazary Şyhattar weliň Ýatyr ýassanyp dag ilin... Biz obanyň daglary bar gojaman, Gelip gören diýýär: --Eý, aman, aman!.. 01-02.08.2010ý. ▶ BIR PURSATLYK OÝLANMA Oglanlygym ötdi gitdi birmahal, Guşlaň gözden gaýyp boluşy ýaly. Jahyllyk birmahal ötüp gidipdir, Aýazda bägülleň soluşy ýaly. Kän zat indi çykyp gidipdir ýatdan, Dostum başa iş düşende gaçypdyr. Beýiklik diýenim maýdajyk eken, Maýdajyk diýenim şöhle saçyp dur. Indi seniň suratyňa seredip, Ýatlaýaryn sönen yşkyň heserin. Indi niçe ýyldyr galam ýöredýän, Ýöne ýazylmady başky eserim. Ilki söýgim hakda ýazan aýdymym, Boldy jahyllaryň ýürek aýdymy. Teselli bermeýän bolsa bu ahwal Ýürek, saňa näme gerek, aýt, hany? Säwlikler, gowluklar az bolan däldir, Göwne degdim, köp degdiler göwnüme. Ýürek, senden birje haýyş, indi bIr, Köşeşsene hem çyrpynyp howlama... 10.08.2010ý. ▶ “DÜNÝÄ OWAZDAN DOLY...” Daglaryň öz aýdymy bar, Baglaryň öz aýdymy bar. Çölleriň öz heňi bar, Kölleriň öz heňi bar. Guşlar aýdym aýdýar, Aýdym aýdýar çeşmeler, Adam aýdym aýdýar, Owazdan doly dünýä, Adam owaz bilen bu dünýä inýä, Hem owaz bilen gara ýerlere siňýär... 10.08.2010ý. ▶ “DÜNÝÄDE ÝAŞAMAK ŞEÝLE BIR HEZIL...” Dünýäde ýaşamak şeýle bir hezil, Gün dogýar, asmanda gezýär bulutlar. Synlamak ne hezil gyzyl şapagy, Ne ajap ýaşamak şeýle halatlar. Dünýä döräp duran daga dyrmaşyp, Çykyp görmek, eýsem bagt dälmi nä?! Ýaşyl jülgelerde, çeşmäň başynda, Oturmak bir ömre tagt dälmi nä?! Jahanda ýaşamak diýmek nämedir?! Ýar demine çoýunmakdyr gyş güni. Seni melul eden jak-jak gülküsi, Aman saklar herki zatda başyňy. Eý, Allam, ýar berseň, ber mahy-taban, Bolsun ol ömrümiň Zöhre ýyldyzy. Munda goşa gumry bolup ýaşaly, Bolsun gijäm, bolsun ömrüň gündizi. Aý, garaz, sanasaň sogaby bardyr, Jahanda ýaşamak şeýle hezil zat, “Ömür gysga!” diýip, zeýrenme gardaş, Iň esasy gazanmakdyr abraý-at. Adam eziz perzendidir pederiň, Adamdan belent zat ýokdyr dünýäde. Dünýäde ýaşamak şeýle bir hezil, Arman, adam ýaşap ýere siňýä-de... 16.08.2010ý. ▶ GÖZLER Gözler aýdyp bilýar mekirligiňi, Gözler aýdyp bilýär şükürligiňi. Gözler köp zat hakda aýdyp bilýändir, Türkanalygyňy, pakyrlygyňy... Söýýänligňi, köýýänligňi, hoşmy sen? Ýaz-da bolsa, içki dünýäň gyşmy seň? Howalaň belentden, ýöne boşmy sen? Kitap kimin okap bolýar gözlerden. “Dil aldap bilse-de, göz aldamaýar!” Diýsem diýdi biri: “Ýok, ýok, aldaýar!” “Diňle—diýdi—gürrüň berjek, Allaýar!” Şu tymsaly getirdi ol gözlerden. --Şu gün men dostuma ýalan sözledim, Bilmez-diýip, ogryn-dogryn gözledim. Ilki bolup “satdy” meni gözlerim, “Satsa-da” men öýkelemen gözlerden!..” 10.10.2010ý. | |
|
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Arşda Aý, zeminde ýeke-täk sonam / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Sen meniň alma-narymsyň / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |