12:48 Şugulçylyk pelsepesi | |
ŞUGULÇYLYK PELSEPESI
Goşgular
Hökmürowan, hökümdar, Ýok ýerinde "akyldar“. Sür döwrany şugulçy, Muňa seniň "hakyň“ bar. Diýmersiňiz: - Tentek ol, - Bolmaz- diýme- erte ol. Gurçuk bolup kökleri, Gelýär kerte-kerte ol. Şa, soltan, molla, işan, Parhy ýok, ýa ýüz ýaşan. Dünýäň janly-jandary, Nilinde onuň nyşan. Şugulçy seň ýanyňda, Şugulçy meň ýanymda. Döwürleriň darkaşy, Ýüregiňde, aňyňda. Gardas gardaşyn satdy, Ogul atasyn çapdy. Ýalňyz oglun Allanyň Elini çüýe çatdy. Haýsy döwrüň mahlugy, Haýsy döwrüň şany ol. Göçenini ýel bilmez, Gonan ýeriň "hany“ ol Köşkde bolsun, işikde, Gyratdamy, eşekde, Goşundamy, daşynda, Bilmeň haýsy keşpde. Diýme oňa: - Tentek ol. - Bolmaz – diýme - erte ol. Gurçuk bolup kökleri, Gelýär kerte-kerte ol... 22-23.03 | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||