14:14 Şindi howatyrlanyp başladym... | |
ŞINDI HOWATYRLANYP BAŞLADYM...
Publisistika
Mundan on gün öñ... Odatv-ä ýeke sahypalyk maglumat geldi. 2020-nji ýylyñ 23-nji noýabrynda "Bolup biläýjek hadysa" (“Muhtemel Eylem”) ady bilen içeri işler ministrliginiñ beren maglumatnamasynda ýazylanlar iniñi tisgindirijidi: “DEAŞ” diýilýärdi… “Ýurdumyzda hereket edýän gizlin guramalaryñ agzalary” diýilýärdi… “Stambul munisipialetiniñ başlygy Ekrem Ymamogluna garşy gurnaljak terakta görkezme berilendigi” aýdylýardy… Bu maglumatlar dogrumydy? Dogrulatdyk. Stambul şäher munisipialetiniñ (SŞM) işgärlerini ýagdaýdan habarly etdim. Men olara jañ edenimde olaryñ bu zatlardan habary-da ýokdy. Otuz bäş ýyl bäri žurnalistlik etdim we şular ýaly san-sajaksyz hadysalara gabat geldim. Şonuñ üçinem “janpenalaryñ sanynyñ artdyrylmagy” ýaly howpsuzlyk meselelerinde öñki içeri işler ministri Sadetdin Tantana sala salsalar, gowy boljakdygyny aýtdym. Megerem, onuñ bilen görşülen bolmaly. Şeýle-de, hem ýurdumyzy, hem Ymamoglunyñ maşgalasyny artykmaç alada goýmalyñ diýibem, bu barada habar beriş serişdelerinde dil ýarmadyk. Aradan bäş gün geçdi... "Türkiye" gazetinden Fuat Ugur “Kylyçdaroglunyñ janyna kast edilip öldürilmegine, ýerine-de Ymamoglunyñ geçirilmegine garaşylýar” diýip ýazdy! Wagty: 2020-nji ýylyñ 28-nji noýabry. Içeri işleri ministrligi bilen birlikde döwletiñ operatiw çeşmelerine ýakyn "Yşykçylar" jemagatynyñ metbugat organy bolan "Türkiye" gazetiniñ beren habary oýlandyryjydy. Çünki: Elimizdäki maglumat Ymamoglunyñ JHP-niñ başyna geçmeginden ötri, onuñ janyna kast ediljekdigi baradady! Biz şonda-da... Yine de… “Siz nämeleri ýazýarsyñyz, siziñ bar maksadyñyz Ymamogluny taýdyrmak” diýip jogap berjek bolup, ýa çekişmä girjek bolup durmadyk. Dymdyk. Bu ýazgydan iki gün geçensoñ... "Hürriyet" gazetinden Fuat Bol “Eýranda bolşy ýaly, bizde-de tanymal şahslara garşy teraklaryñ bolmagy ahmal” diýip ýazdy. Wagty: 2020-nji ýylyñ 30-njy noýabry. Fuat Bol birnäçe ýyllap "Türkiye" gazetinde işledi, baş redaktorlyk etdi. Onuñ ýazýanlaryny algy-bergä alýanam ýokdy. Ýagny... ýene terakt habary bardy we ýene munuñ çeşmesi döwlete ýakyn çuñ kökli "Yşykçylar" jemagatynyñ agzasydy! Nämeler bolup geçýärdi? ■ HÜŞGÄR ÇEMELEŞDIK Kimdir biri bir zatlar edýärdi. Dymyp garaşmak mümkin däldi: habary ýazmagy makul bildik. Emma: Şehit düşen howpsuzlyk gullugynyñ işgäri barada ýazan habarymyz üçin başymyza inmedik bela galmandy. Müñ bir ýalan tutaryklary toslap Odatv-ni ýapdylar, Odatv-niñ başlygy Baryş Pehliwany ww Odatv-niñ habarlar bölüminiñ müdiri Baryş Terkogluny Siliwri zyndanyna basdylar. Elimizdäki maglumaty çap edenumizde hukuk taýdan jeza berilmegi mümkin däl. Ýöne muña Türkiýe diýilýär, kanunlary äwýän barmy? Hem FETÖ, hem bu häkimiýeti ulanýanlar tarapyndan başymyza inderilmedik bela galmady ahwetin! Şeýle manýowr etdik: Ilki “Türkiýe ýene Odatv-niñ gürrüñi etjege meñzeýär” diýip ýazdyk. Esasy habarymyzy “sagat 20.00-da bereris” diýdik. Wagty: 2020-nji ýylyñ 1-nji dekabry. Serediñ: Türkiýäniñ gürrüñini etjek Odatv baradaky ýörite habaryndan döwletiñ bihabar bolmagy mümkin däl. Çünki Odatv-niñ her ädimini yzarlaýandyklaryny bilmän duramzok. Şu ýerde “Operasiýa dowam edip dur, bu maglumaty ýazmasañyz gowy bor” diýip bilerdiler. Hiç kimden ses çykmady. Ýeke jañ gelmedi. Habary ünslüje ýazyp, sagat 20:00-da ýaýlyma girdik. Ýöne maglumaty bermedik. Aýdyşymyz ýaly boldy. Türkiýe “Ymamogly teraktynyñ” gürrüñini etmäge başlady. Soñra diýseñ haýran galdyryjy üýtgeşmeler bolup geçdi! ■ DÖWLETIÑ AKYLY Odatv hakyndaky habar köpçüligiñ dykgatyna ýetirlensoñ, döwletiñ akyly towsa göterildi! "Brawo, içeri işler ministrligi...", "Brawo, içeri işler müdirligi..." diýip, polisiýadyr operatiw gulluklarymyza minnetdarlyk bildirmeli ýerimizde, döwletiñ akyly näme etdi diýsene: “Bu terakt Ymamogluny adamlaryñ gözüne yssy görkezer, söz oýunbazlygyny edip, bu habary ýalana çykaralyñ" diýdiler-de, mekirlige ýüz urdy. Döwletiñ kellesi manýowr etme ukybyny şeýle bir ýitirdi welin, alkyş almaly ýerinde, özüne şübhe döretjek çykyşlary edýär. Beýtmek - şirin janyny orta atyp, operatiw maglumatlary toplaýan howpsuzlyk gullugynyñ janypkeş işgärleriniñ azabyny reýgan etmek dälmi näme? Gaýtam, şeýlekin möhüm işlerin hötdesinden gelendikleri üçin olara guwansak-buýsansak gowy bolmazmy? Orta çykyp “Bar, ol-a, Ymamogly eken, ýeke raýatymyzyñ bitiniñ burnuny ganatdyrmarys, hiç kim ynjalykdan gaçmasyn!” diýseñiz, ajap bolmazmydy? Halkymyz hasam biri-birine jebisleşmezmidi? Ah, şu syýasat... Meni birtaraply pikirlenýän kelle gorkuzdy: Ymamogly üçin şindi howatyrlanyp başladym! Syýasatyñ gözleri neneñsi körleşdirip taşlandygyna ynanyp bilemok… Şunu-da goşsam gowy bor: Odatv baradaky habarda “DEAŞ militanlarynyñ ele salnandygy” habar berilýärdi. Habar bize şu görnüşde geldi. Biz pikir etdik: “Operasiýa gizlin ýöredilýän bolsa, döwletiñ akyly muny neçün kagyza döksün? Herhal olaryñ ele salnandygy dogry bomaly.” Döwletiñ akyly “ele düşmediler” diýip çykyş edenini gowy gördi! Başga bir çykyşlary bolsa “janpenalaryñ sany artdyrylmady” görnüşinde boldy! Şunça ýyllap operatiw zarisowkalary, habarlary, makalalary, kitaplary ýazdym, şular ýaly wawwaly meselede şular ýaly çig-çarsy çykyş edilenini görmändim! Näme diýip, näme aýdaýyn size: Döwletiñ negözel operatiw maglumatyny diñe şeýdeniñde ýüze-göze çyrşasa boljak eken... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 03.12.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |